Gysgaganat Boliwariýa hudaýatysy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Hudaýatylar otrýady Hudaýatylar maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi III (VU). Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Türkmenistanyň faunasynda Bolivaria Stal. köp görnüşden ybarat bolan urugynyň bir görnüşi. Gysgaça beýany. Goňrumtyl — çal reňkli orta ululykdaky hudaýaty. Ganat üstleriniň gyralary agymlyt, ganatlary tüsse reňkli, olaryň gyralary gara-mawymtyl jähekli. Hudaýatylaryň iki jynsynyň ganat üstleri we ganatlary gysgalan, garynjygynyň depesinden yza geçmeýär. Bedeniniň uzynlygy erkekleriniňki 34–35, urkaçylarynyňky 40–53 mm. Ýaýraýşy. Türkmenbaşy, Aşgabat, Tejen şäherleriniň we Bathyzyň daş-töwerekleri. Türkmenistandan daşarda — Krym, sähra zonasynyň günortasy (Powolžýeden — Wolga ýakasyndan Yrtyşa çenli), Kawkaz, Zakawkazýe, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Kiçi Aziýa, Siriýa, Eýran, Krit adasy. Gündogarda Günorta-Günbatar Mongoliýa çenli ýaýrandyr. Ýaşaýan ýerleri. Daglaryň gyrymsy agaçly we ot örtükli daşly eňňitleri, ýowşan-dürli ot ösümlikli toýunsow düzükler. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. 2009‑njy ýylyň iýulynda Gündogar Köpetdagyň eteklerinde (Çäçe obasy) ýowsanda ikiýeke hudaýaty bellenildi. Esasy çaklendiriji sebäpler. Ýüze çykarylmady. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Öwrenilmedi. Köpeldilişi. Iş geçirilmedi. Gorag üçin geçirilen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Bathyz we Sünt-Hasardag döwlet goraghanalarynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Ýaşaýan ýerleriniň goralmagyny güýçlendirmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Biologiýasynyň we ekologiýasynyň aýratynlyklaryny öwrenmeli.