Ispaniýa XVI asyrda we XVII asyryň birinji ýarymynda
Öçür! | |
Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini aýdyň. | |
Sebäp | ensiklopedik makala däl |
Mowzuk: Ispaniýa XVI asyrda we XVII asyryň birinji ýarymynda.
Meýilnama
1. XVI asyrda Ispaniýanyň ykdysady ösüşi. Ispaniýa Kare V-niň dolandyran döwründe.
2. Flipp II onuň içerki we daşarky syýasaty.
3. XVI – XVII asyrlarda Ispan medeniýetiniň we onuň özboluşlylygy.
Maksady: Ispaniň XVI – XVII asyryň birinji ýarymyndaky ykdysady, syýasy we medeni ösüşi barada düşünje bermek
Wezipesi: Görogly eýýamynyň ahyry Magtymguly eýýamynyň başynda Ispan döwletiniň içerki we daşarky syýasatyny, medeniýetini öwrenmek bilen talyplara Garaşsyz we Baky Bitarap döwletimize buýsanç döretmeli, döwletimiziň baýlyk, berkararlygyny pugtalandyrmaga işjeň gatnaşmak terbiýesini bermeli.
Mukaddes Ruhnamada “Aňrysy 5 müň ýyl mundan ozal milletbaşymyz Oguz han türkmenden gaýdýan türkmen halky Gundogarda Hindistan, Gunbatarda Orta ýer deňzi aralygynda döredilen dünýä gymmatlyklaryna dürli ugurlarda saldamly goşandyny goşdy” (sah 9).
XVI asyryň başlarynda Ferdinand bilen Jöbellanyň syýasatynyň birikmegi bilen Ispaniýa Ýewropada iň uly döwletleriň birine öwrülýär. Onuň häkimligi diňe bir reneý ýarym adasyna (Portugaliýadan başga) ýaýraman eýsem Italýanyň birnäçe böleklerine hem ýaýrady. (Sidiliýa, Sardiniýa, Heapol korollygy).
Ferdinand ölenden soň 1516-njy ýylda tagta Karl I geçýär. Ol Ferdinand bilen Jabellanyň agtygydy, ata tarapdan imperator Maksimilian I Gabsburgyň hem agtygydy. Şol sebäpli onuň eýeçilikleri Germaniýa we Niderlandlarda hem dowam edipdir. 1519-njy ýylda özüni imperator Karl V diýip atlandyrypdyr. Oňa Burgundiýa, Lýuksemburg gersoglygy, Franş-Konte welaýatlaryny birleşdirýär. Şondan soň Karl Farnsis koroly Fransik I bilen uruşyny Demirgazyk Italýada Milany we birnäçe ýerleri alýar. 1535-nji ýylda Tunisi alýar. Ispanlar 20-30-njy ýyllarda Amerkada Meksikany,Ģilini,Kolumbiýa, Peruwy basyp alýarlar. Bu basyp alyşlar Ispaniýanyň ykdysady ösüşine oňat täsr edýär. Senetçilik, manifaktura ösdi. Şeýlede Ispaniýa ýer şarynyň iki tarapynda hem “Beýik döwlete” öwrüldi. Ispaniýa şeýle uly territoriýa hiç wagt hem eýe bolmandy.
Karl I (V) Ispaniýanyň özüniň iň oňat eýeçilik edýän ýeri hasaplanýar. Daşarky ýurtlar bilen bolan köp uruşlary netijesinde köp baýlyk toplaýar. Emma basypalyjylykly hereketler ispan halkynyň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýar. Ģykdaýjylar köp, girdejiler az boldy.
Zamandaşlary oňa Karl V-niň eýeçiliklerinde “Hiç wagt gün dogmaýar” diýip aýdypdyr.
Syýasy taýdan Ispaniýa birleşse-de. onuň aýry etraplary biri-birinden durmuş-syýasy we ykdysady ösüş taýdan tapawutlanýar. Şonuň üçin daýhanlaryň ýagdaýy ýurduň aýry etraplarynda dürli-dürli boldy.
Mysal üçin:
Aragoniýada krepostnoý hukuk saklanýar, iri ýer eýeleri öňki ýaly daýhanlaryň üstünden şahsy agalyk edýärler.
- daýhan nikalaşmak üçin iri ýer eýelerinden rugsat almaly bolýarlar.
- olar emläginden mahrum edilýär.
- birnäçesi daýhany öldürmäge hem hukukly bolýar, arzy diňlenmeýär.
Kataloniýada XV asyryň ahyrynda daýhanlar köpçuligi gozgalaň etmek bilen birnäçe iň agyr borçlylyklary ýatyrmagy hem-de azatlyklaryny satyn almaklygy gazandylar. Ýöne iri ýer eýeleri onuň bilen ylalaşmady. Şonuň üçin ol ýerde krepostnoýçylygyň galyndylary saklanýar. Emma Kastiliýada daýhanlaryň köpüsi öňden bäri azat daýhanlardy.
Katoloniýa, Walensiýa Nawarra Araganiniň durmuş-syýasy gurluşy astiliýadan tapawutlanypdyr.
Ispaniýanyň oba hojalygynda esasy iri dowardarçylyk (goýundarçylyk) eýeläpdir. Şol esasda Ispaniýada iri dowardarçylyk hojalyklarynyň soýuzy (mestalar) emele gelipir. Mestalar (soýuzlar) XVI asyryň başlarynda ösüşiň ýokary derejesine ýetipdir. Sebäbi Gunbatar Yewropa ýurtlarynda dokma senagatynyň ösüşi netijesinde ýüňe isleg has artypdyr. Şonuň üçin soýuzlar öz haýry üçin olara (Flandriýa, Fransiýa we ş.m.) ýüň çykarýar. Mestalar Korol häkimýetinden hem goldaw alýar. 1489-njy ýyldaky Korolyň karary mestalara obşina ýerlerinde mal bakmaga hukuk berýär.
1501-nji ýylyň dekreti esasynda mestanyň her bir agzanyň islendik ýer uçastogyny hemişelik almaga, onda-da öz malyny bakmaga hukuk alýar. ( iň bolmanda birnäçe aý).
Eger-de öňki eýesi şol döwür içinde närazylyk, garşylyk görkezse şeýle ýagdaýda mesta daýhan ýerlerini alýar. Aragon we Kastiliýada daýhanlaryň hukuksyz gatlagyna moriskiler- mawrlaryň nesli degişlidi. olar hrestiançylygy kabul edip, Granada, Andaluziýada we Sewiliýada ýaşaýardylar. Olar hasylsyz ýerde ýaşap öndüren hasylynyň 3/1bölegini salgyt hökmünde senýora töleýärdiler.
Olardan döwlet we buthana salgyt alýardy, olara girdeji pudaklarda işlemek gadagandy.
XVI asyrda önümçiligiň ösmegi bilen Ispan şäherlerinde we bakna ýurtlarynda azyk önümlerine mätäçlik duýulupdyr. Bu bolsa oba hojalygynyň ösmegini talap edipdir.
Daýhan şäheriň işewür adamlaryndan karz pul alyp, üzülişip bilmän ýerlerini taşlap gutmegine mejbur etdi. Bu bolsa soňabaka fermer hojalyklarynyň ol ýerlerde döremegine getirdi.
Katoliki buthana ösüşe garşydy. Üstesine dürli salgytlaram girizilipdi, bir topar borçlulyklaryda ýerine ýetirmegi talap edýärdiler. 1510-njy ýylda gönümel salgyt, öň yzygider ýygnalmasa-da indi hemişelik salgyda öwrüldi. Ispaniýa bahadan ejir çeken döwletleriň biridi. XVI asyryň dowamynda bahalar 3,5-4 gezek ýokary galdy. Ģöregiň bahasy gymmatlady. 30-njy ýyllarda köp ýerlere çöregi Fransiýadan getirýärdiler.
Ispaniýada haryt-pul gatnaşyklarynyň ösüşi obalarda bazar ykdysadyýetini döretmedi, tersine iri ýer eýeçilik gatnaşyklary ösdi. Oba hojalygyny pese gaçyrdy.
Sewiliýa amerikan (koloniýalary) bokkna ýurtlary bilen sowda etmekde esasy söwda merkezi boldy. Iri senagat merkezi Toledo şäherinde XVI asyryň ortalarynda mawut mata we ýüpek mata dokaýan 50 müňden gowrak senetçi we hakynatutma işçisi bardy (1525ý, 10 müň bolýar). Ol ýarag öndürmekde we deri eýlemekde şöhratlanýar.
Astruýa we Biskaýy şäherinde gämi gurluşygy ösýär. Sewilýede 130 müň adam dokmaçylyk senagatynda meşgullanýar. Senetçiligiň we senagatyň ösüşi birnäçe ýagdaýlary ýüze çykarýar:
1-njiden ispan idalgolary (açylan täze ýerleri basypalyjylar we talaňçylar) azyk harytlaryna, geýime we ýaraga mätäç bolýarlar.
2. Amerikanyň bakna döwletleri ispan harytlarynyň baý alyjylary bolýar. Oňa derek altyn, kümüş töleýär. Şeýlede Ispaniýa kapital toplaýar. Ol bolsa iri senagat guramaçylyga mümkinçilik döredýär.
4. Ispaniýa azat işçi elleriniň uly topary ýüze çykýar. Sebäbi daýhanlaryň obadan gaçmaklary köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Ýöne ispan senagaty Ýewropanyň ösen ýurtlaryndan yza galýardy. Seýlede welaýatyň ykdysady baglanyşygynyň gowşaklygy netijesinde içki söwdasy örän pesdi. Şonuň üçin hem XVI asyryň 1 ýarymynda ykdysady ösüşine garamazdan Ispaniýa yzagalak agrar ýurtlygyna galýar.
Ispan Monorhiýasy öňki birnäçe özbaşdak korollyklardan durmak bilen olar birleşenden soň hem awtonomlyklygyny saklapdyrlar. Kastiliýa, Aragon, Kataloniýa, Walensiýa, Nawarra bular özleriniň gatlak wekilçilik edaralaryny saklapdyrlar. Özleriniň wise korollary bolupdyr. Ýagny Matorka, Walensiýa, Kataloniýa, Aragon bularyň öz territoriýasyna (daşary Yurt), şol sanda Kastiliýa goşunlaryny goýbermezlige hukuklary bolýar. Asragon daşky çozuşlardan Kastiliýanyň serhedini goramaga özüni borçly däl hasap edýär. Ispaniýanyň şäherlerinde häräzylyk, garşylyk döredýär. Şol wagt Kastiliýa kor tesleri Karl V-iň öňünde 3 sany şerti goýýar.
1. Kastiliýany taşlap gitmeli däl
2. Ýurtdan altyun çykarmaly däl.
3. Ýokary derejede oturan daşary ýurtly adamlary işden boşatmaly.
Emma Karl V boýun gaçyrýar. Netijede Adriana tabşyryp Ispaniýadan gidýär. Şonuň üçin 151520-nji ýylda Kastiliýada gozgalaň turýar. Esaasy güýji şäher komunallary bolýar. Şonuň üçin oňa şäher komunallarynyň gozgalaňy diýilýär. Kastiliýanyň 11 şäherinde harby rewolýusion soýuz döredilýär. Oňa “Keramatly huntlar” diýilýär. Gozgalaňyň esasy Yolbaşçylary Pedro Leso we ruhany Huan de Padiniýa bolýarlar. Adrian gozgalaň şäherini güýç bilen aljak bolýarlar, emma ýeňilýär. Birnäçe wagt geçenden soň Koron goşunlary Kastiliýanyň söwda merkezi bolan Medina del Kamko şäherini eýeleýärler. Kastiliýa birnäçe wagtlap korol häkimýetiniň gol astyndan çykýar. Emma hereket edýän güýjiň düzümi dürli-dürlidi. Dworýanlaryň bir topary ilki gozgalaňä duýgudaşlyk bildirdiler. Emma az wagtdan soň olar ýüz dönderdiler. Sebäbi Karl olardan ikisinem Adriana kömekçi belläpdir. Orta dworýanlar hem komunallar bilen köp wagt soýuz boldy. Emma 1521-nji ýylda gozgalanyň demokrtaik häsiýetini bilenlerinden soň olar hem ondan çetleşdiler.
1520-nji ýylda gozgalaňyn esasy şygary “Ýaşasyn Korol, samsyk ministrlere ölüm ” diýen şygardan ybaratdy. Emma 1521-nji ýyldan başlap şundan beýläk hususy eýeçilige garşy, köşk eýelerine garşy göreşmeli diýip aýdýarlar. Şeýlede bolsa Korol häkimýeti ýokary gatlaklara daýanyp gozgalaňdan üstün çykýar. Iň esasy aýgytlaýjy söweş 1521-nji ýylyň 23-nji aprelinde Wilýalar diýen ýerde bolýar Şonda gozgalaňlar gutarnykly derbi-dagyn edilýär. Gozgalanyň ýolbaşçylary ýesir alynýar we jezalandyrylýar. Emma başga şäherler köp wagtlap garşylyk görkezýärler. Munuň üçin Toledo şäherindäki gozgalaň 25-nji oktýabra çenli dowam edýär.
1522-nji ýylyň ýazynda Karl V Germaniýadan Ispaniýa garşy 4000 sany saýlama goşuny kömege getirýär. Şeýlede gozgalaňyň galanlary hem derbi-dagyn edilýär. Gozgalaňa gatnaşanlaryň 290-syna ölüm jezasy berilýär. Şäher komunallarynyň gozgalaňyň ýatyrylmagy ýurduň syýasy durmuşynda yza galdyrýar. Korol häkimýeti ýurtda ön merkezleşipdi. Emma öz güýjini ýitiripdi.
Karl V dworýanlar bilen şäherlileriň arasyndaky garşylykdan peýdalanyp şäherlileriň wekillerini azaldýardy.Kä wagt bolsa dworýanlardan gizlin köpeldýärdi. (özi esasy gural).
Karl V-iň edara eden döwrüniň soňky wagtda Kastiliýa Kortestiň ähmiýeti ýitip başlaýar. Olaryň çagyryşlary indi formal häsiýete eýe bolýar. Uruş bilen meşgul bolan soň Karl V-iň ýurduň icki gurluşy bilen meşgullanmaga wagty bolmaýardy. Ol Ispaniýa seýrek gelýärdi. Bolmadyk wagtlary başga adamlar dolandyrýar. Karl V wagtynda we soňky döwürde hem Ispaniýa doly merkezleşmändi, dagynykdy.
Ispaniýa XVI asyryň başlarynda agrar ýurt bolýar. Onuň söwdasy we senagaty gowşak ösýär. Ol Angliýadan, Fransiýadan has yza galýar. Beýik geografiki açyşlar netijesinde Ispaniýa örän uly amerikan bakna ýurtlaryna eýe boldy. Ol Yurtlar ilkinji halatda oba hojalygynyň ösüşine täsir edýär. Amerika Ispaniýadan alynyp gidilýän harytlar üçin uly bazar bolýar. Amerikadan bolsa Ispaniýa garşy altyn-kümüş getiripdirler. Şu zatlaryň hemmesi ýurtda uly janlanma doretdi.
Şeýlede bolsa Ispaniýanyň senagatda we söwdada ýokary göterilmegi örän gysga wagtlaýyn bolýar. Ispaniýanyň senagaty XVI asyryň ortalarynda Niderlandiýanyň, Angliýanyň, Fransiýanyň senagatyndan yza galýardy. Şeýle şertlerde mundan beýläk ösüşi ýaramazlaşdyrýar. “Nyrh rewolýusiýasy” hem Ispaniýanyň hojalygyna uly täsir edýär.
Amerikadan altyn-kümüşiň getirilmegi Ýewropanyň dürli ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup Ispaniýada harytlaryň nyrhyny Yokary galdyrdy. XVI asyryň ahyrynda ýene 2 esse galýar. Soň her ýylda 4 gezek ýokary galypdyr. Şol wagt Angliýada 2,5 gezek gymmatlaýar. Şonuň üçin beýleki ýurtlardan harydy has arzan alýarlar. Şol döwürde Ispaniýanyň oba hojalygynyň çökgünlige düşmegi hem ispan senagatynyň pese düşmegine sebäp bolýar. Pomeşikleriň peýdasyna uhta salgyt agyr salynypdyr. Şonuň üçin oba has garyplaşýar Oba hojalygy ispan şäherlerini azyk bilen üpjün edip bilmeýär. Eýýäm 80-90-njy ýyllarda Ispaniýa gallanyň köp bölegini daşary ýurtdan alýardy. Goýundarçylygyň ösdürilmegi hem Ispaniýanyň oba hojalygyna uly zarba urýar. Ýagny Ispaniýa şertlerde özboluşly sergezdançylyk häsiýete eýe bolýar. Goýunlary iri ýer eýeleri yaz aylary Demirgazykda,gyşda bolsa Gunortada bakýpdyrlar.Goüunlary bu iki taraplayýn çalşyrylyp durulmagý Ispaniýanyň ekerançylygyny weýran edipdir.Köp yerler öri meýdanlaryna öwrülipdir.Daýhanlar özleriniň şol azajýk ýerlerini hem gorap saklap bilmändirler.Sebäbi daýhanlara mallara azar bermek gadagan edilipdir.
Flipp II-ň eden uruşlarynyň birnäçesi oňat gutarýar. Ýagny ol 60-70-nji ýyllarda Turkýe bilen uruşýar. 1580-nji ýylda bolsa Portugaliýany basyp alýar. 1571-nji ýylda Lenanto ýanynda bolan söweşde türkler erbet ýeňilýär. Bu söweşde birleşen Ispan-Wenesian eskadrasyna Flipp II-ň kiçi dogany Don Huan Awstriýskiý ýolbaşçylyk edýär. Şonda türkleriň 264 gämisi we 80 müň goşuny bolupdyr.
Türkleriň ýeňilmeginiň sebäbi onuň içki ýagdaýynyň pesligi bilen düşündirilýär. 1580-nji ýylda Portugaliýanyň üstünden gazanylan ýeňiş hem 1578-nji ýylda Morokkoda portugal iri ýer eýeleriniň ýeňilmegi bilen düşündirilýär. Ýagny şonda Portugal Koroly Sebestýan hem ölýär. Şeýlede bolsa Ispaniýa bu çaknyşmalar uly täsir edýär. Ýagny beýik düşen döletliginden başlanýar. Sebäbi XVI asyryň 2-nji ýarymynda bolan Niderlandiýa buržuaz rewolýusiýasy Ispaniýa üçin uly zarba bolýar. Şondan soň Ispaniya Indoneziýada hem öz koloniýasyny ýitirýär. Portugaliýa hem bölünip aýrylýar.
Ispaniýanyň Angliýa bilen eden urşy hem üstünliksiz bolýar. Ýagny Flipp II 1588-nji ýylyň iýulynda Angliýanyň deňiz galtamanlary bolan Direýkiň we Reliniň çozuşlaryna jogap edip özüniň “Ýeňilmez armadasy” bilen Angliýa ýöriş edýär. Onuň düzüminde 30 gowrak korabl 7500- adam ýükçi, 1700 soldat bolupdyr. (ýolbaşçy Medina Sidaniýa ökde däl).
Angliyanyň admiraly bolan ispanlar bilen uly söweş etmezlik üçin çalyşypdyrlar. Şonuň üçin olar azrak gämi bilen Ispaniýanyň aýry-aýry gämilerini ýok etmek usulyna geçýärler Awgustyň başynda La-Manş bogazynda turan gaý-tupan hem Ispaniýaüçin uly ýitgi getirýär. Şondan soň azrak galan gämileriniň hem yzy bilen gaýtmaga mümkinçiligi bolmaýar. Şonuň üçin Angliýanyň Demirgazygyndaky adalaryň üsti bilen aýlanyp köp ýitgi çekip yzyna gaýdýarlar.
Şondan soň Ispaniyanyň Atlantik ummany, söwda ýollary elinden gidýär. 1596-njy ýyldan başlap Angliýanyň özleri Ispaniýanyň kenarlaryna çozup başlaýarlar. Olar Ispaniyanyň Kadis portuny talaýarlar. Şeýlede Ispaniýa deňizde öz agalygyny gutarnykly ýitirýär.
XVI asyryň 90-njy ýyllarynda Flipp II-niň Fransiýa garşy interwensiýasy hem oňa zyýan basýar. Ispan goşuny Pariže baryp katolikleriň tarapynda durup Genrih IV Burbona garşy uruşýar. Ispaniýanyň kömegi katolokleriň ýagdaýyny oňatlaşdyrmady. Burbonlar şäheri alanynda Flipp II-niň goşuny hem ýesir düşýär. Hat-da Pariž katolikleri hemme geçirilen çärelere boýun bolmaly bolýarlar.
Flipp II-ň Fransiýada täsirini güçlendirmek baradaky plany amala aşmaýar.Gaýtam tersine Fransiýany özüniň uly duşmanyna öwürýär. Şeýlede XVI asyryň 1 ýarymynda Ispaniýa Fransiýa bilen köp uruşlar alyp bardy. Bu uruşlar bolsa Ispaniýa üçin örän zyýanly gutarýar.
Flipp II-ň alyp barap uly uruşlary onuň maýa goýumyny syndyrdy. Söwda senagat, oba hojalygy durup galdy. Ol 1575-nji ýylda 2 gezek maýa goýumyň has pese düşmegine aýdýar. Dölet salgydyny tölemeýärler. 1594-nji ýylda şäher deputatlary “Eger 1000-dukatdan 300 dukady salgyt tölejek bolsaň nähili edip söwda bilen meşgullanjak” – diýip arz edipdirler. Flipp II 1598-nji ýylda ölýär. Ozi hem 100 mln guldan bergili bolýar. Maýa goýumlarynyň krizisi bolsa XVI asyrda bütin halk hojalygynyň hemmesini öz içine alypdyr.
XVII asyrda Flipp II-ň nesilleri Flipp III-ň we Flip IV-ň edara eden döwründe Ispaniýanyň oba hojalygy Ýewropanyň beýleki ösen ýurtlaryndan has yza galýardy. Maliýa krizisi hem dowam edýärdi. Ýurduň ilaty azalýardy.
Ispaniýanyň ykdysadyýetiniň pese düşmeginiň esasy sebäplerinden biri hem ýurtda moriskleriň kowulmagydyr. Şeýlede Günorta Ispaniýada zähmete ukyply bolan senetçileriň we daýhanlaryň yarym mln. kowulýar. Ispaniyanyň ykdysady ýagdaýynyň pese düşmegi onuň halkara ýagdaýynyň hem pese gaçmaklygyna getirdi. Onuň halkara ýagdaýy her on ýyl saýy yzly-yzyna ýaramazlaşýar. Eýýäm 1609-njy ýylda Flipp III Gollandiýa bilen ýaraşyk baglanyşmaga mejbur bolýar. Şol ýerde ýagny Ispaniýanyň eýeçilik edýän ýerinde täze döwlet emele gelýär. Ol bolsa ylalaşmaly bolýar. 1648-nji ýylda Gollandiýa bütinleý garaşsyz döwlet bolýar.
Şeýle hem Germaniýanyň tarapynda durup Ispaniýanyň 30-ýyllyk urşa gatnaşmagy hem peýdasyz bolýar.
50-nji ýyllarda Angliýa bilen uruşda hem uly aga bolan Ýamaýkany giderýär. 1640-njy ýylda Portugaliýa bölünip aýrylýar. Edil şol ýylda Kataloniýada güýçi gozgalaň bolýar. 1647-nji ýylda Sisiliýada uly gozgalaňlar bolýar.
XVII asyryň ortasyna çenli Ispaniýanyň diňe “Beýik deržawa” diýen ady ýaşady. Hakykatda bolsa beýle däl.
Ispan halky XVI - XVII asyrlarda örän uly medeni baýlyklary döredipdir. Şol döwürde köp sanly alym-ýazyjylar bolupdyr. XVI asyrda iň görnükli alym Migel Serwet (1511-1555) bolýar. Ol anatomiýa ylmyny esaslandyrýar. Ol anatomiýa ylmynyň esasy çeşmesi gan aýlanyşygyny açýar. Ikinji bir Ispan alym-ýazyjysy ol hem Migel de Serwantes (1547-1616) bolýar. Asly garyp, dworýan. Köp wagt goşunda gulluk edýär.
Şol döwürde 2 sany ispan dramaturglarynyň hem eserleri dünýä belli bolýar. Lone de Wega (1562-1635), Pedppo Kalderon (1600-1681). Lone de Wega 200-e golaý pessa ýazypdyr. Şondan bize 500-i gelip ýetipdir. Şolaryň içinde “Küýzeli gyz” has gyzykly hem oňat. Bu iki dramaturgyň eserleri häzir hem dünýä sahnasyndan düşmeýär.
XVII asyrda Ispaniýada dünýä belli hudožnikler hem bolupdyr. Olardan Bartolomeo Estabana Murilo (1617-1682) we Diego Rodriges Belaskes (1599-1660) bolýar. Murilo köp aýallaryň we köp çagalaryň suratyny çekipdir. Belaskes portret ussady bolýar.Onuň suratlarynyň bir topary zähmete bagyşlansa, bir topary söweşi suratlandyrýar. Olardan “Wulkan demir ussahanasy”, “Ik egirijiler”, “Bredi şäheriniň alynmagy” diýen eserleri has oňat eserlerdir.
Dünýäde döwletara, milletara gatnaşyklarda, türkmenler, deňagramlylygy saklan, ol hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň sarsmaz bir sütünidir.
Mukaddes Ruhnama 406 sah.