Görogly eýýamynyň taryhy çeşmeleri

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Görogly eýýamynyň taryhy çeşmeleri.

I-II Umumy okuw.

Meýilnama.

1. Görogly eýýamyna degişli arap we pars çeşmeleri.

2. Türki dildäki ýazuw çeşmeler.

3. Ýewropaly Ýazarmanlaryň işleri.

4. “Görogly” dessany.

5. Nyzam al-Mülkiň “Syýasatnama” eseri.

1. Mahmyt Gardizi XI asyryň pars taryhçysy Owganystanyň Gardiz şäherinde önüp ösüpdir. Gardiziň 1049-1053-nji ýyllar aralygynda pars dilinde ýazylan eserlerinde (yslamdan öňki) pars patşalarynyň, Muhammediň we 1032-nji ýyldan öňki halytatlaryň taryhy, 1041-nji ýyla çenli Horasany taryhy beýan edilýär. Onuň bu işinde Hindistan, Aziýanyň türk taýpalary hakynda, ruslar hakynda, grekleriň ylmy barada, dürli halklaryň dini baýramçylyklary barada maglumatlar berýär. Gaznawiler bilen seljuklaryň arasyndaky dawalar we söweşler barada gürrüň berilýär.

Muhamet ibn Najyp Bekran özüniň “Dünýä kartasyny” we “Dünýä hakyndaky kitap” diýen geografik eserini Horezm şasy Al-ad – Din Muhammet ibn Tekiş (1200-1220ý) üçin ýazypdyr. Kitap dünýäniň kartasy dogrusynda düşündiriş hat ýaly ýazylýar. Bu kitabyň gysgadygyna garamazdan onuň habar berýän maglumatlary uly gyzyklanma döredýär. Bu kitapda guzlar, ýazyrlar, halaçlar we şuňa meňzeş taýpalar barada, nebit barada, Türkmenistanyň çäklerinde gurlan diwarlar barada maglumat berýär.

Seljuklar döwrüniň taryhy barada has gymmatly maglumatlary Yspyhanly Suleýman Ar—Rawendiniň “Türkmenleriň dynç almagy we şatlygynyň gudraty” ( Rahat As-Syrar wa Aýat As-Syryr) diýen işinde giňişleýin beýan edilýär. Bu eserde XI asyryň başlarynda taryhy arennada seljuklaryň peýda bolan wagtyndan olaryň 1199-njy ýyla çenli döwür içindäki taryhy beýan edýär. 1160-1199-njy ýyllaryň, ýagny seljuklaryň iň soňky iki soltany Arslanyň we Togrulyň döwrüniň wakalary örän jikme-jik gyzykly beýan edilýär. Ar Rewendi Soltan Sanjara garşy guzlaryň gozgalaňy barada hem giňişleýin maglumat berýär.

Ala-ad-di Ata Mälik Ibn Muhammet Jüweýni (1226-1283ý) pars taryhçysy döwlet işgäri. Jüweýniniň 3 tomluk “Taryhy” 1253-1260-ý ýazylýar. Ol Çingiz hanyň ilkinji basyp alyşlaryndan başlap Mongol ýörişleriniň jikme-jik beýanyny berýär we Hulagu hanyň eýrana garşy ýörişende tamamlanýar. Bu eserde Horezm şalarynyň we Mongol ýeri dolandyryjylaryň taryhy hem beýan edilýär. (1258). Onuň eseriniň ideýasy mongolparazlyk ideýadyr. Şol bir wagtda ol Eýranda mongol hökümdarlarynyň garaňky taraplary hem ýaşyrman öz işinde beýan edýär.

Eýranyň Hemedan şäherinde 1247 ýylda doglan görnükli taryhçy we döwlet işgäri Fazlallah ibn Abylhaýyr Reşideddin (ibn wagty 1318) özüniň “Jemi At-Tawarik” “Taryhyň jemi” diýen 3 tomluk ajaýyp eserini 1300-1310 ýyllarda Eýrandaky Mongol hökümdarlaryna bagyşlap, pars dilinde ýazýar. 1298-1317-nji ýyllarda mongol ilhanlary Gazan han we Uljaýtu hanyň weziri bolupdyr. Ol “Ŷyl ýazgylarynyň ýygyndysy” “Jami At-Tawarih” diýen işi pars dilinde ýazyp ol iki bölümden durupdyr. Onuň I bölüminde mongol we türk taýpalarynyň sanawyna hem-de Çingiz hanyň we onuň mirasdüşerleriniň taryhyny, ikinji bölümde bolsa Uljaýtu hanyň patşalyk eden wagtynyň taryhy we bütin dünýä taryhynyň köp wakalary barada baý maglumatlar berýär. Reşid-ed-din Hulaguwlaryň döwletiniň düzümine giren Horasan Balkan sebetlerinde ýaşan türkmen ýerleri, onuň ilaty barada hem maglumat beripdir. Mundane başga-da türkmenleriň 24 taýpasynyň orunlaryny, atlarynyň manysyny, ungonlaryny we tagmalaryny ýekän-ýekän sanaýar.

Ýazyjy ogly XV asyrda “taryh-y aly Seljuk” (“Beýik seljuklaryň taryhy”) atly eserini ýazýar. Bu eser Stambulyň Toprapy muzeýinde saklanýar. Bu eserden seljuklar barada birnäçe maglumatlary peýdalanyp bolýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň tagallasy bu eser 2 jilden ybarat neşir edildi we halka ýetirildi.

Türk taryhçysy Mustafa Nejati Sepetçioglunyň 12 kitapdan ybarat romany taryhda uly yz galdyran wakalaryň biri bolan Seljuk hereketi we döwletiniň döremegi hakynda gürrüň berýär. Wakalar Jeýhun boýlarynda, Dandanakanda, Merwde bolup geçýär. 1040-njy ýylda Türkmenleriň dünýä ýaň salan meşhur dandanakan söweşi teswirlenýär. Ýakyn Gündogara ýol açan Malazgirt söweşiniň taýýarlanşynda Alparslan soltanyň serkerdilik ukybynyň kämilleşişi hakynda örän gyzykly beýan edilýär. (“Badalgam Merw” terjime eden Ýa. Mämmedi).

Hasanbeg Rumlýu “yyl ýazgylarynyň iň gowusy” diýen eserini ýazýar. Onuň biografiýasy barada hiç hili maglumat ýok. Onuň bu eseri esasan Tahmaspa bagyşlanýar. Ol öz işinde Aba serdaryň baştutanlygyndaky gozgalaň, Şah Berdi soltanyň öldürilişi barada, Emirleriň Aba Türkmene garşy söweşi we Aba Türkmeniň öldürilmegi barada gürrün berilýär.

Asly nusaýly Muhammet ibn Ahmet an Nesewi Mongol çozuşlarynyň pajygaly wakalarna giňişleýin beýan eden awtorlaryň biridir. Ol Jelaleddin Meňburnyň mürzesi, işdeş egindeşi bolup, özäm wakalaryň janly şaýadydyr, çünki olara gatnaşypdyr.

Arapmuhammet hanyň (1603-1663-nji ýyllar) ogly Abylgazy Bahadur han Hywanyň hany bolupdyr. Özbek taýpalaryna daýanyp, türkmenlere garşy gazaply göreş alyp barypdyr. Abulgazy orta Aziýa halkarynyň taryhynyörän oňat bilýän adam hem-de sada dilde we hywalylar üçin düşnükli özbek dilinde ýazýan şahyr bolýar.

Esasan dilden aýdylan rowaýatlaryň esasynda ýazylan “Türkmenleriň nesil taryhy” Abulgazynyň esasy eserleriniň biridir.

“Nesil taryhy” A.G. Tumanskiý tarapyndan (1861-1920) ilkinji gezek rus diline terjime edilýär. Eserde oguz hanyň dünýä inişi, patşalyk edişi, onuň ogullary we agtyklary barada oguzlaryň ýaýraýşy we şuňa meňzeş maglumatlara baý eserdir. Öz ylym işleriniň bir tarapyny ýazmakda “Seljere-e terakimeden” peýdalanan W.W.Bartold oňa baha berip, şeýle diýip ýazypdyr: “Türkmenler barada hiç birisi hakynda ýokdur”. Bu kitap hakda şunuň ýaly seslenmeler başgada köp.

Abulgazynyň taryhy çeşme hökmünde tanalýan bu iki kitaby “Şejere-I terakime” (Türkmenleriň nesil daragty) we “şejere-I türk” (Türki halklaryň gelip çykyşy) atly eserini gagataý dilinde ýazylypdyr. 1903-nji ýylda “Şejere-I terakime” yene-de Aşgabatda, ors, pars we türkmen dillerinde neşir edilýär.

Abulgazynyň ikinji eseri “Şejere-I türk ” öz asyl nusgasynda 1917-nji ýyla çenli 3 gezek neşir edilipdi. Birinji gezek ors begzadasy 1825-nji ýýlda Gazanda, latynça at bilen çap edýär. ikinji gezek bu kitap, “türki dillerini suwara bilýän” baran P.I. Demezan (1807-1873) Peterburgda 1871-nji ýylda, onuň franzsuz diline edilen terjimeçi bilen birlikde çap etdirilipdir. Üçünji gezek 1891-nji ýylda Gazanda tatar alymy Abylla Allam Faýyzhan ogly neşir etdiripdir.

3. Görogly eýýamynyň taryhy çeşmeleri barada Ýewropaly ýazarmanlar hem birnäçe işleri ýazyp galdyrypdyrlar.

Şolaryň biri hem Antoni Jenkinsondyr. Ol iňlis täjiri we diplomatydyr. Ol Ýewropa Aziýa we Afrika boýunça köp syýasat edipdir. 1557-1572 ýyllarda Rus döwletine dört gezek gelip gidipdir. Ol Iwan Groznynyň rugsat bermegi bilen 1558-1560-njy we 1562-1564-nji ýyllarda orta Aziýada we Eýranda bolup görüpdir. Ol özüniň ýatlamalarynda Kaspi deňzine barşyny we Günorta geçip eden syýahatlary barada gürrüň berýär. Çölden geçende gören kynçylyklaryny, úrgenjiň soltany bilen duşuşanyny we oňa rus patyşasynyň iberen ynanç hatyny gowşurşynyň beýany Russiýanyň Angliýa, Buhara, Hywa we Eýran bilen özara gatnaşyklaryň taryhy boýunça möhüm çeşmani düzýär.

Wenesiýaly syýasatçy Marko Polo XIII asyrda Eýrana, Hytaýa, Orta Aziýa syýasat edýär. “Dünýäniň köpdürliligi hakynda” diýen kitabyny ýazýar. (Ruh guşy)

1839-njy ýylda Murgap oazisiniň üstünden geçip giden iňlis syýahatçysy R.Şekspir, “Türkmeleriň Watany” barada öz garaýşyny beýan edopdir. Murgap oazisini suratlandyrýar.

Orta aziýa halklarynyň taryhyny, etnografiýany we dil aýratynlygyny öwrenmekde meşhur wenger alymy A.Wamberiniň işleriniň hem uly ähmiýeti bardyr. Onuň işlerindäki maglumatlar beýleki awtorlarynyň käbirleriniň ýazgylaryndaky ýaly ikirjiňlenme döredmeýär. Sebäbi ol derwiş hökmünde pay-pyýada ýurt söküp, her bir zada anyk göz ýetiripdir. A.Wamberi Hywa hanlygyndaky ýagdaýlary, türkmen tire-taýpalarynyň durmuşyny has aýdyň beýan edýär. Onuň “Orta Aziýa syýahat” diýen eseri 1865-1968 ýyllarda rus dilinde neşir edilýär. Alymyň bu işinde türkmenler barada baý materiallar jemlenipdir.

4. “Görogly”

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamasynda türkmen taryhynyň ruhy ösüşiň esasynda bäş eýýam boýunça dowürleşdirdi. Türkmeniň Watan bitewiligini goramak, milli özboşlugyny saklamak üçin her ýigidi özüne müňe taý bolan türkmen Görogly begiň eýýamy türkmen halkymyzyň buýsançly geçmişinde ayratyn eýýam hasaplan Baky Beýik Serdarymyz müň kerem mamladyr.

Beýik Serdarymyzyň Mukaddes Ruhnamasynda bu ajaýyp kitabyň ýazylmagyna Göroglybeg Türkmeniň ruhy taýdan goldaw berendigi barada şeýle ýazýar:

“Görogly bebiň ruhy:

- Anyk ýoly bar millet bagtyýar. Milletiň bagty Watanyny, ýurduny batyrgaý gorap bilmegindedir. Milletiň bagty bu gün seniň eliňde. Sen türkmen milletiňe altyn ýaşaýyş güzerini görkez, ol seniň taglymatyň bolar, ol seniň ýoluň bolar, Saparmyrat!” diýdi.

Baky Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy “Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy” şadessanynda Görogly beg Türkmen hakynda şeýle ýazmak bilen ajaýyp ylmy netijäni açyp görkezýär. “Men size henize şu güne çenli tarthyň gatynda bilinmän gelen bir hakykady açyp bereýin: Oguz han Türkmen eýýamynyň atalyk mekdepleriniň okuw kitaby “Oguznamalar”, Gorkut ata eýýamynyň atalyk mekdebiniň okuw kitaby “Gorkut ata” kitaby, Görogly beg eýýamynyň okuw kitaby hem “Görogly” şadessany bolup hyzmat edipdir. Bir tapawut bar: “Oguznamalar”, “Gorkut ata” we “Görogly” şadessanlary öz döwürleriniň atabeglik mekdepleriniň okuw kitaplary bolan bolsa biz bu gün ol kitaplary çeper eser hökmünde kabul edýäris”.

Görogly beg Türkmeni ilhalka, Watana wepalylyk ruhunda, batyr ýigit bolup ýetişmegi üçin terbiýelän atasy Jygaly begdigi ählimize mälim maglumatdyr.

Bu barada: “Görogly” şadessanynda Jygalybegiň başdan geçiren kynçylyklary we irginsiz tagallalary barada şeýle ýazypdyr “Oglum seni adam etjek bolup dagda gezdim, derede gezdim. Maňlaýym ýaryldy, gözüm oýuldy. Indi seni adam etdim. Şu atlar bilen, şu ýaraglar bilen öz alajyňy özüň görmeseň, ondakysyny özüň bil. Men saňa oglum diýip ýördüm. Sen meniň agtygamsyň. Seniň ataň ýurduň hanydy. Çardagly Çandybil diýen ýerde on iki müň öýle tekeli türkmen iliň bardyr. Bar oglum Çardagly Çandybile Aý oglum, ýurda eýe bolaly, ýurda!”

Görogly beg türkmeniň edebi-ruhy mirasynda uly orna eýe bolan “Görogly” şadessanynyň baş gahrymanydyr. Bu türkmen şadessany Gündogar halklarynyň arasynda giňden ýaýrap, uly meşhurlyga eýedir. Görogly beg hakyndaky gyzykly hekaýatlar köp asyrlaryň dowamynda ýatdan aýdylyp, agyzdan-agza, dilden-dile geçip gelipdir. Şol bir wagtyň özünde, ony diňe türkmenlerde däl eýsem, türklerde, azerbaýjanlarda, özbeklerde, garagalpaklarda, kürtlerde, gazaklarda, täjiklerde, gruzinlerde aýdymçylar tarapyndan aýdylyp gelnipdir. Bu halklaryň arasynda dessanynyň ýaýran görnüşleriniň biri-birinden tapawutlanýandyklaryna garamazdan, olaryň hemmesinde türkmen gerçegi Görogly begiň orta çykandygy bellidir. Şadessanyň düýp mazmuny Görogly begiň hem-de onuň kyrk ýigidiniň türkmen topragynyň azatlygy we erkinligi ugrunda daşky duşmanlara garşy alyp baran gahrymançylykly göreşini teswirlemekden ybaratdyr.

Görogly begiň adynyň näme manysy bar? Näme üçin oňa Görogly diýipdirler? diýen soraglar ýüze çykýar.

Görogly Adybegi soltanyň ogly, Jygaly begiň hem agtygydyr. Ol heniz ejesiniň göwresindekä, ejesi aradan çykýar. Allanyň eradasy bilen, çaga görde, mazarda dogulýar, ony owlakly geçi emdirip, ese-boýa galdyrýar. Oba adamlary ony görüp gaýdýarlar, adyna-da Görogly dakýarlar. Görogly ýigit çykansoň, güýçlülikde oňa taý tapylmaýar.

Görogly 40 ýigidi ýanyna alyp, Çardagly Çandybilde tutunýar we özüni, halkyny kemsiden duşmanlardan ar alyp başlaýar. Göroglynyň ömürboýy wepadar ýanyddaşy perizat Agaýunus bolupdyr. perizatdan zürýat önmänligi üçin ýaş ýetginjek Öwezi ogullyga alypdyr.

“Görogly” şadessany ençeme gyzykly dessanlar toplumy bolup, ol diňe edermen türkmen ýigitleriniň gahrymançylykly söweşleri barada däl-de, eýsem, şol döwrüň ahlak ýörelgeleriniň hem beýanydyr. Bu şadessanlar bagşylar tarapyndan ýerine ýetirilip, halk köpçüligine ahlak terbiýesini bermekde uly ähmiýete eýedir. Şadessandaky öwüt-ündewler, aýdym çagyryşlar, iç gepletmeler nesilleri halka, Watana söýgi, dosta wepalylyk, duşmana ýigrenç ruhynda terbiýelemäge ýardam edýär. Şol bir wagtyň özünde eserde ýaltalyk, husytlyk, öwünjeňlik, gedemlik, gyzmalyk ýaly ýaramaz häsiýetleriň üstünden gülnüp ýazgarylýandygyny hem bellemek gerek.

Beýik Serdarymyz özüniň Mukaddes Ruhnamasynda: “Beýik “Görogly” eposynda hem men-menligiň nämä eltýandigini ata-babalarymyzdan galan bu miras köre hasa edip görkezýär.

Görogly beg pasly – baharda kyrk ýigidi bilen seýli-seýrana çykyp, kyrk ýigidiňem Köçe başlyklaýyn “Bize kyrk dürli aw getir” diýip, şikara ugradyp, şerap içip başýar. Bir pyýala, iki pyýala, üç pyýala. Ogly Öwez oňa artyk içirmejek bolýar. Görogly:

- Haý, Öwez jan, sen mäne diýsem rastdyr diýiber, gaňryşyma gaýtsaň, kelläňi hyzlandyryp ibärin!

- Rastdyr, aga.

- Nowşirwan adylam men ýaly adyllyk bilen ýurt soran däldir.

- Rastdyr, aga.

- Hatam Taýam men ýaly ýurduna atalyk bilen aş paýlan däldir.

- Rastdyr, aga.

- Hezzeti Aly hem men ýaly agyp-dönüp söweş edip iş bitiren däldir.

- Haý, aga gatyrak gitdiň. Gorhana gol urduň!

Görogly beg meýiň mesligi bilen gaty bedenini bilip, kyrk ýigidiň Ýapynjasy bilen üstüni ýapdyryp, uklap açyljak bolup, Arap Reýhanyň goluna düşýär. Arap-Reýhan men-menlik zerarly gola düşen Göroglyny ýurduna alyp barýarka öwünýär. Şonda Görogly öz duşmanyna-da pend edýär: … Men-menlikden başyna bela gelen Görogly hut öz duşmanyna hem men-menlik etmezligi nesihat edýär. Şol men-menligem Arap-Reýhanyň heläk bolmagyna, Göroglynyň aman dilemegi bolsa, onuň azat bolmagyna eltýar” diýip, men-menlik etmeli däldigini şu şadessanyň üsti bilen duşündirýär.

Şadessanda atalar sözüdir, nakyllar, parasatly sözler örän köp hem-de ýerlikli ulanylypdyr. Bu taryhy edebi miras halkyň durmuş ýörelgesiniň nusgalyk önümidir.

Göroglynyň çeper keşbiniň döredilmeginde käbir XVI-XVIII asyryň belli taryhy şahsyýetleri täsir edipdir. Hatda onuň ýigitleriniň ýuzbe-ýüz durup söweşen duşmanlarynyň atlary hem taryhda duş gelýän atlardyr. Emma şadessan XVI asyrda döräpdir diýip kesgitli aýdyp bolmaz, çünki onda yslamdan ozalky alamatlaryň-da utgaşyp gidýändigi haýran galdyrýar. Taryhy wakalar türkmen dessançy bagşylary tarapyndan yzygiderli döredijilikli ilenipdir we baýlaşdyrylypdyr. Türkmen taryhynyň her bir döwründäki wakalar onda öz yzyny galdyrypdyr.

5. Bu toprakda uly-uly şahsyýetler döräp, dürler dökülipdir. Asyrlaryň tülüklerinden çykyp, paýhas nuruny saçyp duran ägitrtleriň biri-de dünýä belli “syýasatnama” kitabynyň awtory Seljuk Türkmen döwletiniň meşhur alymy, döwlet işgäri Nyzamylmülkdir (1017-1092ý). Ol beýik Seljuk soltanlar Alp Arslanyň (1063-1072ý) we Mälik şanyň (1072-1092ý) baş weziri hem-de ýakyn geňeşçisidir.

Gorogly eýýamynyň meşhur alymy, döwlet işgäri Nyzamylmülküň doly ady Aly Hasan ibn Alydyr.

“Nyzamylmülk” ya-da “Salyh abadançylygy” oňa berlen hormatly atdyr. Diýseň ýerine düşen at. Nyzamylmülküň beýik soltanlaryň ýanynda gullukda bolan ýyllary Seljuk Türkmen döwletiniň ýokary derejede gülläp ösen döwri bolupdyr. Orta Aziýadan tä Siriýa, Palistina çenli uzalyp giden imperýasyny iş ýüzünde baş wezor dolandyrypdyr.

Nyzamylmülk uly maşgalanyň başy 12 ogluň atasy bolupdyr. Ýöne bar aladasy öz ilen-çalany bolman, il-günüň derdine ýanypdyr, alymlardyr, şahyrlara, beýleki dörediji adamlara ýakyndan howandarlyk edipdir. Onuň tagallasy bilen Bagdatda, Mewrde, Nişapurda, Buharada, Samarkandda, Gürgençde, Yspyhanda we beýleki şäherlerde medreseler gurlupdyr. Olara Nyzamylmülküň hormatyna “Nyazamiýa” diýen ekenler. Medreselerde okatmak üçin mugallymlary hut baş weziriň özi belläpdir. “Nyzamiýa” diýip at berlen bagdat akademiýasy hem şol döwürde açylypdyr. Nyzamylmülküň Omar Haýyam (1040-1123ý) ýaly beýik alymlara howandarlyk edip, Merwde, Yspyhanda obsewwatoriýa gurup berendigi hem mälimdir.

Nyzamylmülkuň öýi hemişe alymlardan, kanunçylardan, haýyr-sahawatçylardan doly bolupdyr. Aň-bilim barada yzygiderli alada edipdir.

Seljuk Türkmen döwletiniň beýik soltanlary Togrul begiň (1038-1063ý) we Alp Arslanyň döwründe ýurduň paýtagty Merw bolupdyr. Emma, Mälik şanyň döwründe Yspyhan bolupdyr. Soltan sanjar (1118-1157ý) paýtagty ýene-de Merwe geçirilipdir. “Syýasatnama” ýa-da “XI asyryň weziri Nyzamylmülküň hakimlik etmek hakyndaky kitaby” Yspyhanda ýazylypdyr.

Şu ýerde bir sorag gelip çykýar. Ýagny “Syýasatnamanyň” ýazylmagyna name sebäp bolupdyr?

Taryhy maglumatlaryň habar bermegine görä Merwiň bagtyýar Soltany Muhamet (Alp Arslan) ogly Abyl Talf Mälik şa 1091-nji ýylda ýanyna köşk emeldaryny we parasatly gojalary çagyryp şeýle diýýär.

- Biziň döwletimiz hakda heriňiz özbaşdak oýlanyp görüň. Synlaň, onda name ýaramaz hem-de biziň köşkde, döwlet kabul edişiklerinde we ýygnaklarynda nämeler berjaý edilýär. Bizden gizlin ýatan ähli zatlary ýazyň. Bu bize geljekde nämäniň nämeligine düşünmegimiz hem-de diniň öz düzgüni boýunça amala aşyrylmagy, ýaramaz zatlaryň ortadan aýrylmagy üçin gerek diýipdir. Mälik şa bu görkezmäni ilkinji baş weziri Nyzamylmülke, köşgiň tanalýan adamlaryna we wezipeli hem sowatly adamlara beripdir. Şanyň emri bilen yglan edilen şol bäsdeşigiň talaplaryna eýerip Nyzamylmülküň ýazan nesihatlarynyň baplary Mälik şada uly täsir galdyrypdyr. Şondan soň Mälik şa bu kitaby özüne gollanma edilýär we şol boýunça iş alyp barypdyr. Ýagny Mälik şanyň şeýle sözleri taryhy ýazgylarda saklanyp galypdyr:

“- Bu kitap meniň ýüregimiň islegine görä ýazylypdyr. Muňa goşara zat ýok. Men bu kitaby özüme gollanma edinýärin, bu boýunça iş alyp barjak.” Abhaz ýazyjysy Georgiý Guliaň, Nişapurda Omar Haýýamyň ylmy we edebi mirasyny öwrenýän alym Rahmat Daştanideniň berýän maglumatlaryna görä, Nyzamylmülk bilen Omar Haýýam 1092-nji ýylyň magtymguly aýynyň anna günleriniň birinde erte namazyndan soň (olar) duşuşyp, söhbetdeşlik geçiripdirler.

Olaryň söhbetdeşliginiň düýp mazmuny “Syýasatnama” kitaby barada bolupdyr. Şondan soň Nyzamylmülk birnäçe aýlap golýazmanyň üstünde işläpdir. Bu kitap 50 bapdan ybarat bolupdyr. Käbir maglumatlarda 51 bapdan ybarat diýilip aýdylýar. Ýöne, onuň 11 baby (käbir maglumatlarda 15 baby) täzeden ýazylypdyr. Ozalky baplaram ep-esli giňeldilip, mazmuny baýlaşdyrylypdyr.

“Syýasatnama” kitaby ir wagtlardan bäri alymlaryň, syýasatçylaryň ünsüni özüne çekipdir. Ony Seljuk Türkmenleriň döwrüniň gymmatly edebi-taryhy ýadygärligi hökmünde öwrenmekde ep-esli iş edilipdir. Ýöne häli – häzirem eseriň doly tankydy testiniň düzülmändigii aýtmalydyr. Şol sebäpli kitabyň ýazylan wagty, onuň awtory baradaky meselelerde gapma-garşy pikirlere duş gelinýär. Alymlaryň käbiri “Syýasatnamanyň” esli bölegi Nyzamylmülk ölenden soň ýazylypdyr diýse, käbiri asla onuň bu kitaba awtorlygyny şübhe döredýär diýip aýdýarlar. Emma köneden galan käir nusgalary öwrenmegiň jedelli bolmagy adaty zatdyr. Ýöne ol beýik weziriň beýik kitaby hökmünde taryha giripdir, şonlugynada galsa gerek. Aýdylşyna görä, “Nyzamylmülk” “Syýasatnamany” ýazyp, Yspyhandan Bagdada ugramazynyň öň ýanynda, ýagny 1092-nji ýylyň Ruhnama aýynyň aýaklarynda Garaşsyzyk aýynyň başlarynda Mälik şanyň kitaphanasynyň hatdak Muhammet Magribe beripdir we golýazmany arassa göçürip, soltana ýetirmegi tabşyrypdyr. Emma beýik weziriň ýolda Hasan sabbanyň (ysmaýylylar sektasynyň ýollbaşçysy, seljuk hökümdarlygyna garşy göreş alyp barypdyrlar) ýaranlarynyň elinden öldürilýär, onuň yz ýanyndan bolsa Mälik şanyň aradan çykyp ýurtda bulagaýly başlanmagy bilen Muhammet Magrip “Syýasatnamany” bir bada ile çykarmakdan saklanypdyr. Ol bu hakda diňe 13-14 ýyl geçensoň mälim edipdir. Bu kitabyň 1,40, 41,44,45,46,47 baplaryny Muhammet Magryp üýtgeden bolmagy mümkin diyen çaklamalar bar. Bu kitap arap çeşmelerinde “Syýa el Mülk” – “Patyşanyň gylyklary” diýip atlandyrylýar.

Käbir maglumatlarda Nyzamylmülkiň ölmegi barada şeýle aýdylýar: “1092-nji ýylda Mälik şa Nyzamylmülk wezirlikden boşadyp, onuň ýerine Täjilmülk belleýär. Onuň küşgürmegi bilen Abu Tahyr atly adam tarapyndan Nyzamylmülk öldürilýär. Bir aýdan soň Mälik şa hem aradan çykýar”. Nyzamlmülkiň ölümi barada çapraz gelýän Maglumatlar köpdir.

Muizzimiň aýtmagyna, ýazmagyna görä: “Aýlaryň birinde garry wezir ajaýyp behişde gitdi. Ýaş patyşada beýleki aýda onuň yzyndan gitdi. Tötänden Allanyň gazaby soltanyň ejizligini äşgär etdi. Soltanyň ejizligine seret, Allanyň gazabyny gör” diýen, setirleri saklanyp galypdyr.

“Syýasatnama” – ýiti syýasy eser bolup, döwleti berkitmegiň meselelelri kitabyň içinden eriş-argaç bolup gelýär. Ol diňe bir taryhymyzda parlyk ýyldyz bolup galan beýik döwletiň, beýik weziriniň däl, eýsem ata-babalarymyzyň bize eden sargydydyr.

Bu kitapda döwlet gurluşynyň düzgünleri, döwlet guluşynda bar bolan kemçiliker barada beýan edilýär. Seljuklar döwletiniň sosial-syýasy, harby gurluşy, soltanlaryň ýurdy dolandyrmakda paýhasly hereketleri barad giňişleýin düşunje berýär.

Beýik wezir eserinde diňe özi gürrüňlerini beýan etmän, geçen pygamberleriň, akyldarlaryň, patyşalaryň pähimli sözlerine, hekaýalaryna, rowaýatlara uly orun beripdir.

Näçe asyrlardan soň ene dilimizde saýran bu kitap bize Görogly eýyamynyň taryhyn öwrenmekde ygtybarly taryhy çeşme hökmünde hyzmat edýär. bu kitabyň üsti bilen şol döwrüň taryhy wakalaryna, geçmişiň taryhy waklaryna we şa döwrüň syýasy ykdysady, medeni gatnşyklaryna hem göz ýetirýäris.

“Syýasatnamanyň” golýazmasynyň göçürmesi baryp 162-nji ýylda Britan muzeýine düşüpdir. Şol göçürmäniň goşmaça ýazgysynda, onuň golýazmanyň Urmiýa şäheriniň emiri Alp jemaletdiniň buýrugy boýunça 1168-1169-njy ýyllarda amal edilen göçurmesinde alnandygy aýdylýar. “Syýasatnamanyň” Berlin ýygyndysyndaky göçürmesi hem şondan alnypdyr.

1869-nji ýylda Ş. Şejer “Syýasatnamany” parçadan fransuz diline geçirip, ilkinji gezek neşir edipdir. 1949-njy ýýlda bolsa B.N. Zanoder “Syýasatnamany” fransuzçydan orsça geçirip, oňa giriş hem düşündiriş ýazyp neşir edipdir.

1993-nji ýylda “Syýasatnama” türkmençä-de terjime edildi. ony ezber terjimeçi Daňatar Berdiýew orsçadan türkmençä terjime edipdir.

“Syýasatnama” – türkmen dilinde kitap bolup çykandan soň, türkmen halkymyza giňden ýaýradyldy we bu kitap bilen ýakyndan tanyş boldular. Eserden käbir parçalar:

- Ynsan üçin çuň manyly bilimden gowy zat ýokdur. Çuň manyly bilim hazynadan hem gowudyr, çünki hazynany goramaly bolýan bolsa, bilim seni goraýandyr. (76 sah).

- Et porsasas, oňa duz sepýärler, ýöne duzu özi porsasa nätmeli? Dawaly işleriň baryny kazy çözmeli. Eger adalatsyzlygy kazynyň özi edýän bolsa, onda kim onuň üstünden arz edip biler? (100 sah).

“Syýasatnama ” kitaby dünýäniň köp dillerine terjime edilip, muzeýlerinde saklanýar.

Bu kitap Dariý I-den, mangollara çenli, ýagny 2000 ýyla çenli çekýän döwrün wakalary beýan edilýär. Bular esasan: Musa, Ysa, Muhammet, Suleýman pygamberler, 4 çarýarlar, Lukman Hekim, Isgender Zülkerneýin, Nowşurwan Adtl, Mälik şa… ýaly bir näçe bilimli taryhy şahslar barada ýazýar. Olaryň gylyk häsiýetleri, kemçilikleri, gowy taraplary görkezilýär. “Syýasatnama” eseriniň ýazylanyna IX asyr geçipdir.