Mazmuna geçiň

Gigliola Cinquetti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Gigliola Cinquetti (Jilliola Sinketti, 1947 ýylyň 20 dekabrynda Werona, Italiýada doglan) — 1964 ýyldaky Ýewrowideniýe aýdym bäsleşiginde ýeňiji bolan italýan aýdymçysy, kino aktrisasy we telewideniýe alyp baryjysydyr.

Biografiýa

[düzet | çeşmäni düzet]

1963 ýylda ol Kastrokaro aýdym-saz festiwalynda ýeňiji boldy. Soňra ol 16 ýaşynda Sanremo aýdym festiwalynda ýeňiji boldy. 1964 ýylda ol Ýewrowideniýe aýdym bäsleşiginde Italiýany wekilçilik etdi we "Non ho l'étà" aýdymy bilen birinji orny eýeledi. Ol iň ýakyn bäsdeşi, ikinji orny eýelän britaniýaly Mett Monrony 32 bal bilen ýeňdi.

Bu aýdym dünýä derejesinde hit boldy, Ýewropa ýurtlarynda sanawlarda birinji orny eýeledi we Demirgazyk we Günorta Amerikada, Gonkongda we Günorta Afrikada meşhur boldy. Aýdym iňlis, ispan, fransuz, nemes we ýapon dillerinde ýazylyp alyndy. Rus sözleri bolan wersiýasy hem bar. 1964 ýylda Gigliola Sinketti ilkinji filmi "Canzoni, bulli e pupe"-de baş keşbi janlandyrdy. Şol ýyl onuň on iki aýdymdan ybarat bolan "Gigliola Cinquetti" atly ilkinji albomy çykdy. 1966 ýylda ol başga bir halkara hiti bolan "Dio, come ti amo"-ny ýazdyrdy. Şol ýyl ol Sanremoda Domeniko Modugno bilen duet ýerine ýetirip, ýene-de ýeňiş gazandy.

1974 ýylda ol "Sì" aýdymy bilen ikinji gezek Ýewrowideniýe aýdym bäsleşigine gatnaşdy we "Waterloo" aýdymy bilen ABBA-dan ýeňilip, ikinji orny eýeledi. Şeýle-de bolsa, aýdymyň Italiýadaky ýerine ýetirilişi bir aýdan gowrak wagtlap senzura edildi, sebäbi bäsleşik aýrylyşmak baradaky referendum bilen gabat geldi we aýdymyň ady bolan "Sì" ("Hawa") propaganda hökmünde kabul edilip bilnerdi. 1975 ýylda iki ýyl öň Sinquettiniň ýazan "Alle porte del sole" aýdymy Billboard hit-paradlarynda 17 orna çykdy. Gigliola italýan, fransuz, ispan, portugal, nemes, ýapon we iňlis dillerinde aýdym aýtdy.

1985 ýylda Sinketti Sanremo aýdym festiwalynda "Chiamalo Amore" (Call It Love; 788,722 ses) aýdymy bilen Luis Migelden (ikinji orun, 843,494 ses) we Rikki e Poveriden (birinji orun, 1,506,812 ses) soň üçünji orny eýeledi.

1991 ýylda ol Toto Kutunýo bilen Rimde Ýewrowideniýe aýdym bäsleşigini bilelikde alyp bardy. Soňra ol professional žurnalist we telewideniýe alypbaryjysy boldy. Häzirki wagtda ol RAI-da öz programmasyny alyp barýar. Gigliola Sinketti her bir-iki ýylda bir gezek albom çykardy; onuň iň soňky "20.12" (doglan güni) atly albomy 2016 ýylda çykaryldy[1][2].

  • 1964 — Canzoni bulli e pupe
  • 1965 — Questi pazzi pazzi italiani
  • 1966 — Testa di rapa
  • 1966 — Dio come ti amo!
  • 1968 — Professor Matusa e i suoi Hippies
  • 1968 — Addio giovinezza!
  • 1973-74 — They Sold a Million
  • 1975 — La hora de...
  • 1982 — Champs-Elysées
  • 1999 — Commesse
  • 2001 — I cavalieri che fecero l'impresa

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. "Gigliola Cinquetti". Archived from the original on 30 September 2007. Retrieved 26 October 2017.
  2. Roberts, David (2002). British Hit Singles (15th ed.). London: Guinness World Records Limited. p. 145. ISBN 0-85112-187-X.