Mazmuna geçiň

Garamanogullary Begligi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
1450-nji ýylda Gündogar Ortaýer deňzi kartasynda Garamanly Begligi

Garamanogullary Begligi ýa-da Garamanogullary Soltanlygy (Türk dili: Karamanoğulları Beyliği), Anatoliýada 1250 ýylynda esaslandyrylan, Owşarlara degişli bir Türkmen döwletidir. Döwleti Nuretdin Beg ogly Garaman Beg esaslandyrypdyr we Loranda (Bugün Türkiyäniň Karaman ili) paýtagt bolupdu. Beglik hökümdarlary Soltan, Beg we Emir bolarak aňylýardy. Türk dilini Anatoliýada resmi dil hökmünde ulanýan ilk beglikdir. Ilk wagtlaryňda Gilikiýaly ermeniler, haçlylar we Mongollar bilen uruş edipdirler we 14-nji asryň soňlaryna çenli Anatoliýadaky iň güýçli türk döwletidi. Osmanogullary Begligi bilen bäsdeştiler. Garamanogullary Döwleti soň hökümdar Torgutogly Mahmud Begiň Memluklar bilen dostlygy sebäbinden 1487-nji ýyl begligiň territoriýalary Osmanlylar tarapyndan alynypdyr. Käbir Garamanoglu maşgalasy agzalary Günbatar Anatoliýa, Eýran we Balkan yarymadasy ýerlerine sürgün iberildi.