Leonid Andreýew

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Andreýew 1904-nji ýylda

Leonid Andreýew

(1871-1919)

XX asyr rus edebiýatynyň görnükli wekili, ekspressionizm akymynyň gözbaşynda duran meşhur ýazyjy Leonid Nikolaýewiç Andreýew 1871-nji ýylda, Rus imperiýasynyň Orýol şäherinde dünýä inýär. Leonid Orýol şäheriniň klassiki gimnaziýasyny tamamlaýar, eýýäm çagalyk ýyllaryndan kitap okamaga höweslenýär. Onuň juwan kalbyny Artur Şopengauer hem Eduard fon Gartman ýaly nemes pelsepeçileriň eserleri bendi edýär. Pessimizm we panpsihizm ýaly taglymatlara eýeren bu pelsepeçiler geljekki ýazyjynyň häsiýetine hem dünýägaraýşyna, döredijiligine örän uly täsir ýetiripdirler.

Leonid Andreýew Moskwadaky hukukçylyk uniwersitetini 1897-nji ýylda tamamlaýar, soňra 1902-nji ýyla çenli aklawçy bolup işleýär, emma bu işini taşlap, žurnalist hem ýazyjy bolmak kararyna gelýär. 1898-nji ýylda onuň ilkinji hekaýasy «Bargamot we Karaska» çap edileninden soň ýazyja Maksim Gorkiý üns berýär, ony ýaş ýazyjylar birleşigine çagyrýar. Emma diňe 1901-nji ýylda, «Bir bar eken, bir ýok eken» atly hekaýasy çap edileninden soň Andreýew okyjylaryň söýgüsine mynasyp bolýar. 1902-nji ýylda «Kurýer» gazetine redaktor bellenýär, Watanynyň jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşýar.

Leonid Andreýewiň eserleri çuňňur gumanizme, pasifizme hem watansöýüjilige, şol bir wagtda-da skeptisizme hem pessimizme ýugrulandyr. Ýazyjy özüniň «Diwar», «Pikir», «Gyrmyzy gülki», «Gubernator», «Ýedi sany asylanlar hakynda» atly hekaýalary, «Wasiliý Fiweýskiýniň ömri», «Iuda Iskariot» powestleri bilen rus edebiýatynyň altyn hazynasyna girmegi başardy.

Andreýew özüni F.M.Dostoýewskiýniň şägirdi hasaplaýardy. Ol öz döwründe L.N.Tolstoý, A.P.Çehow, A.S.Blok, D.S.Merežkowskiý ýaly ýazyjylaryň öwgüsine mynasyp bolupdy.

Bolşewistik rewolýusiýasyny kabul etmänligi sebäpli, Andreýew ömrüniň soňky ýyllaryny Finlýandiýada ýaşapdy, şol ýerde hem 1919-njy ýylda dünýeden ötýär.

Ýazyjynyň soňky eseri bolan «Şeýtanyň gündeligi» powesti tamamlanman galýar.