Mazmuna geçiň

Mikroneziýanyň ilaty

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mikroneziýanyň ilaty:

-Mikroneziýanyň ilatynyň gelip çykyşy baradaky mesele iň bir dawaly, jedelli meseleleriň biridir. Sebäbi bu ilat nireden gelip çykdyka diýen sowala 3 hili jogap bar. Alymlaryň bir topary ýerli ilat diýse, ikinji topary bu ýere polineziýalylar göçüp gelendirler diýýär. Üçünji topar ýerli ilat bilen göçüp gelen ilatyň ýagny gatyşyk halkyň wekilleri diýýärler. Şu üçunji teoriýa ylymda hakykata ýakyn diýip hasaplanýar.

Günbatar Mikroneziýanyň ilaty has yza galak ilat hasaplanypdyr. Olaryň arasynda çamorri taýpasy hasam yza galak hasaplanypdyr. Olar ýönekeý zatlary-da başarmandyrlar. Ok we ýaş ýasap bilmändirler. Ýöne naýzalary bolupdyr. Čamorriler naýzalarynyň yzlaryndaky çişi adam süňklerinden edýän ekenler. Ozleriniň dişlerini gara reňk bilen reňkläpdirler.

XVIII – XIX asyrlarda jemgyýetçilik gurluşy boýunça synpy jemgyýete geçiş döwründe ýaşapdyrlar. Bu ýerde enelik urugy bolupdyr. Aýallaryň roly ýokary bolupdyr. Eger adamsy aýalynyň biwepalyk edýändigini bilse hem ony jezalandyryp bilmändir. Tersine aýaly öz adamsynyň biwepalyk edýändigini duýsa onda ony jezalandyryp bilipdir.. Dürli pullar ýüze çykyp başlapdyr. Degirmen daşlary, pyşbaganyň ýokarky gapagy esasy pul bermegi bolupdyr.

Gündogar Mikroneziýanyň ilaty, olardan has ösen bolupdyr. Ýöne gündogar Mikroneziýanyň ilatynyň maşgala durmuşynda berk nika gatnaşyklary bolmandyr. XIX – XX asyrlarda mikroneziýanyň territoriýasyny ABŞ özüniň harby  ? hökmünde peýdalanýar. Häzirki wagtda ABŞ bu ýerini özüniň ýadro ýaragynyň synagy üçin ulanýar. Harby platformalar döredýän ABŞ-nyň bu geçirýän cäeleri halk üçin tragediýadyr. Sebäbi ol dürli keselleriň döremegine getirýär.