Mazmuna geçiň

Volks­wa­gen

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Il­kin­ji “Volks­wa­gen” za­wo­dy sahypasyndan gönükdirildi)

74 ýyl mun­dan ozal 1938-nji ýy­lyň 26-njy ma­ýyn­da il­kin­ji “Volks­wa­gen” za­wo­dy­nyň düý­bi tu­tu­lyp­dy. “Volks­wa­gen” kon­ser­ni­niň ta­ry­hy 1934-nji ýyl­dan baş­lan­dy. Şol wagt­lar ne­mes hal­ky üçin uly bol­ma­dyk, yg­ty­bar­ly we ar­zan aw­tou­la­gy iş­läp taý­ýar­la­mak ze­rur­ly­gy ýü­ze çy­kyp­dyr.

Bu iş meş­hur ne­mes konst­ruk­to­ry F. Por­şe tab­şy­ryl­ýar. Ol eý­ýäm bir ýa­rym ýyl­dan il­kin­ji “halk aw­tou­la­gy­nyň” bir­nä­çe gör­nü­şi­ni dö­re­dip­dir. Za­wo­dyň ady “volk” – halk, “wa­gen” – aw­tou­lag söz­le­rin­den yba­rat­dyr. Gör­nüş­le­riň bi­ri has giň gol­daw ta­pyp­dyr.

Il­kin­ji “Volks­wa­gen” şow­ly çy­kyp­dyr, hem­me­ler ol hak­da gür­rüň edip­dir­ler, köp san­ly ma­ka­la­lar peý­da bo­lup­dyr. 1938-nji ýyl­da “New York Ti­mes” ga­ze­din­dä­ki ma­ka­la­da “Volks­wa­gen”-iň daş­ky keş­bi tom­za­ga meň­ze­di­lip­dir. Bu at şeý­le bir or­na­şyp, ol kär­ha­na­nyň ha­ky­ky ýü­zü­ni gör­ke­zip­dir. Bu halk aw­tou­la­gynyň köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­ril­me­gi üçin 1938-nji ýy­lyň 26-njy ma­ýyn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň Wolfs­burg şä­he­rin­de “Volks­wa­gen” aw­to­za­wo­dy­nyň gur­lu­şy­gy­na baş­la­nyp­dyr. Ba­sym “Volks­wa­gen­werk GmbH” şe­re­ke­ti esas­lan­dy­ry­lyp­dyr. Ýö­ne i­kin­ji ja­han ur­şy “Tom­za­gyň” önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ma­ga päs­gel­çi­lik dö­re­dip­dir. Şeý­le­lik­de ola­ryň di­ňe on üç sa­ny­sy ön­dü­ri­lip­dir.

Şol ýyl­lar­da “Volks­wa­gen”-iň önüm­çi­li­gi wagt­la­ýyn tog­ta­dy­lyp­dyr we kär­ha­na baş­ga mak­sat­ly önüm­le­ri ön­dür­mek üçin gaý­ta­dan tas­la­nyp­dyr. Ikin­ji ja­han ur­şun­dan soň iň­lis­ler kär­ha­na 20 müň aw­tou­lag sar­gyt edip­dir­ler we 1947-nji ýyl­da “Tom­zak” Gan­no­wer­de ser­gä goý­lup­dyr we ol gö­ren­le­riň ün­sü­ni özü­ne çe­kip­dir. Ba­sym kär­ha­na Ýew­ro­pa­nyň dür­li ýurt­la­ryn­dan aw­tou­lag üçin sar­gyt alyp­dyr.

1948-nji ýyl­da kär­ha­na­nyň ýol­baş­çy­la­ry çal­şy­ry­lyp­dyr we oňa G. Nord­hoff ýol­ba­şy­lyk edip­dir. Bu to­pa­ryň dü­zü­mi­ne aw­tou­lag kär­ha­na­syn­da hal­ka­ra tej­ri­be­li we çäk­siz pi­kir­len­me­gi ba­şar­ýan dip­lom­ly in­že­ner­ler gi­rip­dir. Ola­ryň gel­me­gi bi­len aw­tou­lag kä­mil­le­şip­dir, aw­to­hyz­mat­lar ul­ga­my ýo­la goý­lup­dyr, he­mi­şe gün­ba­tar­ly müş­de­ri­ler bi­len iş­ler al­nyp bary­lyp­dyr we da­şa­ry ýurt­lar­da aý­ry­baş­ga­la­nan kär­ha­na­la­ryň ul­ga­my açy­lyp­dyr. Bu­la­ryň äh­li­si aw­tou­lag söw­da­sy­nyň mä­käm ul­ga­my­ny dö­ret­mä­ge we ýyllyk girdejisi köp mil­li­ona barabar bolan ne­mes se­na­gat kär­ha­na­sy­nyň ös­me­gi­ne ýar­dam be­rip­dir. 1960-njy ýyl­da “Volks­wa­gen” paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­ne öw­rü­lip­dir we onuň “tom­za­gy” bol­sa iş ýü­zün­de bü­tin dün­ýä­ni dol­du­ryp­dyr. Em­ma aw­tou­lag ba­za­ryn­da söw­da­nyň pe­se düş­me­gi şe­re­ke­te tä­ze iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ra ün­sü­ni gö­nük­dir­mä­ge mej­bur et­di we 1970-nji ýyl­lar­da has şow­ly tä­ze mo­del­ler peý­da bol­dy. Hut şu mo­del hem “golf klas” diý­lip at­lan­dy­ry­lan yk­jam synp­ly aw­tou­lag­la­ryň önüm­çi­li­gin­de bäs­deş­li­giň tä­ze tap­gy­ry­nyň ny­şa­ny bol­dy.

Hä­zir­ki wagt­da ne­mes aw­tou­lag kärha­na­sy “Volks­wa­gen” - dün­ýä­de aw­tou­lag sat­mak bo­ýun­ça iň iri kär­ha­na­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Onuň 15 ýurt­da kär­ha­na­sy bar we olar meş­hur mar­ka­la­ry bi­len aw­tou­lag­la­ry ön­dür­ýär­ler. Ola­ryň ara­syn­da – “Audi”, “SE­AT”, “Sko­da”, “Volks­wa­gen”, “Rolls-Royce”, “Bent­ley”, “Bu­gat­ti” we “Lam­borg­hi­ni” ýa­ly aw­tou­lag­lar bar. Onuň baş eda­ra­sy Wolfs­burg­da ýer­leş­ýär.

Şu gün Ýew­ro­pa­da sa­tyl­ýan her bä­şin­ji aw­tou­lag “Volks­wa­gen Group”-e de­giş­li bo­lup dur­ýar. Bu kär­ha­na ne­mes yg­ty­bar­lyly­gy we hi­li bi­len ta­pa­wut­lan­ýan hä­zir­ki za­man aw­tou­lag­la­ry­nyň tu­tuş se­ri­ýa­sy­ny hö­dür­le­ýär. Bu aw­tou­lag­lar düýn­ki ar­zuw edi­len za­dy ha­ky­ka­ta öw­rüp, aw­tou­lag önüm­çi­li­gi pu­da­gyn­da iň soň­ky üs­tün­lik­le­ri ama­la aşyr­ýar.