Jähek we aldymgaç

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Öçür!

International tidyman.svg Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini diskussiýa sahypasynda aýdyň.
Sebäp Inappropriate article in terms of order and encyclopaedia

Zenan elleriniň ýylysyndan, ýürek joşgunyndan, ýiti zehininden dörän türkmen halysy we el işleri türkmeniň kalbyna mukam bolup siňip, asyrlardan asyrlara aşyp, biziň şu günki ajaýyp döwrümize gelip ýetdi. Ene-mamalarymyzdan miras galan türkmen zenanlarynyň zehininden dörän ajaýyp halylary, palaslary, keşdeleri, keçeleri taryhyň gatynda bize ýitmejek yz galdyrypdyr.

Islendik ajaýyp sungat eserleri söýgi bilen yhlasyň, zehin bilen hyjuwyň birleşmesinden emele gelýär. Türkmen zenany zähmetsöýer, edepli-ekramly, salyhatly, eli çeper bolmaly. Çagalykdan biziň kalbymyza siňen bu sözler bizi elmydama gözelliklere çagyrýar. Gözelligiň gönezligi hasaplanýan çeper elli gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan el işleriniň haýsy birini görenimizde, täsinlikler dünýäsine siňip gidýärsiň. Nagyşlaryň reňkleriniň sazlaşykly yzygiderligini göreniňde, zenanlarymyzyň zehinleriniň ýiti bolandygyna göz ýetirmek bilen müňýyllyklaryň tejribesi esasynda el işleriň hiç bir çyzgy ulanmazdan ýerine ýetirilendigine haýran galýarsyň. Şeýle el işleriniň birem öz gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan jähek we aldymgaçdyr. Ol ýakalara we donlara edilen nagyşlardan soň tikilmek bilen, şot edilen işe özboluşly owadanlyk berýär. Haly dokalanda onuň gyrasyna gyradalow edilipdir, bu bolsa donlara jähegiň görk berşi ýaly, halynyň gyrasyna görk borýär. Jähek kakmak üçin ýörite niýetlenen jäheklik el ýüpek bolýar, şol ýüpekler donlaryň reňklerine görä saýlanýar.

Jäheklik ýüpek gara ýa-da gyzyl reňklerde bolýar. Jähek çalnanda, iki gelin-gyz bir-birlne garşylykly oturýar. Birisi jähegi tikip oturýar, beýlekisl çalyp oturýar. Bu iş ýaş gyzlarda hünäre bolan söýgini, höwesi artdyrypdyr. Jähegiň owadan bolmagy üçin inçe ýüpek saýlamaly we ony ýygy ýörmemeli. Ony tikeniňde, külembike barmakdaky sapagyň arasyndan sançmaly. Şonda jähegiň aşagyndan ýörmelen sa-pak görünmeýär. Jähek çalnanda, sekiz barmaga sekiz sapagy halka görnüşinde alynýar we olar bir-biriniň içinden geçirilýär. Gelen bady her gezek tikip oturan zenan özüne tarap çekip ýörmeýär. Şeýlelikde hünji düzülen ýaly, jähek emele gelyar. Daş-töweregi ýygnaşykly, gelşlkli, owadan duran islendik zada ene-mamalarmyz: “Edil, jähek çalnan ýaly ýygnaşykly” diyip, baha beripdirler.

Jähek ýörmelip bolonsoň, jähegiň başyna aldymgaç tikmeli. Aldymgaç bilen jähek üçin taýýarlanylýan ýüpek birmeňzeş bolýar. Aldymhaç kakmaklygam, edil, jähek çalnyşy ýaly, iki sany zenan maşgala tarapyndan ýerine ýetirilýär. Aldymgaç kakylanda, bir eliň üç barmagyna gara, beýleki eliň iki barmagyna gyzyl ýüpek halkalaýyn alnyp, ýokarky iki barmagyň içinden geçirip, aşaky külembike barmakdaky ýüpegi başam barmaga geçirilýar. Şeýlelikde, örän täsin, özboluşly owadan alaja görnüşdaki kakma ýüp emele gelýär.

Ussatlyk bilen şeýle ajaýyp sungaty döreden zenanlarymyzdan bize öwrenmäge zat kändir. Paýhasly,dana ata-babalarymyz “Hünari öwren-de, ýigren” diýipdirler. Ýaş gyzlara dürli el hünarlerini öwredip, zähmete ugrukdyrmak biziň wezipämizdir.

 

Nurmuhammet Geldimyradow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby