Merkezi Aziýa XVI-XVII asyrlarda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Merkezi Aziýa XVI-XVII asyrlarda

MEÝILNAMA :

1. Amyderýanyň akymynyň üýtgemeginiň durmuş-ykdysady netijeleri. Hywa we Buharada özbek hanlyklarynyň döremegi. Şeýbany han.

2. Eýran, Buhara, Hywa döwletleriniň özara uruşlary. Onda türkmenleriň orny. Merkezi Aziýanyň ösüş depgininiň gowşamagynyň sebäpleri.

XVII asyrdan başlap ruslaryň Hazar deňziniň kenaryna gelmegi bilen, rus-eýran gatnaşyklarynda türkmeniň ykbalynyň kemsidilmegine, oturymly ýerleriniň azaldylandygyna, türkmen halkynyň taýpa-tire agzalalygynyň, goňşy döwletler bilen ýer-suw dawalarynyň daşyndan gurnalandygyna taryh şaýat.

Mukaddes Ruhnama (sah. 44)


Türkmen halkynyň düzümindäki häzirki köp taýpa-tireleri XIV asyrda Amyderýa Hazar deňzine guýýan wagty emele gelipdir. Bu taýpalara tekeler, ýomutlar, alililer, esgiler we beýlekiler degişlidir. XVI-XVII asyrlarda şu taýpalar Uzboýyň kenarynda maldarçylygy we ekerançylygy bilelikde alyp barypdyrlar. Olar bu ýerlerde Adak, Bezir ýaly galalary gurupdyrlar. Olar bu ýerlerde birleşme döredipdirler. Ol birleşmelerden ýagny “Içki Salyr” we “Daşky Salyr”, “Esen hany” ýol, “Söýün hany” ýoly bolupdyr. Bu birleşmeler türkmen halkyny daşky duşmanlardan gorapdyr. Amyderýanyň suwunyň Aral deňzine alyp başlamagy bilen Uzboýda ýuwaş-ýuwaşdan ýaşaýyş kesilipdir. XVI-XVII asyrlarda türkmen halkynyň taýpa-tireleri belli bir ýerde ýaşmandyr. Şol döwürlerde Türkmenistanyň klimatik şertlerine esaslanyp türkmen tire-taýpalary diňe derýalaň, deňizleň ýakasynda kesilmegi türkmen taýpa-tireleriniň içki migrasion hereketine alyp gelipdir. Olar esasy iki ugra ýagny, günorta we demirgazyga köpçülikleýin göçüpdirler. Handa şol döwürler türkmenler günorta Russiýanyň territoriýasyna göçüp barypdyrlar. Oňa mysal bolup taryhda “Astrahan türkmenleri” diýen düşünjäň ýüze çykmagydyr. Bu göçhä-göçlükler :

1. Halkyň milli ösüşini bökdeýär, yza tesdirýär, adam we maddy ýigitleri getirýär.

2. Göçülip gaýdylan ýurduň tozmagyna, şondan çykmagyna getirýär.

Amyderýanyň üýtgemegi bilen başlanan türkmen taýpa-tireleriniň göçhä- göçlügi XIX asyryň 80-nji ýyllarynda tamamlapdyr. Bu bolsa türkmen halkynyň esli wagt belli bir ýerde mesgen tutman tozmagyna getiripdir. XV asyryň ortalarynda başlap ozalky Altyn Ordanyň çäklerinde ýaşap, Türkleşen Mongollar gypjaklar ady bilen Orta Aziýa howp salyp başlapdyr. Bular häzirki Gazagystanyň çäklerinde, esasan göme çarwaçylyk bilen meşgul bolupdyrlar. Orta Aziýany göçme özbek taýpalarynyň basyp almagy Abylhaýryň agtygyŞeýbany hanyň ady bilen baglydyr. Ol 1451-nji ýylda dogulýar. Abylhaýyr han ölenden soň özbekleriň içinde uruşlar başlapdyr. Şeýbany han we onuň doganlary ýaşlykdan ýetim galyp Astrahana gaçyp gidipdirler. Olar birneme ilatyň öz watanyna dolanyp gidýärler. Şeýbany han Abylhaýryň agtygy bolany üçin, teýmuritleriň käbir nesli bilen garyndaşlyk saklapdyrlar. Ol özleriniň hanlyk ugrundaky göreşinde-de şolardan goldaw alypdyrlar. Şeýbany hanyň ýokary galmagyna iki sebäp bardy :

1. Ol öz daşyna göçme özbek taýpalaryny jemläpdir.

2. Bu wagt teýmurit nesilleri öz aralarynda uruş alyp barypdyrlar. Şeýbany han Deşti-Gypjaga gelip Syrderýanyň aşak akymynda ep-esli goşun toplapdyr. Ol Orta Aziýany basyp almak üçin taýýarlyk görüpdir. Şeýlelikde ol ilkinji basyp almak üçin amatly bolan gala diýip Horezmi galasyny hasaplapdyrlar. Şol wagt Horezmi Teýmurit nesliniň şasy Soltan Söýüniň goýan adamsy dolandyrypdyr. Şeýbany han Horezme çözup Tirsek soňra türkmenleň oturýan Adak diýen galasyny basyp alypdyrlar. Ol Köneürgenji bir bada doly alyp bilmän yza çekilipdir. Ol täze güýç toplap Samarkanda, Buhara ýöriş edipdir. Samarkantlylar daşky galany birikdiripdirler. Şeýbany han Samarkandy alyp bilmejegini bilip Buharadan kömege gelýän goşunyň öňünden çykyp ony derbi-dagyn edýär. Soňra Buharany eýeleýär. Bu habary eşiden Samarkantlylar gorkup başlapdyrlar, hat-da käbir serkerdeler galadan çykyp gaçypdyrlar. Töweregindäkileň dönüklik etjegini bilip Samarkandyň teýmuritlerden bolan hökümdarynyň özi Şeýbany han bilen gepleşik geçiripdir. Şeýdip 1500-nji ýylda Teýmir leňiň gadymy paýtagty hiç hili garşylyksyz Şeýbany hana boýun bolupdyr. Şeýbany han şäherde berkitme goýup gidenden soň şäher ilaty we täsirli ruhanylar teýmuritlerden bolan şazada Muhammet Babura (1483-1530) gizlin hat ýollap eger-de gelde Samarkandyň derwezesini açjakdygyny aýdypdyr. Babur Samarkanda gelip Şeýbany hany goýup giden tylyny gyrypdyr. 1501-nji ýylda Şeýbany han ýene-de Samarkandy gabap 4 aýdan soň Samarkandy basyp alyp, rehimsizlik bilen talapdyrlar. Babur soňra Hindistana gaçyp gidip şol ýerde XIX asyra çenli ýaşan Mongollar döwletiniň düýbüni tutupdyr. Şeýbany han Samarkandy eýeläp Mawerennahyry boýun egdirenden soň Soltan Söýüniň hökümdarlyk edýän Horasan döwletini basyp almaga girişýär. Ýaşy gaýdyşan Soltan Söýün öz ogly Badýuzzamana 20000 atly goşun berip Şeýbany hanyňöňüne ugradýar. Emma onuň ogly Amyderýadan geçip Termeze baryp goşunyň agzalalygy sebäpli yzyna gaýdýar. Bu habary eşiden Şeýbany han Balha çozýar. Ýöne ony alyp bilmeýär. Badýuzzaman 1504-nji ýylda goşun toplamana Murgabyň boýuna ugraýar. Şol ýyl hem Şeýbany han ürgenji basyp almak üçin Köneürgenje ýöriş edýär. Ol Köneürgenji doly basyp alýar. 1506-njy ýylda Badýuzzaman uly goşun bilen Murgaba ugraýar. Onuň yzy bilen galan goşuny alyp Soltan Söýün hem gaýdýar. Ogly atasyna garaşýan wagty 1506-njy ýylyň Nowruz aýynyň 5-inde Soltan Söýün ýolda ýogalýar. Onuň ölümi teýmuritler döwletiniň ýagdaýyny gutarnykly gowşadýar. Döwleti iki dogan biri Balhda, beýlekisi bolsa Hyratda oturym dolandyryp başlaýarlar. Şeýbany han Hywada ilçi iberip Badýuzzamana dogany bilen tabyn bolmagy talap edipdir. Ol Balhy 3 aý gabap, basyp alyp ony rehimsizlik bilen talapdyrlar. Ol 1507-nji ýlda Amyderýadan geçip Horasany doly basyp almana girşýär. Ilki Andihaýy, soňra Hyrady basyp alýar. Onuň mundan beýläk ýörişlerine Eýranda dörän sefewitler, türkmen edebiýatynda we taryhynda gyzylbaşlar ady bilen belli bolan döwlet päsgel beripdir. Sefewi döwletiniň Şasy Ysmaýyl I bolupdyr. Şeýbany hany ýöriş üstüne ýeňiş gazanmagy onuň başyny aýlady. Ol Eýran şasy Ysmaýyl I şaha haýbat atypdyr we onuň döwletiniň demirgazyk raýonlaryny talapdyrlar. Muňa gahar eden Şa Ysmaýyl 1510-njy ýylda Horasana gelip çaltlyk bilen gündogara we şol ýerde Mawerennahyrdan geljek goşuna garaşyp ýatýar. Şa Ysmaýyl gyşy geçirjek bahanasy bilen Maşada tarap ugraýar we Garaýabyň köprüsinde 17000 goşunyny gizläp goýýar. Muňa ynanan Şeýbany han onuň yzyndan urmak üçin üstüne çozýar we Garaýabyň köprüsinde geçende gabawa düşüp öldürilýär. Ondan soň Şa Ysmaýyl 1511-nji ýylda Mawerannahyra aralaşýar we ony hiç hili garşylyksyz basyp alýar. Şeýbany hanyň nesilleri gorkup boýun egýändigini aýdyp köp sowgat beripdirler. Şeýlelikde ylalaşyga gol çekilýär we Amyderýanyň çep kenary sefewileriň eline geçýär. Şeýbany han ölenden soň Şeýbanylaryň döwletinde dagynyklyk başlanýar. Bir bada Mawerennahyryň şol sanda Horezm hem gyzylbaşlaryň eline geçyär. Emma 1524-nji ýylda şa Ysmaýyl ölenden soň, Köneürgenç hem özbaşdaklygyny gazanýar. Eýýäm şol ýyl Köneürgenç hany Ilbars sefewi dikmelerini Ahaldan-da, Etekden-de kowup çykaryp, ol ýerleri öz raýaty diýip yglan edýär.

Şol döwürde şeýbanylaryň Mawerennahyrdaky döwletinde üznüksiz içki göreşler dowam edýärdi. Bu göreş XVII asyryň ahyrynda kiparlapdy. Şeýbanylaryň döwleti Abdyllahan II gol astyna geçip, Buhara hanlygy emele gelýär.

Köneürgenjiň demirgazyk Horasany eýelemegi netijesinde özbek iri ýer eýeleri bütin Horasana talaňçylyk edip durupdyrlar. Şol döwürde öneürgenjiň iň iri mülki günorta Türkmenistanyň çäklerinde-de. Onuň merkezi Durun galasydy. Durun sebitlerine şazada Din Muhammet Soltan hökümdarlyk edýärdi. Din Muhammet beýleki şazadalardan öz gudaman we çaltaman häsiýeti bilen tapawutlanypdyr. Din Muhammet Köneürgenç hanynyň süňňi pes aýalyndan bolany üçin ony göz astynda saklapdyr. Ol 19 ýaşyna ýetende Horasana talaňçylyk etmek üçin gaýdýar we Horasan häkiminiň eline düşýär. Ol ony daňyp Ürgenji ugradýar. Ýolda şazada boşap öz garawullaryny öldürip Ürgenje barýan we kakasynyň goluna meňzeş gol çekip Horasan häkimine ýollaýar. Haçanda ol Ürgenje gelende onuň öňünden çykyp öldürýär. Ondan soň hem Din Muhammet Horasana häkim edip iberýär. Edil şol wagtam Buhara emiri Ubeýdulla han Horasana talaňçylykly çozuş edýär. Eýran şasy Tahmasp (1524-1576) Horasanyň abadançylygyny saklamak üçin Köneürgenç hanlygyna dostlukly goluny uzadýar. Şundan peýdalanyp Din Muhammet we jigisi Aly-soltan 1536-1537-nji ýyllarda şa Tahmaspyň huzuryna barýar. Edil şol ýylam Ubeýdulla han 4-nji gezek Horasana talaňçylykly çozuş edýär. Şa Tahmasp Horasanyň çetki häkimlerini öz tarapyna çekmek we Horasany Buhara emirden goramak maksady bilen Din Muhammedi diňe Durunyň häkimi däl eýsem-de oňa Nusaýy, Abywerdi hem bagyş edýär. Din Muhammet öň Köneürgenjiň häkimi bolan bolsa indi demirgazyk Horasanda şa Tahmaspyň adyndan hereket edýär. Din Muhammet Marynyň Buhara emiri tarapyndan bellenen dikmesi bilen dilleşip ony özüne birikdirýär. Köneürgenç hanlygynyň Eýrana ýakynlaşmagy, Din Muhammediň gös-göni şa Tahmaspyň adyndan hereket etmegi we Maryny öz gol astyna geçirmegi 1539-njy ýylda Ubeýdulla hanyň Köneürgenje ýöriş etmegine getiripdir. Ol baryp Köneürgenjiň ilatyny 4 bolup Buhara, Daşkende, Samarkanda, Gissara göçüripdir. Bu habary eşiden Din Muhammet teke we ýomut taýpalaryndan hem-de Uzboý ýakasynda ýaşaýan türkmen taýpalaryndan atly goşun jemläp Ubeýdulla hany ýeňýär we Köneürgenç ilatyny göçürip getirýär. Din Muhammet Eýran bilen dostlukly gatnaşan bolsa Aly-Soltan onuň tersine hereket edipdir. Ol her ýyl diýen ýaly Horasana çozup durupdyr. Aly soltan Köneürgenç hanlygy ugrundajy üçünji çaknyşykda has adygypdyr. Ol 1548-49-njy ýyllarda Astrabadyň üstüne çozuş edýär hem-de okly taýpanyň we Astrabadyň taýpalarynda ýaşaýan syýahpuşlaryň kömegi bilen agalygyny dikeltjek bolupdyr. Köneürgenjiň tagt ugrundaky 4-nji çaknyşykda bäsdeşler ikä bölünip şolaň bir topary kömek sorap Aly-Soltana ýüz tutupdyrlar. Aly-Soltan olara kömek edip, Hojam hany han saýlapdyrlar. Hojam han bu kömegi üçin Aly-Soltana Ürgenji, Hazaraspy, Kät galasyny berýär. Şeýlelikde Aly-Soltan “daglaryň ýurdunam, derýalaň ýurdunam” soraýan häkimi bolupdyr. XVI asyryň II-ýarymynda Buhara emirligi güýçlenip başlapdyr. 1539-njy ýylda Ubeýdulla han ölenden soň Buharada tagt üstünde çaknyşyklar başlanypdyr. Şol uruşlarda 1567-nji ýylda Abdylla han ýeňip tagta çykýar. Ol 31 ýyllap tä ölýänçä ýagny 1598-nji ýyla çenli basyp alyşly syýahat ýöredýär. Ol Horasany, demirgazyk Eýrany we Köneürgenji basyp alýar. Abdylla II ölenden soň Buhara emirligi synýar we öz Köneürgençdäki we Horasandaky mülklerini elinden gidipdir. Mundan soň Eýran şasy Apbas I (1587-1628) sefewiler döwletiniň güýçli şasy bolýar. Ol hem döwletiň demirgazyk-gündogaryna howpsuzlygy goramak üçin göçürip getiripdir. Bu üç döwletiň alyp baran syýasatynda türkmenleriň roly uly bolupdyr. Olar her gezekki şazadalaň tagt ugrundaky çaknyşyklarynda aktiw hereket edipdirler. Din Muhammet hanyň we Hojam hanyň Buhara emirlerine garşy uruşlarynda esasan hem türkmenlerden atly goşun ýygnapdyrlar. Mundan hem başga türkmenler haýsam bolsa bir hany arkalanyp beýleki hana garşy alyp barypdyrlar. Şeýle gozgalaňlaryň biri hem XVI asyrda Aba serdaryň ady bilen baglanyşyklydyr. Bu Etrek-Gürgen türkmenleriniň taýpa serdary bolup, Eýran şalarynyň zulumyna garşy aýgytly hereket alyp barypdyr. Aba Serdar örän batyr, edenli, watanparaz adam bolupdyr. Ol Durunyň häkimi Aly-Soltan bilen ylalaşyk baglaşyp Astrabat häkimine garşy uruşypdyrlar. Aba serdar 1550-55 ýyllar aralygynda Astrabadyň häkimi bolupdyr. Ýöne onuň häkimligi uzaga gitmändir. Bu döwürde Merkezi Aziýanyň ýagdaýy örän pese gaçypdyr. Sebäbi bir tarapdan Buhara emiri, ýene bir tarapdan Eýran şalary we Köneürgenç hanlary tarapyndan elden-ele geçýän şäherdir, oba-kentlerdir, ülkeler düýbünden diýen ýaly tozupdyr. Mysal üçin : Buhara emiri Abdylla han II ogly 1583-nji ýylda Maşady basyp alanda diňe şäheri ýumurmak bilen çäklenmän eýsem şäher ilatyny hem gyrgynçylyga beripdir. Mundan hem başga Din Muhammet Hanyň we Aly-Soltanyň talaňçylykly çozuşlary netijesinde demirgazyk Eýran bütinleý harabaçylyga öwrülupdir. Bu üç döwlet basyp alan ýerlerini, şäherlerini suw bilen üpjün edýän suw desgalaryny ýumurmak we ekerançylyk ýerlerine ata basgylatmak ýaly weýrançylyklar alyp barypdyr. Döwletleriň ösmeginde esasy rol oýnaýan daşary söwda hem gowşapdyr. Sebäbi her bir han, emir ýa-da tagtdan aganda şazadalaň arasynda bolýan tagt ugrundaky uruşlar arkaýyn söwda etmäge mümkinçilik bermändir. Erkin ilatyň tozdurylmagy olaryň garyplaşmagyna alyp gelipdir.