Mazmuna geçiň

Günbatar Ỳewropa ýurtlary 1918-1939-njy ýyllarda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Günbatar Ỳewropa ýurtlary 1918-1939-njy ýyllarda.

MEỲILNAMA

1. Günbatar Ỳewropa ýurtlary 1-nji Jahan urşundan soñky ýyllarda.

2. Günbatar Ỳewropa ýurtlary dünýä ykdysady çökgünligi döwründe.

3. XX-nji asyryñ 30-njy ýyllarynda Günbatar Ỳewropa ýurtlarynyñ ykdysady we syýasy durmuşy.

Benilýuks we Şweýsariýanyñ içeri syýasy gurluşynyñ has düýpli kökleri bardy. Olar gadymy medeni däplere esaslanandy. Ỳyllaryñ dowamynda ol ýurtlarda döwlet gurluşynyñ has durnukly we berk görnüşi saklanýardy. (sorag haýsy?) Ol hem konstitusion monarhiýady. Emma bu döwlet gurluşy Şweýsariýa degişli däldi, sebäbi bu ýurtda taryhy taýdan özboluşly hukuk döwleti görnüşli dolandyryş emele gelipdi. Şweýsariýa özboluşly federasiýany düzüp, ol 22-sany öz-özüni dolandyrýan edaraly welaýatlardan durýardy.

1874-nji ýylda kabul edilen konstitusiýa berdi. Esasy demokratik azatlyklary aýratyn hem konstitusiýada jemgyýeti gyzyklandyran ähli meseleler boýunça sala-salmak kanuny kesgitlenen.

Şweýsariýadan tapawutlylykda Benilýuks ýurtlarynda şa dolandyryşy dowam edýärdi, ýöne konstitusion çäklendirmeler esasynda. Mysal üçin : Belgiýada 1909-1934 ýyllar aralygynda ýurdy Albert I-nji dolandyrdy. Ol yhlasly, giñ gözýetimli adamdy, şeýle hem sport, alpenizim, at münmek bilen gyzyklanýardy.

Niderlandiýada 1890-njy ýylda (Willem) erkek mirasdüşeriñ bolanlygy üçin ýurdy 50 ýyllap Şazada all Wilgemina dolandyrdy. Ol döwlet we hususy bilim ulgamynyñ ösüşine üns berýärdi we ş.m.

Lýuksemburg diñe 1919-njy ýylda konstitusion monarhiýa boldy. Şol wagta çenli ýurdy Beýik gersoglar dolandyryp, olar Germaniýanyñ daşary syýasaty ýaly syýasat geçirýärdi. Şol Belgiýada XIX asyryñ 80-nji ýyllaryndan tä XX asyryñ başyna çenli häkimýet başyna dürli toparlaryñ, partiýalaryñ wekilleri durýardy, ondan soñ häkimýete katolikdigini partiýasy geldi. 1914-nji ýyla çenli.

I Jahan urşy ýyllarynda Benilýuks ýurtlary öz Bitaraplygyny saklajak boldy, emma ol diñe Şweýsariýa başartdy, ol hem ýokardaky sebäpler boýunça.

1914-nji ýylyñ Alp-Arslan 2-de ilki Lýuksemburga, 4-de Belgiýa garşy Germaniýa uruş başlady.

Şeýle ýagdaýda Belgiýa Antantanyñ tarapynda çykyş edip başlady. Jahan urşy netijesinde Belgiýa 270-njiden ýurtlaryñ içinde-di. Pariž parahatçylyk maslahatynyñ karary boýunça ol ýurduñ demirgazyk-günbatar böleginde öz çäklerini giñeldýär. Eýsem, Malmedi we Morene ýerleri oña birikdirilýär. Şeýle hem Belgiýa bakna edinmek meselesi býunça Afridaky-Ruanda, Urundi döwletleri Belgiýa berilýär.

Niderlandiýa hem 1-nji Jahan urşunda öz bitaraplygyny saklaýar. Ol pursatdan peýdalanyp uly möçberde daşary ýurtlara önüm çykarmagy başardy.

Umuman, Belgiýa hem, Niderlandiýa bilen Lýuksemburg hem uruşdan soñky ýyllarda Angliýanyñ we Fransiýanyñ halkara gatnaşyklarynyñ täze ulgamyny döretmek ugrundaky syýasatyny goldap çykyş edýär.

XX-nji asyryñ 20-nji ýyllarynyñ başynda Belgiýanyñ ykdysady ýagdaýy agyrlaşdy, milli puluñ frankynyñ hümmetiniñ aşak gaçmagy 76%, döwlet býudžetiniñ ujypsyz ýagdaýa gelmegi, salgytlaryñ artmagy ýurtda çylşyrymly ýagdaýy döredýärdi.

1925-nji ýylyñ Gurbansoltan aýynda ýurtda nobatdaky parlament saýlawlary geçdi. Saýlaw netijesinde parlamente sosialistler partiýadan-79 adam, katolik toparyndan-78 adam, aram partiýadan-22 adam we beýleki partiýalardan, bileleşiklerden, toparlardan jemi-adam saýlandy. Sosialistleriñ ýolbaşçylygynda hökümet döredilip onuñ düzümi-gatyşyk hökümetdi. Täze hökümetiñ ilkinji wezipesi ýurduñ ykdysadyýetini durnuklaşdyrmakdy. Şol sebäpli hem daşary ýurtlardan karz pul alyndy. Netijede ýurduñ döwlet býudžetini kadalaşdyrmak milli puluñ-frankyñ durnuklaşmagy gazanyldy, senagatyñ käbir pudaklarynyñ önümi artyp başlady, esasan hem 1927-nji ýylda demirmagdan, maşyngurluşygy we beýlekiler.

20-nji ýyllaryñ dowamynda Belgiýa esasan ABŞ we Beýik Britaniýa bilen ýakynlaşyp başlady.

Niderlandiýada hem ykdysady, syýasy durnuklaşmak esasan hem Niderland işewürleriniñ Indoneziýanyñ senagatyna uly möçberde maýa goýumlarynyñ Hasabynary. Şol goýumlar 1925-nji ýylda 4 mlrd guldendi, diñe 1926-njy ýylda Niderland aksioner kompaniýalarynyñ Indoneziýadan 370 mln gulden girdeji aldy. Indoneziýadan Niderland işewürleri dürli önümleri, çig maly daşary ýurtlara satyp uly girdeji alýardy. 1929-nji ýylda ýurtda 1400- gaowrak millioner bardy. Şeýle ösüşiñ netijesinde Niderlandiýanyñ halkara söwdasyna orny berkleşdi. Durnuklaşmak ýyllarynda niderland ykdysadyýetinde esasan hem “Roýal-Datç-Sell” iñlis golland nebit tresti oýnaýardy.

Ỳurtda Pariž-Niderland bankynyñ ähmiýeti ösdi.

Umuman golland ykdysadyýeti 20-nji ýyllaryñ 2-nji ýarymynda has durnukly ösýärdi.

Şweýsariýada 1924-1929-njy ýyllar aralygynda ykdysadyýet birneme kadalaşýar, işleýän ilatyñ zähmet iş haklarynyñ artmagy, gartaşan adamlara ätiýaçlygyñ berilmegi we ş.m. çäreler geçirildi.

Umuman, Şweýsariýanyñ durnuklaşmak ýyllaryndaky ykdysadyýeti esasan hem onuñ Bitaraplyk derejesini doly we dogry ulanmak, hem-de onuñ dünýä goýumdarlary üçin pul ambaryny döredenligi sebäpli has ösendi.

XX asyryñ 30-njy ýyllarynyñ başynda emele gelen dünýä ykdysady çökgünligi Günbatar Ỳewropa ýurtlaryna hem täsir etdi. Belgiýada çökgünlik zerarly daş kömrüñ, demirmagdan, maşyngurluşygy, dokma, aýna we beýleki senagat pudaklarynyñ işi gowşady. 1932-nji ýylda önümçiligiñ umumy möçveri 1929-njy ýyl bilen deñeşdirilende 37% aşak gaçdy.

Ģökgünlik döwründe Belgiýada syýasy ýagdaý hem çylşyrymlaşdy. Brýusselde, Fransiýada 1930-1931-nji ýyllarda faşistik görnüşli toparlar emele gelip olar esasan Belgiýanyñ bölünmegi, ýagny onuñ birnäçe awtonom esasda özbaşdak welaýatlara bölünmegini talap edýärdiler.

1935-nji ýylda Belgiýada “milli birlik” hökümeti döredilýär, onuñ başynda dindar Wan Zeeland durýardy, ondan başga-da hökümetiñ düzümine sosialistler we beýleki partiýalaryñ wekilleri hemj girýärdi. Hökümet ýurduñ çögünlikden çykmagy ugrunda “çäklendirme we tygşytlama” düzgünini girizdi, emma ol hem kömek etmedi.

Umuman, 1938-1939-njy ýyllarda hem emele gelen hökümetler ýurduñ ykdysadyýetini, syýasy durmuşyny kadalaşdyryp bilmedi.

Niderlandiýada 1930-njy ýylda ykdysady çökgünlik başlanýar. Ol ilki bilen ýeñil senagat pudaklaryna, gämigurluşygy, radio, elektrosenagat kärhanalaryna aralaşdy.

1929 ýyl bilen deñeşdirilende 1932-nji ýylda senagat önümçiliginiñ umumy möçberi 38%, - eksport % kemeldi.

Ỳurduñ syýasy durmuşynda 1933-nji ýylyñ parlament saýlawlary G.Koleýniñ ýolbaşçylygyndaky hökümetiñ döredilmegine getirdi. Geçirilen çäreleriñ netijesinde diñe 1939-njy ýylyñ ahyryna Niderlandiýa çökgünlikden çykdy.

Özüniñ daşary syýasatynda Niderlandlar esasan Indoneziýada öz hökümrowanlygyny saklamaga jan edýärdi. Bu bakna ýurdunda birnäçe tolgunyşyklaryñ belli bir derejede eglişikler etmegine mejbur etdi. Hat-da Indoneziýada “açyk gapylar” syýasaty hem girizildi. Bu bolsa ABŞ-ñ Ỳaponiýa, Beýik Britaniýanyñ işewürleriniñ indoneziýanyñ ykdysadyýetine aralaşmagyna getirdi.

Şweýsariýa hem 1929-1933-nji ýylyñ ykdysady çökgünligi täsir etdi. Çökgünlik şertlerinde ýurduñ 2,5 müñe golaý kärhanalary we banklary çökdi.

Ỳurtda durmuş gapma-garşylyklarynyñ (kynçylyklarynyñ) ýitileşmegi. Gitleriwe Mussolinini goldaýan toparlarynyñ emele gelmegine getirdi. Ol toparlar bolsa milli front, milli ýaranlyk, şweýsar faşistik partiýa ýaly guramlara öwrüldi, hökümet hem bu guramalaryñ işine päsgel berenokdy. Emma muña seretmezden şweýsar hökümeti II-nji Jahan urşy ýyllarynda öz bitaraplygyny saklady.

Umuman 2-nji Jahan urşunyñ öñisyrasynda Benilýuks ýurtlarynda syýasy ýagdaý has çylşyrymlaşdy.

1940-njy ýylyñ Magtymguly aýynyñ 10-da Germaniýa Gollandiýa we Belgiýa çozdy, hem-de M agtymguly aýynyñ 14-de Gollandiýany, Magtymguly aýynyñ 21-de Lýuksemburgy, Magtymguly aýynyñ 28-de Belgiýany basyp aldy.