Muhammet ibn Abdylla Kätibi Nişapury

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýazyjynyň doly ady Şemseddin Mahmyt ibn Abdylla Kätibi Nyşapury bolup, ol XVI asyryň ortalarynda Nyşapurda dogulýar. Ol ilki gadymy Horasana we Merkezi Aziýa, soňra mukaddes Mekke we Medine şäherlerine ylmy syýahatlary amala aşyrýar. Ylmy saparlarynyň dowamynda gündogar ülkeleriniň taryhynda uly orna eýe bolan türkmenler barada maglumatlary we çeşmeleri ele salýar. Şol maglumatlar esasynda bolsa, özüniň «Taryhy turkmeniýýe (Türkmenleriň taryhy) atly eserini ýazýar. Soňra, has takygy, 1588-nji ýylda ýazar Hindistana barýar we Kutupşalar döwletiniň paýtagty bolan Deken welaýatynyň Golkonda şäherine - Kutupşalar nesilşalygynyň 1581-1611-nji ýyllarda şalyk eden soltany Muhammetgulynyň köşgünde ornaşýar, köşk kätibi bolýar we başga-da birnäçe ýokary wezipelere ýetýär. Oňa şol ýerde Muhammetguly şanyň taryhyny we ahwalatyny ýazmaklyk tabşyrylýar. Netijede, şol döwürde bar bolan materiýallar we köşkde saklanýan resminamalar esasynda özüniň «Measyry-Kutubşahy» (Kutupşanyň öwgüli häsiýetleri) diýen uly göwrümli taryhy eserini ýazýar. Ol ömrüniň ahyryna, takmynan 1630-njy ýyla çenli Kutupşalaryň köşgünde işläpdir. Ýazaryň «Jamygul-berri wel-bahr» (Gury ýerleri we deňizleri jemleýji ýygyndy) atly eserinde onuň terjimehaly bilen bagly ýokarda aýdylanlardan başga-da, aşakdaky maglumatlar hem getirilýär: Mahmyt ibn Abdylla Nyşapury Muhammetguly Kutupşanyň köşkünde leşgeri hasaba alyjy kätip bolup işläpdir, ýokary hilli matalary bilen tanalýan Kenbumere şäherine Kutupşalar tarapyndan häkim bellenilipdir. Hindistana gelende birnäçe täjirler bilen bilelikde Hurmuz deňiz duralgasyndan gämä münüp Hint diýaryna ýüenipdir. Ýokarda Mahmyt ibn Abdylla Nyşapurynyň ömri baradaky maglumatlarda hem bellenilip geçilişi ýaly, ol başlangyç bilimleri alanyndan soň dürli ýerlere syýahat edip, 1588-nji ýylda Hindistana gelýär we takmynan, 1630-njy ýyla çenli Kutupşalar nesilşalygynyň hyzmatynda bolýar. Kutupşalar nesilşalygynyň ýakyndan beren hemaýaty bilen gymmatly çeşmeleri içgin öwrenýär hem-de ylmy mirasyny şol ýerde döredýär.

Ýazyjynyň ýazan käbir kitaplary[düzet | çeşmäni düzet]

1. Taryhy Turkmeniýýe (Türkmenleriň taryhy -Bu eseri 2012-nji ýylda Pars dilinden terjime eden we Çapa taýýarlan Dawut Orazsähedowdyr).

2. Measyry Kutubşahy (Kutupşanyň öwgüli häsiýetleri - Haýdarabat, Salar Jeng muzeýiniň kitaphanasynda saklanýar. Mss. 211 belgili bukjadaky golýazma 15a).

3. Jamygul-berri wel-bahr (Gury ýerleri we deňizleri jemleýji ýygyndy - originaly Yslamabat, Genjbahş kitaphanasynda 4035 belgili bukjadaky golýazmadadyr. 10b.