Gaznaly döwrüniñ beýik alymy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

GAZNALY DÖWRÜNIŇ BEÝIK ALYMY Türkmen topragy dünýä medeniýetine saldamly goşant-goşan, taryhda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleri dünýä berdi. Gürgeniň, Merwiň, Sarahsyň, Dehistanyň, Abiwerdiň we Amulyň ylym ojaklary meşhur ylym merkezleridir. Bu ylym ojaklarynda Merwezi, Horezmi, Sarahsy, Amuly we Abywerdi ýaly alymlar kemala gelip, Gündogar ylymyny we medeniýetini belent derejelere göteripdirler. Öz döwrüniň şeýle ylym merkezleriniň biri hem Gaznalylar Döwletiniň paýatgty Gazna şäheri bolupdyr. Türkmeniň şöhratyny dünýä ýaýyp, onuň abraý-mertebesini ýokary göteren Gaznalylar döwletinde ylymyň dürli ugurlary güýçli derejede ösdürilipdir. Dünýä ylymynyň taryhynda Gaznaly döwründe ýaşan, beýik ylym işler bilen şöhratlanan alymlara uly orun degişlidir. Gaznaly döwletiniň hökümdarlary ylymlaryň dürli ugurlarynyň ösmeginde ägirt uly işleri amala aşyrypdyrlar. Olar dünýäniň dürli ýurtlaryndan tejribeli beýik alymlary öz köşklerine çagyrypdyrlar. Şeýle alymlaryň biri-de Abu Reýhan Birunidir. Taryhy çeşmelerde berilýän maglumatlara görä, Mahmyt Gaznaly Abu Reýhan Birunini öz köşgüne çagyryp, onuň ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertleri döredipdir. Gaznalylar köşgünde Biruni tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän tebigy ylym taýdan öwreniş mekdebi bolupdyr. Hut şol döwürde tebigaty öwreniş ylym özüniň ösüşinde belent derejelere göterilipdir. Bu ýerde Abu Nasar Mansur ibn Aly ibn Yrak Jagdy (1036-njy ýylda dünýäden öten), Abulhasan Aly ibn Ahmet Nesewi (970-1070), Muhammet ibn Hasan ibn Ybraýym Attar(11asyr) we beýleki meşhur alymlaryň atlaryny agzamak bolar. Bu alymlaryň aglabasy matematika we astronomiýa bilen meşgullanypdyrlar. Beýik alymlar Biruni we Ibn Sina ylymlaryň örän köp ugurlary boýunça ylym kitaplary ýazypdyrlar. Taryhy çeşmeleriň habar bermeginä görä, Gaznaly Soltan Mahmydyň döwrüniň meşhur alymlary Biruni hem-de Ibn Sina biri-biri bilen özara hatlary alyşypdyrlar. Biruni öz hatlarynda Ibn Sina pelsepäniň möhüm meseleleriniň çözgütleri baradaky garaýyşlaryny beýan edipdirler we sowallaryny iberipdirler, ol sowallara Ibn Sina ygtybarly ylym diller bilen jogap beripdir. Biruniniň ajaýyp eserleri şol döwürlerde ýazylypdyr. Alymyň “Mahsudyň kanuny” atly eseri Masut Gaznala peşgeş berlen kitapdyr. Biruniniň “Mahsudyň kanuny” atly eserine astronomiýa ylmynda uly orun degişlidir. Alym arap, sogdy, pars, ýunan, sanskrit dillerini kämil özleşdiripdir. Çagalykdan asman jisimlerine gözegçilige girişipdir. Bary-ýogy 17 ýaşyndaka öz ýaşaýan şäheriniň geografiki giňişligini hasaplapdyr. Abu Reýhan Biruni matematika, astronomiýa, fizika, geologiýa, mineralogiýa, geografiýa, lukmançylyga, farmakologiýa, etnografiýa, arheologiýa, filologiýa, Merkezi Aziýanyň, Hindistanyň we beýleki ýurtlaryň taryhyna degişli dünýä meşhur ylmy kitaplary ýazypdyr. Bu eserler diňe bir ylmyň ýokarda agzalan ugurlary boýunça däl-de, eýsem filosofiýa, sosiologiýa, hukuk öwreniş ýaly ugurlary boýunça hem gymmatly maglumatlary özünde saklaýar. 1014-1018-nji ýyllarda Biruni Mamunyň akademiýasynda işleýär. Ömrüniň soňky ýyllarynda bolsa Gaznalylar köşgünde öz ylym işlerini alyp barypdyr. Biruni özüniň gymmatly eserleri bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşupdyr. Gürgenjiň ylym ojagynda kemala gelip, dünýä taryhynda, ylmynda öçmejek yz galdyran Köneürgençli alym Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet Biruninyň Gaznalylar döwletiniň ylmynyň ösmeginde we onuň beýik şöhratynyň dünýä ýaýylmagynda uly hyzmaty bardyr. Joshgun Taganow 2nd year student of IUHD.