Mertligiň Mertebesi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Öçür!

International tidyman.svg Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini diskussiýa sahypasynda aýdyň.
Sebäp Inappropriate article in terms of order and encyclopaedia

Türkmen nusgawy edebiýatynyň obrazlar we häsiýetler galereýasynda durnuklaşan obrazlaryň we häsiyetleriň ençemesi bar. Olaryň arasynda orta barmak ýaly saýlanyp duran, has göze ilginçleriniň biri-de mert kişiniň obrazy bilen mertlik häsiýetidir. Bu ýerde «mert» diýlende garadan gaýtmaz, fiziki taýdan güýçli, çydamly manysynda, «mertlige» bolsa güýçlülik, çydamlylyk ýaly dar manyda düşünmeli däl. Mert kişi mertlik häsiýetlerini - rehimlilik, pespällik, dogruçyllyk, il-gün üçin janyny hem gaýgyrmaýan, ejize kömek edýän, jomart, sahy, myhmanparaz... ýaly ajaýyp häsiýetleri özünde jemlän adamdyr. Edebiýatymyzda «mert, mertlik» düşünjeleri «är, är ýigit, är kişi, goç ýigit, är ýigit bolmak, är işini bitirmek, mertlik etmek» ýaly düşünjeler bilen manydaşlykda ulanylýar we olar «namart, muhannes, namartlyk» yaly düşünjelere gapma-garşy goýulyar. Eýsem, türkmen edebiýatynda mert kişi ýa-da är ýigit kimdir, mertlik, är işini bitirmek nämedir?! Muňa türkmen edebiýatyndan alnan aşakdaky mysallar arkaly jogap bermek bolýar.

«Dogruçyl oglan» türkmen halk ertekisindäki kerweni talan garakçylara ýakasynyň içinde gizlenip tikilen kyrk tyllasyny çykaryp görkezip, özüne zyýan geljegini bilip dursa-da, aldaman dogrusyny aýdan oglan mertdir.

«Oguznama» eposyndaky Oguz han öz goşunyndan garrylary galdyryp, ýörişe ugranda, atasyna gulak asyp, ony sandykda gizläp, ýörişe alyp giden we onuň maslahatlary bilen goşuny kyn ýagdaýlardan alyp çykan, şeýlelikde, atasyna wepalylyk görkezip, onuň mertebesini beýgelden Garasülük we il-gün, goşun üçin haýyrly işleri bitiren ataly-ogul mert kişilerdir.

«Gorkut ata» eposyndaky il-gün üçin, hojaýyny Salar Gazan üçin janyny orta goýmaga taýyn Garajyk çopan mert kiçidir. «Görogly» eposyndaky kyrk eşekli kyrk galandara ýekeje sygryny söwüş edip, myhmanparazlyk eden Jygalybeg mert kişi bolsa, ejiz halda ýatan kempire hossarlyk edip, ony galasyna alyp gaýdan Görogly är ýigitdir.

Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserindäki ata-enäniň öňündäki kyrk borjy amal edýän perzent, ussadyna hormat goýýan şägirt, il-gün üçin köpri, metjit-medrese saldyrmaly, içit gazdyrmaly, garyba-derwüşe, ýetime-mätäje ýardam etmeli barly-barjamly adamlar mert kişilerdir.

Magtymguly Pyragynyň «Gökje kepderi» poemasyndaky ejizje kepderini iýmekçi bolýan laçyna öz budundan et kesip bermäge häzirlenip, kepderä hossar çykan Aly mert kişidir. Umuman, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine siňňin siňseň, onda mert kişiden edilýän ahlak talaplaryň, mert ýigidiň ahlak sypatlarynyň, mert kişiniň obrazynyň, mertlik häsiýetiniň has çuňňur işlenendigini görmek bolýar.

Mertlik ýörelgesiniň öz taryhy-edebi gözbaşlary bolup, ol Gündogarda yslamdan öň dörän, soňra sopuçylyk taglymaty bilen goşulan futuwwatlyk diýlen ýörelgäniň türkmençeleşen, milli pelsepe lybasyny geýen görnüşidir. Aslynda «futuwwat» sözi türkmençe «ýaş, juwan, mert kişi» diýen manylary aňladýar. Şoňa görä, «futuwwatlyga» «juwanmertlik» hem diýilýär. Ol nusgawy edebiýatymyzyň hem sahypalarynda duşýar.

Futuwwatlyk irki döwürde jemgyýetiñ adalatsyzlyklary, adam ahlagynyñ pese düşmegi bilen ylalaşyp bilmeýän, ýaşaýşy gözelleşdirmek, ynsan mertebesini ýokary göterip, kämil ynsany terbiýelemek isleýän toparlaryň arasynda döräpdir. Özlerini futuwwatlar (juwanmertler ýa-da mert kişiler) diýip atlandyran adamlar öz öňünde goýan maksatlary esasynda birleşipdirler. Olaryñ maksatlary ömrüňi adamlaryñ hyzmatyna bagyşlamak, ile ýagşylyk etmekden ýadamazlyk, bar zadyňy sahylyk bilen ile, mätäje paýlamak, il-güne, ata-enä, dost-dogana wepaly bolmak, ruhy we ten arassalygyny saklap, ýagşy gylyk-häsiýetlere eýe bolup, iň bir päkize-halal, kämil ynsanlyk mertebesine ýetmek bolupdyr.

Futuwwatlygyñ taryhy barada ilkinji maglumatlaryñ biri horasanly alym Abdyrahman Sulaminiñ «Rysalaýy melamatiýa» kitabynda duş gelýär. Onda futuwwatlygyñ ahlak hadysadygy, onuň yslamdan öň we yslamyñ dörän döwürlerinde ÿüze çykyp başlandygy beýan edilýär. Abdylla Ensarynyñ «Mynajat we makamat», Ferideddin Attaryñ «Tezkiretul öwlüyä», Muhammet Awfynyñ «Jowamy ul-hekayat we lawami ul-rowayat» ýaly eserlerinde hem futuwwatlyk hakynda maglumatlar berlipdir. XII – XV asyrlaryñ dowamynda bolsa, futuwwatlyk barada ýörite eserler ýazylyp başlanypdyr. Olardan Ibn Mimaryñ «Kitab ul-futuwwat», Ferideddin Attaryñ «Futuwwatnama», Nasyrynyñ «Futuwwatnama» we Käşifiniň «Futuwwatnamýy sultany» ýaly eserlerinde bu ýörelgäniñ esasy kadalary we şertleri düşündirilipdir.

Ynsan mertebesini iñ ýokarda goýýan we onuň ahlak kämilligini wagyz edýän futuwwatlyk ýa-da juwanmertlik hereketiniñ pikirleri X-XI asyrlardan başlap, sopuçylyk taglymatyna goşulyp ugrapdyr. Futuwwatlygyñ akýüreklilik, adamlara ýagşylyk etmek, mätäçlere kömek-ýardam etmek, hiç kime zyýan ýa-da duşmançylyk etmezlik, bar zadyñy il-gün bilen paýlaşmak, myhmanparazlyk, ata-enäniñ, dostlaryñ, pir-ussadyñ mertebesini belent tutmak, halk, Watan üçin janyñy hem aýamazlyk... ýaly talap-ýörelgeleri ruhy taýdan sap ýagdaýda Alla gowuşmaga tarykata giren sopy üçin berk talaba öwrülipdir. Soñlugy bilen, futuwwatlyk XIII asyrda Nejmeddin Kubranyñ esaslandyran sopuçylyk taglymatynyñ Kubrawiýa mekdebinde düýpli işlenýär we sopuçylygyñ maksada ýetmegiñ şerigat, tarykat, magryfat we hakykat ýaly ýollarynyñ biri hökmünde emele gelyár. Şeýlelikde, sopuçylyk taglymaty futuwwatlygyñ öz maksatlaryna gabat gelýän ýörelgelerini alypdyr. Fu¬tuwwatlygyñ mazmuny yslam we sopuçylyk taglymaty bilen dini öwüşgine eýe bolýar. Muňa garamazdan, fu¬tuwwatlygyñ hem dini, hem ilkibaşky dünýewi mazmuny bütin Gündogar edebiyatyna siñipdir.

Edebiýatyñ mistiki ýa-da dünýewi edebiýatdygyna garamazdan, owal-ahyr maksat-wezipesi adamy terbiýelemek, oña ynsan mertebesini beýgeldýän haýyrly, dogry ýoly salgy bermek, onuñ ahlagyny zaýalayan şerden, beýleki bela-beterlerden goramak, şonuñ netijesinde-de adamzat jemgyýetiniñ sagdynlygyny, gözelligini gazanmak bolupdyr. Mertlik ýörelgesiniñ hem maksady şol. Şonuñ üçin orta asyr Gündogar edebiýatynda hem, türkmen nusgawy edebiýatynda hem mertligiñ ýörelge-siniñ ideýa-taglymlaryny görmek bolyar. Umuman, mertlik türkmen milletine muwapyk häsiýet-gylykdyr.

Amangurban Kuwadow,

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniň – talyby