Jenap Gülki

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Jenap gülki sahypasyndan gönükdirildi)
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Jenap Gülki
Jenap Gülkiň twitterdäki suraty
Hakyky ady: Atageldi Atageldiýew
Doglan senesi: 24 mart 1985
Doglan ýeri: Aşgabat
Käri: wäşi, şorta söz ussady
Milleti: türkmen
Dili: türkmen
Twitter sahypasy: [1]
Täsirlenen şahsyýetleri: Ata Köpekmergen Nurmuhammet Nazarow

Atageldi 1985-nji ýylyň 24-nji martynda Aşgabat şäherinde dünýä indi. Orta mekdebi tamamlap, şol wagtky Halkara türkmen-türk uniwersitetine okuwa girdi. Okuwdan soň Watan öňündäki harby gulluk borjyny ýerine ýetirdi. Ol häzirki wagtda öz hünäri boýunça zähmet çekýär. Işden boş wagtlarynda klassiki saz eserlerini diňlemek, çeper eserleri okamak we sport bilen meşgullanýar.

Jenap Gülki ýaş türkmen ýigidi Atageldi Atageldiýewiň edebi ady bolup, Jenap Gülki ady bilen 2013-nji ýylyň aprel aýynyň 4-ne sosial ulgamlarda öz ýoluna başlady. Sahypa gysga wagtda okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Jenap Gülki sahypasynyň baş maksady barada resmi twitter sahypasynda şeýle setirler bar: "Meniň baş maksadym - ynsanlaryň ýüzündäki ýylgyryşa sebäp bolmak."[2]

Öz käriniň daşyndan, 2015-nji ýyldan bäri dürli dabaralara wäşi hökmünde gatnaşyp, halk köpçüligine ýylgyryş paýlamaga çalyşýar.

Atageldi maşgalaly, üç çagasy bar.

Jenap Gülkiň häzirki wagtda sosial ulgamlarda diňe twitterde resmi hasaby bar: Jenap Gülkiň resmi twitter sahypasy