Gadymy Köneürgenç döwleti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mowzuk: Gadymy Köneürgenç döwleti.

M E Ý I L N A M A

1. Kangýuý döwleti.

2. Türkmen ýerleri Afrigitler zamanynda.

Kangýuý ýa-da Kangha patyşalygy Syrderýanyň sähra çöllüklerinden başlap, Orta Aziýanyň belli iki uly derýalarynyň: Amy we Syr derýalarynyň aralygynyň birnäçe ýerlerini eýeläpdir. Horezm, şol sanda Türkmenistanyň häzirki demirgazyk etraplary-Daşhowuz welaýatynyň gadymy ýerleri Kangýuý döwletiniň düzümine giripdir. Bu döwlet gündogarda Fergana, günortada Parfiýa we Baktriýa bilen serhetdeş bolupdyr. Günbatarda öz territorýasyna Horezm we Buhara oazislerini birleşdiripdir.

Hytaý ýazuw çeşmeleriniň maglumatyna görä bu döwlet günortada Ansi (Parfiýa) bilen serhetdeş bolupdyr. Belli taryhçy S. P. Tolstowyň pikirine görä Horezm bilen Kangha ikisi bir ýurt-patyşalyk bolupdyr. Sebäbi bu ýurt gadymy grek-pars ýazuw çeşmelerinde-hä (Horezm) diýlip ýatlanýar, Hytaý çeşmelerinde bolsa “Kangha- Kangýuý-Kanka” diýlip atlandyrylýar.

Kangýuý patyşalygyna degişli galalar – köşkler Orta Aziýada birnäçe ýerde bar. Emma hökümdarlaryň hemişelik köşgi Özbegistanyň Kaşgaderýa sebitlerinde Bitýan gadymy şäheri bolupdyr. Kangýuý döwleti hakynda b.e.öň II asyrda ýaşan Hytaý ilçisi we syýahatçysy Çžan Sýan birnäçe ýazgylar galdyrypdyr. Çžan Sýan Hytaý (Çynmaçyn) patyşasy tarapyndan Orta Aziýa iberilýär. Oňa Hytaý bilen serhetdeş ýaşan gunlaryň garşysyna Orta Aziýa döwletlerinden haraý islemek ýumşy tabşyrylypdyr. Emma ilçi ýolda gunlar tarapyndan ýesir alnyp, 10 ýyl bendilikde oturmaly bolupdyr. Soňra oňa Fergana tarap gaçmaklyk başardýar. Ýany bilen ýola belet bir adamyny alyp, Kangýuý patyşalygyna barýarka, ol ýene-de gunlaryň eline düşýär we täzeden ýene bir ýyl bendilige düşýär. Şeýlelikde Hytaý ilçisi 11 ýyldan soňra öz ýurduna gaýdyp barýar. Emma 126-nly ýylda täzeden Orta Aziýa ilçi edilip iberilýär. Şondan soňra Çžan Sýan Kangýuý döwleti hakynda görüp-eşden zatlaryny ýazypdyr.

Hytaý çeşmeleriniň maglumatyna görä Kangýuýlar 120 müň maşgala, ilaty 600 müň, goşuny 120 müň adam bolupdyr. Eger şol maglumatlar bähtibarly bolsa, her bir maşgala goşun gullugyna bir erkek adam beripdir. Her bir maşgalada orta hasapdan 5 adam bolupdyr.

Bu döwlet özüniň sosial-ykdysady gatnaşyklary, syýasy gurluşy, däp-dessury boýunça köp derejede Kuşanlara çalymdaş bolupdyr. Dilleri türki eken. Kangýuý taýpalary etnegenezi boýunça gazaklar, we uýgurlar bilen garyndaş ekenler. Ýazuw çeşmeleriniň birinde Samarkantdaky Kangýuý hökümdarlary barada gürrüň gidende ol massaget taýpalaryndan, özem türk hanlaryndan biriniň gyzyna öýlenipdir diýilýär.

Kangýuý taýpalarynyň nika we ýas däpleri türkleriňki ýaly bolupdyr, olaryň dilleri türki bolsa-da, dinleri boýunça budparaz bolupdyrlar.

Kangýuý döwletiniň gülläp ösen döwri b.e. öň I asyr bolupdyr. Bu döwürde döwlet öz puly zikge edilipdir. Kangýuý döwleti I asyryň ikinji ýarymynda gunlar bilen soýuz baglanyşypdyrlar we Hytaýa garşy göreşde uly güýje öwrülipdir.

Horezm, Sogd we Daşkent oazisleri Kangýuý patşalygynyň esasy ykdysady ýerleri bolupdyr. Ozalky köp çarwa ilaty oturymly ekerançylyga geçipdirler. Emma şonuň bilen birlikde çarwaçylyk hem dowam edipdir. Oturumly ekerançylyk ilaty bilen çarwalaryň arasynda pugta ykdysady gatnaşyk ýola goýlupdyr. Çarwalar grek ýerinde uruş alyp barmak, ýaragly güýçleri saklamak hukugyny özlerinde galdyrypdyrlar. Şonuň bilen birlikde çarwa ilaty ekerançylara maldarçylyk önümlerini, hünärmentler üçin bolsa deri, ýüň, şah ýaly çig mal beripdirler. Şeýlelikde, şäher ilaty bilen sähra çölünde ýaşan maldarçylyk taýpalarynyň kadaly gatnaşygy emele gelipdir. Bu döwürde köp sanly ilatyň ekerançylyga geçmegi sebäpli ilat san taýdan ep-esli artypdyr. Obalar ulalypdyr we şäherler giňelipdir. Çarwa ilaty bilen oturymlylar arasyndaky ykdysady gatnaşyk şäherlerde senetçiligiň, hünärmentçiligiň we söwdanyň ösmegine amatly şert döredipdir.

Sogdyda demir gurallaryny ýasamak we demir işläp bejermek hünäri artýar. Demir we bürünç pyçaklar giňden ýaýrapdyr. Mermer daşyndan gap-gaçlar, gymmat bahaly daşlardan ownuk bezek zatlaryny ýasamak hünäri artypdyr.

Hünärmentçiligiň, küýzegärçilik görnüşi ösüpdir. Şäherlerde ýörite küýzegärleriň kwartallary bolup, olar içki bazar üçin-de, çarwa ilaty üçin-de zerur bolan önümleri ýasapdyrlar. Alyş-çalyş we söwdanyň ösmegi şäherleriň ýokary göterilmegine amatly şert döredipdir.

Türkmenistanyň demirgazyk etraplarynda Kangýuý döwletiniň we Kangýuý taýpalarynyň ady bilen baglanyşykly ýerler hem-de şol zamanyň maddy medeniýetini häsiýetlendiýän ýadygärlikler bar. Amyderýanyň aşak akymyndaky gadymy kanallaryň biri Kangaderýa ýa-da Tüniderýa diýlip atlandyrylýar. Şol derýanyň boýlarynda oturymly obalar köp bolupdyr. Kangagyr diýlip atlandyrylýan belentlikde “Kanga ýa-da Gaňňagala atly” uly gala bar.

Geçirilen barlag işleri Horezmiň Şasenem, Guýsaý ýerleri Kangýuý zamanynda uzunlygy 50 km. meýdany birleşdiripdir. Çermenýap kanalynyň boýunda Şasenem diýen gadymy şäher, Gallalygyr I we Gallaly II diýlip atlandyrylýan galalar döräpdir. Kangýuý zamanynyň kanallary ondan öňki döwürdäkilere garanyňda dar, 10-15 metr giňligi, emma ozalkylardan has çuň bolupdyr. Suwy tygşytly we ýerlikli peýdalanar ýaly ene ýaplaryň-kanallaryň ugrunda gatlalar gurlupdyr. Täze suwaryş desgalary Könewas, maňňyr kanallary ulanylyp başlaýar. Şeýlelikde, ekarançylygyň ösmegi, hojalygyň rowaçlanmagyna şert döredipdir.

“Kangýuý” sözüniň gelip çykyşy barada dürli pikirler bar. S.P.Tolstowyň tassyklamagyna görä, bu söz parslaryň-täjikleriň “kanal” sözünden gelip çykanmyş. Şoňa görä-de ol ýurt “kanallar ýurdy” diýlip atlandyrylýar. Emma, alymlaryň başga bir topary bu sözüň asyl kökünde “teletin eşikli adam” diýen manylaryň bardygyny belleýärler we Kangýuý ýurdy “telletin eşikli adamlaryň ýurdy” diýmekligi aňladýanlygyny aýdýarlar. Bu “telletin eşik” sözüni uruş wagtynda ok-ýaýdan goranmak üçin ýörite geýim manysynda düşünmeli.

Meselem, gadym zamanlarda urşa gatnaşýan adamlar demir don, sowut geýipdirler. Ýabylara hem demir jul-esbap atypdyrlar. Alymlaryň bir topary “Kangýuý” taýpalarynyň “Sakarauki” taýpalary bilen birdigini ykrar edýärler.

Eger-de “Sakarauki” taýpalarynyň türkmenleriň “sakar” taýpalary bilen baglanyşyklydygyny nazara alsaň, onda kangýuýlary türkmenleriň etnogenezine hem goşantlarynyň bardygy belli bolýar. Diýmek, kangýuýlaryň ata-babalary saklar-sakaraukiler-sakarlar bolupdyr.

Kangýuýlaryň diniň esasy budparazçylykdygyna garamazdan, taýpa konfederasiýasynyň arasynda başga dini ykrar edenleri-de bolupdyr. Mysal üçin Zaroastrizmiň simwoly bolan Güne togap etmek sak massaget taýpalaryna häsiýetli eken. Ýabynyň, oduň hem-de günüň kulty olara-da giň ýaýrapdyr. Şoňa mysal üçin massegetlerde “günden kasam etmek” däbi bar etmek. Umuman aýdylanda, kangýuýlarda döwlet dininden başga-da urug-taýpalar tarapyndan berjaý edilýän dini däp-dessurlar bar eken.

Horezmler zarostrizm dinine uýýan halklaryň biri bolupdyr. Hasyllylygynyň, ekerançylygyň we suwuň hudaýy diýlip Anahita diýlen owadan gyz hasap edilipdir. Anahitanyň maňlaýy altyn egmeli, gulagy teneçirli, boýny monjukly, sugunyň derisinden tikilen baý eşikli keşbi palçykdan ýasalan zatlardan beýan edilipdir. Hozmlileriň öli jaýlaýyş däpleri hem zaroastrizmiň keramatly kitaby “Awestanyň” ündewine laýyk gelýär. Ýagny merhumyň jesedini ýörite edilen meýdançada belli bir wagtlap goýupdyrlar. Onuň etini it-guş iýip, süňki arassalananda, şol süňkleri ýörite palçyk gutulara (ossuarilere) salyp saklapdyrlar.

Beýle edilmeginiň sebäbi zaroastrizm dinine uýanlaryň ynanjyna görä, ýer keramatly, ony arassa saklamaly, eger-de adam jesedini gutusyz ýere jaýlasaň ýeri hapalaýarmyş.

Horezmiň territoriýasyndaky arheologiki ýadygärliklerden içi adam süňkli gutular köp tapyldy.

Afrigitler döwleti barada taryhy maglumatlar juda az. IV asyrda Horezm we şol sanda Türkmenistanyň demirgazyk etraplary Afrig diýen patyşanyň ady bilen baglanyşykly Afrigitler döwletiniň düzümine giripdir. Gündogaryň belli alymy Abu Reýhan Beruni (ХI a) “Horezmliler ýyl hasabyny Afrigden we onuň nesillerinden başlap ýöredipdirler” diýip ýazypdyr.

Bu döwürde Horezmde gul eýeçilik düzgüni pese düşýär hem-de feodalçylyk gatnaşyklarynyň ilkinji alamatlary ýüze çykýar. Afrigitler zamany çarwa taýpalaryň Horezme zor salan, şäherleriň we ençeme oturymly obalaryň weýran bolan döwri bolupdyr. Ykdysady we söwda gatnaşyklary bozulypdyr, kerwen ýollarynda ýöremek howply bolupdyr.

  Näme üçin IV-V asyrlarda Orta Aziýada ykdysady krizisler bolup geçýär?

Onuň sebäbi bu döwür Parfiýa, Baktriýa, Sogda, Margiana we Horezmiň uly merkezi şäherleri ýykylýar, köp sanly halk köpçüliginiň gozgalaňlary, hereketleri bolup geçýär, oturymly ekerançylyk ilatynyň etniki düzüminde düýpli özgerişler bolup geçýär.

VI asyryň ahyrlarynda Amyderýanyň sag kenaryndaky Toprakgala, Eresgala we Dumangala ýaly şäherleriň taşlanmagy çarwalaryň çozuşlary bilen baglanyşykly bolupdyr.

Şeýle galagoply ýagdaýdan penalanmak üçin, diwarlary örän beýik galalar salnypdyr. Şäherleriň sanynyň azalmagy bilen suwarymly ekerançylyk hem pese düşýär. Ýaşaýyş esasan şäherden oba geçip başlaýar. Beýle ýagdaý feodal zamany üçin örän häsiýetlidir. Iri suwaryş kanallarynyň boýunda uly köşk ymaratlary peýda bolupdyr. Şol köşkleriň eýeleri Afrigitler döwletinde aýratyn artykmaç hukuklardan peýdalanýan adamlar bolupdyrlar. Olar daýhanlaryň ekin meýdanlaryna suw goýberilişine gözegçilik edipdirler.

Oba ýerlerinde feodal berkitmesiniň-galasynyň töwereginde daýhan öýleri ýerleşip, olar özbaşdak okrug-rustak döredipdirler. Her bir okrugyň başynda iri ýer eýesi durupdyr. Afrigit urugyndan bolan hökümdar Kät şäherinde Horezm şalaryna degişli bolsa-da, her bir iri ýer eýesi Rustak “syýasy özbaşdaklyga dyrjaşyp, ýurdy baş-başdaklyga we dagynyk ýagdaýa salypdyr.

Afrigitler zamanynda Horezmiň hojalygy esasan ekerançylyga esaslanypdyr. Eger-de V-VI asyrlarda ekerançylyk meýdanlary ep-esli kemelenem bolsa, VII-VIII asyrlarda onuň tersine ekerançylyk giňelipdir. Suwaryş desgalary kämilleşipdir. Ene ýaplar (kanallar) gulçulyk döwründäkilere garanyňda has dar, emma çuň bolupdyr. Suwaryş desgalary birnäçe şahalara bölünipdir. Geçirilen bu çäreler suwy tygşytlamaga, artykmaç zähmet harçlamazlyga amatly şert döredipdir. Däneli ekinlerden arpa, bugdaý, gabykly ekinlerden mäş we noýba, bakja ekinlerden gawun, garpyz, kädi, käşir, hyýar ýaly ekinler ekilipdir. Pagta we künji ýaly tehniki ekinler hem-de erik, şetdaly, garaly, armyt, üzüm we başga miweli agaçlar ösdürülip ýetişdirilipdir.

Bu döwürde, ilatyň esasy köpçüligi ekerançylyk bilen meşgul bolan orta asyr şäherleri döräp başlapdyr. Emma soňabaka bu şäherlerde kem-kemden hünärmentçiler kwartallary peýda bolupdyr.

Afrigitler döwründe Horezmiň ekerançylyk obalary Orta Aziýanyň döwürdeş obalaryndan tapawutlanyp, ol ýerde bir-birine degşip oturan, hatar-hatar ýaşaýyş jaýlary däl-de bir-birinden aralary üzňe aýry-aýry mellekde guralan berkitmeler bolupdyr. Şeýle mellekleriň başynda uly patriarhal maşgala durupdyr.

Şeýlelikde, Afrigitler döwrüniň ahyrlarynda beýik we ykjam berkitmelerde ýaşan baý gatlaklaryň öýlerini we öz mellek ýerlerinde ýaşan ýönekeý ekerançylaryň öýüni daşky görnüşinden saýgarmak bolýar eken.

Gazuw-agtaryş pursadynda Afrigitler döwrüniň ýadygärliklerinden el degirmenleri aýratyn köp duş gelipdir. Ol bolsa hojalykda ekerançylygyň esasy orun tutandygyna şaýatlyk edýär. El degirmeni bilen birlikde mal güýji bilen herekete getirilýän degirmen-haraz hem duş gelýär.

Maldarçylyk hem ilatyň hojalygynda möhüm orun tutupdyr. Amyderýanyň sag kenaryndaky Berkutgala oazisinde arheologik gazuw-agtaryşda tapylan mal süňkleriniň 55-61 prosenti ownuk mala-goýna we geçä degişli bolupdyr. Ikinji ýerde gara mallar – 15-16 prosent durupdyr. Düýäniň, gylýalyň we eşegiň köpeldilip ýetişdirilendigi hakynda hem arheologiki maglumatlar tapyldy. Ol haýwanlar esasan hojalykda işçi güýji we transport serişdesi hökmünde peýdalanylypdyr.

Oba hojalygy bilen birlikde senetçilik we hünärmentçilik belli bir derejede ösüpdir. Mellek ýerlerdäki ýaşaýyş jaýlardan dokmaçylygy häsiýetlendirýän ýüň petdeleri, sapak, ikbaş, mata, geýim we palas bölekleri ýaly zatlar tapylypdyr.

Horezme eftalitleriň aralaşmagy, soňra bolsa VIII asyrda araplaryň gelmegi Afrigit döwletiniň dargamagynda uly rol oýnapdyr.