GOŞA TÜMMEKLI BALDAJYK

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Baldajyklar ýa-da taýajyklar otrýady Lonhodidler maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi III (VU). Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Köp görnüşden ybarat bolan urugyň bir görnüşi. Gysgaça beýany. Bedeni baldajyk (taýajyk) görnüşli, ýylmanak. Kellesi şar görnüşli, gözleriniň arasy goşa tümmejikli. Bedeni çal reňkli. Bedeniň uzynlygy erkekleriniňki 52–65, urkaçylarynyňky 62– 80 mm. Ýaýraýşy. Köpetdagyň etekleri. Türkmenistandan daşarda- Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan. Ýaşaýan ýerleri. Dürlotly we ýarymgyrymsy agaçly ösümlik örtügi. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Az sanly görnüş. 1965‑nji ýylyň iýunynda Gökdepäniň golaýynda 3 sagatlyk meýdan gözegçilikleriniň dowamynda 4 sany, 1976‑njy ýylyň iýunynda Däneata çeşmesiniň (Kürendag) ýanynda 3, 2009‑njy ýylyň iýunynda Merkezi Köpetdagyň eteklerinde (Giňdiwar jülgesi) dürli otlarda 2 sany goşa tümmekli baldajyk hasaba alyndy. Esasy çaklendiriji sebäpler. Mesgen tutan ýerleriniň özleşdirilmegi, mal bakylmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Ýylda bir gezek nesil berýär. Liçinka ýa-da ýumurtga ösüş döwründe gyşlaýar. Ýumurtgalaryny topraga ýeke-ýekeden taşlaýar. Ösümlik bilen iýmitlenýär. Alagaraňkyda we gijelerine hereketjeň bolýar. Köpeldilişi. Iş geçirilmedi. Gorag üçin geçirilen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Köpetdag döwlet goraghanasynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Ýaşaýan mesgenleriniň goralyşyny güýçlendirmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Köpetdagyň eteklerinde biologiýasynyň we ekologiýasynyň aýratynlyklaryny, populýasiýasynyň sanyny öwrenmeli. Düzüji: E. O. Kokanowa