Elektron poçta, elektron hat

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Elektron poçtabu ählumumy kompýuter baglanşygyndaky hatlaryň alyş-çalşygynyň ulgamydyr.

Elektron hatbu haty kabul etjegiň elektron salgysyny we hatyň tekstini özünde saklaýan tekstli faýldyr.

Elektron poçtaly gutybu poçtaly serwer bolup gulluk edýän kompýüteriň gaty diskiniň bölümidir. Elektron poçtaly guta eyesi zçin poçta gelip gowuşýar. Baglanyşdaky elektron poçtaly gutynyň yerini kesgitlemek üçin elektron salgy ulanylyar . Elektron salgy @ simwol bilen tapawutlanýan iki bölekden durýar : ulanyjynyň_ady@poçtasy@serwerin salgysy.

Ulanyjynyň ady serweriň poçtaly gutusundaky ýerini kesgitleýär. Ulanyjy bu ady kölenç özi saýlap alýar. Ol baş we setir latyn harplaryndan, sifirlerden we käbir simwollardan durýar. At saýlanyp alnanda şol at ulanyjy hakyndaky maglumatlary (özüňe degişli-da kopçälikleýin) özünde saklaýan bolsa has amatly bolýar.

Poçtaly serweriň salgysy nokatlar bilen çäklenýän böleklerden (domenlerden) durýar. Salgysy çepden saga tarap okalýar. @ simwola ýakyn at bu ulanyjynyň gutusuny özünde saklaýan kompýüteriň ady bolup durýar. Mundan başga-da, serweriň nirede ýerleşýändigini kesgitleýän aralarynda nokat belgisi ýazylan atlar bolup bilýär. Iň sag tarapdaky ada suffiks diýilýär. Suffiks köplenç ýurtlaryň kodlaryny aňladýar. Meselem: tm –Türkmenistan; su – ya-da ru – Russiýa; uk – Angliýa; mx – Meksika; tr – Türkiýe; za – Günorta Afrika; ni – Nikaragua; in – Hindistan; au – Awstriýa; de – Germaniýa.

Hatlaryň ýolda dürli poçta stansiýalarynda saklanmasy ýaly, elektron poçta internetde syýahat edýän wagty bir kompýüterden beýleki kompýütere poçta serwisi ady bilen geçýär. Poçta serwisi, ýönekeý poçta bölüminiň işleýşi ýaly işleýän kompýüterdir. Habar poçta serwisine gelen badyna, ol hat elektron guta ýerleşdirilýär, tä ol haty alyjy ol ýerden alýança şol ýerde durýar. Bu iş diňe bir näçe sekundyň döwamynda amala aşyrylýar. Bu bolsa, internet hyzmatyny ulanyjylara dünýäniň her künjegindaki adamlar bilen giýje-gündiz islendik wagtynda çalt baglanşmaga mümkinçilik berýär.

Elektron poçtany almak uçin serwerde öz salgyň bolmaly. Ol hat alýan salga meňzeş bolmaly.


  • IUHD. Merjen Mämmetnazarowa