Garaşsyz Türkmenistanda ykdysady özgerişler

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mowzuk  : Garaşsyz Türkmenistanda ykdysady özgerişler.

M E Ý I L N A M A :

1. Türkmenistanda bazar ykdysadyýetine geçmekligiň aýratynlyklary.

2. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň “On ýyl Abadançylyk syýasaty”.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň irginsiz aladasy we parasatly baştutanlygy bilen Garaşsyz Türkmenistan 14 ýylyň dowamynda düýpgöter özgerdi. Indi ony Garaşsyzlykdan öňki döwür bilen deňeşdirmek mümkin däl. Çünki Diýarymyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy.

Himiki awular zerarly tapdan düşen ýeri, takyrap boşan söwda dükanlaryny, diňe çig mal çeşmesi bolup hyzmat etmäge gönükdirilen ykdysadyýeti miras alan Garaşsyz Türkmenistanyň beýle çalt ösmeginiň sebäpleri nämekä ? Ösüşleriň badalgasy nämekä ?

Türkmen halky we dünýä jemgyýetçiligi bu gudrat Beýik SaparmyratTürkmenbaşynyň ady bilen baglanyşdyrýar. Dogrudanda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy onlarça ykdysady taslamalary işläp düzdi we Türkmenistanyň ösüp özgermegi, üçin ösüşiň türkmen ýoluny döretdi.

Bazar gatnaşyklaryna geçilmegi uzaga çekýän we çylşyrymly işdir. Durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeleriň ähli tapgyrlarynda önümçilik pudaklarynyň yzgiderli we gyzadeň ösüşini üpjün etmek, nyrhlaryň durnuklaşmagy, daşary ykdysady deňagramlylyk, adamlary iş bilen üpjün etmek, ilatyň durmuş taýdan garalmagy hökümet üçin esasy weziperdir. Bu wezipeleri çözmekde Beýik Serdarymyz bazr ykdysadyýetine kem-kemden, tapgyrma-tapgyr geçmegi ýola goýdy. Geçiş döwründe ilatyň durmuş taýdan goraglylyk meselesi onuň baş aladasy boldy.

Ykdysadyýetiň özgerdilmeginde ýurduň pul ulgamynyň özgerdilmegine, onuň emelegelmegine aýratyn orun degişli. 1993-nji ýylyň Sanjar aýynyň 1-inde Türkmenistantyň öz milli walýutasy bolan manat dolanyşyga girizildi. Manadyň girizilmehiniň maksady ýurduň ykdysady özygtyýarlygyny berkitmekden, pul-karz syýasatyny ýöretmekde özbaşdaklygy üpjün etmekden ybaratdyr. Bu bolsapul ulgamynyň durnuklaşmagyna ýardam edýär. Haty durmuş taýdan goramak boýunça çäreleriň netijeligini ýokarlandyrýar.

Özgertme yglan edilenden soňra bazar ykdysadyýetini kemala getirmegiň tertibini we şertlerini düzgünleşdirmek üçin zerur hukuk bazasyny döretmek boýunça uly iş geçirildi. 1992-nji ýylyň Baýdak aýynda “Eýeçiligi döwletden aýyrmak we hususyýetleşdirmek hakyndaky” kanun çykdy. 1992-94-nji ýyllarda “Eýeçilik hakynda”, “Türkmenistanda telekeçilik işi hakynda”, “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda”, “Haryt çig-mal biržalary hakynda”, we beýleki birnäçe kanunlar çykaryldy.

Degişli şertler döredilenden soňra, ýurtda telekeçilik ulgamynyň dürli görnüşleri giň ösüşe eýe boldy. Telekeçilik işini işjeň ösdürmek üçin hökümet tarapyndan “Türkmenistanda telekeçilige döwlet goldawyny bemegiň esasy ugurlary” tassyklandy. Şu ýerde ykdysady ösüşe goşant goşan, umumydöwlet möçberinde telekeçilik işiniň ileri tutulýan ugurlaryny sanamakçy olara şu aşakdakylar degişli : oba hojalyk önümlerini öndürmek, daşamak, gaýtadan işlemek we saklamak, gurluşyk materiallaryny ndürmek we ýaşaýyş jaý gurluşygy, halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmek we ilata hyzmat etmek derman däreleri, medisina tehnikasyny we enjamlaryny öndürmek hem-de medisina hyzmaty, gakyndylary ikinji gezek gaýtadan işlemek, …

Bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde nyrh syýasatynyň orny uludyr. Hökümet tarapyndan nyrhlary erkinlige goýbermek, olaryň dünýä derejesine ýakynlaşdyrylmagy boýunça yzygiderli iş geçirilýär. Emma geçiş döwrüniň çylşyrymlygyny nazara alyp, önümleriň çäkli sanawy boýunça nyrhlaryň döwlet tarapyndan düzgünlerşdirilişi saklanyp galýar.

Türkmenistanda senagaty ösdürmek boýunça uly möçberli işler edilýär. Hökümetiň senagat ösüşi babatynda ýöredýän syyasaty ozaly bilen gaýtadan işleýji, ylaýtada ahyrky önümi çykarýan pudaklary çalt ösdürmeklige gönükdirilendir.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde Türkmenistan öz ykdusadyýetine öz milli serişdeleriniň hasabyna 30 milliard amerikan dollaryna barabar maýa goýup, Garaşsyzlyk ýyllary içinde 1050-den gowrak ýokary öndürijilikli we dünýä ülňülerine gabat gelýän, önümçilik maksatly häzirki zaman desgalar, kuwwatly zawodlar, fabrikler bina edildi we Türkmenistan sarp ediji döwletden, dörediji-öndüriji döwlete öwrüldi.

Türkmen ykdysadyýeti hut öz çig malymyzyň hasabyna ösýär. Özümizde gaýtadan işlenip çykarylýan çig malymyz özümizde önüme öwrülýär. Şeýdibem dünýä bazarlaryna çykýar. “Türkmenistanda öndürildi” atly belgili ýurdumyzda öndürilen önümler Ýewropanyň, Amerikanyň we Aziýanyň 70-e golaý bazarlaryna çykarylýar. Olara bolan isleg gün-günden artýar.

Geliň şu ýerde ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň ösüşi baradaky sanlara ser salalyň. Nebit we gaz senagatynda : gazyň öndürilişi we çykarylyşy 2005-nji ýylda 85 mlrd m3, şonuň 70 mlrd m3 daşary ýurtlara satylmaly. 2010-njy ýylda bu san 120 mlrd m3 barabar bolmaly şonuň 100 mlrd m3 daşary bazara çykarylmaly. 2015-nji ýylda 165 mlrd m3 gaz öndürilmeli, ondan 116 mlrd m3 daşary ýurda çykarylmaly, 2020-nji ýylda 240 mlrd m3 gaz öndürilip, şonuň 140 mlrd m3 satylmaly. Nebitiň öndürilişi 2005-nji ýylda 28 mln t, 2010-njy ýylda 48 mln t, 2015-nji ýylda 65 mln t, 2020-nji ýylda 100 mln t bolup, şonuň 3-den bir bölegi daşary ýurda satylmaly. Elektrik energiýasynyň öndürilişi 2020-nji ýylda 65 mlrd kwt sagada ýetiriler, 4 mln tonna sement öndüriler, “ak altynyň” we “ak bugdaýyň” öndürilişi 5 mln tonna ýetiriler, ýurduň suwarymly ýerleri 4 mln gektara çenli giňeldiler. Şu sanlar “Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Baş ugry” Milli maksatnamada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy aýdanda olaryň ylmy esasda taýýarlanandygyny nygtap, şeýle diýdi : “”Gara altyn” we gaz boýunça taslamalaryň ikisi hem ylmy taýdan barlandy. Olar ýangyç çig mallarynyň barlanylan gorlary barada maglumatlara, ýurdumyzyň ýangyç serişdelerini çykarýan senagatyň ösüşiniň mümkinçiliklerine esaslanýar”. Şu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen ilatyň jan başyna öndürilýän içerki önümiň mukdary 25 müň amerikan dollaryna barabar bolar. Şonda halkyň hal-ýagdaýy şu günki günden 6-7 esse gowulanar.

Elbetde bagtly durmuşa ýetmek aňsat däl. Ýöne bagtly durmuşyň gadyrynybilip, ony gorap saklamak, gorap ýaşamak has hem kyn. Munuň üçin Beýik Serdarymyzyň öwredişi ýaly, “Agzalalykdan”, “Men-menlikden”, “Azgynlykdan” daşda durmaly.

Alla bizi rysgaldan, bereketden kem etmändir. Beýik Serdarymyz bolsa, Allanyň berenini sahawatlylyk bilen öz halkyna paýlaýar. 2020-nji ýyla çenli togumyzyň, suwumyzyň, gazymyzyň mugt boljakdygyna kepil geçen Beýik Akyldarymyz durmuşda gündelik ulanýan zatlarymyzyň hem mugtuň bäri ýany bolmagyny üpjün edýär. Çörek, ulag, ýaşaýyş jaý hyzmatlary biziň döwletimizde mugtuň bäri ýany diýsem maňa “ýok” diýen tapylmaz. Benziniň bir litrniň bahasynyň juda arzan bolmagy halk üçin edilýän aladanyň bimöçberdiginden ortaça bir ýarym million aýlyk alýan raýata eýsem bu hyzmatlar mugt dälmi näme? Bu zatlaryň nyrhy dünýä bahasyna çykarylsa, olara gör näçe pul tölemeli, çykdajy etmeli bolar. Bu işler bir tarapdan Beýik Serdarymyzyň sahawatyny aňlatsa beýleki bir tarapdan döwletimiziň ykdysady kuwwatlygyny aňladýar. Ykdysady kuwwaty pes bolan döwlet ýokarda aýdylan çäreleri durmuşa geçirip bilmezdi.