Garaşsyzlyk baýramy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni - 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Garaşsyz döwlet boldy we şondan bäri bu sene ýurtda Garaşsyzlyk güni hökmünde bellenilýär.

Garaşsyzlyk – buýsanjydyr türkmeniň[üýtget | edit source]

Garaşsyzlyk baýramy parahatçylygyň we abadançylygyň, agzybirligiň we jebisligiň baýramydyr.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky syýasy we ykdysady galkynyşlary, medeni we durmuş özgertmeleri halkymyzyň maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryny baýlaşdyrdy, döwletimiziň kuwwatyny artdyryp, berkararlygyny has-da pugtalandyrdy” diýip, uly buýsanç bilen aýdan sözleri bu günki gün durmuş hakykatyna öwrülýär. Mähriban diýarymyzyň özbaşdaklygy, özygtyýarlylygy barada pikir ýöredeniňde, ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk[1] ýörelgeleriniň pugtalanmagynda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagynda, döwletimiziň özygtyýarly döwlet hökmünde dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagynda bimöçber işleriň durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen bellemek guwandyryjydyr. Milli Liderimiz döwlet Garaşsyzlygynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýratyn nygtamak bilen, “Garaşsyzlyk” diýen mukaddes hem-de çuň mazmunly düşünjäniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny: “Garaşsyzlyk bahasyna ýetip bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Bu beýik hem-de çuň manyly sözde ata-babalarymyzyň erkin, özygtyýarly, abadan hem-de bagtyýar ýaşamak baradaky iň süýji arzuw maksatlary, eziz Diýarymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de beýik geljegi jemlenendir” diýen parasatly sözler bilen beýan edýär. Bu ganatly jümleler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetine berlen mynasyp bahadyr. Eziz ýurdumyzda ýaşamaga, halal zähmet çekmäge, halal zähmetiň hözirini görmäge, gurmaga, döretmäge giň mümkinçilikler berýän ajaýyp durmuş möwç urýar.

Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli dabaraly ýöriş

Milli Liderimiziň taýsyz tagallary netijesinde ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde we ylymda gazanylýan üstünlikler we ýetilýän belent sepgitler häzir bütin dünýäni haýrana goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň döwlet derejesinde amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde milli ylym, bilim ulgamyna uly ähmiýet berilýändigini bellemek örän buýsançlydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylymyzda ýurdumyzyň milli ylym, bilim ulgamy dünýä tejribeleriniň gazananlary esasynda ösdürilýändigini, hil taýdan täze derejelere eýe bolýandygyny aýdyň görmek bolýar. Ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň açylyp berilmegi, olarda täze hünärleriň we ugurlaryň açylmagy, talyplara berilýän bilimiň döwrebap bolmagy ugrunda uly aladalar edilýändigine aýdyň göz ýetirýäris. Nesilleri watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmen halkymyz geçmişde adalatlylygy, parahatsöýüjiligi we ynsanperwerligi ähli zatdan ileri tutupdyr. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi”, “Çaý – melhem hem ylham”, “Gadamy – batly bedew”, “Arşyň nepisligi” atly kitaplary halkymyzyň baý taryhy we medeni, milli mirasyny wagyz edýän hem-de geljekki nesillere miras galýan gymmatly hazynadyr we bahasyna ýetip bolmajak uly gollanmadyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynda elimize gowşan “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitapda Milli Liderimiz türkmen aýdym – saz sungatynyň beýik ussatlarynyň biri, meşhur sazanda Şükür bagşynyň durmuşynyň we döredijiliginiň üsti bilen berkarar döwletimizde alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli, goňşuçylyk syýasaty giňden beýan edýär. Bu eserde meşhur sazanda pederimiz öz döwrüniň iň kyn we çylşyrymly meselesini parahatsöýüjilikli ýol bilen çözmäge çalşandygy aýdyň görkezilýär.


Türkmen halkynyň keramat saýan dutarynyň ajaýyp perdelerinden çykan şirin mukamynyň owazy bilen Şükür bagşynyň öz agasyny bendilikden halas etmegi, bagşynyň belent ynsanperwerliginiň näderejededigini ýene-de bir gezek ajaýyp eseriniň üsti bilen subut etdi. Parahatçylyga daýanyp, ýurdumyzyň ösüşini gazanmak, goňşy döwletleri, iri halkara guramalar bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk etmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Häzirki wagtda Diýarymyzyň içerki we daşarky syýasatynda ylalaşdyryjy we parahatsöýüji ýurt hökmünde bütin dünýä aýan edildi. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup ulanylmaga berlen döwrebap kitaphanalar, şol kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamynyň döredilmegi ilkinji nobatda ösüp gelýän ýaş nesliň bilim derejesiniň kämilleşmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda milli mirasymyzy öwrenmekde we ösdürmekde muzeýlerimiziň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen halkynyň dürli döwürlerine degişli taryhy gymmatlyklaryny özünde saklaýan we jemleýän uly hazyna bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň sport ulgamy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly arassa ahlakly we kämil ruhly ýaşlar bolup ýetişmeginde döwlet tarapyndan uly aladalar edilýär. Paýtagtymyz Aşgabatda 2017-nji ýylda ýokary derejede geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dünýäniň sport äleminde ýatdan çykmajak möhüm taryhy wakalaryň biri boljakdygy hem örän buýsançlydyr. Bu bolsa Garaşsyz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna eçilen bagtydyr, datly miweleridir. Ajaýyp ýurdumyzyň gazanýan her bir üstünliklerine we ýetilýän belent sepgitleriniň aňyrsynda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy hem-de irginsiz zähmetiniň ýatandygyny aýdyň görmek bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda ägirt uly işleri amala aşyrýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Eziz Watanymyzyň ösüşine öz mynasyp goşandymyzy goşmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Arkadag Prezidentimiziň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen Watançylyk çagyryşy bagtyýar nesillerimiziň ýüreginde sena bolup ýaňlanýar. Watanymyzyň abraý-mertebesini belende göterýän, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

2017-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda gecen Yaşulylaryň maslahatynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramcylyk gününi üýtgedip, ony sentýabr aýynyň ahyryna gecirmek barada teklip edildi. Berlen teklibiň netijesinde, 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda «Türkmenistanyň garaşsyslygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusiion kanunyna üýtgeşme girizildi. Kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiion kanunyna laýyklykda – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi ählihalk baýramy diýlip yglan edildi we ony 2018-nji ýyldan başlap her ýylyň 27-nji sentýabrynda belläp, şol güni iş güni dal diýlip bellendi.

Edebiyat[üýtget | edit source]

  • Türkmenistan gazeti, 11.10.2017, s.8
  • G.Annabayewa. Garaşsyzlyk – buýsanjydyr türkmeniň. Makala

Daşarydan alynan linkler[üýtget | edit source]

  1. https://turkmenportal.com/tm/blog/6767