Mazmuna geçiň

Muhammet Nazarow

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Muhammet Nazarowiç Nazarow — türkmen döwlet işgäri.

Terjimehaly

[düzet | çeşmäni düzet]

1996-njy ýylyň 11-nji oktýabryna çenli Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygynyň orunbasary bolup işledi.

1996-njy ýylyň 11-nji oktýabryndan 2002-nji ýylyň 14-nji martyna çenli Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy bolup işledi. 1998-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda oňa Türkmenbaşy ordeni berildi. 2001-2002-nji ýyllar aralygynda Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary bolup işledi. 2001-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda oňa "Garaşsyz Türkmenistana bolan uly söýgi üçin" ordeni berildi.

2001-nji ýylyň 7-nji maýyndan 2002-nji ýylyň 4-nji martyna çenli esasy işinden başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň hukuk meseleleri we hukuk goraýjy we harby edaralaryň işini utgaşdyrmak boýunça geňeşçisi bolup işledi.

2002-nji ýylda Muhammet Nazarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň işgärleriniň bir toparyna - "Muhammet Nazarow meselesi" boýunça jenaýat jogapkärçiligine çekildi. Bu topar Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 11 maddasyna laýyklykda bilkastlaýyn adam öldürmek, wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak we korrupsiýa ýaly jenaýatlarda aýyplandy. 2002-nji ýylyň 4-nji martynda Muhammet Nazarow general-polkownikden general-leýtenant wezipesine bellenildi. 2002-nji ýylyň 2-nji aprelinde harby derejesinden mahrum edildi. 2002-nji ýylyň 18-nji iýunynda Muhammet Nazarow 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi[1][2][3].

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. "Гундогар :: Обратный отсчет. «Дело Мухаммеда Назарова»". www.gundogar.org. Archived from the original on 2022-11-09. Retrieved 2022-11-09.
  2. "Туркменбаши и три убитых зайца – DW – 06.03.2002". dw.com (in rus dili). Archived from the original on 2022-11-09. Retrieved 2022-11-09.
  3. "Годзилла со сменными головами. Министерство национальной безопасности Туркменистана как кустарное орудие тотального контроля". Медиазона Центральная Азия (in rus dili). Archived from the original on 2022-11-09. Retrieved 2022-11-09.