Il Arslanyň aramgähi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýadygärligiň ýerleşýän ýeri: Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby.

Ýadygärligiň döwri: b.e. XII asyry

Köneürgenç şäherinde bina edilen ymaratlar halkymyzyň milli buýsançlyk ýolunda galan asyl nusgalardyr. Bu ýerdäki Il-Arslanyň, Tekeşiň, Nejmeddin Kubranyň, Soltan Alynyň, Töre beg hanymyň, Pirýar Weliniň kümmetleri, Gutly Temiriň minarasy we beýleki ymaratlar biri-birinden gaýtalamaýan täsin görnüşler bilen haýran edýär.”

                   Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy

Bu aramgäh henize çenli ýerli ilat tarapyndan Fahreddin Razynyň ady bilen baglanyşdyrylyp gelinen hem bolsa, hakykatda Horezm şasy Il Arslanyňkydyr. Dogry, Fahreddin Razy özüniň dini wagyz edijilik işi boýunça belli bir döwürlerde Ürgençde ýaşapdyr. Emma, horezmlileriň dini taglymatda hem, akyl we erk ýöretmekden ybarat pelsepelik akyma ýykgyn edendikleri üçin alym Fahreddin Razy olar bilen tersleşip, Hyrat şäherine göçüp gidýär. Ol Hyratda 606-nji ýylda (1208-nji ýylda) aradan çykýar we şol ýerde hem jaýlanýar. Onuň, Owganystanyň Hyrat şäherindäki mazary giňden mälimdir.

Arhitektura maglumatlary aramgähi XII asyryň ahyry, hatda ortalary bilen senelemäge mejbur edýär. Desganyň gabarasy, binagärçilik bezegi we çeperçiligi ony şol wagtyň Ürgenjiniň haýsy-da bir iňňän ähmiýetli hem mertebeli adamsynyň ady bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik döredýär. Şol döwürde şeýle adam bolsa, diňe hökümdar Tekeşiň kakasy Horezmşa Il Arslan (1156-1172 ýyllar) bolup biler. Aramgähiň kiçeňräk, emma, örän haşamlanyp bezelen girelgesi gündogara bakdyrylypdyr. Girelgäniň we onuň ýokarsyndaky iki penjiräniň töweregi oýma nagyşlar bilen “П” harpy görnüşindäki şekiller we dürli hatlar bilen bezelipdir. Arapça ýazgy “islimi” diýilýän keşde bilen ýugrulyp, hatyň sözleri “kädi gül” we “burç gül” diýen nagyşlar bilen bezelipdir.

Aramgähiň gümmeziniň başlanýan ýeri on iki gyraňly edilip örülipdir. Gümmeziň daşy ýaşyl syrçaly kerpiçler bilen örtülipdir. Ýaşyl syrçaly kerpiçler sarymtyl kerpiçler bilen gezekleşip, göýä möwç urup, asmana atylýan deňiz tolkunlaryny ýatladýarlar. Gümmezi göterip duran on iki gyraňly guşak hem, syrçalanan kerpiçjikler bilen bezelipdir. Şol kerpiçjikleriň üsti we aşagy ýene-de ýaşyl we sarymtyl kerpiç bölejikleri bilen “alaça” keşbinde bezelipdir. On iki gyraňly guşakda çar tarapa bakdyrylan dört sany penjire ýerleşdirilipdir. Bu ymaratyň aýratynlygy diňe bir gümmeziň we gümmez guşagynyň on iki gyraň edilip çykarylanynda bolman, eýsem nepis nagyşlar salnandygyndadyr. Gündogardaky diwar bu ymaratyň ýüz tarapydyr. Eger XII asyrdan soň bir ymaratyň ýüzüni, ýagny esasy tarapyny ýörite nygtamak üçin dört diwaryň birini has ýokary galdyryp, şol diwarda tagçaly girelge edip, beýle diwara hem “peştak” adyny goýan bolsalar, Ilarslanyň aramgähinde şol usul heniz peýdalanylmandyr. Gürrüňi edilýän binada onuň ýüz tarapy diňe bezegler bilen aýan edilýär. Şu aýratynlygy bilen Ilarslanyň mazary Orta Aziýa arhitekturasynyň taryhynda öz döwrüniň ýeke-täk nusgasy bolup, aýratyn bir orny eýeläp gelýär.

salgylanma[düzet | çeşmäni düzet]

gollanma maglumat merkezi