Mazmuna geçiň

Jamala

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Jamala (ukr. Джамала, Krym tatarça: Camala), hakyky ady Susana Alimowna Džamaladinowa (ukr. Сусана Алімівна Джамаладинова, Krym tatarça: Şablon:Lang-crh; 1983 ýylyň 27 awgust, , Gyrgyz SSR, SSSR) — ukrain aýdymçysy we aktrisasy, Ukrainanyň halk artisti (2016), Ukrainanyň T. H. Şewçenko adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty (2024) we Ukrainanyň Milli saz akademiýasynyň uçurymy[1][2]. Jazz, soul, fank, folk, pop we elektro žanrlarynda aýdymlary ýerine ýetirýär, şeýle hem opera eserlerine we şoulara gatnaşýar. "1944" aýdymy bilen 2016 ýylda Ýewrowideniýe aýdym bäsleşiginde ýeňiji boldy.

Onuň döredijilik karýerasy 2001 ýylda başlady. 2023 ýyla çenli ýedi studiýa albomyny ýazga aldy we çykardy, şol albomlaryň arasynda iňlis, ukrain, rus we krym tatar dillerinde aýdymlar bar. 2013 ýylda ol ukrain režissýory Oles Saniniň "Görkeziji" we fransuz-belgiýaly režissýor Olias Barkonyň "Polina we kinostudiýanyň syry" filmlerinde baş keşbi janlandyrdy. 2009 ýylda ol Ýurmala şäherinde geçirilen sekizinji halkara "Täze tolkun" bäsleşiginde ýeňiji boldy. Ol ukrain aýdym-saz baýragynyň "YUNA" dört heýkeljigini we iki "ELLE Style Awards" baýragyny aldy. Şeýle hem, onuň "Ýylyň adamy", "Best Fashion Awards", "Red Apple Awards", "Eurostory Awards", "Marcel Bezençon Award" we "Cosmopolitan Awards" ýaly baýraklary bar[3].

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. "Победителем музыкального конкурса «Евровидение-2016» стала Джамала". Ваш голос. 2016-05-15. Archived from the original on 2016-07-06. Retrieved 2016-07-06.
  2. Анна Иванова (2016-06-09). "Джамала: Первое большое интервью после триумфа". Elle Украина. Archived from the original on 2016-06-12. Retrieved 2016-06-12.
  3. "Джамала впервые эксклюзивно рассказала о первой любви" (in ukrain dili). Моя правда. 2016-05-07. Archived from the original on 2016-06-12. Retrieved 2016-05-09.