Harare
Appearance
Harare — Afrika yklymynda Zimbabwäniň paýtagty we iň uly şäheridir.
2012-nji ýyldaky resmi ilat ýazuwyna görä, şäherde 1,485.231 adam ýaşaýar. Şäher hem şol bir welaýatyň paýtagty bolup, 2002-nji ýyldaky resmi ilat ýazuwyna görä şäherde 1,435,784 adam ýaşaýardy. 2012-nji ýyldaky resmi ilat ýazuwyna görä, Harare welaýat derejesine eýe bolup, onuň çäginde 2,123,132 adam ýaşaýar.
Geografiýa
[düzet | çeşmäni düzet]Şäher ýurduň demirgazyk-gündogar böleginde ýerleşýär. Deňiz derejesinden 1490 m belentlikde ýerleşýän bu şäher, gurak sawanna howasynyň täsiri astyndadyr.