MERKEZI AZIÝA GADYMY DÖWÜRDE

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

MOWZUK: MERKEZI AZIÝA GADYMY DÖWÜRDE.

Meýilnama:

1.Merkezi Aziýanyň tebigy şertleri.

2.Taryhy çeşmeleri we taryhnamasy.

3.Altyndepe döwleti.

4.Marguş ýurdy.

5.Merkezi Aziýa Ahameniler döwletiniň we Selewkidleriň düzüminde.

6.Kuşan we Parfiýa döwletleri.

1.Merkezi Aziýanyň esasy bölegini Turan pesligi tutup,ondan Amyderýa we Syrderýa akýar.Turan pesliginde iki sany çägeli çöl:Garagum we Gyzylgum ýerleşýär.Köpetdagyň eteginde insiz dag etek düzlük bolup,ol dag çeşmeleri bilen suwarylýar.Ondan gündogarda Tejen we Murgap derýalary akýar.Amyderýa bilen Syrderýanyň arasyndan Zerawşan derýasy ak- ýar.Onuň kenarlarynda Merkezi Aziýanyň baý oazisleri ýerleşýär.Amyderýanyň sag goşantla- rynyň jülgeleri suwarymly ekerançylyk üçin amatly bolup,ol ýeriň ýyly tomsy we ýumşak gy- şy bolupdyr.Merkezi Aziýanyň gündogarynda Týan-Şan we Pamir dag ulgamlarynyň esasy bölegi ýerleşýär.

         Merkezi Aziýanyň dürli ýerlerinde demir,galaýy,kümüş ýataklary bar.

2.Merkezi Aziýanyň taryhynyň gadymy döwrüni öwrenmäge “Awesta” uly kömek edýär.Beýleki ýazuw çeşmelerine gadymy teňňeleriň ýazgylary,Nusaýdan tapylan hojalyk res- minamalary,Horezmiň paýtagty Toprakgaladan tapylan köşk arhiwi,Owganystandan tapylan kuşan ýazgylary degişlidir. Gadymy awtorlar Ktesiniň (“Pars taryhy”) we Gerodotyň işlerinde-de gysgarak maglumatlar berilýär.Gadymy taryhyň giçki döwri barada Artemitadan bolan Apollodoryň Parfiýanyň taryhy baradaky kitabynyň parçalary we näbelli awtoryň rim taryhçysy Pampeý Trog tarapyndan işlenilen we gysga beýan edilen maglumatlary habar berýärler.

Merkezi Aziýanyň taryhy barada geçirilen arheologik işleriň netijeleri hem mö- hüm maglumatlar berýär.W.Sarianidiniň açyşlary netijesinde Marguşda 5000 ýyl mundan öň bolan ösen siwilizasiýa tapyldy.Marguş dünýäni haýran galdyrmagyny häzirem dowam edýär. 3. Merkezi Aziýada,hususan-da,Türkmenistanda ekerançylyk medeniýeti b.e.öň VI müňýyllykda döräp,Zeýtun medeniýeti diýlip atlandyrylýar.Olar oturymly ýaşap,arpa,bugdaý ekipdirler we ownuk şahly mallary idedipdirler.

B.e.öň V-IV müňýyllyklarda mis özleşdirilip başlanýar.Goýundyr geçiden başga-da iri şahly mallar,düýe idedilipdir.Bu döwür irki ekerançylyk medeniýetiniň gülläp ösen wagty ekeni.B.e.öň III müňýyllykda Altyndepede,Namazgadepede 5-10 müň ýaşaýjysy bolan irki şäher siwilizasiýalary döräpdir.Bularda irki Elam we Şumer medeniýetleri bilen meňzeşligiň bolmagy,olaryň arasynda aragatnaşyklaryň bolandygyny aňladýar.Beýik Saparmyrat Türk- menbaşy Altyndepe oguz paýtagty-ýaňykent bolupdyr diýip belleýär.

B.e.öň III-II müňýyllyklarda ýaşan Altyndepe döwletinde elam we şumer hatyn- dan öňki ulanylan piktografiýany ýa-da salýan belgiler,harappa ýazuwyna meňzeş belgileri bolan möhürler tapyldy.

Altyndepäniň ilatynyň 3 gatlagy tapawutlanypdyr:1.Köpotagly jaýlaryň otaglaryn- da ýaşan oba we şäher ilaty.Olaryň mazarlarynda ýönekeý toýun gaplar we ýabany haýwanlaryň süňkleri goýlupdyr.2.Jemagat begzadalary aýry jaýlarda ýaşap,mazarlaryndan köp sanly monjuklar,ýüzükler,möhürler,terrakot heýkeljikler tapylýar.3.Üçünji topara serdarlar we žresler degişli bolup,olaryň öýleri 80-100 metr kwadrat meýdany tutupdyr,guburlarynda bolsa dür- li bezegler (altyn-kümüşden),monjuklar,guşaklyklar goýlupdyr.

Altyndepäniň binagärligi dini toplum bilen baglydyr.Onuň esasy bölegi on iki metr beýikligi we ýigrimi sekiz metr uzynlygy bolan dört basgançakly minara bolup,Mesopotami-ýanyň köp basgançakly zikkuratlaryna meňzeş ekeni.Ybadathananyň golaýynda köp sanly zat saklanýan jaýlar,baş ruhananyň öýi,ruhany žresleriň guburlary ýerleşipdir.

Bu dini toplum Mesopotamiýa miflerinde ot reňkli asman öküziniň görnüşinde şekillendirilýän aý hudaýyna bagyşlanypdyr.

Altyndepäniň ilaty şol wagtky medeni dünýäniň bir çetinde ýerleşip,goňşulary bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyrlar.Mesopotamiýadan bu ýere faýans önümler getirilipdir.Bina- gärlikde heýkeltaraşlykdan şumer täsiri bolupdyr.

Hind jülgesiniň siwilizasiýalary bilen hem aragatnaşyk saklanypdyr.Ol ýerden pil süňkinden ýasalan önümler,terrakot we metal önümler getirilipdir.Altyndepe Merkezi Aziýanyň demirgazyk ýerlerine hem öz täsirini ýetiripdir.

B.a.öň II mäňýyllygyň ortalarynda entek doly anyklanylmadyk sebäplere görä,Altyndepe medeniýeti pese düşüpdir.Ilat gündogara tarap süýşüpdir.Murgabyň deltasynda,Amyderýanyň orta akymlarynda,Demirgazyk Owganystanda we Günorta Özbegistanda ekerançylaryň täze oturymly ýerleri emele gelipdir.Olarda küýzegärlik,bürünç guýmaklyk,ýolbarslaryň, öküzleriň,gaplaňlaryň,ýabany haýwanlary ýeňip duran mifiki gahrymanlaryň şekillendirilen möhürlerini ýasamaklyk gülläp ösüpdir.

Murgap jülgesini we Amyderýanyň orta akymlarynyň özleşdirilmegi bilen emele gelen täze möhüm merkezler Margiana we Baktriýa diýlip atlandyrylýar.

4.Marguşyň dörän we ösen wagtlary söňky açyşlar netijesinde b.e.öňki III müňýylly- gyň başlaryna degişli hasaplanýar.Ol öz döwrüniň ösen dünýä siwilizasiýalarynyň merkezidir. Onuň paýtagty Goňurdepe şäheri bolupdyr.Goňuryň köşk-ybadathana toplumy Mesopotami- ýadaky we Gresiýadakylara meňzeş bolupdyr.Marguş beýik döwlet bolup,onuň araçäkleri Mesopotamiýadan Demirgazyk Hindistana çenli ýaýylyp gidipdir.Marguşyň Ägirt uly otparazçylyk ybadathanasy 0,5 ga meýdany tutup,öz kysmyndaky Merkezi Aziýa boýunça ýeke-täk ybadathanadyr.Onuň kuwwatly diwarlary burçlarynda küňreler bilen berkidilip,otaglary bolsa labirint görnüşinde bolupdyr.

Ybadathanadan demirgazykda ýene bir gala ýerleşip,onuň meýdany 1,5 ga golaý bolupdyr.Ol patyşanyň rezidensiýasy bolup,Marguşyň dünýewi binagärliginiň ajaýyp nusgasydyr.Galada patyşa degişli köşk bolup,onuň esasy girelgesiniň öňündäki köşk meýdançasynyň gyralarynda şahsy goragyň esgerleri üçin ýatag jaýlar ýerleşipdir.Köşgüň iki sany:kabul edişlikler we tagt goýulýan zallary bolupdyr.

Dini ymaratlar hem,köşk-gala hem marguşlylaryň gurluşyk sungatynyň özbaşdak däpleri boýunça gurlup,bu olaryň gazanan ýokary derejeli üstünligidir.

5.B.e.öň II-I müňýyllyklaryň sepgidinde Merkezi Aziýada döwlet birleşmeleri döräp başlapdyr.

B.e.öň VII-VI asyrlarda Baktriýada şeýle döwlet emele gelip başlaýar.Baktriýa pa- tyşasynyň baştutanlygynda köp sanly berkidilen şäherleriň bolandygy,olara garşy assiriýalylaryň ýörişler edendikleri barada rowaýatlar saklanylypdyr.

Şol wagtlar Merkezi Aziýanyň we Gazagystanyň çöl-sähra ýerlerinde çarwa taýpalaryň syýasy birleşmeleri hem emele gelipdir.Münülýän atlaryň ulanylmagy aragatnaşyklaryň çaltlaşmagyna ýardam edipdir.Ýaragly atlylar harby işde aýylganç howp bolupdyrlar.Şol wagta degişli guburlar hökümdarlaryň saýlanyp çykandygyny görkezýärler.B.e.öň VIII-VII asyr- lara degişli bolan Arjandan (Tuwa) tapylan töweregi daş bilen berkidilen (120 metr diametrli) köp otagly mazarda hökümdar bilen 160 at,15 adam jaýlanypdyr.

Çarwanyň bir topary saklar bolupdyr.Saklaryň Merkezi Aziýanyň günorta-günbatar ýerleri üçin midiýalylara garşy göreşendigi barada gürrüňler gelip ýetipdir.

Şu döwürde zoroastrizm dini hem döräpdir.Ony Zoroastr (Zaratuştra) esaslandyrylypdyr.Zoratuştranyň hereket eden ýerleri barada dürli çaklamalar bar:1.Midiýa, 2.Baktriýa 3.Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda bolsa-Margiana onuň kakasy-Puruşaspa - “menekli atlaryň eýesi”,ejesi-Dugdawa-“sygyrlary sagýan” bolupdyr.Zoroastrizm dini taglymatynyň içinden haýyr bilen şeriň,çyn bilen ýalanyň arasyndaky göreş eriş-argaç bolup geçýär.Haýyryň başlangyjy Ahuramazda (Ormuzd),onuň garşydaşy Anhra-Manýu (Ariman) hasaplanylypdyr.Adam bu göreşden çetde durman,haýyryň,hakykatyň tarapynda du- rup göreşmelidir,munuň üçin o dünýäde ýalkanmalydyr.Hoş söz,hoş niýet,ýagşy işler-adamyň üç tümligi ýaragy bolup,olar ýagtylygyň ýeňmegine kömek edýärler.

Hakyky zaratuştraçy oba hojalygy we maldarçylyk bilen meşgullanmalydyr.

B.e.öň VI asyrda Merkezi Aziýa döwletleri Ahemeniler döwleti tarapyndan baslyp alnypdyr.Uzak göreşden soň,b.e.öň 545 ýylda Baktriýa boýun egdirilýär.

Eýranlylar b.e.öň 530 ýylda massagetleriň taýpa birleşmeleriniň üstüne çozýarlar. Kir II-nji Amyderýadan geçip,massagetleriň aýal patyşasy Tumarlynyň oglunyň goşunlaryny aldawa salyp ýok edýär.Soňra oňa garşy Tumarlynyň özi goşun toplap çykýar we duşmany derbi-dagyn edýär.Kir II-nji bolsa öldürilipdir.

Ahemenileriň basyp alan ýerleri satraplylara birleşdirilipdir.Parfiýa hem şolaryň biri bolup,onuň gowy berkidilen iri şäherleri bolupdyr.

Murgap jülgesinde Margiana ýerleşip,onuň ösen suwaryş ulgamy üzüm ekilen meýdanlardan bol hasyl almaga mümkinçilik beripdir.Onuň merkezi uly şäher bolup,häzir oňa Gäwürgala (kapyrlaryň galasy) diýilýär.Gäwürgalanyň kuwwatly diwarlarynyň içinde köşk we ybadathana toplumlary ýerleşipdir.

Baktriýa hem Ahemeniler döwletiniň aýratyn bir satraplygy bolup,oňa patyşanyň mirasdary ýa-da patyşanyň ýakyn garyndaşy baştutanlyk edipdir.Baktriýanyň köp sanly şäherleri bolup,paýtagty Baktry şäheri ekeni.Baktriýadan demirgazykda Sogd ýerleşip,paýtagty Ma- rakanda bolupdyr.Amyderýanyň aşak akymlarynda ýerleşen Horezm hem bir satraplyk bolup- dyr.

Ahemenileriň agalygyna garşy b.e.öň 522 ýylda Margianada Fradyň baştutanly- gynda bolan gozgalaňy Baktriýanyň satrapy kynlyk bilen basyp ýatyrypdyr.Parfiýada hem şeýle gozgalaň bolup,ony Dariý I-niň kakasy,Parfiýanyň satrapy-Wistaspa basyp ýatyrypdyr.

B.e.öň V asyryň başlarynda Ahemeniler döwletiniň gündogar satraplyklarynda asudalyk başlanýar,şäherler,hünärmentçilik,pul aýlanyşygy ösýär.Baktraýada öz puly hem zikgelenýär.Ahemeniler döwleti gowşap başlan soň,b.e.öň IV asyryň başlarynda Horezm garaşsyz bolýar.B.e.öň 331 ýylda Gawgamely söweşinden söň Ahemeniler döwleti gutarnykly ýy- kylýar.Aleksandr Makedonskiniň garşysyna Sogdyň ilaty b.e.öň 329-327 ýyllarda güýçli göreş alyp barýarlar.Makedoniýanyň we Gresiýanyň Ahemeniler döwletini ýykmagy bilen,täze döwlet döreýär.Aleksandr Makedonskiý ýurdy dolandyrmaga gündogar begzadalaryny çekipdir,söwdanyň ösmegine üns beripdir,şäherler gurdurypdyr.

Aleksandr Makedonskiý ölensoň,onuň döwleti çagşaýar we birnäçe özbaşdak döwletler emele gelýär.B.e.öň 305 ýyl töwereginde Merkezi Aziýa Selewkidler döwletine getiripdir.Ony Selewk esaslandyrypdyr.Onuň ogly Antioh b.e.öň 289 ýylda kakasy bilen ýurdy dolandyryp başlaýar. Ol Margiananyň paýtagtyny gaýtadan dikeldýär,ekerançylyk oazisiň daşyna 250 kilometr uzynlygy bolan diwar gurdurýar.Aleksandryň döwründäki ýaly Selewki- dar döwründe hem gündogar satraplyklara göçmeklik dowam edýar.Baktriýada,Amyderýanyň çep kenarynda ulakan şäheriň galyndylary tapylyp, onuň medeniýeti greklere mahsus ekeni.

B.e.öň 250-nji ýyl töwereklerinde Selewkidlerden Baktriýa we Parfiýa bölünip aýrylypdyr.Horezm bolsa Aleksandryň döwründe-de özbaşdaklygyny saklap galypdyr.

Grek-Baktriýa döwleti 100 ýyla golaý ýaşap,demirgazykdan gelen çarwa taýpalary tarapyndan ýykylýar.Grek-Baktriýa döwründe söwda we hünärmentçilik ösýär.Grek medeniýeti giňden ýaýrapdyr.

6.Grek-Baktriýanyň ýerine Kuşan döwleti emele gelipdir.Ol iň kuwwatly wagtyn- da Hytaýdan Gündogar Eýranyň aralygynda ýerleşipdir.

Ýerli hökümdarlaryň biri Geraý teňňelerde özüniň atyň üstünde oturan şekilini goýdurypdyr.Atly şekil onuň çarwa dünýäsi bilen ýakyn aragatnaşygyny aňladýar.Ol özüni kuşanly diýip atlandyrypdyr.Geraýyň uly bolmadyk ýeri soňra ägirt uly Kuşan döwletine öwrülipdir.Ony I asyrda Katfiz I-nji esaslandyrypdyr.Onuň döwründe ýurduň merkezi bölegi Baktriýa bolupdyr.Katfiz I-niň ogly Katfiz II-nji Kuşan döwletine Demirgazyk-Günbatar Hindistany birleşdiripdir.Kuşanyň iň meşhur hökümdary Kanişka bolupdyr.(b.e.öň II asyr).Onuň döwründe paýtagt Puruşapura (häzirki Peşawar) bolýar.Kuşan döwleti günbatarda Parfiýa, gündogarda Hytaý bilen araçäkleşen soň,harby çaknyşyklar hem köp bolupdyr.Gündogar Hin- distanda göreş has-da tutanýerli bolupdyr.Kuşana b.e.öň I asyryň ahyryna-II asyrynyň başyna Hytaýyň öňe süýşmegini togtatmak başardypdyr.Ýöne III asyrda kuşanlylar Sasanlylar tarapyndan ýeňlipdir.IV asyrda kuşanlylar gaýtadan döreýän ýaly hem bolupdyr.Ýöne öňki dere- jesine ýetmändir.

Kuşanda Baktriýanyň suwarymly ekerançylygy dowam edipdir.Kuşan döwründe şäher gurmak syýasaty hem dowam edipdir.Içerki we daşarky söwda ösüpdir.Rimiň gündogar welaýatlary bilen söwda edilipdir.Hindistanyň günbatar portlary arkaly deňiz söwdasy alnyp barlypdyr.Kuşanda altyn we ownuk mis teňňeleri zikgelenipdir.Kuşanda buddizm dini döwlet dinine öwrülipdir.Onuň patyşalary buddizme howandarlyk edipdirler.Ýöne otparazçylyk hem gadagan edilmändir.Kuşan medeniýeti gadymy Baktriýanyň,grek medeniyetiniň we Hindista- nyň medeniýetiniň utgaşmagynda emele gelipdir.

Parfiýa döwleti Selewkidlerden bölünip,b.e.öň 250 ýyl töwereginde özbaşdak bo- lupdyr.B.e.öň 247 ýylda Arşak patyşa derejesini kabul edýär.Ol Gerkaniýany Parfiýa birleşdir- ýär.Soňra Selewkidleri bilen çaknyşmaly bolýar.

Parfiýanyň iň ajaýyp patyşalarynyň biri-de Mitridat I (b.e.öň 171-138) bolupdyr. Ol ilki Midiýany,soň Mesopotamiýany gol astyna alyp,b.e.öň 141-nji ýylda Wawilonda “patyşa” diýlip ykrar edilipdir.

Mitridat II (b.e.öň 127-87) günbatara tarap süýşüp,Rim bilen bäsleşýär.Ol Rim serkerdesi Sulla bilen bäsleşýär.Ol Rim serkerdesi Sulla bilen gepleşikler geçiripdir.Rim bilen Parfiýanyň arasyndaky garşylyklar gitdigiçe ýitileşip,b.e.öň I asyryň ortalarynda uly çaknyşy- ga getirýär.Rim Kiçi Aziýany we Siriýany eýelänsoň,mundan aňry hereket etmek üçin Parfiýanyň päsgel berýändigi sebäpli,oňa güýçli zarba urmakçy bolýar.B.e.öň 53-nji ýylda Demir- gazyk Mesopotamiýanyň Karry şäheriniň ýanynda rimliler Krassyň baştutanlygynda derbi-dagyn edilýärler.Ýesir alnan rimliler Margiana göçürilýärler.Parfiýa paýtagtyny Ktesifon şäheri- ne geçirýär.

I asyryň ahyrynda-II asyryň başlarynda Parfiýa döwleti gowşapdyr.Girkaniýa, Margiana ýaly welaýatlaryň häkimleri özlerini özbaşdak alyp barypdyrlar.

II asyryň I ýarymynda Parfiýa ilki rim imperatory Traýan,soňra Adrian tarapyndan çozuşa sezawar edilýär.

 Rim bilen Parfiýanyň arasyndaky 200 ýyla çeken göreşde olaryň hiç haýsy-da aý- gytly ýeňiş gazanmaýar.

Parfiýanyň welaýatlarynyň özbaşdaklygy güýçlenýär.Persidanyň güýçlenmegi bilen arşakidler Parfiýasy 226-njy ýylda Artaşir Sasanynyň golastyna düşýär.