Mazmuna geçiň

NBC

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
«NBC-niň» 2022-nji ýyldan bäri ulanýan nyşany

Milli teleýaýlym kompaniýasy (iňl. National Broadcasting Company, NBC) — täjirçilik maksatly amerikan telekompaniýasy we adybir telewizion torunyň eýesi. Telekompaniýa «Comcast» telekommunikasion korporasiýasynyň düzümindäki «NBCUniversal» mass-media kompaniýasynyň «NBC Entertainment» şahamçasynyň esasy bölümi hökmünde çykyş edýär. Ol şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iň gadymy ýaýlym stansiýalarynyň biri hasaplanýar.

«NBC Tower» binasy, esasy giriş

«NBC-niň» baş edarasy Nýu-Ýork şäherindäki «Komkast-bildingde» ýerleşýär. Mundan başga-da, «NBC-niň» ABŞ-nyň Illinoýs ştatynyň Çikago şäherindäki «NBC Tower» binasynda hem ofisleri bar.

«NBC» 1926-njy ýylda «Radio Corporation of America» kompaniýasy tarapyndan esaslandyryldy. Ol ABŞ-nyň «uly üçlügi» diýlip atlandyrylýan iň meşhur üç telewizion torunyň («ABC» we «CBS» bilen bilelikde) iň köne agzasydyr. Telewizion tory, käwagt, «Peacock Network» («Tawus guşy tory») diýlip hem atlandyrylýar — bu reňkli telewideniýe boýunça öňdebaryjy işlerini öňe sürmek üçin, kompaniýanyň 1956-njy ýylda ulanyşa girizen tawus guşy şekilli nyşanyna salgylanmadyr.[1]

«NBC-niň» öz eýeçiliginde on iki sany stansiýasy bar we ABŞ-nyň ähli telewizion bazarlarynda diýen ýaly hyzmatdaş stansiýalary bar. Bu stansiýalaryň käbirleri Kanadada, Karib deňzindäki ýurtlarda we Meksikada hem tölegli telewideniýe ýa-da serhetýaka sebitlerde göni ýaýlym arkaly elýeterlidir.[2]

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. "Slanguage Dictionary: P". «Variety». 20 February 2013. Archived from the original on November 15, 2019. Retrieved June 2, 2021.
  2. "Company Overview". «NBC Universal». Archived from the original on July 6, 2008. Retrieved March 25, 2008. {{cite web}}: Italic or bold markup not allowed in: |publisher= (help)

Daşarky çykgytlar

[düzet | çeşmäni düzet]