Ikinji Garagum urşy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

1924-nji ýylyň Ýanwar– Fewral aýlarynda urlan urgulardan soň basmaçylyk hereketi aýňalmajak ýalydyr. Emma örän tiz wagtyň içinde basmacylyk herekete ýene-de aýga galdy. Ýöne ol indi göreş taktikasyny üýtgetdi: basmaçylar bir ýere toplanman aýratyn toparlara bölünşip hereket edip basladylar.

1924-1925-nji ýyllarda Türkmenistanda şeýle toparlaryň 50-ä golaýy bolup, olarda diňe eline ýarag alyp, ata münip çöle çykan basmacylaryň umumy sany, doly däl maglumatlara görş 2000 – denem gecýärdi. Basmaçy toparyndan Daşoguzda Şaltaý batryň, Ahmet begiň, Ýerbentde Berdimyradyň Maryda Durdy baýyň Kerim hanyň, tejende Hojaguly hanyň kKerkide (Atamyrat) Jora Emmiň, Gylyç Mregeniň, Gazankykda Orazgylyç mollanyň toparlary has iri toparlardy. Basmaçylyk hereketiň baş serenjançysy ruhlandyryjysy, adatça bolşy ýaly, Jüneýit handy. Ol öz nökerleri bilen Orta guýuda mekan tutupdy.

Basmacylylar bilen bir hatarda galtamanlaram peýda boldy. Basmaçylaryň düýp maksady sowet hökümýetini ýykyp, “Kapyrlary” ýurtdan kowmak bolsa galtamanlar ýol urmak il talamak bilen meşguldy. Onsoňam basmaçylar gum içinde bolup, wagtal – wagtal medeni zonadaky obalaryň üstüne dökülen bolsalar, galtamanlar gös – göni medeni zonada ýasap ilaty talaýardylar. Mysal üçin, Ýylanlyda Anna balaň galtaman topary obalaryň üstünden musallat bolup indi.

Ilat ondan gorkýardy. Onsoňam Anna baba örän uly müldarlary we söwdägärleri 40 müň manat berip kärendesini alandansoň, ol Daşoguz okrugynyň ähli bazarlaryny eýeledi. Yzmykşirde Gulamaly han özüne özüne gala saldyryp, töwregine onlarça atly toplap, ýol urup kerwen talaýardy. Ol öz obadaşlatyna ekdirip ordular. 100 gektara golaý ýeriň hasylyňam alýardy.

1925-nji ýylyň iýunynda Gulamaly han sowet organlary tarapyndan duýdansyzlykda öldürildi. Gulamalynyň ölümi galtaman toparlarynyň Serdarlaryna özboluşly bir duýduryş bolup hyzmat etdi. Olaryň birnäçesi, şolaryň arasynda Anna bala-da şu wakdan soň öz atlylary bilen baryp Jüneýit hana goşuldylar.

Jüneýit hanyň mekan tutan ýerlerinin orta guýy balaişem çyryşdy guýularynyň ýene-de mähellesi artdy. Oňa dasoguz etraplaryndaky özbek basmaçylaram gelip goşuldy. Onda-da han açyk söweşde giri bermekden saklandy. Ol amatly pursat gelýänçe sowet hökümyeti bilen ylalaşyp ýaşamaga mejbur boldy.

1925-nji ýylyň Baydak aýynda Jüneýit han Aşgabada bütin türkmen sowetleriň I uçraditel gurultaýyna öz wekilini Abdyrahman ahun Gurban seyit ogluny iberdi. Wekil hanyň gurultaya iberen hatyny okap berdi. Onda jüneýit han basmaçylara töwegelçilik edilmegini, indi olary yzarman belli bir ýerde mekan tutmaga rugsat berilmegini belent mertebeli ýygnanşykdan soraýardy.

Gurultaý hanyň haýyşnamsyny kanagatlandyrdy. Ýöňe beyle ylalaşyk uzaga çekmedi. Bu gezek ýagadýyň ýitileşmegine ähtimal daşarky wakalar täsirini ýetirdi. Gd Eýranyň Horasan Astrabat – welaýatlarynda Etrek – Gürgen etraplarynda ýaşaýan türkmenler şanyň zulumyna garşy baş göterdiler. 1924-nji ýylyň Magtymguly aýynda olar garaşsyz Türkmen respublikasyny döredip, asman ahuny onuň prezedentligine saýladylar. Eýran şasy Ryza dergazap bolup, türkmenlere garşy jeza beriji otrýad, goşun iberdi. Emma Nepis Serdaryň 2000 atlysy, Allaýar hanyň 5000 atlysy Gök Serdaryňam 500 atlysy birleşip şa goşunyny kül – peýkun etdiler. Ryza han indi ähli nemes lýotçikleini hakyna tudy. 5000 adamly jeza beriji ekspedisiýasynam dişine çenli ýaraglandyryp. 1925-nji ýylyň ýayzna “kakabaşlary amana getirmek” üçin ýola saldy. Ýokardan lýotçikler türkmen obalaryny “nemes anyklygy” bilen öwran – öwran bombalasalar, aşakdan ygtyýrasyz gyzybaşlar öňünden çykany gylyçdan geçirdiler. Türkmenler bolsa hiç ýerden kömek bolmady. Şonda-da olar mertlerçe söweşip 1925-nji ýylyň güýzüne çenli garaşsyzlygyny saklamagy başardylar.

Ýüregine bire baglap, türkmeniň erkanalagy diýip ata çykanlar üçin elbetde munuň täsiri boldy. Gana gark edilendigine garamazdan dagyň aňyrsyndaky arkadaşlaryň özbasdak Türkmen döwletini gurup ony bir ýarym ýyla golaý saklap bilmegi basmaçylyk hereketiniň täzeden göterilmegine getirdi. Basmaçylar ylaýtada Mary etraplatynda näki miýetiň ynjalygyny gacyrdy. Bu ýerdäki basmaçy toparlaryň Serdarlary Berdimyrat, Hydyr ärsary Hangeldi, Annageldi, Sary tiz – tizden Jüneýit hanyn ýanyna gatnap başladylar.

Syýasy ýagadýyň üýtgemegi bilen Jüneýit han has arkaýynlaşdy. Onuň nökerleri diňe bir gum içinde däl, eýsem respublikanyň ähli raýonlarynda gapynçsyz aýlanyşyp ýördüler. Ilaryň belli bir bölegi basmaçylara açykdan – açyk ýardam edyärdi. Mysal üçin 1925-nji, 1927-nji ýyllarda çarwalar hana öz mallarynyň kyrkdan birini zekat berdiler.

TSSR Halk komissarlar sowetiniň baslygy türkmeniň söwer ogly Gaýgysyz Atabayew emele gelen ýagdaýdan çykalga gözleyärdi. Ol synply göreşiň bähbitleri üçin bir halkyň wekilleriniň biri – birini çapmagynyň galatdygyna, bu betbagtçylygyň her edip nesip edip öňüni almagyň zerurdygyna düşünýärdi. Şu maksat baradaky ol Jüneýit hanyň ýanyna ýörite wekiller iberip, onuň bilen gepleşikler geçirýärdi. Oňa azyk kömeklerini-de berýärdi.

Gaýgysyz Atabaýewiň töwekgellik edip Jüneýit han bilen aragatnaşyk saklamagy oňa degerli wagty azyk kömeklerini bermegi hana täsir edipdir. Ol töweregindäki 200 hojalyk bilen wasda özüne mekan tutmaga razy bolupdyr. Ýöne MK – nyň şol wagtky jogapkär orunbasary H. Sähetmyradow bu meselede Atabaýew gaty ýazgardy. Şeýlelelik-de hökümetiniň Jüneýit han bilen aragatnaşygy kesildi. Basmaçylyk ýene-de ýetjek derejesine ýetdi. Muny ymykly aňan Jüneýit han eýýä 1927-nji ýylyň Alp Arslan aýynda öz goragyny güýçlendirdi we basmaçylaryň mekan tutan guýularyň hemmesine öz adamlary goýdy. Öz nökerlerini 12 sany uly otrýada bölüp, otrýadlara baştutan edip özüniň ynamdar adamlaryny. Uly ogly Eşi hany, kiçi ogly Igdir hany, Şaltaý batyry, Anna balany, Ahmet begi, Durdygylyç hany, Nugeldi hany, zana barmagy, Ýazan öküzi Temiralyny, Şakir balany, Zair balany goýdy. Basmaçylaryň esli bölegini bolsa hut öz ýanynda rezerwde goýdy. Han bolşewikler bilen bojak aýgytly söweşe taýýar boldy.

1927-nji ýylyň Sentýabr aýynda Merkezi Aziýa okrugy Jüneýit hanyň garşysyna Türkmenistanda iki sany goşun toplumyny doretdi. Dg topluma 83-nji we 84-nji atly polklar. 1-nji Türkistan atykylar polkunyň botolýony, 1-nji turkmen atly polkunyň eskadrony, awrasiýa otrýady, Go topluma bolsa basmaçylar yzg tesende öňunde çykyp ýok etmek tabşyryldy.

1927-nji ýylyň 19-njy Sentýabr aýynda Jüneýit hanyň hut özi goşuna baş bolup, ýörişe ugrady. Türkmenistanyň çäklerine seredende, Garagumda uly uruş başlandy. Jüneýit han ilatdan kömek esläp, birnäçe otrýady Köneürgen Ýylanly, Tagta raýon merkezlerine iberdi. Han obalarda dayhanlaryň goldamagyna garaşypdy. Emma o diýeni bolmady. Gaytam, daýhan köpçüligi Jüneýidiň nökerleri bilen söweşe giren gyzyl esgerlere kömek berdiler. Netijede Jüneyit hanyň ilatdan goldaw isläp, ýerlere iberen toparlary yzly – yzyna güýçli garşylyga duçar boldular. Mysal üçin; Köneürgenjiň ýolunda köpükli, Ketgenli öý obalarynda, tagtanyň Hoja kümmet obasynda atyşyk birnäçe güne çekdi. Hasam Hojakümmetde bolan söweş gazaply boldy. 29-njy Sentýabr aýyndan başlap 3-nji Oktýabr aýyna çenli dowam eden söweşde Jüneýit hanyň özi ýolbaşçýlyk etdi.

Gyzyl goşun bölümleri ýerden, uçarlar ýokardan yzarlap Ata guýuň oýunda Jüneýit hanyň yzyndan ýetdiler.