Merkezi Aziýa Teýmir we Teýmiriler döwründe

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

1227-nji ýylda Çingiz han ölenden soň Mongollarda gurultaý çagyrylyp, onda Ugedeýi han saýlapdyrlar. 1237/38-nji ýyllarda Çingiz hanyň iň uly agtygy Baty han Ỳewropa ýöriş edip Altyn Orda döwletini döredýär. Mawerannahr Çagataý ulusyna giripdir. 1250-nji ýylda kagan Tuli hanyň ogly Müňki han bolupdyr. Ol öz dogany Hulagu-a köp goşun berip 1252-nji ýylda Eýrana ugradypdyr. Hulagu han 1254-nji ýylda Eýranda Hulagular döwletini döredipdir. Bu döwlet “Ilhanlar” adyny alypdyr. Şeýlelikde Türkmenistanyň territoriýasy üç sany döwletiň düzümine giripdir. Demirgazyk Türkmenistan Altyn Orda, Gündogar Türkmenistan Çagataý ulusyna, Günbatar we Günorta Türkmenistan bolsa Hulagu döwletiniň düzüminde bolupdyr. XIV asyryň ortalarynda Mongollaryň döreden döwletleri dargap başlady. Altyn Orda, Çagataý ulusy, Hulaguitler döwleti bir topar maýdaja iri ýer eýelerine bölündiler. Bular özara uruşlar bilen meşgul bolýandyrlar. Mawerannahrda-da Çagataý ulusy dargap, şeýle ýagdaý dowam edyärdi. Teýmiriň asly Mawerannahyra göçüp gelen mongollaryň Barlas taýpasyndan bolupdyr. Ol Şährisesebziň golaýynda bir obada 1336-njy ýylda dogulýar. Ol 25 ýaşyndaka bir welaýatyň emiri bolýar. Goňşylykdaky ýaşaýan emir Hüseýin bilen dostlaşyp onuň uýasyna öýlenýär. Söweş wagty Teýmir agyr ýaralanýar, sag eli ysmaz bolýar, sag aýagy bolsa tä ölýänçä agsap gezmeli bolýar. Şondanam oňa Teýmirleň, ýagny agsak ady galýar, ýewropalylar bolsa onuň adyny özleriçe Tamerlan diýip tutupdyrlar. Teýmirleň bilen Hüseýin bileleşip Mawerennahyryň häkimi Ylýas hojany kowup, Samarkandy we Buharany eýeleýär. Ýöne 1365-nji ýylda Ylýas Hoja goşun toplap yzyna gelýär. Teýmir bilen Hüseýin hem goşunlary bilen onuň öňünden çykyp, söweş edýärler. Edil baş söweş başlananda jagba gelip, atlar, adamlar taýyp ýykylýarlar. Şonuň üçinem onuň ady taryhda “Laýly söweş” galypdyr. Bu söweşde Ylýas Hoja ýeňipdir. Teýmir bilen Hüseýin Amyderýadan geçip Balh şäherinde gizlenipdirler. Ýöne Ylýas Hoja Samarkanda gelende onuň ilaty Ylýas Hojaň goşunlaryndan üstün çykypdyrlar. Bu habary eşiden Teýmir bilen Hüseýin Samarkanda gelip, ony eýeläpdirler. Bu waka 1366-njy ýylda bolupdyr. şol wagtdan başlap Hüseýin bilen Teýmir biri-birine päsgel berýändigini duýup başlapdyrlar. Olar Mawerannahyra sygman başlapdyrlar. Hüseýin Balha çekilip goşun toplap başlapdyr. Bu ýagdaýy bilen Teýmir 1370-nji ýylda Balhy gabapdyr, köp güýç sarp edip, şäheri alyp, Hüseýini hem öldürýär. Şondan soň ol Mawerennahyry özüne doly birikdirýär we 35 ýyllyk basyp alyjylykly ýöreýşine başlaýar. 1359-njy ýylda Altyn Orda hany Berdi han ölenden soň Ürgenç onuň düzüminden çykýar we garaşsyz ýaşap başlaýar. Goňrat taýpasyndan bolan Ürgenç hanlary, Ürgenjiň günorta çetindäki Çagataý ulusyna degişli ýerleri basyp alýar. Teýmir bu ýerleri gaýtarlyp berilmegini talap edýär. Talaby ýerine ýetirilmäni üçin 1372-88-nji ýyllar aralygynda Ürgenje 5 gezek ýöriş edýär. Onuň iň soňky 1388-nji ýyldaky ýörişi Ürgenç üçin tragediýa bolýar. Ol Ürgenji ýumrup, ýerine arpa ekmegi buýurýar. Ol soňra Eýrana “üç ýyllyk”, “bäş ýyllyk”, “ýedi ýyllyk” ýöriş edýär.

1398-1399-njy ýyllarda Hindistany basyp alýar. 1382-1397-nji ýyllarda Azerbeýjany, Ermenistany, Gürjüstany basyp alýar. Bütin Eýrany hem özüne birleşdirýär. 1400-nji ýylda Teýmirleň türk Soltany Baýazit I bilen uruşa başlanýar. 1402-nji ýylda Ankaranyň golaýynda Teýmirleň soltan Baýazit bilen ikinji söweş bolýar. Bu söweşde Baýazit soltan ýeňilýär. Şonda Baýazidi ýesir tutup getirýärler. Baýazit çadyra girende Teýmirler “hah-hah” edip gülüpdir. Bu bolsa gahary gelen soltan Baýazit: “Gülme Teýmirleň, bu gün men seniň ýesiriň bolsam, ertir enşalla, sen meniň ýesirim bolarsyň” diýýär. Teýmirleň bolsa soltan Baýazide şeýle jogap berýär: “Seniň aýdýanyň dogry. Bur bir ykbaldyr. Belki, ertir men seniň ýesiriň bolaryn. Ýöne men başga zada haýran galyp gülýärin. Senä dünýäniň ýarysyny, menem ýarysyny soraýaryn. Eýsem, Allatagala özüniň şunça millionlarça bendeleriniň arasyndan bary-ýogy 2 sany patyşa döretjek bolsa, ikimizden başga adam tapmadymyka diýip gülýärin” diýipdir. Teýmirleň 1404-nji ýylda 200 müň goşun toplap iň uly söweşine we birnäçe ýyllar bäri arzuw edip ýören Hytaýa tarap ýola rowana bolýar. Emma 1405-nji ýylda Teýmirleň Hytaýa barýarka ýolda aradan çykypdyr. Teýmirleň hem Çingizler ýaly zalymlyk görkezipdir. Yspyhany alanda 70 müň adamyň kellesinden minara gurdurmak, Hindistany basyp alanda 100 müň bigünä ýesiri öldürmek ýoly zalymlyklary görkezipdir. Teýmirleň heniz ölmänkä basyp alan ýurtlaryny edara etmek üçin ogullary Jahangire, Omar-şaha, Miranşaha we Şahruha paýlap beripdir. Ol ölenden soň tagt ugrunda şazadalaň arasynda (tagt) söweş bolýar. 1409-njy ýylda Teýmirleň kiçi ogly Şahruh tagta çykýar. Şahruh 40 ýyla golaý baştutanlyk eden wagty Teýmiriň nebereligi iş ýüzünde iki döwlete bölündi. Şahruhyň özi şol wagt Horasanyň paýtagty Hyratda, Ulugbek bolsa Samarkantda oturypdyr, ikisi hakykatdanam aýry özbaşdak döwlet ýaly ýaşapdyrlar. Ulugbekiň çyn ady Muhammet Taragaý bolup, ol 1394-nji ýylda dogulýar. 10 ýaşyndaka Altyn Orda hany Özbegiň neslinden bolan ogly Begim atly gyza öýlenýär. 15 ýaşyndaka Samarkanda häkim bellenýär. Ol 40 ýyllap hökümdarlyk edipdir. Ulugbek 1425-nji ýylda Çu derýasynyň boýundaky mongollary ýeňlişe sezewar edýär. Emma 1427-nji ýylda Syrderýaň boýunda özbeklerden masgara bolup ýeňilýär we ömrüniň ahyryna çenli Samarkantdan çykman diýen ýaly hökümdarlyk edýär. Diňe atasy Şahruh ölenden soň (1447) öz neberelerine garşy göreşmeli bolýar. Şahruh ölenden soňra Horasanda we Orta Aziýada bulagaýlyk başlanýar. Indi timurutleriň iň ýaşuly nesli Ulugbekdi. Emma Ulugbegiň ejesi Göwherşat Şahruhyň tagtyna beýleki oglundan bolan agtygyny oturtmakçy bolýar. Ulugbek bilen onuň doganlarynyň arasynda tagt ugrunda göreş tutaşýar. Bu söweşde Ulugbegiň ogly Abdyllatyp doganogullarynyň eline ýesir düşdi. Ulugbek Horasandan we Hyratdan el çekjegini aýdýar. Abdyllatyp zyndandan boşadylýar. Emma bir ýyldan soň Ulugbek bilen Abdyllatyp Hyrady eýeleýär. Ýöne Ulugbek bilen Abdyllatybyň arasyna tiz tow düşýär. Ol kakasynyň kyn güne düşerine garaşypdyr. Ol kakasynyň aýdanlarynyň baryny tersine edýär. Halys degnasyna degilen Ulugbek Hyrada ýöriş edýär. Samarkantda özüne derek ikinji ogly Abdylezizi goýýar. Onuň bu ogluny şäher ilaty halaman, onuň garşysyna dildüwüşik gurap tagtdan agdardylar. Olar Ulugbegiň özüni hem tagtdan agdarjak bolupdyrlar. Ulugbek Amyderýanyň boýundan yzyna Samarkanda gaýdýar. Muny eşiden Abdyllatyp Amyderýadan geçip Samarkanda ugraýar. Ýol ugruna Termez bilen Şährisebizi eýeleýär. Ulugbek bilen oglunyň arasyndaky söweş Samarkandyň etegindäki Dymyşyk (Damask) şäherjiginiň ýanynda bolýar. Bu söweşde Abdyllatyp ýeňiş gazanýar. Ulugbege ogly Abtyllatybyň aýagyna çökmekden başga ýol galmaýar. Ol kakasyny Mekgä haja iberen bolup, öldürmek üçin onuň yzyndan adam iberýär. Ol ugradylan adam Ulugbek goňşy oba sowlanda, onuň oturan jaýyna baryp, onuň kellesini alypdyr. Bu waka 1449-njy ýylyň Oktýabr aýynyň 27-ne bolup geçýär. Şahruhyň ölmegi bilen Teýmiritler nebereligi dargap başlaýar. Eýýäm 1453-nji ýylda Azerbeýjanda Jahanşa öz döwletini garaşsyp diýip yglan edýär. Abdyllatyp hem 6 aý soltanlyk edenden soň 1450-nji ýylMart aýynyň 8-inde Samarkandyň çetindäki Bagy-saraý seýilgähinde seýil edip ýörkä öldürilýär. Şundan soň Horasanda we Mawerennahyrda Ulugbegiň tagty ugrunda mirasdüşerleň arasynda göreş gidýär. Şu uruşdan peýdalanyp özbek hany Abdylhaýyr han Syrderýadan geçip Samarkandyň etegini çapawullap gidýär. Bu söweşde Teýmirleriň ýulygy Soltan Söýün ýeňiş gazandy we 1469-njy ýylyň Mart aýynyň 24-inde Hyradyň tagtyna çykýar. Soltan Söýün 37 ýyllap Horasanyň hökümdary bolup, ömrüni iri ýer eýeleriniň garşylygyna garşy uruşyp geçirýär. Onuň weziri gündogaryň beýik akyldary Alişer Nowaýy bolupdyr. Nowaýy 1441-nji ýylda mongollaryň barlos taýpasyndan eneden bolýar. Ol 1500-nji ýylda Soltan Söýün ogluna garşy söweşden gelende, onuň öňünden çykýar we gütleň sözüni aýdandan soň essi aýyrlyp ýykylýar we 1501-nji ýylÝanwar aýynyň 3-inde aradan çykýar. XV asyrda ozalky Altyn Ordanyň territoriýasynda ýaşap, türkileşen mongollar gypjaklar tarapyndan Orta Aziýa howp salypdyr. Ol 1500-nji ýylda Samarkandy basyp alandan soň Horasana hüjüm edip başlaýar we ony 1506-njy ýylMart aýynyň 5-ne Soltan Söýüniň ölmegi bilen basyp alýar. Samarkantda Şeýbany hana Zaharuddin Babur garşylyk görkezýär. Şeýbany han 1505-nji ýylda Ürgenji basyp alýar. Şeýbany han Soltan Söýüniň ölenini eşidip Hyrada ilçi iberip, Soltan Söýüniň ogly Badynzzaman bilen onuň doganyna tabyn bolmagy talap edýär. Bular goşun toplap ýetişmänkä Balhy gabap ony 3 aýdan soň basyp alýar we Teýmiritler nebereligini ýykýar.