Mazmuna geçiň

Gadymy Köneürgenç.

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Gadymy Köneürgenç - Köneürgenç topragy türkmen halkynyň we bütindünýäniň deňsiz—taýsyz medeni mirasynyň ajaýyp nusgalaryny özinde jemleýär. Onuň ýadigärliklerini geljekki nesiller üçin gorap saklamak, wagyz etmek, dünýäniň ähli halklarynyň möhüm wezipesidir. Köneürgenjiň dünýä ähmiýetli medeni merkezi, owadan şäheri bolandygy hakynda dürli döwrüň taryhy ýazuw çeşmeleri we dürli maglumatlary habar berýärler. Bu günki gün şol baý geçmiş taryhdan aýry—aýry—gaýtalanmajak sungat hökmünde binagärlik ýadygärlikleri bolup, bize miras galypdyr. Köp taryhy we durmuş kynçylyklaryny başdan geçiren şol gadymy şäheriň taryhy—medeni ýadygärlikleri 2005—nji ýylda ÝUNESKO-nyň “Dünýä mirasynyň sanawyna” girizildi. 2008—nji ýylyň Sentýabr aýynda Türkmenistanda “Nejmeddin Kubra we Gündogaryň ruhy—medeni dünýäsi”, şeýle—de 2010—njy ýylyň Dekabr aýynda Daşoguzda “Köneürgenç türkmen döwleti we Merkezi Aziýa XIII asyryň birinji ýarymynda” atly halkara maslahatlary geçirildi. Maslahatlaryň maksady dünýäniň taryh ylmynyň öňdebaryjy ýörelgelerini nazarda tutmak bilen, Köneürgenç Türkmen döwletiniň taryhyny öwrenmekden, daşary ýurt alymlarynyň tejribesini umumylaşdyrmakdan hem—de şoňa degişli täze çeşmeleri aýan etmekden, arheologik ýadigärlikleri öwrenmekden, rejelemekden we gorap saklamakdan, şeýle hem türkmen halkynyň gadymy, orta asyr, täze we häzirki zaman taryhyny, medeniýetini we halk döredijiligini öwrenmek boýunça geçirilýän ylmy barlaglaryň täze taslamasyny durmuşa ornaşdyrmak bilen baglanyşykly özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdy. Ata—babalarymyzdan miras galan taryhy we medeni ýadigärliklerini giňişleýin öwrenmegiň, olary abat saklamagyň we geljekki nesillere ýetirmegiň, täze tapylan tapyndylaryň we çeşmeleriň dünýä ýaýradylmagynyň wajyp ähmiýeti bardyr. Ürgenç gadymy Horezm döwletiniň paýtagty hökmünde—de, öz ösen medeniýetini, ylmy, sungaty bilen—de has irki döwürlerden bäri meşhurlyk gazanyp gelipdir. Dürli sebäplere görä paýtagt bu ýerden göçürilýär. Başga ýerden (häzirki Horezmde) täze şäher salnyp, oňa hem Ürgenç diýip at goýýarlar. Ilki Ürgenç bolansoň, muňa “öňki, gadymy” manysynda “Köneürgenç” diýip at goýupdyrlar. Bu ýerde hem her bir ýadygärligiň, her bir depäniň uly taryhy, gyzykly rowaýatlary bardyr. Hytaý taryhçylarynyň işlerinde Köneürgenç şol döwrüň uly ylmy we ykdysady merkezi bolupdyr diýip tassykalýar. Abu Reýhan Biruny X asyrda şäherde uly kitaphananyň bolandygy barada ýazgy galdyrypdyr. Köneürgenç meşhur “Mamunyň akademiýasy” hem hereket edipdir. Onuň döredilmegi matematikleriň we astronomlaryň ösen mekdebiniň peýda bolmagyna, Köneürgenjiň halkara ähmiýetli söwda merkezine öwrülmegine amatly şert döredipdir. “Akademiýanyň” döredilmegine gadymy Horezm medeniýetiniň arap dili, yslam ylmy we medeniýeti bilen baglanyşykly bolmagy sebäp bolupdyr. Horezm şasy Allaeddin Tekeş ibn Il—Arslan şol döwrüň iň uly hasaplanýan, tapylmaýan kitaplary özinde saklaýan kitaphanany döredýär. Ymam Şihabeddin Hiwaki XII asyryň ahyrlarynda—XIII asyryň başlarynda Köneürgenç türkmen döwletiniň diňe bir öňdebaryjy iş dolandyryjy bolman, ol meşhur alym hökmünde—de tanalypdyr. Ol Köneürgenjiň baş medresesinde okan döwründe deňi—taýy bolmadyk kitaphanany gurdurypdyr. Käbir taryhy çeşmelere görä, ymam Şihabeddin Hiwakiniň ady—1145-nji ýylda Köneürgençde doglan, sopuçylyk taglymatynyň Kubraçylar mekdebini esaslandyryjy Ahmet Ibn Omar Abuljennap Nejmeddin Kubra al—Hiwakiniň ady bilen baglanyşyklydyr. Şahyr hem alym Nejmeddin Kubranyň ylymda mälim bolan we nusgalary şu güne çenli saklanyp galan 30—dan gowrak arap hem pars dillerinde ýazan eserleriniň bardygy anyklandy. Onuň 44 bölümden ybarat romanynyň we ýazan rubagylaryndan 80-e golaýynyň saklanyp galandygyny Nejmeddin Kubranyň edebi döredijiligi bilen gyzyklanýan alymlar ýazýarlar. Şu mysallardan görnüşi ýaly, Nejmeddin Kubranyň edebi döredijiliginiň bir bölegi bolan rubagylary özüniň çeperligi hem çuň manylylygy bilen tapawutlanýar. Bu nusgalar beýik şeýhiň ruhy dünýäsiniň öwüşginleri bolup durýanlygy üçinem gymmatlydyr. “Diniň uly Ýyldyzy” diýlip atlandyrylan beýik ynsan Nejmeddin Kubra, diňe bir sopuçylyk tarykatyny esaslandyryjy, hakykatyň kämil teoretigi we praktigi, ezber şahyr , alym, filosof bolman, eýsem türkmeniň hakyky milli gahrymany, arslan ýürekli perzendi we deňsiz—taýsyz watançy oglydyr.

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniň Halkara Gatnaşyklar hünäriniň 2—nji ýyl talyby Aganýazow Allanur.