GARAMTYL GANATLY UZYNMURT ÇEKIRTGE

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Göni ganatlylar otrýady Hakyky uzynmurt çekirtgeler maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi III (VU). Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Bir görnüşden ybarat bolan turan urugyna degişli. Gadymdan galan görnüş. Türkmenistanda C. f. fuscipennis Uvarow, 1910 ilkinji beýanly asaky görnüşi duş gelýär. Merkezi Aziýanyň endemigi. Gysgaça beýany. Iri çekirtge, onuň güýçli ösen ganat üstleri garamtyl ýa-da açyk reňkli tegmilli. Ganatlary çalymtyl-sary. Bedeniniň reňki çalymtyl-sary ýa-da goňur. Göwresiniň uzynlygy erkekleriniňki — 33–40, urkaçylarynyňky 35– 42 mm. Ýaýraýşy. Krasnowodsk belent tekizligi, Jebel demir ýol duralgasynyň günortagündogary. Türkmenistandan daşarda — Gazagystan, ýaýrawynyň gündogarynda — Inder kölüne çenli, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan. Ýaşaýan ýerleri. Baýyrlaryň arasyndaky ýowşanly peslikler. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Seýrek duşýar. Esasy çaklendiriji sebäpler. Ýaşaýan ýerlerinde çendenaşa köp mal bakylmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Ýeterlik öwrenilmedik. Ösümlik düýpleriniň arasynda (tamnobiont) ýaşaýar. Ganatly erkek çekirtgeler maýyň ahyrynda, ýetişen ýumurtgaly urkaçylary bolsa iýunda duş gelýär. Köpeldilişi. Iş geçirilmedi. Gorag üçin geçirilen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Gorag üçin zerur çäreler. Ýaşaýan ýerlerinde çäkli goraghanalary we beýleki goralýan ýerleri döretmek. Barlaglar boýunça teklipler. Uly Balkanyň demirgazyk-günbatar böleginde ýaşaýan populýasiýasynyň ekologiýasyny öwrenmeli. Düzüji: E. O. Kokanowa