Eýranyň Teýmiriň gol astyna düşmegi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

XIV asyrda mongollaň döreden döwletleri Altyn Orda, Çagataý ulusy, Jehanylar döwletleri birnäçe iri ýer eýeçilikli döwletlere dargapdyrlar. Bu uruşlardan peýdalanyp XIII asyrda Göçüp gelen mongollaň barlap taýpasyndan bolan Teýmirleň ýerlikli peýdalanypdyr. Ol trakmynan 1336-nji ýylda Şährisebiziň golaýynda eneden bolupdyr. Çagalykdab at münip, ýaý-ak atmaga ezbor bolupdyr. Iri ýer eýeçilikli uruşlara gatnaşyp harby tälim alypdyr. Ol dora-bara öz ýanyna gowy ýaraglanan altylary toplap abraýy artypdyr. Ol eýäm 25 ýogynda bir tümeniň welaýatyň emiri bolýär. Ol goňşyçylykda ýäşäýan emir Huseýin bilen dostlaşýär we onuň uýasyna öýlenip mydama bilen hereket edip uly ýeňiş gazanypdyr. Ol şol söwüşlen birinde agyr ýara;anyp, sag eli ýazmaz bolýar, sag ýagy bilen bolsa ölýänçä agsaklap gezmegi bolýär. Şonuň üçin hem öňa Teýmirleň, ýagny aýagy agşak ady galýär. Orslar oňä özleriçe Temirlan ady dakypdyrlar. Teýmirleň bilen Hüseýin bileleşigi Mawerennahyryň häkimi Ýlýas Hojany kowup onuň ýerini eýeläpdirler. Emma 1365-nji ýylda Ylýas Hoja yzyna goşup toplap Teýmir we Hüseýin bilen uruş edýär. Bu uruş başlanan wagty erbet ýagyş ýagypdyr we atlar, adamlar taýyp ýykylypdyr. Şonuň üçin bu uruş taryha “laýlu söweş” diýen at bilen giripdir. Bu uruşda Hüseýiniň goşuny ýaýdanmaçlyk edýär. Şonuň üçin hem Ylýas Hoja ýeňiş gazanýär. Teýmir bilen Hüseýin Balka gaçypdyrlar. Emma şäher ilaty Ýlýas Hojaň goşunlaryny ýeňişdirler. Bu habary eşiden Teýmir bilen Hüseýin ýenede Samarkandy eýeläpdirler. Bu waka 1366-njy ýylyň ýazynda bolup geçipdir.

Şu döwürden başlap Teýmir bilen Hüseýin biri-birine päsgel dredip başlapdyr. Bular indi Mamerennahyra sygman başlapdyr. Şonuň üçin Hüseýin Balka çekiligi Teýmir bilen boljak urşa taýýarlanyp başlapdyr. Teýmir Huseýne bu işinden el çekmegini haýyş edipdir. Emma Hüseýin onuň bu sözüne pitifa hem etmändir. Teýmirleň Hüseýinden öňürtjik bolup, 1370-nji ýylda Balky gabatdyr we köp güýç sarp edip şäher alýär, Hüseýini hem öldürýär. Şondan soň Teýmir ö goşunynyň gurlutaýynda bütin 00000 hany diýip ykrar edilipdir. Ol özüne Samarkandy paýtagt edinip ony bejirip başlapdyr. Bu bolsa şäheri mangollar ýykandan soňky 150-nji ýylyň dollamynda ilkinji gezek dikeldilşi bolupdyr. Şundan soň Teýmiriň 35 ýylap yzyny üzmän eden ýörişleri başlanypdyr. Ol emçeme döwletler ýöriş edýär we ol döwletleri basyp alypdyr. Ol Eýrany, Yragy, Zakawkaziýa ýurtlaryny, Müsiri, Siriýany demirgazyk Hindistany, Horezmini, Alryn Ordany we beýleki ýerleri basyp alypdyr. Ol basyp alan ýerlerinde örän erbet zalymlyk görkezipdir. Ol has hem 1382-97-nji ýyllarda Azerbaýjana, Armenistana, Gürjjustana, Toewrize, Şirwana eden ýörişlerinde aýratyn zalymlyk görkezipdir. Ol 1400-nji ýylda türk soltany Baýazit I uruşyp başlaýar. Ol siwes, Halap ýoly şaherleri boýun edgiripdir. 1402-nji ýylda Ankaraň golaýynda Teýmirleň Baýazit soltan bilen ilkinji gezek çoknyşykypdyr.

Bu söweşde Teýmirleň ýeňiş gazanypdyr. Teýmirleň bu söweşden soň 1404-nji ýylda 200000 goşun bilen Hytaýa ugrapdyr. Emma ol 1405-nji ýylda ýolda aradan çykýar we Ylataýa barýan ýöriş tagtalypdyr. Teýmirleňiň basyp alyjylykly syýasatynyň töwtamagyna diňe onuň ölümi sebäp bolupdyr. Teýmirleň ölenden soň ýurdaky syýasy ýagdaý büs bütin ürtgäpdir. Ol heniz ölmänkä öz ýerlerini ogullary Jahangire, Omar-şaha, Miranşaha, Şahruha paýlap beripdir. Ol ölenden soň täs 5 ýyllap tagt üstünde uruş gidipdir. Şol uruşlarda Teýmiriň iň kiçi ogly Şahruh tagta çykýar we deržawany taştutany bolýär. Ol 40 ýyl şa (1409-1447) bolupdyr. Şeýleikde Teýmiriň imperiýasy iş ýüzinde iki döwlete bölünipdir. Şahruhyň özi şol wagtky Harasanyň paýtagty Hyratda, ogly Ulugbek bolsa Samarkandta oturypdyr. Ulukbeg Teýmirleniň köp sanly agtyklarynyň arasynda iň uly we paýhasly döwlet işgäri, öz zamanasynyň beýik alymy bolupdyr. Onuň çyn ady Muhammet Taragaý bolup, ol 1394-nji ýylda eneden bolupdyr. 1447-nji ýylda Şahruhyň ölmegi bilen Teýmiriň imperiýasy göz-göni olargap beşlaýar. Eýýam 1453-nji ýylda Azerbaýjanda häkim edilip goýlan türkmenleriň garagoýunly dinastiýasynyň baştutany Zahanşa özbaşdaklyk yglan edip günbatar Eýrany ozone birikdirip, Teýmiritleri garşy söweşigi biljek döwlet döredipdir.

Bu döwlet barada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle ýazýar: “Garagoýunlylar döwleti 1380-nji ýylda Erzurum, Arjiş, Mosul sebitinde türkmeler tarapyndan guruldy. Bu döwleti binýat edenler Oguz hanyň Ýawa, Ýazuw, Düker, Owşar agtyklarynyň neberelerindir. Olar soltan Gara Mämmet dölwet dolandyrynda ulaltmaga başlapdyr, 1388-nji ýylda Töwriri alyp, ony paýtagt edipdir”.

“Bu döwlet Gara Yzsubyň hökümdarlygy döwründe güýçli derejä çykýar. Soltan Teýmiriň hem ölmegi bilen Garagoýunlylar sebitde iň güýçli döwlet halyna gelýärler. Gara ýusup 1409-nji ýylda Mardini eýeläp, Artyklylar döwletini syndyrýär. 1410-nji ýylda Erzinjany, 1415-nji ýylda Häzirbeýjandaky Soltanýäni alýar. Soň Bagdady eýeläp, uly döwlet derejisine ýerýärler. Hajanşanyň 1436-njy ýylda tagta gelmegi bilen ol Bagdat, Soltaniýe, Käzwiň, Pars hem Yspahan sebitleri bilen bilelekde Kermana hökümdar boldy”.

1447-nji ýylda Ulukbegiň ölmegi bilen Teýmiritler dinastiýasy tutuşlygyna dargap, uşak döwletler bölünipdir. Şeýle uruşlar Harasanda-da dowam edipdir. Şol uruşda Horosanda Soltan Soýün ýeňş gazanyp, 1459-nji 24 Npwruzynda hormatly ýagdaýda Hyrdyň tagtany eýeläpdir. Soltan Hüseýin 37 ýyl patyşalyk sürüp 1506-njy ýylda Şeýbanylar bilen söweşmäne barýarka ýolda aradan çykýär. Bu bolsa Teýmiritleriň deržawasynyň doly synagdygyny görkezipdir.

Eýran XI-XV asyrlarda dürli dölwetleň, şalyklaň gol ostyna düşüpdir. Ýöne şeýlede bolsa bu yurt şol asyrlarda-da ö baý şaherleri bolan ýagny Yspahan, Kerman, Pars, Töweriz, Astrabat we beýlikleri bilen özini dünýä tananypdyrlar. Ýagny bu şäherler dürli döwletlerde, dürli döwletiň paýtagty bolup gülläp ösüpdirler. Bu döwletlerde Eýrana dürli önümler öndüriliji daşary döwletlere satylypdyr. Ol söwna kerwen ýolunyň çatyrygynda ýerleşipdir. Bu döwletde senagat hem oba-hojalyk hem gülläp ösüpdir. Bu ýurtda XI-XV asyrlarda binagärçilik hem ösüpdir. Eýranda daşary döwletlere bugdaý, tüwi, hurma, apelsin we beýleki oba-hojalyk önümlerini äkidipdirler. Ylhanylar döwleti döwründe Eýrana Ylytaýdan dürli matalar, keramiki önümler äkelipdir we ondan öňryk Eýwropa ýurtlaryna hem kerwen bilen eltipdirler. Eýran gyzylbaşlar zamanynda-da Kaspi deňziniň üsti bilen Russiýa patyşalary bilen söwda edipdirler.