Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda taryh ylmynyň ösüşi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Şablon:Bitaraplyk

Mowzuk: Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda taryh ylmynyň ösüşi.

M E Ý I L N A M A

1. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryh ylmyny ösdürmekdäki tagallalary.

2. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan Türkmenistanyň taryhynyň täzeçe döwürlere bölünişi.

3. Mukaddes Ruhnama türkmen taryhynyň naýbaşy eseridir.

4. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň türkmen taryhynyň dürli döwürlerini öwrenmeklige goşandy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda gazanylan ajaýyp üstünlikler dünýäde bolup geçýän taryhy özgerişikler, jemgyýetçilik ösüşiniň meselelerini, taryhy öwrenmeklige, taryhy tejribäni peýdalanmaklyga bolan gyzyklanmany barha güýçlendirýär. Garaşsyzlyk döwründe bolup geçýän özgerişlikler diňe bir biziň geljegimiz bilen däl-de, eýsem geçmişimiz bilen-de berk baglanyşyklydyr. Ol özgerişikleriň köki, gözbaşy bardyr.

Häzirki döwre dogry göz ýetirmek, oňa mynasyp baha bermek, öňe ynamly gadam urmak üçin ata-babalarymyzyň geçen ýoluna doly we dogry düşünmek zerurdyr. Şu sebäbe görä-de Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň türkmen halkynyň taryhyny doly we dogry beýan edip halka ýetirmek baradaky aladasy tebigydyr.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy taryh ylmyny mundan beýläk-de ösdürmegiň düýpli konsepsiýasyny işläp düzüp, taryhçy alymlaryň Türkmenistanyň we türkmen halkynyň hakyky dogruçyl taryhyny döretmegi, ol taryhyň bolsa ylmy derejesi boýunça real durmuşa, zamanamyzyň ruhuna laýyk gelmegi, hakykaty beýan etmekligini nygtap “taryhymyzy ýazmakda hiç kim size görkezme berenok we bermezem. Indi her kim öz pikiri bilen işlemeli. Halkymyzyň taryhyny dogruçyl beýan etmeli. Munuň üçin alymlaryň arasynda ylmy çekişmeler guramaly. Ahyrky netijede soňky nesillere galjak hakyky taryhymyzy ýazmaly” diýdi.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryh ylmynyň problemalaryna beýle uly üns bermegine, türkmen halkynyň hakyky, dogruçyl taryhyny döretmek barada yzygider alada etmegine SSSR döwründe taryhymyzyň gözgyny ýagdaýa salynmagy sebäp boldy. Taryh ylmynda obýektiw hakykatdan her bir çetleşme düýpden ýol berilmesiz ýagdaýdyr. Sebäbi geçmişiň taryhyny obýektiw öwrenmezden hem-de seljermezden şu günki ýagdaýa dogry düşünmek mümkin däldir. Şu günki durmuşyň köküniň geçmişde bolşy ýaly, geljegiň köki hem şu gündedir. Geçmişi galplaşdyrmak, taryhy wakany ýoýmak geljege zarba urmakdyr. Hut şu nukdaý nazardan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen halkynyň taryhyny obýektiw we dogruçyl beýan etmek dogrusyndaky mesele diňe bir ylmy jähtden däl, eýsem durmuşy jähtden hem aýgytly ähmiýete eýedir diýip nygtady.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy konsepsiýasy Garaşsys we bitarap Türkmenistanyň taryh ylmynyň esasyny düzýär. Onuň Türkmenistan Kommunistik partiýasyna baştutanlyk eden ýyllarynda kemala gelen türkmen halkynyň taryhyna garaýşy garaşsyzlyk ýyllarynda görülip-eşidilmedik derejede täze tejribeler bilen baýlaşdy.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň taryhy baradaky konsepsiýasy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we bitaraplyk almagy bilen baglanyşykly täze netijeler bilen baýlaşdyryldy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Türkmenistanyň taryh ylmynyň täze pudagyny – garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň taryhynyň, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň taryhynyň, Täze taryhynyň döredilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etdi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýazan işleri, Halk Maslahatlarynda, Ýaşulylar bilen geçirilýän maslahatlarynda çykyşlary we ş.m. çuň taryhy nukdaý nazardan ugur alyp maglumatlara baýdyr.

Häzirki zamana çuň we hemmetaraplaýyn analiz bermek, garaşsyzlyk, bitaraplyk ýaly düşünjeleriň genezesi we ösüşi Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň döredijiliginde ylmy-taryhy häsiýete eýedir.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy 1992-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 14-indäki Halk maslahatynda özüniň türkmen halkyna ýüzlenmesinde demokratik hukuk döwleti, demokratiýa baradaky aňyýeti ösdürip: “Sosialistik jemgyýetden, bazar jemgyýetine, totalitar sistemadan demokratik sistema geçilýän häzirki geçiş döwründe ideal demokratiýany bir gijede, bir ýylda ýa bäş ýylda gurjak bolmaklyk hyýaly bir zatdyr. Türkmenistanda demokratiýa etaplaýyn gurlar” diýip, nygtap güýçli häkimiýetlik syýasatyna, konstitusion hukuklaryň we borçlaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligiň gerekdigini belleýär. Ol özüniň demokratiýa baradaky garaýşyny beýan etmek bilen demokratiýa düşünmekde diňe bir umumy adamzat tejribesinde däl, eýsem halkyň milli däplerinden hem ugur alýandygyny “…Türkmen halky öz gelip çykyşy, ýasalyşy, hüý-häsiýeti boýunça örän demokratik halkdyr…”. Öz halky bilen ýüzbe-ýüz durup maslahatlaşmak, geňeş etmek demokratiýasyna heniz dünýäniň özüni iň kämil demokratik ýurtdyr diýip hasap edýän ýurtlary-da ýetip bilenok. Bu biziň ata-babalarymyzdan bize miras galan beýik demokratiýadyr” diýip, belledi. Garaşsyz Türkmenistanyň sosial ykdysady durmuşynyň ösmeginde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy diňe bir halkyň erk-isleginiň, halk häkimiýetiniň taryh tarapyndan işlenilen görnüşlerine daýanmak bilen çäklenmän eýsem demokratiýanyň manysyndan we ahyrky maksatlaryndan, halkyň bähbitlerinden, gowy gün-güzeranlaryndan hem ugur alýar.

Geçiş döwründe jemgyýetiň ideologiýasy baradaky taglymaty baýlaşdyryp, täzeçe garamaklygy, diniň halallyk we haramlyk, adamyň kalby päk, lebzi arassa bolmalylygy baradaky ideýalarynyň ynsan kalbyny sap saklamakdaky ornuna uly ähmiýet berilýär. Muny hormatly Prezidentimiziň “Din biziň halkymyzyň geçmiş medeniýetiniň bir bölegi, özem düýpli we uly bölegi… Adam ýüreginden, kalbyndan bir ynanja, bir mukaddeslige uýmaly, päklige hem kämillige gulluk etmeli, özüni sap hem tämiz saklamaly. Bu ugurda diniň hyzmaty örä uly” diýen sözlerinden hem görmek bolýar. Ähli durmuş şertleri umumy bolan sosialistik jemgyýetiň ykdysady kanunlaryny ýazgaryp, adamyň şahsyýetini gysyp gowurýan şol umumylygy, ähli adamlary biraýakdan sürmekligi-de täze ideologiýa ret edýär. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Helsinkide bolup geçen Ýewropada Howpsuzlyk hem Hyzmatdaşlyk baradaky maslahatda eden çykyşynda: “Adam hukugy döwletiň milli bähbitleri bilen aýrylmaz baglanşyklydyr” diýen pikiri öňe sürdi. Bu pikir bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldanyldy.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy demokratik, hukuk we dünýewi, döwletiň täze ideologiýasynyň ruhlandyryjysy we döredijisi boldy, jemgyýetçilik-taryhy, ykdysady ösüşe täze göz aýlan, ýurduň sosial-ykdysady ösüşini täzeçe düşündirmegi başardy. Ol özüniň “Taryh sapaklary hakda we döwrüň öňde goýan meseleleri hakda” diýen talyp ýaşlaryň öňünde eden taryhy çykyşynda SSR Soýuzynyň ýykylmagyna çuň analiz berip: “SSSR-iň bütewi giňişliginiň territoriýasynda hakyky garşylykly güýçler üýtgedip gurmak döwründe däl-de ýetmiş ýyl mundan ozal gozganyp başlandy” diýip belleýär. SSSR-iň döredilişi barada meýletinlik diýen sözüň hakykata laýyk gelmeýändigini bellemek bilen soýuzyň dargamagynyň düýp sebäbi adalatsyzlyk hem-de düzgün tertipdäki adalatsyzlyk, häkimiýetiň halka garaýşyndaky adalatsyzlyk ýaly faktorlaryň, imperiýalaryň synmagyna eltendigi baradaky hakykaty öňe sürdi. Bu teoretiki meseläni anyklaşdyrmaklyk önümçiligiň sosialistik gatnaşyklaryndan hususy eýeçilige, bazar gatnaşyklaryna geçmek üçin zerurdy, döwrüň iň wajyp meselesidi.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy sowet döwletiniň bütin taryhyndaky ýalňyşlyklaryny analizläp, hususyýetçiler synpynyň dargadylmagyny, söwda, nyrh döretmek üçin döwlet monopoliýasynyň höküm sürmegini, ýeriň hakyky eýeleriniň ýanalmagyny, adamlaryň telekeçilige, döredijilige höwesiniň gaçyrylmagyny we ş.m. sistema ýalňyşlyklary diýip netije çykardy. Ol bu babatda çuň ylma esaslanýan ideýany öňe sürüp: “köneçe pikirlenýän, lenç edilen sowet sistemasyna laýyk oýlanýan adamlar täze ykdysady gatnaşyklara girip biler” diýip, çaklamak nädogry bolardy. Adamyň aňyny üýtgetmekden täze zawod gurmak has aňsatdyr. Emma şunda täze önümçiligi kim dolandyrarka? Şonuň üçin jemgyýetçilik aňyny üýtgetmek, täze adamy terbiýelemek “10 ýyl abadançylyk” maksatnama esasy düzgünleriniň biridir diýip belledi. Ýurduň sosial-ykdysady meselelerini çözmekde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy zähmetkeş halkyň taryhy ornuna uly orun berip: “Indi bolsa täze nesliňem, häzirki nesliňem, köne nesliňem, garaz biziň barymyzyň bir zada anyk göz ýetirmegimiz gerek, ol bolsa biziň düýpgöter täze jemgyýet gurýanlygymyzdyr. Bu jemgyýeti gurmaly, halk ruhy taýdan sagdyn halk bolmalydyr” diýip belledi.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özygtyýarly Türkmenistanyň syýasy sistemasyny täze taryhy şertlere laýyklykda gurnamakda, döwleti edara etmekde entek dünýä tejribesinde görülip-eşidilmedik halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli organy bolan Halk maslahatyny, Ýaşulylar maslahatyny döretmekde bahasyna ýetip bolmajak iş bitirdi. Halk maslahaty döwlet häkimiýetiniň dolandyrylyşynyň ýokary organlarynyň işinde koordinirleýji, birleşdiriji güýç bolup çykyş edip, onda döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we sud ýaly şahalary wekilçilik edýär. Halk maslahatynyň kararlary Prezident, Mejlis we Türkmenistanyň beýleki döwlet organlary üçin hökmanydyr. “Halk maslahatymyzyň özi halk demokratiýasy organydyr. …Türkmen döwletinde haýsy-da bolsa bir mesele çözülmeli bolanda, ilki zähmetkeş halkyň pikirini sorap, soňra olara seredip, karar kabul etmegi kada öwreliň. Soňra şol karary döwlet gullugyndaky işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, döwlet ýolbaşçylary, hemmeler ýerine ýetirmeli diýip hasap edeliň diýip belledi.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Watan, borç, watanparazlyk, graždanlyk pozisiýasy ynam ýaly baky düşünjelere täzeçe garaýyşlary her bir adamyň öz dünýägaraýşynda kemala gelmegi baradaky täze sosial - ahlak çelgileri kemala getirmegiň ýollaryny kesgitläp “Şol çelgiler näçe çalt kemala geldigiçe, döwlet gurluşygy şonça-da netijeli bolar. Milli däplere, häsiýetlere, gumanistik gymmatlyklara daýanýan jemgyýeti döretmek şonça-da netijeli bolar” diýen häsiýetnamany öňe sürdi.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hünärmenleri taýýarlamak meselesinde sosialistik gurluşyň düýpli kemçiliklerini ýeňip geçip, sosial-medeni prosesleri aňlatmak üçin diňe bir san ölçegi bilen çäklenmän hil ölçegine üns bermelidigini belläp: “Sanyň gerekligi hiliň gezekligiçi ýokdur” diýen hakykaty öňe sürdi. Sowet döwründe Türkmenistanyň ilatynyň bilim we medeni derejeleriniň ägirt köp esse ösendigine garamazdan, ol elmydama ruhlylygyň, ahlaklylygyň, adamlaryň sosial jogapkärçiliginiň ösmegine gabat gelmedi. Bularyň kämilleşmeginde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň bilim we terbiýe, Milli Galkynyş hereketi baradaky syýasatynyň roly uludyr.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň çuň ylmy esaslara daýanýan pikirlerinde türkmen halkynyň ruhy taýdan galkyndyrmak Maksatnamasy onuň ähli oý-pikirleriniň özeni bolup durýar. Halk Maslahaty bilen milli galkynyş hereketiniň birinji gurultaýynda eden taryhy çykyşynda: “Häzir biziň öňümizde halkymyzyň medeni ruhuny täzeden dikeltmek, garaşsyz Türkmenistanyň halkynyň milli medeniýetini öwrenip jemläp, baýlaşdyryp, ony dünýä medeniýeti bilen baglanyşdyrmak wezipesi durýar. Şol wezipeleriň hötdesinden gelmek üçin medeniýetimiziň we sungatymyzyň dürli görnüşlerini çuňdan öwrenip, olary täze garaýyş, täze mazmun bilen doldurmak möhüm bolup durýar” diýip belledi.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň 1993-nji ýylda döredijilik işgärleri bilen bolan duşuşygynda türkmen milletiniň milli häsiýetiniň gözbaşy, etika, diňe edim-gylymlara akyl ýetirmeklik baradaky meseläniň üstünde durup, oňa taryh, edebiýat we dini nukdaý nazardan garady. Ol halkyň medeni däpleri barada ýerlikli pikiri öňe sürüp: “Aslyýetinde türkmen halky giňgöwünli kanagatly halk. Ol milli däpleri, ata-babalarynyň urp-adatlaryny saklap, olara sarpa goýýan halk, ol öz zähmeti bilen gün görüp, öz çöregini özi gazanýan halk. Ol howaýy durmuşa kowalaşman, ýaradana şükür edýär. Şoňa görä-de milli medeniyet, birentek däp-dessurlar, adatlar biziň jemgyýetimize çenli saklanyp gelipdir” diýip nygtady.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy “Ýaşulylaryň IX döwlet maslahatynyň, halk Maslahatynyň we umumymilli “galkynyş” hereketiniň bilelikdäki mejlisinde sözlän sözünde döwrümiziň sosial-ykdysady ösüşiniň ýollaryny kesgitläp “Biz parahat, arkaýyn zähmet bilen, halallyk bilen ýurdumyzy özgertmelidiris. Biz indi ruhubelent, kalby arassa, maksady niýeti kän, ähli dünýä gymmatlyklaryna hormat goýýan, hemme halky sylaýan, hemme ili sylaýan, öz arasynda agzybir ýaşap bilýän millet bolup orta çykmalydyrys, özümizi tanatmalydyrys. Üçünji müňýyllyk bize indi başga ýoly salgy berenok” diyen genial pikiri öňe sürdi. Mundan başga-da Merhemetli Prezidentimiz hut şu maslahatda türkmen taryhyny doly we dogry beýan etmekligi ündäp, ony bäş saldamly döwre böldi:

1. Oguzhandan b.e. VI asyryna çenli;

2. 650 asyr. Gorkut ata eýýämi;

3. IX – XVI asyr. Türkmen halkynyň gülläp ösen döwri. Görogly eýýämi.

4. XVII – XX asyr. Türkmen durmuşynyň ??? döwri. Magtymguly eýýämi.

5. 1991-den bärki döwür. Garaşsyzlyk eýýämi.

Türkmenistanyň Garşsyz we bitarap döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi türkmen halkynyň taryhynda biçäk uly taryhy ähmiýetli wakadyr. Türkmen halkynyň sosial-ykdysady we medeni taýdan gülläp ösmegi üçin wajyp sepgitdir. Biziň Garaşsyz we Bitarap döwletimiziň durmuşyň ähli sferalarynda gülläp ösmegi barada Belent mertebeli Prezidentimiziň teoretiki taýdan çuň ylym esaslara daýanýan ajaýyp pikirleri we ideýalary bolsa türkmen halkynyň taryh ylmy üçin bahasyna ýetip bolmajak ideýa mazmuny boýunça çuň, möçberi boýunça giň we uly goşantdyr.