Nakyl

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

TÜRKMEN HALK NAKYLLARY

Bellik[üýtget | edit source]

Ata-babalarymyz türkmen ruhuna täsir edýän parasatly pikirleri gursaklarynda eşrepi deýin saklap, nesilden-nesle geçiripdirler. Her kim öz bilýänini ogullaryna, agtyklaryna gürrüň beripdir. Şeýdip, ata-baba pähim-parasatlary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Biz türkmen halkynyň mirasdüşerleri hökmünde ata-babalarymyzyň taryhyň gatlarynda galan medeni, edebi gymmatlyklaryny tapmalydyrys, täzeden jana getirmelidiris. Bu ata-babalarymyzyň öňünde biziň ogulluk borjumyzdyr. Söz – beýik Allatagalanyň ynsana eçilen iň keramatly peşgeşidir. Söz – ynsanyň miwesi Ýöne ol miwe adama Alla tarapyn berilýändir. Mukaddes, keramatly kitaplaryň döremegi bilen adamzadyň gara güýje(şeýtana) sežde edýän zamanasy tamamlanyp, Söze-Paýhasa(Alla) sarpa goýýan zamanasy başlandy Bular adamzadyň taryhyndaky iki sany äpet eýýamdyr.

Atalar sözi[üýtget | edit source]

Almany göge at, ýere düşýänçe ýa pelek.
Bir elde iki garpyz tutdurmaz.
Altyn gapylynyň agaçdan gapyla dilegi düşer.
Ýüz görüp, gapyrga syrma.
Gelin bolmasak-da, gädikden garapdyk.
Ýoly ýörän ýeňer, işi — ýapyşan.
Ne çiş köýsün, ne kebap.
Sakla samany, geler zamany.
Ilçä ölüm ýok.
Gulan başyna gaý düşse, godujagyna garamaz.
Şägirt ussatdan ozdurmasa, kär ýiter.
Sygryň guýrugynda pyçak döwme.
Ýortan ozar, ýatan tozar.
Ýedi ölçäp, bir kes.
Araça taýak deger.
Öte eşiden öý ýykar, çala eşiden — çatma.
Aşnalyk aňsat, aýralyk çetin.
Guş ganatyndan kireý islemez.
Ody özüňe bas, ötmese — kesekä.
Agysyz ölüm bolmaz, öýkesiz — toý.
Hasapsyz uçan guş, gonalgasyny ýalňyşar.
Ýigit ýa şoh gerek, ýa ýok.
Ýola çyksaň, ýoldaşyňy düzet.
Myhmanyň öňünde aş goý, iki elini boş goý.
Uruş, sögüş, emma ýaraşyga ýer goý.
Ýagşy bilen ýöreseň, ýetir myrada; ýaman bilen ýöreseň, galdyr uýada.
Garyndaşyň üýni garaňkyda belli.
Gorkana goşa görner.
Jähenneme giden özüne ýoldaş agtarar.
Soňuny saýan batyr bolmaz.
Gürrüň süýji, samança ýok güýji.
Sepilmedik tohum gögermez.
Kireýsiz kilim kakylmaz, ojaksyz öýe bakylmaz.
Düýä münüp, hataba bukulma.
Adam gulagyndan iglär.
Il aglak bolsa, doňuz depä çykar.
Guş bar — etini iýmeli, guş bar — et bermeli.
Çekişmedik — bekişmez.
Dul gözi bilen aýal alma, pyýada gözi bilen — at.
Degimsize degim degse, ýylda geçini iki gyrkar.
Ýamany görmedik — ýagşa nyrh bermez.
Berimsiz baýlara barandan, keremli daglara bar.
Ulunyň diýenini etmedik uwlar.
Tyg ýarasy biter, söz ýarasy bitmez.
Bisähet gün at tapdyrmaz.
Kütek pyçak el keser.
Iýip doýmadyk, ýalap doýmaz.
Ýaman dil il bozar, ýaman aýak — ýol.
At alma, eýer al.
Barlynyň bazary ýanynda.
Süýjiüýji iýmeniň ajy-ajy gäkiligi bolar.
Kör hasasyny bir aldyr.
Ýorgaly bilen ýoldaş bolma, nadan bilen — syrdaş.
Ýüp syrylyp, toýnukdan geçer.
Hasaply dost uzak gider.
Özi eden ökünmez.
Çaman-da bolsa, üsti amanja.
Gara keçe ak bolmaz, köne düşman — dost.
Ussa muzduny ber-de gyssa.
Göçjek diýip odunyňy otlama.
Aşy ajygana ber, gyzy — aşygyna.
Gyzy baryň näzi bar.
Myhman sorap iýmez.
Görk — agyzdan, haýa — gözden.
Dostuň aýybyny ýüzüne aýt.
Çaýyň soňy, çilimiň öňi dostuňa.
Garga garganyň gözüni çokmaz.
Pulsuz bazara barandan, kepensiz göre giren ýagşy.
Dokuň açdan habary ýok.
Garybyň göwni synyk, sözi döwük; ýetimiň boýny buruk, ýüzi soluk.
Ýylanyň ýigreneni narpyz, ol hem hininiň agzynda gögerer.
Göz ujy bilen gözleme: gözleriňe zor geler; dil ujy bilen sözleme: özüňe azar geler.
Gedaý galla tapmaz, galla tapsa — gap.
Saýak ýörme, taýak bar, şindiden däl, baýrak bar.
Gylyç öz gynyny kesmez.
Daga çyksaň hem, dabanyňy gözläp gez.
Tokaý otla, at gazan.
Köp sözüň azy ýagşy, az sözüň — uzy.
Mirasdan ýumruk ýetse-de hakyňy al.
Ak gireni bilen aň girmez.
Gözüň agyrsa, eliňi çek, içiň agyrsa — damagyňy.
Namarda zar bolandan, gara derýa gark bol.
Çagaly öý — bazar, çagasyz öý — mazar.
Gülme goňşyňa — geler başyňa.
Göwün-göwünden suw içer, gamyş — bogundan.
Ýylanyň aýagyny görmersiň, mollanyň — çöregini.
Garyndaşdan garnym ýakyn.
Bir gören tanyş, iki gören garyndaş.
Pylan ýerde bakyr bar, barsaň bakyr-da ýok, takyr-da.
Baryny beren uýalmaz.
Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz.
Ökde ökdäni görende, aýagy tibirdär.
Ajyksaň, çopan ýanyna, suwsasaň, daýhan ýanyna bar.
Ýalňyz goldan aw çykmaz.
Gyz maşgalanyň erki enede bolar.
Hereketde — bereket.
At aýagyna nal ursaň, eşek aýagyn galdyr.
Oýunçy utulanyny bilse ýagşy.
Kerri goýun giç ürker.
Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar.
Döwletli — aş üstüne, bidöwlet — käýinç üstüne.
Är-heleýiň urşy, ýaz gününiň ýagşy.
Mert özünden görer, namart — ýoldaşyndan.
Deň etmän, duş etmez.
Köp ýortan bir taýar.
Ýeke gezen heder eder.
Ýagşy söz ýylany hinden çykarar.
Goça buýnuz ýük däldir.
Ot bolmadyk ýerde tüsse bolmaz.
Galpyň gazany gaýnamaz, gaýnasa-da baýnamaz.
Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz.
Işlemedik — dişlemez.
Atanyň-enäniň göwni ogul bilen gyzda, ogul bilen gyzyň göwni dag bilen düzde.
Eşegi ýüke çek, eşek ýüke gelmese, ýüki — eşege.
Bar-bar işden bar, işlemedik nana zar.
Garny dokuň maly tükel.
Dogry dost kinesiz bolar, bolşuňy ýüzüňe diýer.
Jepasyny çeken, wepasyny görer.
Aýda gelsin — aman gelsin.
Çaman ördek ir uçar.
Giden getirer, oturan nyrh sorar.
Bilmeseň, bileniňkä git.
Seresap gep daşa gala, biseresap gep başa bela.
Ýüz berilse, ýüziň düşer etme.
Garyplyk öldürmez, öldürmesede güldürmez.
Agzy köp aşa ýagşy, eli köp işe.
Hiçden giç ýagşy.
Urşuň geňeşi ýok.
Ýeke çykana — ýeke kesek.
Haýyr işi jäht tut.
Aç towuk düýşünde dary görer.
Ýeke bolup ýol tapandan, köp bolup azaşan ýagşy.
Ýylan çakan kendirden gorkar.
Sorap berenden, urup ber.
Süri agsagyny gizlär.
Myhmany atar, başyňy gutar.
Gyzym öýde, gylygy daşarda.
Düýe münüp, hataba bukma.
Hoşuň atasy ölmändir.
Ýandagy ýaýnatma, bahyly baýnatma.
Ýigidiň güler ýüzi bolsun.
Ýandagy bassaň küde bolar, bedäni bassaň — pide.
Gylyç ýarasy biter, dil ýarasy bitmez.
Ýumşa gideniň eglenip gelenini dile.
Ekene bar, ekmedige ýok.
Aýagy uly syganyn geýer, aýagy kiçi öýenin.
Işanyň işi tükenmez, dagyň — daşy.
Garaňkyda ýöreseň büdürärsiň.
Mollasy köp bolsa, toklusy harama çykar.
Okan ozar, okamadyk tozar.
Alma biş, agzyma düş.
Suw görmän, tamman çykarma.
Açlyk näme iýdirmez, dokluk näme diýdirmez.
Jany agyrmaýanyň ýanynda başym agyrýar diýme.
Ala gargada hakym bolsa, gyş gelmese, ýaz geler.
Ýer gaty bolsa, öküz öküzden görer.
Deňňene deň şärik.
Eda yzlasaň, ýola barar; ýoly yzlasaň — ile.
Ýagşy niýet — ýarym döwlet.
Gorkagy kowsaň, batyr bolar.
Guşda barak eti, goýunda erek eti.
Tapan — begener, tanan — alar.
Tükenmez hazynam bolandan, uýalmaz ýüzüm bolsun.
Ýekäniň çaňy çykmaz.
Ýagşylyk ýerde ýatmaz.
Mollada berim bolmaz, ýabyda — gerim.
Ýerden tapsaň sanap al.
Guş burunsyz dogmaz, çaga — rysgalsyz.
Uly başlar, kiçi işlär.
Dünýäni sil alsa, guba gazyň döşünden.
Il oňlasa, atyňy soý.
Namart aş üstünde arlar.
Garybyň it hem ýagy, bit hem.
Görk — agyzdan, görmek — eginden.
Diş dişe degenden daş daşa degsin.
Ýigidi dostundan tana.
Çemçe bilen ýygnanyňy çanaklap dökme.
Başy sagyň — maly tükel.
Düýäniň ulusy köprüde kötek iýer.
Owal aşyk köýer, soňra magşugy.
Gulak eşidenini göz görmesin.
Arkalaşan ýow gaýtar.
Ýoldan çyksaň çyk, ilden çykma.
Ýere bakandan ýer gorkar.
Gaharyň aňy bolmaz.
Tilki sarkydyndan şir datmaz.
Baýyň berenin görmedim, hudaýyň — keremin.
Mal eýesine çekmese, şumluk.
Telbä araba döwülse odun, öküz ölse et.
Gaçan gutular, duran tutular.
Gurt agzasaň, gurt geler.
Mollaň almyty, gargaň iýmiti.
Hemme ýerde horazyň sesi bir.
Öwrenişen ýagy uruşmaga ýagşy.
Äri är bolanyň — heleýi şir, äri är bolmadygyň — heleýi gara ýer.
Aşy ýok oraza tutar, işi ýok namaz okar.
Ýer ala, ýurt ala.
Ýük egrisi uzak gitmez.
Akylly özüni öwmez.
Kötek güýçli bolsa, ýüň gazyk ýere gider.
Ogrulyk eden uýalmaz, üstüne gelen uýalar.
Basygy hem basmasaň, özüňi basar.
Açlyk jebrin çekmedik, dokluk gadyryn näbilsin.
Batyr ýarasyz bolmaz.
Giç ýat-da ir tur, alty pişegi artyk ur.
Ne hamyr, ne petir, ne toýa ýarar, ne ýasa.
Güle kast edip degen kül bolar.
Çilimkeşiň hem içi ýanar, hem daşy.
Pul boldy, kül boldy.
Bolduran hem aýal, güldüren hem aýal.
Söwüş iýseň, çebiş iý, maza berer dişiňe.
Her kim öz ekenini orar.
Emgenseň, emersiň.
Ýüz namart bir merdiň ýerini tutmaz.
Oýun bir, maza iki.
Egri azar, dogry ozar.
Ötügsiz ýazyk — başa horluk.
Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz.
Ýüpegi saklamasaň, ýüň bolar, gözeli saklamasaň — güň.
Mal eýesiniň gözünden suw içer.
Bijeli oglan aglamaz.
Batyr söweşde belli.
Dok çaýkanman, aç doýmaz.
Ajysy bolmadygyň süýjüsi bolmaz.
Daşa dalaw ýokmaz.
Il agzy keramat.
Mollada berim bolmaz, sopuda — şerim.
Goç ýigit söweşde belli.
Baş bolmasa, göwre läş.
Garyp adam ýamanar, ýamanar-da guwanar.
Akyl güýç berer, güýç hem ýürek.
Güýji ýetmez göre galar.
Eken orar, dokan geýer.
Ýaltanan ýal tapmaz, tapsa-da bol tapmaz.
Alyp asgyn bolýançaň, berip ökde bol.
Ýetim gözi çemçede, odunçyňky — omçada.
Doňuz ölse-de, hor-hory ýatmaz.
Bahylyň bagy gögermez; gögerse-de, miwe bermez.
Ýüz goýun tükener, ýüzi garalyk tükenmez.
Ýok ýerden bar eden, ýonuşgadan don eden.
Ýalanyň süýjüsinden, çynyň zäheri datly.
Ýer gaty-da, gök ýyrak.
Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar, biri synsa, hiç bolar.
Bilegi ýogyn birini ýykar, bilimi bolan — müňüni.
Soňky puşman — öte duşman.
Betlagam äre barandan, gazlygy göre bar.
Balykçy müň tümenlik düýş görse, balygyna ýorar.
Atasyz oglan — ýetim, enesiz oglan — ýesir.
Hudaýa ynansaň ynan weli, eşejigiňi berk duşa.
Iki göç — bir talaň.
Özüni öweniň tanapy çüýrük.
Çopana meýlis haram.
Durna gökde, duzak ýerde.
Ata kesbi ogla halal.
Bir ýazykdan är ölmez, hiç ýazyksyz är bolmaz.
Ýetim aşy-ýarma köje, ol her bişer ýarym gije.
Saglyk bolsa, beglik bolar.
It ýüwrügin tilki söýmez, gamly kişi gülki söýmez.
Lalyň diline enesi düşer.
Iki ýakyn uruşsa, özgelere iým bolar.
Dagdan arkasy bolanyň daşdan ýüregi bolar.
Ýarym güne ýaryş ýok.
Işlän ölmez, iglän öler.
Ýakma bişersiň, gazma düşersiň.
Oglan howlugar, tut wagtynda bişer.
Aý dogsa, älem görer.
Kiri kir açar, kinäni — söz.
Öň degen ýumrugyň tasiri artyk.
Bu günki işiňi ertä goýma.
Saýany ekmedik salkynda, ýatmaz.
Yhlasa — myrat.
Kesew uzyn bolsa, gol ýanmaz.
Gyz ýagşysy «gyşyk» çatmadan çykar.
Serçeden gorkan dary ekmez.
Päli azan tilki hinine bakyp üýrer.
Özüň süýt bilgin dostuňy — gaýmak.
Balyk başyndan porsar.
Arpa ekip, bugdaý orjak bolma.
Öň gelen orun alar.
Bolgusyza barynçaň, boý oturgyn ölünçäň.
Orakdan soň hoşa.
Süýthoryň önüni bathor ýykar.
At garrar, meýdan garramaz, ýigit garrar, heňňam garramaz.
Don biçerler ýeňli-ýanly, dost tutarlar öňli-oňly.
Sabyr düýbi sap altyn.
Bal süýji, baldan bala süýji.
Bir köstsüz gözel bolmaz.
Çöken düýe ýer alar.
Gelen döwlet, giden mähnet.
Oduny ýygana ýakdyr, maly gazanana bakdyr.
Sygryň şahyna ursaň, sugunyň endamy syzlar.
Nanyny aýan aşa ýeter, daňyny aýan — toýa.
Gedaý galla akylly gedaý bol.
Gotur golunda bolmasyn, ýaman — ýanyňda.
Süýtde agzy bişen, suwy üfläp içer.
Ody gorjasaň, öçer, goňşuňy gozgasaň, göçer.
Pyçak öz gynyny kesmez.
Dagy-daşy ýel bozar, adam arasyny — söz.
Ýagşydan at galar, ýamandan set.
Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar, ýamana ýanaşsaň — belasy.
Müsürde şa bolandan kenganda geda bol.
Dil hem bela, hem gala.
Bogazyny bogmasaň, bogaz düýäni ýuwudar.
Aýybyny ýaşyran aýňalmaz.
Garry hem bolsa gyz ýagşy, egri hem bolsa ýol ýagşy.
Ýamandan boýnuňy satyn al.
Göwni açygyň ýolam açyk.
Çig et — et getir, çig tüwi — dert getir.
Ak iner çökmese, boz maýa gaýmaz.
Bisähet gün at bakmasaň, sähetli gün at tapdyrmaz.
Oýnap ekseň, boýnap biter.
Il agzyn ýygyp bolmaz, çelek agzyn — bogup.
Halwany hekim iýer, şallagy ýetim.
Aýbyny ýaşyran aýňalmaz.
Gyzym, saňa aýdaýyn, gelnim, sen eşit.
Suwuň siňňin akanyndan, ýigidiň ýere bakanyndan.
Ýer doýman, är doýmaz.
Ýalan sözleseň, tutularsyň; düz sözleseň, gutularsyň.
Garganyň gaz balasy, her kişiň öz balasy.
Duzluga düşen duz bolar.
Gaty görseň, gaty ýerde otur.
Mellekçä ýer berseň, ýer eýesini ýerden çykarar.
Gar «ýagdysy» diýip begenme, aýazy bardyr; işan «geldi» diýip begenme, nyýazy bardyr.
Özüňden aşagy gör-de, şükür et, özüňden ýokaryny gör-de, pikir et.
Itiň boýnuna göwher daksaň, it hem aglar, göwher hem.
Körüň bar bileni iki gözi.
It öýkelese, eýesi duýmaz, pişik öýkelese — bibisi.
Ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň — hak.
Öz elim öz ýakam.
Ýagşyny görmek hem jennet.
Bir okana bir-de dokana.
Günäliň oduna bigünä ýanar.
Aýybyny aýdan uýalmaz.
Egilme-de bükülme.
Zalymyň — zulumyndan, şermendäniň — şerinden.
Gylyç göteren gylyçdan hem öler.
Ýalanyşan ajykmaz, söýenişen ýykylmaz.
Gurt gören itiň agzy bir bolar.
It guýrugyndan zarar, eşek ýalyndan.
Dil bilen orak orsaň, bil agyrmaz.
Ir turan işinden dynar.
Agajyň şahasy ýokary bolsa, miwesi aşak.
Her işiň haýry ýagşydyr, toýun gelşigi bagşydyr.
Peýdasyz perişdeden aşna döw ýagşy.
Dag başy dumansyz bolmaz, är başy — hyýalsyz.
Öwlen oglan öňüni hapalar.
Pis pisi tapar, suw — pesi.
Eşek semrese eýesini deper.
Öz gadyryn bilmedik, il gadyryn näbilsin.
Müň gaýgy bir iş bitirmez.
Merde ýalbarsaň peseler, namarda ýalbarsaň eseler.
Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýar.
Bagşynyňky «haý» bilen, mollanyňky «waý» bilen.
Dostuňy egleme, nepden galmasyn; duşmanyň saklama, syryň bilmesin.
Ker eşidenini biler, kör — tutanyny.
Gylyç gynynda ýatsa, poslar.
Ýylanyň daşy ýumşak, içi zäher.
Galan işe gar ýagar.
Şu günki serçe düýnki serçä jik-jik öwreder.
Ädikçiniň ädigi bitmez.
Gazany gazanan atar, oduny ýygan ýakar.
Ýalaňaç suwdan gaýtmaz.
Gural işlär, el magtanar.
Tilkiniň müňde bir sapalagy bar, iň gowusy görünmezlik.
Azajyk gaýgyny iş basar, azajyk agyryny — aş.
Iýip doýmadyk ýalap doýmaz.
Serçe semräp batman çykmaz.
Ýagy gaýtsa, batyr köpeler.
Öli aýatdan doýmaz, diri — hezzetden.
Sopy sogan iýmez, tapsa gabygyny hem goýmaz.
Haýwan ysgaşa-ysgaşa, ynsan soraşa-soraşa.
Eýesi ýoguň söýesi ýok.
Arkaly köpek gurt alar.
Düýe gyrda bolsa-da, gözi şorda.
Geçiň ýüzözüň düz; geçiň üçözüň puç.
Garyp gyzy görki bilen, baý gyzy tarakgysy bilen.
Bergiň müňe ýetse, ýumurtga börek iý.
Hem hoz gerek, hem hozuň mürrügi.
Öňüm gelenden soňum gelsin.
Geça jan gaýgy, gassaba — ýag.
Soňky tüýkülik sakgal ezmez.
Başa bela dilden geler.
Atda aýak bolsun, ärde gaýrat.
Söýdüren-de dil, köýdüren-de dil.
Ýigidiň göwni ýüpekdir, berk çigilse çözülmez.
Ölme eşegim ýaz geler, ýorunja biter.
Düýe garrasa, köşegine eýerer.
Garakçy topdan aýrylanyny sanjar.
Başyňa düşse, başmakçy bolarsyň.
Gulagyň garny bolmaz, siňegiň — erni.
Gije oda gitme, gündiz — tüssä.
Ýigit göre batyr, at çapa ýüwrük.
Geňeşli biçilen don gysga bolmaz.
Altyn ýerde ýatmaz, ýagşylyk — ýolda.
At — ürken ýerinden, är — gorkan ýerinden.
Ýurdy belet çapar.
Bal tutan barmagyny ýalar.
Çykmadyk janda umyt bar.
Ykrary ýogun — ymany ýok.
Gerek deregi ýykar.

A[üýtget | edit source]

Abadan kent tüssesinden belli.
Abat öýüň bilbili, bibat öýüň baýguşy.
Abdal gelip Horasanda tarykatdan söz açar.
Abraý diýeniň gyrkylan erkeçdir, gaçsa tutdurmaz.
Abraý isleseň – köp diýme, saglyk isleseň – köp iýme.
Abraýly ýigide ýaraly keýik sataşar.
Abraýy gaçandan gut gaçar.
Abraýy tapyp bolmaz, biabraýlyk duran ýeriňde.
Aç aň bilmez, arryk höwür.
Aç başym – dynç gulagym.
Aç galandan, giç gal.
Aç itiň guýrugyny arryk it ýalar.
Aç öleniň hem aýry mazary ýok.
Aç ryzkyny kowalar, ýalaňaç öýe girer.
Aç towuk düýşünde dary görer.
Aç uklasa, düýşünde – nan, oýansa, huşunda – nan.
Açda algyň bolmasyn, bege – bergiň.
Açgöz ulalsa, ilini tanamaz.
Açgözüň garny doýsa-da, gözi doýmaz.
Açlyk belasyndan, dokluk belasy ýaman.
Açlyk daşa çeker, ýalaňaçlyk – içe.
Açlyk näme iýdirmez, dokluk näme diýdirmez.
Açlyk ýylynyň arpasy, bugdaýdan belent sarpasy.
Açlyk zaryn çekmedik, dokluk gadyryny nä bilsin.
Açsam – aýamda, ýumsam – ýumrugymda.
Açyk agyz aç galmaz.
Açyk baş getir, gür çäç getir.
Açyk gaby it ýalar.
Açyk gapydan it bakar.
Açyk saçak hödür islemez.
Açyk ýaradan är ölmez.
Açylan etek ýapylar, göreniň gözünden gitmez.
Adam – amanat, amaly – baky.
Adam adam bilen, pisse badam bilen.
Adamy adam bolsa, golça dykam bir gap.
Adam adam bolsa, pyşbaga-da gural.
Adam adama mätäç, bir-ä dokçulykda, bir hem ýokçulykda.
Adam adama myhman, jan – göwrä.
Adam adamdan gutular, adam pälinden gutulmaz.
Adam alasy içinde, haýwan alasy daşynda.
Adam aňyndan belli, kerwen – jaňyndan.
Adam arasyny dil bozar, dagy-daşy ýel bozar.
Adam arrygy hor bolar, ýer arrygy – şor.
Adam aşda belli, at – daşda.
Adam aýbyny ýer ýaşyr.
Adam balasy – iliň lälesi.
Adam bar – gep bar, arpa bar – çöp bar.
Adam bar gözden gyzar, adam bar – sözden.
Adam bardyr, adamynyň nagşydyr, Adam bardyr haýwan ondan ýagşydyr.
Adam başy – daşdan gaty.
Adam bilenini okar, towuk görenini çokar.
Adam bir ýaşar, edebi – iki .
Adam dilinden tapar.
Adam doga ýaman däl, dura ýaman.
Adam edebinden tanalar, ýurt – tugundan.
Adam eli hem abat, hem bibat.
Adam görki – akyl, söz görki – nakyl.
Adam göwni gülden näzik.
Adam gulagyndan iglär.
Adam hem düzer, hem bozar.
Adam işden ölmez, igençden öler.
Adam köki il aşar, arça köki – dag.
Adam namartlasa, aty-da aýagyny ýitirer.
Adam şatlansa-da hiňlener, gamlansa-da.
Adam saýdym eşegi, gapa ýazdym düşegi.
Adam sözi adam öldürer.
Adam ynanmaz sözi düz bolsa-da, sözleme.
Adam ýüregi çil ýüpek, çigin alsa çözülmez.
Adamdan emel gutulmaz.
Adamy iş garratmaz, gaýgy-alada garradar.
Adamy ýüreginden daglarlar, haýwany – budundan.
Adamyň eti haram bolsa-da, lebzi halal.
Adamyň gahary – ýylanyň zäheri.
Adamyň hormaty özüne bagly.
Adamyň iki gözi terezi.
Adamyň owwaly hem oglan, ahyry hem oglan.
Adamyň ýuwhasy ýylanyň ýuwhasyndan beter.
Adamyň ýüzüne gara-da, halyny sora.
Adamynyň özüne bakma, sözüne bak.
Ady biriň jany bir.
Ady güwälik, sözi dogalyk.
Ady ilde, orny törde.
Adyl däl kişiniň aýagy synyk, gözi sokur.
Adyl sakçylygy goýun itinden öwren.
Adyň aga bolsa, iliň daýysy bolarsyň.
Aga bilen ininiň oky-ýaýy başgadyr, Baý öýüniň gyzynyň sepi-şaýy başgadyr.
Aga borç eýlär, nöker – harç.
Aganyň-ininiň azary bolmaz, Azary bolsa-da, bizary bolmaz.
Agaç barly bolsa, başy aşak.
Agaç bolan ýerde pudak synar.
Agaç egildi – döwüldi, ýigit uýaldy – öldi.
Agaç garrar, guş pudagyna bir gonar.
Agaç gatysy soky bolar.
Agaç iýmişinden belli, adam – kylmyşyndan.
Agaç miwesinden belli, adam – hilesinden.
Agaç tutan ýeriňden döwülmez.
Agaç ýamany gazyk bolar, tokmak iýer.
Agaç ýatgynyna ýatar, ýaman aslyna tartar.
Agaç ýok ýerinde gamyşam agaç.
Agaç ýykylsa, paltaly-da ylgar, paltasyz-da.
Agajy içinden gurt iýer.
Agajy ne jüre bolsa, miwesi hem şo jüre.
Agajy ýaşlykda bük.
Agajyň pahnasy hem özünden öner.
Agam aty ozandan, agyldaşymyň aty ozsun.
Agam bir hatyn aldy, dawany satyn aldy.
Agan araba Alla neýlesin!
Aganyň ala gözi, ýeňňäniň ajy sözi.
Agaryp öňe-de düşme, garalyp soňa-da galma.
Agaryp tenim görnenden, gögerip ýamam görünsin.
Agasy aganyň guly guduz.
Agasyny görüp, ini öser, bibisini görüp – siňli .
Aglak agylyndan dok.
Aglamadyk oglana emjek ýok.
Aglamak – gör başynda.
Aglamasyny bilmedik ölüsini murdarlar .
Aglan, agysynda diňer.
Aglap-aglap pel çeken, gülüp-gülüp suw tutar.
Aglaşmaga öz ýagşy, sylaşmaga ýat ýagşy.
Aglasy gelen oglan atasynyň sakgalyny oýnar.
Agsagy taýak saklar.
Agsak – ädimsek, sakaw – sözlemsek.
Agsak keýik müň torsuga ýetdirmez.
Agşam gören tanşyňy ertir görmek gümana.
Agşam şapak gyzarsa, gelniň ogul tapdy bil, Daňdan şapak gyzarsa, malyňy ýagy çapdy bil.
Agşamlygyny tapan ertirligini gaýgy etmez.
Agşamyň haýryndan ertiriň şeri.
Agşamyň syryny daň biler.
Agylda owlak dogsa, arykda oty biter.
Agyň – ady, garanyň – dady.
Agyr daş ýerinde ýatar.
Agyr gün delmireder, ýeňil gün ýeldireder .
Agyr günde dost gerek.
Agyr ýüküň azabyny gatyr biler.
Agyrmadyk başa ýaglyk daňma.
Agyrmaýan baş ýassyk islemez.
Agyry aşdan geler, dawa – garyndaşdan.
Agyryly ýerden gol gitmez.
Agysyz ölüm bolmaz, öýkesiz – toý.
Agyz – bir, gulak – iki, bir sözläp, diňle iki.
Agyz agyzdan ýel alar.
Agyz – aýgak, söz – taýgak.
Agyz beripdir, aş-da ýetirer.
Agyz bir bolsa, göwün jem bolar.
Agyz iýen aşy göz tanar.
Agyz iýmese, ýüz utanmaz.
Agyz iýse, göz uýalar.
Agyz ulusyny büzse bor, Göz ulusyny süzse bor, Burun ulusyny nätse bor?!
Agyz agyzdan ýelli, gulak gulakdan eşitgir.
Agyzdan çykan başa deger.
Agyzdan çykan söz – atylan ok.
«Agza geldi» diýip, diýiberme, «öňe geldi» diýip, iýiberme.
Agzy gana degen gurt ol oba ýoda açar.
Agzy gepden boşamaz, sözi söze ogşamaz.
Agzy gowşak ýumşak arar.
Agzy gulply sandygy diş açmasa, dil açar.
Agzy gyşyk bolsa-da, baý gyzy är dannar.
Agzy gyşyk bolsa-da, baý ogly geplesin! Agzy tagam tanamaz, han palawyna at dakar.
Agzy ýaman il bular, aýagy ýaman gol bular.
Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr.
Agzybiriň aşy bir.
Agzybirlik aş getirer, agzalalyk – kaş .
Agzyma aş, garnyma daş.
Agzyň doly gan bolsa-da, ýagynyň ýanynda tüýkürme.
Agzyň köpi aşa ýakyn, eliň köpi – işe.
Agzyň parawuzy ýok, diliň – süňki.
Agzyny aç, dili bolsa – gaç.
Agzyny alart-da, höküm sür.
Agzynyň aýdanyny gulagy eşitmez.
«Ah» diý, «wah» diý, öz gamyňy özüň iý.
Ahmalyň döwlete zyýany bar.
Ajal bilen myhman soraman geler.
Ajal gaýyp, didar gaýyp, nika gaýyp.
Ajal geldi jahana, başagyry bahana.
Ajal geler ýorta-ýorta, kime bu gün, kime erte.
Ajal iki gelmez, bir gelende-de gutulyp bolmaz.
Ajal ýetmän jan çykmaz, bahyl baýdan nan çykmaz.
Ajala çäre ýok.
Ajala derman ýok, pakyra – perman.
Ajala doga ýok, akyla – bela.
Ajaly ýeten köpek, metjidiň diwaryna buşugar.
Ajaly ýeten tilki, hinine bakyp uwlar.
Ajaly ýeten ýylan ýol üstüne çykar.
Ajaly ýetmedik gul ölmez.
Ajy badamjany gyraw almaz.
Ajy bilen süýjüni gören biler, Uzak bilen ýakyny – ýörän.
Ajy – gepletme, doky – derletme.
Ajy günleri süýjä öwürýän – sabyrdyr.
Ajy hem bolsa, çyn söz ýagşy.
Ajy sorag berip, süýji jogaba garaşma.
Ajybalgaz çykdy, tebipleriň goly baglandy.
Ajygan guduzlandan beter.
Ajygan ölmez, alňasan öler.
Ajyksaň – çopan ýanyna bar, Suwsasaň – daýhan ýanyna.
Ajyksaň ajy ek.
Ajylykda burç ajy, burçdan-da borç ajy.
Ajyň aňy bolmaz, dokuň – gaýgysy.
Ajyň aňy bolmaz, garybyň – imdady .
Ajyň awy ganamaz.
Ajysy bolmadygyň, süýjüsi bolmaz.
Ak altyn gara günde gerek.
Ak atly bolar, gara datly.
Ak düýäni gördüňmi? Göremok, şondan gowusy ýok.
Ak ekine ýokardan, gök ekine akardan.
Ak gireni bilen aň girmez.
Ak gün – agardar, gara gün – garaldar.
Ak maýa çökmese, boz maýa gaýmaz.
Ak öýi görüp, gara öýi ýykmazlar.
Ak ýüzde gara hal zynatdyr.
Ak zat alnyňa ýagşy.
Akabam uzyn bolsa, uzyndyr ömrüm meniň.
Akan aryk akar eken, bakan döwlet bakar eken.
Akar suw çeşme bolsa, ýatyp içme, Asylzada köpri bolsa, basyp geçme.
Akar suwuň kesileni – durany, Är ýigidiň baş egeni – öleni.
Akar-akar, öz adyny kişä dakar.
Akjak gan damarda durmaz.
Akmaga ýüz berme, nadana – söz.
Akmaga akyl öwretseň, düýpsüz guýa suw guýan ýaly.
Akmaga dymmaklyk jogap.
Akmaga iş buýursaň, ol saňa akyl berer.
Akmaga syryňy berme.
Akmaga toý kän, utançsyza – hezil.
Akmagyň – dilinde, akyllynyň – elinde.
Akmagyň agasy bolandan, akyllynyň inisi bol.
Akmagyň aty çyksa, özüni töre saýar.
Akmagyň jogaby – ümsüm oturmak.
Akmak – işi seni ýakmak.
Akmak akmak däl, akmaga «akmak» diýen akmak.
Akmak aranyny bilmez, köse garranyny.
Akmak aýak üstünde garrar.
Akmak başyň külpetini aýaklar çeker.
Akmak bent baglar, akylly ýap gazar.
Akmak bilen gülüşenden, akylly bilen aglaşan ýagşy.
Akmak çynyny aýtjak bolup, syryny aýdar.
Akmak dostdan, dana duşman ýagşydyr.
Akmak dünýä ýygnar, kimiň iýjegini Alla biler.
Akmak elini işleder, akylly – kellesini.
Akmak it Aýa üýrer.
Akmak it tazy ýalyndan tama eder.
Akmak myhman öý eýesine hödür eder.
Akmak özüni bildirer, töweregini güldürer.
Akmak pälinden myrat gözlär, segparaz – it ýalagyndan.
Akmak sürer dünýäni, akyl onuň haýrany.
Akmaýa gaýmasa, gara ýer doýmaz.
Akrap geler gygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp.
Aksakgal ak baş bolar, ýöne göwni ýaş bolar.
Akyl – aýnamaz, altyn – çüýremez.
Akyl – dost, gahar – duşman, soňy – puşman.
Akyl – sözde, mähir – gözde.
Akyl akyldan ötgür.
Akyl akyldan sowaşyk.
Akyl är döwletden düşse-de, hormatdan düşmez.
Akyl başdan çykar, altyn – daşdan.
Akyl et, pikir et, pisindiňe syganna ynan, sygmadygyna ynanma.
Akyl güýç berer, güýç hem ýürek.
Akyl kellede bolmasa, jan azapda.
Akyl ýigide desmaýa, akylsyzyň ömri zaýa.
Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok.
Akylla – yşarat, akmaga – kötek.
.* * *Akylla bir söz besdir, akmaga müň söz hebesdir.
Akylly – getirer, akmak – ýitirer.
Akylly – öwrener, akmak – öwreder.
Akylly aşa ýakyn, akmak – daşa.
Akylly aýal başa garar, akmak aýal – ýaşa.
Akylly diýseň akmagy, başa urar tokmagy.
Akylly dostuny öwer, kemakyl – aýalyny, samsyk – özüni.
Akylly gelin öý diker, akmak gelin öý ýykar.
Akylly haýra hemradyr, akmak – şere.
Akylly iş – ganatly guş.
Akylly işi bilen, akmak dişi bilen.
Akylly işine ynanar, akmak – düýşüne.
Akylly işlär, akmak onuň hözürini görer.
Akylly ogul başdan biler, Akmak ogul – başa gelende, Tokmak ogul – hiç haçan-da.
Akylly ogul hem edep, hem talap.
Akylly ogul – hümmetli, akylly gyz – gymmatly.
Akylly oýlanýança, tentek işini bitirer.
Akylly ýigit ile ýetirer, akmak ýigit ýoly ýitirer.
Akyllynyň aty armaz, dony tozmaz.
Akyllynyň gadyry akmak ýanynda bilner.
Akyllynyň işinden göwnüň söýüner, Akmagyň işinden pähmiň käýiner.
Akyllynyň öňünden ýöre, akmagyň – yzyndan.
Akylsyz batyrlyk – bagtyňy ýatyrlyk.
Akylsyz baý bolandan, akylly gedaý bol.
Akylsyz ýaş ýok, bahasyz – iş.
Akylsyza akyl bermek hebesdir.
Akylsyzyň zowky artyk.
Akyly çaşanyň mähneti aşar.
Akyly diňläne berseň ýagşy.
Akyly keltäň – dili uzyn.
Akyly ýoguň ýakyny ýok.
Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň – çägi.
Akylyň bolmasa, ýer diňle.
Akylyň bolsa, akyla eýer, Akylyň bolmasa – nakyla.
Akylyň bolsa, uzak ýola şöwür et, Bilimiň bolsa, bilmedige öwret.
«Al» diýlen malda haýyr bar.
Ala ekiniň hasyly-da kel-köse.
Ala garga oka gelmez, Çopan adam köpe bolmaz.
Ala gargada hakym bolsa, gyş gelmese, ýaz geler.
Ala sürlen ýeri çöp basar.
Alabahar alty gün, altysy-da gaty gün.
Alahekek öz dilinden bela galar, ýa-da öler.
Alaja ýylandan gorkan alaja ýüpden gorkar.
Alan aldy, galan galdy.
Alan bir günäli, aldyran müň günäli.
Alanyň gözi satanyň elinde bolar.
Alanyňa begenip, bereniňe gynanma.
Alanyňa ýaman diýme, müneniňe – çaman.
Alaryny bilse, Allasyna garamaz.
Alaryňy bilseň-de, ynsabyňy elden berme.
Alçysyna münen altyn aşyk ogully-da bolar.
Aldan haldadyr, aldanan ýoldadyr.
Algy berginiň ýerini tutmaz.
Algyly – arslan, bergili – syçan.
Algylyny bergili ýeňer.
Algyň soňy bergi bolar.
Algyr guşuň ömri az.
Aljagym bolsa-da, berjegim galmasyn.
Aljagyna gyrgydyr, berjegine gargadyr.
Aljyran aýal ärine «aba» diýer.
Aljyranyň aňy bolmaz.
Alkyş bilen är gögär, ýagmyr bilen – ýer.
Alkyş gyzyldan gymmat.
«Alla, Alla» diýmeseň, işler düzelmez.
Alla keremdir, guýusy tereňdir.
Alla şere meçew berse, bir demde dünýä ýumrulardy.
Alla ýalkasa ýaş berer, bendesi ýalkasa – aş.
Allany tanamadyk bendesini tanamaz.
Allanyň bermedigini bendesi berip bilmez.
Almadyk haýwanyň guýrugyndan ýapyşma.
Almak asandyr , bermek çetin .
Almalaşyga zat düýtmez.
Almany atan biler, nary – satan.
Almany çöle ek, armydy – baýra.
Almany göge zyň, ýere düşýänçä ýa pelek.
Almany soý ýere, armydy saý ýere.
Almanyň miwesi agajyndan alys düşmez.
Almaz kül içinde-de görner.
Almazak-da, bermezek, berse ukusy gelmezek.
Alňasalan işe şeýtan garyşar.
Alnyňdan akan suwuň gadyry ýok.
Alnyňdan çykan alaja ýylan, al-da biliňe çolan.
Alsaň aýal bolar, gonsaň – ýurt.
Alsaň – biter, satsaň – ýiter.
Altmyş günde atar, ýetmiş günde ýeter.
Altmyş ýaşda ataň ölse, şonda-da bir entärsiň.
Altmyşda – agta, ýetmişde – nogta.
Alty aga birigip, ata bolmaz, ýedi ýeňňe birigip – ene.
Alty dänede gysmasaň, altmyş dänede gysdyrmaz.
Altyn agyzdan altyn söz çykar.
Altyn alma, alkyş al.
Altyn arzysyz galmaz.
Altyn başym dek bolsa, dana başym dik bolar.
Altyn çykan ýerinde gymmat.
Altyn gapylynyň agaç gapyla dilegi düşer.
Altyn görüp azma, kümüş görüp gyzma.
Altyn kiçi hem bolsa, bahasy gymmat.
Altyn otda bilner, adam – zähmetde.
Altyn saklan aç ölmez.
Altyn ýerde ýatmaz, ýagşylyk – ýolda.
Altyn-kümüşiň könesi bolmaz, Ata-enäniň bahasy.
Altynly öýden jan datly.
Altynyň agzy bir bolsa, asmandakyny gaýdyrar, Altmyşyň agzy ala bolsa, agzyndakyny taýdyrar.
Alybilse, Allasyny gözlemez.
Alym azmasa, älem azmaz.
Alym öldi, ylym öldi.
Alymlara pikir gerek, derwüşlere – zikir.
Alymyň arrygyndan gork, begiň – semizinden.
Alynça – şirin-şeker, alansoň – eşek deper.
Alynjak gyz Aý görner.
Alynyň aryny Ahmetden çykarma.
Alyp asgyn bolynçaň, berip üstün bol.
Alys ýeri ýakyn eden at Taňry, Ýat bir öýi ýakyn eden gyz Taňry.
Alys ýeriň bugdaýyndan ýakyn ýeriň samany ýagşy.
Alys ýurduň habaryny argyş getirer.
Alysa barýan gonak köp eglenmez.
Alysdaky doganym, seni görmän oňanym.
Alysdakyň aty ozandan, ýakyndakyň taýy ozsun.
«Aman!» diýene nurbat.
Aman nyşany – iman.
Amanady münen günüň eýesi geler.
Amanat – ar, geýseň – dar.
Amanat – ýaman at.
Amanat ýa awlykda bolar, ýa – suwlukda.
Amanat zady daşamak dagdan agyr.
Amanatly – garamatly.
Andyzly öýde at ölmez, egrijeli öýde – är.
Aňlamaz adamdan daş gowy.
Aňly adam – aňlar, aňsyz adam – geňlär.
Aňmaza düýe görünmez.
Anna güni arka gitme.
Aňsadyna bakan gyz dograr.
Aňtan – ýeňer.
Ar – garramaz, är – garrar.
Ar tapylar, meýdan tapylmaz.
Ar üçin kelläm gitse-de «wah» diýmerin.
Ara sözi öý ýykar.
Araba ýykyljak bolsa, kyrk gün öňünden jygyldar.
Arabada oturan gözli bolsa, kör aty hem dogry äkidip biler.
Arabasyna güýji ýetmän, arşyn depelär.
Araça taýak deger.
Araňa saýry goşsaň, aýbyňy açar, Süňňüňe saýry goşsaň, alyp gaçar.
Arka ýagry ata miras, ataň ýagry – ogla.
Arkala aň geler, arkasyza – hun.
Arkalaşan dag aşar.
Arkalaşan ýow gaýtarar.
Arkaly atyň arkasyndan müň at suw içer.
Arkaly dagda geňeşer.
Arkaly erke sözlär, arkasyz – gorka.
Arkaly köpek gurt alar.
Arkasyz är dawa islemez.
Armyt pudagynda sallanar, ýere düşer ballanar.
Arpa çörekden nan bolmaz, amanatdan – don.
Arpa çörek otdan gorkmaz, garry aýal – ärden.
Arpa ekdim, dary çykdy.
Arpa eker, bugdaý islär.
Arpa garsaň, at iýmez, kepege garsaň, it iýmez.
Arpa gylçyk – aş eken, altyn-kümüş – daş eken.
Arpa iýen at menzil keser.
Arpa nany besdir, tapsaň damaga.
Arpa tapmaz atyna, nöker tutar syrtyna.
Arpa undan köke bolmaz, gyrnakdan – bike.
Arpa uny çym-ak, suw degdigi göm-gök.
Arpa ýykylsa, dok bolar, bugdaý ýykylsa, pak bolar.
Arpadan, bugdaýdan elim üzüldi, umyt saňa galdy, dary harmany.
Arpaň dänesi bolandan, bugdaýyň samany bol.
Arrygyň çorbasy çykmaz, çyksa-da, ýyldyramaz.
Arryk halyny bilse ýykylmaz.
Arryk ölse ýagy ýok, garyp ölse agy ýok.
Arslan arlasa, atyň aýagy duşaklanar.
Arşyn getir biýz al, çuwal getir hoz al.
Artyk aýdan özi uýalar.
Artyk damak daş ýarar, daş gaýdyp baş ýarar.
Arwananyň ýagşysy az iýer, köp ýaşar, Arwananyň ýamany köp iýer, az ýaşar.
Arybyňky – gülüstan, göribiňki – çölüstan.
Aryk akan ýerine, bagt bakan ýerine.
Arykdan ätle, yzyňy ýatla.
Arykdan suw akar, daýhana Hudaý bakar.
Arynyň zäherini datmadyk, balyň gadyryny näbilsin.
Arzan illetsiz bolmaz, baha – hikmetsiz.
Arzanlykda alyjynyň, gymmatlykda satyjynyň ýüzüni görme.
Arzanyň çorbasy dadylmaz.
«Aş» diýseň, hapyr-hupur, «iş» diýseň, gulak ýapyr.
Aş atana aş at, daş atana – daş.
Aş bolsun, agzymy ýandyrsyn, daş bolsun, başymy syn-dyrsyn.
Aş dileme, diş dile.
Aş gatygy duz.
Aş tagamyn dadan biler, ýol agramyn – äden.
Aş ysy bilen datly.
Aşa ýaman bolma, asarlar, Aşa ýuwaş bolma, basarlar.
Asly haramyň nesli haram.
Aslyna çekermiş ýüwrük-çamanlyk.
Aslyny unudan atasyny atar.
Asmandan arpa ýagsa, eşegiň haky hepbe .
Asmandan inip ýere düşen, ýedi derýanyň suwuny içen.
Aşna bolmak aňsat, jyda bolmak kyn.
Assa gaçan namart.
Assa giden ýorulmaz.
Assa ur, rasta ur.
Assa ýörän alys gider.
Aşy ajygana ber, gyzy – aşygyna.
Asyl asla gider.
Asyl aýal öýüne bezeg.
Asyl görseň, soý sorama, jöwlan görseň – suw.
Aşym az bolsa-da, çanagym giň bolsun.
Aşyň alasy – Taňryň belasy.
Aşyny aýan aşa ýeter, donuny aýan – toýa.
«At alan bilen gelin alanyň kepili özümdirin» diýermiş Allatagala.
At – arryklykda, gyz – garyplykda.
At «Basman!» diýen ýerine müň basar, Iş «düşmen» diýen ýerine müň düşer.
At ady bilen, ýigit ody bilen.
At agynan ýerde toý bolar.
At alma – eýer al, aýal alma – hossar al, ýer alma – goňşy al.
At alsaň – ýorga bilen ýöriş al, Aýal alsaň – akyl bilen huş al.
At alsaň gunan al, düýe alsaň – inen.
At arzan – taý gymmat, Gyz arzan – dul gymmat.
At atyň yzyndan daljygyp ýeter, Düýe düýäniň yzyndan – ajygyp.
At aýagy gitgir, ozan dili ötgür.
At aýagyň aşagynda agsamasyn.
At aýagyna nal ursaň, eşek aýagyny galdyrar.
At aýagyndan semrär, adam gulagyndan.
At aýlanyp, gazygyny tapar, suw aýlanyp – ýarygyny.
At aýlygyny gözlär, düýe – ýyllygyny, eşek – aýagynyň aşagyny.
At basyşyndan belli, är – bakyşyndan.
At bilen ýola çykan eşegiň waý halyna.
At bolsa, hamyt tapylar.
At çaňyna giden geler, pil çaňyna giden gelmez.
At çapa ýüwrük, ýigit göre batyr.
At çapanyňdan geçdik, eýeriň gaşyndan berk ýapyş.
At çapsa durup-durup bakylar, Baýtal çapsa her dürli at dakylar.
At depişigine at çydar.
At dosty – ata dosty.
At eýeri bile yzzatly, gul baýary bile.
At gadyryny münen biler, ok gadyryny – atan.
At garrar – meýdan garramaz, Ýigit garrar – heňňam garramaz.
At garrasa, höwre goýlar.
At gitdi, örküni-de äkitdi.
At gowusy – erinlek, ýigit gowusy – burunlak.
At güýji arpada.
At gylygyna eýesi ýetik.
At gylygyndan iýmini artdyr, Gyz gylygyndan – sepini.
At iýmeýän ajy otlar bitmese ýeg.
At keselini andyz açar, Gyz keselini – gopuz.
At kimiňki – müneniňki, Don kimiňki – geýeniňki.
At kişňeşip tanyşar. adam – sözleşip.
At kişňär, taý öner.
A:t köýenden, at köýsün.
At maýyrmadyk, seýis bolmaz.
At münen atasyny tanamaz, aýal alan – enesini.
At – münenden, görk – geýenden.
At münmedik at münse, çapa-çapa öldürer, Don geýmedik don geýse, kaka-kaka tozdurar.
At münüp ataň öýüne bar, Don geýip – dogan öýüne.
At münüp, atam gomlap, at üstünde satan sallap.
At öler – meýdan galar, ýigit öler – şan galar.
At ölse, it şatlanar, baý ölse – molla.
At rysgaly alnynda.
At saklamak – han saklamak.
At satsaň, obaňa geňeş.
At tapýançaň, eşek sakla, düýe tapýançaň – köşek.
At toýnagyna at çydar.
At ürken ýerinden, är gorkan ýerinden.
At üsti hyýally, dag başy dumanly.
At üstüne müneni tanar.
A:t ýagşy, dünýä gelen zat ýagşy, Gadyr bilmez gardaşdan, gadyr bilen ýat ýagşy.
At ýaly bilen owadan, zenan – saçy bilen.
At ýamany ahyryny bozar.
At ýaryşda, är söweşde.
At ýerine eşek daňma.
At – ýigidiň diregi, haly – gyzyň ýüregi.
«At ýok» diýip, sygra eýer salynmaz.
At ýortuşda belli, gurt – ýyrtyşda, är – göreşde, batyr – söweşde.
At ýüwürmez, bagt ýüwrer.
At yzy it yzyna garyşmaz.
Ata alkyşy – altyn.
Ata barka ogul ýaş, aga barka – ini.
Ata bolmadyk ata gadyryny bilmez.
Ata çöregi – meýdan çöregi, Ogul çöregi – zyndan çöregi.
Ata çykan alysy görer.
Ata diýmedik ogul ojagy talar.
Ata dost ýaly seret-de, duşman ýaly mün.
Ata dünýäsi ogla gönezlik.
Ata-enäniň bermedigini, ak bazar berer.
Ata-enäniň dogasy oda-suwa batyrmaz.
Ata-enäniň göwni ogulda-gyzda, Ogul-gyzyň göwni dag bilen düzde.
Ata-enäniň öwretmedigini, heňňam öwreder.
Ata-enesini tanamadyk, Taňrysyny tanamaz.
Ata – eýer, eşege – palan.
Ata – gamçy, eşege – taýak.
Ata gerim gerek, ýigide – dost.
Ata gören ýol keser, ene gören don keser.
Ata malyna göz diken nowasyz galar.
Ata müneňde Allany, atdan düşeňde aty unutma.
Ata münseň, ýorga mün, ýol söýünsin.
Ata ogly ata çeker.
Ata – ot, ite – et.
Ata – sap, ene – gap.
Ata seýis bol, şikese – seýik.
Ata sözi hikmet , ene sözi rehmet.
Ata tartyp ogul dogmaz, enä tartyp – gyz.
Ata-Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz.
Ata ýeri – şehit, ene ýeri – behişt.
Ata – ýezne, ene – gazna.
Atabaşga atdan düşmez, enebaşga hal soraşmaz.
Atadan galan malda gadyr ýok.
Atadan galan miras tiz tükener.
Atadan nesihat alan ogul kethuda bolar, Eneden nesihat alan gyz keýwany bolar.
Atadan ogla miras, eneden – gyza.
Atadan ogul köp dogar, içinde biri nek dogar.
Atadan ogul önse – eýgilik, ata ýoluny tutmasa – geňlik.
Atalar sözi – akylyň gözi.
Atalar sözi – hikmet.
Ataly – ogul, hojaly – gul.
Ataly ýetim – hor ýetim, eneli ýetim – zor ýetim.
Atam maly kimiňki, kime buýursa, şonuňky.
Atam öldi, arkam syndy, enem öldi, çyram söndi.
Atam-enem ölse-de, ony gören ölmesin.
Atamyň ölümine gynanamok, Ezraýylyň gapymyzy kaka-nyna gynanýan.
Atany söýen, Watany söýer.
Atanyň açan ýoly bar, enäniň biçen dony bar.
Atanyň ojagy gymmat, enäniň – gujagy.
Ataň barka, dost gazan, atyň barka ýol.
Ataň bile eneň Mekge bile Medinäň.
Ataň bilen öwünme, eneň bilen söýünme.
Ataň mirap bolandan, ýeriň oý bolsun.
Ataň ýagysyny dost tutunma.
Ataň zak, eneň zak, nireden dogduň beýle ak?
Ataňa görkezeniňi ogluňdan görersiň.
Ataňy görenden akyl sora.
Ataş kenary, gyş gününiň lälezary.
Atasy başga bilen towşan awlama.
Atasy bolmadyk bir gün aglar, Enesi bolmadyk – her gün.
Atasyz oglan – ýetim, enesiz oglan – ýesir.
Atasyzy giýew etme, enesizi – gelin.
Atda garyn, itde burun.
Atda wepa-da bar, sapa-da.
Atdan düşen – timar, düýeden düşen – bimar.
Atlynyň pyýadadan nä habary.
Atlynyňky – alnynda, düýeliniňki – töründe.
Atmajak ýigit gezäp geler, atjak ýigit ― gizläp.
Atsyz – alaman, suwsuz – degirmen, Barmazak – batyr, bermezek – jomart.
Atsyz öter ýigide nerrik aýal duş geler.
Aty at edýänçä, eýesi it bolar.
Aty atasy bilen tanadarlar, gatyry – enesi bile.
Aty baryň ganaty bar, ogly baryň – döwleti.
Aty birinde besle, ikisinde gözle, üçünde mün, Dördünde bolar at, bolmasa sat.
Aty döwek garradar, ýigidi – orak.
Aty gamçy bilen sürme, süle bilen sür.
Aty ot bilen tut, guşy ― et bilen.
Aty ýag bilen, düýäni dag bilen.
Aty ýaryş öldir, äri ― namys.
Aty ýoguň ady ýok.
Atylan ok daşdan gaýtmaz.
«Atym, atym!» diýseň, at bolar.
Atym bar – ganatym bar.
Atyň ady uly, düýäň dabany.
Atyň ahyry boş bolmasyn, aýalyň – saçagy.
Atyň ardynda gelen, gamçyň ujunda.
Atyň atasy arpa.
Atyň aýgyr bolsa, ýat-da gaýgyr.
Atyň ölümi ― itiň baýramy.
Atyň ýaman bolsa armanyň gider, Aýalyň ýaman bolsa – myhmanyň.
Atyň ýaman bolsa, satyp gutularsyň, Goňşyň ýaman bolsa, göçüp gutularsyň, Aýalyň ýaman bolsa, niçik gutularsyň.
Atyň ýüwrük bolandan, bagtyň ýüwrük bolsun.
Atyny ýamanlanyň, ýol biýr jezasyn, Ilini ýamanlanyň, ýat biýr jezasyn.
Atynyň kemini bilmedik, ýolda pyýada galar.
Aw alan tazy burnundan bildirer.
Aw aljak guşuň çüňki egri.
Aw uranyňky, at süreniňki.
Awça odun sataşar, odunça – aw.
Awçy awçynyň yzyndan bir gaýda ýeter.
Awçy garrar – garyp bolar, Aýal garrar – tebip bolar.
Awçy görmese, it görer, it görmese, at görer.
Awçy müň tümenlik düýş görse-de, awa ýorar.
Awçy näçe al bilse, aw hem şonça ýol biler.
Awçynyň ryzky aýagynda.
Awuň müňe ýetse, ompa oturar.
Awy azyk bilen tutarlar, adamy – söz bilen.
Awynyň azy-da bir, köpi-de.
Aý agyllasa – agyş, Gün gulaklasa – ýagyş.
Aý dogsa, älem görer.
Aý şuglasy garybyň öýüne-de düşer.
Aý ýanynyň ýyldyzy, gelin ýanynyň baldyzy.
Aý ýüzli gyzym bolandan, aýy ýüzli gelnim bolsun.
Aýagy uly syganyny geýer, aýagy kiçi söýenini.
Aýagy ýaman köl bular, dili ýaman – il.
Aýak döwmez, ýabak döwer.
Aýak ýüwrügi daşa deger, dil ýüwrügi – başa.
Aýakda bolandan agyzda bol.
Aýal ada çapar, ýigit – buda.
Aýal adam – uýal adam.
Aýal alma, hossar al.
Aýal bar – ezýet, aýal bar – lezzet.
Aýal bar – öý diker, aýal bar – öý ýykar.
Aýal gezse, gep getir, erkek gezse – nep.
Aýal näbilsin – dagda borandyr, öýde oturyp, hökmüro-wandyr.
Aýal oňsa hazyna, oňmasa kaza.
Aýaldyr at amanat berilmez.
Aýalsyza eşret ýok, ogulsyza – döwlet.
Aýaly öýüň ownuk işi öldürer.
Aýalyň emelsiz bolsa, iňňä özüň sapak ötürsiň.
Aýalyň horany – Hudaýyň urany.
Aýalyň soňky hilesi – aglamak.
Aýalyň tagtam, bagtam – ojak başynda.
Aýalyň ýamanyndan aždarha gaçar.
Aýamda bolsa – ýalaryn, Uýamda bolsa – dilärin.
Aýbyny ýaşyran aýňalmaz.
Aýda azykdan günde suwluk ýaman.
Aýda gelen aýak iýer, günde gelen – taýak.
Aýda gelsin, aman gelsin.
Aýda-ýylda bir bizar, onda-da göwnüm azar.
Aýda-ýylda bir namaz, ony-da şeýtan bozar.
Aýdan ary , Günden dury.
Aýdyjy akmak bolsa, diňleýji dana gerek.
Aýdylan söz atylan ok.
Aýdylan söz aýdyljak sözüň gaýynenesi.
Aýdyp etdirip bolmasa, urup etdirip bolmaz.
Aýgyra jul ýyrtmak aýyp däl.
Aýlanan baş tarap tanamaz.
Aýlanaýyn könäm senden.
Aýlykçy aýda iýer, günlükçi – günde.
Aýrana gelen çanagyn gizlemez.
Aýrylany aýy iýer, bölüneni – böri.
Aýrylmagyn höwrüňden, eliň gitmez böwrüňden.
Aýrylmaz goňşyňa unutgysyz söz aýtma.
Aýrylyşjak dost eýeriň art gürlügini dilär.
Aýtdy-aýtdy bilen ýar aýrylar.
Aýtsaň – söz, aýtmasaň – düz.
Aýtsaň gep bolar, aýtmasaň – dert.
Aýy bendilikde oýnar.
Aýy dalan töňňeden gorkar.
Aýym – dik, bendäm – ýatyk.
Aýyma uýan aýym bolar.
Aýyň ýüzünde hem leke bar.
Aýypsyz adam bolmaz.
Aýypsyz dost yzlan dostsuz galar.
Az – uky, ýaz – uky.
Az – arjaň, hassa – gaharjaň.
Az bolsa ýeter, köp bolsa gider.
Az bolsun, uz bolsun.
Az bolup dana bolandan, köp bolup diwana bol.
Az damak doýurmaz.
Az gürle, uz gürle.
Az il – arsak .
Az iliň danasy gepläp-gepläp däli bolar, Köp iliň dälisi gepläp-gepläp, dana bolar.
Az iýen – arassa, köp – iýen hassa.
Az iýen tebip gözlemez.
Azaby – öňde, rehneti – soňda.
Azabyny men çekdim, aldy gitdi gurrumsak.
Azajyk aşym, gowgasyz başym.
Azajyk derdi aş basar, agyr derdi – iş.
Azajyk sözliniň göwni rahat bolar.
Azal sapyny aç hem bolsaň sypdyrma.
Azan öz başyna görer.
Azana musallat.
Azap çekdim hiç boldy, jepa çekdim puç boldy.
Azap çeken nep tapar, hasap eden – gep.
Azapsyz iş oňdurmaz.
Azapsyz nan iýme, ýamasyz don geýme.
Azapsyz ýeriň ady ýok.
Azaşan yzyny tapsa ýagşy.
Azaşanyň aýby ýok, gaýdyp yzyny tapansoň, Açylanyň aýby ýok, özi bilip ýapansoň.
Azaşsaň köp bilen azaş.
Az-azdan işleseň – ussa bolarsyň, işlemeseň – hassa.
Azdyrmasyn, azana duçar etmesin.
Azyrganan aç galar.

B[üýtget | edit source]

Bag – barsyz bolmaz, at – timarsyz.
Bag – ekeniňki, ýap – çekeniňki.
Bag aýdypdyr: «Bak maňa, bakaýyn saňa».
Bagşy bilen ýagşy atyň belli baýragy bolmaz.
Bagşynyňky «haý» bilen, mollanyňky «waý» bilen.
Bagtly sähet gözlemez.
Bagtlyny yzlama, bagt ýoluny yzla.
Bagtyň ýatsa, düýäň üstünde it ýarar.
Bagym bar, barym bar.
Bahanam akja bäbek, bildir bolsaň bolmaýamy.
Bahardaky hereket, güýzki – bereket.
Bahyl baryny bermez, ýok garap durmaz.
Bahyl bazara gitse, şum habar getirer.
Bahyl jennet görmez.
Bahyldan daş sorandan, jomartdan aş sora.
Bahyldan gyşyň güni garam dileme.
Bahyldan pul almak – petirden gyl almak.
Bahyly sahylygyň bilen uýalt.
Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez.
Bahylyň jaýy jähennem, sahynyň jaýy jennet.
Bakyrganda bakyr bar, baryp görseň, takyr bar.
Bal bar ýerde siňegem bolar.
Bal diýmek bilen agyz süýjemez.
Bal gadyryny bakgal biler, zer gadyryny – zergär.
Bal süýji, baldan-da bala.
Bal tutan barmagyny ýalar.
Bala hem ene diýer, hem baba.
Bala, balanyň işi çala.
Balaly öý bazar, şowhuny köňül ýazar.
Balaly öýde gybat ýok, balasyz öýde – gurbat.
Balanyň barmagy agyrsa, enäniň ýüregi syzlar.
Balygyň diriligi suw bilen.
Balygyň özi suwda bolsa-da, gözi gyrda.
Balyk başyndan porsar.
Balyk iýse, guýrugy semrär.
«Bar» diýip aşma, «ýok» diýip çaşma.
Bar – ogşadar, ýok – gagşadar.
Bar baryny aýdar, ýok ― zaryny.
Bar gaçagy tutsa bolar, ýok gaçagy nätse bolar.
Bar okaram, gel okaram, barmasaň-gelmeseň, orta ýolda döwül okaram.
Bar ýerinde bal arzan, ýok ýerinde duz gymmat.
Bar zadyň sakasy saglyk.
Bar zat bakyr, ýok zat – altyn.
Bar zatdan süýji-de dil, ajy-da dil.
Bara – bazar, ýoga – azar.
Baran getirer, oturan ýitirer.
Baran ýeriň kör bolsa, gözüňi ýum.
Barar guşuň başy aňry.
Barara gapysy ýok, ýapynara – ýapysy.
Barara ýeri ýok, batara köli.
Bar-bar işden bar, işlemedik nana zar.
Barça ýagşy, biz ýaman barça bugdaý, biz saman.
Barçasyny görmäge başymyz esen bolsun.
Barjak ýeriňe kesek atma, çykan gapyňy batly ýapma.
Barly ajyganda iýer, garyp – tapanda.
Barly bilen dalaşma.
Barly bolsun, barsyz bolsun öýüň bolsun, Gyňyr bolsun, gyşyk bolsun, äriň bolsun.
Barly bolup, baýlygňa guwanma, Garyp bolup, garyplygňa uýalma.
«Barly men» diýip buýsanma, «Ýoksuz men» diýip kemsinme.
Barlyk – etdi:r, ýokluk – jowrandyr.
Barlykda «dok» diýme, ýoklukda «ýok» diýme.
Barlykda abatlyk bar, ýoklukda ― takat.
Barlylyk däli eder, ýoksuzlyk ― sähne.
Barlynyň ady ýowuk , ýoklynyň ýüzi sowuk.
Barlynyň eli titremez.
Barmagy «başga» diýme, bilegi – bir, Ili «başga» diýme, dilegi bir.
Barmak bilen çözüljek düwüne agyz urma.
Bars – baýlyk, towşan – gahatlyk.
Barsyz agaja daş atmazlar.
Bary bile bazar eýle.
Barýan gapyň müň bolsa-da, ýatjak gapyň bir bolsun.
Baryna bazar et, ýoguna ― sabyr.
Baryny beren uýalmaz.
Baryny bermedigiň ýüzi gara.
Baryny görmäge başym dik bolsun.
Baş – başa, jan – jana.
Baş alynjak ýerde mal aýalmaz.
Baş bolmasa, göwre läş.
Baş döwleti – bereket, mal döwleti – hereket.
Baş iki bolman, mal iki bolmaz.
Baş sag bolsa, telpek tapylar.
Baş ulusy döwlet, aýak ulusy mähnet.
Baş ýarylsa, börük içinde, gol synsa, ýeň içinde.
Başa bela iki barmak dilden geler.
Başa dil getirenini, el getirip bilmez.
Başa düşen işi başarmak gerek.
Başa düşen taýak, ýüwürder ýalaň aýak.
Başa düşmez ogul-gyz, başa bela getirer.
Başa gelenini göz görer.
Başa gelmez iş bolmaz, aýaga degmez – daş.
Basany aýlyk, götereni ýyllyk.
Başarana baş gurban.
Başarana hyşa gulpagam saz.
Başarmajak işiňe ýapyşma.
Başarnyk – baýlyk.
Başda beýni bolmasa, selle neýlesin.
Başda oňmadyk giç oňmaz, giç oňmadyk hiç oňmaz.
Başganyň ýanawujyndan suw içen ganmaz.
Başy agyrmadygyň ýanynda, «baldyrym syzlaýar» diýme.
Başy eseniň maly bitin.
Başy gaharlynyň akyly dabanynyň astynda.
Başy zor baý bolar, aýagy zor – gul.
Başyň amanka, malyňy tükelle.
Başyňa erre goýsalar-da, dogry sözle.
Başyny egeniň başy alynmaz.
Batana ýöreme, atana ýöre.
Batar günüň atar daňy bar.
Batga batan eşegiň tutalgasy – gulak, guýruk.
Batman ýük bara basar, gyl tanap gerden keser.
Batsa batsyn ýol tiken, batmasyn, ýorgan tiken.
Batyr – aňkaw, är – gödek.
Batyr aty bilen batyr, at batyry bilen at.
Batyr başdan, ýüwrük aýakdan.
Batyr bir öler, gorkak – müň.
Batyr köpde ýow gaçyrar, pähim – köpde daw .
Batyr ölse ady galar, baý ölse – zady.
Batyr söweşde belli, ýüwrük – ýaryşda.
Batyra «batyr» diýmezler, jan saklana «batyr» diýerler.
Batyra ýarag nä hajat.
Batyrdan ölüm hem eýmenermiş.
Batyrlyk bilekde däl, ýürekde.
Batyry batyr eden gylyç bilen bilegi, Ýamany ýaman eden gara ýürek dilegi.
Batyryň aýbyny açma, syryny ýaýma.
Batyryň bezegi – ýüzüniň ýarasy.
Baý arabasyny dagdan aşyrar, Garyp düz meýdanda ýoluny çaşyrar.
Baý gyzy tarakgysy bilen, garyp gyzy görki bilen.
Baý gyzyny alma, Hudaý ýazmasa, Han gyzyny alma, päliň azmasa.
Baý halky ýaňra bor, garry – öwünjeň, Bidöwlet – ynanjaň, käsip – käýinjeň.
Baý magtansa – tapylar, Garyp magtansa – çapylar.
Baý malyny bahyl gysganar.
Baý ölse: «Ýör gideliň!» diýerler, Garyp ölse, üç günden soň duýarlar.
Baý täze don geýse: «Gutly bolsun!» diýerler, Garyp täze don geýse: «Nireden aldyň?» diýerler.
Baý ýalan sözlese-de, sözi geçer.
Baýdan – ýokar, baldan – damar.
Baýguşuň dilegi weýrançylyk.
Baýguşyň rysgaly agzyna geler.
Baýlygyň enesi – ýer, atasy – zähmet.
Baýlygyň sakasy – saglyk.
Baýlyk – bir guraklyk, batyrlyk – bir okluk.
Baýlyk eliň kiri, ýuwulsa gider.
Baýlyk malyň köplüginde däl, göwnüň doklugynda.
Baýlyk myrat däl, garyplyk – uýat .
Baýlyk näme, hallan atanyň galar.
Baýlykdan garyp düşen magtanmasyny goýmaz.
Baýlykdan garyp düşene, ýok-da bolsa, bar ýaly, Garyplykdan baýana bar-da bolsa, ýok ýaly.
Baýramda açdan ölen, jöwzada doňup galan.
Baýrynmagyn baýlygňa, bijin bardyr alnyňda.
Baýtal hokranman, at kişňemez.
Baýtal ölse, gulan ýaş, gulan ölse, gözüň ýaş.
Baýy mal basar, garyby – gam.
Baýyň agzy gyşyk bolsa-da, sözi «dogry».
Baýyň azgyny, possun geýer ýaz güni.
Baýyň gelni – bagyň güli.
Baýyň güni «waý», garybyňky – «haý-da-haý».
Baýyň iki dünýäsi-de düzüw.
Baýyň morysy gyşyk bolsa-da, tüssesi «dogry» çykar.
Baýyň ogly barga oýnar, Begiň ogly ýorga oýnar, Bidöwletiň çagasy Gagyldadyp, garga oýnar.
Baýyň pişigi-de towşan tutar.
Baýyň sahylygy elinde, garybyň sahylygy dilinde.
Baýyň setini ýüpek görner.
Bazar görki – bakgal, ýigit görki – sakgal.
Bazara baran baryny harçlar.
Bazara bar-da, bagtyňy syna.
Bedasyl beg gullugynda bolynçaň, Asyl begiň saýasynda gul bolgul.
Bedasyla barynçaň, boý oturgyn ölinçäň.
Bedasyla jepa çekme, gury ýere tohum sepme.
Bede ýyl aşsa, pide bolar, ýandak ýyl aşsa – bede.
Beden agyrsa, jan syzar.
Beden azabyndan, wyždan azaby agyr.
Bedenäniň öýi ýok, nirä barsa: «Bytbyldyk!» Bedene semräp, batmana ýetmez.
Bedew at menzil keser.
Bedew atlar semiz bolar, goç ýigitlar tämiz bolar.
Bedew jul içinde belli, göwher – kül içinde.
Beg başyňy bendi etme.
Beg beren atyň dişine bakma.
Beg bilen aşna bolma.
Begi begiň, guly – guduz.
Bek gapa bela gelmez.
Bekli gapyny sabyr açar.
Bela – basan ýeriňde.
Bela görnüp gelmez, kasas kyýamata galmaz.
Bela gula barmaz, gul bela barar.
Bela nirede, basyp-göteren ýeriňde.
Bela-beteriň ganatyny sabyr gyrkar.
Beladan heder, etmeseň eder.
Bendä gaçsaň – tutularsyň, Hudaýa gaçsaň – gutularsyň.
Bendäm bendäme sebäp, Men ikisinede sebäp.
Bende sylasa aş berer, Hudaý sylasa – ýaş.
Bendesi hata eder, Taňrysy – ata .
Bendesi peýlär, Taňrysy etjegini eýlär.
Ber, bereketiň artsyn! Bereket ondur, onusy-da düzdür.
Beren – alar, eken – orar.
Berende almadyk, diläp alar.
Berenden – al, urandan – gaç.
Berene bäş köp, alana alty az.
Bergidar her ady tutulanda bir öler.
Bergili üzülmez, algyly üzüler.
Bergiň ýaraşygy – üzmek.
Bergiň ýüze ýetse, ýumurtga börek iý.
Bergini beren ýeňer, ýoly – ýörän.
Bergisini ýaşyran – bölüner, ogrusyny – ýaşyran öküner.
Berim gökden ýol ýasar.
Berimsiz baýa baranyňdan, keremli daga bar.
Berimsizden bir gyl düşse-de, peýda.
Berip-alyp görmedik, berse ukusy tutmaz.
Berk bolsa daşyň, amandyr başyň.
Berk bolsa daşyň, taýýardyr aşyň.
Berk gapyny berim açar.
Berk şahanyň – emi palta.
Berkeli döwlet giç geler.
Bermejegi berip utandyr.
Bermezden – aşly, urmazdan – gylyçly.
Bermezek Taňrydan – irmezek awçy.
Betbagt derýa inse, suwy kesiler.
Betbagtlygy nirede gördüň, aýagy agsak gyzyl keýigiň yzynda.
Beter beteri görende, elheder gaýra teser.
Betlagam äre barýançaň, gazylgy göre bar.
Beýigiň öňünden geçme, gatyryň – soňundan.
Bezenmeýänden aýal bolmaz, öwünmeýänden – är.
Bezirgen pajy bilen.
Bezirgeniň gideni bilinmez, geleni bilner.
Bezirgeniň ýoly bir bolsa-da, rysky başga.
Bäri bakan hassany, jüýjeli unaş düzeder.
Bäş barmagyň bäşisi deň däl.
Bibaş ilde bereket bolmaz.
Bidert bilen dertleşseň, syryň ýere döküler, Dertli bilen dertleşseň, gapyrgalaň söküler.
Bidöwlet – oglumdan, döwletli – gyzym.
Bidöwletde algyň bolmasyn, bege – bergiň.
Bidöwlete bir gün sähet, iş etjege her gün sähet.
Bidöwlete Hudaý köpi bermez, azy-da ol almaz.
Bidöwleti bidöwlet ýarym gije tapar.
Bidöwleti ýagy çapsa, döwletlä habar geler.
Bidöwletiň agzy aşa ýetende burny ganar.
Bidöwletiň çagasy asmandaky Aýy dilär.
Bidöwletiň etegine gowurga guýsaň, etegi bilen sowyr.
Bidöwletiň iki gezimi bar, biri ekin-dikinde, birem ýygym-düýrümde.
Bidöwletiň ogly bolýançaň, döwletliniň guly bol.
Bidöwletiň ogul-gyzy baş-da bolsa, ýaş ýaly, Döwletliniň ogul-gyzy ýaş-da bolsa, baş ýaly.
Bidöwletler ukuda, goç ýigitler bukuda.
Bigadyr gardaşdan aşna döw ýagşy.
Bihaýa bil baglasa, perişde ýoldan çykar.
Bihuda iş edilmesin, ötgür gylyç gädilmesin.
Bijeli oglan aglamaz.
Bikär düýşi suwa aýt.
Bikärden Taňry bizar.
Bike hem är üçin talaşar, hem tör üçin.
Bikemal ýoldaşdan taýak ýagşy.
Bikemalyň gülküsi – akmaklygyň ilkisi.
Bilbil besledik, garga çykdy.
Bilbile altyn ketek-de zyndandyr.
Bildirki gar bu ýyla galmaz.
Bilegi ýogynyň emeli köp.
Bilelikde çekilen dert ýeňil.
Bilen aýdar: «Bir obanyň başydyr!», Bilmez aýdar: «Nirden gelen goňşudyr?»
Bilen bilenini işlär, bilmedik barmagyny dişlär.
Bilene – dag, bilmedige – ýag.
Bilene – hikmet, bilmedige – rowaýat.
Bili agyrmazyň paltasy kütek.
Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat.
Bilimli – ölmez, bilimsiz – gülmez.
Bilimli – uçar, bilimsiz – gaçar.
Bilmedige – bildirin, bilip etse – öldirin .
Bilmedigiň bilegi agyrmaz.
Bilmedigini soran – alym, soramadyk özüne – zalym.
Bilmen ― müň belany başdan sowar.
Bilmeseň bir aýyp, bilip amal etmeseň, iki aýyp.
Bilmez geplär gepini, döwer otyr çöpüni.
Bilmez tebip jan alar.
Bilmez ussa bek ýasar.
Bilmezlik bela däl, bilesi gelmezlik – bela.
Bilseň baş al, bilmeseň – ýaş.
Bilseň bileniňi et, bilmeseň, bilýäniňkini et.
Bimamla mylaýym gerek, güýji asgyn şelaýyn.
Bimaryňky timar.
Binamysa günde baýram, günde toý.
Bir – garrylykda, bir – ýaşlykda.
Bir adamyň gözi ýaman, bir adamyň – sözi.
Bir agaçda gül-de biter, tiken-de.
Bir agaçdan tokaý bolmaz, bir gülden – bahar.
Bir agdarym, bir suw.
Bir agyzdan çykan söz müň agyza ýaýylar.
Bir ajy doýurmak – haç.
Bir akmagyň guýa atan daşyny on derwüş çykaryp bilmez.
Bir ata on ogly saklar, on ogul bir atany saklap bilmez.
Bir aýal kendirigini ite aldyrar, kyrkysy akyl berer.
Bir baş – belaly baş, iki baş – maşgala.
Bir başa bir ölüm.
Bir başda kyrk ýyl baýlyk durmaz.
Bir başda ýüz hyýal, ýüz söwda.
Bir başy it hem saklar.
Bir başym bar, müň – işim.
Bir batman altynyň bolandan, bir daban ýeriň bolsun.
Bir begenen aglar, bir hem – gynanan.
Bir çyranyň daşyna, kyrk adam üýşer.
Bir doýmak – çala baýamak.
Bir elde iki garpyz tutdurmaz.
Bir eli bilen eken, iki eli bilen orar.
Bir gapsaň-da, ýag gap.
Bir gapy ýapyk bolsa-da, ýüz gapy açyk.
Bir garga bilen gyş gelmez.
Bir garlawaç ýaz etmez.
Bir garybyň köňlüni «Hoş geldiň!» awlar.
Bir gep – pent, iki gep – ant.
Bir gep az, iki gep kän.
Bir gol bilen düwün düwdürmez.
Bir gören – biliş, iki gören – tanyş, Üç gören – garyndaş, dört gören – gardaş.
Bir göreniňi iki synama.
Bir göreniňi öwme-de, syndyrma-da.
Bir goýundan ak-da dogar, gara-da.
Bir gün agzalalyk bolan öýden kyrk günki bereket gider.
Bir gün duza – müň gün salam.
Bir gün gam gelse, çukur dolmaz.
Bir gün öň sepen, bir hepde öň orar.
Bir günki ysytma, kyrk günki kuwwatyňy alar.
Bir günlük ýola çyksaň, üç günlük azyk al.
Bir günüm – hoş günüm.
Bir günüň pidasy, müň günüň dogasy.
Bir gyraňsyz öý bolmaz, bir jarçysyz – toý.
Bir iýdigim çorba nan, goýman sende sala-san .
Bir keren geçiren, ýüz keren utar.
Bir kesbi bolan hor bolmaz.
Bir menzile gitmez ýüküň egrisi.
Bir nahal ekseň, ýaşyň baky.
Bir obadan däl ýaly, ýaban galan mal ýaly.
Bir ogul bar, atasy bilen bir zatdyr, Bir ogul bar, atasyndan zyýatdyr.
Bir – okana, bir – dokana.
Bir okda iki towşan urdurmaz.
Bir samsyk bäş akyllyň agzyny alardar.
Bir şaýy tapsaň düwüp goý, iki şaýy tapsaň – çigip.
Bir sözle, iki diňle.
Bir sygryň peşewine, müň sygyr taýar.
Bir taýak – bagt, bir taýak – betbagt.
Bir tutam ýetmese, güýjüňden gör.
Bir ýagşydan ýaman dogdy diýse ynanma, bir gün eder atlygyny, Bir ýamandan ýagşy dogdy diýse ynanma, bir gün eder itligini.
Bir ýagşylyk müň belany gaýtarar.
Bir ýamanyň zeleli, müň ýagşa deger.
Bir ýazykdan är ölmez.
Bir ýere köp barsaň, gadyryň az bolar.
Bir ýigidiň dag ýaly maly bolsa hem, nesibesinden artyk iýip bilmez.
Bir zadyň gulpundan tutduňmy, güýjüm ýok diýme.
Bir zerräniň gadyryny bilmedik, müň zerräniň gadyryny bilmez.
Bir zerrede ýalkaryn, bir zerrede gargaryn.
Bir zuwala aş bişirdim, myhmany atdan düşürdim.
Bir-ä ajy unudylmaz, bir-de – süýji.
Bir-ä at aljaga, birem aýal aljaga Alla ýeti:rmiş.
Bir-ä Hudaýdan gorkandan gork, bir hem – gorkmadykdan.
Bir-ä ir ekilen ekinden tama et, bir hem ir ýetişen – oguldan.
Bir-ä ýagşylyk unudylmaz, bir-de – ýamanlyk.
Birewiň göwni deňiz, birewiň göwni doňuz.
Biri işlär, dokuzy dişlär.
Birine hötde gelseň, ýüzüsiniň aýagy titrär.
Birinji – badym, ikinji – odum.
Birleşen güýç – güýç, birleşmedik güýç – puç.
Birleşen güýç dagy talhan eder.
Birlik bolmasa, dirilik bolmaz.
Bisabyryň maly ýiter.
Bişen miwe şahasynda durmaz.
Bişerine howlukmaz, düşerine howlugar.
Bite gahar edip, ýorganyňy oda berme.
Bitmezden bit al.
Biwagt gelen myhman oturmaga jaý tapmaz.
Biwagt gygyran horaz gazana düşer.
Biýz geýerin, düz gezerin.
Bizde dogmadyk bizde durmaz.
Bize gelen bize meňzeş.
Bizi çakmadyk ýylan ýüz ýaşasyn.
Bogazy bogmasaň, bogaz düýäni ýuwdar.
Bokurdak dar hem bolsa, garyn giňdir.
Bolan işe ökünme, akylyňa zyýan eder.
Bolandan gorkma, boljakdan gork.
Bolanyna begenme, duranyna begen.
Bolçulykda gytçylyk arama.
Bolduran hem aýal, galdyran – hem.
Boljagy bolup, boýasy siňdi.
Boljak bilen öljege çäre tapylmaz.
Boljak oglan bögünden belli.
Bolsa bäş, bolmasa ýigrimi bäş.
Bolsady ekseň, käşgädi gögerer.
Boş taňňyryň sesi batly.
Boý ýetmedik ýere, öý ýeter.
Boýun tapylsa, boýunturuk tapylar.
Boýuňça boý tapylar, göwnüňçe göwün tapylmaz.
Boýy bir garyş, dili iki garyş.
Boýy uzynyň, akyly gysga.
Bozulan iş birikmez.
Böri bar ýerde, gan bar.
Böri garrasa, itiň gülesi geler.
Böri goňşusyny iýmez.
Böri tapsa – deň ortak.
Böriniň balasy böri bolar.
Bu dünýä birewe köp, birewe az.
Bu dünýäniň behişdi ýagşy bolsa hatynyň, Ýaman bolsa hatynyň içiňdedir tütüniň, Ýana-ýana gidersiň, zerre galmaz bitiniň.
Bu gün göreniň ertir ýok.
Bu günki gep – ertirki günüň ýassygy.
Bu günki işiňi ertä goýma.
Bu günlügini tapan, ertirini gaýgy etmez.
Bu günüň ertesi bar.
Bu ýyl iýseň tohumy, gelen ýyl iýersiň ...
Bugartmam az bolsa-da, gägirtmäm köp bolsun.
Bugdaý bolsa, ölçeg tapylar.
Bugdaý çigi et getir, tüwi çigi dert getir.
Bugdaý daýhana: – Sen meni palçyga garsaň, Men seni gylçyga gararyn – diýenmiş.
Bugdaý jöwene: «Men bolmasam garygyň, kyrka ýeter ýarygyň, Oklawa dolaşmarsyň, myhmana ýaraşmarsyň» diýenmiş.
Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy.
Bugdaý uny düýäň goltugynda-da bişer.
Bugdaý zagara : «Men bolsam garygyň , kyrka ýeter ýarygyň» diýenmiş.
Bugdaý: «Bäş aýda bir garyş, bir aýda bäş garyş öserin» diýermiş.
Bugdaý: «Bek bolmasaň, saralamda sary öküziňi, Gyzaramda gyzyl öküziňi iýersiň» diýenmiş.
Bugdaýy bolmadygyň, ýagdaýy bolmaz.
Bugdaýy Hakdan dile, jöweni – dersden.
Bugra alsaň – butlusyndan, sygyr alsaň – süýtlüsinden.
Bulak başdan bulanar.
Bulut bolsaň, özüňe ýag.
Bulut gökde gyşlamaz.
Bulut ýagmaz, buýruk ýagar.
Bulutdan çykan Gün ýakar, ýaşmakdan çykan – dil.
Buýurmajak aş, agyzdan gaçar.
Buz üstünde tozan arama.

Ç[üýtget | edit source]

Çaga aglamasa, enesi duýmaz.
Çaga çaltyň bir elini baglar, çamanyň – iki elini.
Çaga eziz, edebi ondanam eziz.
Çaga hökümi patyşa höküminden artykdyr.
Çaga iş buýur, yzyndan özüň ýüwür.
Çaga ýaşlygyndakyny unutmaz, kel – başyndakyny.
Çagaly aýal – gül, çagasyz aýal – dul.
Çagaly aýal – jüýjeli towuk.
Çagaly öý – bazar, çagasyz öý – mazar.
Çagaly öýde gybat bolmaz.
Çagany – ýaşdan, edebi – başdan.
Çagany pully-da etme, pulsuz-da tutma.
Çagany söýgüleseň, beti gatar, uruberseň, eti gatar.
Çagany taýak bilen ursaň, ulalansoň ol seni damak bilen urar.
Çagasyz aýal – miwesiz agaç.
Çagba öňünden ýyldyrym çakar, kine aýdylyp gahar çykar.
Çagyrylan myhman – gadyrdan.
Çagyrylan ýere bar irinme, çagyrylmadyk ýerde görünme.
Çagyrylan ýeriň daşy ýok.
Çagyrylmadyk myhman süpürilmedik ýerde oturar.
Çak-çak eden çagala , çapak isläp suwda öler, Alafa islän bezirgen, alys gidip gyrda öler.
Çakmagy menden, gowy senden.
Çakmak çaksaň, ot ýanar, yhlasa kuwwat gonar.
Çakylyksyz baran, soraşman gaýdar.
Çakylyksyz toýa barma, hödürsiz tagam iýme.
Çakyny bilmeseň, balam zähere döner.
Çal agarsa, çalyp bolmaz çelege.
Çala eşiden çatma ýykar, öte eşiden – öý.
Çala molla – din zyýany, ýaman aýal – öý zyýany.
Çalpaw aýak suw bular.
Çalt ertir, çaman öýlän, ýymsy ikindin bitir.
Çalt ýörese towsak diýer, assa ýörese – agsak.
Çaly çopan tanar, ýalňyşy – çeper.
Çalyp tutaýyn diýsem, tutabilemok, Ýüwrüp ýeteýin diýsem, ýetebilemok.
Çaman ördek ir uçar.
Çaman-da bolsa, üsti amanja.
Çapa ýüwrük bolandan, bagtly çaman bol.
Çapak iki elden çykar.
Çapar toýnak ― çapa gyzar.
Çapyp barýan atyň ýüzüne urma.
Çarşenbe gün çar ýana.
Çarwa çarwanyň yzyndan ýedi ýylda ýeter, Daýhan daýhanyň yzyndan bir ýylda.
Çarwa gabawa bolmaz, ýaby – gykywa.
Çarwanyň – ýyl gaýgysy, serdaryň – il gaýgysy.
Çarwanyň hory bolandan, çomrynyň zory bol.
Çaryga bakma, ýürege bak.
Çarygam bir atdyr welin, içiniň jany ýokdur, Oýlugam bir öýdür welin, içiniň nany ýokdur.
Çarygy bolsa, adam ölmez, içirgi bolsa, at ýagyrlamaz.
Çatan bile çatlyşar, çatladyga daş atar.
Çatmalynyň töri özüniňki.
Çatmany çat, içinde ýat.
Çatmany çatan gursun, içinde ýatan gursun.
Çatyk öküziň arasyna düşme.
Çaýşyk ýola sygmaz, akylsyz – go:la.
Çaýyň – soňy, çilimiň – öňi.
Çekeleşiksiz söwda ýok, zyýansyz – peýda.
Çekişmän – bekişmez.
Çekmedik ýüpüňden asylma.
Çekmeseň jepa, sürmersiň sapa.
Çekseň zähmet – ýagar rehnet.
Çemçe bilen aş berip, sapy bilen göz çykarma.
Çemçeläp ýygnanyňy, çanaklap dökme.
Çeniň barka çemçäňi çek.
Çeper eli çermelgi, çarwa bili çyzgalgy.
Çeperiň eli halky, şahyryň – dili.
Çeýnemeseň, nanam geçmez.
Çeýnemi ýetmän nan ýuwdulmaz, ha:latsyza han öýdülmez.
Çäge ― bozar, duz ― düzer.
Çäge gatasa, daş bolar.
Çäkmeniň gadyry ýagyşda bilner.
Çäresiz derde lukman neýlesin.
Çilläniň gary gitse-de, buzy gitmez.
Çille gary ― ýeriň gany.
Çillede suw içen üzüm hiç – haçan suwsamaz.
Çirkinçiden hatyn bolmaz.
Çiş geldi – iş geldi.
Çopan adam çoka bolmaz, ala garga oka gelmez.
Çopan çopany tutar, daýhan daýhany tutabilmez.
Çopan gaýda ýeser, molla ― toýda.
Çopan taýagy bir goýun üçin hem göterer, müň goýun üçin hem.
Çopana meýlis haram.
Çopansyz mal bolmaz, kethudasyz – il.
Çopany köp bolsa, toklusy haram öler.
Çopany özünden bolanyň goýny tişi dogar.
Çopany ursaň, çakmagy galar.
Çopanyň aýagy ýetmedik ýere, taýagy ýeter.
Çopanyň ýüzi gara, kepgir tutanyň – eli.
Çorbanyň ýüzi ýagşy, palawyň ― düýbi.
Çöke düşen çyrlamaz.
Çöken düýe ýer alar.
Çölde suwsuzlyk jebrini çekmedik, öýde gyzgyn nanyň gadryny bilmez.
Çölläni çemçede gandyryp bolmaz.
Çöp bol – köp bol.
Çöpe atan torgaý gutular.
Çörek berip çökerer, hörek berip kökerer.
Çörekli oglan söýmäge ýagşy.
Çüýrük merdiwan bilen tama çykylmaz.
Çüýrük tagta myh tutmaz.
Çybygy ölkä bük, demri – gyzanda.
Çybygy wagtynda bükmeseň, ulalansoň bükdürmez.
Çybyk iýen çyrlar, tokmak iýen togtar.
Çybyklaýyn egilmedik, omçalaýyn döwülmez.
Çykan dagyň beýik bolsa, atan daşyň yrak düşer.
Çykan gyz – çygdan daş.
Çykdajy çykman, girdeji girmez.
Çykjak mala eýesi başçy.
Çykmadyk janda umyt bar.
Çymtyk aş gutarar, çylpyk göz çykarar.
Çyn bagban hem alym, hem zalym.
Çyn baýlyk ýa ýer bilen, ýa-da zer bilen.
Çyn bedewler meýdanynda bellidir.
Çyn bidöwlet gara tüpeňiň yzynda.
Çyn dost bähbit gözlemez.
Çyn dost geňeşde belli, batyr – söweşde.
Çyn ýagşynyň gahary bar, ýamany ýok.
Çyny ýalana dolama, duryny laýa bulama.
Çyra saýasyny bilmez, gazan – garasyny.
Çyraň yşygy düýbüne düşmez.
Çyrçykla çyban uçrar.

D[üýtget | edit source]

Dag açylsa, gyr açylar, düz açylar.
Dag başy dumansyz bolmaz, är başy – hyýalsyz.
Dag başyna gyş düşmän bolmaz, ýigit başyna – iş.
Dag bizlik – jeren bizlik.
Dag daga sataşmaz, adam adama sataşar.
Dag deresiz bolmaz, il – ogrusyz.
Dag garrasa, daş bolar.
Dag görki – daş, agyz görki – diş.
Dag görki – daş, baş görki – saç.
Dag näçe beýigem bolsa, il üstünden ýol salar.
Dag sapasyz bolmaz, gözel – wepasyz.
Dag ýeri – duman, ýurt ýeri – çemen.
Daga çyksaň hem, dabanyňy gözläp gez.
Dagda öseniň bagry sowuk.
Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar.
Dagdan duman sowular, ärden – emgek aýrylar.
Dagdanly taýmaz, taýsa-da gaýmaz.
Daglar başy garly-da bolar, garsyz-da bolar, Ýigit jany sag bolsa, barly-da bolar, barsyz-da.
Dagly gelin bagly gelni kowar.
Dagy beýik diýme, yhlas etseň çykarsyň, Duşmany güýçli diýme, gaýrat etseň ýykarsyň.
Dagy ýagyň bolmasa, babadaşyň ýokmudy?
Dagy-daşy ýel bozar, adam arasyny – dil.
Damaryna görä, gan al.
Damja suwdan tal çykar.
Daň ýeri agaranda, ogrynyň gözi garalar.
Dana duşmandan gorkma, akmak dostdan gork.
Daňlak gyzarsa, daňa ýetmän ýagyn.
Dannan dala uçrar, iki gözi – köre.
Dannan gyz ärsiz galar.
Dar ýaýlymdan giň çukur.
Dar ýerde nahar iýenden, giň ýerde taýak iý.
Daragt bir ýerde kemal tapar.
Daraýy, seni geýer her aýy.
Dart – üzme, it – ýykma.
Darysy – başyna, hynasy – gaşyna.
Daş – degene belli, ýol – ýöräne.
Daş bilen urany – aş bilen ur.
Daş düşen ýerine agyr.
Daş hem bir ýerde köp ýatsa, moh baglar.
Daşa dalaw ýokmaz.
Daşa ýagmyr ýagsa-da, ot bitmez.
Daşy – jäjek, içi – möjek.
Daşy ýaldyrar, içi galdyrar.
Daşyndan görmäge akmak-da bir adam.
Datsyz nahara duz kär etmez.
Dawagäriň aýal bolmasyn.
Dawasyny bilmez, şaýat agtarar.
Daýhan – kyrk ýylda, tüçjar – kyrk günde.
Daýhan bolsaň başynda bol, aşna bolsaň – gaşynda.
Daýhan ekini söýer, ekin – salkyny.
Daýhan garda dynar, çopan – görde.
Daýhan mert – ýer jomart.
Daýhançylygyň köpi aç goýar, çarwaçylygyň – azy.
Daýhandan hereket – ýerden bereket.
Daýyly oglan dartyk, ülüşli paýy artyk.
Daýym, ýedi ýerinden gaýym.
Daz-da darakly boldy, ol-da gerekli boldy.
Degimsize degim degse, gündiziň güni çyra ýakar.
Degimsize degim degse, ýylda geçisini iki gyrkar.
Degirmen gezegini geçiren, günajy galar, Suw nobatyny geçiren, ýylajy galar.
Degmegin gul atama, degerin beg ataňa.
Degre-daşym ot alsyn, ojakbaşym sag bolsun.
Dek adam dynç uklar.
Dek gezen dok gezer, telek gezen taýak iýer.
Dek kişi däli bolmaz.
Dek oturan başyňy depirjek äre berme.
Demir kesseň gysga kes, süýse bolar, Agaç kesseň uzyn kes, kesse bolar.
Demirçiniň ömri «tak-tak!» bilen geçer, Leglegiň ömri – «lak-lak!» bilen.
Demiri nem posladar, ynsany – gam.
Deň etmän, duş etmez.
Deňinden galan deňňenä ýaramaz.
Deňizde balyk söwdasy bolmaz.
Deňleşen depe aşmaz.
Deňňenä deň şärik.
Depä çyk-da seret, haýsy tarap köp bolsa, sen hem şoňa.
Depe özün dag saýar, garamyk özün bag saýar.
Depegenden daşyrak.
Depme gapymy, deperler gapyňy.
Der astynda dert galmaz.
Der dökseň, dür döküler.
Deräniň – ýolsuzyndan, ýigidiň – arsyzyndan.
Derdi bolan derman arar.
Derdi bolan köp sözlär.
Derdi çeken biler.
Derdiňi dert bilene sözle.
Derdini gizlän, dermanyny tapmaz.
Deri ýagy bilen deri eýlenmez.
Dert – agladar, yşk – sözleder.
Dert batmanlap girer, mysgallap çykar.
Dert beren Alla, dermanyny-da berer.
Dert ýamany – sanjy, gep ýamany – ynjy.
Dertli bilen dertleşseň, bar derdiňi paýlaşar, Bidert bilen dertleşseň – dert üstüne dert goşar.
Dertli dertliniň derdini gozgar.
Dertli diýegen bolar, gamly – ýatagan.
Dertli gutuljak bolsa, tebibi duş geler.
Derýa – daşanda, baý – joşanda.
Derýa aş bolsa-da, garyba galam tapylmaz.
Derýa suwdan doýmaz, adam – ömürden.
Derýadan suw ýetmez, dagdan – kölege.
Derýanyň kenaryndan çeşme gazylmaz.
Dälä däli diýseň, arpa boýy öser.
Dälä ýel ber, eline pil ber.
Däli däliden hoşlanar, ymam – ölüden.
Däli dälini söýer, molla – ölüni.
Däli gaçsa-da, öýi gaçmaz.
Däli gözünden tanalar, serhoş – sözünden.
Däli öz öýüne myhman.
Däli özüne bat biýr, ýygan odunyna ot biýr.
Däli toýa bolmaz, gezegen – indege.
Däliden dogry habar.
Dälini bukaw dyýmaz .
Dälini taýak ýola getirer.
Däliniň gazanany bezenenine ýetmez.
Däliniň özi aýdar, özi goýar.
Didara doýma ýok, mähre – ganma.
Dil – akylyň açary.
Dil – bela, diş – gala.
Dil – gybatda, gulak – tamda.
Dil – gylyçdan ýiti.
Dil – maýa, dil – zaýa.
Dil – ýüregiň açary.
Dil akyldan ozup ýöremez.
Dil bar – bal getirer, dil bar – bela getirer.
Dil bar – düzer, dil bar – bozar.
Dil bilen bolan zor bilen bolmaz.
Dil bilen dana, dil bilmeýän diwana.
Dil bilen degirmen tartma.
Dil bilen dünýäni gezer.
Dil bilen nöker – bal bilen şeker, Dil bilmez nöker – abraýyňy döker.
Dil bilen orak orsaň, bil agyrmaz.
Dil bilenler galadyr, dil bilmezler – beladyr.
Dil bir beladyr – uçyr, göz bir derýadyr – geçir.
Dil bir öl ýere biten zat, nämäni diýmez.
Dil bir süňksiz et, ýagşyny hem diýer, ýamany – hem.
Dil düwnüni diş çözmez.
Dil görki – söz, ýüz görki – göz.
Dil ýaňylar, dogrusyny diýer.
Dil ýüwrügi başa deger, at ýüwrügi – daşa.
Dilde ygtyýary ýoguň, ilde ähtibary ýok.
Dilden gelen elden gelmez.
Dile diş gala, göze – gaş.
Dile geldi – bile geldi.
Dilegçiň torbasy dolmaz.
Dilegiň kişide bolsa, kilidini asmandan gözle.
Dilenen dyza ýetmez.
Dilewar ýoldaş – ýoluň ýarpysy.
Dili – uzynyň, ömri – uzyn.
Dili bar ile düşer, aty bar – ýola.
Dili gyzanda aýdar, ýüzi gyzanda ýaşyrar.
Dili kelte – salamat, dili uzyn – melamat.
Dili ötgür adam märekäniň öňünde daýanar.
Dili süýjiniň dosty köp.
Dili uzyn bolanyň agzy ýapyk galmaz.
Dili ýamanyň, güni-de ýaman.
Diliň hapa bolsa, depe saçyň dim-dik.
Diliň oňurgasy ýok.
Dilini saklan başyny gutarar.
Dilmaç öz jogabyny özi tapar.
Dinden çyksaň çyk, ilden çykma.
Diri baş galada gerek, öli baş – görde.
Diri bolup sanda däl, öli bolup – görde.
Dirilikde bolmadygyň sapasy, Ölende-de bolmaz onuň jepasy.
Diş agyrydan adam ölmez, soramaga hiç kim gelmez.
Diş dişe degenden, diş daşa degsin.
Dişiň agyrsa – çek gutul, goňşyň azar berse – göç gutul.
Dişsiz agyz – daşsyz degirmen.
Doga – mewjiz , adam – ejiz.
Doga çykan gulakdan, soňra çykan şah uzyn.
Doga käriň kazy bolsa, dadyňa Alla ýetişsin.
Dogan – dogralan guýruk.
Dogan – donumyň daşy, perzent – ýüregmiň başy.
Dogan aý – dogralan ýag.
Dogan bile dogan tapyşar, ýada bela ýokuşar.
Dogan bilen guda boldum, doganlykdan jyda boldum.
Dogan bilen söwdalaşma, dost bilen at goşma.
Dogan bolsaň, dogryňy aýt.
Dogan dogana – galadyr, gadyryny bilmese – beladyr.
Dogan dogana tabşyrylar ýa-da bile ýabşyrylar.
Dogana toba ýok, ýamana – oba.
Dogandan dodak ýakyn.
Doganoglan doga ýat, ondan önen öte ýat.
Dogansyz oňsa bolar, goňşusyz oňup bolmaz.
Doganym – doly çuwalym.
Dogmadykdan dogan bolmaz, dogramçadan – ýag.
Dogra dogry diýmeseň, mamlany nätjek.
Dogry agaç ýerde ýatmaz.
Dogry dost kinesiz bolar, bolşuňy ýüzüňe diýer.
Dogry gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok.
Dogry giden dolanar.
Dogry söz – ajy bolar.
Dogry söz – daşy deşer.
Dogry sözliň dosty ýok.
Dogryňy aýt, rahat ýat.
Dok çaýkanman, aç doýmaz!
Dok diýip, tilkä barma, aç-da bolsa gurda bar.
Dokabilmez – garyşlar, egrebilmez – gulaçlar.
Dokluk belasyndan Allaň özi gorasyn.
Dokmany dokana ber.
Dökülen çanak dolmaz.
Dokuň açdan habary ýok.
Dökün bolmasa, ekin bolmaz.
Dokuz at bir gazyga baglanmaz.
Dokuz aýal oturar, dograna agram düşer.
Dokuz düşekli bala, gury ýerde jan berer.
Dokuz gatly dondan, bir toklynyň derisi ýagşy.
Dokuzy geçen gyz durmaz, öýleden soň – gün.
Doly tüpeňden bir adam gorkar, boş tüpeňden – iki adam.
Dolym doldy, göwnüm doldy.
Domalan iýen et islemez, eşek münen – at.
Don biçerler ýeňli-ýanly, dost tutarlar öňli-soňly.
Don tapmak – asan, dost tapmak – müşgil.
Donsuzyň dogany ýok, malsyzyň – dosty.
Donumyň syny goňşymyňky.
Doňuz ak donlyny bellär.
Doňuz garadan gaçar, aýal – akdan.
Doňuz kowalasa – inişe gaç, düýe kowalasa – kötele, ýylan kowalasa – ýanbaşlap.
Doňuz ölse-de, hor-hory ýatmaz.
Doňzy batgada bas.
Dost – dost, mamla – rast.
Dost arasyny söz bozar, ýer-ýurdy – suw.
Dost atan daşy baş ýarmaz.
Dost başa gözlär, duşman – aýaga.
Dost başyňa iş düşende tanalar.
Dost geňeşde belli, semiz – ýörişde.
Dosta bereniňi – sorama, Goňşa bereniňi – dileme.
Dostdan sözüň gizleme.
Dostuň – ýüzüňe, duşmanyň – yzyňa.
Dostuň dost bolsun, hasabyň – dürs.
Dostuňa syryňy berme, onuňam özge dosty bar.
Dostuňy saklama – nepden galmasyn, Duşmanyň saklama – syryň bilmesin.
Dosty duşman okunan, säher wagty kakynan.
Doýan ýeriňde doklugyňy siňdirme.
Döwletlä ýanaşsaň, döwlet ýokuşar, Bidöwlete ýanaşsaň – mähnet.
Döwletli – aş üstüne, bidöwlet – käýiş üstüne.
Döwletli ogul – ojagyň gory.
Döwletli ýap gazar, bidöwlet bent beklär.
Döwletliden döwlet ýokar, bidöwletden – mähnet.
Döwletlilik – agzybirlik, bidöwletlik – agzalalyk.
Döwletliniň iti ýatmaz.
Döwletliniň çagasy säher turar – heň eder, Bidöwletiň çagasy säher turar – jeň eder.
Döwletliniň ýerinden ýap geçer, Bidöwletiň ýerinden – ýol.
Döwük çemçe aş döker.
Döwük gapda suw durmaz.
Döwülmezi ussa ýasamaz, ölmezi – Taňry.
Döwür bir är başyna geler, bir hem – ýer başyna.
Dözerimiň ýanynda, dözmezim bar.
Dulda oturan gelinden gork, çölde gezen – çopandan.
Durna – gökde, duzak – ýerde.
Durna geçdi, duluňy ýap, gaz geçdi – gapyňy.
Durup-durup iýmäge, durum bagy çydamaz.
Duşman näme diýmez, düýşe näme girmez.
Duşman seni tanamanka, sen duşmany tana.
Duşmana ölüm dileýänçäň, özüňe ömür dile.
Duşmandan aman diläniňden, Alladan iman dile.
Duşmandan dönük ýaman.
Duşmany gaçyryp kowma.
Duşmanyň berimine seretme.
Duşmanyň duşmany seniň dostuň.
Duşmanyň gülenine ynanma.
Duşmanyň öwgüsine ynanma.
Duşmanyň peşe bolsa, pilçe gör.
Duşmanyň tilki bolsa, gapanyň gurulgy bolsun.
Duz bilen gyza gytlyk düşmez.
Düz boldy ok, egri boldy ýaý.
Duz-çörekden şeýtan gaçar.
Duzluga düşen duz bolar.
Dünýä bir merduwandyr, biri müner, biri düşer.
Dünýä maly dünýäde galar.
Dünýä tükener – ýalan tükenmez.
Dünýäde iň ajy zat hem – dil, iň süýji zat hem – dil.
Dünýäni nä jüre tutsaň hem geçer.
Dünýäni sil alsa, ördege ne gam.
Dünýäni suw alsa, guba gazyň döşünden.
Dünýäni tutan ýok, açlykdan – ölen.
Düýä haýt diýmek medet.
Düýä münüp yranmadym, äre baryp gönenmedim.
Düýä şor ýandak gerek bolsa, boýnuny uzadar.
Düýäm bar – dünýäm bar.
Düýäň dabany uly, atyň – ady.
Düýäň haýsy tarapa gidenini gumalagy aýdar.
Düýäni yzyndan tanarlar, adamy – lakamyndan.
Düýäniň guýrugynyň ýere ýetenini kim görüpdir?
Düýbüni iýen bir gün iýer, gülüni iýen – müň gün.
Düýe düz diýip geçer, ýigit – gyz diýip.
Düýe boýnunyň egrisini bilmez, ýylana egri diýer.
Düýe çökerip, çemmer işme.
Düýe garrasa, botasyna eýerer.
Düýe görmesek hem, gumalagyny görüpdik.
Düýe gyrda bolsa-da, gözi şorda bolar.
Düýe hança bolsa, ýagyry şonça.
Düýe menziline garar, eşek – aýagynyň astyna.
Düýe näçe arryk hem bolsa, hamy bir eşege ýük.
Düýe ogurlan, düýe boýy çukur gazar.
Düýe ýaly boýuň bolandan, düwme ýaly akylyň bolsun.
Düýede howut bolmasa, Soltan Weýis neýlesin?
Düýeden uly pil bar.
Düýpdäki bilen bolynçaň, gapydaky bilen bol.
Düýpsüz çelege suw guýma.
Düz ýoldan giden ýorulmaz.
Düzde gezen mysapyr, zyýat iýen kapyr.
Düzüleniň – bilbili, bozulanyň – baýguşy.

E[üýtget | edit source]

Edebi kimden öwrendiň, biýedepden.
Edebiň ýagşysy salam bereni, Ýakynlyk ýagşysy baryp-geleni.
Eden işi görünmez, gören düýşi ýorulmaz.
Eden işini ozdurmaz, oturan ýerini gyzdyrmaz.
Edeni bergi, göreni görgi.
Edeniň alnyňa geler.
Edep başy ― dil.
Edep –bergidir, bermedige – görgüdir.
Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen – tagt.
Edepli ile ýarar.
Ederini bilmeze, ýagy ne hajat.
Edip beren ýeňňemden, edep beren ýeňňem.
Egil-egil diýlende dag eglipdir.
Egilene egil ― maňlaýyň ýere degýänçä, Gaýşarana gaýşar – ýeňsäň ýere degýänçä.
Egilmedige bükülme.
Egilmez agajy egjek bolma.
Eglen başy gylyç kesmez.
Eglenenden tama et.
Eglenmez gonagyň gideni ýagşy.
Egri – azar, dogry – ozar.
Egri agaç ýarsgynyna gider.
Egri agaç ýaýymdyr, her görenim daýymdyr.
Egri ärden dogry güjük ýagşy.
Egri gazygy egri tokmak bilen kakarlar.
Egri kesewi el köýdürmez.
Egri otur-da, dogry sözle.
Egri ýük ýolda ýiter, dogry ýük menzile ýeter.
Egri-de bolsa ýol ýagşy, garry-da bolsa – gyz.
Egrini il düzeder, küýküni – gör.
Ejem eli ak pamyk.
Ejesi öweýiň kakasy hem öweý.
Ejesi ýoguň – daýysy ýok.
Ekdim-dikdim sarymsak, haýryn gördi gurrumsak.
Ekejim elekli boldy, elegi dilekli boldy.
Eken harman eder, ekmedik – arman.
Ekende ekmedik, oranda aglar.
Ekgende ýok, dikgende ýok, harmanda häzir hoja.
Ekilmedik ýerde gögerme.
Ekin ekip çil çekmedik, nanyň gadyryny näbilsin.
Ekin meýdanynda yzy bolmadygyň harmanda ýüzi bolmaz.
Ekin şärigi bolmasaň, öwme-de, syndyrma-da.
Ekiniň hemdemi suw, ýeriň – melhemi.
Eklenip bilmeseň, aýal al.
Eklenjiň yzyndan diňe halallyk ýeter.
Ekseň – orarsyň, berseň – alarsyň.
El ― aýak, çemçe ― taýak.
El ― batyr, göz ― gorkak.
El bilen eden işiň aýby ýok.
El degmese, elli ýyl ýatar.
El döwüler egri bitmek üçin.
El döwülse ýeň içinde, kelle ýarylsa – telpek.
El – elden üstün.
El egrisi özüňe.
El ele bakar, şerigat – dile.
El eli ýuwar, iki el birigip – ýüzi.
El görenine amal eder.
El görki – hünär.
El hümmeti bile, guş – ganaty.
El hünäri il gezer.
El içe büküler.
El – meniňki, etek – seniňki.
El mert bolar, göz – namart.
Elden giden ele gelmez.
Eli asylly, kisesi pully.
Eli bilen beren aýagy bilen ýortar.
Eli bilen eden egni bilen çeker.
Eli gyzmadygyň – gözi gyzar.
Eli işläniň, agzy dişlär.
Eli meňli işe ýakyn, agzy meňli – aşa.
Eli meňli işeňňir.
Eli uzynyň dili uzyn.
Elim işli bolandan, bagtym güýçli bolsun.
Elimden çykan, egnime ýarar.
Elin bişmedik aş, ýa garyn agyrdar – ýa baş.
Eliň ýag bolsa, başyňa çal.
Eliňden erkiňi aldyrma, ýüzüňden – görküňi.
Elinden gelen gül eýlär, elinden gelmedik ne eýlär?
Elkin ýatan ynjalmaz.
Elli boldy, belli boldy.
Elli gepden – belli gep.
Ellide il täzelener, kyrkda – gazan.
Emel ýetse nadana, özüni urar her ýana.
Emeliň seresi – güýç.
Emenjeklige-de kuwwat gerek.
Emgek göz bilen gaşyň arasynda.
Enäniň göwni – balada, balanyň göwni – dalada.
Enäniň ilkisi bolanyňdan, daglaryň tilkisi bol.
Enäniň mährem zor, gaharam.
Endişe gazan gaýnatmaz.
Ene – Käbe, ata – Kybla.
Ene eli – em, dili – melhem.
Ene gezer, gyz gezer, garyp öýün kim düzer.
Ene sözüni ýaşlykda tut, ata sözüni – başlykda.
Eneçe gyz dogmaz, ataça – ogul.
Eneden hiç kim köýnekli dogmandyr.
Enem öldi – darajygy maňa galdy!
Enem-atam bolsa bolsun, agzy-burny bolmasyn.
Enemde bolandan, aýamda bolsun.
Enemi gören mähriban, atamy gören gadyrdan.
Enemiň äri bar, menden ne habary bar.
Enemisiň – ýanamysyň.
Eneň ölse-de, diňip-diňip agla.
Enesi öwen gyzdan gaç, ýeňňesi öwene gujak aç.
Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de – biýzini.
Enesini sekize satar, guzusyny dokuza alar.
Enesiz gelin ýuwaş, eneli gelin bibaş.
Enesiz günde ýetim, atasyz – toýda.
Enesiz gyz – bibi, atasyz ogul – beg.
Erbet baksaň, diriň bolmaz, gowy baksaň – deriň.
Ergeneksiz eklenen, terbiýesiz saklanan.
Erişine görä argajy, ýüpüne görä sarmajy.
Erjeşikden är öler.
Erk – merk.
Erkeç eti em bolar, geçi eti – ýel.
Erkek damaklysy öý diker, aýal damaklysy öý ýykar.
Erkek daşdan getirer, aýal – içden.
Erkek demirdir, aýal kömürdir – ahyry ereder.
Erkek doganyňy görüp gaýdarsyň, Aýal doganyňa berip gaýdarsyň.
Erkek ýoldaşyndan belli, aýal boýdaşyndan.
Erkekden galan nahar aýal üçin teperrik.
Erkine goýsaň hojany, ýatyp içer köjäni.
Ermek etseň birlik et, bir Allaga gulluk et.
Ernegen ile sygmaz, ony hiç kim söýmez.
Ernegeni är almaz.
Ernegeniň agzyny it ýalar.
Ernegeniň ertesi köp.
Ernegeniň goly gysga, erinmedigiň – ýoly.
Erňewe iş buýursaň, ol özüňe akyl biýr.
Ertir naharyňy ataň bolsa-da berme, Günorta naharyňy dostuň bilen iý, Agşam naharyňy duşmanyňa ber.
Ertire galan beladan gorkma.
Ertiriň gurdy, öýläniň tilkisi.
Ertirki guýrukdan, şu günki öýken.
Essi bar ilden çykmaz.
Essi giden gam ýygar.
Essiň barka, etegiňi ýap.
Eşege görä duşagy.
Eşege münmek bir aýyp, düşmek iki aýyp.
Eşegi batga batan iki esse jan çeker.
Eşegi palan saklar, dünýäni – ýalan.
Eşegi ýüke çek, eşek etmese, ýüki – eşege.
Eşegiň gulagyna «ýasyn» okan ýaly.
Eşegiň sürtegi gursun, öküziň gürtegi .
Eşegiň ýanynda saklanan at guýrugyny bular.
Eşegiň ýüki ýeňil bolsa sojar.
Eşek – işlär, at – iýer.
Eşek aňňyrar, il örüzer.
Eşek aňňyrar, taýyny tapar.
Eşek bara sanalsa-da, mala sanalmaz.
Eşek eşekden galsa, gulagynam kes, guýrugynam.
Eşek garybyň elinde göç bolanda, pile meňzär.
Eşek kürresini küle getir, ýaby ýapagasyny – çöle.
Eşek monjugyndan hakyk bolmaz.
Eşek müneniň aýagy dek durmaz, gäwüşäniň – gulagy.
Eşek öz deňini gaşar.
Eşek semrese, eýesini deper.
Eşek ýanyna at daňsaň, reňki däl, gylygy urar.
Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen.
Eşiden görene habar berer.
Eşiden gulak gören göze jort atar.
Eşiden gulakda ýazyk ýok.
Eşitmez diýip gybat etme, bilmez diýip – ogurlyk.
Et bilen ýary, iýmek bilen diri.
Et dogran et iýer, gawun dogran – löt.
Et ganly gerek, ýigit – janly.
Et ýarkasyz bolmaz, toý – öýkesiz.
Etekde ýerim bar diýme, çölde – malym.
Etseň kine – ýetirer kyna.
Eýer degenini eýesi bilmez, at biler, Aga-ininiň azanyny özleri bilmez, ýat biler.
Eýesi dözse, düýesi göterer.
Eýesi söýen maly alma, enesi söýen – gyzy.
Eýesine gerek bolsa, goňşusyna haram.
Eýesini sylan itine süýek atar.
Eýesini sylasaň, itini urma.
Eýesiz eşegi gurt iýer.
Eýesiz maly il alar, il almasa – ýel.
Eýesiz malyň eýesi köp.
Ezelden ýazylmasa, gul başyna kaza gelmez.
Ezilen ýagyşdan gorkmaz.

Ä[üýtget | edit source]

Ädigiň dar bolsa, dünýäniň giňliginden ne peýda.
Ädikçiden gulaç boýy gaç, demirçiden – golça boýy.
Ädikçiniň ädigi bitmez.
Ädim-ädimden ýol bolar.
Ähli gözeli söýüp bolmaz, ähli datlyny – iýip.
Älem içre adam gezmez, at gezer.
Aňlamaza öwüt berseň, gulagynyň duşundan.
Älemiň gyragy bolmaz, ylmyň – çägi.
Är adyny hatyn çykarar, hatyn adyny – odun.
Är akmagy toý bozar, aýal akmagy – öý.
Är alany il alar, är almadygy – sil.
Är-aýal uruşar, akmak arasyna düşer.
Är-aýalyň uruşy – ýaz gününiň ýagyşy.
Är aýtmaz, aýdan soň gaýtmaz.
Är başy gowgaly gerek.
Är bereketinden – ýer bereketi.
Är dogan ýerini küýsär, it – doýan ýerini.
Är dogra – ýol dogra.
Är dogulsa iliň bagty, ýagyş ýagsa – ýeriň.
Är gadyryny är biler, zer gadyryny – zergär.
Är garrar – heňňam garramaz.
Är garrasa erkden galar, aýal garrasa – görkden.
Är gazanjy gapyrga, syryp-syryp süpürge, Ogul gazanjy oňurga, agzyň-burnuň gemirge.
Är geňeşi gursagynda garrar, gyrnak geňeşi – ýanynda.
Är gezse ryzky açylar, aýal gezse – aýyby.
Är hereketi – ýer bereketi.
Är maly ýere girmän, är baýamaz.
Är malyna dözmese, ady çykmaz.
Är namysy – il namysy.
Är öler, ady galar, kerwen geçer – ody.
Är ölmän, är döremez.
Är öwüner gural işlär.
Är öwüner, gural işlär, tilki öwüner, süren işlär.
Är öýde dogular, söweşde öler.
Är sylanan ýerde hormatly.
Är güýji syrynda, söz güýji çynynda.
Är toplar – aýal saklar.
Är törde synly, aýal – görde.
Är ýagşysy goş tapar.
Är ýagşysy ile geňeşer, aýal ýagşysy – äre.
Är ýaňylyp gola düşer, guş ýaňylyp – tora.
Är ýigide iki namys – bir ölüm.
Är ýigit il aýbyny açmaz.
Är ýüzünden garrar, it – gözünden.
Ärde gaýrat bolsa, işi kyn bolmaz.
Ärden aýrylsaň-da, ilden aýrylma.
Äre bakdym – ýere bakdym.
Äre bardym är meniňki, gapydan girdim tör meniňki.
Äre – gaýrat, Taňra – gudrat.
Äri är bolanyň aýaly şir bolar, Äri är bolmadygyň aýaly gara ýer bolar.
Ärim är bolsa, çöregim dulda.
Ärim är bolsun, ädigi bile depsin.
«Ärim urmaz» diýme, oglanym – siýmez.
Äriň agyryny, ýeňilini at biler.
Äriň ärligini bilmedik, Taňrynyň birligini bilmez.
Ärlikde horluk ýok.
Ärsiz aýal – uýansyz at.
Ätiýaç ýigidiň ýaraşygy.
Ätiýaçly ogluň enesi aglamaz.
Äwmek – şeýtandan, sabyr – Rahmandan.

G[üýtget | edit source]

Gabahat samyr derisi bolsa-da, hiç kim arkasyna almaz.
Gaçana-da bir aman ber.
Gaçany kowmazlar, ýykylany urmazlar.
Gadaganda gymmat artar.
Gadyr gaýyn bilen giýewde.
Gadyr gijesinde doglan gadyrsyz galmaz.
Gadyry bara Ýemenden sowgat geler.
Gadyry başganyň garşylanyşy başga.
Gahar – garradar, gülki – ýigdelder.
Gahar – iniden, bagyşlamak – agadan.
Gahar – şeýtan.
Gahar – gaçar, öýke – öçer.
Gahar geler – ýüz saralar, gahar gider – ýüz garalar.
Gahar öňden ýörär, akyl – yzdan.
Gaharjaň tiz garrar.
Gaharyň emi sabyr.
Gaharyny ýuwdan batyr.
Gala içinden alnar.
Galam gylyçdan ýitidir.
Galam tutan dilenmez.
Galamyň ýazanyny gylyç bozup bilmez.
Galan işe gar ýagar.
Gallaly öý – Allaly öý.
Gallam bar – tyllam bar.
Galpyň gazany gaýnamaz, gaýnasa-da – baýnamaz.
Galtaman garrasa ýalançy bolar, bürgüt garrasa – syçançy.
Gamly adam gülki söýmez.
Gamly başa gar ýagar.
Gamşy gowşak tutsaň, el gyýar.
Gan bilen giren jan bilen çykar.
Gandym eti çogluja, şara eti ganlyja.
Ganjyk guýrugyny bulamasa, köpek yzyna eýermez.
Gapaksyz gazan gaýnamaz, enesiz oglan oýnamaz.
Gapy gezeniň, müň-de bir gapysy bar.
Gapyçynyň garny dok.
Gapyda galan gaharda.
Gapydan gelen iň bolman-da, gözüňi tüssä gapdyrar.
Gapydan gelene gapy boýy söz sözleme.
«Gar ýagdy» diýip begenme, aýazy bardyr, «Işan geldi» diýip begenme, nyýazy bardyr.
Gara dag ýeriň labyry.
Gara eşek başyna agyzdyryk daksaň-da, gatyr bolmaz.
Gara görmän, it üýrmez.
Gara goýunda guýruk bolmaz, saknyk aýalda ― hamyrmaýa.
Gara keçe ak bolmaz, köne duşman – dost.
Gara saçlynyň gözýaşy, ereder daglary – daşy.
Gara suw – gara görnüm.
Gara ýere gar ýagsa, gary görmek bir myrat, Gara ýerden gar gitse, ýeri görmek bir myrat.
Gara ýeriň garny giň.
Garadan gaýtmaz, garaňkydan gorkmaz.
Garadyr-guradyr, il içinde töredir.
Garakçy topardan aýrylany sanjar.
Garamygyň dänesi bolynçaň, bugdaýyň samany bol.
Garanyň gahary gelýänçä, sarynyň jany çykar.
Garaşanyň wagty ötmez, howluganyň işi bitmez.
Garda ýatan ölmez, unda ýatan öler.
Garga Bagdada baryp gelse-de, hiç kim diýmez gaz gelýär!
Garga gagyldap gaz bolmaz, kempir bezenip ― gyz.
Garga gaza öýkünse, ganaty synar.
Garga müň gygyrsa-da, ýaz bolmaz, gaz bir gygyrsa, ýaz bolar.
Garganyň gaz balasy, her kimiň öz balasy.
Garny – dok, gözi – aç.
Garny dokuň maly tükel.
Garra gülen özüne güler.
Garrasaň, garçgaý sal.
Garry – öýüň sütüni.
Garry göre ýakyn, ýigitler – ýara.
Garry goýun ürkmez.
Garry maldan gaýra dur.
Garry oýnasa, gaý turar.
Garry serçe kepege aldanmaz.
Garry tilki ýedi börä aldyrmaz.
Garry ýaby uýansyz gider.
Garrydan sorama, köpi görenden sora.
Garrynyň bilýäni, juwanyň biljegi.
Garşydan şemal össe, guzaýdan gar aýrylar, Arada rakyp gezse, söýgüli ýar aýrylar.
Garyba baryňy aýama, dostuňa – janyňy.
Garyba derýadan suw ýetmez, dagdan – kölege.
Garyba hemme eşik ýaraşar.
Garyba it hem ýagy, bit hem.
Garyby ursaň ur weli, eşigini ýyrtma.
Garybyň baýlygy – jan saglygy.
Garybyň baýramy – ýaňy eşik geýende.
Garybyň göwni synyk, ýüzi sowuk, Ýetimiň boýny buruk, ýüzi soluk.
Garybyň göwnüni hoş geldiň awlar.
Garybyň gyşy uzyn, ýazy gysga.
Garybyň sözi ýer hem almaz, ýerde-de galmaz.
Garybyň tapdygy – ýabynyň çapdygy.
Garyň känligi – gallaň bollugy.
Garyndaş ganly günde.
Garyndaş diýip ýatlama, bir ýat çatma bar bolsa.
Garyndaşdan garnym ýakyn.
Garyndaşym – gara garnym, doganym – doly çuwalym.
Garyndaşym – gara gazanym.
Garyndaşyň gelmän-gelmän ýat bolar, ýat gele-gele garyndaş bolar.
Garyndaşyň üýni garaňkyda belli.
Garyndaşyny ýamanlanyň, jezasyny il berer, Ulagyny ýamanlanyň, jezasyny ýol berer.
Garynja gara günde, gurbaga saz bilen söhbetde.
Garyp adam ýamanar, ýamanar-da guwanar.
Garyp at tapsa, ot tapmaz, ot tapsa – at.
Garyp bolsaň, garyndaşyň ýat bolar, Gaçar aga-iniň, dostuň mat bolar.
Garyp eşigi gara bulut.
Garyp galla tapmaz, galla tapsa – gap.
Garyp haçan baý bolar, gyş eşigini ýaz geýse.
Garyp nämä garyp – odun bilen suwa garyp.
Garyp ölse, agy ýok, arryk ölse – ýagy.
Garyp ölse, gamhor ýok, ýetim ölse – hossar.
Garyp öýüň gaznasy, ýetmez öýüň ýarnasy.
Garyplyk gaýra eder, ölüm – ýaňra.
Garyplyk öldürmez, öldürmese-de güldürmez.
Garyplykdan baýan är, artyp galsa-da, al diýmez.
Garyplykdan baýan är, ýanyna goňşy gondurmaz, Arryklykdan semrän at, ahyryna adam indermez.
Garyş ýagdan, gaýmak eşik.
Gaşanmaga dyrnak gerek.
Gaşansam ganym çykar, gaşanmasam – janym.
Gassaba ýag gaýgy, geçä – jan.
Gatnaşsyn uçma barsyn, dalaşsyn tamuga barsyn.
Gaty agajy ýumşak gurçuk iýer.
Gaty söýen dilden galar.
Gaty toýnak garynda ýatmaz.
Gatyk dökülse, ýoky galar.
Gatykly aşdan aş bolmaz, gudadan – garyndaş.
Gatyksyzdan duzly ýagşy, ogulsyzdan – gyzly.
Gawun düýbünden öser.
Gawun gabygyndan tanalar, bedew – söbüginden.
Gawun gawundan reň alar, reň almasa – heň alar.
Gawun gowusyny şagal iýer.
Gawuny sakçy tükeder.
Gawunyň – agyry, garpyzyň – ýeňili.
Gawunyň çüýrügi ýere siňer, gepiň ýaramazy – ýürege.
Gawunyňky ýüz gün, ýüz günden soň üzgün.
Gaýa başynda gezen bir gün taýar.
Gaýdan döwlet bilen ürken düýäň öňünde duran özüň bolma.
Gaýgy – garradar, gam – öldürer.
Gaýgy-gam ömür törpüsi.
Gaýgysyz gara suwda semrär.
Gaýnaman bişen aş, düşen ýerine da:ş.
Gaýnenem – hazynam, getirip goýar ýanymda.
Gaýrat müşgili ýeňer.
Gaýyn öýi – zyndan, ataň öýi – meýdan.
Gaýynene zalym bolsa-da janymdyr, hemem gara gözüm-dir.
Gaz uçsa, garga gonar.
Gaz ur, gazan doldur, serçeden näme boljak.
Gazabyň gaty ýere!
Gazan garasy gider, namys garasy gitmez.
Gazan ýok ýerinde göweç hem ýok.
Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar, ýamana ýanaşsaň – belasy.
Gazanany gazanda.
Gazap gelende, akyl gider.
Geçelgesiz derýa bolmaz, geçimsiz – dünýä.
Geçen güne salawat .
Geçenden – geç, ötenden – öt.
Geçenden at-düýe bähbidiň bolsa-da, geç.
Geçeni geçdi bil, geljekden habar ber.
Geçer – gahatlyk, galar – uýatlyk.
Geçi eti ýelli bolar, kyrk ýylky keseliňi gozgar.
Geçi ikiden guzlap, goýundan geçmez.
Geçi mälär – suw içer, oglan aglar – gün geçer.
Geçi soýanyň peýdasy iki – şahy pyçaga sap, derisi aşyga gap.
Geçi süýdünden sargan bolmaz, ýüňünden – ýorgan.
Geçi syrty toba tutmaz.
Geçi ýüwrüp, keýik bolmaz.
Geçili baý – kiçi baý, goýunly baý – goýy baý, Sygyrly baý – saldamly baý, düýeli baý – dünýäli baý.
Geçiň taýak iýesi gelse, çopanyň taýagyna süýkener.
Geçiň ýüz – sözüň düz, geçiň üç – sözüň puç.
Geçirimliniň işi şow.
Geçme namart köprüsinden goý, aparsyn suw seni, Ýatma tilki saýasynda goý, aparsyn ýow seni.
Geçmez arryk – başa horluk.
Gedaý baý bolsam diýer, baý – Hudaý.
Gedaý itden gorkar, it – gedaýdan.
Gedaýa borçly bolma, ýa toýda dilär, ýa baýramda.
Gedaýa çaryk berseň, ýamalygyny-da sorar.
Gedaýçylyga-da gurp gerek.
Gedaýyň haýbaty – syrygy.
Gelen – döwlet, giden – mähnet.
Gelen geçer, gonan göçer.
Gelen gelin däl, düşen ýeri gelin.
Gelende myhman ýagşy, gidende – bagşy.
Gelene – baldyz, gidene – ýeňňe.
Gelene hoş geldiň, gidene hoş bargaý diýerler.
Geleni geçdi bil, geljege ýol goý.
Gelesi gelende sagdan-da geler soldan-da, Gidesi gelende ýelem äkider, silem äkider.
Gelin agzyny ýaşar, sesi sekiz öýden aşar.
Gelin betin ýaşyrar, sesin dagdan aşyrar.
Gelin bolmasak hem, gädikden garapdyk.
Gelin düşse yrakdan – gatnaşygy düz bolar, Gelin düşse ýakyndan – gatbar-gatbar söz geler.
Gelin gelegen boldy, oba gezegen boldy.
Gelin geler ýanyňa, doga kylar janyňa.
Gelin gelse, gelimsek köpeler.
Gelin ojaga çeker.
Gelin sözi batar – batmana deň, ogul sözi batar – kätmene deň.
Gelinden gyz bolmaz, giýewiden – ogul.
Geline bak, geline, gele-gelmän diline, Gözi ojak başynda, özi eýer gaşynda.
Gelişdiren aşyny iýer, gelişdirmedik – başyny.
Gelişmedigiň gelni ogurlyk eder.
Gelmek – myhmandan, ugratmak – öý eýesinden.
Gelni gelende gör, sepini – gerende.
Gelni syna, gelesi ýyl .
«Gelnim bar» diýip baýrynma, iş buýursa irinme.
Gelnimiň ýaşmak ýaşyşy, hanymyň arka gaşyşy.
Gelniň geldi-geldisi, ogluň boldy-boldusy.
Gelniň ― aýagy, çopanyň – taýagy.
Gelniň bir bolsa oturyp iýersiň, iki bolsa – ýortup.
Gelniň göwni her dogranyny han islär.
Gelniň ýaman bolsa ogluňdan gör, giýewiň ýaman bolsa – gyzyňdan.
Gelniňe gargasaň ogluňa deger, giýewiňe gargasaň – gyzyňa.
Gelse aýal hossary – tapylar bar bergisi, Gelse äriň hossary – tutar ýürek burgusy.
Gelse ekin gürden gelsin.
Gelse ekiz-ekizden, gitse sekiz-sekizden.
Geňeşdaryň bolmasa, al-da telpegiň bile geňeş.
Geňeşene giň dünýä, dalaşana dar dünýä.
Geňeşli don gysga bolmaz.
Geňeşli gul ardymaz, ardysa-da şol ýagşy.
Geňeşli salamat bolar.
Geňeşli toý dargamaz.
Geňeşli toý uzak gider.
Geňeşli ýerde kemlik ýok, geňeşsiz ýerde – deňlik.
Geňeşsiz – iş, lezzetsiz – aş.
Geňeşsiz durmuş – toýdan soň dargar.
Geňeşsiz işiň puşmany köp.
Gep – mollada, akyl – kellede.
Gep başy iňňejik.
Gep diýseň gap-gap, iş diýseň bitap.
Gep gezdireniň atasyna nälet.
Gep tapmasaň, köneleriň gepini geple.
Gep ýel bolmasa-da, ýürek çişirer.
Gep yzarlan bela barar, ýol yzarlan – oba.
Gepe düşmedik, üme düşmez.
Gepi aýdan gepçi däl, gepi yzarlan gepçi.
Gepi köpüň uýady az.
Gepiň azy ýagşy, aşyň ― duzy.
Gepiň körügi – ýeriň ýarygy.
Geplän gepi güwälik, eden işi dogalyk.
Geplemesini başarmadyk märeke bozar.
Gepleseň, gep tükenmez, gazsaň – gum.
Gerdişli sözi gelin aýdar.
Geregiňi gerekmezde al.
Gerek däl aş-tabak, zerury gaş-gabak.
Gerek deregi ýykar.
Gerekli daşyň agramy ýok.
Gerekmezi sakla – gerek bolynça.
Germeligiň germegin – gelen ýeriň bellidir, Asmalygyň asmagyn – asly-nesliň bellidir.
Geýmäge keten ýagşy, ölmäge – Watan.
Geými täzelikde aýa, abraýyňy – ýaşlykda.
Gezegen aýaga daş deger.
Gezegen gyzdan gelin bolmaz.
Gezegen it süňk tapar.
Gezegeniň eteginden ýyrtylar, uruşganyň – ýakasyndan.
Gezegeniň indegi bolmaz.
Gezen – derýa, oturan – gümra.
Gezmek – ömürden, ýatmak – ölümden.
Gämä münüp, gämiçi bilen dawa etme.
Gämiçiniň jany bir.
Giç ekilen ekiniň hatasy bar.
Giç gopdy, bela gopdy.
Giç goýsa-da aç goýmasyn.
Giden getirer, oturan nyrh sorar.
Gidene – ýol, galana – ýurt.
Gideniň harydy özi bilen.
Gije gezseň – kakynarsyň, ýaman nysak – dakynarsyň.
Gije oda gitme, gündiz tüssä.
Giň bolan giň ýaşar, il bilen deň ýaşar.
Giň bolsaň kem bolmaz, saglykdan özge dem bolmaz.
Giň könelip ýyrtylar, dar – sozulyp.
Gireňde gapydan girip, çykaňda penjireden gitme.
Girme kişi bagyna, girseň girer bagyňa.
Girmezden çykmaňyňy oýlan.
Gitdim, gezdim dünýäni, jennet saýdym bu ýany.
Gitgir atyň ýoly tekiz.
Gitse bagdan gidýär, bagbanyň nä gamyna.
Giýew geldi – han geldi.
Giýew kowsa – gapydan gaç, ogul kowsa – törüne geç.
Giýewden myrat bolmaz, külden – ymarat.
Giýewe tursa-da tagzym, otursa-da tagzym.
Giýewim ýagşy – gyzymyň aýdany bilen, Oglum ýaman – gelnimiň aýdany bilen.
Giýewiň töründen, ogluň bosagasy ýagşy.
Gizlin söýgi – görkli, äşgär söýgi – merkli.
Gobsunan guş uçman oňmaz.
Goç atasyn tanar, it atasyn tanamaz.
Goç boljak guzynyň seňrigi tüňňi bolarmyş.
Goç buýnuzy goça agyrlyk etmez.
Goç goýberiljek guza pyçak görkezme.
Goç hem bolsaň, dag süsme.
Goç ýigidiň ýagşysy köp diňlär, az sözlär.
Goç ýigit söweşde belli.
Gola geldi, ele geldi.
Goldan gaçan – gonjuma.
Goltugy doly gonagym günaşa däl, günde gel, Goltugy boş gonagym aýda gelme, ýylda gel.
Goluň gymyldasa, agzyň gymyldar.
Goly döwük iş eder, göwni döwük iş etmez.
Gonak gonagy gysganar.
Gonak nirde bolsa – gut şonda, gazan nirde bolsa – ot şonda.
Gonakly öýe gut geler.
Gonanyny gol biler, göçenini – ýel.
Goňşudan gelen şam bolmaz, o-da wagtynda gelmez.
Goňşusyna ynanan aşsyz galar.
Goňşy – goňşynyň bazary, ýamany – il bizary.
Goňşy aşy – dişe däri.
Goňşy aşy – göwün hoşy.
Goňşy goňşudan giç ýatyp, ir turmany öwrener.
Goňşy goňşudan görk alar.
Goňşy goňşyň hem görki, hem örki.
Goňşy haky – Taňry haky.
Goňşy halyny goňşy biler.
Goňşy hyklasa, sen çokla.
Goňşy iti goňşa üýrmez.
Goňşy öýe kesek atma.
Goňşy towugy göze gaz bolup görner.
Goňşy töwüri rysgalyňy artdyrar.
Goňşyma dilegim düşdi, berse-de goňşym, bermese-de, goňşym.
Goňşymyň başy çişdi, gaýgysy maňa düşdi.
Goňşyň azar berse – göçüp gutul, dişiň azar berse – çekip gutul.
Goňşyň gowy bolsa, kel gyzyň äre gider, Goňşyň ýaman bolsa, gül gyzyň göre gider.
Goňşyň kim bolsa, gudaň şol.
Goňşyň monjugyny toýda dakynsaňam, günde dakynma.
Goňşyň ýitigini yzlaş – tapylsa ýagşy, tapylmasa, göwün nagşy.
Goňşyň ýykylsa, söýget ber.
Goňşyňa garama – oňşugyňa gara.
Goňşyňy goňşudan sora, ýamany – ýagşydan.
Goralan göze çöp düşer.
Goralana göz deger, öwünene – söz.
Gorkagy kowalasaň, batyr bolar.
Gorkagyň batyrlygy dilinde.
Gorkagyň gözi uly, akmagyň – sözi.
Gorkajyk oglanyň enesi aglamaz.
Gorkak at saýasyndan ürker.
Gorkak gidende magtanar, batyr – gelende.
Gorkak kölegesinden gorkar.
Gorkak öňürti urar.
Gorkak taýaga bolmaz.
Gorkana goşa görner.
Gorkduň – tutuldyň, gorkmadyň – gutuldyň.
Gorkýan bolsaň pişikden, näme çykdyň deşikden?
Gorkynyň ölüme peýdasy ýok.
«Goş» diýilmän, goşana gyssyrylma.
Goşa gylyç bir gyna sygmaz.
«Goşt-goşt» bilen gyňyr goýun sürä goşular.
Gotur düýe tikenli çöpe süýkense, gijisi galar.
Gotur elden ýokar, bela – dilden.
Gotur goluňda bolmasyn, ýaman – ýanyňda.
Gowaçanyň düýp arasyna kätmen sygsyn, jöweniň düýp arasyna – düýe.
Gowgasyz är görde ýagşy.
«Gowy görýär» diýip baryberme, «berýär eken» diýip alyberme.
Göwher – kül içinde, bedew – jul içinde.
Gowurga garyn doýurmaz.
Gowy adama sylag etseň, ýa aýdar, ýa gaýdar.
Gowyny ýada berme – haýypdyr, ýaramaza-da berme – aýypdyr.
Goýmadygyňy göterme.
Goýna gurt daranda, iş ýakmazyň içi agyrar.
Goýna gurtdan gardaş bolmaz.
Goýnam öz aýagyndan asarlar, geçinem.
Goýny bolmadygyň, pyçagy ýiti bolar.
Goýny ýel alsa, geçini asmanda gör.
Goýun alma, goýmat al.
Goýun bakan çöl tanar, ylym okan ýol tanar.
Goýun başly, gurt dişli.
Goýun bir derede arryk-da bolar, semiz-de.
Goýun mäleý-mäleý müň bolar, it hawlaý-hawlaý kem bolar.
Goýun urbasy on bolar.
Goýun ýüňi – çoga bolmaz, düýe ýüňi – çyga.
Goýun ýüze ýetýänçä, derisi müňe ýeter.
Goýunda – erek eti, guşda – barak eti.
Goýunsyzyň goly bolmaz, akylsyzyň – toýy.
Guda bolmak kyn, jyda bolmak aňsat.
Guda bolynçaň syna, bolandan soň syla.
Guda gudalaşandaky dek bolsun, gelin gelenindäki dek.
Gudalygyň gadyry, barmakda hem gelmekde.
Gudurandan gutulan ýagşy.
Guduz it eýesini ýarar.
Guduzlan köpegiň ömri kyrk gün.
Gujurly ýürek daş ýarar.
Gul arzuwy gursagynda garrar.
Gul garrasa, jarçy bolar, gyrnak garrasa – palçy.
Gul gomalýança, toý sowlar.
Gul hatasyz bolmaz, aga ― keremsiz.
Gul myrady – gaçmak.
Gul nikasy kyn bolar.
Gul ogly beglik islär, beg ogly gulluk islär.
Gül össe ýer görki, gyz össe – il.
Gul öz hojasyndan owal tabaga gol uzatmaz.
Gul ýaly işlän, han ýaly oturar.
Gul ýörese, ýeňsesinden bildirer.
Gula gul diýseň ölesi geler, ige gul diýseň – gülesi.
Gula bela gelmez, gul belany satyn alar.
Gula gulluk etmeseň, gul saňa gulluk etmez.
Gula gullukçy bolma, gyrnaga – ýalynjy.
Gula gylyç, azana ýalçy.
Gulagym dynmajak bolsa, altyn ysyrgam ýitip galsyn.
Gulagyň garny bolmaz, siňegiň – erni.
Gulajyn gözün süzmän, buga ýüpün üzmez.
Gulak eşidip doýmaz, göz – görüp.
Gulak eşitse, köňül biler.
Gulakdan giren ýaman söz, ýürege ýetip buz bolar.
Gulakdan göz hak.
Gulan – gyrda, doňuz – suwda.
Gulan at bolmaz, doguşan ― ýat.
Gulan başyna iş düşse, godugyna gözlemez.
Gulan eti gurat eder.
Gulan godugy bilen, agaç pudagy bilen.
Gulan guýa gaçsa, gurbaga aýgyr bolar.
Gulan haýsy ýerde semrese, tüýüni-de şol ýerde döker.
Gulan höwri köp bolsa, bir agsagyn bildirmez.
Gulanda öt bolmaz, guşda – süýt.
Gulanlan baýtal oýa sygmaz.
Gulanly baýtaldan suw artmaz.
Guldan – hereket, Alladan – bereket.
Guldan gonambaşy bolmaz, çopandan – kethuda.
Gulluk etseň gerege , seni ýetir çörege.
Guluň erki bolmaz, goturyň – görki.
Guluň gany çykdy, jany çykdy.
Guluň kemeri – arkan, höregi – talhan.
Guluň sellesi düşdi, dünýäsi köýdi.
Guluň üstüne bela gelmez, özi belanyň üstüne barar.
Guluň uýady ýok.
Guly berekella öldürer.
Guma sepeniň bilinmez, gyza bereniň görünmez.
Gura ýanasaň, öl hem ýanar.
Gural işlär – el öwüner, gylyç keser – gol öwüner.
Guralyň düz – azabyň az.
Guran gamyşyň sazy alysdan eşidiler.
Gurda rehim etmek, goýna zulum etmek.
Gurduň agzy iýse-de gan, iýmese-de.
Gurduň gudasy köp, tilkiniň – dosty.
Gurduň ölümi – şagala toý.
Gurt agzasaň, gurt geler, iki gözi dört geler.
Gurt arkasyndan guş doýar, är arkasyndan – aç.
Gurt aýagyndan iým tapar.
Gurt bilen goýun guda bolmaz, guda bolsa-da, goýun gül-mez.
Gurt bilen guda bolma, tilki bilen – dost.
Gurt bilen iýer, goýun bilen aglaşar.
Gurt çagasyndan ekdi bolmaz.
Gurt çagasyny gundasaň-da durmaz.
Gurt degmän, goýun gaçmaz.
Gurt garrasa, awy gaçar.
Gurt gören itiň agzy bir bolar.
Gurt saýasynda arslan ýatmaz.
Gurt ümürli güne guwanar.
Gurt ýok diýme – mal kastynda, Ýagy ýok diýme – ýer astynda.
Gurt ýüzi – mübärek.
Gurtdan gorkan köpek saklar.
Gury agaç miwe bermez.
Gury agajy egmegin, degmedige degmegin.
Gury agajyň egildigi – döwüldigi, Är ýigidiň uýaldygy – öldügi.
Gury arkasyndan öl ýanar, Mert arkasyndan il guwanar.
Gury çörekden iç agyrmaz.
Gury kaşyk agyz ýyrtar.
Gury saçaga doga ýok, menden saňa – nowa.
Gury söz gulaga ýakmaz.
Gury sözden palaw bolmaz, ýag bile tüwisi bolmasa.
Gury söze ähtibar az.
Guş bar – etini iýmeli, guş bar – et iýdirmeli.
Guş çirtmegi unudar, çirtmek guşy unutmaz.
Guş ganaty bilen uçar, guýrugy bilen gonar.
Guş ganatyndan kireý islemez, gulan – toýnagyndan.
Guş görki – per, dost görki – syr.
Guş uçuşyndan belli, akmak – söz açyşyndan.
Guş uýasynda näme görse, uçanda şony eder.
Guş uýasyny tapsa, söz eýesini tapar.
Guşgun guýrukda, uýan agyzda.
Guşluk gelen gonak ýatman gider, öýle gelen gonak gitmän ýatar.
Guşluk güni gyzdyrmadygy, ikindi güni gyzdyrmaz.
Guşuna görä duzagy.
Gutarylan işden gül ysy geler.
Gutlukly öýden gury çykma.
Guty geleniňki, goşadan geler.
Guty ýok gurruga düşse, gark bolar.
Guty ýok guýa gaçsa, gum ýagar.
Guwanma bu daglyga, eltip goýar darlyga.
Guwanmagyn görküňe, talaň düşer durkuňa.
Guý owjuma, guýaýyn owjuňa.
Guýma gursak bolmasa, dürtme gursak neýlesin.
Guýmasaň – goýulmaz, kesmeseň – ganamaz.
Guýrukly ýyldyz günde dogmaz.
Guýusyna görä nowasy.
Guzulykda doýmadyk, toklulykda dümtüner.
Guzy beren torum sorar.
Guzy mälär ýyl geçer, oglan aglar – gün.
Gö:le düşdüm, ýola düşdüm.
Göç başy aýry bolsa, it başy däli bolar.
Göç gaýtsa, agsak ozar.
Göç ýörär, it ýortar.
Göçen ýurduň gadyryny gonaňda bilersiň, Ýagşy ýaryň gadyryny ― ölende.
Göçenini go:l biler, gonany – ýel.
Göge bakan ýykylar, laýa batan kakylar.
Göge tüýkürseň, ýüzüňe düşer.
Gögermedik ekinden ýer örtener, oňmadyk başçydan – il.
Gök gürlemän – ýyldyrym çakmaz.
Gökje baýlyk – üç aýlyk.
Gökje monjugym kanda bolsa, meniň göwnüm şonda.
Göklemde goýny çolak baksyn, goç döwri – lal.
Gönezliksiz süýt uýamaz, ýok akyl kyrkda goýalmaz.
Göni gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok.
Göçjek diýip, odunyňy ýakma, Guýy göründi diýip, suwuňy dökme.
Gördügiňi – ört, görmedigiňi – sözleme.
Gördüň ýaryň ýar däldir, terkin kylmak ar däldir.
Gördüň, dostuň ýüzi hoş, otur-da turuş, Gördüň, dostuň ýüzi turşy ne oturyş, ne turuş.
Gören eşidene habar berer.
Gören görenini eder, kesewi – dürtenini.
Görene göz, eşidene gulak.
Göreniňi dost diýme, soňundan puşman iýme.
Göreniňi gizleme, bilmedigiň sözleme.
Göreniňi goýup, eşideniňe ynanma.
Görer göze gart öler, ajal ýetse, ýaş öler.
Görgüliniň gözi agyrsa, goňşusy duýmaz, Arzylynyň gözi agyrsa, ýedi günlük ýere habar ýeter.
Görgüni görmän, göre girmek ýok.
Göribi görenden, görüňi gör.
Göribiň garny dok bolsa-da, gözi aç.
Görk – agyzdan, görmek – eginden.
Görk toýda gerek, akyl – öýde.
Görklüdigiň bilerin, bir oglanyň bolansoň, Işlidigiň bilerin, gaýyn eneň ölensoň.
Görklüni görüp alynçaň, söýeniňi sorap al.
Görkümden – berkim.
Görkünden kölük bolmaz, saçyndan – sümmül.
Görmän-görmän küti boldum, baryny görüp – ýiti.
Görmäýinem, köýmäýinem.
Görmedik daşym, ýardy başym.
Görmese göresi geler, görse-de ölesi geler.
Görmese ýat, görüşmese uýat.
Görmez arkasy güýçli.
Görülmedik illerden, eşidilmedik gep çykar.
Görüm ýeňňe bolsa, göreji – baldyz.
Görümiň näme bolsa, göreldäň şol.
Görümsiz kümüş görse, guduz açar.
Görümsize kömeç , köse äre – sakgal taň.
Görümsiziň ogly boldy, çekip göbegin ýoldy.
Görünýäni bir dokuz, görünmeýäni on dokuz.
Görüp alma, bilip al.
Görüp oturma, köýüp otur.
Göwni açygyň – ýoly açyk.
Göwnünde kiri baryň, içinde syry bar.
Göwre garrasa-da, göwün garramaz.
Göwün – çüýşe, göz – aýna.
Göwün – göwünden suw içer, gamyş – bogundan.
Göwün darlygy – horluk.
Göwün gözeli söýmez, söýenini söýer.
Göwün kazy, göz terezi.
Göwün kiri aýdylsa gider, geýim kiri-ýuwulsa.
Göwün şatlygy – ömür zyýatlygy.
Göwün sygsa, göwre sygar.
Göwün syryny göz bildir.
Göwün ýetse, gol ýeter.
Göwünsiz aýaldan kössüz ogul dogar.
Göwünsiz iş – lezzetsiz aş.
Göz – derýa.
Göz – gorkak, göwün – batyr.
Göz – göze ýagy.
Göz – ýüregiň aýnasy.
Göz agyry ýaman dertdir, hem yrandyr hem bürendir.
Göz agyrysy – et agyrysy, diş agyrysy – süňk agyrysy.
Göz bar – görmek üçin, akyl bar – bilmek üçin.
Göz beden goragy, akyl – jan.
Göz daşdan galar, göwün – ýakyndan.
Göz düýäni gazana salar, adamy – mazara.
Göz eýeli – işik söýeli.
Göz ganymyny tapar.
Göz garrar, göwün garramaz, Är garrar, heňňam garramaz.
Göz geçir weli, dil geçirmez.
Göz gördi, köňül söýdi.
Göz görende ýüz şerip.
Göz görenine amal eder.
Göz görki gaş, gazuw görki taraş.
Göz görmän, göwün ynjalmaz.
Göz görmedigini ýürek syzar.
Göz görmejegini görer, gulak eşitmejegini eşider.
Göz görmekden doýmaz, adam – bilmekden.
Göz görmese, ýüz döner.
Göz görmese, ýüz utanmaz.
Göz göze düşende, mähir oýanar.
Göz göze düşende, ýüz uýalar.
Göz göze yssy, dil dile myhman.
Göz gözi görmez.
Göz gyragy görer, akyl ýüregi.
Göz nur eýesi, göwün – syr.
Göz özüňki, gulak özgäniňki.
Göz ujundan gözleme, gözüňe zeper ýeter, Dil ujundan sözleme, özüňe zeper ýeter.
Göz ýaraşygy gaş, agyz ýaraşygy diş.
Göz ýetmeze ― söz ýeter.
Göz ýüki – düz ýüki.
Gözden daş düşen, göwünden hem daş düşer.
Gözden yrak, köňülden yrak.
Göze bela gülden geler, başa bela – dilden.
Göze görünmez ogry, handan-begden dogry.
Gözel ― hulky bilen gözel.
Gözeli görseň gözüň ga:nar.
Gözeli kemis öldir, ýigidi – namys.
Gözellik baş täjidir, her kime nesip etmez.
Gözellik on, dokuzy don.
Gözenegi başganyň göreni başga.
Gözi doýrup bolmaz.
Gözi görmedik kişi gözündäki gyldyrgana düýe diýermiş.
Gözländen aňtan ýeňer.
Gözlem aglar gözsüzem, ogullam aglar – ogulsyzam.
Gözlüniň gündiz tapmadygyny, kör gije tapar.
Gözüm görmese, syrtymy böri iýsin.
Gözüme bolandan, gaşyma bolsun.
Gözümem görmesin, janymam ýanmasyn.
Gözüň – gözüňe duşman.
Gözüň agyrsa eliňi çek, içiň agyrsa – damagyňy.
Gözýaş –― gama ýoldaş.
Gözýaş – göwün ereder.
Gübürdär – ýagmaz, çöker – sygmaz.
Gübürdewük buludyň ýagyny-da az.
Güjük dalanman, köpek çykmaz.
Güjük üýrmäni eýesinden öwrener.
Güjük ýaly «jöw-jöw» edeniňden, ala köpek ýaly «haw-haw» et.
Gül tikensiz bolmaz, hazyna – eýesiz.
Gül ysgan «doýdum» diýmez.
Gülen agyz görkli.
Güler ýüz hem hormat, hem sowgat.
Gülkä göwün böker, gam biliňi büker.
Gülkä gülmeseň, göwni galar.
Gülki – jana rahat, tene – kuwwat.
Gülki göwün güli.
Gülki soňy – agy.
Gülme goňşyňa, geler başyňa.
Gülmez – yşmaz hatyn, otsuz-ýalynsyz odun.
Gülseň ilki – bolarsyň gülki.
Gülüň biten ýerinde, gadyry ýok.
Gülüň miwesi bolmaz.
Gülýaýdy gelmez elinden, iller durmaz dilinden.
Güman imandan aýrar.
Gün bakar – ýer ýumşar, gelin bakar – är ýumşar.
Gün batandan soň kär haram.
Gün birem bolsa, günüň aýry.
Gün göreniň güni artyk.
Gün otaglasa günlük, aý agyllasa aýlyk.
Gün parlap çyksa-da, gyşyň güni ýaz durmaz, Süýnüp-sarkyp baksa-da, ýetişensoň gyz durmaz.
Günä edilmän, toba edilmez.
Günäliň oduna bigünä ýanar.
Günde bir gep eşitmese, gulak ýa galkan bolar, ýa – ýelken.
Günde mezil – jana hezil.
Gündeş – başa daş, göze ýaş.
Gündeş – günde öç.
Gündeş göreniň gyzyny alma, işigi ýamanyň öýüne barma.
Gündeşiň bolsa bolsun, gündeş çagaň bolmasyn.
Gündeşiň güni hem gündeş.
Gündeşli başym – zäherli aşym.
Gündeşli bolandan günüň aýry bolsun.
Gündeşli bolsaň bol, öýdeşli bolma.
Gündeşli gülmez.
Gündeşli öý weýran, aş ornuna aýran.
Gündeşli öýde – günde uruş.
Gündiz aşyny goýy et, suw içirer, dok bolarsyň, Gije aşyny suwuk et, daş çykarar, sak bolarsyň.
Gündiz çyra ýakan, agşamyna garaňkyda oturar.
Gündiz tüssä gitme, gije yşyga.
Gündizki aşdan Gün tamakin.
Gündizki işiň, gijeler düýşiň.
Günem hemmäniň göwnüni tapyp bilenok.
Güni etek bilen ýapyp bolmaz.
Güni güniniň ölümini dilär.
Güni hoş geçene Taňry-da hoş bakar.
Günim ogly gülüşmez.
Günlük ýola aýlyk azyk.
Günlükçi ýaly gazan, beg ýaly iý.
Günortasy guşluksyz, duly batman aşlyksyz.
Günüm üçin günim ogluny allalaryn.
Günüm üçin köýýän, gündeşimiň oglanyny söýýän.
Günümi Alla geçirsin, agramyny ýer götersin.
Günüň köýse-de, hakyň köýmez.
Günüň serweri – juma, aýyň serweri – remezan, Ýylyň serweri – goýun, gijäniň serweri – gadyr.
Gür – baş getir, seýrek – çäç.
Gürrüň süýji, samança ýok güýji.
Gürrüňdeşiň güň bolsa, gepe-söze ne hajat.
Güýç ýetmese, emel bar.
Güýç ýetmeze akyl ýeter.
Güýçli bile göreşme, ýüwrük bile ýaryşma.
Güýçlüden gül ysy geler.
Güýçlüni güýçli bilmedik Taňryny bir bilmez.
Güýçlüniň gepi mamla.
Güýçlüniň guýrugy degirmen dartar.
Güýje egilmedigi söz eger.
Güýji asgyn şelaýyn gerek, bimaza – mylaýym.
Güýji ýetmez, görgä galar.
Güýjüň ýetmeýän daşa el urma – zora düşersiň.
Güýz göksüz bolma, ýaz aksyz.
Güýz sürmek – gury suwarmak.
Güýzde inçelder, ýazda ýolar.
Güýzüň gelşi, ýazyndan belli.
Gybat duşman artdyr, zähmet – dost.
Gybatsyz söz gyzmaz, utançsyz – ýüz.
Gyl düwün tutmaz, däli – öwüt.
Gylyç – keser, gol – öwüner.
Gylyç göterip gelen gylyçdan öler.
Gylyç gynynda köp ýatsa, poslar.
Gylyç gynyndan çyksa, gan görner.
Gylyç öz gynyny kesmez.
Gylygy gyşygyň, kylmyşy gyşyk.
Gylygyndan söýdüren gyz – gyzyldan.
Gylygyny bilmeýän atyň syrtyndan ötme.
Gylyjyň öňünde şert bolmaz.
Gylykly är han görner.
Gylykly horaz ýumurtgadan gykylyga başlar.
Gylykly özünden belli, gylyksyz – gözünden.
Gylyksyz aýalyňa myhman ýanynda lak atma!
Gymmatyň hikmeti bar, arzanyň – minneti.
Gymyz – alyp içeniňki, gyz – alyp gaçanyňky.
Gyrawda towşan yzlan kak suwundan balyk gözlär.
Gyrda ýagmyr ýagsa, ojakda töňňäniň başy şatyrdar.
Gyr-gyrlap almadygyňy, myr-myrlap alarsyň.
Gyrmyldan gyr aşar, ýörmelän ýer deşer.
Gyş arryk alma, ýaz – ýagyr.
Gyş bolmasa, guş bolmaz.
Gyş çykar, ýüzügaralyk kömre galar.
Gyş düýşüniň bary ýalan, ýaz düýşüniň – ýary.
Gyş gamyny ýaz iý, ýaz bolmasa – güýz.
Gyş gelýär diýip odunyňy baýatma, ýagy gelýär diýip – unuňy.
Gyş geýjegiňi tomus taýýarla, tomus geýjegiňi – gyş.
Gyş gününiň köjesinden ne peýda?
Gyş gyzamyk gelmesin, tomus – mama.
Gyş ojagy dar bolar.
Gyş suwy – gyzyl suwy.
Gyşdan aldym malymy, ýagydan aldym ilimi.
Gysganjyň atan oky özüne deger.
Gyşy gyşsyramadygyň, ýazy ýazsyramaz.
Gyşyk ýük maksada ýetmez.
Gyşyň gary – ýaza däri.
Gyşyň gözi kör bolar.
Gyşyň güni bir tutam.
Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz.
Gyşyň gününiň höziri – ot.
Gyşyň hoşlugyna, ýabynyň ýuwaşlygyna, mollanyň der-wüşligine ynanma.
Gysyr goýun köp mälär.
Gysyrsyraýan aýaldan gork, ýazsyraýan – gyşdan.
Gyz alsaň – kynykdan, at alsaň – ýüwrükden.
Gyz bar – nep getir, gyz bar – gep.
Gyz bir güldür – ýetişer, göçer gider.
Gyz çaganyň altysy, är oglanyň ýarpysy.
Gyz çykaran baýamaz, gelin edinen dagamaz.
Gyz edebi – il edebi.
Gyz eneden görüm görmese, öwüt almaz.
Gyz galyňy – garyň suwy.
Gyz galyňy ― gyrawça.
Gyz galyňy gysymyňda galmaz.
Gyz galyňyndan ýarna bolmaz.
Gyz garrasa pugta bolar, at garrasa – agta.
Gyz garrasa, ýa gula barar, ýa-da – dula.
Gyz göwni gyzan gazan.
Gyz göwni ýüplükdir – boýalyp ýüpek bolmaz, Ýigit göwni ýüpekdir – çigilse çözüp bolmaz.
Gyz gözelligi sandykda.
Gyz gurjak oýnar, oglan gulan gözlär.
Gyz güldi, men güldüm – ýüreginiň syryn bildim.
Gyz – gylygy bilen, ogul – edebi bilen.
Gyz gylygyndan söýdürer.
Gyz – gyrnak, ogul – gul.
Gyz – gyzyl alma, gyzy gözden salma.
Gyz – hoz agajy, her ötegçi bir daş atar.
Gyz kepbeden çykar, tüsse – omçadan .
Gyz meniňki, bagty özgäniňki.
Gyz öýi – wezir öýi.
Gyz – öýüň torbasy, ene – unuň urbasy.
Gyz – özge öýüň çyrasy.
Gyz syryny hossary biler.
Gyz ulalsa haýa gider, igin alyp gaýa gider, Ik bilen ikbaşy owarram-la, ýöne ömri zaýa gider.
Gyz ýetişip gyraga gider, ogul ýetişip – yraga.
Gyz ýetişse dilli bolar.
Gyza altyn tagt dileme, barmak boýda bagt dile.
Gyza – çümmük, hamyra – ýumruk.
Gyza erk berilse, ýa dowulça barar, ýa surnaýça.
Gyza geler kyrk kişi, alar gider bir kişi.
Gyza – gujak ,goýna – pyçak.
Gyzamagyň öňi, garamagyň soňy.
Gyzarana gyz diýerler, agarana – biýz.
Gyzaryp daňlak gelenden, gygyryp ýagy gelsin.
Gyzda – haýa, gelinde – şerim.
Gyzgyn nan köpegi guduz eder.
Gyzgyny gyzgyn basar, sowugy – sowuk.
Gyzly gapy dynuw bilmez.
Gyzly gyzyldan doýmaz.
Gyzly gyzyla gyzar.
Gyzly kişi gyr aşar.
Gyzly öý – gyzyldan halka.
Gyzly öý soltanly öý, ýüzi geler, biri äkider.
Gyzly öýe kyrk at baglanar.
Gyzly öýe rehnet ýagar.
Gyzly öýüň iti dynmaz.
Gyzlygym – soltanlygym, gelinligim – zyndanlygym.
Gyzlykda gyzyl gyz, nädip ýaman aýal bolduň.
Gyzmalyk özüňe bagly, mylaýymlyk – sözüňe.
Gyzy baryň näzi bar, ogly baryň – döwleti.
Gyzy kim söýmez, gymyzy kim içmez.
Gyzy kyrk ýerden gys.
Gyzy saklap bilmeseň, güň bolar, ýüpegi saklap bilmeseň – ýüň.
Gyzy söýseň däli bolar, ogly söýseň – doly.
Gyzyl dil – jan zähmeti, abraý – är kuwwaty.
Gyzyl dili gyssaň, maza berer, gysmasaň – yza.
Gyzyl görse, Hydyr azar.
Gyzyl it şagal daýysy.
Gyzyl müň ýyl ýatsa-da, zeň bolmaz.
Gyzyl oduň uýany bolmaz.
Gyzyl ýaly gadyrly boljak bolup, kesekden bigadyr boldum.
Gyzyl ýüzli ýigidiň gyz uýasy bolmasyn, Gyz uýasy bolsa-da, gyzyl ýüzi solmasyn.
Gyzyla gaplasaň hem, gyz atasy öýünde galmaz.
Gyzyldan – gymmat, suwdan – arzan.
Gyzym – gyzylly halkam.
Gyzym öýde, gylygy daşarda.
Gyzym saňa aýdaýyn, gelnim sen düşün.
Gyzymy çykaryşan, gyzylymy ýaşyryşan.
Gyzyň bogazy kyrk bogun bolar.
Gyzyň boýy ýetdi, çawy gitdi.
Gyzyň görki ýedi ýetmeziniň üstüni ýapar.
Gyzyň gözelligi göz bile gaşda, ýigdiň gözelligi akylda-huşda.
Gyzyň özi çuwalda, sepi ― sandykda.
Gyzyň ysy – gülüň ysy.

H[üýtget | edit source]

Habar okdan tiz gider.
Haçan oglan bolduň, haçan ulaldyň, Tohumly torbany elimden aldyň.
Hajy saýanymyň goltugyndan haç çykdy.
Hak bakdy, halk bakdy.
Hak bendesi haka çapar, ýaman öz pälinden tapar.
Hak diýen haly galmaz.
Hak ýakan çyrasyny hiç kim söndüre bilmez.
Hakdan gelse gelsin, nähakdan gelmesin.
Haky aýtsaň urarlar, hoşamaty söýerler.
Hakykat – altyndan gymmat.
Hakykat egiler, töhmet döwüler.
Hakykat ýerinde karar tapar.
Hakykaty tyg kesmez.
Hakykatyň güwäsi özünde.
Hakyky zehin iki daşyň arasynda galsa-da syzylyp çykar.
Hakyň halaty bar.
Halal işle, haýyr tap.
Halal zähmet – baky döwlet.
Halala hasap bar, harama – azap.
Halamarsyň towyny, tapmarsyň ondan gowyny.
Halatsyz han bolmaz, ýoldaşsyz – serdar.
Halkda Hakyň ady bar.
Halky ýersiz goýma, hor bolarsyň, Gatygy ýersiz dökme, zar bolarsyň.
Halwany hekim iýer, şalgamy – ýetim.
Haly bardan han bolmaz, mekrudan – halal.
Haly ýüwürdip, kilim kesme.
Halypasyz ussa bolmaz, tagsyrsyz – molla.
Hammala arkalygy ýük bolmaz.
Hammama giren derlemän çykmaz.
Han azsa, iline deger, aýal azsa – ärine.
Han başyna han ýeter, gar başyna – gar.
Han eli hasa tutsa gabarar.
Han köp bolsa – ýow köp bolar.
Han ýanynda sakçyň bolsa, gara ýerde gämiň ýörär.
Hanym döwse – kaza, hyzmatkär döwse – jeza.
Hanyň itine-de bir paý.
Har bakan har tanar, zergär – zer.
Haram aşdan pir datmaz, tilki sarkydyny – şir.
Haram döwletiň höziri bolmaz, agzala iliň – wekili.
Haram geldi, halaly hem özi bilen alyp gitdi.
Haram keýpiň hasaby bar.
Haram laýa gider, laý – zaýa.
Haram malyň berekedi bolmaz.
Haram sözler dilinde, yslam durmaz ilinde.
Haramdan gelen harama gider.
Haramzada ara bozar, halalzada ara düzer.
Harsaňlykda daş tapylmaz.
Hasaby päk bolanyň ýüzi ak bolar.
Hasan aldy, oýna gitdi, Hüseýin aldy – goýna.
Hasaply dost uzak gider.
Hasdan pis dogar, pisden – has.
Hassa özüne tebip.
Hassa soramak adat, hal soramak medet.
Hassasy gutuljak bolsa, tebibi dogry geler.
Haşal ot ýeri azdyrar, ýaltalyk – äri.
Hat okan hat biler, hat bilensoň, hak biler.
Hatyn kişi duzdan agyr.
Hatynyň kandan bolsa, gel-gidiň şondan.
Hatynyň ýaman bolsa, ýurt dynçlygyndan peýda ýok.
Hatyrasy dagdan ulynyň, hasaby gyldan inçe.
Haýal akýan suw hapany köp getirer.
Haýasy ýoguň imany-da ýok.
Haýbat zoruň ýary.
Haýwan – agzyndan, ynsan – gulagyndan.
Haýwan ysgaşa-ysgaşa, ynsan soraşa-soraşa.
Haýwanyň dişine bakarlar.
Haýy gidip, waýy galan.
Haýyr – bereket, nur – rehmet.
Haýyr dile goňşyňa, rysgal gelsin aşyňa.
Haýyr etseň, bitin et.
Haýyr işi goýsaň şere döner, şer işi goýsaň – haýra.
Haýyr işi Hudaýam goldarmyş.
Haýyrly işe jarçy bolsaň gynanma.
Haýyrly işiň giji bolmaz.
Haýyrly mal eýesini tapar.
Haýyrsyz peýdadan, haýyrly zyýan artyk.
Hem daýymlara barýan, hem taýyma baş öwredýän.
Hem hoz gerek, hem hozuň – mürrügi.
Hem jan gerek, hem janan.
Hem zyýarat, hem tüjarat.
Hemme derde bar doga, söýgi derdi bidoga.
Hemsaýam – balsaýam.
Heňini bilseň, «Mürzeweli» hem bir heň.
Hepdede bir gowurma, gowurma bolmasa gowurga.
Her agaran gar bolmaz, her agaçda bar bolmaz.
Her aşyň bir ýeri bar.
Her bir zyýan akyl artdyrar.
Her bolçulygyň bir gytçylygy bolar.
Her derdiň bir dermany bar.
Her döwür – bir döwür.
Her gijäni Gadyr bil, her kimsäni – Hydyr bil.
Her gülüň bir ysy bar, her gyzyň – bir näzi.
Her iliň öz tentegi bar.
Her iş bolsun, bähbit bolsun.
Her iş öz ussasynyň elinde aňsat.
Her işde bir haýyr bar.
Her işiň haýry ýagşydyr, toýuň bezegi bagşydyr.
Her kellede bir hyýal, kel kellede müň hyýal.
Her kes – öz öýüniň begi.
Her kese çörek ber, ýöne özüň her kesiň çöregini iýme.
Her kim agyran ýerini tutar.
Her kim doýan ýerini magtar.
Her kim eder özüne eder.
Her kim gijän ýerini gaşar.
Her kim jeňňele gider, özüne meňzeş agaç keser.
Her kim öz agyrysyna aglar.
Her kim öz çöregine gül çeker.
Her kim öz garyşy bilen ölçär.
Her kim öz gazan çukuruna özi ýykylar.
Her kim öz matasyny bazara salar.
Her kim öz öwlüýäsini gorar.
Her kim öz pälinden tapar.
Her kim öz ýurduna han-soltandyr.
Her kimi dost tutunan, hiç kime dost bolmaz.
Her kimi özüňe osma.
Her kimiň bir gaýgysy, kel gyzyň – är.
Her kimiň ojagynyň ody özi üçin yşyrar .
Her kimiň öz jaýy özüne Müsür.
Her kimiňki özüne – Aý görüner gözüne.
Her kişiniň işi däl, deri eýläp don tikmek.
Her malym – bar malym.
Her molla öz bildigini okar.
Her ösüşiň bir tesişi bar, her tesişiň – bir ösüşi.
Her togalakdan hoz bolmaz.
Her üýrene it, her gepleşene adam diýmezler.
Her ýurduň awuny öz tazysy bilen awla.
Her zadyň öz wagty bar, her gyzyň – öz bagty.
Her zyýan – bir pent.
Hesip edene däl, nesip edene.
Hezzet etseň eşege, hyzzyn urar duşaga.
Häzir – maňa, erte – saňa.
Hiç kim aýranyna turşy diýmez.
Hile bilen iş gören, möhlet bile jan berer.
Hoja görseň, salamlaşyp ötüber, Köje görseň, bagryň gerip ýatyber.
Hojanyň itini hem bihal görme.
Horaz hemme ýerde bir gygyrar.
Horazsyz-da säher bolar.
Hormat etseň, hormat görersiň.
Hoş söz gahary ýeňer.
Hoş söze uçma, öwüneni guçma.
Hoşuň atasy ölmändir.
Howaýy düşünen gursun, dereksiz – ýaşynan.
Howlugan azaşar, doýmadyk dalaşar.
Howlugan aýagyna çolaşar.
Howlugan bir işlejegini iki işlär.
Howlugan galar uýada, saralan ýeter myrada.
Howlugan gyz äre baryp ýalçymaz.
Hödür edilse, suwam bolsa iç.
Hödürsiz tagam iýme, idegsiz toýa barma.
Höwes – gaýrat ölçegi.
Höwes bar-da – güýç ýok, ýelin bar-da – süýt ýok.
Höwes et, bes et.
Höwürli sürä gurt daramaz.
Hudaý urany pygamber hasasy bilen dürter.
Hudaýdan düýe ýaly dile, dary ýaly berse-de alaý.
Hudaýdan ýaşyrmadygyňy, bendesinden ýaşyrma.
Hudaýsyz çöp başy gymyldamaz.
Hudaýyň söýenini, bendesi söýer.
Husyt çemçänem ýuwdar.
Hut geldi, daýhan syrtyna gurt geldi.
Hünär – akar bulak, ylym – ýanar çyrag.
Hünär eýesini eziz eder.
Hünär hünärden öner, önmese ýoga döner.
Hünäri öwren-de, ýigren.
Hünäri ýok kişiniň, netijesi bolmaz işiniň.
Hünäriň puly – ojaryň küli.
Hünärli – zor, hünärsiz – hor.
Hünärli är hor bolmaz, dost-duşmana zar bolmaz.
Hünärli gol aç ölmez, hünärsiz ile sygmaz.
Hünärli öre çapar, utançsyz – töre.
Hünärli ýigit – miweli agaç.
Hünärsiz öz ardyny ýapmaz.
Hymsalyk bilen işi bar, iki eliniň çişi bar.
Hyr urdy, harman sowurdy.
Hyzmat daş ýarar, daş baş ýarar.

I[üýtget | edit source]

Iç belasy – agyzdan.
Içde gujur bolmasa, ýigrimi bäş ýaş neýlesin.
Içigaranyňky özüne, garagoluňky iline.
Içim özümi ýakýar, daşym – halky.
Içmeklini ursaň, ýalaňaç gorkar.
Içmen diýen guýyňdan, aýlanyp üç içersiň.
Içýag gaçagan bolar, işýakmaz – ýatagan.
Içýan gyssansa, öz depesinden çakar.
Idän tapar, iglän öler.
Idelen itiň goýna peýdasy ýok.
Ideniň düýe bolup, müneniň eşek bolmasyn.
Igençli närsäni it iýmez.
Iki adam bir adamyň Taňrysy.
Iki arslan bir derä sygmaz.
Iki at depişer, arasynda eşek öler.
Iki aýakly – iki günde.
Iki bolup bire degmez, gözli bolup – köre.
Iki darbaz bir ýüpde oýnamaz.
Iki diňle, bir sözle.
Iki el bir baş üçin.
Iki elim getirer, otuz ikim ötürer.
Iki eneli oglan aç galar.
Iki gämä ýapyşan gark bolar.
Iki gapyda gezen köpek aç galar.
Iki garpyz bir elde tutdurmaz.
Iki geňeş birikse, elli ýigit ýüz bolar.
Iki gep – bir jady.
Iki göç – bir talaň.
Iki goç uruşsa, böriniň işdäsi açylar.
Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz.
Iki gulak eşitmek üçin, bir agyz diýmek üçin.
Iki gylyç bir gyna sygmaz.
Iki hasap – bir otuz.
Iki syçan birikse, ýolbarsyň guýrugyny kerter.
Iki tentek birikse-de, il bolmaz.
Iki ýakyn uruşsa, özgelere iým bolar.
Iki ýarty – bir bitin.
Ikindin gezen iki öýi bozar, öz öýi bilen üç bolar.
Il ile sygar, öý öýe sygmaz.
Il – iliň aýnasy.
Il agasyz bolmaz, don – ýakasyz.
Il aglak bolsa, doňuz depä çykar.
Il agzy – çuwal agzy.
Il agzy – keramat.
Il agzyna bakan aç galmaz.
Il agzyna elli arçyn biýz ýetmez.
Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyny – bogup.
Il bilen gelen toýda-baýram.
Il bilen kesilen barmak awamaz.
Il çalan surnaýyň sesi uzakdan geler.
Il dälirese – dälire, il gudurasa – gudura.
Il dälirese, molla gider, molla dälirese, nirä gider?
Il dälisini çöle atmaz.
Il geçen köprüden, sen hem geç.
Il gözi – terezi.
Il igenji – ilden çykarar.
Il ile goşulsa – döwlet, bölünse – mähnet.
Il ile söýener, dag – daga.
Il ogrusyz bolmaz, dag – börüsiz.
Il oňlasa, atyňy soý.
Il ortasy – gök çemen.
Il ugruna eşek ürkmüş.
Il ýumrugyny datmadyk öz ýumrugyny batman saýar.
Ilçä ölüm ýok.
Ilden çyksa, it hem aglar.
Ilden çyksaň çyk, nyrhdan çykma.
Ilden tama edeniň bilen ryzk açylmaz.
Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler, Ilden döwlet gider bolsa, töre bilen tozan geler.
Ile sygan – il bolar.
Ilim abat – özüm abat.
Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn.
Iliň agzy bir bolsa, dagy goparar.
Iliň akyly bilen akylly bolup bolmaz.
Iliň aýby – gülki, öz aýbyň – ölüm.
Iliň bereni – dadymlyk, Hudaýyň bereni – doýumlyk.
Iliň güýji – siliň güýji.
Ilini sylan – bal iýer.
Ilini sylan – beg bolar.
Ilini ýamanlan, gyrda öler.
Ilkagşam Ülkerim depämde bolsa, ýazym üstümde bolar.
Ilki görüş, soňra tanyş.
Ilki iş, soň iýmiş.
Ilki öýüň içi, soň daşy.
Ilki özüňi düzet, soň ile at dak.
Ilki tagam, soňra kelam.
Ilki ýoldaş, soňra ýol.
Ilkinji külçe külsüz bolmaz.
Inçe ýüp artar, ýogyn ýüp ýortar.
Inerdenem nerrik dogar.
Inim bilen u:ja:m, damagym sagdyr, hoja:m.
Iňňe dilegi-de dileg, düýe – dilegi-de.
Iňňe gezse, ýüpek ýatar.
Iňňe ogurlan düýe talar.
Iňňe ýörese, ýüplük hem daýanmaz.
Ir düşen ýazdan gork, enesiz ösen – gyzdan.
Ir eken harman alar, giç eken – arman.
Ir ekenler – harmanda, giç ekenler – armanda.
Ir ekseň ekini, ýere urar köküni, Giç ekseň ekini, alarsyň belaň okuny.
Ir gelen sakada oturar, giç gelen – ýakada.
Ir gülmedik giç gülmez, giç gülmedik hiç gülmez.
Ir öýlendirdim, ir söýündirdi.
Ir öýlendiren oglumdan, ir turup eden işimden.
Ir turan işinden dynar.
Ir turan ökünmez.
Ir turana iki paý.
Ir turanyň rysgaly artyk.
Irinen gyz ärden galar.
Irinen iki işlär.
Irmedik awçy alar.
Isrip – haram.
Iş – hassasy, söz – ussasy.
Iş akyly tapar, akyl – işi.
Iş aşa çeker, ýaltalyk – başa.
Iş bar iş arasynda, kebap çiş arasynda, Iýme namart nanyny, galar diş arasynda.
Iş başy gara damak, soňra ýatyp uklamak.
Iş etmän ilden öýkeleme, ekin ekmän – ýerden.
Iş gamyny säher iý, gyş gamyny – bahar.
Iş gaýtjak bolsa burnuň suwy göze damar.
Iş guralyň bolsa saz, muşakgatyň bolar az.
Iş gutarandan soň, berekellaçy köpeler.
Iş gyssagda biter.
Iş köp – kömür az, ussa köp – demir az.
Işanlara barsaň iş kän, bibilere barsaň – pişge.
Işanym diýip, eşegimden aýryldym, Hojam diýip, horjunymdan aýryldym.
Işanyň işi tükenmez, dagyň – daşy.
Işde çus bol, saçakda – sus.
Işe başlamankaň, soňuny oýlan.
Işe-de tükenme ýok, iýmişe-de.
Işi akyl bile tut, zehin bile gutar.
Işi balarysyndan öwren, agzybirligi – goýun sürüsinden.
Işi bitdi, tilkisi guýudan çykdy.
Işi bitmez, jany dynmaz.
Işi owal başlama, başladyňmy, taşlama.
Işi töwekgel bitirer.
Işigaýdany düýäniň üstünde it ýarar.
Işigi barka, derejeden barma.
Işigiňden akýan suwuň gadyry ýok.
Işik açyk bolsa-da, sorap gir.
Işik tapylman, tör tapylmaz.
Işikden gündeş girdi, gowga tapyldy.
Işikden sygmadyk derejeden ötmez.
Işikden tapsaň, töre geçme.
Işim bitdi – eşegim laýdan çykdy.
Işiň çetlände, maslahaty işi rowaçdan sora.
Işiň düşmesin akmak bilen, işi seni ýakmak bilen.
Işiň düşse, ite-de ýalbararsyň.
Işiň gowşak ýerinden oslanmadyk iş çykar.
Işiň janyny işlän alar.
Işiň özi bir şaýylyk, galmagaly müň tümenlik.
Işiň soňuna garan ökünmez.
Işiň soňuny saýan batyr bolmaz.
Işiň ussasy – okamak.
Işiňi ham eýleme, ham seniň ýanyňdadyr.
Işlän eliň puly köp.
Işlän ölmez, iglän öler.
Işläne – bar, işlemedik – nana zar.
Işläp adam ölmez, ýortup – it.
Işlemedik – dişlemez.
Işlemedik ölmez, ölmese-de gülmez.
Işleýän demir pos bilmez.
Işli elim görkli.
Işşek eti – em bolar, çebiş eti – ýel.
Işsiz gelip, işleýäniň işini galdyrar.
Işsizlikden ýaman zat ýok.
Işýakmaz iýende çörek aglarmyş.
It – ata, är – daýa.
It agsynar, guş guzlar.
It agzyndan süýek artmaz.
It alnyna gelen gurt alnyna-da geler.
It arryklygyny gurda bildirmez, guýruk gabardar.
It Aýa üýrüp, başyna bela getir.
It batyra üýrer, gorkagy ýarar.
It bile oýnan, üýrmäni-de öwrener.
It burnundan üşär.
It çakany ata deger, at çakany ite degmez.
It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy.
It doýan güni ogurlyk eder.
It eýesini, pişik bikesini tanamaz.
It gara görmese üýrmez.
It gargyşy gurda ýokmaz.
It garrasa, gapydan gitmez.
It gedaýdan gorkar, gedaý – itden.
It getiren siňek, ýel getiren gamak.
It gözi tütün bilmez.
It gursagy ýag götermez.
It gylygyna eýesi ýetik.
It ite buýrar, it-de guýrugyna.
It itiň guýrugyny basmaz, mert merdiň ýoluny kesmez.
It nähili üýrse, güjügi-de şol mukamda üýrer.
It ne gara görsün, ne üýrsün.
It öýkelär, eýesi bilmez, gul öýkelär, hojasy bilmez.
It üýrer, kerwen geçer.
It ýal iýen ýerinde üýrer.
It ýalagyny ýalaman doýmaz.
It ýassanan ynjalmaz.
It ýok oýda tilki gezer.
It ysgan suwy arslan içmez.
It yzyňdan galmasyn diýseň, ýalyny kem.
It ýüwrügni tilki söýmez, gamly kişi gülki söýmez.
It ýyly ek, doňuz ýyly or.
It ýyrtyk donlyny ýarar.
Itden aç-da ýok, dynç-da.
Itden arsyz, eşekden gadyrsyz.
Itden dogan gurbanlyga ýaramaz.
Itden utanmasaň hem, eýesinden utan.
Ite – şam, gurda – iým.
Ite saryýag ýaraşmaz, eşege – zagpyran .
Ite ýaly az berseň, gapydan garamaz.
Ite-de uýat ýagşy.
Item öz öýünde batyr.
Iti gapmaz diýme, aty – depmez.
Iti bisanyň, dölesine gurt girer.
Iti bolmadygyň, ýalagy bolmaz.
Iti eýesiniň hakyna sylarlar.
Iti gylyksyz, ili biliksiz .
Iti it bile dalarlar.
Iti öldüren süýrär.
Itil gargasy Itile uçar, Ýaýyk gargasy – Ýaýyga.
Itim – gutum.
Itiň agzy ala bolsa-da, möjek görende biriger.
Itiň akylsyzy, gatlamadan tama eder.
Itiň boýnuna göwher daksaň, item aglar, göwherem.
Itiň demi – süňküň emi.
Itiň dertli bolmasyn.
Itiň dogasy kabul bolsa-dy, gökden guýruk ýagardy.
Itiň yzyndan bar, atyň – öňünden.
Iýeniň – az, saglygyň – saz.
Iýip doýmadyk – ýalap doýmaz.
Iýmli at armaz.
Iýseň agyzda ýok, geýseň – eginde.
Iýýäniň ýaman bolsa-da, diýýäniň ýaman bolmasyn.

J[üýtget | edit source]

Jähenneme giden özüne ýoldaş agtarar.
Jahyllykda bezenmedim, haýp maňa, Gojalykda bezenmekçi, aýp maňa.
Jahylyň ybadatyndan alymyň ukusy gowy.
Jalada galan ýagyşdan gorkmaz.
Jan – amanat, didar – ganymat.
Jan bar – gam bar, bigam kim bar?
Jan bar ýerde kaza bar.
Jan beren Taňry nan hem berer.
Jan berene jaý ber.
Jan berseň, gardaşa ber, müň ýyl geçse-de ýat bolmaz.
Jan gutarmasa, nan gutarmaz.
Jan hem agyzdan çykar, lebiz hem.
Jan tartmasa-da, gan tartar.
Jandan geçmeseň, janana nirde, Jemaly seçmeseň, gaýnene nirde.
Jany agyran Taňrysyna gargar.
Jany agyranyň gamy bar, biçäräniň kimi bar.
Jany agyrmadygyň Hudaý bilen ne işi bar.
Janym sag bolsun, başym jenjelden çykmasyn.
Jemala bakma, kemala bak.
Jepakeşiň nany şirin, jany gaty, Ýaltanyň jany şirin, nany gaty.
Jepasyny çeken wepasyny görer.
Jepasyny men çekdim, sapasyny ýat gördi.
Jik-jikiden guş bolmaz, etindenem aş bolmaz.
Jomart aşda belli, batyr – söweşde.
Jomart baryny berer, namart – ýaryny.
Jögiden batyr dörese, çadyryny çapar.
Jöweni çaňa sep, bugdaýy – laýa.
Jöwzada ýygnan, saýada iýer.
Jüýje rysgally bolsa, enesiniň süýdi bolardy.
Jüýjeli towukdan iým artmaz, çagaly öýden – nan.
Jyndan gorkan albassa duşar.

K[üýtget | edit source]

Kabul bolmajak doga «Ämin!» diýilmez.
Kagyzdan gala bolsa, almasy bela bolar.
Kanagat baý eýlär, nebis har eýlär.
Kanagata – bereket.
Kararsyz gezen haksyz çykar.
Kaşaň at gamçysyz ýöremez.
Kasas kyýamata galmaz.
Kastlyk – ahyry peslik.
Kaza görnüp gelmez.
Kazylaşandan garyndaş bolmaz.
Kekeji gyssasaň, o-da ýok.
Kel başa näme gerek – demir darak.
Keliň iň ýuwaşy köprüniň aşagynda ýatyp, ýaby ürküzer.
Kelle bolsa, selle tapylar.
Kelle diňe telpek geýmek üçin däl.
Kellede akyl bolmasa, jan azapda.
Kem işleseň – keserler, ýaltanyp ýatsaň – gysarlar.
Kemsiz ýoldaş gözleseň, ýoldaşsyz galarsyň.
Kenebi nähili bolsa, matasy hem şonuň ýaly.
Kepegini aýan oraga ýeter.
Ker eşidenini biler, kör – tutanyny.
Kerri goýun giç ürker.
Kesekiniň eli bilen ot gorsama.
Keserende kesmeseň, düwün galar içiňde.
Kesewi uzyn bolsa, gol ýanmaz.
Kesilen baş bitmez, bitse-de eýesine haýyr bermez.
Kesmeseň – ganamaz.
Kethudasyny gör, kendini al.
Keýigiň gaçyşyny görüp, etinden el çekdim.
Keýik kowalan güle batar, doňuz kowalan – batga.
Kädiniň boýny bolsa-da, monjuk asylmaz.
Käkelän towuk ýumurtgalaman dynmaz.
Käkilik hernäçe saýrasa-da, höregi daşdyr.
Kämil ynsan kemalyndan belli.
Kän aşym – gowgaly başym.
Kiçi çille: «Ýalkasam – süýt-gatyk iýdirin, Gargasam – kellebaşaýak» diýenmiş.
Kiçi çillede balam bolsaň damma, Uly çillede ganam bolsaň diňme.
Kiçi çillede inçe üzülip, ýogyn sozular.
Kiçi ýüke düýe-de tiz çöker.
Kiçijik daş baş ýarar.
Kiçini uly saýmasaň, ol seni kiçi saýar.
Kiçiniň kiçi azary bar, ulynyň – uly.
Kiçisi bolmadygyň, ulusy bolmaz.
Kim – gaýkyny söýer, kim – küýküni.
Kim dile düşer, kim – üme.
Kim köp ant içse, soňy ýalana ýazar.
Kim tebip, derdi çeken – tebip.
Kime bir söz bes, kime müň söz hebes.
Kime ýagşylyk edýäniňi bilip et.
Kimiň bilen kişisiň, arryk goýnuň döşüsiň.
Kimiň kimdigi, başyňa iş düşende bilner.
Kimiň özüne ýamanlygy bar.
Kireýsiz kilim kakylmaz.
Kiri kir açar, kinäni – söz.
Kirt etse kireýli.
Kişi – kişiniň guly däl, niýet – niýetiň guly.
Kişi çagasyny kişşikleseň-de, durmaz, Öz çagaňy depgileseň-de, gitmez.
Kişi eli bilen gowurga gysymlama.
Kişi eli bilen ot gorsama.
Kişi gaýgysy, ir girip, giç çykar.
Kişi günäsi, kişide durmaz.
Kişi kişä gyz görner.
Kişi maslahatyna çakylyksyz barma.
Kişi ýerine agaç ekseň, biwagt palta sesini eşidersiň.
Kişini kemsideniň özi näkes.
Kişiniň öýünde gapyny çalgylama.
Kişiniň özüne garama, sözüne gara.
Kişiniň palawyndan, öz çorbaň ýagşy.
Kişmiş iýseň, çöpi bar.
Kitap okan magnydan dok.
Kitapsyz okalmaz, merdiwansyz çykylmaz.
Kowsaň öňüňe seret, gaçsaň – yzyňa.
Kowum-garyndaşyň bile iý-iç, ýöne alyş-beriş etme.
Koý balasy mäleý-mäleý köpeler, Gurt balasy uwlaý-uwlaý tükener.
Koý ýylynyň rehneti il-ulusyň bereketi.
Köl balygy – il baýlygy.
Kölegede biten agajyň kölegesi bolmaz.
Kölegesinde it ýatmaz, çanagyna çemçe batmaz.
Kölegesinde oturjak agajyň şahasyny döwme.
Kömekleşen ýow gaýtarar.
Köne dost – eýerli at.
Köne duşman dost bolmaz, gara keçe – ak.
Köne pagta biýz bolmaz.
Köne saman agtarma.
Könesi bolmadygyň, täzesi bolmaz.
Könesini harlan hor bolar.
Könesiz täze bolmaz, ýamansyz – ýagşy.
Köňlüni uly tutan ýerde döwlet bolmaz.
Köňül söýen gözeliň agy-da bolmaz, garasy-da.
Köp aýlansaň, ýykylarsyň.
Köp barma ýanyna duşman adamyň, Bilmesin syryňy, almasyn çemiň.
Köp ber, gözel al.
Köp bil, az sözle.
Köp damjadan köl bolar.
Köp diňlän süýji geplär.
Köp durandan sorama, köp ýöränden sora.
Köp geplän köp ýalňyşar.
Köp gezen köp eşider.
Köp gözlense, ýok hem tapylar.
Köp guduran bir büdrär.
Köp gulan bir agsagyny bildirmez.
Köp gülen, bir aglar.
Köp iýseň bal hem ajy deger.
Köp söz seni il içinde har eder.
Köp sözden kümüş önse, az sözden altyn öner.
Köp sözüň azy ýagşy, az sözüň – uzy.
Köp sözüň soňy – utanç.
Köp üçin aglasaň, gözden galarsyň.
Köp ýagşynyň içine bir ýaman sygmaz.
Köp ýaşan bilmez, köp gezen biler.
Köp ýaşyň arasyna bir garry girse, sähne bolar, Köp garrynyň arasyna bir ýaş girse, dana bolar.
Köp ýatan myhman özüni ýigrendirer.
Köp ýortan bir taýar.
Köpe çapan azdan galar.
Köpe geňeş, bildigiňi et.
Köpegiň guýrugyny keseniň bilen tula bolmaz.
Köpi gidip, azy galan.
Köpi köp saýan, azdan gury galar.
Köplüge daş atylmaz.
Köplük bolup atylan daş uzak gider.
Köplükde hylwat sorma.
Köprüden geçýänçäň, öküze daýy diý.
Köpüň agzy bir bolsa, biriň agzy ýapylar.
Köpüň dilegi köl bolar.
Köpüň köjesi gaýnamaz.
Kör – iýer, köse – gägirer.
Kör hasasyn bir aldyr, iki aldyrmaz.
Kör sermäp tapar, akylly – oýlap.
Kör syçanyňam öz hininde gözi ýiti.
Köre birini berseň, ikini islär.
Körüň ätlän ýeri çukur.
Kötek güýçli bolsa, ýüň gazyk ýere girer.
Külal ommukdan suw içer.
Külden depe bolmaz, gardan – oýuk .
Kümüşçi dostuň bolsa, kümüşden çekijiň bolar.
Kümüşleriň külkesi, asýa unuň belkesi.
Kündük bahasyny ybryk tükeder.
Kutdan turan ýel gudrat.
Kütek pyçak – el keser.
Küýze döwülse, ýama tutmaz.
Kyrk boldy – pyrk boldy.
Kyrk geçitden – bir guduk .
Kyrk guşy gaçyrmadykdan mürüşgär bolmaz.
Kyrk gysymda gysmasaň, bir gysymda gysdyrmaz.
Kyrk ýyl gyran gelse, içinde ajaly ýeten öler.
Kyrk ýyl maýa gezýänçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.
Kyrk ýyl takat çekinçäň, säher gözden ýaş dökgün.
Kyrk ýylky tarpdan, bir ýylky şüdügär.
Kyrk ýylkydan, kyrk günki.
Kyrka çenli köse ýagşy, kyrkyndan soň duýsa ýagşy.
Kyrkyň içinde janyny gaýgyran kapyr.
Kyýamat golaýlasa, dermansyz kesel köpeler.

L[üýtget | edit source]

Laçyn bilen düýe awlanmaz.
Lagnat şeýtana ýaraşar, rehmet – Subhana.
Lalyň diline enesi düşer.
Lebzini ýuwdan – kapyr.
Leglegiň gideni görünmez, geleni görner.
Leglek bilen gar geldi.
Leglek göwnüni tak-tak bilen hoşlar.
Leglek gününi leg-leg diýip geçirer.
Leýsan ýagmyry rehmet getirer.
Lezzet yzzaty bilen geler.
Lälik çaga täze eşige begener, ýetim çaga garnynyň – doýanyna.
Lukma çörek garyn doýurmaz.
Lukmanyň alaç etmedigini Ezraýylyň dergähinden agtar.

M[üýtget | edit source]

Mal adama hem dost, hem duşman.
Mal ajygy – jan ajygy.
Mal – bakanyňky, ot – ýakanyňky.
Mal baýlygy – bir gyşlyk, ýer baýlygy – ömürlik.
Mal ber, mülk al.
Mal bir ýere gider, güman müň ýere.
Mal diýeniň jan ýagysy.
Mal eýesiniň gözünden suw içer.
Mal – hal.
Mal jany gazanmaz, jan maly gazanar.
Mal – mert, eýesi – namart.
Mal ýagşysy – maýa.
Malsyz öý bolar, nansyz öý bolmaz.
Maly bolmadygyň, haly bolmaz.
Maly gazanan baksyn, oduny ýygan ýaksyn.
Maly giden garyp däl, abraýy giden garyp.
Maly paýlasaň dagar, ylmy paýlasaň gögerer.
Maly ýok diýip, dostdan dönme.
Malym – janym.
Malym gitse gitsin, pälim gitmesin.
Malym mal bolýança, bazarym bazar bolsun.
Malyň azy ajykdyr, ýeriň – köpi.
Malyň horany – Hudaýyň bereni, aýalyň horany – Hudaýyň urany.
Malyny it iýer, ýakasyny – bit.
Manysyz gep bolmaz, dänesiz – çöp.
Maslahat bilen atylan daş uzak gider.
Maslahat bilen tutulan toý dargamaz.
Maslahatly biçilen don gysga bolmaz.
Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl.
Maýasyz hamyr ajamaz.
Maýda ýagan gardan gork, gülüp bakan – ärden.
Mejnun kimin ders okan ahyry «Welleýlide» galar.
Mellekçä ýer bereň, ýer eýesini ýerden çykarar.
Men bizar – il bizar, il bizar – Hudaý bizar.
Men gezmen, nesibäm gezer.
Meňki bitsin, seňki ýitsin.
Menlik – melgunyň başyna.
Menlik etseň, melal bar, kemlik etseň – kemal.
Merde bar, merde bar, göç-de, täze ýurda bar, Dok diýip, tilkä barandan, aç-da bolsa gurda bar.
Merde berseň aşyňy, mert hezzetlär başyňy, Ite berseň, aşyňy, it çekelär läşiňi.
Merde ýalbarsaň peseler, namarda ýalbarsaň eseler.
Merduwansyz tam üstüne çykylmaz.
Mert Hudaýdan görer, namart – ýoldaşdan.
Mert serini berer, syryny bermez.
Mert söweşde belli, dana – geňeşde.
Mert ýigitden mert dogar.
Mert ýigitler supra ýaýar, a:t alar.
Mesde akyl bolmaz, gäwürde – iman.
Mesdi haýran, döküldi aýran.
Mesligi goýun göterer, goýnuňam garasy.
Metjidiň gapysy açyk bolsa-da, ite-de uýat ýagşy.
Minara islän minara boýy çukur gazar.
Minnetli asal iýeniňden, minnetsiz kesek iý.
Minnetli okalan namaz ýol almaz.
Minnetli ýagşylykdan gaça dur.
Minnetsiz çörek – baýram çöregi.
Mirasdan ýumruk ýetse-de, al.
Miwe agajyndan daşa düşmez.
Miweli agaja palta degmez.
Miweli agajy kakmasaň, miwesi dökülmez.
Miweli agajyň başy aşak.
Miweli şahany döwmezler.
Miwesiz agaç – odun, ýagyşsyz bulut – tütün.
Mizan çalyp, hazan uran.
Mizanda urmasam, hazanda uraryn, Hazanda urmasam – akrapda, Akrapda urmasam, ahyretde hem urmaryn.
Mizandan soň güýz ýok.
Molla bapdan geçmez, eşek – ýapdan.
Molla bilen köp oturyp-turuşan ahyrda mürit bolar.
Mollada berim bolmaz, gedaýda – şerim.
Mollaly oba – musulman, ussaly oba – abat.
Mollaň almyty, gargaň iýmiti.
Mollanyň diýenini et-de, edenini etme.
Mollanyň garny bäşdir, biri hemişe boşdur.
Mollanyň özi ogurlap, özi ýol tapar.
Möjegiň öýi süňksüz bolmaz.
Möjekden gorkan goýun bakmaz.
Möý bar ýerde kerep bar.
Mugt Buharda ýok.
Muhannes giň ýerde akyl saýynar.
Muňalanyň ýüzi Käbä.
Muňly günüňde-de bugly tagamy taşlama.
Musulmançylyk hem asta-asta.
Musulmançylyk inçe-de bolsa, üzülmez.
Mülk bölünse, tiz dargar.
Müň aýal aglasa-da, bir enäniň ornuny tutmaz.
Müň berişden, bir görüş.
Müň garga bir kesek.
Müň gaýgy bir iş bitirmez.
Müň geçitden bir metjit, müň metjitden bir içit .
Müň gezek «pygamber» diýenden, bir gezek «Hudaý» diý.
Müň gidenden, bir gelen.
Müň goýunlynyň bir goýunla dilegi düşer.
Müň hünärden zerre döwlet ýagşy.
Müň işçiden bir başçy.
Müň nesihatdan bir serenjam.
Müň ýyldyzyň şöhlesi bir Aýyňkyça bolmaz.
Müňe dözen müň bire-de dözer.
Müňküriň göwnünden gitmez gümany.
Mürşit bosaga ýetende, mürit eýýäm törde.
Mürüşgär guşuny tanamasa, guş mürüşgäri tanar.
Mürzeweliň aty ýeser, gamçylacaň, gaýra teser.
Müşderi mal tanasa, käsip aç öler.
Müşderiniň akyly gözünde bolar.
Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol.
Myhman – öý eýesiniň guly.
Myhman doýmadym diýmez, soýmadyň diýer.
Myhman az otursa-da, köp synlar.
Myhman birinji gün – gyzyl, ikinji gün – kümüş, üçünji gün – mis.
Myhman geler işikden, ryzky geler deşikden.
Myhman islänini iýmez, bolanyny iýer.
Myhmana söwüş soýmak ärlikden däl, barlykdan.
Myhmana ýyly çörek bilen garpyz berme, sowuk çörek bilen – sogan.
Myhmany atar, başyňy gutar.
Myhmany erkine goýdugyň, oňa sylag etdigiň.
Myhmanyň gelmegi özünden, gitmegi öý eýesinden.
Myhmanyň itine-de: «Tur!» diýme.
Myhmanyň öňünde aş goý, iki elini boş goý.
Mylaýym kişi salamat gezer.
Mysgal demri deňiz hem göterip bilmez.

N[üýtget | edit source]

Nadan dostdan dana duşman ýagşydyr.
Nadan oglan atasyna öwreder.
Nadan sözledigiçe halyny bildirer.
Nahardan öň elini ýuwmadyk özüni sylamaz, Nahardan soň elini ýuwmadyk – iýen duzuny.
Naharyň bişerine garaşan sowaryna-da garaşar.
Namarda barandan keremli daga bar.
Namarda bir iş müň oý getirer.
Namarda zar bolandan gara derýa gark bol.
Namardyň dünýäsi dar.
Namardyň gany çyksa, jany çykar.
Namart – aş üstünde, mert – iş üstünde.
Namart sözüni jomart diňlemez.
Namaz iş bitirer, iş namazy ýitirer.
Namaz okamaýanyň meýli azanda bolmaz.
Namazdan soňky iş bähbitdir.
Nan – öwlüýä.
Nan – uludan, suw – kiçiden.
Nandan düwünseň, suw iç, suwdan düwünseň, ýag iç, Ýagdan düwünseň, kepeniňi biç.
Nany tamdyr gyzanda ýap.
Ne çiş köýsün, ne kebap!
Ne gazygy bar, ne ýatagy.
Ne getirenden, ne oturandan.
Ne hamyr, ne petir, ne toýa ýarar, ne – ýasa.
Ne sakgala minnet, ne-de murta hyzmat.
Nebis bir zalymdyr, şeýtan bir – gäwür.
Nep getirmez – gep getirer.
Neşekeş ýülünmez, ýülünse-de, galynmaz.
Nesibe başçy, biz goşçy.
Nesibe bir erkeç bolar, tartsaň geler, dursaň durar.
Nesibesiz – tapar, nesibeli – ulanar.
Nesihat gerek bolsa, ýalta iş buýur.
Nesip, nireden gelýäň? Agzaladan. Nesip, nirä barýaň? Agzybire.
Nesipden ýokary zat ýok.
Nesipsiz lukma iýilmez.
Nesýe guýrukdan nagt öýken.
Nähak gan ýerde ýatmaz.
Nähak töhmet – biwagt ölüm.
Näkesden pis görme, ýamandan – bedgat.
Näkesiň işi minnet bolar.
Näletkerde ogluň garamaty atasyna ýeter.
Näletkerde ogul dogdy-dogmady.
Nämäni görmeseň, şol gowy.
Nämäni har tutsaň, şoňa-da zar bolarsyň.
Näme berseň eliň bilen, ol-da gider seniň bilen.
Näme ekseň, şony-da orarsyň.
Nire daş, bosaga daş.
Nirede gotur bolsa, gara çybyn şoňa gonar.
Nirede syzy (agyry) bolsa, çekýän biler.
Niýet – haýyr, akybet – haýyr.
Niýetiň näme bolsa, myradyň şonda.
Nogsansyz dost gözlän dostsuz galar.
Nowruz geçiň şahyny ezse, hasyla garaş.
Nowruz geçmän, dertli dertden sabamaz .
Nowruz gelse, buz durmaz, halady geçen – gyz.
Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň – ýaz.
Nowruzyň gaýynda, togsanyň haý-haýynda.
Nyrhsyz giren muzdsuz çykar.

O[üýtget | edit source]

Oba göçjek diýip, odunyňy tüketme.
Obadaşym – babadaşym.
Obasy abadyň, kowumy-da salamat.
Oda gelen aýalyň otuz agyz sözi bar.
Odun diýeniň çöp bolar, çöpläberseň, köp bolar.
Oduň damagyna odun çydamaz.
Oduň gadyryny üşän biler, odunyň gadyryny – daşan.
Oduň öňünden, siliň soňundan.
Odunyň – gurusy, suwuň – durusy.
Odunyňy aýama, nanyňy söýeme.
Ody gozgasaň, öçer, goňşyny gozgasaň, göçer.
Ody ölçermez, kesewisini köýdürer.
Ody özüňe bas, ötmese kesekä.
Ody uçgun mahaly bas.
Ody ýaka bilmez, kesewini örtär.
Oglan – ata, gyz – enä.
Oglan aglar, tudana wagtynda bişer.
Oglan atadan öwrener saçak açmagy, Gyz eneden öwrener geýim biçmegi.
Oglan bile uşagy, är aýagynyň duşagy.
Oglan dogur, gyz dogur, hamyryňy sen ýugur.
Oglan enesi gapy arkasy, gyz enesi ýassyk gabasy .
Oglan – ojakda, aýran – bujakda.
Oglan oýna gider, çopan – goýna.
Oglan turar, atasyna garar.
Oglana degen uýalar.
Oglana ýumuş buýur, yzyndan özüň ýüwür.
Oglana ýüz berseň, ýüzin düşer.
Oglanly öýde odun durmaz, gyzly öýde – suw.
Oglanly öýde ogurlyk ýatmaz.
Oglanlykda ekdigim, garrylykda ordugym.
Oglanlynyň aş mazasy ýok, sygyrlynyň – göç.
Oglansyz öý – otsuz ojak.
Oglany atasy tanar, aty – eýesi.
Oglany eklän biler, aty – saklan.
Oglany iki gol bilen saklarlar, gyzy – bir gol bilen.
Oglany urma, sökme, geplet.
Oglum gowy bolandan, gelnim ýakymly bolsun.
Ogluň ýetişse, gyzy ýagşy bile obadaş bol.
Ogly akylly, gyzy görkli ýigide döwlet dälmidir, Ogly akylsyz, gyzy görksüz ýigide mähnet dälmidir.
Ogly baryň aladasy bar.
Ogly baryň özi bar, gyzy baryň – yzy.
Ogly bolan adam altyn tabakdan aş iýer.
Ogly oduna gidende atasy dona sygmaz.
Ogly ýamanyň enesi köçede gezer.
Ogly ýoguň orny ýok, gyzy ýoguň – gadyry.
Ogrudan ogurlamak – halal.
Ogry – azar, dogry – ozar.
Ogry baýnamaz, ýalançy ýaýnamaz.
Ogry dogrulykdan gep urar.
Ogry galanyna ýanar, öý eýesi – gidenine.
Ogry güjük gorkak bolar.
Ogry güjük gündiz ýatar, gije gezer.
Ogry ojagyňdan turmasyn.
Ogry pişik taýaga bakanyňdan gaçar.
Ogry saly gowşak.
Ogry-da özüne osar, orramsy-da.
Ogryn buga gelen äşgär guzlar.
Ogryň ýoly bir, kowgyň ýoly ýüz.
Ogrynyň orny-da bolmaz, düşegi-de.
Ogul atadan görmese, supra ýaýmaz.
Ogul dogsa, sagdak al, gyz dogsa – sandyk.
Ogul düzde ýagşy, gyz – öýde.
Ogul edebi bilen arzyly, gyz – gylygy bilen.
Ogul-gyz janyňa ýagydyr ýagy, Ýagysyz dünýäni nädeýin dagy.
Ogul – hyzmatda, ata – yzzatda.
Ogul iýer – örä gider, gyz iýer – gyra gider.
Ogul ojaga çeker.
Ogul öýüň eýesi, gyz üstüň saýasy.
Ogul ýanynyň ody bar, gyz ýanynyň –ýady.
Oguldyr döwletiň başy, gyz-da bolsa göwün hoşy.
Ogulla ölüm ýok.
Ogully alynça ýalbarar, gyzly – ölinçä.
Ogully ýigit ölmändir, ogulsyz ýigit dogmandyr.
Ogulsyz ojakda ot ýanmaz.
Ogulsyza döwlet ýok, aýalsyza – eşret.
Ogurluk soňy – horluk.
Ogurlyk bolsa-da, aýap iý.
Ogurlyk eden uýalmaz, üstüne gelen uýalar.
Ojak başy ogulsyz, saçak başy gelinsiz.
Ojak içinden tutaşar.
Okadym diýme, bildim diý.
Okamak – iňňe bilen guýy gazmak.
Okaman molla bolan, çokman garga bolan.
Okan namazy ürküzen gurbagasyna degmez.
Okaýan il ozar, okamaýan il tozar.
Okuwa garrama ýok.
Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa, habarym ýok.
Ol öýüň yşygy bu öýe düşmez.
On bolsa-da, hersiniň orny başga.
On iki ymama ýalbarandan, bir Alla ýalbar.
Oňmasaň – öýlen.
Oňmazyň iti ogry gidenden soň üýrer.
Oňşuk – bir, oňalga – iki.
Ony goltugyna alan otuzy aýasynda tutar.
Oraçalynyň işigi-de özüniňki, töri-de.
Oragy orlup, hoşasy galan.
Orakdan soň – hoşa.
Oranyň saman bolsa, harmanyňdan petir çykmaz.
Orta ýaşda aýalyň ölmesin, ara ýolda malyň galmasyn.
Osal bolsaň asarlar, ýuwaş bolsaň basarlar, Ortamiýana bolsaň, il agasy ýasarlar.
Oslagsyz zyňlan daş baş ýarar.
Ot agyzly, orak dişli.
Ot astynda bela galmaz.
Ot belasyndan, suw belasyndan.
Ot bilen suw dilsiz ýagy.
Ot bolmadyk ýerde, tüsse bolmaz.
Ot – dokluk, suw – semizlik.
Ot köýdürer, ýer doýdurar.
Ot odundan doýmaz, baý maldan.
Ot öz köküniň üstünde biter.
Ot sowurýan agzyň orak ýaly dili bardyr.
Ot tütünsiz bolmaz, ýigit – ýazyksyz.
Otda bişen, tüsseden gorkar.
Otda ýanmaz, suwda batmaz.
Otdan kül dogar, külden – ot.
Otsuz gazan gaýnamaz, enesiz oglan baýnamaz.
Otuň gaýgysy dagyň başynda, Iliň gaýgysy han-begiň başynda.
Oturan – gümra, gezen – derýa.
Oturan orun alar, ýörän – ýol.
Oturyp odun kesilmez.
Otuz iki dişden çykan otuz iki mähellä ýaýylar.
Otyrýeri kül üstünde, göwni Kap dagynda.
Owadan gelin toýy bezär, akylly gelin – öýi.
Owal oýla, soňra söýle.
Owaly bulut bolsa, soňy ýaz.
Owlak dogsa, oty bile, ogul dogsa ody bile.
Owuçlap içeniň suwsuzlygy gandyrmaz.
Oýnagyň o:t bolsa, bir ýeriňi ýakarsyň.
Oýnan utjakdyr, göreşen ýykjakdyr.
Oýnap aýtsaňam, oýlap aýt.
Oýnap ekseň, boýnap biter.
Oýnasa ogly ýeňer, çynyrgatsa – atasy.
Oýny götermeýän bilen oýun etme.
Oýun bilmeseň, oýunça öýkün.
Oýun bir, maza iki.
Oýun soňy – uruş, ýel soňy – ýagyş.
Oýunçy utulanyny bilse ýagşy.
Ozal birdi hiňňillik, iki boldy şiňňillik.
Ozal işe başlama, başladyňmy taşlama.

Ö[üýtget | edit source]

Ökünçsiz ölüm ýok.
Öküz öldi, ortakçylyk sowuldy.
Öküz öler, hamy galar, ýigit öler, namy galar.
Öküze bil gerek, atyza – çil.
Öküzi buýnuzyndan tutarlar, adamy – sözünden.
Öküziň iýmini iýip, tananyň ýatagynda ýatma.
Öküziň oýny ýaman, düýäniň – boýny.
Öl tezek, gury tezek, her kime geler gezek.
Öl-ä aýan, dir-ä güman.
Ölçemän don biçme, boýlaman suwdan geçme.
Ölegen malym öregen.
Ölen gaýdyp gelmez, aglamak bilen.
Ölen goýun gurtdan gorkmaz.
Ölen sygryň süýdi datly .
Ölen-ä ölüp janyny gutardy weli, waý galanyň halyna.
Öleni-hä öleni, gözüni garga çokmasy näme?
Öleniň yzynda ölüp bolmaz.
Öler ada – galar at.
Ölermeniň gözi ýaman, şerraýyň – sözi.
Öli arslandan diri syçan ýagşy.
Öli aýatdan doýmaz, diri – hezzetden.
Öli dagy çekilse-de, diri dagy çekilmez.
Öliniň wesýeti özi bilen gider.
Ölme eşegim, ýaz çykar, ýorunja dyzdan bolar.
Ölme-de, ýit diýenleri.
Ölmedige ömür köp.
Ölüm – Allanyň buýrugy.
Ölüm «Depede synçy goýdum, gapyda diňçi goýdum» diýenmiş.
Ölüm barlynyň malyny saçar, ýoklynyň aýbyny açar.
Ölümden başgasynyň alajy bolar.
Ölümden uýat ýaman.
Ölümden-de beter kişi minneti.
Ölüp ýeten öýkenim, darap ýeten dalagym.
Ölüsi bolan bir gün aglar, dälisi bolan – her gün.
Ölüşiňe görä gömüşim.
Ömrüňden iki gün galsa at al, bir gün galsa – aýal.
Ömür direlmez, göwün direler.
Ömür görki – bagt, ejir emi – wagt.
Ömür – öwreder, mähnet – baýadar.
Ömür uzar, görk tozar.
Ömürýoldaşyň malyna bakma, mährine bak.
Öň gelen – orun üçin, soň gelen – garyn üçin.
Öň uranyň dähsirisi artyk.
Öňi ýagty bolan, özgelere çakyşmaz.
Öňki araba nirden ýörese, soňku-da şondan ýörär.
Öňki göçüň azaşanyny yzyndaky biler, Ýoldaşynyň ýalňyşyny – ýanyndaky.
Öňüm gelenden, soňum gelsin.
Öňümde ajy goýduň, arkamda diňçi goýduň.
Örtener bolsaň, ölüňi agtar.
Örtülgi supranyň bir aýby bolar, açyk supranyň – müň aýby.
Örtüli bazar dostlugy bozar.
Ötegçiniň gepi öldürmezem, güldürmezem.
Öten günüň belgisi ýok, daz börügniň ülňüsi ýok.
Ötene ökünme, gelenden çekinme.
Öteni sözlinçäň, täzäni gözle.
Ötmez ömür bolmaz, dönmez döwür.
Öweni öküz, syndyrany sygyr.
Öweý ene dyndarmaz, gar suwy gandyrmaz.
Öweý ene ötden ajy.
Öweýiň ady gursun, onda-da ýady gursun.
Öwrenen gylyk örkleseň-de durmaz.
Öwrenişen ýagyň uruşmaga ýagşy.
Öwrenje elini diňlär, ussat – paýhasyny.
Öwrenmek bir hünär, öwretmek iki hünär.
Öwünjeňiň ardy açyk.
Öwüt ber, öwüt alana, nesihat ber, gulak salana.
Öwüt – bizden, edep – özüňden.
Öwüt gulakda galmaz.
Öý eýesiniň bir öýi bolar, kireýçiniň – müň öýi.
Öý görki – gamyş, gyz görki – kümüş.
Öý içiniň syryny köçede ýaýma.
Öý ogrusyna it üýrmez.
Öý ýaraşygy – çaga, supra ýaraşygy – myhman.
Öýdäki gaýgym, daşardaky şatlygym.
Öýdäki hasaby bazar bozar.
Öýdäki hasap ýola ýaramaz.
Öýde otursam – boýdaşym, daşary çyksam – ýoldaşym.
Öýe gelene öýkäňi aňdyrma.
Öýe o:t girdi, gut girdi.
Öýi – öwlüýä, aýaly – müjewür.
Öýi arkasynda, çemçesi bilinde.
Öýkäň öý ýaly bolsa-da, öýüňe gelende aýtma.
Öýke – duşmanyň, akyl – dostuň.
Öýkeläniň paýy süýji.
Öýkelege bir gep az, iki gep kän.
Öýkeleseň ökün-de, raýyňdan gaýt.
Öýkesiz toý ýok, armansyz – ölüm.
Öýleden soň it ýatar, itden soň – bidöwlet.
Öýlenmedik ýigit il giýewi, çykmadyk gyz il gelni.
Öýüm bar – ülkäm bar, daýym bar – dünýäm bar, atym bar – kuwwatym bar.
Öýüm kepbe bolsa-da, nanym ketde bolsun.
Öýüň işi öýden uly.
Öýünde ýok köjelik, nämäňe gerek hojalyk?
Öz arrygyn har eden kişi arrygna zar bolar.
Öz aýagyňa – özüň palta urma.
Öz aýby – arkasynda, kişi aýby – öňünde.
Öz borjuny ödemedik öküner, il ýanynda dili gysga saky-nar.
Öz ekeniň doýumlyk, kişi bereni dadymlyk.
Öz elim, öz ýakam.
Öz eşidesiň gelmeýän gepiňi özgelere-de aýtma.
Öz gadyryny bilmedik, il gadyryny näbilsin.
Öz gazan çukuryňa özüň düşersiň.
Öz içiňde ýatmadyk gep halkyň içinde-de ýatmaz.
Öz kölegäň ölünçäň yzyňdan galmaz.
Öz öýüm, çorbaly gözüm.
Öz öýüm – ölen düşegim.
Öz öýüň bosagasy – jennet.
Öz öýüne gulluk eden uly ile beg bolar.
Öz saçyň özüňe agyrlygy ýok.
Öz söýeniň özüňe suluw .
Öz söýeniň özüňe, hüýr görner gözüňe.
Öz töründe özi töre.
Öz ýagdaýyny özi bilen hor bolmaz.
Özgäň syryny saňa aýdan seniňem syryňy özgä aýdar.
Özgäni hoşbagt edeni betbagt saýma.
Özge ýerde soltan bolandan öz iliňde oltaň bol.
Özgeden utanmasaň hem, özüňden utan.
Özi adam bolana biziň öýde aş bolar, Özi adam bolmadyga biziň öýde daş bolar.
Özi aýdyp, özi gülse – diwana, Özi aýdyp, kişi gülse – dürdäne.
Özi gazanmadyk malda gadyr ýok.
Özi geleniň gadyry bolmaz.
Özi sözläp, kişi gülen haýran ýigit, Özi sözläp, özi gülen weýran ýigit.
Özi ýykylan aglamaz.
Özi ýykylanyň özi turar.
Öz-özüne beglik eden özüne gulluk eder.
Özüni öwen – akmak, aýalyny öwen – gurrumsak.
Özüni öweniň tanapy çüýrük.
Özüň nähili bolsaň, ilem şonuň ýaly.
Özüň näme diýseň, gulagyň-da şony eşider.
Özüň özüňe baha berme, il saňa baha bersin.
Özüň suwara bolsaň, eşek hem çaparsyň.
Özüňde bolmadyk, älemde ýok.
Özüňden beýigi göreniňde pikir et, pesi göreniňde şükür et.
Özüňden önen balaýa, kime bararsyň nalaýa.
Özüňden uly bilen oýnap sözleşme.
Özüňe rowa görmedigiňi, özgä-de görme.
Özüňi süýt bil, dostuňy – gaýmak.
Özüňi ýorulan hasap etseň, ýoldaşyňy öldi bil.
Özüňki janyňdan öter, özgäňki – ýanyňdan.
Özüňkiň bir gapdaly ajy-da bolsa, bir gapdaly süýji.

P[üýtget | edit source]

Pada azaşmaz, padyman azaşdyrar.
Pada bakanda dostduk, hada çapanda aýrylyşdyk.
Pakyr kişi – penada.
Pala ynanma, palsyz-da bolma.
Palaw iýseň daş tabakdan, uky geler gaş-gabakdan.
Palawa – kepgir, çorba – petir.
Palçyk bile – ymarat, nesip bile – zyýarat.
Pallaý-pallaý jan gider, asgyraý-asgyraý jan geler.
Parçasy tikesiz, çöregi kökesiz.
Parhyny bilmeze ýarma-da bir gowurma-da.
Pataça ýol garşy.
Paý bereniň betine bakma.
Peltesiz çyra ýanmaz, hünärsiz ile ýaramaz.
Peri bilmedigini garry biler.
Perzende ata gorgan , ene – gurban.
Perzendiň näçe bolsa, ýüregiňem şonça.
Perzent akyly ýa başdakyda bolar, ýa ýaşdakyda.
Perzent ýagşy bolsa, ata rehmet, ýaman bolsa – nälet.
Perzent ýagşysy gül, ýamany bir pul.
Pes bolsaň, öwlüýä bar, mes bolsaň – bazara.
Peşeçe duşmanyňy pilçe gör, Petir nan go:rdan gorkmaz, ýaman heleý – ärden.
Petir, meni menzile ýetir.
Peýdasy topukdan, zyýany dyzdan.
Peýdasyz perişdeden aşna döw ýagşy.
Pähimsiz batyr gola düşer.
Päl azman, başa bela gelmez.
Pil bilen peşäň işi deň gelmez.
Pir azman mürit azmaz.
Pir azsa, mürit gönderer.
Pir-de öz ýoluna, hoja-da.
Pirim has – yhlasym bes.
Pis agyzdan pis söz çykar.
Pis pisi tapar, suw – pesi.
Pişigiň arkasy ýere degmez.
Pişigiň ýüwrükligi samanhana çenli.
Pişik bokuny tiz gömer.
Pitiwany günäsine görä bererler.
Pitnelikde janyňy sakla, salamatlykda – malyňy.
Polat polady deşmez, jöwher jöwheri kesmez.
Polat synar, ýöne döwülmez.
Pukaranyň aty nan, ýüreginiň kuwwaty nan.
Pul bermez, bazar saklar.
Pul bilen imanyň kimdedigi bilinmez.
Pul boldy – kül boldy.
Pul bolsa, jeňňelde çorba.
Pul gapydan girende, iman tüýnükden çykar.
Pul gören wagty hakykat agzyny ýumar.
Pul püçege döner, ýüň – ýumaga.
Pul puly tapar, mal – maly.
Pul puly tapar, şerigat – ýoly.
Pul tapsaň, sanap gör, dost tapsaň – synap.
Pulla – bazar, pulsuza – mazar.
Pulum-da ýok, dilim-de.
Puluň bolsa, pil münersiň.
Puluň bolsa gapjykda, işiň biter her çakda.
Puluň gidenine bakma-da, işiň bitenine bak.
Puly baryň agzy çeýnär, puly ýoguň gözi oýnar.
Puly gara günüň üçin sakla.
Puly gazanmak aňsat, saklamak kyn.
Puly ýoguň dili ýok, gözi ýoguň – ýüzi.
Puşman – özüňe duşman.
Pygamber awy ýedi towşan.
Pyýada gözi bilen at alma, dul gözi bilen – aýal.

R[üýtget | edit source]

Rahat arasaň, mazara bar.
Rastyny aýdan gutular, ýalan sözlän tutular.
Ruzygär sen bilen dolanyşmasa, sen ruzygär bilen dolanyş.
Rysgal geler diýip oturan aç galar.
Rysgaly agzyna gelen guş semrär.
Rysgalyňda bolsa, çomuşda çykar.
Rysgalyňy sat, röwşen al, galanyna-da – sabyn.
Rysgalsyz kelle görde ýagşy.
Rysgalym bir okdur, her ýere düşer.

S[üýtget | edit source]

Sa:banda saýraşsaň, yndyrda yňraşarsyň.
Sabyr – ajy, miwesi – süýji.
Sabyr – müşgil işleriň açary.
Sabyr – sogabyň dogany.
Sabyr daşy – takat daşy.
Sabyr düýbi – sap altyn.
Sabyr eden, myradyna ýeter.
Sabyr edenler, gara dagy ýer eder, bisabyrlar haýyr işi şer eder.
Sabyr etseň, tal horadan bal damar.
Sabyr sary altyn – saralan ýeter myrada, howlugan galar uýada.
Sabyrly gul dura-dura şat bolar, bisabyr gul dura-bara mat bolar.
Sabyrly ýigit aşa ýeter.
Sabyrlylyk haýra geti:r, bisabyrlyk şere ýeti:r.
Sabyrlynyň alçasy bişer.
Saç agarmak ata mirasy, sakgal agarmak aýal belasy.
Saç sapadan uzalar, dyrnak – jepadan.
Saçaga seredenden dost bolmaz.
Saçak başynda eliňi çek, märekede – diliňi.
Saçy – sübse, eli – kesewi.
Saçy uzynyň – ýüregi ýuka.
Sadaka belany gaýtarar, toba – günäni.
Sadakada san ýetmedik.
Sadakasyna ýaraşa – sogaby, sözüne ýaraşa – jogaby.
Sadyk dost garyndaşdan has ýakyn.
Sag – sagynç, sol – begenç.
Sag al, saýry çyksa bagtyňa.
Sag armyt sapagyndan düşmez.
Sag başym – soltan başym.
Sag eliň berenini sol eliň görmesin.
Sag eliň sol ele haýry ýok.
Sag sagynýança, däli suwdan geçer.
Sag sagynýança, däli ogluny iki öýerer.
Sagalsam – häkimdirin, sagalmasam – men kimdirin?
Saglygym – begligim.
Saglygynda kör enem, ölende badam gözli.
Saglyk – baýlyk.
Saglyk isleseň – köp iýme, hormat isleseň – köp diýme.
Sagynman sözleme, sanman uçarsyň.
Sagyp içseň – müň günlük, soýup iýseň – bir günlük.
Sahy berenini aýtmaz, mert sözünden gaýtmaz.
Sahy hor bolmaz, bahyl behişte barmaz.
Sahy malyndan geçer, mert – janyndan.
Sahy öter nany bilen, şehit öter gany bilen.
Sahy ýoklugyny bildirmez, tulpar – doklugyny.
Sahynyň gapysy açyk.
Sahynyň malyna bahylyň dişi gamaşar.
Sakaw geplemsek bolar, agsak – ýöremsek.
Sakawyň soňuna seret.
Sakgaldan aýryp, murta goýma.
Sakgaly agardýan – alada.
Sakgaly gür geňeşe bolmaz, ýaly gür – ýaryşa.
Sakgaly ýok, murty ýok – dünýäden umydy ýok.
Sakgalyň her gylynda müň perişde ýatarmyş.
Sakla samany, geler zamany.
Saklanan sag galar.
Saklandan aňtan ýeňer.
Saklansaň saklaryn, saklanmasaň, kaklaryn.
Saklasaň ömürlik, saklamasaň günlük.
Saklaýyn diýseň özüňi, ýamanda ýum gözüňi.
Saklygy sokurdan öwren.
Salamsyz girene uýat, jogapsyz – çykana.
Salamyň nähili bolsa, jogabyň hem şonuň ýaly.
Saman aýdar: «Galdyr meni, ýaramasam ýandyr meni».
Saman kişiniňki bolsa-da, samanhana özüňki.
Saman tüssesi göz çykarar.
Samsygy hoşamat harap eder.
Samsygyň dälirär gorkusy ýok.
Samsygyň düwen düwünini sag çözüp bilmez.
Samsyk atasyna azap, enesine – güzap.
Samsyk söze – samsyk gulak.
Sanalgy günüň salymy ýok.
Sangysyz dil nämäni diýmez!
Sangysyz uçan guş, gonalgasyny ýaňylar.
Sanly pul durumsyz bolar.
Sapak sapsaň, ujuny düw.
Sapar aýy – hatar aýy.
Sapara çyksaň, ýoldaş köp.
Saparda berseň, taparda alarsyň.
Sargyt bile zyýarat kabul bolmaz.
Sary donlym sag bolsa, sallanyp geler sary gyz.
Sary towuk saman seçer, öz aýbyny özi açar.
Sarydyr-surudyr, saryýagdan durudyr, Garadyr-guradyr il içinde töredir.
Saryýag – däri ýag.
Satdy – ýitdi, aldy – bitdi.
Satmajaga satdyrsa bolar, almajaga aldyryp bolmaz.
Satmak – hünär, almak – synar.
Satyn al, saýry çyksa, bagtyňdan.
Saýa düşen ýerde ekin bitmez.
Saýa garap, boý ölçeme.
Saýak ýöreseň, taýak bar.
Saýany ekmedik, salkynda ýatmaz.
Sebäp bilen sebet araba müner.
Sebäpsiz çöp başy gymyldamaz.
Segsen günde sapakda, togsan günde tabakda.
Segsen, togsan – bu gün barsyň, erte ýoksuň.
Selki suwda belli, çaman – ýolda.
Sellesini al diýse, kellesini alar.
Semiz aýagy sekiz, guzusy ekiz.
Sen aga, men aga, sygyrlary kim saga.
Sen bolmasaň, Senem jan.
Sen diýene serent berip oturma.
Sen gulaga mysapyr bol.
Sen nesibäňi gözle, manadyň özi geler.
Sen özüňe dost gazan, duşman ojak başynda.
Sen sylasaň garryny, Taňry sylar baryňy.
Sen ýeri ýer etseň, ýer seni ner eder.
«Sen-de» bir agyzdan çykar – «siz-de».
Senden – hereket, menden – bereket.
Senden hem öter bu baýlyk, menden hem öter gedaýlyk.
Senden-ä bagyr awusy gitmez, menden hem – guýruk.
Senet – eliň altyn bilezigi.
Seniň iýýän hurmaň baldagy meniň jübimde.
Sepilmedik tohum gögermez.
Seplini alma, neplini al.
Serçe daga gonsa-da, dagyň ondan habary ýok.
Serçe semräp, batman çykmaz.
Serçe soýdursaňam, gassaba soýdur, petle goýdursaňam, ussa goýdur.
Serçeden gorkan dary ekmez.
Seresaplylyk – akylyň ýarysy.
Seriňi ber, syryňy berme.
Sessiz ýapyşan itden gork.
Seýilem bir seýil, sergezdançylygam.
Seýrek elek günde gerek, syk elek – toýda.
Säheriň ýalawy, agşamyň palawy.
Sil gider – suw galar, ýalpak ýerde – gum.
Sil öňündäki kötük tutdurmaz.
Siňek öl ýere gonar.
Sirke dilemäge-de usul gerek.
Sişenbede silkinme.
Sogany mert artsyn, käşiri – namart.
Soganyň düýbi-de ajy, başy-da.
Soltan süýegini harlamaz, çapar atyny horlamaz.
Soň gelen aşa batyr.
Soň gelen sojap geler, bagröýkeni – ajap.
Soňky puşman – öte duşman.
Soňky tüýkülik sakgal ezmez.
Soňuny saýan batyr bolmaz.
Sopy – pirinden, aýal – ärinden.
Sopy sogan iýmez, tapsa gabygyny goýmaz.
Soralmadyk zadyňy orta atma.
Soran Käbäni tapar.
Soranyň bir ýüzi gara, bermedigiň – iki ýüzi.
Sorap berenden urup ber.
Soraşan daglary aşar, soraşmadyk düzde çaşar.
Sowandan sowul.
Sowgat – sowgat dilär.
Sowugyň gamçysy – ýel.
Sögsem bir ýalňyz, sögmesem bir ýalmawuz.
Sök aşa ynanyp, alys gitme.
Sölite suwda belli, sergazdan – odunda.
Sönen ojak ýylatmaz.
Söwda et-de, ataňy ut.
Söwda küşat – ömür zyýat.
Söwdanyň dosty bolmaz.
Söweş güni goç ýigitde müýn bolmaz.
Söwür gelmän, seýran bolmaz, seýran bolman – aýran.
Söýdüren-de dil, köýdüren-de dil.
Söýen aýal ýoluňa bakar, söýmedik goluňa.
Söýene soltan sen, söýmedige – oltaň.
Söýenenim gara dag, gara daga gar ýagdy.
Söýenimiň göwni üçin söýmezimi söýerin.
Söýeniň gözi perdeli.
Söýeniňi alma, söýeni al.
Söýenişen ýykylmaz, ýalanyşan aç ölmez.
Söýgi – durmuş manysy, sabyr – ömür hazynasy.
Söýgi görk islemez, uky – ýassyk.
Söýmäge deň oglanym, söýenmäge kem oglanym.
Söýmedige süýkenme.
Söýmez oglana ýurt galar.
Söz aňmaza söz aýtsaň, düşünibilmez, lal bolar.
Söz bar halk içinde, söz bar hulk içinde.
Söz bilen dünýä dolar.
Söz eýesi – gulak, suw eýesi – bulak.
Söz görki – nakyl, bilene – akyl.
Söz kitüwi tapar, suw – ötügi.
Söz uýasyny tapar, mal – eýesini.
Söz ýagşynyň dilinde – ýagty, ýamanyň dilinde – garaňky.
Söz ýakmaz degirmen gurar, myhman söýmez oglanyny urar.
Söze ussa – işe hassa.
Sözi paýhas bezär, sazy – sungat.
Sözi söze ogşamaz, agzy sözden boşamaz.
Sözi ýa çagadan eşit, ýa danadan.
Söz dogrusy demir diler.
Sözüň gaýtjak ýerinden özüň gaýt.
Sözüň köpünden azy ýagşy.
Suratyna bakma – syratyna bak.
Susak sapy elinde, ilde ýok söz dilinde.
Suw – dilsiz ýow.
Suw – akan ýerine, bagt – bakan ýerine.
Suw akar – daş galar, garry gider – ýaş galar.
Suw akar – göz bakar.
Suw bar ýerde laý hem bar.
Suw bendinden baglanar.
Suw bermedige süýt ber.
Suw berseň, akary bilen, mal berseň, bakary bilen.
Suw gaýnap goýalmaz, ýaman hiç wagt oňalmaz.
Suw getirenem bir, küýze – döwenem.
Suw gezegini beren ýyl ajy galar, tamdyr gezegini beren – gün ajy.
Suw görmän, tamman çykarma.
Suw her zady päklär, ýüzi päklemez.
Suw köp ýatsa ajar.
Suw küýzesi suwda synar.
Suw şagyrdysyz bolmaz, ata – wagyrdysyz.
Suw sakasyz bolmaz, don – ýakasyz.
Suw seňrikden geçensoň, puşeýmandan ne peýda.
Suw seslener gamyş bilen, gyz beslener kümüş bilen.
Suw ýatar, duşman ýatmaz.
Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp – il.
Suwa aryk, ýola çaryk.
Suwa giden saman çöpünden dalda gözlär.
Suwa giren gury çykmaz, göre giren – diri.
Suwa söýenme, gäwüre ynanma.
Suwda gezen sonalar köl gadyryny näbilsin, Ärli gezen bikeler är gadyryny näbilsin.
Suwdaky balygy satyp bolmaz.
Suwly ýer – gül, suwsuz ýer – çöl.
Suwsana salgym suw bolup görner.
Suwsuz äkidip, suwsuz getirer.
Suwsuz ýer – gysyr mal.
Suwsuz ýeriň – oty eýesiz, ogulsyz öýüň – maly.
Suwuň siňňin akanyndan gork, gyzyň – ýere bakanyndan.
Suwy bar, hasyly ýok.
Suwy sep – siňer ýere, sözi aýt – sygar ýere.
Süleýman hem bolsaň, mura gulak sal.
Süri agsaksyz bolmaz.
Süri öňüni serke çeker.
Sürüden aýrylan goýny gurt iýer.
Sürüli goýun gyrlar, gotur geçi baş bolar.
Sürýäni dört tokly weli, sykylygy ýer ýarar.
Süýde siňe seretseň, gan görner.
Süýji aşyň bolmasa, süýji diliň bolsun.
Süýji söz – baldan artyk.
Süýji söz – ýylany hininden çykarar.
Süýji-süýji iýmegiň, ajy-ajy gägirmesi bardyr.
Süýjüniň gadyryny ajyny dadan biler, Ýakynyň gadyryny uzaga giden biler.
Süýtde agzy bişen, suwy üfläp içer.
Süýthoruň öýüni, bathor ýykar.
Süýtlaş bişen öýe süýkenip öt.
Süýtli sürüden çykmaz.
Süýtli sygyr bazar görmez.
Süýtsüz sygyr süsegen bolar.
Syçan görende peleňe dönýän pişik peleň görende syçana döner.
Syçandan bolan torba keser.
Sygryň guýrugynda pyçak döwme.
Sygryň şahyna ursaň, endamy syzlar.
Sygryň süýdi agzynda.
Sygyr ogurlan gutuldy, ýüpüni ogurlan tutuldy.
Sygyr şahyndan azar, eşek – duşagyndan.
Sygyr suw içinde, höjegi buz ýalar.
Sygyr synag bilmez, eşek – sylag.
Sygyrly öýde sul bolmaz.
Sykylyk atanyň bilen sygyr semremez.
Sylag etseň eşege, hyzzyn urar duşaga.
Sylag-hormat ýerinde gyzyldyr.
Sylagyň bir ýany gorky, agajy ýola getirýän kerki.
Sylamaga puluň bolmasa, sypamaga eliň bolsun.
Sylasaň, sylag görersiň, gynasaň – gynanç.
Sylany syla – ataň guly däldir, Sylamadygy sylama – şadan uly däldir.
Sylanyňy sygyr bilmez, sypanyňy – eşek.
Sylasam – pirim, sylamasam – birim.
Sylaşmadyk dogan, syr aýtmaz duşmana deň.
Synalan ýamany gaýta-gaýta synama, Asly çamany urup-urup gynama.
Synalmadyk dost – döwülmedik hoz.
Synan el boýundan asylar.
Syndyrmaga hozum bar, ýyrtmaga – biýzim.
Sypanan – galpyldar.
Sypaýy bilen dostam bolma, kastam.
Sypaýy syryny bermez.
Sypaýy üşemez, galdyrar.
Syr açandan il gaçar.
Syr alyşmaga dost ýagşy, sylaşmaga – ýat.
Syr saklamak diliň aşagynda köz saklamak.
Syr ujuny syr açar.
Syrçaly gabyň syrçasy gitse-de, sarpasy gitmez.
Syrdaş bolmadyk dostdan dost bolmaz.
Syrtlan iýjek süňküni syrtyna çenäp iýer.
Syryňy aýtma dostuňa, saman dykar postuňa.
Syryny bilmedik atyň syrtyny sypama.

Ş[üýtget | edit source]

Şa bakdy – Huda bakdy.
Şa emri – wajyp.
Şa-da öz ýolundan, Musa-da.
Şadyýan ýürek – ýüzi güldürer, Gamgyn ýürek – meňzi soldurar.
Şagaldan şir bolmaz, pişikden – pil.
Şaly arkasyndan çigin suw içer.
Şaly azsa, çigin bolar.
Şalyk hazyna dolmagy bilmez.
Şanyň duşmany – şa, gedaýyň duşmany – gedaý.
Şapbady ýüze göräräk çekerler.
Şaýat ýalançy bolsa, hak ýoldan çykar.
Şep-şep bilen şepdaly bolmaz.
Şerabyň azy däri, köpi – ögi.
Şerigatda şerim ýok.
Şermende – ahyry galar armanda.
Şeýtan adam şeýtandan ýaman.
Şeýtanyň azdyrany özüniňki.
Şeýtanyň şeri tükenmez.
Şägirt bolmadyk, halypa-da bolmaz.
Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter.
Şägirtsiz ussat – miwesiz daragt.
Şäher daşy galaly, ýigit başy – belaly.
Şärikli aşy it iýmez, iýse gözi agarar.
Şir balasy şir bolar.
Şir çagasy ýylda aýaklanar.
Şir hümmeti – bilekde, är hümmeti – ýürekde.
Şiri dyrnagyndan tanarlar, towşany – gulagyndan.
Şiriň şirligi – dişi bilen dyrnagy.
Şirwanda ogly bolanyň, munda bili bek.
Şor – doňmaz, ýaman – oňmaz.
Şorda gül bitmez, biten güle söz ýetmez.
Şory döredýänem suw, eredýänem.
Şugul ýok ýerde uruş ýok.
Şum habar tiz ýaýrar.
Şübhe – ýüregiň kiri.
Şüdügärde gepleşilen harmanda bimelal bolar.
Şükür bilen ýetilen zat şekerden süýji.
Şükür etseň maňa, ýene biýrin saňa, Şükür etmeseň maňa, mähnet salaryn saňa.
Şyk-şyk edýän naldyr, iş bitirýän puldur.
Şyrnyň-şyrnyň etdiler, balamyň başyna ýetdiler.

T[üýtget | edit source]

Tabagynda aş eýle, myhman göwnün hoş eýle.
Tabak ýalamak sogap.
Tagam berseň aja ber.
Tagam duz bilen, duz ölçeg bilen.
Tagam lezzeti – myhman hezzeti.
Tagamsyz aşa duz neýlesin, akylsyz başa – söz.
Tagamy dadan biler.
Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar, biri döwülse hiç bolar.
Taganyň – söýesi, gazanyň – garasy.
Tagaşyksyz aýal tanasyz sygry sagar.
Tagmaly mal ýitmez.
Tagtym – bagtym.
Takdyra tebdil bolmaz.
Takdyra ten beren ýagşy.
Taldan taýak etme, guldan aşna tutma.
Tam ýykmadyk tam salyp bilmez.
Tamakin hilegärden aldanar.
Tamakinçilik haýany iýer, sadaka – belany , toba – günäni.
Tamakiniň jany sag bolsa, müflis ajyndan ölmez.
Tamda gulak bar, biri eşitmese, biri eşider.
Tamdan ýykylan tamdan ýykylanyň halyny biler.
Tamdyra gyzanda ýap, gepi gerdişinde aýt.
Tanalmadyk ýat saýylar, görüşmedik – uýat.
Tanalmadyk ýerde don sylagly, tanalan ýerde – boý.
Tanaly darykmaz.
Tanamadyk Taňrysyny sylamaz.
Tanasaň baş al, tanamasaň – ýaş.
Taňry tämizligi söýer.
Taňryň belasy köp, saklasa – penasy.
Taňryň emgeksiz güni ýok.
Taňryň güni darydan köp.
Tanyşlyk – günlük, öýlenmek – ömürlik.
Tanyşmak üçin beýik adam tapmasaň, beýik daş tap.
Tapan – begener, tanan – alar.
Tapan – birini, tapmadyk – ikini.
Tapan geýer iki yştan , tapmadygyň syrty – yştan.
Tapanyňy bahar iýseň, güýzüne zäher iýersiň.
Tawus peri bilen görkli, bilbil – owazy bilen.
Tawus ýelegini görüp ýaýnar, aýagyny görüp ýygnar.
Taý atlyga ýetişende ýal-guýrugy işiler, Güjük itlige ýetişende aýak dikläp buşugar.
Taý ata ýetirer, at – myrada.
Taý depse, atdan ýaman.
Taý ýetişse at dynar, ogul ýetişse – ata.
Taýa ýapagy diýme, ýaza çyksa at bolar.
Taýagyň iki ujy bar.
Taýak birikse-de, el bolmaz.
Taýak degen ýerinde, gep keseren ýerinde.
Taýak etden öter, söz – süýekden.
Taýak gelinçä ýumruk, direg gelinçä syryk.
Taýak iki uçly, bir taýy degmese, bir taýy deger.
Taýaklydan seg gorkar, akyllydan – beg.
Taýly taýyny tapmasa, güni ah-wah bilen geçer.
Taýlykda ýortmasa, gaýda ýortar.
Taýy magta, at mün.
Taýym gitdi – haýym gitdi.
Taýyn aşyň eýesi, adagly gyzyň äri.
Tazy – kerweniň ýoldaşy.
Tazy awda synalar, ýigit – ýowda.
Tazy ýüwrügini tilki söýmez.
Tazyny aç goýup öwret, kazyny – doýrup.
Tazysyz awa giden öýe towşansyz geler.
Tebäti alan ýylan etini iýer.
Tebibiň emi derman, enäniň – demi.
Tebipden sorama, derdi çekenden sora.
Tegeltegiň gadyryny eýesi bilmez, at biler, Ýagşy ýigidiň gadyryny obasy bilmez, ýat biler.
Tekede goç hünäri bolmaz.
Tekepbire – tekepbir, towazyga – towazyg.
Tekepbirlik dert açdyrar.
Teker bol, tigirlen, ýöne daş dek gaçma.
Telpekçiniň telpegi bitmez, ädikçiniň – ädigi.
Temeni haltada gizläp bolmaz.
Temmi bermek aňsat, terbiýe bermek kyn.
Ten – sag, gulak – dynç.
Ten agyrsa, jan syzar.
Teni başga dert duýmaz.
Teňňe kiçi bolsa-da, ýükli arabany agdarar.
Teňňesini berk tutanyň, altyny üstüne geler.
Tentegiň dynymy bolmaz, işiniň – önümi.
Tentegiň özi aýtmaz, sözi aýdar.
Tentek aryny bilmez, köse – garranyny.
Tentek batyr tiz öler.
Tentek törüni bermez.
Tentek toý eder, töründe özi oturar.
Terbiýesiz çaga – baş öwredilmedik at.
Tereň suwlar bulanmaz.
Terzä göç diýseň, iňňesini başyňa sanjar.
Teşe ýaly öz sapyňy ýonma, byçgy ýaly iki tarapyňy ýon.
Täk eliň sesi çykmaz.
Täzäni köne saklar.
Täzäni özüň geý, datlyny dostuň bilen iý.
Täze baýan ýurt tapmaz.
Täze baýandan pul karz alma.
Täze bir gün, köne müň gün.
Täze geldi bazardan, köne düşdi nazardan.
Täze geýen bir guwanar, ýamanan – günde.
Täze küýzäň suwy sowuk.
Täze ýara duz sepme.
Täze ýasawul göz çykarar.
Tiken batan ýerinden çykar.
Tiken – bike, geýen – gül.
Tiken ýalaňaç aýaga batar.
Tikeni tiken çykarar.
Tikensiz gül bolmaz, zähersiz – bal.
Tikibilmez iňňe zaýalar, sapybilmez – sapak.
Tikinçi çeper däl, biçimçi çeper.
Tikinçiniň ýaragy – iňňe bilen sapagy.
Tilkä gaç, taza kow diýme.
Tilki gaçar berkine, tazy goýmaz erkine.
Tilki gaýtadan gapana düşmez.
Tilki guýrugyny magtar, akmak – urugyny.
Tilki köpbilmişliginden gapana düşer.
Tilki nyrhy derisine görä.
Tilki sarkydyndan şir datmaz.
Tilki turan ýerinden, gurt-da turar.
Tilki tüsseden gorkar, demir – ussadan.
Tilki: «Towuksyz ketek otlara ýansyn!» diýenmiş.
Tilkiden dost bolmaz, gurtdan – aşna.
Tilkiden şir döremez, gorkakdan – är.
Tilkiden: «Şägirdiň kim?» diýip soradylar, guýrugyny görkezdi.
Tilkiniň bazar bilen ne işi bar.
Tilkiniň müňde bir sapalagy bar, iň gowusy – görünmezlik.
Tilkiniň, gunduzyň başyna derisi ýeter.
Tiriň içi boş, owazy artyk.
Tiz gelen döwletden gork.
Tiz ýanan tiz söner.
Toba – doklukdan, dawa – ýoklukdan.
Togsan dolman ýaz çykmaz, dokuzy dolman – gyz.
Tohum al-da ýere bar, gögermese, maňa gel.
Tokaý otla, at gazan.
Tommugy heşe bozar.
Tomsuna saz çalan gyşyna gapy kakar.
Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz.
Tomusky ýarmanyň gyşa nepi deger.
Top kakan-da özi, top beren-de özi.
Toprak öýdäp, älem goşdum, gyra syryp, gölçä düşdüm.
Toprak toz ýalar, buzaw – buz.
Topuň jogabyny top berer.
Topurda gezeni çaň basar.
Torgaý geleňden dokuz günden soň gar gider.
Torgaý jygasy bilen beg, molla – sakgaly bilen.
Torgaý magtanyp, şuňkar bolmaz, eşek magtanyp – tulpar.
Torgaý ýagynda ýaşyny gorar, doluda – başyny.
Torgaýyň çommagyny ýolsaň, çyrlak bolar.
Toşap diýip, alanym bal çykdy.
Tosun müngä bolmaz, meslik – ýörmä.
Towşan ölümi – gamyşdan, är ölümi – namysdan.
Towşan öz kölegesinden gorkar.
Towşana dogduk depe, kimlere doýduk depe.
Towşany araba bilen tutarlar.
Towşany turuz – at, sülgüni uçur – at.
Towugyň döşi, balygyň başy.
Towugyň zekady bir ýumurtga.
Towuk gaz ýörüşini etjek bolup, öz ýörüşini-de ýaňylar.
Towuk görenini çokar, her molla bilenini okar.
Towuk öler, gözi küllükde galar.
Towuk tutanyňky, towşan turuzanyňky.
Towuk ýumurtgasyna görä käkelär.
Toý beren zaňňar, koý beren zaňňar, bir garyş ýüp ber-mezmi?
Toý bolsa tomaşaçy tapylar.
Toý diýseň, gury kelle togalanar.
Toý donlynyňky, aýyt atlynyňky.
Toý eden Mämmedoraz, ady Ýowşan baýa gider.
Toý görki – bagşy, öý görki – goňşy.
Toý gyssagy bilen don biter.
Toý ötensoň tomaşa, orak ötensoň hoşa.
Toý sowlansoň, tüýdük çalma.
Toý ýaraşygy – oýnamak, ýas ýaraşygy – aglamak.
Toýa barsaň burun bar, burun barsaň, orun bar.
Toýa baryp, bermediler diýme, ýasa baryp, görmediler diýme.
Toýa garramak ýok, ýasa – könelmek.
Toýa gitmeseň hem, ýasa git.
Toýa gitseň doýup git, toý donuňy geýip git.
Toýda – togtamyş, ýowda – utamyş.
Toýda oýnamaz, waýda aglamaz.
Toýdan topukça.
Toýnuksyz ýüp alma, töňňesiz – odun.
Toýsuz öý tapylar, waýsyz öý tapylmaz.
Toýuň boljak-boljagy, kejebäň geljek-geljegi.
Töhmet daş ýarar, daş ýarmasa, baş ýarar.
Töhmetçi töhmetden öler.
Tör görmedik töre öter.
Tör kimiňki bolsa, kethudalyk-da şonuňky.
Töräniň ertesi köp.
Töräniň öz töri ýok.
Töwekgel – şat, endişe – mat.
Töwekgel işini Hudaý oňarar.
Töwekgel ner bolar, endişe – maýa.
Töwekgeli gurt iýmez.
Töwekgeliň endişe bilen işi bolmaz.
Töwekgeliň gämisi batmaz.
Töwekgeliň nany bitin, işi oň, Ýaýalyň nany ýarty, haly teň.
Töwekgeliň suwy daga ýörär.
Töwekgeliň ýary Huda.
Töwella zordan ýaman.
Tulpar döwründe gerek, ýüwrük – gününde.
Tulpar ötse, yzy galar, süri ötse, tozy galar.
Turaç öz dilinden bela galar.
Turha-turdan habar gelse, ukynyň mazasy gaçar.
Tur-otur, kersen getir.
Tutan guşy bolmaz, bogan – sübsesi.
Tutan guşy ürküzen gurbagasyna degmez.
Tutukly öý, dürli goş.
Tutundydan ogul bolmaz, tuladan – tazy.
Tükenmez döwletiň bolandan, utanmaz ýüzüň bolsun.
Tükli goýny gurt iýer.
Türkmen goşy dura-bara düzeler.
Türkmen goşun alybam bolmaz, salybam.
Türkmen oňmaz gününe şükür eder.
Türkmene gabaragy.
Türkmeni dürtmeseň duýmaz.
Türkmeni göçürjek bolsaň, gapdalyndan göç geçir.
Türkmeni urma-sökme, geplet.
Türkmeniň adyl kazysy – atan bijesi.
Türkmeniň kiçisi bolandan, itiň güjügi bol.
Türkmeniň özge gaýgysy bolmasa, düýesi ýaban çöker.
Türün gör, halyn sora.
Tüsse-de ojardan çykar.
Tüsseli buýmaz, arpaly aç ölmez.
Tüsseli buýmaz, buýsa-da duýmaz.
Tüssesiz ot bolmaz.
Tüýkürseň – ýüzüm, çykarsaň – gözüm.
Tyg uran – tygdan öler.
Tyg ýarasy biter, dil ýarasy bitmez.
Tygşytly adam halwa iýer.

U[üýtget | edit source]

Uçarda – gotan, ýerde – torsuk, gyrda – gulan.
Uçgundan ot dörär.
Uçmaga ganat gerek, öwrenmäge – takat.
Uçmaga turaç ökde, gaçmaga – keýik.
Ujuny düwmedik üç ötir.
Ukuda ýatana ülüş ýok.
Uky – gaflat, nebis – duşman.
Uky – ölümiň ýoldaşy.
Uky arslany-da ýykar.
Uky duşman, gülki puşman.
Uky geler topar-topar, gözläp bidöwleti tapar.
Ula – hormat, kiçä – hezzet.
Ula degen uwlar, kiçä degen uýalar.
Ula kowalaşsaň, kiçini ýitirersiň.
Ula salam ber, kiçä – kelam.
Ulag alsaň, ýorga bilen ýöriş al, Aýal alsaň, akyl bilen huş al.
Ulular köpri bolsa, basyp geçme.
Ulusy bolmadygyň, kiçisi bolmaz.
Ulusyny sylan baý bolar, ölüsini sylan beg bolar.
Ulusyny sylan beg bolar, begini sylan – ýeg .
Uly barka, kiçä sop ýok.
Uly başlar, kiçi işlär.
Uly dag oturyp, kiçi daga ygal düşmez.
Uly eşekden kiçi eşek aňňyrmany öwrener.
Uly gyza sawçy gelse, kiçi gyza degerler.
Uly ili gördüm, özüm ýalyny görmedim.
Uly menlik hor eder, kiçi menlik zar eder.
Uly pyçak utanjyna keser.
Uly söze toba-tagsyr!
Uly söze kiçi toba.
Uly sözleme, başyňa geler.
Uly sözlüde uýat ýok.
Uly tama hor eder.
Ulyň utanasy gelse, kiçä deger, Kiçiň aglasy gelse, ula deger.
Ulyny öw-de, kiçini mün.
Ulyny uly bil, kiçini kiçi.
Ulynyň diýenini etmedik uwlar.
Ulynyňky ýanyňdan, kiçiniňki janyňdan.
Umyt – güýç, güýç – ynanç.
Umyt ölmez, rysk kemelmez.
Umyt örä tartar, umytsyzlyk - göre.
Umytly guş Käbä ýetmiş.
Un sanaja girmesin, är ýüreksiz bolmasyn.
Unaş – içip bolynçaň, köje – göçüp-gonynçaň.
Unaş – uzuňky, ýarma – ýaltanyňky, köje – soltanyňky.
Unumy tükeden unaş, ýagymy tükeden owmaç.
Uny petir tükeder, geçini – gotur.
Upar ysy ýakymly – ýaşyryp saklap bolmaz.
Ur diýseň, öldir etme.
Urna, urnaň üstüne durna.
Urşa girseň aýanma, aga-inä daýanma.
Ursa-da, ejem eli ursun.
Ursaň eti gatar, sögseň – beti.
Urşan ýaraşar, araçy taýak iýer.
Urşuň geňeşi bolmaz.
Urubilmejek uly taýak göterer.
Uruş ite ýagşy.
Uruş otur, ujaş otur.
Uruş sowlansoň, batyr köpeler.
Uruş, sögüş, ýaraşmaga ýer goý.
Uruşda gandan gorkan jandan aýrylar.
Uruşman aýrylan uýalman goşular.
Uruşmaz ogul bolmaz, tersleşmez – gelin.
Ussa barka eliňi ýyg, ussat barka diliňi.
Ussa tapylsa, demir tapylmaz, demir tapylsa – kömür.
Ussadyny äsgermedigiň gözüne ak düşer.
Ussahananyň öňünden geçen gyryndy ýuwdar.
Ussaly oba biter, ussasyz oba ýiter.
Ussanyň öýi oňmaz.
Ussat gören şägirt her ädimde ýorgalar, Ussat görmedik şägirt ondan-mundan garbalar.
Utanç – gözde, görk – agyzda.
Uwlamany bilmeýän it sürä möjek getirer.
Uýalan aç galar.
Uýalmadyk bagşy bolar, ýaltanmadyk –ussa.
Uýalmadyk kişi buýrulmadyk aşy içer.
Uýat – agyr, namys – gymmat.
Uýat ölümden artyk, uýatsyzyň ýüzi ýyrtyk.
Uýat ýüzde bolar, mähir – gözde.
Uýatsyz gyz ýaman, gylyksyz – ogul.
Uzadan aýagyňy ýygnama.
Uzadandan ýoldaş bolmaz, ýatdan – garyndaş.
Uzak ýol aty synar, agyr gün – äri.
Uzak ýola bidöwleti baş etme!
Uzakdaky dogandan ýakyndaky goňşy ýagşy.
Uzakdan arabalandan ýakyndan torbala.
Uzury günäsinden ýaman.
Uzyn arkan – giň duzak.
Uzyn örksiz bolar, gysga gylyksyz.
Uzyn ýaşly, agyr başly.
Uzyn ýüpüň hem ujy bar.
Uzynyň akyly giç geler.

Ü[üýtget | edit source]

Üç et-de, bes et.
Üç goýun soýan gassap bolar.
Üç gyzlynyň halyny günde bir sora.
Üç kişiniň bilýän syryny älem biler.
Üç ýazlyk – bir güýzlük.
Üç ýyl açlyk gelse-de, degirmene açlyk girmez.
Üç ýyldyzdan bolmaz mizan terezi, Her molladan bolmaz adalat kazy.
Üçlese güýzlük, bolmasa ýazlyk.
Ülker aýdyň gyş.
Ülker aýly günüň bary gyş.
Ülker dogsa, çorba aş bolar.
Ülker dogsa, otam bişer, bugdaýam.
Ülker ýaşdy – gyş, dogdy – tomus.
Ülker ýere düşmän ýer gyzmaz.
Ülker: «Desse astynda galman» diýenmişin.
Ülkerden öň gyrkma goýny, ýeserdir Ülkeriň oýny.
Ülpet näçe köp bolsa, külpet şonça az bolar.
Ümä gelen usully gyz, sapak ujuny düwmän ötürer.
Ümi bilse, är ölmez.
Ümsüm it duýdurman ýapyşar.
Üsti – bezek, asty – tezek.
Üstümi pullar, ýüregimi daglar.
Üşäne ot ýakdyrma.
Üýr itim, diňle syrtym.
Üýregen it öýüňe myhman getirer.
Üýregen itden gorkma, sessiz itden gork.
Üýrmesini bilmeýän köpek sürä gurt getir.
Üýrýän-ä güjük, ýenjilýänem köpek.
Üzülmez arkan ýok, çözülmez düwün.
Üzüm üzüme baka-baka garalar.

W[üýtget | edit source]

Wada beren her äriň wepasy bardyr oýlama.
Wada etdi – hata etdi.
Wagt dagy gemrer, suw – daşy.
Wagt gitdi – nagt gitdi.
Wagt her zady öwreder.
Wagtda jylaw bolmaz.
Wagtdan alanyň özüňki.
Wagtly iş öz wagtyna çeker.
Wagty ganymat bil, ötse dolanmaz.
Wagty öten kempire hyna bilen sürme nätsin?
Wagtyndan öň açylan gül tiz solar.
Wagyz – asan, amaly – kyn.
«Wah-wah» diýen tapylar, çörek beren tapylmaz.
«Walla» diýmek oýundyr, ol dünýäde boýundyr.
Was-was ýola gitse, her depä çykanda gaňrylyp, öýüni gözlär.
Watan gedaýy – kepen gedaýy.
Watanyň tüssesi ýat iliň odundan ýagşy.
Wehime düşeniňki ýa mal gorkusyndan, ýa jan gorkusyn-dan.
Wejine saýmaz dünýäni, zagaradyr iýýäni.
Weli bolmasa, Welje.
Wepaly dost ýyl görmese-de, ýat bolmaz, Biwepa dost bir gün görmese, ýat bolar.
Wepasy ýoguň, haýasy-da bolmaz.
Wepasyz dostdan wepaly it ýagşy.
Werziş öküzi agaja mündürip düşürer.
Wesýeti diňlän kim, tutan kim?!
Weýran degirmeniň uny näme, kepegi näme?
Wezipeli guluň orny törde.

Y[üýtget | edit source]

Ybadat hem gizlin, hem gabahat.
Ybrat gudraty görende syrtyny gysar.
Ygrar imanyň kildi.
Ygrary bolmadygyň, imany bolmaz.
Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar.
Yhlasa – myrat.
Ylaý ylaýa goşular, daş-daşa goşulmaz.
Ylym – akylyň ýarysy.
Ylym akyldan dem alar.
Ylym almak – iňňe bilen guýy gazmak.
Ylym köp, ömür az, geregiňi al, daşa ýaz.
Ylym pul bilen alynmaz.
Ylym satsaň – puluň, saklasaň – guluň.
Ylymly kaza şaýat gerek bolmaz.
Ylymsyz bir ýaşar, ylymly – müň.
Ylymsyza ynanç ýok, hünärsize – guwanç.
Ymaraty nem ýykar, adamy – gam.
Ynam bolmasa özüňde, derek galmaz sözüňde.
Ynanjaňyň kellesi, tereziniň pellesi.
Ynsaby bolmadygyň imany bolmaz.
Ynsan bezegi – iman.
Ynsan daşdan gaty, gülden näzik.
Ynsan gözüni toprak doldurar.
Ynsan lebzinden baglanar, haýwan şahyndan.
Ynsan neberä daýanar, agaç – damara.
Ynsanyň ezýeti-de elinde, döwleti-de.
Ynsap – dinden, gaýrat – imandan.
Ynsap diniň ýarysy.
Ynsap hulky – onuň görki.
Ynsaply aşyny iýer, ynsapsyz başyny.
Ynsapsyz – imansyz.
Ynsapsyza erk berseň, ili talar.
Ynsapsyzyň aly tükenmez.
Yrymlam bolma, yrymsyzam galma.
Yrymly yrylmaz.
Yrymsyzyň yrzy ýok.
Yşk başga, höwes başga.
Yşka meýdan köp.
Yzyndan begiň, hanyň hem gürrüňi ediler.
Yzzat ene bilen atadan.

Ý[üýtget | edit source]

Ýa aşyňy hor et, ýa-da başyňy.
Ýa çekene ber, ýa-da – çökene.
Ýa dag eteginde, ýa-da bag eteginde.
Ýa demrinden, ýa kömründen.
Ýa ezip iý, ýa-da – gezip.
Ýa işden artar, ýa-da – dişden.
Ýa keýigiň ýatyşyndan, ýa-da mergeniň atyşyndan.
Ýa küýzegär batar, ýa-da – dümegär.
Ýa ýataryň oňsun, ýa-da – ataryň.
Ýa zer gerek, ýa-da – zor.
Ýaby – taýlykda, at – gulanlykda.
Ýabynyň – çapany, garybyň – tapany.
Ýabysyna rehim etmedik pyýada galar.
Ýadyň ýanyna barandan, ýandagyň düýbüne bar.
Ýadyňky ýat, ahyry bibat.
Ýag iý-de, ýalaňaç ýat.
Ýag iýýän köpek tüýünden belli.
Ýaga düşen ýoldaşyny köp islär.
Ýaga ýalbarma, janyňy alar, dawa goşulma – malyňy.
Ýagda ýarma bişdi, arada sogan bürüşdi.
Ýagdan ýap galar, sogandan – dag.
Ýagly günüň ýat ýagşy, gamly günüň – garyndaş.
Ýagly küýzä suw ýokmaz.
Ýagmady ýagyş, bitmedi gamyş.
Ýagmaz bulut ýeri aldar, ýaman aýal – äri.
Ýagşa – ýanaş, ýamandan – daşlaş.
Ýagşa ýagşy diý, bereketi artsyn, Ýamana ýagşy diý, pälinden gaýtsyn.
Ýagşa ýagşy diýseň, ýagşylygy artar, Ýamana ýagşy diýseň, pälinden gaýdar.
Ýagşa baş bererler, ýamana – daş.
Ýagşa berseň gyzyňy, söýer-sylar soltan eder, Ýamana berseň gyzyňy, urar-söger oltaň eder.
Ýagşa bir söz besdir, ýamana müň söz hebesdir .
Ýagşa durum ýok, ýamana – ölüm.
Ýagşa duşsaň, ozarsyň, ýamana duşsaň, tozarsyň.
Ýagşa garalyk ýokmaz, ýamana il bakmaz.
Ýagşa igenseň, iňňe dek bolar, ýamana igenseň – ner dek.
Ýagşa sögseň, süňňünden öter, ýamana sögseň – derisinden.
Ýagşa taý tapylmaz, ýamana – ýaran.
Ýagşa ýalbarsaň jan geler, ýamana ýalbarsaň – gan.
Ýagşa ýoldaş bolsaň, işiň biter, Ýamana ýoldaş bolsaň, başyň gider.
Ýagşa ýoldaş et, ýamandan – daş.
Ýagşy adam aý bolar, nirä barsa jaý bolar.
Ýagşy adam gününi geçir, ýaman adam goňşusyny göçir.
Ýagşy adamyň ýagşylygy deger dar ýerde, Ýaman adamyň ýamanlygy deger her ýerde.
Ýagşy alkyş alar, ýaman – gargyş.
Ýagşy aş üstüne geler, ýaman – kaş üstüne.
Ýagşy aşyňy iýer, ýaman – başyňy.
Ýagşy at hem büdürär.
Ýagşy ata bir gamçy, ýaman ata – müň.
Ýagşy ata perzendine ömür dilär, ýaman perzent atasyna – ölüm.
Ýagşy atadan däli çaga-da dogar.
Ýagşy atyň dişini görme, ýagşy kişiň ýaşyny sorama.
Ýagşy aýal arpa ununy aş eder, ýaman aýal bugdaý ununy da:ş eder.
Ýagşy aýal arpa ununy kebap eder, ýaman aýal bugdaý ununy harap eder.
Ýagşy aýal işli bolar, ýaman aýal – dişli.
Ýagşy aýal jan azygy, ýaman aýal baş gazygy.
Ýagşy aýal öý bossany, ýaman aýal – zemistany .
Ýagşy aýal öý işini gül eder, ýaman aýal gazananyň kül eder.
Ýagşy aýal – öý zynaty, ýaman – aýal boý zynaty.
Ýagşy aýal – rehmet, ýaman aýal – mähnet.
Ýagşy aýal ýok zadyňy bar eýlär, ýaman aýal giň jahany dar eýlär.
Ýagşy aýal ýüzünden semrär, ýaman yzyndan.
Ýagşy aýalyň eli uzyn, ýaman aýalyň – dili.
Ýagşy başyňa dost, ýaman – aşyňa.
Ýagşy baýkap sözlär, ýaman – çaýkap.
Ýagşy berýänçä, ýaman howlugar.
Ýagşy bilen bolsaň goňşy, işiň zowky-sapa bolar, Ýaman bilen bolsaň goňşy, işiň jebri-jepa bolar.
Ýagşy bilen dost bolsaň, galan işiň bitirer, Ýaman bilen dost bolsaň, eden işiň ýitirer.
Ýagşy bilen otursaň, toýdur-bazar, Ýaman bilen otursaň, göwün bozar.
Ýagşy bilen sözleşseň köňül açylar.
Ýagşy bilen ýoldaş bolsaň, uzak ýoluň daş bolmaz.
Ýagşy bilen ýöreseň, ýetersiň myrada, Ýaman bilen ýöreseň, galarsyň uýada.
Ýagşy bolsa aýalyň, gülmezden öň güldürer, Ýaman bolsa aýalyň, ölmezden öň öldürer.
Ýagşy bolsa aýalyň, toýa barmak ne derkar, Ýaman bolsa aýalyň, ýasa barmak ne derkar.
Ýagşy eşekden hor-da bolsa at ýagşy, Uzakdaky garyndaşdan ýakyndaky ýat ýagşy.
Ýagşy garrasa, ýazylyp goýlan hat ýaly, Ýaman garrasa, burugsap ýanan ot ýaly.
Ýagşy gelin – gelin, ýaman gelin – ýalyn.
«Ýagşy gelsem, gazan-gazan süýt, Ýaman gelsem, kellebaşaýak üt» diýenmiş, gyş.
Ýagşy gören dostuňa ýagşy gören zadyňy ber, göre-göre guwansyn.
Ýagşy güne dözmedik, ýaman güne hiç dözmez.
Ýagşy günüň döş agyrysy, ýaman günüň diş agyrysy.
Ýagşy günüň ötmesi aňsat, ýaman günüň ötmesi kyn.
Ýagşy gyz irden turup darak sorar, ýaman gyz irden turup – çörek.
Ýagşy gyz ýady ýakyn eder, ýaman gyz – kyýamaty.
Ýagşy hezzet ýaman tula ýaraşmaz.
Ýagşy hörek galynça, ýaman garyn ýyrtylsyn.
Ýagşy ili bilen magtanar, ýer käni – bilen.
Ýagşy iliniň ýamanyny ýaşyrar, ýagşysyny aşyrar.
Ýagşy it maslygyny ýaşyrar.
Ýagşy janyňa ýoldaş, ýaman – nanyňa.
Ýagşy niýet – ýarym döwlet.
Ýagşy ogul etekdäki atasyny töre geçirer, Ýaman ogul tördäki atasyny – göre.
Ýagşy ogul il abraýy, ýagşy gyz – öý.
Ýagşy oguldan rehmet ýagar, ýaman oguldan – mähnet.
Ýagşy özüni ýamanyň ýanynda tanadar.
Ýagşy sakla adyňy, betnamçylyk il gezer.
Ýagşy söz baldan süýji.
Ýagşy söz öjek emdirer.
Ýagşy söz pili hem ýola salar.
Ýagşy söz ýagşy eder, ýaman söz – wagşy.
Ýagşy söz ýylany hinden çykarar, Ýaman söz musulmany – dinden.
Ýagşy sözden ýaýrar jahan.
Ýagşy söze daş ýarylar.
Ýagşy söze gulak goý, ýaman söze – duzak.
Ýagşy sözi bilen diňdirer, ýaman dili bilen eňreder.
Ýagşy tutgun päliňi, it gapmasyn donuňy.
Ýagşy ýagşylyk öwreder, ýaman – ýamanlyk.
Ýagşy ýagşynyň gadyryna ýeter.
Ýagşy ýar ýatdan çykmaz.
Ýagşy ýaryň gadyry bolmaz, bir ýamana duşmaýançaň, Öz ýurduň gadyry bolmaz, özge ýurda aşmaýançaň.
Ýagşy ýeter myrada, ýaman galar uýada.
Ýagşy ýigide bir mürewwet ýagşydyr.
Ýagşy ýigit deňi bilen.
Ýagşy ýigit il aýbyny açmaz.
Ýagşy ýigit il başlar, ýaman ýigit – ýol.
Ýagşy ýigit iş üstüne geler, ýaman ýigit – gep üstüne.
Ýagşy ýigit münen atyny har etmez, Ýagşy aýal baran ärini garratmaz.
Ýagşy ýigit toý-baýramda saýlanar, Ýaman ýigit ot başynda oýlanar.
Ýagşy ýigit ýol ýitirmez.
Ýagşydan at galar, ýamandan – set.
Ýagşydan bag galar, ýamandan – ýürekde dag.
Ýagşydan hoş habar eşidiler.
Ýagşydan – şepagat, ýamandan – kesapat.
Ýagşydan ýaman dogulsa, emi tapylmaz, Ýamandan ýagşy dogulsa – deňi.
«Ýagşydan ýaman çykdy» diýip käýinme, «Ýamandan ýagşy çykdy» diýip söýünme.
Ýagşylardan halka ýagşy at galar.
Ýagşylaryň ýagşylygyny aýt, sahawaty artsyn, Ýamanlaryň ýamanlygyny aýt, pälinden gaýtsyn.
Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, Ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir.
Ýagşylyga ýamanlyk, kör eşege samanlyk.
Ýagşylyga ýaran bolsaň, iki dünýäň abatlarsyň, Ýamanlara ýaran bolsaň, iki dünýäň bibatlarsyň.
Ýagşylygy bilene et, hormaty – görene.
Ýagşylygy bilmeseň, ýagşylyga goşul.
Ýagşylyk – al asmanda, ýamanlyk – aýak astynda.
Ýagşylyk birinde gaýtmasa, birinde gaýdar.
Ýagşylyk eden – eseler, ýamanlyk eden – peseler.
Ýagşylyk et, derýa at, balyk biler, Balyk bilmese, Halyk biler.
Ýagşylyk etseň ýanyňda, ýamanlyk etseň alnyňda.
Ýagşylyk göze görünmez, ýamanlyk gömlüp goýulmaz.
Ýagşylyk iňňäniň gözünden görner.
Ýagşylyk isleseň, ýagşylyk et.
Ýagşylyk suwa batmaz, ahyr çykar, çümüp ýatmaz.
Ýagşylyk töre elter, ýamanlyk – göre.
Ýagşylyk – ýamanlygyň galkany.
Ýagşylykdan ýamanlyk gözleme.
Ýagşyny göreniňde, pikir et, ýamany göreniňde, şükür et.
Ýagşyny görmek – jennet.
Ýagşyny öwseň ýaraşar, ýamany öwen ýalňyşar.
Ýagşyny sözünden bil, ýamany – gözünden.
Ýagşyny sylasaň, ýadyndan çykmaz, ýamany sylasaň, ga-pyňdan gitmez.
Ýagşyny ýaman diýme, daşyň hem bolsa, Ýamany ýagşy diýme, ýakynyň hem bolsa.
Ýagşynyň ajaly nagt geler.
Ýagşynyň gadyryny ölensoň bilerler.
Ýagşynyň gahary bar – ýamany ýok, Garyndaşyň azary bar – bizary ýok.
Ýagşynyň haly ýagşy bolar, ýamanyň päli ýaman.
Ýagşynyň kalby – kuýaş, ýamanyň bagry – daş.
Ýagşynyň köňlünde kine az bolar.
Ýagşynyň mazasyny bilmedik, ýamanyň yzasyny bilmez.
Ýagşynyň ölüsi ýakar, ýamanyň – dirisi.
Ýagşynyň özi ölse-de, sözi ölmez.
Ýagşynyň özi-de ýagşy, sözi-de.
Ýagşynyň sözi şaýat, ýamanyň – özi.
Ýagşynyň ýady bolmaz, ýamanyň – uýady.
Ýagşynyň ýagşa ýeter hümmeti, ýamanyň ýagşa ýeter minneti.
Ýagşynyň ýaman bolmagy aňsat, ýamanyň ýagşy bolmagy kyn.
Ýagşynyň ýören ýeri bazar, ýamanyň ýören ýeri azar.
Ýagşynyň ýüzi – jennet, nadanyň işi – minnet.
Ýagşysy ýaşyrylyp, ýamany aýdylar.
Ýagsyz araba köçerin iýer.
Ýagy gaýdansoň, batyr köpeler.
Ýagy gelýär diýip, malyň tüketme, oba göçjek diýip – odunyňy.
Ýagy içinde-de bir öýüň bolsun.
Ýagy ýakaňdan alanda, it etegiňden ýapyşar.
Ýagy ýalbaranyňy bilmez.
Ýagy ýaragyny ýagy bilmez.
Ýagy ýok, gaýmagy ýok, çaýy gursun, Haýry ýok, sahawy ýok – baýy.
Ýagydaky ýarysy, eldäkiniň barysy.
Ýagydan ýaý boýy, daş bol.
Ýagyň daşyndan, içi aman.
Ýagyň işi gowurmak, ýeliň işi sowurmak.
Ýagyna dözmeýän çöregini gury iýer.
Ýagyna ýer ýigdeler, şagalaňa – är.
Ýagynly gün at alma, ýelli güni guş salma.
Ýagyny görmänkäň gorksaň-da, göreňsoň gorkma.
Ýagyr bolan gaşanar.
Ýagyra ýona ýaraşmaz.
Ýagyş özüni sil saýar, guýy özüni – köl.
Ýagyş ýagyp ýaz bolmasa, mydam ýazyň hazan bolar.
Ýagyşda duşmanyň goýny, dostuň aty satylsyn.
Ýagyşdan gaçyp, damja uçradym.
Ýagyşly gün – ýat, ýelli gün – ýort.
Ýakasy başgadan don bolmaz, atasy başgadan – dogan.
Ýakma – bişersiň, gazma – düşersiň.
Ýakyndaka ýaltanar, daşa gitse örtener.
Ýakyndaky sypal daş ýerdäki bededen ýagşy.
Ýakynyň dawasy ýada azyk bolar.
Ýal özüňki bolmasa-da, ýalak özüňki bolsun.
Ýalamakdan ýag tükener.
Ýalamasaň – doýmarsyň, ýamamasaň – geýmersiň.
Ýalan söz adam duşmany, sözleseň etdir puşmany.
Ýalan söz adamy dinden çykarar.
Ýalan sözden awunarsyň.
Ýalan sözden saklan, ýaman – gözden.
Ýalan sözläp peýda görseň – ahyry zyýana ýeter, Dogry sözläp zelel görseň – ahyry peýda getir.
Ýalan sözleseň, tutularsyň, düz sözleseň, gutularsyň.
Ýalan sözleseňem, aýagyňy ýerden üzme.
Ýalana ýalkaw ynanar ýa-da aňkaw.
Ýalançy adamyň subuty bolmaz.
Ýalançy bilen ýola düşme.
Ýalançy bilen ýoldaş bolma, ogry bilen – obadaş.
Ýalançy çynyny diýmez, diýse-de il ynanmaz.
Ýalançy kim, eşidenini aýdan.
Ýalançy Taňrynyň duşmany.
Ýalançy töre bir geçer, iki geçmez.
Ýalançy ýagly geçi, bazarda bagly geçi.
Ýalançy yzyndan ýetdirýänçä ýaňrar.
Ýalançynyň çyn sözi ýalana gider.
Ýalançynyň çyny zaýa.
Ýalançynyň öýi ýandy, oňa hiç kim ynanmady.
Ýalançynyň şaýady kasam.
Ýalançynyň şemi ýassa çenli ýanar.
Ýalan-da bolsa, hoş habar ýagşy.
Ýalandan gurlan öý tiz çagşar.
Ýalany aýdyp ýaranandan çynyňy aýdyp ýalbar.
Ýalanym, eşege palan salanym.
Ýalanyň ömri gysga.
Ýalanyň süýjüsinden çynyň zäheri datly.
Ýalanyň ýarany – ant.
Ýalanyşan ajykmaz, söýenişen ýykylmaz.
Ýalaňaç dyzy ýyrtyga güler.
Ýalaňaç içeri girer, aç daşary çykar.
Ýalaňaç suwdan gaýtmaz, gezegen – ýowdan.
Ýalaňaç talanmadan gorkmaz.
Ýalaňaja ýaz ýagşy.
Ýaldyrak dogandan soň, keýik suwsamaz.
Ýaldyrakda tün sowar, Sünbülede gün sowar.
Ýalkasa ýaz, gargasa gyş.
Ýalňyşmaz – bir Alla.
Ýalňyz agaç ýalbarsaň-da, ýanmaz.
Ýalňyz atly ýaryşjaň, ýaman aýal uruşjaň.
Ýalňyz bala – başa bela.
Ýalňyz batyra ýow ýok, ýalňyz ýigide – dawa.
Ýalňyz bolsaň uruşdan gaç, ýuka bolsaň – gyşdan.
Ýalňyz çapan at – ýüwrük.
Ýalňyz goldan aw çykmaz.
Ýalňyz gyz – ýalama duz.
Ýalňyz oglan aglak bolar, ýalňyz düýe – bagyrak.
Ýalňyza ýol uzak.
Ýalňyzlyk ýat ilde belli.
Ýalňyzyň dört tarapy kybla.
Ýalta – aşda, ökde – işde.
Ýalta ýarymaz, ogry baýymaz.
Ýalta ýük ýükleme, akmaga akyl berme.
Ýaltanyň dili kelte.
Ýaltanyň öwünji iş ýanyna barynça.
Ýaltanyň ýagysy ýumuş.
Ýalym az bolsa-da, çanagym giň bolsun.
Ýalyna bakyp, ýaby alma.
Ýaman adam il bozar, ýaman araba – ýol.
Ýaman agyzdan erbet söz çykar.
Ýaman ata ýal bitse, bökdürgä zat daňdyrmaz.
Ýaman ata ýal bitse, ýanyna ýanlyk baglatmaz, Ýaman kişä mal ýetse, ýanynda goňşy baýnatmaz.
Ýaman aty münme ýaly bar diýip.
Ýaman aty ýal basar, bikäri – hyýal.
Ýaman aýal – ärli dul, bagtygaraň – ömri kül.
Ýaman bilen ýoldaş bolma, nadan bilen syrdaş.
Ýaman bolsa hatynyň, bar akylyň çaşyrar, Ýagşy bolsa hatynyň, akylyňa akyl goşar.
Ýaman bolsa ogluň ülpeti, bir gün başa salar külpeti.
Ýaman dil il bozar, ýaman aýak – ýol.
Ýaman düýe howudyny iýer.
Ýaman düzelse – zaman düzeler.
Ýaman gelin düşen öýüni myhman saýar.
Ýaman gelniň ýagşysy iki bolar, biri gelen-de, biri ölen-de.
Ýaman giýew gaýynsak, ýaman heleý äginsek.
Ýaman gorkanyny sylar.
Ýaman göz – daşy deşer.
Ýaman göz – deňzi guradar, ýaman söz – meňzi.
Ýaman günüň ömri köp.
Ýaman hem aşyňy iýer, hem – başyňy.
Ýaman iýenini agzar, ýagşy – görenini.
Ýaman maly saklasaň, sakgal-murtuňy ýaglar, Ýaman aýaly saklasaň, ýürek-bagryňy daglar.
Ýaman öz gybatynyň üstüne geler.
Ýaman öz pälinden tapar.
Ýaman özüni bilmez, özge gözüne ilmez.
Ýaman pälinden tapar, ýagşy – kärinden.
Ýaman söz dert galdyrar.
Ýaman söz gulaga ýakyn.
Ýaman söz jana bela, ýiti tyg – gyna.
Ýaman ýan goňşyňam bolmasyn, gör – goňşyňam.
Ýaman ýanyňda bolmasyn, ýowuz – hataryňda.
Ýaman ýokdan ýokary.
Ýaman ýoldaş ýolda galdyrar.
Ýaman ýoldaş ýow bolar, ähli işi daw bolar.
Ýaman ýoldaş ýowa aldyrar.
Ýamana aýtsaň syryňy, müňe ýeti:r biriňi.
Ýamana başçy bolynçaň, ýagşa goşçy bol.
Ýamana degişseň, ýakaňy ýyrtar.
Ýamana günem garaňky, tünem.
Ýamana işiň düşse, Günüň gaýradan dogar.
Ýamana öýleneniň ýowy öýünde, iki aýallynyň – dawy.
Ýamana söz gatma, hödürsiz tagam datma.
Ýamana söz ötmez, petire – ot.
Ýamana ýagşylyk-da ýaman.
Ýamana ýaran bolma, ýagşydan ýüzüňi sowma.
Ýaman-da bolsa, özüňki ýagşy.
Ýamandan gaç, ýagşa gujak aç.
Ýamandan ýa gaçyp gutularsyň, ýa-da geçip.
Ýamanlasaň deňi-duşuň, müşgil bolar asan işiň.
Ýamanlygy amanlyk ýeňer.
Ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň.
Ýamanlygyň soňy gülki.
Ýamanlyk etmek asan, ýagşylyk – müşgil.
Ýamansyz ýagşy bolmaz.
Ýamany aşa çagyrsaň çagyr, işe çagyrma.
Ýamany bolmadygyň ýagşysy bolmaz.
Ýamany sylasaň, başyňa çykar.
Ýamany ýasawul goýsaň, ýalňyz oglunyň gözüni oýar.
Ýamanyň agasy bolandan ýagşynyň inisi bol.
Ýamanyň atany degmez, aýdany gelmez.
Ýamanyň oduna ýagşy ýanar.
Ýamanyň oýny ýaman, buganyň – boýny.
Ýamanyň sözüni eşidenden ýagşynyň taýagyny iý.
Ýamanyň sürüsi bolmaz.
Ýamanyň wadasy – işi bitinçä.
Ýamanyň ýagşysy bolynçaň, ýagşynyň ýamany bol.
Ýamanyň ýakasy ýyrtyk, bir gylygy hemmeden artyk.
Ýamanyň ýarany köp.
Ýamanyň ýarasy bitmez.
Ýamanyň ýary bolynçaň, ýagşynyň ýesiri bol.
Ýamanyň ýeňşi özünden özgäni guwandyrmaz.
Ýamanyň ýorgudy ýüzünde.
Ýamanyň yzyna düşseň, bela sataşarsyň.
Ýamanyň zyýany iline ýeter, göribiňki – özüne.
Ýan goňşym – jan goňşym.
Ýan maňa, ýanaýyn saňa, gurbandyr janym saňa.
Ýananam men bolaýyn, ýamanam.
Ýan-biş, ýada ýakaňy berme.
Ýandak öl hem bolsa, tikeni gury.
Ýandak sere – tohum ýere.
Ýanmasa odun ýaman, ýakybilmese – hatyn.
Ýaňylan dilini dişlär.
Ýanýoldaşyňa näme dileseň, ol öz başyňa geler.
Ýap berseň, akaryny ber, mal berseň – bakaryny.
Ýapagaly ýaşyl çemen güýze galmaz.
Ýapa-ýapa garlar ýagsa, ýaza galmaz.
Ýar ýaryň gadyryny ölinçä bilmez.
Ýara ýalan sözleme, ýamanlygyny gözleme.
Ýaragan it ýow getirmez.
Ýaragyňy ataňa-da ynanma.
Ýaramaz ilçi ýamanlyk getirer, akylly ilçi – amanlyk.
Ýaramaz öýden ýaramaz tütün çykar.
Ýarly bolsaň-da, arly bol.
Ýarmadan aş bolmaz, gyrnakdan – baş.
Ýaryljak çyban ýarylsyn-da dynsyn.
Ýarym güne ýaryş ýok.
Ýarym molla – apaty iman, ýarym tebip – apaty jan.
Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan – ölinçä.
Ýaşa – hyzmat, garra – hormat.
Ýasa baran aýal öz derdine aglar.
Ýaşlygymda mähnet ber, garranymda – döwlet.
Ýaşlygyňda toba kylsaň, garraýançaň düzelersiň, Garranyňda toba kylsaň, düzelýänçäň gömülersiň.
Ýaşlyk – bibaşlyk, aňmazlyk – serhoşlyk.
Ýaşlyk bir mertebe geler, çagalyk iki mertebe.
Ýaşlykda ber, garranyňda alarsyň.
Ýaşlykda el işlär, garranyňda – dil.
Ýaşlykda gyzyny urmadyk, ulalansoň dyzyna urar.
Ýaşlykda iş görmedik ulalansoň söwrük bolar.
Ýassygyň aşagynda ýylan saklama.
Ýaşulusy bolmadygyň, ýaşkiçisi bolmaz.
Ýaşyl öwüsýän ýerleriň çemenini ýabany eşek biler.
Ýaşyrygy ýaşmak saklamaz.
Ýat gelip, aşna bolynça, aşna ýar elden gider.
Ýat goýun gyrada ýatar.
Ýat itiň guýrugy ýamzynda.
Ýat üçin ýan-biş, ýöne köýnegiňi ýyrtma.
Ýata suw sasar.
Ýatan halsyza güler, ýykylan – sürşene.
Ýatan öküze iým ýok.
Ýatan ölmez, ýeten öler.
Ýatan ýylanyň guýrugyny basma.
Ýatandan turan dogar.
Ýatanyň üstüne turan gelmesin.
Ýatar garna ýarpy iý.
Ýatar gursak – ýarty susak.
Ýatasy gelse, «ýepbe» islär, gezesi gelse – «hopba».
Ýatdan dogan bolmaz, gökden – ot.
Ýatmak – ölümden, gezmek – ömürden.
Ýatmak ölä ýagşy.
Ýatyberseň ýow alar, indemeseň – daw.
Ýatyp galandan – atyp gal.
Ýaý egriligi bilen elde ýatar, ok dogrulygy bilen uzak gider.
Ýaz aksyz bolma, güýz – göksüz.
Ýaz azygy – gyş azygy.
Ýaz bar, gyş bar, telesene ne iş bar.
Ýaz diýip, otsuz galma, gyş diýip – suwsuz.
Ýaz diýip, ýapynjaňy ýanyňdan goýma, gyş bolsa halanyňy et.
Ýaz gelenini ýeňse biler, gyş gelenini – burun.
Ýaz güni bir palaw, gyş güni bir alaw.
Ýaz gyşyndan belli bolar, gyz – gardaşyndan.
Ýaz işle, gyş dişle.
Ýaz sagymsyza, güýz gawunsyza sala-da salma, onuň bilen goňşam bolma.
Ýaz ýagyrdan, gyş goturdan gaýra dur.
Ýaz ýatan gyş aglar.
Ýaz ýüňi keçä bolmaz, güýz ýüňi – dolaga.
Ýaza çyksaň, gyşyňy unutma.
Ýazana bakma, ýazanyna bak.
Ýazanyň eli boş galmaz.
Ýazda arpa iýen at gyşda etini dökmez.
Ýazda derlemeýän, gyşda doňar.
Ýazda maly aýak bilen bak, güýzde taýak bilen.
Ýazlyk ýaltanyňky, güýzlük güýçlüniňki.
Ýazy gidip güýzi galan, gyşy gidip – buzy.
Ýazykly ýuwulmaz, ýazylan bozulmaz.
Ýazylyp alynmadyk söz – ýiten hazyna.
Ýazyň ýuwundysy gyşa gatyk.
Ýazyna ýala, güýzüne çala.
Ýedi arkama meňzemen, ýerden göterene meňzärin.
Ýedi gapyda ýerlemedik, iýip-içip derlemedik.
Ýedi gülmek – bir doýmak.
Ýedi ölçe-de, bir kes.
Ýedi şäheri ýykyp, ýedi derýanyň suwuny içen.
Ýedi ýaşan aty sygyryp suwa ýakma.
Ýedi ýyldan mal ýygylar, elli ýyldan il ýygylar.
Ýediniň biri ýeser.
Ýedisinde nähili bolsa, ýetmişinde-de şoldur.
Ýegen ujy ýagydyr, ýagam bolsa gowudyr.
Ýegenim – ýedi garnym.
Ýegenim bar – ýedi gulum bar.
Ýekäniň çaňy çykmaz.
Ýeke agaja ýalbarsaň-da, ýanmaz.
Ýeke atdan tozan çykmaz.
Ýeke çapan at – ýüwrük.
Ýeke gülen – masgara.
Ýekeden egrilik oslanmaz.
Ýel aparan ýeliňki, ýerde galan meniňki.
Ýel bilen gelen, sil bilen gider.
Ýel gelse yrandygym, sil gelse bulandygym.
Ýel getirenini, ýel äkider.
Ýel soňy ýagyş.
Ýel ýeriň daragy.
Ýele ýargak , aýaza ki:z .
Ýelkensiz naw ýöremez.
Ýemende men – ýanyňda men.
Ýenäniň ýenesi bar, gyzynyň – enesi.
Ýeňil gazanylan gazanç ýeňil sowlar.
Ýeňilen başy gylyç kesmez.
Ýeňili ýel götär, agyry – ýer.
Ýeňsikçiniňki ýeke gün, ýetip barsa, ýedi gün.
Ýer ala – ýurt ala.
Ýer – bakany bakar, bakmadygy – ýykar.
Ýer daýhany dabanyndan tanarmyş.
Ýer doýmasa – är doýmaz.
Ýer – ekeniňki, aýal – bakanyňky.
Ýer gaty bolsa, öküz öküzden görer.
Ýer gaty-da, gök ýyrak.
Ýer görki – galla, adam görki – elde.
Ýer görki – suw, suw görki – guw.
Ýer – hamyr, dökün – hamyrmaýa.
Ýer ujuny gök basmaz.
Ýer ýylaman ot gögermez.
Ýerde ýetim aglasa, asmanda melek aglar.
Ýerden tapsaňam, sanap al.
Ýere bakandan ýer gorkar.
Ýere düşen gül bolar, oda düşen – kül.
Ýere gaçan ýetimiňki.
Ýere gulluk eden bir ýyldan baý bolar, mala gulluk eden – ýedi ýyldan.
Ýere tarp gerek, ýa zarp gerek.
Ýeri baýyň ili baý.
Ýeri eý gör – eklär, maly eý gör – saklar.
Ýeri ýarpa alan gursun, puly bisarpa – tutan.
Ýeri ýokda, Watan ýok.
Ýeriň gyrasyny kes, Hydyr geçer.
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp.
Ýerine görä ýylany, dagyna görä dumany.
Ýeriňi bejermeseň, aç galarsyň, ýabyňy arçamasaň, puç galarsyň.
Ýerini bilip sözleseň, dildir daşyň galasy, Ýerini bilmän sözleseň, dildir başyň belasy.
Ýersiz gargyş özüňe deger.
Ýer-ýurt üýtgär, adamzat üýtgemez.
Ýeser ýerde gaý tutdy.
Ýeseriň ýedi ýerde zeleli deger.
Ýetilmedik jaýlara ýeten elim, Ok ötmedik daşlardan öten dilim.
Ýetim gyzyň ýeňňesi köp.
Ýetişen gyz giýewden gorkmaz.
Ýigide garyp diýme, ekin eker, orak orar, baý bolar.
Ýigide müň dürli hünär hem az.
Ýigide ýa zer gerek, ýa – zor.
Ýigidi aşa çekseň çek, ýurda çekme.
Ýigidi dostundan tana.
Ýigidiň aýagynyň astynda at ynjamaz.
Ýigidiň bar baýlygy – dosty.
Ýigidiň gideni bilinmez, geleni bilner.
Ýigidiň görki – at-ýarag.
Ýigidiň gowusy aşykaradyr , gawunyň gowusy şekerpa-radyr.
Ýigidiň pesi pesligini daýysyndan görer.
Ýigidiň sözi – ýüregiň dogany.
Ýigit – işe, garry – aşa.
Ýigit – söweşde, garry – geňeşde.
Ýigit aryp bolsa, aslyny sorama.
Ýigit aýbyn gyz açar, ädik aýbyn – suw.
Ýigit diýeniň yssyly-sowukly bolsun.
Ýigit diýerler – janyn giderer, jomart diýerler – malyn gidirer.
Ýigit garrasa, dişden düşer, bürgüt garrasa – güýçden.
Ýigit garyp, namysa baý.
Ýigit göre batyr, at çapa ýüwrük.
Ýigit görki – hünär.
Ýigit läşine tüýkürder, ýüzüne tüýkürtmez.
Ýigit ýörişinden aňdyrar, gyz – garaýşyndan.
Ýigit öler – jan galar, at öler – meýdan.
Ýigit ulalsa, jeň başlar, gyz ulalsa – heň.
Ýigit ýa doly gerek, ýa-da – däli.
Ýigit ýa erinlek gerek, ýa – burunlak.
Ýigitlik – meslik, garrylyk – susluk.
Ýigitlik bir uly olja, ony mydam tutup bolmaz, Garrylyk bir gara derýa, ýüzüp ony ötüp bolmaz.
Ýigitlikde garyplyk, öler bolsaň, bäri gel, Garrylykda garyplyk, güler bolsaň, bäri gel.
Ýigrimide toý görmedik kyrkdan soň at sürmez.
Ýiten goýnuň guýrugy uly.
Ýiten iňňe Aý ýagtysynda görner.
Ýiten pyçagyň sapy altyn.
Ýitgisiz ýarlyk – başyňa horluk.
Ýiti gyzyl tiz solar.
Ýiti sirke öz gabyny zaýalar.
Ýitigli enesiniň goýnuny agtarar.
Ýitmedik goýun semremez.
Ýitse malym, ýitmese janym.
Ýodany yzlasaň, ýola elter, ýoly yzlasaň – ile.
Ýogurdym turşapdyr diýen bolmaz.
Ýogy ýaradyp bolmaz.
Ýogyn ýatar, inçe ýortar.
Ýogyn sozulýança, inçe üzüler.
Ýogyn ýuwdan düwner.
Ýok diýseň ýukalar, bar diýseň galňar.
Ýok ýerden bar eden, ýonuşgadan don eden.
Ýokarda diýdiler, gökde ýok, aşakda diýdiler, ýerde ýok.
Ýokdan Hudaý-da almandyr.
Ýokluk – daşdan gaty.
Ýol azaby – gör azaby.
Ýol bilen giden ýorulmaz.
Ýol bilmeseň, ýol sorarlar gelenden, Söz bilmeseň, söz sorarlar bilenden.
Ýol bilmeseň, ýola git.
Ýol bilmez adam menzile ýetmez.
Ýol ogly ýolda ýagşy.
Ýol siňegi ýolda bolar, it siňegi – kölde.
Ýol uzak bolsa, aty gyssaman sür.
Ýol ýitse-de, ýodam ýitmesin.
Ýol ýöremek bilen, bergi-borç ödemek bilen.
Ýol yzlan gazna ýolugar, söz yzlan – bela.
Ýola çyksaň, ýoldaşyňy tap, öýde bolsaň – syrdaşyňy.
Ýola çykyp, ýoldan gaýtma.
Ýolagça ýol gerek, gurbaga – köl.
Ýolagçy ýolda ýagşy.
Ýolda azaşsaň, it üýren tarapa git.
Ýolda duşan ýolda galar.
Ýolda goşulan ýoldaş bolmaz.
Ýoldan çykmak aýyp däl, ýola girmezlik aýyp.
Ýoldan çyksaň çyk, ilden çykma.
Ýoldan gal, ýoldaşdan galma.
Ýoldan öň ýolagçy soralar.
Ýoldaş ýolda synalar.
Ýoldaşlynyň ýoly giň görner.
Ýoldaşyň it bolsa, taýagyňy berk tut.
Ýoldaşyň kör bolsa, gözüň gyparak.
Ýoluň açyk, ýeňsäňe gara palçyk.
Ýoluň hemişe bossanlygyň gyrasyndan düşmez.
Ýoluny ýitirene köpek sesi bilbil sesinden datly.
Ýoly ýörän ýeňer, bergini – beren.
Ýoly ýöräp ozarlar, karzy berip ýeňerler.
Ýorga ata ýol ýagşy, ýüwrük ata – meýdan.
Ýorga bilen ýoldaş bolma, ker bilen – söhbetdeş.
Ýorga münen ýoldaşdan aýrylar, uzak ýaşan – heserdeşden.
Ýorga ýaby özüni gamçylatmaz.
Ýorgaly bilen ýoldaş bolma, akmak bilen – syrdaş.
Ýorgaly bilen ýoldaş bolsaň, atdan aýrar.
Ýorgan gitdi, gowga bitdi.
Ýorgana görä aýak uzat.
Ýortanyň yzyndan ýörän ýeter.
Ýortup ýetdim, çalyp tutdum.
Ýorunja: «Ekseňem doýyryn, sökseňem doýyryn» diýen-miş.
Ýowa barsaň baryň bar, awa barsaň biriň.
Ýöne oturandan çöp ýon.
Ýörän aýaga ýörmez aýak çolaşar.
Ýöränini ýol biler, göçenini – gol.
Ýöremäni oňarmaz ýol bozar, geplemäni oňarmaz – il.
Ýörgür at gamçysyz gider.
Ýugrumy ýetmedik hamyr tamdyrda durmaz.
Ýumrukdan symsyk ýaman.
Ýumurtga ogurlan towugam ogurlar.
Ýumurtga tüý bitmez.
Ýumurtgalany bir ýumurtga, gohy bütin mähelläni tutar.
Ýumşa gideniň eglenenini dile.
Ýurdy belet çapar.
Ýuwaş atyň depigi gaty.
Ýuwaş düýe ýolda ýagşy, ýuwaş at – elde.
Ýuwaşyň şahy içinde.
Ýük agyr, menzil uzak.
Ýük – haltada, akyl – keltede.
Ýüki agyr eşek – aňňyrmaz.
Ýüki ýeňil bolsa, eşek sojar.
Ýüp inçelen ýerinden üzüler.
Ýüp syrylyp, toýnukdan öter.
Ýüpdäki it towşan awuna ýaramaz.
Ýüpek donuň içinde ýagşy-ýaman tanatmaz.
Ýüpi bar, paltasy ýok, oragy bar, haltasy ýok.
Ýüplügine bak – biýzin al.
Ýürek ýanar – göz ýaşarar.
Ýürekden çykan söz ýürege ýeter.
Ýürekden ýürege ýol bar.
Ýüwel aýal gyzyny toýa getirer.
Ýüwrene ýok, buýrana bar.
Ýüwrüge meýdan köp.
Ýüwürjim bar – ýedi ýegenim bar.
Ýüwrük – ýaryşda, semiz – iýmişde.
Ýüwrük at öňüni gözlär, ýagşy ýigit – soňuny.
Ýüwrük ata baha bolmaz.
Ýüwrük ata gamçy çalynmaz.
Ýüwrük ata münen özüni beg saýar.
Ýüwrük çapyşda belli.
Ýüwrüp geçiljek ýoly ýöräp-de geçip bolar.
Ýüz – kalbyň aýnasy.
Ýüz – otdan yssy.
Ýüz ýüzden utanar, göz – gözden.
Ýüz «siz-bizden», bir «jyz-pyz».
Ýüz agaç eken oduna gitmez.
Ýüz akyllyny bir tentek ýandyrar.
Ýüz bereniň hatyryny ýykma.
Ýüz berseň, ýüzin düşer.
Ýüz döndi, köňül döndi.
Ýüz gapydan duz dadan, bir gapyda bent bolmaz.
Ýüz gezek eşidenden, bir gezek gören ýagşy.
Ýüz gören jennet görmez.
Ýüz göreniň ýüzi gursun.
Ýüz görüp gapyrga syrma.
Ýüz goýun tükener, ýüzügaralyk tükenmez.
Ýüz goýundan bir dost.
Ýüz gün ýargak, bir gün gerek.
Ýüz günlük tetärik bäş günlük ömre.
Ýüz hünäri çala bilenden bir hünäri doly bil.
Ýüz namart bir merdiň ýerini tutmaz.
Ýüz puluň bolandan, ýüz dostuň bolsun.
Ýüz tomaşa, bir omaça.
Ýüz tümen tükener, ýüzi garalyk tükenmez.
Ýüz ýalandan ýeke çyn bahaly.
Ýüz ýüzden ýiti, ýüz – gylyçdan.
Ýüz ýüzden yssy, ýüz – otdan.
Ýüz ýüze düşse utanar.
Ýüz ýylky sallahlykdan bir günki dulluk ýaman.
Ýüzärlikden jyn gaçar, taýakdan – jynly.
Ýüzden ýorga çykar, müňden – tulpar.
Ýüzi gözel bolanyň, hüýi-de gözel bolar.
Ýüzi gyzylyň uýalany aňdyrmaz.
Ýüzi nähili bolsa, ýüregi-de şo hili.
Ýüzi öpüleniň eli öpülmez.
Ýüzi ýumşak bolanyň, donunyň syýy guramaz.
Ýüzügarada haýa bolmaz, kakmaç etde – maza.
Ýüzügaralyk bir ömür dek uzak bolar.
Ýüzüm gyzandan malym gyzsyn.
Ýüzüm gyzarandan, guşlukda gumum gyzarsyn.
Ýüzüň gyşyklygyny aýnada görme.
Ýüzüne gülüp baksaň, Taňrysy bile bakar.
Ýüzüni çeken ellisini hem çeker.
Ýüzüni gör-de, halyny sora.
Ýüzüni görüp, öwme, ýeňsesinden döwme.
Ýüzüni örter, dyzyny açar.
«Ýüzüň üstünde burnuň bar» diýýän ýok.
Ýykylan derege geçi müner.
Ýykylan göreşden doýmaz.
Ýykylan tamy bir kerpiç daýamaz.
Ýykylan ýere ýapyşar.
Ýykylanyň ýeňsesinden depme.
Ýykyljak araba, kyrk gün öňünden jygyldar.
Ýykyljak ýerimi bilsem, saman düşärdim.
Ýykylsaň, bir gysym gum alyp tur.
Ýykylsaň, bökeden ýykyl.
Ýykylsaň, ýere ýapyş.
Ýyl alajyny ýylyň başyndan görüp başla.
Ýylan çakan kendirden gorkar.
Ýylan duýar, duşman duýmaz.
Ýylan egiler, büküler, öz awuny özi tapar.
Ýylan gowuny täzelär, häsiýeti öňküligi.
Ýylan gumy gysganar.
Ýylan ýüz ýaşasa – aždarha, müň ýaşasa – ýuwha.
Ýylan ýylyny ýaman görseň, ýylky alnyňdadyr.
Ýylandan gorkan alaja ýüpden ätlemez.
Ýylany duşmanyň penjesi bilen öldür.
Ýylanyň agyna-da nälet, garasyna-da.
Ýylanyň agzyna giren çykmaz.
Ýylanyň aýagyny görmersiň, mollanyň – çöregini.
Ýylanyň başyny kesseň-de, guýrugy duýmaz.
Ýylanyň daşy ýumşak, içi zäher.
Ýylanyň ýigreneni narpyz, ol hem hininiň agzynda gögerer.
Ýylanyň zäheri ýylana kär etmez.
Ýyldyzy alyşmaýanyň salamy-da sowuk bolar.
Ýylky ýylynyň aýagy sowuk, takyk ýylynyň başy sowuk.
Ýylyň gelşi nowruzyndan belli, ýaryň gelşi – sowgadyndan.
Ýylyň ýyldan, gyşyň gyşdan parhy köp.
Ýyndam boljak taý enesine eýermez.
Ýyrtyga ýama, deşige dyky.
Ýyrtyjy guşuň eti iýilmez.
Ýyrtyjy guşuň ömri gysga.
Ýyrtyk elek, ýykyk tam.
Ýyrtyk geýim görse, it ýarar.
Ýyrtyk öýi ýel tapar, ýalan gepi – çyn.
Ýyrtyk ulalsa, ýamalyk ýetmez.

Z[üýtget | edit source]

Zadyň bolmasa, dadyň bolmaz.
Zagarany bal bolanda iý.
Zagaranyň hurşy – günaşym.
Zäher ber, köňlüni al.
Zäherden şypa bolmaz.
Zähmet soňy – rehnet.
Zähmetiň nany süýji, ýaltanyň – jany.
Zähmetsiz iş bolmaz.
Zalyma: «Işiň näme?» diýenmişler, «Zulum» diýip, jogap berenmiş.
Zalymyň ömri az bolar.
Zalymyň – zulumyndan, şermendäniň – şerinden.
Zamana bap bolan utulmaz.
Zamana saňa bakmasa, sen zamana bak.
Zarym bar-da, zorum ýok.
Zehin zehinden zyýada.
Zekady bolmadygyň namazy bolmaz, namazy bolmadygyň – imany.
Zelel – otly köýnek.
Zelel – peýdanyň garyndaşy.
Zelelden gorkan kär edinmez.
Zeleliň ýaryndan gaýtmak peýda.
Zer bilen bolan, zor bilen bolmaz.
Zer gadyryny zergär biler, ýer gadyryny – kärgär .
Zergär öler – zer galar, daýhan öler – ýer galar.
Zergär zer tanyr, harban – har.
Zerräniň gadyryny bilmedik, müňüň gadyryny näbilsin.
Zora mal kän.
Zulum bilen abat bolan, bir gün geler, berbat bolar.
Zulum ýerde galmaz, ýagşylyk ýerde ýatmaz.
Zyýansyz garanyň köpi ýagşy.
Zyýany degmedik garyndaşyňy nepi degençe gör.

Şeýlede[üýtget | edit source]