Nasreddin şa
Nasreddin (145)
Gajar türkmenleriniň döwletiniň dördünji şasy (hökümdarlyk ýyllary 1848-1896). Ol üçünji gajarlar şanesliniň üçünji şasy Muhammediň ogludyr.
Nasreddin şanyň tagta geçen döwri ýurtda içki gapma-garşylyklaryň has ýitileşen döwrüne gabat gelýär. Hut onuň tagta geçen güni Seýid Aly Muhammet atly adamyň baştutanlygynda yslamdan ýüz öwrüp, başga dini ýörelge edinenleriň gozgalaňy başlanýar. Muhammet Aly özüni asmandan injek Mäti bilen adamlaryň arasyndaky Bab ( derweze, gapy, geçiriji) diýip jar edipdir. Şonuň üçin onuň baştutanlygyndaky gozgalaň taryha babçylaryň gozgalaňy ady bilen girýär. Gozgalaň ilki Mazenderan welaýatynda başlanyp, soňra ol Zenjanda we Neýrizde dowam edipdir. Bu gozgalaň 1848-nji ýyldan başlanyp, Nasreddin şa ony 1852-nji ýylda kynlyk bilen basyp ýatyrýar.
Babçylaryň gozgalaňyny basyp ýatyrandan soňra döwlet häkimiýetini berkitmek maksady bilen birnäce özgertmeleri geçirýär.
1853-1856-njy ýyllardaky Gündogar urşy döwründe Angliýanyň uruş bilen eliniň baglydygyndan peýdalanyp, Hyrady basyp alýar. Bu ýagdaý 1856-1857-nji ýyllardaky iňlis-eýran urşunyň bolmagyna getirýär. Nasreddin şa Hyratdan göşunlaryny çykarmaga mejbur bolýar we 1857-nji ýylda Parižde Angliýa bilen Eýranyň arasynda urşuň jemlerini jemleýän şertnama baglaşylýar. Nasreddin şanyň döwründe Eýranyň demirgazygynda Russiýanyň, günortasynda Angliýanyň täsiri artýar. Olar Eýranyň tebigy baýlyklaryny talamak bilen çäklenmän döwletiň içki işlerine gatyşyp başlaýarlar. Nasreddin şa 1890-njy ýylda Angliýa we Russiýa bilen geljekki 10 ýylyň dowamynda demir ýollary gurmazlyk barada şertnama baglaşmaga mejbur edilýär. (1899-njy ýylda bu şertnama ýene 10 ýyl uzaldylýar). XIX asyryň 70-nji ýyllarynda Eýran Beýik Britaniýanyň we Russiýa patyşalygynyň ýarym baknasyna öwrüldi. 1872-nji ýylda şa iňlis barony Reýteriň telegraf gullugyna Eýranda ýollary, suwaryş desgalaryny, fabrikleri gurmaga, mineral we tokaý baýlyklaryny özleşdirmäge 70 ýyllyk ygtyýarnama beripdi. Eýran maliýe taýdanam daşary ýurt maýasynyň täsirine düşüpdi. Nasreddin şa üç gezek Ýewropa syýahat edip gelenden soňra döwlet häkimýetini ýewropa nusgasynda döwrebaplaşdyrmaga synanyşdy. Köşkde ýewropaly maslahatçylar köpeldi. Goşun awsriýaly, german, fransuz, italýan harby gözükdirijileriniň garamagyna berildi. Ýurtda temmäki önümçiliginiň Talbotanyň iňlis kompaniýasynyň ygtyýaryna berilmegi ýurtda daşary ýurtlulara garşy tolgunyşygyň güýçlenmegine sebäp boldy. 1891-nji ýyldaky tolgunyşykda gozgalaňçylar “Eý, musulmanlar! Temmäki öndürmek elimizden gitdi. Karun derýasy elimizden gitdi. Gant önümçiligi, Ahwaz ýoly elimizden gitdi. Bank geldi, tramwaý geldi. Ýurt daşary ýurtlaryň eline geçdi. Şa biziň bähbitlerimize seredenok. Geliň, ähli zady öz elimize alalyň!„ diýip köpçülige ýüzlenipdirler.
XX asyryň başynda Eýranyň Beýik Britaniýa we Russiýa patyşalygy tarapyndan ýarym baknalykdan doly baknalyga öwrülmek howpy döredi. 1905-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 12-sinde Tähranda dowam edýän düzgüne garşy närazylyk bildiren täjirleriň tussag edilmegi gozgalaňyň başlanmagyna bahana boldy. Aýaga galan ruhanylar öz närazylygyny bildirip, metjitlerden çykman oturdylar (best). Olar baş weziriň wezipesinden boşadylmagyny, käbir emeldarlaryň tussag edilmegini talap etdiler.
Nasreddin şanyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty halka ýaramandyr. Oňa garşy dildöwşükler gurnalypdyr. 1896-njy ýylyň Magtymguly aýynyň 1-inde Reza Kermany diýen adam tarapyndan Nasreddin şa öldürilýär. Tagta onuň ogly Nasreddin geçýär. Umuman XIX asyryň dowamynda Eýranda rus we iňlis baknadarlary ornaşýarlar.