Murtlyşahly leňňeçleriň kiçi otrýady

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Wekilleriniň murtlary şahalanany üçin olara şeýle at dakylypdyr. Olar şahaly murtlaryny öňe suwa urup, böküp hereket edenleri üçin suw büreleri diýen ada hem eýe bolupdyrlar. Leňňejiň bedeni iki sany jebis ýapylýan balykgulagyň içinde ýerleşýär. Wekili: adatdaky dafniýa (Daphnia pulex). Murtlary şahaly leňňeçler balyklara oňat iýmit bolýar. Otaglarda akwariumlarda saklanýan, köpeldilýän owadanja balyklary iýmitlendirmekde dafniýalardan peýdalanylýar.