Magtymguly Ýonaçy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Magtumguly Ýonaçy- Döwletmämmet Azadynyň kakasy, Magtymguly Pyragynyň bolsa, atasydyr. Ol dürli gol hünarleri bilen birlikde, ýona tikmage-de ökde ekeni. Şonun üçin oňa Magtymguly ýonaçy diýipdirler. Ol şahyrçylykdan habarly ekeni. Magtymguly Ýonaçy özünin päk zahmeti bilen yaşan adam. Dayhançylyk, at esbaplaryny tikmek, gurnamak yaly işler bilen meşgullanypdyr we ökde kümüşçi ussa bolupdyr. Özi-de sowatly, poeziýadan oňat başy çykýan adam bolany üçin halk ony sylapdyr. Ýonaçynyň kakasynyň ady hem Döwletmämmet Ýonaçy bolupdyr. Ol hem molla lakamyny alan sowatly-medeniýetli adam eken.