Niamh Kavanagh
Niamh Kavanagh (Niv Kavana, [ˈniːv ˈkævənɔː]; 1968 ýylyň 13 fewralynda Dublinde doglan) — irlandiýaly aýdymçy we telewideniýe alyp baryjysy bolup, 1993 ýyldaky Ýewrowideniýe aýdym bäsleşiginde ýeňiji boldy[1].
Ol saz karýerasyna bek wokalist hökmünde başlady. 1991 ýylda Alan Parkeriň "The Commitments" filminiň saundtrekine gatnaşdy. Soňra ol telewizion alyp baryjy hökmünde karýerasyny dowam etdirdi[2].
Ol 1993 ýyldaky Ýewrowideniýe aýdym bäsleşiginde "In Your Eyes" aýdymy bilen ýeňiji boldy, bu aýdym Irlandiýanyň Singles Chart-da birinji orna çykdy (15 hepde şol ýerde galdy) we Beýik Britaniýanyň Singles Chart-da 23 orna çykdy[3][4].
Kavanaghyň soňraky işleri "In Your Eyes" aýdymynyň üstünligine deň gelmedi. Onuň iň gowy aýdymy bolan "Red Roses for Me" The Dubliners bilen bilelikde ýazga alyndy, ol Irlandiýanyň chartlarynda 13 orna çykdy. 1999 ýylda ol "In Your Eyes" aýdymynyň täze wersiýasyny ýazga aldy. Aýdym-sazdan çekilip, ol Irlandiýanyň telewideniýesinde işe gaýdyp geldi[5].
2010 ýylda, milli saýlamalardan soň, ol "It's for You" aýdymy bilen Ýewrowideniýe aýdym bäsleşiginde Irlandiýanyň adyndan çykyş etmek üçin ýene-de saýlandy. Ol finalda 25 bal bilen 23 orny eýeledi[6].
Diskografiýa
[düzet | çeşmäni düzet]- The Commitments
- The Commitments vol. 2
- Flying blind
- Together alone
- Wondedrug
- The Shanley sessions
- Meeting place
- Live at the Meeting Place
Salgylanmalar
[düzet | çeşmäni düzet]- ↑ "This week they said". The Irish Times. 29 May 2010. http://www.irishtimes.com/newspaper/opinion/2010/0529/1224271389714.html.
- ↑ Halterman, Mike (7 April 2010). "The Best Singer You've Never Heard Of". OMG! Magazine. http://omgmag.com/web/?p=462.
- ↑ "Niamh Kavanagh - It's For You (Ireland 2010)". Eurovision.tv. Archived from the original on 24 May 2015. Retrieved 9 May 2015.
- ↑ "Eurovision Win 20 Years Ago Today". RTÉ.ie. 15 May 2013. Archived from the original on 18 May 2015. Retrieved 9 May 2015.
- ↑ "Ireland's Niamh Kavanagh aims for Eurovision double". BBC News. 28 May 2010. https://www.bbc.co.uk/news/10178679.
- ↑ Finneran, Aoife (28 May 2010). "Niamh bowls them over to reach finals". Evening Herald. https://www.independent.ie/regionals/herald/niamh-bowls-them-over-to-reach-finals/27952850.html.