GADYMY DERÝA ARALYGYNYŇ ŞUMER WE AKKAD DÖWLETLERI

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

MOWZUK:GADYMY DERÝA ARALYGYNYŇ ŞUMER WE AKKAD DÖWLETLERI.

Meýilnama:

I-umumy okuw

1.Gadymy derýaaralygynyň taryhynyň çeşmeleri we taryhnamasy.

2.Tebigaty we ilaty.

3.Döwletleriň döremegi.

1.Gadymy Mesopotamiýanyň gadymy taryhynyň esasy çeşmeleri maddy medeniýetiň ýady- gärlikleri,ýazuw resminamalary,edebi eserler we gadymy awtorlaryň işleridir.

B.e.öň III-I müňýyllyklara degişli maddy medeniýetiň ýadygärlikleri Mesopotamiýanyň Eredu, Ur, Uruk, Lagaş, Nippur, Larsa, Eşnun, Mari, Aşşur, Ninewiýa, Wawilon we beýleki gady- my şäherlerini gazyp agtaran wagtlarynda ýüze çykaryldy.Olaryň harabalyklarynda basgan- çakly minaralar-zikkuratlar,patyşa köşkleri,äpet ybadathanalar,ýaşaýyş we hojalyk jaýlary, mekdepler,gabrystanlyklar,sungat eserleri,durmuşda ulanylýan zatlar tapyldy.Ýazuw ýady- gärlikleri b.e.öň IV-III müňýyllyklaryň sepgitlerinde ýüze çykypdyr.Olaryň hojalyk,ýuridiki, diplomatik resminamalar,ýyl ýazgylary ýaly görnüşleri bar.

Iň gadymy hojalyk resminamalarynyň iň gadymylary (b.e.öň III müňýyllyk) Uruk we Jem- det-Nasrdan tapylyp,olaryň sany 1000-den gowrakdyr.Soňky döwürlere degişli başga-da en- çeme toýun kerpiçjikler tapyldy.

Ýuridiki resminamalaryň iň ulusy Suzy şäherinden tapylan Hammurapiniň kanunlar ýy- gyndysy bolup,ol 282 maddadan ybaratdyr.

Kanunlar ýygyndylary barlagçylara ykdysadyýeti,durmuş gatnaşyklaryny,maşgalanyň dü- zümini,syýasy gurluşy,hukuk kadalaryny we kazyýet işini,dini garaýyşlary öwrenmäge müm- kinçilik döredýärler.

Diplomatik resminamalaryň iň gadymylary iki sany toýun silindrde biziň döwrümize gelip ýetipdir.Onda b.e.öň XXIV asyra degişli Lagaş bilen Ummanyň arasyndaky serhet dawasy barada ýazylypdyr.B.e.öň XXIII asyrda akkad patyşasy Naram-Suen bilen bir Elam patyşasy- nyň arasynda baglaşylan şertnama biziň döwrümize gelip ýetipdir.

B.e.öň II müňýyllygyň başlaryna degişli diplomatik arhiwde dürli döwletleriň hökümdarla- rynyň we döwlet işgärleriniň alşan hatlary,baglaşan şertnamalary,alşan sowgatlary,jansyzlaryň habarlary we gizlin maglumatlary barada maglumatlar berilýär.Bulardan başga-da birnäçe diplomatiýa degişli ýazuw ýadygärlikleriniň häzirki wagta çenli üsti açyldy.

Häzirki wagtda taryhy mazmunly ýazgylaryň ençemesi tapyldy.Hakyky taryhy işler giçkiräk döwürde peýda bolupdyr.B.e.öň IV-III asyrlarda Wawilonda Marduk hudaýynyň žresi Beros üç bölümden ybarat “Wawilon we haldeý taryhyny” “tupan” döwründen Aleksandr Makedonskiniň ölümine çenli aralygynda ýazypdyr.

Mesopotamiýanyň taryhyna degişli taryhy çeşmeler Gadymy Gündogaryň beýleki ýurtlaryndan hem tapylýar. Gerodotyň, Ktesiniň, Diodoryň, Ksenofontyň, Strabonyň, Iosif Flawiniň, Pampeý Troguň işlerinde hem derýaaralygynyň taryhyna degişli maglumatlar bar.

Mesopotamiýa we Eýrana ilkinji ylmy syýahatlar XVIII asyrda K.Nibur (daniýaly alym) tarapyndan edildi.Ol Persepol köşgünden şina şekilli ýazgylaryň göçürmesini Ýewropa getir- di.Bu ýazgylary okamaklyga nemes mugallymy G.Grotefend başlady.Ol 39 belginiň 10-ny öwrendi we ýazgynyň gadymy pars,akkad,elam dillerindedigini anyklady.Şina şekilli ýazgyny okamaga iňlis ofiseri we diplomaty G.Ranlinson uly goşant etdi.Ol Behistun ýazgylarynyň 600 belgisinden 250-ni anyklady.XIX asyryň 90-njy ýyllarynda nemes alymy F.Deliç akkad diliniň ýazuw düzgünini we sözlügini döretdi.

Ýakyn Gündogaryň gadymy halklaryny öwrenýän assirologiýa ylmy hem döredi.

Şina şekilli hatyň ilkibaşdaky görnüşi bolan şumer haty XX asyryň başynda F.Týuro-Danžen,A.Pebel, A.Daýmel, A.Falkensteýin tarapyndan öwrenildi.Şumer hatynyň öň ýanyndaky piktografiýa öwrenilmegini dowam edýär.

Mesopotamiýa arheologiki gözlegler XIXasyryň ortasynda başlandy.1842-nji ýylda fran- suz diplomaty E.P.Botta Guýunjyk depesini gazyp başlaýar.Ol bu ýeri gazmagy netijesiz ha- saplap,1843-nji ýylda Horsabad obasynyň ýanynda gazuw-agtaryş işlerini geçirýär we Sar- gon II-niň rezidensiýasynyň üstüni açýar.1845-1847-nji ýyllarda iňlis diplomaty G.A.Leýýard Nimrud depesinden assiriýanyň Kalhu şäheriniň we patyşa köşgüniň üstüni açýar.Soňra ol Bottany taşlap gaýdan ýerinden Ninewiýanyň harabalyklaryny,patyşa Sinahkeribiň köş- güni tapýar.Ol ýerde onuň agtygy Assurbanapalyň kitaphanasy hem tapylýar.XIX asyryň II ýarymynda iňlis ekspedisiýalary Uruk,Ur,Larsa,Eredu ýaly şumer şäherlerini tapdylar.

XIX asyryň açyşlary Ýewropa ylmy jemgiýetini haýran galdyrypdyr.

2.Demirgazyk Ermeni daglarynda günortada pars aýlawyna çenli,gündogarda Eýran daglaryndan,günbatar Siriýa,Mesopatamiýa ýa-da derýaaralygy diýilýär.Häzir bu ýer esasan Yrak respublikasyna degişli.Tigr we Ýefrat derýalary Ermeni daglardan baş alyp,pars aýlawyna guýýarlar.Gadymy döwürde guýan ýerleri aýry bolup,soňra birleşipdir we bir deňizine guýýar.Birleşip akýan ýerine bolsa Şat-elarat diýipdirler.Derýaaralygynyň topragy mol hasyly bolupdyr.

XX asyrda Derýaaralygynyň taryhy ylmy esasda has-da çuňňur öwrenilýär.

3.Mesopotamiýanyň ilaty mezolit we neolit döwründe Tigriň we Ýefratyň golaýyndaky daglyklarda ýaşapdyrlar.B.e.öň VII ahyrynda-VI müňýyllykda ekerançylar we maldarlar jülgä düşýärler.B.e.öň VI müňýyllykda Demirgazyk Derýaaralygy özleşdirilýär.B.e.öň V müňýyllykda olar günorta süýşüp ugraýarlar.B.e.öň V müňýyllygyň ahyrlarynda-IV müňýyllygyň başlarynda Günorta Mesopotamiýada täze etniki tolkun-şumer taýpalary peýda bolýarlar, olar öňde ýaşaýan ilat bilen garyşýarlar.Döwletleriň döremegi,şumer medeniýetiniň esasla- rynyň emele gelmegi b.e.öň IV müňýyllygyň II ýarymyna degişli bolan uruk medeniýeti bilen baglanyşyklydyr.Piktografik ýazuwyň döremegi siwilizasiýanyň döremeginiň alamatydyr.

B.e.öň III müňýyllykda Derýaaralygynda dürli dillerde gürleýän köp sanly halklar ýaşap- dyrlar.Günortada-şumerler,Tigr we Ýefratyň orta akymlarynda-akkadlar,demirgazykda-hur- ritler ýaşapdyrlar.Dürli ýerlerden kiçiräk obalardan iri şäher merkezleri emele gelipdir (Aş- şur,Mari,Ninewiýa…)Ýöne Derýaaralygynyň taryhynda şumer şäher döwletler:Eredu,Ur, Larsa,Uruk,Lagaç,Umma,Şuruppak,Issin,Nippur,Kiş esasy ähmiýete eýe bolupdyrlar.Bu ýerlerde irki nesilşalyklar döwri bolup,b.e.öň XXVIII-XXIV asyrlary öz içine alýar.

B.e.öň III müňýyllykda Şumeriň ykdysady ýokary göterilişi metalyň ulanylmagy bilen oba hojalygynyň has-da ösmegi arkaly mümkin bolupdyr.Şol döwürde hünärmentçilik ösüpdir. Hünärmentçilikden söwda bölünip aýrylypdyr.Söwdagärlere-tamkarlar diýipdirler.Gullar, esasan uruşlar netijesinde köpelipdir.Gullara “keseki ýurduň erkegi(ýa-da aýaly)” diýipdir- ler.Bir ybadathanada 100-200 gul bolupdyr.

Irki nesilşalyklar döwründe şäher-döwletiň baştutanyna “en” diýlip,ol ýokary ruhana (žres) ýa-da aýal ruhany bolupdyr.Köplenç onuň öňüne “Lugal” şöz goşulyp “uly adam, jenap,patyşa manysyny aňladypdyr.Soňrak şumer-şäher döwletleriniň hökümdarlaryna “ensi” ýa-da “lugal” diýipdirler.Ol “žres-gujury” diýen manyny aňladypdyr.Irki şumer döwletleri uly bolmandyrlar.Adatça olar bir sany iri şäherden we onuň goňşy obalaryndan durupdyr.

Şumerler iň gadymy şäher diýip günortadaky Eredu şäherini hasap edipdirler.Rowaýata görä şumerliler bu ýere Tilmun (häzirki Bahreýn) adasyndan göçüp gelipdirler.Iň gadymy dokumentlerde Eredu bilen bir hatarda demirgazykdaky sippar we günortadaky şuruppak şäherleri hem agzalýar.

Irli nesilşalyklar döwründe şäher-döwletleriň kiçi bolmagy ykdysady ösüşiň pesligi se- bäpli ykdysady aragatnaşyklaryň zerurlygynyň bolmanlygy,gullaryň sanynyň azlygy,güýçli daşarky duşmanlaryň ýoklugy bilen düşündirilýär.

Ýöne şäher-döwletleriň arasynda syýasy agalyk ugrunda gazaply göreş gidipdir.

II umumy okuw.

4. Akkadyň Şuweri boýun egdirmegi.

5. Gutileriň çozuşy.

6. Uruş III nesilşalygy.

4. B.e.öň III müňýyllykdaky Şumeriň taryhyny irki nesilşalyk döwrüni emele getirýän üç bölege bölünýärler.

I döwür b.e.ön XXVIII-XXVII asyrlary öz içine alyp, oňa I Kiş nesilşalygynyň dolandyran Kiş şäheriniň ýokary döredilmegi degişlidir. Şol hökümdarlaryň içinde şumer mifleriniň biriniň gahrymany Etana hem bolupdyr. Rowaýata görä, ol bürgüde münüp asmana çykypdyr we ol ýerden “dünýä iniş otuny” alypdyr. Şeýdip ol Şumerde “patyşalygyň” başlangyjyny goýupdyr. Kişiň kuwwaty baradaky şöhrat ýokary bolnsoň, köp hökümdarlar “Kişiň lugaly” adyny almaga çalşypdyrlar. Bu döwrüň ahyrlarynda Uruk şäher-döwleti ýokary göterilip başlaýar. Onuň ilkinji hökümdarlarynyň arasynda mifiki gahrymanlaryň häsiýetine eýe bolan Enmerkar we Lugalbanda agzalýar. “Enmerkar we Arattanyň baş ruhanysy” diýen poemada Şumer bilen gündogardaky daglyk ýurt bolan Arattanyň arasyndaky gatnaşyklar barada maglumat berilýär. Şumerden mal we däne äkidipdirler. Arattadan bolsa gurluşyk daşy, agaç, metal (altyn, kümüş, bürünç, gurşun) we lazurit getiripdirler.

Irki nesilşalyklar döwrüniň ilkinji eýýamy b.e.öňki XXVII-XXVI asyrlary öz içine alyp, Kişiň gowşamagy bilen başlanypdyr. Kişiň pese ölüşmeginden peýdalanyp, Urukyň hökümdary legendar Gilhames Kişiň patyşasy bilen uruşýar we öz ýurdunyň garaşsyzlygyny gazanýar. Irki nesilşalyklar döwrüniň üçünji eýýamy b.e.öň XXV-XXIV asyrlary öz içine alyp, oňa birleşmeklige bolan meýliň has güýçlenmegi mahsusdyr. Onuň sebäbi bütin Şumerde suwaryş desgalarynyň gurulmagynyň zerurlygy, üstünlikli uruşlar alyp barmak, ýurdy daglyk we sähralyk taýpalaryň çozuşlaryndan goramak ýaly meseleler bilen baglanyşyklydyr.

Şäherleriň arasyndaky gazaply göreşde I nesilşalyk tarapyndan dolandyrylýan Ur öňe saýlanypdyr. I nesilşalygyň kuwwatly bolandygyna olarynýlan zatlar şaýatlyk edýärler. “Patyşa guburlaryny” köplenç “ölüm şahtasy” diýip atlandyrypdyrlar, sebäbi olarda onlarça çurban berlen arabakeşler, urşujylar, emeldarlar, hyzmatkärler hem jaýlanypdyr.

B.e.ön XXV asyrda Ur agalyk ediji ýagdaýy Zagaşa bermeli bolýar. Zagaşyň gülläp ösen wagty Eanatumyň döwründe bolupdyr. Ol bütin Şumeri diýen ýaly boýun egdiripdir. Goňşy Elamy ýeňipdir. Umma garşy gazanan ýeňşine bagyşlap, daşyň ýüzünde ýadygärlik uruş sahnalaryny şekillendiripdirler. Ýeňiş ýazgysynda duşmanyň 3600-siniň öjdürilendigi habart berilýär. Ummada ýaraşyk şertlerini we araçäkeri görkezýän iň gadymy şertnama tapyldy.

B.e.öň XXIV asyrda Lagaşda döwlet agdarylyşygy bolýar. “Ensi” Lugalýandanyň ýerine onuň garyndaşy Uruinimgina geçipdir. Ony žresler we urug han-begleri tagta çykarypdyrlar. Uruinimgina (2318-2312) olara bähbitli özgerdişler geçiripdir. Uruinimgina “lugal” derejesini kabul edipdir. Şol bir wagtda Umma güýçlenip, Lugalzagesi döwründe bütin Şumere häkimiýetini ýaýradypdyr. Onuň ýörişi netijesinde Lagaş tozupdyr. Lugalzagesi çärýek asyrlap ýurdy birleşdirip saklapdyr. Ýöne has güýçli Akkad patyşalygy ony ýykypdyr.

Akkad patyşalygyny Sargon (Şarrum-ken) esaslandyrýar. Ol Kiş, Upi-Akşak we beýleki şäherleri basyp alyp, “Kişiň lugaly”, “Ýurduň lugaly”, diýen derejeleri kabul edýär. Ol Tigr we Ýewfrat derýalarynyň arasynda täze paýtagt gurdurýar we ony, soň bütin ýurdy Akkad diýip atlandyrýar. 34 ýeňişden soň Sargon gylyjyny Pars aýlagynyň suwunda ýuwupdyr. Ol Lugalzagesi bilen hem urşupdyr. 50 hökümdary ýeňipdir. Şumerden soň Aman we Tawr dag gerişlerine çenli, soň Subartu (D.g. Mesopotamiýa) ýurdy boýun egdirýär. Sargonyň dolandyran 55 ýylynyň içinde bütin Derýaaralygy bir döwlete birleşdirilýär. Bitewi merkezleşen döwletiň döremegi netijesinde iri suwaryş desgalarynyň ulgamy, ýollar, gämi duralgalary gurulýar, döwletde deňiz, derýa we guryýer arkaly Pars aýlagy, Hindistan, günbatar sähralaryň çarwalary (Elawyň daglylary) bilen söwda gatnaşyklary ösýär. Sargonyň dolndyran soňky ýyllarynda urug ýaşulularynyň närazylygy döräpdir, goşunda topalaň tutupdyr, Subartu, Wawilon we käbir beýleki şäherler bölünip aýrylypdyr. Onuň ogly Rimiň baş göteren häkimlere garşy 3 gezek ýöriş edipdir. Ýöne Rimiň hem ondan soň häkimiýete eýe bolan dogany Maniştuşu hem öldürilipdir.

B.e.öň 2236-2200-nji ýyllarda Akkadda Naram-Suen patyşalyk edýär. Ol öňki “ensileriň” ýerine öz ogullaryndan belläpdir. Ol we onuň ogullary ybadathanalar saldyrýarlar, ybadathana agzalarynbyň hataryna girýärler. Ruhanylara ýeňillikler beryärler. Ruhany – žresler Naram-Sueni “Akkadyň hudaýy” diýip yglan edýärler.

Naran-Suen üstünlikli daşary syýasat ýöredýär. Ol demirgazyk – günbatarda – Ebla, demirgazykda – Subartu, gündogarda – Elam, Zagros daglarynda lullubeýleri ýeňýär. “Dünýäniň dört ýurdunyň patyşasy” diýen derejäni alýar.

Ýöne onuň dolandyran soňky ýyllarynda ýardam ýaramazlaşýar. Derýaaralygyna daglyk taýpalar bolan kutiler çozýarlar. Akkad patyşalygy günbatadan gelen çarwalardan, gündogardan gelen elamlardan zordan goranypdyr.

5. Kutileriň çozuşy netijesinde Akkad patyşalygy pese düşýär. Netijede şumer şäherleri öz garaşsyzlygyny dikeltmäge çalşypdyrlar. Kutiler Derýaaralygyny öz bellän häkimleriniň we şumerlerden hem akkadlardan bolan harby serkerdeleriň kömegi bilen dolandyryp, özleri öz ýurdunyň çäklerinde ýaşanyny hem görmändir. Şolaryň birem b.e.öň XXII asyrda Şumeri 20 ýyl dolandyran Zagaşyň “ensisi” Gudea bolan. Ol Lagaşda ybadathanalar, suwaryş desgalaryny gurdurýar, söwda gatnaşyklaryny ösdürýär.

Kutiler Derýaaralygynda 100 ýyla golaý höküm sürüpdirler. Olara garşy Ur şäheriniň goldamagynda ýönekeý balykçy Utuhengalyň häkimiýet başyna gelen Uruk şäheri garşylyk görkezip başlaýar. B.e.öň 2109-njy ýylda kutiler Utuhenkal tarapyndan kowlup çykarylýar. Ýöne ol tiz aradan çykýar we Mesopotamiýada häkimiýet Uruň patyşasy Ur-Nammunyň eline geçýär. Ol Uruň ady belli III nesilşalygyny esaslandyryp, birleşen Şumer-Akkad patyşalygyny (b.e.öň XXII – XX asyryň başlary) dolandyrýar.

6. Uruň III nesilşalygynyň dolandyran 100 ýyldan gowrak wagtynyň içinde Şumer-Akkad patyşalygynda suwaryş ulgamy dikeldilip, täze kanallar gurulýar. Patyşa we ybadathana ýerlerinde uly möçberlerde ekerançylyk we maldarçylyk hojalyklary gurnalýar, hünärmentçilik, daşary söwda ösýär, ýurtda ölçeg we agyrlyk birlikleri birmeňzeş edilýär.

Urda patyşa ýerleriniň dürli görnüşleri bolupdyr. Onuň bir bölegi patyşanyň öz ýeri bolup, ony guluň ýagdaýyndaky “guruşlar” (“molodsy”) işläp bejeripdirler. Beýleki bir bölegini ybadathanalar peýdalanypdyr, üçnji bölegi bolsa administratiw we ybadathana işgärlerine, urşujylara berlipdir. bulardan başga-da jemagat we hususy ýerler hem bolupdyr.

B.e.öňki III müňýyllygyň ahyrlarynda uruşlaryň köp bolmagy netijesinde ownuk öndürijiler tozupdyrlar. Gullaryň sany artypdyr. Guluň bahasy 9-10 sikl bolupdyr. Gyrnak ondan 2-3 esse arzan ekeni. Olary, esasan, dokma, egirme, piwo gaýnadylýan, un üwelýän ussahanalarda peýdalanypdyrlar. Hususy eýeçilikdäki gullaryň ýagdaýy biraz gowy eken. Olaryň biraz emlägi, maşgalasy, töleg töläp erkinlige çykmaga käbir işler boýunça kazyýete ýüz tutmaga hukugy bolupdyr. Öz taýpadaş guluňy ýurtdan daşary ýere satmak gadagan ekeni.

Şumer-Akkad patyşalygynyň döwlet gurluşy Uruň III nesilşalygynyň döwründe gündogar despotiýasynyň gutarnykly görnüşine eýe bolupdyr. Döwletiň başýnda “Uruň patyşasy, Şumeriň we Akkadyň patyşasy” diýen derejäni göterýän patyşa durupdyr. Onuň häkimiýeti din tarapyndan esaslandyrylypdyr. şumerlileriň Enlili bilen Akkadyň Belosy esasy hudaýlar ekeni. Patyşa Şulginiň (2093-2047) dolandyran wagtyndan başlap, patyşalary hudaýlaşdyryp, žreslerem oňa tabyn edýärler. Dolandyryş ulgamy patyşa tabyn bolupdyr. Şäher-döwletleriň özbaşdaklygynyň soňuna çykylýar.

Bütin ýurt welaýatlara bölünip, olary patyşanyň bellän adamlary dolandyrypdyr. Patyşa sudy döredilýär. Kazynyň wezipesini häkimleri, çinownikler, žresler ýerine ýetiripdirler. Dünýäde iň gadymy kanunlar ýygyndylarynyň biri bolan “Şulginiň kanunlary” düzülipdir. Uruň III nesilşalygynyň döwründe daşary syýasat işjeňligi bilen kän tapawutlanmandyr. Diňe Mesopotamiýanyň demirgazygyna we Eýranyň gündogaryna käbir ýörişler geçirilip, ol ýerler Şumer-Akkad patyşalygyna tabyn edilýär.

B.e.öňki III-II müňýyllyklaryň sepgidinde Messopotamiýa günbatardan we gündogardan amoreýleriň çarwa taýpalary çozýarlar. Gündogarda-Zarsada hakynatutma amoreýleriň bir serdarynyň baştutanlygynda özbaşdak patyşalyk döreýär. Ýurt dargap başlaýar. Iň soňky zarbany elamlylar urýarlar. Olar Ury weýran edýärler. Patyşany ýesir alýarlar. Uruň, Akkadyň, Nippuryň heläk bolşy barada “Agylar” görnüşindäki edebi eserler saklanyp galypdyr.