Käşir

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Käşir Käşiriň düzüminde şeker , beloklar,efir ýaglary,azotly maddalar, mineral duzlar, fermentlar, B-1,B-2,B-6, Ç, Ýe,K, ýokumlay, aýratyn köp mukdarda PP we A ýokumy bar. Şonuň üçin A ýokumynyň ýetmezçiligi sebäpli gözüň görüş ýagdaýy peselende,käşir ýa-da onuň suwy bilen bejeriş oňat netije berýär.

 Lukmançylykda bolsa käşiriň peýdasy örän uludyr:

Awitaminoz (ýokum ýetmezçiligi) kesellerinde , ganazlygy bejermekde ulanylýar.

Ýürek – damar, bagyr , böwrek keselleri babatynda berhiz saklanylanda oňat iýmit serişdesidir.
Dem alyş ýollarynyň sowuklamalaryny bejermekde ary baly bilen garylan käşir suwy (şiresi) agyz, bokurdak çaýkamak we içmek üçin berilýär. Käşir  suwy iç gatamany we babasil keselini bejermekde peýdaly serişdedir, şonda uly adamlara 150-200 ml.,çagalara bolsa  bir nahar çemçesi möçberindäki käşir suwyny ajöze içmek maslahat berilýär. 

Käşir suwy peşew işläp çykarmagy güýçlendirýän serişde hökmünde hem ulanylýar. Onuň böwrekdäki we peşew haltadaky daşlary çykarmakda-da haýry bar. Şonda käşir şiresi bir nahar çemçesi möçberinde günde 3-4 gezek nahardan öň birnäçe aý içilýär. Bu maksat bilen käşir tohumy ulanylsa ,has peýdalydyr. Şonda 3 nahar çemçesi käşir tohumy 600 ml. gaýnan suwda demlenip , termosda ertire çenli saklanylýar we günuüň dowamynda 150-200 ml-den 3 gezek içilýär.

 Üwelen käşir ýa-da onuň şiresi sowuk alan, ýanan we iriňli ýaralary bejermekde  ýapgy görnüşinde ulanylýar ýa-da onuň şiresi bilen ýara ýuwulýar. Şonda agyry peselip , ýara tiz bitmek  bilen bolýar.
Aşgazanyň  we on ikibarmak içegede baş dörände käşir iýmek maslahat berilýär. 
      IUHD.Shadurdyyev Ahmet