Gadymy şäher.
Appearance
Gadymy şäher.
Ýakynda Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary gadymy Sarahs şäherinde syýahatda boldular. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe "Köne Sarahs" taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň işgärleri taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap, olary aýawly saklamakda uly iş bitirýärler. Goraghananyň gorag bölüminiň müdiri Begmyrat Gandymow gezelenje baranlary gadymy şähere aýlap, gyzykly gürrüňler berdi. Syýahatçylar gadymy Sarahs galasynda, Abul Fazl aramhanasynda, Ýartygümmez kümmetinde we beýleki arhitektura we arheologik ýadygärliklerde bolup gördüler. Köne Sarahs şäheriniň gülläp ösen döwründe onuň töwereginde köp sanly obadyr-şäherler bolupdyr. Olaryň biri hem ýerli ilat tarapyndan häzir Guýrukly atlandyrylýan arheologik ýadygärligidir. Ol häzirki zaman Sarahs şäherinden 10 km demirgazykda ýerleşýär. Onuň umumy tutýan meýdany 50 ga barabardyr. Ýadygärlik esasan iki bölekden ybarat bolup, birbitewi gadymy şäher ulgamyny emele getirýär. Olary alymlar Guýrukly depe we Guýrukly şäheri diýip atlandyrýarlar. Guýrukly depe şäheriň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär. Depäniň ini 130 metre, boýy 160 metre barabar. Beýikligi 12,6 metr. Onuň eňňitleri kert. Alymlaryň pikiriçe, ol parfiýa we sasany döwrüne degişli köşk-galadyr. Galanyň girelgesi demirgazykda. Her diwarynyň uzynlygy 120 metr bolan bu galanyň diwarlarynyň burçlary dünýäniň dört çüňküne ugurdaş salnypdyr. Onuň günorta burçunda erkgalanyň galyndysy mese-mälim bildirýär. Alym O.Orazowyň ýolbaşçylygynda geçirilen ylmy-gözleg işleriniň dowamynda bu depeden köp sanly giçki parfiýa we irki sasany döwürlerine degişli keramiki önümleriň bölekleri tapyldy. Alymlaryň kesgitlemegine görä, bu ýerde orta asyrlarda Halbarzan obasy ýerleşipdir. Obanyň düýbi Parfiýa (b.e. ozalky III аs. ortasy - b.e. III аs. оrtasy) döwründe tutulypdyr. Onda ýaşaýyş Sasanylar (b.e. III аs. - VII аs. оrtasy) zamanynda hem dowam edipdir. VII asyryň ahyrlarynda araplar Sarahs ýaýlasyna gelenlerinden soňra bu galada ýaşaýyş kesilipdir. Wagtyň geçmegi bilen taşlanan galanyň günorta tarapynda oba döräp, ulalyp, ol orta asyr taryhçysy as-Samanynyň Halbarzan diýip atlandyran obasyna we soňra şähere öwrülipdir. Guýrukly şäherjigini günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara gidýän esasy köçe iki bölege bölýär. Ol keseligine geçýän köçeler bilen mähellelere (kwartal) bölünýär. Guýylaryň, howlulylaryň, kerwensaraýlaryň galyndylary mese-mälim bildirip dur. Halbarzanyň günbatarynda senetçileriň mähellesi ýerleşipdir. Bu ýerden küýze bişirlýän peçleriň, zaýa bolan gap-gaçlaryň, humlaryň galyndylary tapyldy. Şäheriň demirgazygynda ölçegi 80х60 metr, beýikligi 2 metr bolan kerwensaraýyň harabalygy saklanyp galypdyr. Ýadygärligiň demirgazyk-gündogar çetinde ХХ asyryň 70-nji ýyllarynda ýerli ilat tarapyndan ulanylan ini 2 metre barabar bolan gadymy guýy bar. Ýerli ilat tarapyndan Herdeki atlandyrylýan ýap ýadygärligiň gündogaryndan akyp geçýär. Kem-kem ösüp, şähere öwrülen bu oturymly ýer IX-XII asyrlarda Sarahs ýaýlasynyň medeni çäklerinde ýerleşmek bilen Beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky wajyp ähmiýetli kerwen duralgasy bolupdyr. Ol barada merwli taryhçy as-Samany (1113-1167 ý.ý.) „Kitab al ansab“ („Tanymal nebereleriň asly barada“) atly işinde şeýle ýazypdyr: "Halbarzan Sarahsyň obalarynyň biri bolup, ol ondan bir farsah uzaklykda ýerleşýär. Men ol ýerde öz obamyz - az-Zindajana barýarkam we ondan gelýärkäm birnäçe gezek boldum". Şäheriň gülläp ösen döwri VII-XIII asyrlardyr. Onda köpsanly guýylar, uly howluly desgalar, kerwensaraýlar bolupdyr. Şäheriň esasy mähelleleri keramiki turbalar arkaly suw bilen üpjün edilipdir diýip çaklamak mümkin. Sebäbi ol ýerde gazuw-agtaryş işleri geçirilende diametri 11 sm bolan keramiki suw turbalarynyň birnäçesi tapyldy. Şäheriň günbatar tarapynda hünärmentçileriň kwartallary ýerleşipdir. Ussalar nepis bejerilen dürli aýna, demir we külalçylyk önümlerini ýasamagy başarypdyrlar. Mongol basybalyşlary Halbarzanyň ilaty üçin uly kynçylyklary doredipdir. Sebäbi şäheriň üstünden geçýän söwda kerwenleriniň gatnawy kesilipdir. Bu bolsa şäher ykdysadyýetiniň pese düşmegine, ilatyň ýuwaş-ýuwaşdan bu ýerden göçüp gitmegine sebäp bolupdyr. Şeýlelikde bir wagtlar gür ilatly Halbarzan wagtyň geçmegi bilen boşap, harabaçylyga öwrülip galypdyr. Geçirilen barlaglar XIV asyryň ikinji ýarymynda bu ýerde ýaşaýşyň ýene-de janlanyp ugranlygyna şaýatlyk edýär. Sebäbi kerwensaraýlaryň käbirlerinde dikeldiş işleri geçirilipdir, külalçylyk önümçiligi ýene-de ýola goýlupdyr. Ýöne bu ykdysady we medeni ösüş öňki derejesine ýetip bilmändir. XV asyryň başlarynda näbelli sebäplere görä bu oturumly ýer taşlanyp gidilipdir, bu ýerdäki ymaratlar bolsa kem-kemden harabalyga öwrülip galypdyr. Ýadygärlikde 1953-57-nji ýyllarda K.Adykowyň, 1964-70-nji ýyllarda Ö.Orazowyň, 2010-12-nji ýyllarda B.Kaimiň ýolbaşçylygynda ylmy-barlag işleri alnyp baryldy. Olaryň dowamynda asman reňkli syrça bilen syrçalanan keramiki gap-çanaklar, açyk ýaşyl we açyk dury sary reňkli mejimeler, sokynyň aýnadan ýasalan sapy, bürünçden ýasalan çyra, dürli ölçegdäki gazanlaryň keramiki gapaklary, beýikligi 1,2 metr, ini 0,8 metr bolan uly hum we beýleki gadymy zatlar tapyldy.