Mazmuna geçiň

Gurbanmuhammed Kasymow

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Kurbanmuhammed Gadjarowiç Kasymow — türkmen aklawçysy, döwlet işgäri we diplomat.

Terjimehaly

[düzet | çeşmäni düzet]

1954 ýylyň 30 iýulynda Aşgabat welaýatynyň Aşgabat etrabynyň Gökçe obasynda doguldy.

Ýokary bilimli. 1976 ýylda Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini hukuk fakulteti bilen tamamlady.

Ol öz karýerasyna 1976 ýylda “Türkmenpotrebsoýuz”-nyň “Türkmenkoopstroý” trestinde aklawçy, stažýor kömekçisi, soňra bolsa Aşgabad ulag prokuraturasynyň prokurorynyň orunbasary bolup başlady. Soňra Aşgabad şäheriniň prokurorynyň orunbasary we birinji orunbasary, Türkmenistan SSR-niň prokurorynyň orunbasary, etrap müdiri we Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Hukuk komissiýasynyň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işledi. 1990 ýyldan Aşgabad şäheriniň prokurory, 1991 ýyldan bolsa Türkmenistan SSR-niň prokurory wezipelerinde işledi.

1993 ýylyň 7 ýanwary – 1993 ýylyň 2 apreli — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary.

1993 ýylyň 2 apreli – 1998 ýylyň 17 sentýabry — Türkmenistanyň Içeri işler ministri.

1998 ýylyň 17 sentýabry – 1999 ýylyň 24 maýy — Türkmenistanyň Goranmak ministri.

1999 ýylyň 24 maýy – 2001 ýylyň 30 oktýabry — Türkmenistanyň Adalat ministri.

2001 ýylyň 30 oktýabry – 2008 ýylyň 20 marty — Türkmenistanyň Hytaýdaky Adatdan daşary we Ygtyýarly ilçisi.

2008 ýylyň 20 marty – 2009 ýylyň 29 maýy — Türkmenistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we Ygtyýarly ilçisi.

2009 ýylyň 29 maýy — Saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden boşadyldy.

Ol 2021 ýylyň 2 sentýabrynda aradan çykdy[1][2] .

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. "В Туркменистане от COVID-19 скончался бывший вице-премьер Курбанмухаммед Касымов". Archived from the original on 2021-09-13. Retrieved 2021-09-13.
  2. http://www.turkmenistan.ru/ru/node/26400 Archived 2016-03-04 at the Wayback Machine Президент вручил ордена главам дипломатических миссий Туркменистана в других странах