Gökdepe (şäherçe)

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Gökdepe şäherçesi sahypasyndan gönükdirildi)

Gökdepe şäherçesi 1935 ýýlda döredildi. Gökdepe 2008-nji şäher statusy berildi. Ol Gökdepe etrabynyñ merkezidir. Ilaty 21,2 müň adam. Şäherçedäki Gökdepde galasy Türkmenistanyň taryhynda möhüm rol oýnandyr. Bu galada 1881 ýýlda aldym-berdimli söweş bolup geçýär. Şol söweşleriň hatyrasyna Saparmyrat Türkmenbaşy her ýýlyň Ýanwar aýýnyň 12-sine Hatyra güni diýip yglan etdi. Galada Saparmyrat Hajy adyndaky ägirt uly metjit guruldy. Galanyň durkuny täzelemek işleri dowam edýär. Gökdepe şäherçesi haly fabrikleri, gurluşyk materiýallary, egirme-trikotaž fabrigi, reňkleýji we tikin fabrikleri, gurluşyk materiýallar kombitany, çagyl owradyjy zawody "Şorgala" çakyr zawody işleýär. Etrap merkezi Gökdepe Aşgabat şäherinden 42 km günbatarda ýerleşyär. Şäherin demirgazyk eteginde taryhy ýadygärlikler top lumy bolan Gökdepe galasy ýerleşyär. Şäherde dokma top lumy, gurluşyk materiallary zawody, etrabyň dolandyryş edaralary, söwda we durmuş hyzmaty kärhanalary, durmuş-medeni maksatly edaralar ýerleşýär.