Mülk ýer eýeçiligi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mülk ýer eýeçiligi: Jemagatyň doly hukukly agzasy sanaşyk paýyny alanda, oňa ýurt ýeri hökmünde mülk paýy-da berlipdir. XIX asyryň ortalaryndan mülk ýerler hususy eýeçilige geçip ugrapdyr.

Ahal etraplarynda mülk ýerler irden ýaýrapdyr we mülk ýerler nesilden-nesle geçipdir.

Mary oazisinde hem mülk ýerler ilkibada jemagat ýeriniň bir bölegi hökmünde wagtlaýyn paýlanypdyr. Emma wagtyň geçmegi, haryt-pul gatnaşyklarynyň ösmegi bilen ol ýerler ömürlik bolýar, soň bolsa nesilden-nesle geçip, müdimilik husysy mülk ýere öwrülýär. Mülkdaryň wagtyň geçmegi bilen mirasdary bolmasa onuň ýeri ýakyn garyndaşyna mük edilip bermek düzgüni saklanypdyr.

Mülk ýerlerinde ýokary girdeji berýän tehniki önümler (pagta, temmäki, kşir, şugundyr, bag-üzüm) ekilip ösdürilip ýetişdirilipdir.

Etrek-gürgen sebitlerinde hem mülk ýerler giňden ýaýrapdyr. Mülk ýere eýeçilik etmäge diňe erkek adamlaryň hukugy bardy, ol ony islese satyn ýa-da birine wesýet (zaweş) berip bilýär.