Mukaddes Ruhnama Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň baş taglymatydyr

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mowzuk : Mukaddes Ruhnama Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň baş taglymatydyr.

M E Ý I L N A M A :

1. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasy milli aňyýetdir.

2. Mukaddes Ruhnama türkmeniň bäş müň ýyllyk taryhy ruhy tejribesiniň beýanydyr.

3. Mukaddes Ruhnama täze müňýyllygyň türkmen dünýägaraýşydyr.

Parasatly Prezidentimiz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň pähim-paýhasyndan dörän Mukaddes Ruhnamasy biziň her birimiziň kalbymyza dünýädäki ähli ýagşylyklary guýýar. Ony her gezek gaýtalap okanyňda akyl paýhasyň has artyp, gözýetimiň giňeýär, bilimiň çuňlaşýar. Bu bolsa her bir ynsan üçin egsilmez bagtdyr, uly baýlykdyr.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Mukaddes Ruhnamasynda aňyýet dünýägaraýyşdyr diýip belleýär. Milli aňyýet her bir döwlet gurjak milletiň oý-pikirlerini beýan edýän düşünje hökmünde türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan edim-gylymlary, däp-dessurlaryny, gylyk-häsiýetlerini öz içinde jemleýär. Milli aňyýet milletiň ýaşamagynyň dowamatynyň möhüm serişdesidir. Mukaddes Ruhnamada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnama arkaly täze müňýyllygyň dünýägaraýşyny bermek bilen, şol dünýägaraýşyň millilige, bitewilige, ruhubelentlige, halallyg esaslanandygyny nygtaýar. Şeýlelikde şol ýörelgelerden ugur alyp, Mukaddes Ruhnamanyň many-mazmunyny öwrenip, onuň milli aňyýetdigine göz ýetirýäris.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnama milli aňyýetdir diýip bellemek bilen “Men Ruhnama arkaly geçmişi, şu güni hem geljegi bir sapaga düzdüm” diýip bellemek bilen geçmişiň, geljegiň yşaratylygyny, geçmişiň netijesidigini, geljek bolsa şu gün bilen geçmişiň nikasydygyny aýdýar. Beýik Serdarymyz Mukaddes Ruhnamada türkmen halkynyň geçmiş taryhynyň döredijilik gudratydygyna halkyň ünsüni çekip, adamy durmuş, şahsyýeti taryh terbiýeleýär diýip (64 sah.) belleýär. Türkmenistanyň şeýle gudratly güýjüniň bardygyna ata-babalarymyz hem oňat düşünipdirler. Olar özleriniň ýaşan döwründe geçmiş taryhymyzyň şanly sahypasyny miras galdyrjakdygy barada alada edipdirler. Şol sahypalar Oguznamalar arkaly biziň şu günlerimize gelip ýetdi. Ine şonuň üçin hem Beýik Serdarymyz hem Mukaddes Ruhnamany III müňýyllygyň türkmennamasydyr diýip belleýär.

Türkmen halky iň gadymy milletleriň biridir. Beýik Serdarymyz Mukaddes Ruhnamada : “Türkmen taryhda müňlerçe ýylyň dowamynda Türkmen atly beýik milleti döretdi” diýip belleýär. Bu türkmeniň taryhynyň hem gadymydygyny görkezýär.

Eger gadymy taryh bar bolsa şol taryhyň içinde gadymy medeniýet, gadymy sungat, edebiýat hem bardyr. Beýik Serdarymyz “Türkmenler oguzlardyr, Nesilbaşymyz Oguz han türkmendir” diýýär. XI ýüzýyllygyň Oguz türkmen Diwan Sözlüginde (1072-1073 ýyllar) şeýle ýazylýar : “Oguzlar türkmenlerdir. Bular 22 bölükdir, her bölügiň aýry bir belgisi we haýwanlaryna urulan bir alamaty bardyr. Bir-birlerini bu belgiler arkaly tanyrlar”.

Diýmek, bir tarpda Türkmenbaşy zamanasynyň taryhy hakykaty, ikinji tarapda bolsa geçmişe bürenen taryhy hakykat. Bu ikisi birleşip pähim paýhas hakykaty – Oguz türkmen taryhynyň pelsepe esasyny orta çykarýar. Bu türkmen taryhynyň hakyky ýüzidir, bu türkmen taryhynyň hakyky özüdir.

Merhemetli Serdarymyz Mukaddes Ruhnamada “Aňyrsy bäş müň ýyl ozal nesilbaşymyz Oguz han türkmenden gaýdýan türkmen halky gündogarda Hindistan günbatarda Ortaýer deňzi aralygynda döredilen dünýä gymmatlyklaryna dürli ugurlarda saldamly goşandyny goşdy, öz topragynda Änew, Altyndepe, Marguş, Parfiýa şalygyny, Seljuk türkmenleriň şalyklaryny Köneürgenç türkmen döwletini, jemi 70-den gowrak döwlet döretdi. ”

Biz MukaddesRuhnamadaky şol döwletleri öwrenip, özümiziň aslymyzyň kimdigine göz ýetirdik. Türkmenleriň guran döwletleri, olaaryň belend göterilen döwü esasan oguzlaryny we Seljuk türkmenleriň döweünde ösmegi, baýlaşmagy we kemala gelmegi. Mukaddes Ruhnamada esasan 5 sany taryhy döwre bölünýär. Birinji eýýam Oguz han eýýamy, b. eýýamyzdan öň V müňýyllygyň başlaryndan, biziň eýýamymyzyň 650-nji ýyla çenli aralygy öz işine alýar, bu eýýamyň ruhy ýolbaşçysy Oguz handyr, oňony öküzdir. Jemgyýetiň aňyýetinde öküzoň orny örän uly bolupdyr.

Ikinji eýýam – Gorkut ata eýýamy b.eýýamymyzdan 650-nji ýylyndan başlanýar. Ruhy ýolbaşçysy Gorkut Atadyr. “Bir ýerde durma” diýen pendini esasy ýörelge edindi. Gorkut ata türkmen özüniň dünýägaraýşy boýunça jemgyýetiň ýaşaýşyny ozalky ýaly 3 bölege bölmän eýsem öz pelsepesi boýunça 2 bölege bölýär, ýagny bu dünýäde eden işleriňe hasap geçmeli, ahyrýetiň bardygyna iman getirmeli.

Üçünji eýýam – Görogly eýýamy – X-XVI asyrlary öz içine alýar. Bu zaman diňe bir türkmeniň at üstünde oýnap, ruhunyň dünýä älemine özüni äşgär eden, tanadan döwri boldy. Bu eýýam Görogly eýýamynda türkmen döwletleriniň Magrupdan – Maşryga özüni tanadanlygyna şaýatlyk edýär.

Dördünji eýýam – Magtymguly eýýamy – XVII-XX asyrlary öz içine alýar. Bu döwür türkmeniň milli bitewiligi, arzuwlan, şonuň üçin hem göreşen döwrüdir. XIII asyrda Çingiz hanyň, XIV asyrda Teýmur agsagyň, 1787-nji ýylda Buhara emiriniň talaňçylykly hereketleri, türkmen döwletliligine zarba urupdyr. Emma şeýk agyr taryhy döwürde türkmeniň arslan ýürekli pähim parasatly ogullary Magtymguly, soňra Zelili, Mollanepes, Mätäji, Kemine – bular özleriniň döredijiligi bilen türkmenleriň öz milli döwletlilik hyjuwlarynyň döremegine, ruhunyň galkynmagyna hyzmat edipdirler. Bäşinji eýýam – Altyn eýýamy 1991-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-den başlanýar. Beýik Serdarymyzyň beýan ediji ýoly türkmeniň ruhy medeni mirasy her täze müňýyllygyň başynda ýene belende galýar. III müňýyllygyň başynda hem şeýle boldy. Beýik Serdaryň belleýşi ýaly “Hudaý türkmene taryhy döredijilik ulgamyny berdi, bu eýýam türkmen ruhunyň kämillik eýýamydyr.

Mukaddes Ruhnama kitaby b.eýýamymyzdan ozalky müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän gadymy taryhymyzy taryh menzilleriniň dürli döwürlerinde ildeşlerimiziň amala aşyran dünýä derejesindäki ähmiýetli işlerini, olaryň guran ululy-kiçili döwletleri baradaky maglumatlary türkmenleriň şol döwürdäki täze ýörelgelerini ahlak kanunlaryny, umumymilli gymmatlyklarymyz we beýleki milli hususyýetliklerimiz hakyndaky şanly ýazgylary özünde jemleýän ajaýyp eser boldy. Ruhnama – bu türkmen halky, onuň geçen ýoly we ruhy dünýäsi hakyndaky ylymdyr, türkmen jemgyýeti baradaky taglymatdyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnama kitabynda türkmenleriň gadymdan gelýän ýol ýörelgelerine uly orun berdi : “Bir ýurda iki töre sygmaz” diýip ýazmak bilen ýurtda bir ýörelgäniň bolmalydygyny nygtap görkezdi.

Türkmen ruhyýetiniň esasy sütüni edebi ýat almagyň aňa salmagyň abuzemzem çeşmesi bolan edebiýatymyzyň taryhyna siňňitli nazar salsaň, onuň dünýä medeniýetine ägirt goşant goşandygyny görmek bolýar.

Beýik Serdarymyz manylar ummany Mukaddes Ruhnama kitabynda merdana ata babalarymyzyň şu topraga, türkmeniň göbek ganynyň daman ýerine örklenendigini, şu mukaddes toprakda ýaşap ösüp- örňäp nesildaragtyny pudak-pudak ýaýrandygyny aýratyn nygtaýar. Islendik halk ata-babasynyň ruhy siňen mukaddes toprakdan ýagyny üzňe, türkmeniňki kimin dünýä gymmatlyklaryny döredip bilmeýär. Çünki ol ylahydan gursagyna guýulan ruhy-güýçden kesilýär. Aňynda-ganynda jan-u-jigerinde üzülen ýaly bolýar. Gündogaryň bütin dünýä ykrar eden akyldary lukman Hekim “Adamyň ähli dermany öz topragynda diýende eždat ruhy siňen ata-mekany onuň göwsünde läle reýhan otuny çöpüni nazarlan bolmaly.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamasynda bitewilik meselesini hem öňe sürýär. Mukaddes Ruhnamada bitewilik milli aňyýetiň özeni hökmünde nygtalýar. Beýik Serdarymyz soňky 300 ýylyň dowamynda türkmeniň ykbalynyň agyr bolandygyny bellemek bilen bitewi bir türkmen döwletiniň bolmandygyny aýdýar. Beýik Serdarymyzyň öwredişi ýaly Mukaddes Ruhnamada türkmeniň müňýyllyklarda kemal gelen taryhy paýhasy we ruhy güýç kuwwaty toplanandyr. Ruhnama öten nesillerimiziň ruhy tejribeleri we pelsepe sapaklary hakyndaky kitapdyr. Ruhnam milletimiziň içki döredijilik ukyplaryny oýarjak we olary görlüp eşidilmedik beýik derejede işeňňirleşdirjek kitapdyr. Mukaddes Ruhnamada Beýik Serdarymyzyň millet hakyndaky täze taglymaty esaslanandyr. Milletiň kemala gelmeginde döwletliligiň, ruhybirligiň, agzybirligiň we jebisligiň gerekdigi zerurlygy nygtalýar.

Beýik Serdarymyzyň Mukaddes Ruhnamasynyň ikinji kitaby durşuna edep kitaby. Bu kitaby okanyňda türkmeni türkmen edýän ruhy beýikligimize, edep gymmatlyklarymyza has doly göz ýetirýärsiň. Şeýle bolan soň, parasatly Serdarymyzyň örän jaýdar belleýşi ýaly, olary doly berjaý etmegiň bagta hem bolçulyga eltýän şaýoldugyna bütin kalbyň bilen ynanýarsyň. Pygamber sahawatly dana Serdarymyz bize hakyky bagtly bolmagyň, bolçulykda bagtyýar ýaşamagyň aýdyň ýollaryny salgy berýär, görkezýär hem kalbyňa guýýar.

Enşalla Ruhnamanyň pelsepe çeşmesiniň dury suwundan ganan nesiller ruhy ýüki ýetik, ruhana adamlar bolup ýetişerler.