Mazmuna geçiň

Eýran-Yrak urşy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Eýran-yrak urşy sahypasyndan gönükdirildi)

Eýran-yrak urşy (1980-1988).

Eýran-Yrak urşy - September 22, 1980 - Tähran

Eýran bilen Yragyň arasyndaky serhet dawalary has öňräkden bäri dowam edýärdi. Dawa Şatt el-Arap derýasynyň üstünde barýardy. 1913, 1934, 1969, 1975-nji ýyllarda ol serhet dawalaryny düzgünleşdirmek baradaky şertnamalar dawany aradan aýyrmady.

1980-nji ýylyň sentýabrynda Eýran bilen Yragyň arasynda uruş başlandy. Yrak goşuny birbada üstünlikli hereket edip, 110 km-e çenli Eýranyň territoriýasyna süsňäp girip, Horremşehri basyp alypdyr. Emma tizlikde taraplaryň güýçleri deňeçerleşip, uruş surnukdyryjy häsiýete geçdi. Taraplaryň hiç birisi-de söweşlerde artykmaçlyk gazanyp bilmedi.

Yrak ýaraglanyşykda we awiasiýada, Eýran bolsa adam güýjünde (3:1) garşydaşyndan rüstemdi. Ýaraglanyşyk üçin ummasyz çykdajylar edilýärdi. 1986-njy ýylyň ahyryna çenli Yrak ýarag we harby enjamlary satyn almak üçin 55 mlrd dollar, Eýran bolsa 25 mlrd dollar harçlady.

„Portlaryň we şäherleriň urşy“ adyny alan bu uzaga çeken uruş taraplary halys surnukdyrypdy. Taraplara töwella etmekde BMG-niň baş sekretarynyň ýörite wekili, Şwesiýanyň premýer-ministry Ulof Palme uly rol oýnapdy. 1987-nji ýylda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi eýran-yrak urşyny bes etmek barada 598-nji rezolýusiýany kabul etdi. EYR-yň hökümeti 1988-nji ýylyň 18-nji iýulynda ony ykrar etdi. Awgust aýynda uruş hereketleri togtadyldy. Emma entek uruş jemlenip, ýaraşyk şertnamasy baglaşylmandy. Uruş resmi ýagdaýda 1990-njy ýylda eýran-yrak şertnamasynyň baglaşylmagy bilen ýatyryldy. Uruş huç hili netijesiz we ýeňijisiz gutardy.

Eýran-yrak urşunda 1 mln-dan gowrak adam ýogaldy. Uruş Eýranyň gaýtadan işleýän senagatynyň 60%-ni hatardan çykarypdy, Urşuň her bir ýyly 13-14 mlrd dollara düşýärdi. Urşuň ýetiren maddy zyýany ikisine bilelikde 400 mlrd dollara düşdi.