Darwinizm

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Darwinizm bilim dünyäsinde giňden kabul görsede, esasan hem soňky ýyllarda genetika, molekulyar biologiya, biohimiya we antropologiýa ýaly ylym pudaklary esasynda Darwinizmiň kritikalary yöredilyär. Meselem:

1. Janlylar arasynda hromosoma sanawyna dayanyp garyndaşlyk bagy gurulmagy kyndyr. Çünki çylşyrymly diylip kabul edilen bir janlynyň hromosoma sany pes gurluşly diylip kabul edilen janlydan az sanawa eýe bolup bilyär. Meselem bir öyjüklilerden Radiolýariýada hromosoma 800 bolsa, deňiz yyldyzynda 94, adamda bolsa 46-dyr.

2. Ýerýüzünde geologik döwürler boyunça birbirinden tapawutlanýan dürli organizmler ýüze çykyp, bularyň bir bölegi hiç üýtgemän günümize çenli gelip ýeten bolsa, käbirlerem belli bir döwür ýaşap durmuş sahypasyndan çekilendir. Bärde dykgaty çekýän zat hem, çylşyrymly gurluşly organizmleriň ýuwaş-ýuwaşdan Yerýüzünde görülmegidir. Yöne bärde iki ähtimal garşymyza çykar: Ýa çylşyrymly janlylar, özlerinden ozalky döwürlerde yaşan pes gurluşlylardan kem-kemden hasyl bolandyr ýa-da kem-kemden gowlaşan ýerýüzünde şol gurşawa uýgun, öz ýaşaýyşyny we neslini dowam etdirjek belli bir potensialda ýaradylandyr.

Eger janlylar birbirinden emele gelen bolsa buda kem-kemden bolup geçendir. Meselem balykdan gurbaga emele gelen bolsa birinji etapda gurbaga meňzeşligiň 100-de 10, soňra 100-de 20, soňra bolsa 100-de 30 şeklinde dowam etmegi gerekdir. Şeýlelikde balyk bilen gurbaga arasynda birnäçe geçiş formasynyň tapylmagyna garaşylar. Her görnüş üçin iň azyndan birnäçe geçiş formasynyň bolmalydygy dykgata alynsa, Ýeryüzündäki ösümlik we haywan görnüşiniň birnäçe essesi, ýagny müňlerçe geçiş formasy yaşan bolmalydyr. Yöne welin millionlarça, hatda milliardlarça galyndy tapylmagyna garamazdan, geçiş formasy hökmünde öňe sürülen materiallar ýok diyjek yaly azdyr we bularyň hem bugünki pozisiyasy jedellidir. (Geljekki bölümlerde bu tema giňişleyin ýer beriler)

Piller bilen begomotlar, antilop bilen žyraflar we beyleki birgiden görnüşler arasynda geçişi görkezyän ýekejede galyndy mysaly yokdur.

Sintetik Darwinizmiň gurujylaryndan Ernst Meýeriň hem bu barada dile getiren şu setirlerini nygtamakda örän peyda bar:

"Poleontologlar uzyn wagtlap Darwiniň kiçi böküşler bilen üytgeyjilik şertiniň poleontologiyasynyň tapyndylary bilen çatyşýandygynyň habarynda. Filumlara degişli çyzgylar barlanylanda örän kiçi böküşlere degişli üytgeyjilikler görülyär, yöne bu üytgeyjilikler bir görnüşi başga bir uruga (genus) öwürjek derejede däl we täze bir görnüşiň köküne degişli düşündiriş berip bilenoklar. Hakykatda galyndy ýazgylarynda täze her görnüş ähli wagt birden yüze çykyar."[1]

Ewolýusionistleriň galyndylar üstünde spekulýasiyalar edip geçiş formasy hökmünde dünyä tanadan käbir mysallarynyň ýalan çykandygynam bellemek gerek. Bilim taryhynyň iň uly skandaly Piltduanly adam munuň aydyň subutnamasydyr.

Tebigat we janlylarda ähli wagt üytgeyjilik bardyr. Yöne çäksiz bir üytgeyjilikden söz edip bolmaz, görnüş içi üytgeyjilik bardyr we janly görnüşleriniň durmuşda galmagy, dürli gurşawlara uygunlaşyp bilmegi üçin gereklidirem. Ewolyusion manysynda ullanylan üytgeyjilikde, Ýaradyjynyň yokdugy bellenilip, bütin janlylaryň yzygider halda we birbirinden meydana gelendigi öňe sürüler. Munyaly bir pikiriň hiçbir ylmy gymmaty yokdur we dolulygyna ateist ideologiya bagly pozitiwist filosofiyanyň bir önümidir.

3. Her bir görnüşiň erkek we urkaçy agzalardan durmagy we bularyň jübütleşip bilmek üçin gerekli köpeliş organlaryna eye bolmagy ewolyusionistleriň öňündäki iň uly meselelerden biri bolmaga dowam edyär. Käbirleri jynslar bilen bagly meselä seçgi bilen jogap getirjek bolsada, seçgi bar bolan osoblar arasynda amala aşar, täze genetiki maglumat emele getirmez. Yagny jynslar hiçbir wagt tebigy seçgi bilen emele gelip bilmez. "Iň möhüm sorag jynsy köpelişiň nädip emele gelendigi barada. Ýyllap orta goyulan bütin çaklamalara garamazdan muny heniz bilemzok"[4] diyen Nature dergisiniň redaktory John Maddoksyň hem kabul edişi ýaly, esasanda erkek bilen urkaçy jynsyň arasynda birbirini özüne çekmek ýaly hadysalaryň nädip emele gelendigi ýaly yüzlerçe soraga ewolyusionistleriň düşündirişlerinde jogap gözlemegiň manysy yokdur. Adam barlygynyň orta çykyşyna hem ewolyusion üytgeyjilikler netijesinde diylip baha berilsede, adamyň haçan we nädip "Erkek" we "Ayal" hökmünde tapawutlanandygyny, has dogrusy "Erkek" bilen "Aýalyň" gerek emosional, gerek biologik taydan birbirine zerurlygynyň, şol sanda sazlaşygynyň haçan, nädip we haýsy gurşawlarda emele gelendigini ewolyusionist logika bilen düşündirip bolmaz.

[1] Ernst Mayr, One Long Argument:Charles Darwin and Genesis of Modern Evolutionary Thought, Harvard University Press, Cambridge, Massachusetts, 1991, s. 13

[2] Antony Flew, There Is a God, s. 111.

Materialistik düşündirişler bilen çäklendirilen bilim.[düzet | çeşmäni düzet]

1. Öyjügiň kompleks gurluşy.

Suwda belok sintezlenmez.

Suw meselesi garşysynda bir başga netijesiz gayrat: Sidney Foksyň teoriyasy.

Milleriň tejribesi.

Bir başga ewolyusion çyrpynyş: "RNK Dünyäsi".

2. Biröyjüklilerden köpöyjüklilere geçiş senariyasynyň mümkin däldigi.

Çäresizlikden öndürilen bir aldaw: Endosimbioz teoriyasy.

Junk DNK (Psewdogenler) spekulyasiyasynyň çöküşi.

1. ILKINJI JANLY ORGANIZMLER DÖREDIMI, ÝA-DA ÝARADYLDY?

Himiki ewolyusiyanyň iň möhüm ady hasaplanan Rus biohimigi Aleksandr Oparindan soňra ewolyusionistler janly bir öyjügiň tötänlikler bilen döräp biljegini subut etmek üçin sanawsyz barlag we gözegçilik geçirdiler. Esasan hem Stenli Milleriň 1953-nji ýylda üç sany aminokislotany sintezlemeginden (Miller tejribesiniň üstünde geljekki bölümlerde giňişleyin durup geçeris) soňra DNK we RNK üstünde barlaglar güyçlendirildi. Yöne geçirilen ähli barlaglar öyjükdäki kompleks gurluşy hasda äşgär şekilde orta goyup, himiki ewolyusiyany bu barada hasda krizisa saldy. Germaniýadaky Biohimiya institudynyň müdiri Professor Klaus Dose bu lapykeçligi şeyle düşündirýär:

"Himiki we molekulyar ewolyusiya bölümlerinde geçirilen 30 ýyllyk barlaglar dünyä üstünde ýaşaýyşyň başlangyjy soragyny çözmekden zyýada, hasda içinden çykylmaz bir hala getirdi. Şuwagt bu bölümdäki ähli teoriya we barlaglar ya üstünsizligini boyun alyar yada bir krizisa giryär."[1]

Öyjügi şuwagtlykça bir kenara goýalyň, çünki ewolyusionistler öyjügiň iň kiçi bölegi garşysynda hem çäresizdir. Öyjügi düzyän yüzlerçe dürli kompleks belok molekulasyndan birisiniň hem tebigy şertlerde emele gelmeginiň ähtimaly yokdur.

Beloklar aminokislota ady berlen has kiçi molekulalaryň belli bir sanawda we dogry bir şekilde düzülmekleri bilen emele gelyän uly molekulalar bolup, iň pesleri ortaça 50 aminokislotadan durýan beloklaryň müňlerçe aminokislotadan durýan görnüşlerem bardyr. Işiň möhüm tarapy bolsa: Beloklaryň gurluşundaky ýeke bir aminokislotanyň kemelmegi, ýeriniň üytgemegi ýada zynjyra ýeke bir aminokislotanyň artyk goşulmagy, o belogy işe ýaramayan bir molekula toplumy halyna getirer. Beloklaryň gurluşunda bar bolan 20 dürli aminokislotadan her biriniňem diňe çep elli aminokislota bolmagy gerekdir. Himiki taydan her bir aminokislota molekulasynyň hem sag elli (dekstro) hemde çep elli bolmak bilen iki görnüşi bar bolup, her iki görnüşem birbiri bilen baglanyp bilerler. Yöne geçirilen barlaglarda täsin bir hakykat orta çykdy: Iň pes organizmden iň kompleksine çenli bütin janlylardaky beloklar diňe çep elli aminokislotalardan durýar. Belogyň gurluşuna goşuljak ýeke bir sag elli (dekstro) aminokislota hem o belogy işe ýaramaýan hala getirer. Beloklaryň nädip bularyň içinden diňe çep ellileri seçýändikleri we nädip aralaryna hiçbir sag elli aminokislotanyň garyşmadygy hem ewolyusionistleriň hiçbir düşündiriş berip bilmedikeri temalardan birisi hökmünde galandyr.

Yagny peydaly bir belogyň emele gelmegi üçin muny düzyän aminokislotalaryň belli bir sanawda, kemçiliksiz bir yzygiderlilikde we aýratyn bir üç ölçegli şekle uygun bolup birleşmeklerem indi ýeterlik bolman, bütin bularyň ýany bilen bu aminokoslotalaryň ählisiniň çep elliler arasyndan seçilen bolmagy, içine ýekejede sag elli aminokislotanyň garyşan bolmazlygam gerekli. Çünki yzygiderlige garyşan ýalňyş bir sag elli aminokislotanyň ýalňyşdygyny kesgitläp ony yzygiderlikden çykarjak her haýsy bir tebigy mehanizm hem yokdur.

Glazgo uniwersitedinden himik we molekulyar biolog Grem Kerns Smit bu barada şu sözleri dile getirýär:

"Bäş milliard ýyl ozal Ýeryüzi dolulygyna aminokislota bilen doly bolup, dünyäniň taryhy boyunça bütin bu aminokislotalar her sekuntda 10 gezek birleşseler, ýeke bir belok molekulasynyň, meselem diňe bir insulin molekulasynyň tötänleyin bolup meydana gelmeginiň ähtimaly nola ýakyn derejede pes bolardy."[2]

Şol sebäpdenem ewolyusionistler molekulýar ewolyusiyanyň örän uzyn wagt dowam edendigini we bu zamanyň mümkin däli mümkin hala getirendigini öňe sürerler. Emma näçe uzyn wagt berilse berilsin, aminokislotalaryň öz-özünden belok emele getirmekleriniñ ähtimaly yokdur. Amerikaly geolog William Stokes "Essentials of Earth History" atly kitabynda bu hakykady kabul eden mahaly, "Eger milliardlarça ýyl boyunça, milliardlarça planetanyň üsti gerekli bolan aminokislotaly konsentrirlenen suw gatlagy bilen doly bolsady, ýenede (belok) emele gelip bilmezdi" diyip yazandyr. [3]

Bütin bu mümkin dälliklere garamazdan ýeke bir belok molekulasynyň emele gelendigini kabul edeliň. Janly bir öyjük döredimi? "Elbetde Yok". Sözi edilyän belok ultramelewşe şöhleleri ýaly güyçli mehaniki täsirlere garamazdan hiçbir bozulma ugraman, sabyrlylyk bilen öyjük üçin gerekli bolan ortaça 300 sany dürli belogyň tötänleyin emele gelmegine garaşmaly... Tä öyjügi emele getirjek uygun we gerekli beloklaryň ählisiniň "tötänleyin" we şol bir ýerde emele gelmegine çenli. Aralaryna hiçbir nätanyş madda, zyýanly bir molekula, işe ýaramayan belok zynjyram garyşmaly däldir. Has dogrusy bu organeller gerekli fermentleri hem ýanlaryna alyp bir gabyk bilan gaplansalar, bu membrananyň içem bulara kämil gurşawy üpjün etjek aýratyn bir suwuklyk bilen dolsady, ýagny bütin bu mümkin däl hadysalar amala aşsa hem, bu molekula toplumy janlanyp bilerdimi?

Jogap ýene "Yok"dyr. Çünki barlaglar ýaşaýyş üçin diňe bir janlylarda bolmagy gerek bolan maddalaryň bir ara gelen bolmagynyñ ýeterlik däldiginem görkezdi. Yaşayyş üçin gerekli bolan ähli beloklar toplanyp bir tejribe turbasyna goýulsa hem, ýenede janly bir öyjük ele geçirmek mümkin bolmady.

Şonuň bilen birlikde öyjük hiçbir wagt bir belok toplumyndanam ybarat bolman, öyjügiň içinde beloklaryň ýany bilen nuklein kislotalary, uglewodlar, lipidler ýaly başgada birgiden himiki maddalar gerek gurluş, gerek wezipe taydan belli bir ölçegde, belli bir düzgünlikde ýer alarlar. Her birem birgiden dürli organelleriň içinde esas we kömekçi molekula bolup işlärler.

Onda bütin bular näme mana geler? Bu soragyň jogabyny 1981-nji ýylyň 12-nji noýabrynda "Nature" dergisinde bir janly öyjüginiň öz-özünden döremegi bilen, ýerde ýatan döwük-ýenjik böleklerine gabat gelen bir tupandan soňra uçan (demir) bölekleriniň tötänleyin bolup bir Boeing 747 uçaryny emele getirmeginiň arasynda tapawudyň yokdugyny aýdan iňlis matematik we astronom, şol sanda özi hem bir ewolyusionist bolmagyna garamazdan hakykaty aýtmakdan çekinmeyän Sir Fred Hoyl'den diňläliň:

"Aslynda ýaşaýyşyň (ilkinji janly organizmleriň) beýik bir barlyk tarapyndan meydana getirilendigi örän äşgärdir welin, bu äşgär hakykadyň näme üçin giňden kabul edilmedigi adamy gyzyklandyrýar. (Pikirimçe) munuň sebäbi ylmy däl, psihologikdir."[4]

Öyjügiň öz-özünden döremeginiň mümkin däldigini görkezyän beýleki subutnamalar:

Suwda belok sintezlenmez. Teoriýany bu meselede iň krizisa salan mesele bolsa suwda belogyň sintezlenilip bilinmeyänligidir. Aminokislatalar belok emele getirmek üçin himiki taydan birleşyän mahaly aralarynda peptid bagy diyilyän aýratyn bir bag gurarlar. Bu bag gurulýan mahaly bir suw molekulasy bölünip çykar. Bu kanun ýaşaýyşyň okeanlarda orta çykandygyny öňe süren ewolyusionist düşündirişi kesgitli şekilde ýykandyr. Çünki himiýada "Le Şatelýe Prinsipi" diylip bilinen kanuna görä suw bölüp çykarýan bir reaksiyanyň (kondensasiya reaksiyasy) suwy öz içine alýan bir gurşawda netijelenmegi mümkin däl.

Himiki taydan aminokislotalary bir zynjyr bolup birbirine baglamak üçin iň erbet gurşaw ewolyusionistleriň öňe süren suwa esasly "başlangyç bir çorba" ýada suwuň aşagyndaky gidrotermal ýaryklardyr. Çünki "Iki aminokislota suwda öz-özünden bir ara gelmez. Tersine, termodinamiki taydan bu reaksiyanyň tersi amala aşar". Bir başga söz bilen aýdylanda suw, belok zynjyrlaryny aminokislotalara barýança böler. Ewolyusionistler bütin teoriyalaryny çüyreden bu "suw meselesine" Sydney Foks başda bolmak bilen, täze teoriyalar öndürselerde, bularyň hem hiçbirisi Darwinizm üçin çykyş gapysy bolup bilmedi.

Darwinizmiň öyjügiň nädip dörändigi soragyny düşündirip bilmezliginiň iň esas sebäplerinden ýene birisem öyjügiň "kemeldilmejek komplekslik" alamatyna eýe bolmagydyr. Bir janly öyjügi köp sanawdaky kiçi organelleriň uygun şekilde işlemegi bilen ýaşar we bu bölekleriň biri hem bolmasa ýaşaýşyny dowam etdirip bilmez. Öyjügiň tebigy seçgi we mutasiyalar ýaly aňsyz mehanizmleriň, özüni ösdürmegine, ýagny kämil hala getirmegine garaşmak ýaly bir mümkinçiligi yokdur. Öyjük üçin gerekli bolan kompleks molekulalaryň ählisiniň şol bir wagtda we şol bir ýerde bar bolmagam zerur bolup, bu meseläniň garşysynda-da ewolyusionistler dolulygyna çäresizdir. Stenli Miller bilen Francis Crick'iň dosty bolan ewolyusionist Dr. Leslie Orgel hem bu hakykady şu sözler bilen kabul edyär:

"Soňky derejede kompleks gurluşlara eýe bolan beloklaryň we nuklein kislotalarynyň (RNK ve DNK) şol bir ýerde we şol bir wagtda tötänleyin emele gelmekleri aşa derejede ähtimal daşy. Yöne bularyň birisi bolman beylekisini ele geçirmegem mümkin bolmandygy üçin, dogrusy adam, yaşaýyşyň himiki yollar bilen orta çykmagynyň hiçwagt mümkin bolmadygy netijesine barmak zorunda galýar".[5]

Gysgaça aydylanda beloklar, DNK, ribosoma, öyjük yadrosy we öyjükdäki ähli beyleki organelleriň şol bir wagtda bar bolmagy gerekdir. Elbetde bu, öyjügiň ýaradylan bolmagy diymekdir.

Bütin bu hakykatlaryň orta goyuşy ýaly, R. Dokinz ýaly ewolyusionistleriň "ýaşaýşyň öz-özüni köpelmek ukybyna eýe bir molekula bilen orta çykandygy" pikiri, hakykada gabat gelmeyän bir aldawdyr. Adam öyjügindäki hiçbir molekula, beyleki molekulalaryň kömegine zerurlyk duyman, öz-özüni döretmek ukybyna eýe bolup bilmez. Cambridge uniwersitedinden bilim Pelsepesi Professory Stiwen Meyer "Signature in the Cell" atly kitabynda muny şu setirler bilen beyan edyär:

"DNK'nyň gurluş we wezipeleriniň orta çykan 1950-nji yyllary we 1960-njy yyllardan başlap ýaşayyş bilen bagly radikal düşünje ösmäge başlady. Molekulyar biologlaryň tapan zady DNK'nyň diňe bir maglumat daşamaýandygydy. Biologlar DNK baradaky bu açyşyň yzyndan janly organizmleriň genetiki maglumaty işläp bilmegi üçin sistemalara eýe bolmagy gerekdiginden şüphelendiler. Bir diskiň içine saklanan maglumaty o diski okaýan bir enjam (DVD) bolman işe ýaramaýşy ýaly, DNK-nyň içindäki maglumat hem öyjügiň maglumaty okama sistemasy bolman işe ýaramaz. Richard Lewontiniň (hem) belleyşi ýaly "Hiçbir janly molekula öz-özünden köpelip bilmez... Öyjükler diňe bir bütin bolup, öz-özüne köpelmek üçin gerekli sistemalara eýe bolup bilerler...[6]

Janlylygyň orta çykyşyna jogap gözleyänler.

Ewolyusionistler tarapyndan ilkinji janly öyjük nädip orta çykan bolup biler soragyna barlaglar bilen jogap bermäge çalyşyldy. Soragy jogaplamak üçin käbir labaratoriya barlaglary geçirildi. Tema barada ewolyusionistleriň iň köp -belkide ýeke täk- üns beren barlagy bolsa 1953-nji ýylda Amerikaly Stenli Miller tarapyndan geçirilen Miller tejribesi boldy.

Ewolyusion ösüşiň ilkinji basgançagy hökmünde öňe sürlen himiki ewolyusiya tezisini subut etmek üçin ýeke täk (sözde) subutnama ine şu tejribedir. Aradan ýarym asyr geçmegine we tehnologiyalarda uly ösüşleriň amala aşmagyna garamazdan bugün entegem ders kitaplarynda janlylygyň ewolyusion düşündirişi hökmünde Miller gipotezasy ýer alar.

Stenli Milleriň maksady milliardlarça ýyl ozalky jansyz dünyäde beloklaryň esasy bolan aminokislotalaryň tötänleyin emele gelip biljegini görkezýän bir subutnama orta goýmakdy. Miller öz tejribesinde ilkinji dünyä atmosferasynda bardyr diyip pikir eden- soňralary bolsa ýokdugy bilinen- ammiak, metan, wodorod we suw buglaryndan durýan bir gaz garyndysyny ullandy.

Miller bu gaz garyndysyny bir hepde boyunça 100°C-da gaýnatdy, beýleki tarapdanam elektrik akymyny işe girizdi. Hepdäniň soňunda garyndydaky himiki maddalary ölçäp, beloklaryň esasyny düzyän 20 dürli aminokislotadan üçüsiniň sintezlenendigini gördi.

Barlag ewolyusionistler üçin uly bir begenç döretdi we örän uly bir üstünlik hökmünde görkezildi. Hatda käbir ýaýlymlar Miller ýaşaýşy ýaratdy şeklindäki sözler bilen hasda aşa gitdi. Emma, Milleriň sintezlän zady diňe bir üç sany jansyz molekuladan ybarat bolup, dört tarapdan güyjüni ýitiren bir labaratoriya tejribesinden başga zat däldi.

Miller tejribesiniň güyjüni gaçyran hakykatlar.

1. Miller tejribesinde sowuk duzak (cold trap) atly bir mehanizm ullanyp aminokislotalary emele gelen wagtynda izolirledi. Eger şeytmese, gurşaw şertleri bu molekulalary emele gelen badyna yok etjekdi. Ilkinji dünyä şertlerinde bolsa elbetde munýaly mehanizmler yokdur. Hemem Miller sowuk duzak yerleşdirmän geçiren ozalky barlaglarynda yekejede aminokislota ele geçirip bilmedi.

2. 1980-nji ýyllarda alymlar ilkinji atmosferada metan bilen ammiak ýerine azot we kömürturşy gazynyň bolandygy barada ylalaşandyklary üçin Milleriň tejribesindäki gurşawyň ilkinji atmosfera gurşawyna laýyk gelmeyändigi yüze çykdy. Uzyn wagtlap dowam eden bir sessizlikden soňra Milleriň özi hem ullanan gurşawynyň ilkinji atmosfera guşawyna laýyk gelmeyändigini boyun aldy.[7]

Biolog David Deamer "Microbiology & Molecular Biology Reviews" atly dergide çap eden makalasynda Miller modeliniň problemalaryny şeyle beyan etdi:

"1970-leriň soňlarynda öňki atmosferanyň ähtimallyk bilen wulkanik gelip çykyşly we düzüm bölekli bolandygy, Miller-Ýuri modelinde bardygy pikir edilen gazlaryň garyndysyndan zyýada uly ölçegde kömürturşy gazy we azotdan durýandygy gitdigiçe aydyň bir hala gelende, optimistik surat hem üytgemäge başlady. Kömürturşy gazy mümkin bolan monomerlere yol açan baý sintetik yollar toplumyny goldamaz".

Gysgaça aydylanda Milleriň öz tejribesinde ullanan ammiak gazy bolmasa ýekeje aminokislota sintezlemegem mümkin däldi. Soňky maglumatlar bolsa dünyäniň irki wagtlarynda örän gyzgyn bolandygyny, atmosferanyň esasan azot, kömürturşy gazy we suw buglaryndan durýandygyny yüze çykardy.

3. Miller tejribesiniň güyjüni gaçyran bir başga möhüm hakykat bolsa dünyäniň irki döwürlerinde atmosferada aminokislotalaryň ählisini ýok etjek derejede kislorodyň bolmagydy. Milleriň gözden gaçyran bu hakykady yaşlary 3.5 milliard diylip hasaplanan daşlardaky okislenen demir we uran galyndylary arkaly bilindi. [8]

Kislorod mukdarynyň bu döwürde ewolyusionistleriň pikir edişinden hasda ýokarydygyny görkezyän başga subutnamalaryňam tapylmagy bilen birlikde, barlaglar ilkinji atmosfera döwürlerinde dünyä örän köp mukdarda ultramelewşe şöhlesiniň düşendiginem görkezdi. Bu güyçli ultramelewşe şöhleleriniň atmosferadaky suw bugy bilen kömürturşy gazyny aýyryp kislorody yüze çykarjakdygy üçin, kislorod dykgata alynman geçirilen Miller tejribesini ýene bir gezek krizisa saldy. Çünki barlagda kislorod ullanylan bolsa metan, kömürturşy bilen suwa, ammiak bolsa azot bilen suwa öwrüljekdi. Beyleki tarapdan kislorodyň bolmadygy bir gurşawda heniz ozon gatlagy yoklugy sebäpli ultramelewşe şöhlelerine sezewar bolan aminokislotalaryň yok ediljegi mälimdir. Yagny ilkinji dünyä şertlerinde kislorod bolsun ýada bolmasyn, gurşaw şertleri aminokislotalar üçin öldüriji bir gurşawdyr.

4. Miller tejribesiniň netijesinde janlylaryň gurluş-funksiyalaryny bozujy alamatlara eýe organiki maddalar hem bol mukdarda emele geldi. Aminokislotalar izolirlenmän bu himiki maddalar bilen bir gurşawda goyulmagy halynda bu maddalar bilen himiki reaksiya girip ýa yok bolarlar ýada başga madda öwrülerler. Tejribe netijesinde bol mukdarda dekstro (sag elli) aminokislotalar hem yüze çykdy. Dekstro aminokislotalar janlylarda ullanylmayan aminokislotalardyr.

Netije hökmünde Milleriň tejribesi aminokislota sintezlemäge ugrukdyrylan gözegçilikli bir labaratoriya tejribesidir. Ullanylan gazlaryň görnüşleri we ölçegi aminokislotalaryň emele gelip bilmegi üçin iň kämil şekilde guralandyr. Tejribä berilen energiya mukdary ne az, ne köp, reaksiyalaryň bolup geçmegini üpjün etjek derejededir. Dünyäniň ilkinji wagtlarynda bar bolan we reaksiyanyň gidişini üytgetjek hiçbir element, mineral, madda hem tejribä goşulmady. Okislenme sebäpli aminokislotalaryň barlygyna rugsat bermejek kislorod bulardan diňe biridir. Has dogrusy taýynlanan kämil labaratoriya şertlerinde hem "sowuk tuzak" (cold trap) diylen mehanizm bolman aminokislota ele geçirmek başartmady.

Miller tejribesi bilen ewolyusionistler aslynda öz teoriyalarynyň hyýaldan ybaratdygyny görkezdi. Çünki tejribe aminokislotalaryň diňe ähli şertleri kämil şekilde guralan labaratoriya gurşawynda ele geçirilip bilinjegini yüze çykardy. Yagny janlylygy orta çykaran zat tötänlikler däl, ýaradylyşdyr. Işiň geň galdyryjy tarapy bolsa, Milleriň tejribesine goşant goşan Gorald Ýuriniň öziniň hem bu barada şu setirleri dile getirmegidir:

aşaýyşyň gelip çykyşyny gözleyän bizler, bu temany näçe köp gözlesek gözläyli, ýaşaýyş haýsyda bolsa bir ýerde emele gelip bilmejek derejede kompleks bolsada, ählimiz bir ynanç pelsepesi hökmünde ýaşaýyşyň bu planetanyň üstünde bir öli maddadan emele gelendigine ýnanyarys. Emma kompleksligi şeyle bir uly welin, nädip emele gelendigini hyýal etmek hem zor." [9]

Bir başga ewolyusion çyrpynyş: RNK Dünyäsi.

1970-nji yyllarda ilkinji dünyä atmosferasynda bar bolan gazlaryň aminokislota sintezini mümkin däl hala getirendiginiň yüze çykmagy, ýagny Miller, Ponnamperuma ýaly ewolyusionist tejribeleriniň güyjüniň gaçmagy molekulyar ewolyusiya üçin uly bir urgy boldy. Şol sebäpdenem ilki başda beloklaryň däl, beloklaryň maglumatyny göteryän RNK molekulasynyň emele gelendigini öňe süren "RNK Dünyäsi" atly senariya orta atyldy. 1986-njy ýylda Garwardly himik Walter Gilbert günümüzden milliardlarça ýyl ozal her niçigem bolsa öz-özüni döretmäge ukyply bir RNK molekulasynyň tötänleyin bolup öz-özünden emele gelendigini öňe sürdi. Pikire görä bir wagt soňra bu RNK molekulasy belok öndürmäge başlady. Has soňra maglumaty ikinji bir molekulada saklamak zerurlygy dogup, her niçigem bolsa hyýaly bir şekilde DNK molekulasy orta çykypdy. Her bir basgançagy aýry bir mümkin dällik zynjyry bolan bu hyýal etmegi hem kyn senariya, ýaşaýşyň başlangyjyna düşündiriş getirmekden zyýada,  ewolyusionistler üçin meseläni hasda ulaltdy. Çünki:

1. RNK-ny emele getiren nukleotidleriň ýeke biriniňem emele gelmegi tötänlikler bilen düşündirilip bilinmeyän mahaly, hyýaly nukleotidler nädip uygun bir yzygiderlikde bir ara gelip RNK-ny emele getirdi? John Horganyň bellemegine görä:

"Gözlegçiler RNK dünyäsi düşünjesini güyçli şekilde öwrendigiçe gitdigiçe has köp sorag orta çykýar... RNK we onuň bölekleriniň labaratoriyada iň gowy şertlerde sintezlenmegem örän zor mahaly, munuň prebiotik gurşawda amala aşmagy nädip mümkin bolandyr?"[10]

2. Tötänleyin emele gelendigini pikir etsek hem, diňe bir nukleotid zynjyryndan ybarat bolan bu RNK haýsy bir akyl bilen öz-özüni döretmäge karar berip, haysy bir mehanizm bilen bu işi başardy? Has dogrusy öz-özüni döredyän mahaly ullanjak nukleotidlerini nireden aldy?

3. Öz-özüni döretmäge ukyply bir RNK emele gelendigini we gurşawda RNK-nyň ullanyp biljegi her dürli aminokislotadan sanawsyz mukdarda bar bolup, bütin bu mümkin däl hadysalaryňam bir şekilde amala aşandygyny pikir etsek, bu ýagdaý ýenede ýekeje belok molekulasynyň emele getirip bilermi?. Elbetde Ýok. Çünki RNK diňe bir belogyň gurluşy bilen bagly maglumat çeşmesidir. Aminokislotalar bolsa esas maddadyr. Yöne ortada belok öndürjek mehanizm ýokdur. RNK-nyň barlygyny belok öndürmek üçin yeterli görmek, bir maşynyň kagyz üstüne çyzylan çyzgysyny şol maşyny emele getirjek bölekleriň üstüne atyp, yzyndanam maşynyň öz-özinden emele gelmegine garaşmak bilen deňdir.

Bir belok öyjük içindäki örän kompleks işler netijesinde we köp sanawdaky fermendiň kömegi arkaly ribosoma ady berlen fabrikada öndüriler. Ribosomanyň özem beloklardan emele gelen kompleks bir öyjük organelidir. Şeylelikde ribosomalaryň bar bolmagy üçin beloklara, beloklaryň bar bolmagy üçinem ribosoma mätäçlik bardyr.

4. Gün şöhlesi, gyzgynlyk, himiki hapalanmalar we beyleki dürli energiya çeşmeleri molekulalaryň gönimen bozulmagyna sebäp bolýandygy üçin bir RNK molekulasynyň öyjügiň daşyndaky gurşawda goranmagam mümkin däl.

Ewolyusionist bolmagyna garamazdan Leslie Orgel "Ýaşaýyşyň RNK dünyäsi bilen başlap bilmeginiň" ähtimaly üçin senariya sözüni ullanýar. Orgel bu senariyanyň mümkin däldigini American Scientist dergisindäki "The Origin of Life on the Earth" atly makalada şeyle beyan edýär:

"Bu senariyanyň amala aşyp bilmegi üçin, ilkinji dünyä atmosferasyndaky RNK-nyň bugünki RNK-da bar bolmayan iki aýratynlyk götermegi gerek: Beloklaryň kömegi bolman öz-özüni döretmek aýratynlygy we belok sinteziniň her bir basgançagyny amala aşyrmak aýratynlygy."[11]

Orgeliň şert goyan bu iki aýratynlygy RNK ýaly bir molekuladan garaşmak diňe ewolyusionist bir hyýal güyji bilen mümkin bolup biler. Anyk ylmy hakykatlar bolsa ýaşaýşyň tötänlikler bilen dogandygy düşünjesiniň täze bir wersiyasy bolan "RNK Dünyäsi" tezisiniň, amala aşmagynyň ähtimaly bolmayan ozalky ertrekileriñ dowamydygyna güwä geçyär.

Ewolyusionistleriň Miller tejribesi ýaly gaýratlarynda subut etmäge synanyşan zatlary jansyz materiyanyň öz-özüni düzgünläp, organizasiýalap, kompleks bir janly barlyk meydana getirip biljekdigi ugrundaky yalňyş bir ynançdyr. Bu anyk bilime ters bir ynançdyr, çünki bütin gözegçilik we barlaglar materiyanyň munýaly bir ukybynyň bolmadygyny görkezendir. Sir Fred Hoyl materiyanyň öz-özüne yaşaýşy döredip bilmejekdiginem şu mysal bilen beyan edendir:

"Eger hakykatdan materiyanyň içinde ony ýaşaýyşa tarap iten bir içki-prinsip bolsady munuň labaratoriýada aňsatlyk bilen görkezilip bilinmegi gerekdi. Meselem bir gözlegçi ilkinji çorbany aňladyan bir yüzme howzuny barlag üçin ullanyp biler. Munýaly bir howzy her dürli jansyz himiki maddalar bilen dolduruň. Oňa isleyän her dürli gazyňyzy ýada her dürli radiasiyaňyzy beriň. Bu barlagy bir ýyl boyunça dowam ediň we (ýaşaýyş üçin gerekli bolan) 2000 fermentden näçe sanysynyň sintezlenendigine gözegçilik ediň. Men size jogaby şuwagtdan bereyin: Anyk hiçbir zat tapyp bilmersiňiz, belki emele geljek birnäçe aminokislota we beyleki yönekey himiki maddalardan başga."[12]

2. BIRÖYJÜKLILERDEN KÖPÖYJÜKLILERE GEÇIŞ MÜMKINMI.

19-njy asyryň soňlary we 20-nji asyryñ başlarynda mikrobiologlar ýaşayyşyň esasyny düzyän öyjükleriň  pikir edilişiniň tersine, hasda kompleks bir gurluşa eýediklerini gördiler. Iň täsin hadysalaryň biri bolsa käbir öyjükleriň beylekilerinden has uly we içki gurluşlarynyňam has kompleks gurluşa eýe bolmagydy. 1923-nji ýylda Edouard Chatton uly we has kompleks öyjükleri eukariot, has kiçi we gurluş taydan pesleri bolsa prokariot öyjük diyip atlandyrdy.

Eukariot öyjükler organel ady berlen we dürli funksiyalary ýerine ýetiryän gurluşlary öz içine alýarlar. Bu öyjükleriň şol bir wagtda içki gurluşunda eplenen öyjük gabygy ýaly kompleks bir sistema we iň möhümi hem bir öyjük ýadrosy bardyr. Öyjük ýadrosynyň daşy iki gatlakly bir membrana bilen gurşalyp, ýadroda öyjük DNK-sy ýer alar.

Muňa garşylyk prokariotlar mitohondriya we şuňa meňzeş möhüm organellerden mahrumdyrlar. Bu öyjükleriň içinde eplenen öyjük gabygam yokdur we has kiçi bolan DNK ýeke bir hromosomanyň içine yerleşendir.

Bir öyjükli bir janlynyň hem nädip meydana gelendigini düşündirip bilmeyän ewolyusionistler, prokariotlaryň nädip eukariotlara öwrülendigi baradaky pikirleriniň wagt içinde täze ylmy açyşlar bilen çözüljegini umyt etdiler. Yöne gün geçdigiçe orta çykan täze ylmy açyşlar bu iki öyjük arasynda ägirt uly gurluş tapawutlarynyň bardygyny hasda äşgär şekilde orta goydy. Prokariotik bilen eukariotik öyjükler arasynda basgançakly ewolyusion öwrülişige sebäp bolup biljek geçiş formasyna eýe öyjük gurluşlaram ýokdur.

Ewolyusionistler teoriyalaryny ösdürip bilmek üçin "eukariotik ewolyusiya" mätäçlik duyyandyklary üçin, bu barada gülkünç teoriyalar orta atmakdanam yza galan däldirler. Bulardan iň bilineni ylmy taydan dolulygyna çüyredilen bolmagyna garamazdan, entegem bilim dergilerinde hayran galdyryjy şekilde ýer alýan "Endosimbioz teoriyasydyr".

Endosimbioz tezisi 1970-nji ýylda ewolyusionist Lynn Margulis tarapyndan orta atyldy. Margulis bakteriya öyjükleriniň bilelikde we parazit yaşamaklary netijesinde ösümlik we haywan öyjüklerine öwrülendigini öňe sürdi. Bu tezise görä ösümlik öyjükleri, bir bakteriya öyjüginiň bir başga fotosintetik bakteriyany yuwutmagy arkaly orta çykypdy. Tezisiň goldayjylary fotosintetik bakteriyanyň esas öyjügiň içinde hloroplasta öwrülendigini öňe sürdi. Netije hökmünde esas öyjügiň içinde ýadro, endoplazmatik retikulum we ribosoma ýaly örän kompleks gurluşlara eýe organeller meydana gelip, tezislerine görä munuň netijesinde-de (sözde) ösümlik öyjükleri emele gelipdir.

Bu tezis hyýal önümi bir senariyadan başga zat bolman, tema hakynda häkimiyet hasaplanan köp sanawdaky alym tarapyndanam tankyt edildi. Teoriyanyň dayanyan alamaty, öyjük içindäki hloroplastlaryň öyjügiň esasy DNK-syndan aýry bolup, özlerinde DNK-nyň bar bolmagydyr. Bu ýagdaý haywan öyjügindäki mitohondriya üçinem şeyledir. Bu alamatdan ýola çykyp bir wagtlar mitohondriya we hloroplastlaryň aýry öyjükler bolandygy öňe sürüldi. Yöne öyjüklerde energiya öndüryän hloroplast we mitohondirya jikme-jik barlanylanda endosimbioz tezisiniň tutarsyzdygy hasda aydyň şekilde orta çykmagy bilen birlikde, bir bakteriyanyň bir başga bakteriya içine ýerleşip mitohondriya yada hloroplast halyna gelendigini öňe sürmegem bilime garşy çykmak bilen deňdir.

Teoriyany çüyreden hakykatlar:

1. Eger hloroplastlar öňe sürlüşi ýaly geçmişde aýry bir öyjük bolup, uly bir öyjük tarapyndan yuwdulan bolsady, munuňam ýeke bir netijesi bolardy: Bularyň esas (yuwdan) öyjük tarapyndan siňdirilmegi we iymit hökmünde ullanylmagy.

Çünki sözi edilyän esas (yuwdan) öyjügiň daşardan iymit ýerine ýalňyşlyk bilen bu öyjükleri alandygyny kabul etsegem, öyjük siňdiriş fermentleri bilen bu öyjükleri siňdirer. Bu ýagdaýy käbirleri "siňdiriş fermentleri yokdy" diyip geçişdirip bilerler. Yöne bu mümkin däldir, çünki eger siňdiriş fermentleri yok bolsa, bu saparam öyjügiň iymitlenip bilmeyändigi üçin ölmegi gerekdir.

2. Öyjük içindäki bütin organelleriň plany DNK-da kod hökmünde bardyr. Eger esas öyjük ýuwdan beyleki öyjüklerini organel hökmünde ullanjak bolsa, bu ýagdaýda olara degişli maglumatam DNK-synda kod hökmünde ozaldan bar bolmalydy. Hatda yuwdulan öyjükleriň DNK-lary hem yuwdan öyjüge degişli maglumatlara eýe bolmalydy. Beyle zat bolsa elbetde mümkin däldir, hiçbir janly özünde bar bolmayan bir organyň genetiki maglumatyny götermez. Yuwdan (esas) öyjügiň DNK-sy bilen yuwdulan öyjükleriň DNK-larynyň birbirlerine has soňralary "uygunlaşmagam" mümkin däldir. Bu, iymit hökmünde guşlary iyen adamlarda belli bir wagt soňra ganat emele geljegini öňe sürmek yaly manysyzdyr.

3. Öyjük içinde örän uly bir sazlaşyk bardyr. Bütin öyjük organelleri ýaly hloroplastlar hem öz degişli bolan öyjüklerinden baglanyşyksyz hereket etmezler. Hloroplastlar belok sintezlemekde öyjügiň esasy DNK-syna baglanyşykly bolup, köpelmek kararyny hem özleri bermezler. Bir öyjükde ýeke bir hloroplast yada ýeke bir mitohondriya yokdur. Beyleki organeller ýaly, bularyň sanawlary hem öyjügiň işjeňligine görä artar yada azalar. Bu organelleriň öz içinde aýry bir DNK saklamagynyň hem esasanda köpelmeklerinde örän uly peydasy bardyr. Öyjük bölünyän mahaly köp sanawdaky hloroplast aýratyn ikä bölünip sanawlaryny iki esse köpeltyändikleri üçin, öyjük bölünmegem has gysga wagtda we has çalt amala aşar.

4. Hloroplastlar ösümlik öyjügi üçin örän möhüm bir energiya generatorydyr. Eger bu organeller energiya öndürip bilmeseler, öyjügiň köp sanawdaky funksiyasam işlemez. Buda janlynyň ýaşaýyşdan mahrum bolmagy diymekdir. Öyjük üçin şu derejede möhüm bolan bu funksiyalar hloroplastlarda sintezlenen beloklar arkaly amala aşyrylar. Yöne hloroplastlaryň bu beloklary sintezlemegi üçin öz DNK-lary ýeterlik däldir. Beloklaryň köpüsi öyjügiň esasy DNK-sy ullanylyp sintezlenerler. Şeylelikde hloroplastlaryň yeke başlaryna bar bolmaklary ýada funksional bolmaklarynyňam ähtimaly ýokdur. Hökmany suratda özlerine yol görkezjek bır öyjügiň barlygy gerekdir.[13]

Bütin bu hakykatlar, haywan öyjüginiň energiya gözbaşy bolan mitohondriyalar üçinem şeyledir. Şol sebäpdenem diňe DNK-sy bar diyip bir öyjük organeliniň öyjük yaly hereket etmegi mümkin däldir. Hloroplast we mitohondriya öyjügiň öz DNK-syna we beyleki bütin organellerine bagly bir organeldir.

Ewolyusionistleriň öňe süren tezisleri ylmy barlaglara we bu barlaglaryň netijelerine daýanyp orta atylmaz. Çünki bir bakteriyanyň bir başga bakteriyany yuwutmagy şeklindäki bir hadysa hiçbir şekilde duş gelinmedi. Molekulyar biolog P. Uitfild bu ýagdaýy şeyle suratlandyrýar:

"Prokariotik endosimbioz (yuwutma) belkide ähli endosimbiotik teoriyanyň dayanyan öyjükli mehanizmidir. Eger bir prokariot bir beylekisini içine alyp bilmese, endosimbiozuň nädip gurulandygyny çak etmek kyndyr. Gynansagam, prokariotik endositozuň we endosimbiozuň hiçbir mysaly yokdur".[14]

Amerikaly biolog L. R. Croft bolsa bu barada aşakdakylary beyan edyär:

"Bir bakteriyanyň başga bir bakteriyany yuwutmagy hiçbir şekilde gözegçilik edilmedik mahaly, munyaly bir pikiri öňe sürmek hiçbir şekilde ylmy däldir. Has dogrusy hloroplast, ribosoma, mitohondriya, lizozoma yaly organeller öyjügiň daşyna ayrylyp birbirlerinden aýrylanlarynda ýaşanokdyrlar".[15]

Bibliografiya

[1] Klaus Dose, "The Origin of Life: More Questions Than Answers", Interdisciplinary Science Reviews, volume 13, no. 4, 1988, s. 348

[2]https://link.springer.com/article/10.1346/CCMN.1972.0200411

[3] Bird, a.g.e., s. 305

[4] Fred Hoyle, Chandra Wickramasinghe, Evolution from Space, s. 130

[5] Leslie E. Orgel, "The Origin of Life on Earth", Scientific American, Volume 271, October 1994, s. 78

[6] Stephen C. Meyer, Signiture in the Cell, Harper One, 2009, s. 132-133

[7] Stanley Miller, Molecular Evolution of Life: Current Status of the Prebiotic Synthesis of Small Molecules, 1986, s. 7

[8] New Evidence on Evolution of Early Atmosphere and Life", Bulletin of the American Meteorological Society, cilt 63, November 1982, s. 1328-1330

[9] W. R. Bird, The Origin of Species Revisited, Nashville: Thomas Nelson Co., 1991, s. 325

[10] John Horgan, "In the Beginning", Scientific American, Volume 264, February 1991, s. 119

[11] Leslie E. Orgel, "The Origin of Life on the Earth", Scientific American, October 1994, volume 271, s. 78

[12] Fred Hoyle, The Intelligent Universe, New York: Holt, Rinehard & Winston, 1983, s. 256.

[13] Wallace-Sanders-Ferl, Biology: The Science of Life, 4 Editions, Harper Collins College Publishers, s. 94

[14] Wallace-Sanders-Ferl, a.g.e., s. 94

[15] L.R.Croft, How Life Began, Evangelical Press (1988), s. 93-94

[16] Junk DNA' drives embryonic development", https://medicalxpress. com/news/2012- 12- junk-dna-embryonic.html

BIRÖYJÜKLILERDEN OŇURGASYZLARA GEÇIŞ

Cloud, “Pseudofosils” atly eserinde Dokembriý gatlaklary arasynda mikroorganizmleriň barlygyndan söz edyär. Kembriý döwründe bolsa merjenler, trilobitler, brahiopodlar, molyuskalar, artropodlar ýaly örän çyşyrymly gurluşa eýe oňurgasyzlar ýer alýar. Dekombriýdäki bir öyjükliler bilen Kembriydäki kompleks gurluşa eýe bolan oňurgasyzlar arasynda nähili bir baglanyşyk bardyr?

Günümüzden ortaça 540 million ýyl mundan öň Kembriý atly ýer gatlagynda 40 filumuň (tipiň) üstünde orta çykan döwri Kembriý partlamagy şeklinde tanalar. Balykgulaklar, trilobitler, gubkalar, gurçuklar, meduzalar, deňiz liliyalary yaly çylşyrymly janlylar bu gatlakda doly ayratynlygy bilen, partlama şeklinde birden görünendikleri üçin bu döwür Kembriý partlamagy diylip atlandyrylar. Ewolyusionist Stiwen Jeý Gulduň "Durmuş taryhyndaky iň dykgat çekiji we täsin galdyryjy bir hadysa" diyip düşündiren Kembriy janlylary hakykatdan hem örän täsin zatdyr. 40-dan hem köp filum (tip) kemçiliksiz organ we gurluşlary bilen 540 milyon yyl öň hiçbir geçiş formasy bolman yüze çykandyr.

Bu meseläni çözmek üçin geçirilen barlaglar, öndürilen senariya we teoriyalar örän köp bolmagyna garamazdan ýenede Kembriy partlamagy Darwinizmiň iň uly meselelerinden biri bolmaga dowam edyär. Ediakara oblastyndaky köp öyjükli janlylar Kembriy janlylaryndan dolulygyna tapawutly, özlerine mahsus şekilleri bilen orta çykarlar. Esasan tüyli paporotnik otuna, käsä we diska meňzeş bu janlylaryň hiçbiriniň baş bölekleri yada gan aýlanyş, nerw, iymit siňdiriş sistemalary yokdur. Ediakara oblasty diňe bir ýa-da iki filumy görkezyän bolsa, Kembriy döwri 40-dan hem köp filumyň orta çykyşyny görkezer. Yagny fiziologik gurluşlar, has öňleri bar bolmayan gabyk sistemalary, ozal bar bolmayan organlar, hatda has öñleri hiçbir şekilde bar bolmadyk ajaýyp we kompleks organ bolan "göz" Kembriyde orta çykandyr.

Professor Jun Yuan Çen bilen toparyna görä Kembriy döwrüne degişli gazuw agtaryşlar işlerinde orta çykarylan Haikouella (Haykuella) atly hordaly, beyin, yürek we damar sistemasyna eýe bolup, bu tapyndy ewolyusionistleriň oňurgasyzlaryň atasynyň Kembriy döwründe yaşayan Pikaia atly janlydygy baradaky pikirlerinem düybünden ýykandyr. [3]

"Sciense" dergisinde çap edilen bir makalada: "545 million ýyla yakyn mundan ozal bolup geçen Kembriy döwrüniň başlangyjy bugün entegem janly dünyäsine häkim bolan ähli haywan tipleriniň diyen yaly, galyndy yazgylarynda birden orta çykyşyna sahna boldy" diyilmegi bilen birlikde, makalada munyaly kompleks we birbirinden dolulygyna tapawutly janly toparlarynyň ewolyusion logika taydan düşündirilip bilinmegi üçin ozalky döwürlere degişli örän baý we kem-kemden bir ösüş görkezen galyndy yazgylarynyň bolmalydygyny, emma munuň yokdugy hem bellenilip geçilyär.[4]

Kembriy galyndylary biologik kategoriyalaryň galyndy yazgylarynda gidiş yolunuň Darwiniň öňe sürüşi yaly "aşakdan yokaryk" däl, "yokardan aşak" tarap bir yol alandygynam görkezdi. Çünki Kembriyde birbirinden tapawutly 40-dan köp filum (tip) orta çykmagyna garamazdan, günümüzde goranan filum sanawy 35 töweregidir. Yagny bugün bar bolan ähli filumlar we ondanam köpüsi günümüzden 530 milyon yyl ozal birden orta çykypdyr.

Kembriy janlylarynyň Darwinizmi krizisa saljagy mälimdi. Çarlz Doolittle Walcott atly ewolyusionist poleontologyň hem, hut şu sebäpden Kanadanyň Burgess Şale sebitinde geçiren barlaglary netijesinde tapan Kembriy galyndylaryny gizlemäge karar berendigi bellenilyär. Netijede Kembriy galyndylary 70 ýyllap gizlenilip saklanyp, diňe 1985-nji yylda muzeýyň arhiwleriniň täzeden barlanylmagy esasynda yüze çykdy. Ysraýylly alym Gerald Schroeder bu hadysany şeyle suratlandyrýar:

"Eger Walcott islesedi galyndylar üstünde işlemek üçin bir talyplar goşununy iberip bilerdi. Yöne (ol) ewolyusion gämini batyrmazlygy seçdi. Bugün Kembriy döwri galyndylary Hytayda, Afrikada, iňlis adalarynda, Şwesiyada hemem Grenlandiyada tapylan ýagdaýdadyr. (Kembriy döwründäki partlama) dünyä üstünde bolup geçen hadysadyr. Yöne bu adatdan daşary partlamanyň tebigatyny ara alyp maslahatlaşmazdan ozal maglumatlar gizlenipdi."[5-6]

Kembriy gatlagyndaky janlylaryň köpüsinde günümüzdäkilerden hiçbir tapawudy bolmayan göz, gan aýlanyş ýaly kompleks sistemalar, ösen fiziologik gurluşlarada duş gelindi. Meselem trilobitleriň göz gurluşy açyk bir ýaradylyş mysalydyr. Geologiya Professory David Raupuň bellemegine görä:

"Trilobitleriň gözi diňe günümüziň gowy bilim alan we soňky derejede kämil bir optika hünärmeni tarapyndan ýasalyp bilinjek bir dizaýna eýedir".[7]

Dünyäniň nädip munyaly birbirinden örän tapawutly janlylar bilen birden dolandygy, hiçbir geçiş formasy bolman örän-aýry gurluşdaky janlylaryň nädip birden orta çykandygy ewolyusionistleriň iň uly meselelerinden biri hökmünde galandyr. Hatda Darwiniň yzyny ýöredyän Riçard Dokinziň hem bellemegine görä:

"Kembriý gatlaklary oňurgasyz janly toparlarynyň tapylan iň gadymy gatlaklaryndan bolup, bular ilkinji gezek yüze çykan halynda örän ösen şekildeler. Edil hiçbir ewolyusion taryha eýe bolman şol yerde meydana gelen yaly. Elbetde bu birden yüze çykyş, Yaradylyşçylary begendirýändir”.[8]

Dokinziň hem kabul edişi yaly, Kembriy partlamagydaky janlylaryň hiçbir ewolyusion atalary bolman birden yüze çykmaklarynyň ýeke täk düşündirişi ýaradylyş bolup biler. Çünki janlylaryň hiçbir ewolyusion atalary bolman birden orta çykmaklarynyň yeke täk düşündirişi ýaradylyşdyr. Ewolyusionist biolog Duglas Futuyma "Janlylar dünyä üstünde ya dolulygyna kämil we kemçiliksiz bir şekilde orta çykandyrlar yada özlerinden öň bar bolan käbir janly görnüşlerinden meydana gelendir. Eger kemçiliksiz we kämil bir şekilde yüze çykan bolsalar onda üstün bir akyl tarapyndan ýaradylan bolmagy gerekdir" diyip bu hakykady kabul eder.[9] Darwiniň özi hem "Eger bir klasa degişli köp sanawdaky görnüş hakykatdan hem durmuşa birden we birlikde başlan bolsalar bu tebigy seçgi bilen bir atadan gelmek teoriyasyna öldürjii bir urgy bolardy" diyip ýazandyr. [10]  Kembriy döwri bolsa Darwiniň takyk "öldüriji urgy" diyip atlandyran hadysasydyr. Şwesiyaly ewolyusionist Stefan Bengston hem Kembriy döwründen söz edende geçiş formalarynyň yokdugyny boyun alyp, "Darwini geň galdyran we utandyran bu hadysa bizi entegem geň galdyryar" diyip belländir. [11]

OŇURGASYZLARDAN OŇURGALYLARA GEÇIŞ.[düzet | çeşmäni düzet]

Kembriy döwri oňurgasyzlarynyň hiçbir atasy bolmadygy ýaly, bu oňurgasyzlar bilen balyklar arasynda-da hiçbir geçiş formasy yokdur. Yöne welin skeletleri bolmayan we gaty bölekleri bedeniniň daşky gabygynda yer alan oňurgasyzlaryň, gaty bölekleri bedenleriniň ortasynda ýer alan süňkli balyklara öwrülmegi örän uly bir öwrülişikdir we köp sanawda geçiş formasynyň yzy bolmagy gerekdir. Ewolyusionistler bu hyýaly formalary tapmak üçin 160 yyllap galyndy gatlaklaryny agdardylar. Millionlarça oňurgasyz galyndysy, millionlarça balyk galyndysy tapylan bolsa, bu döwre degişli yekejede geçiş formasy tapylmady.

Alfred Romer hem “Wertebrata Paleontology” atly eserinde bu balyklar bilen atalary kabul edilen oňurgasyzlar arasynda bir baglanyşygy görkezjek geçiş galyndysynyň tapylmadygyny belleyär. Ewolýusionist bolmagyna garamazdan palentolog Gerald Todd "Süňkli balyklaryň ewolyusiyasy" atly makalasynda şu çäresiz soraglara ýer beryär:

"Süňkli balyklaryň her üç klasy hem galyndy gatlaklarynda bir wagtyň içinde we birden orta çykarlar... Bularyň köki nämedir? Munyaly dürli we kompleks mahluklaryň orta çykmagyny näme üpjün edendir? We näme üçin özlerine ewolyusion ata bolup biljek janlylaryň yzlaryndan eser yokdur? [12-13]

BALYKLARDAN GURBAGALARA GEÇIŞ.[düzet | çeşmäni düzet]

Coelecanth ady berlen Kistepýor balygy ýüzgüçlerinde süňkleriň barlygy sebäpli balyklar bilen ihtiostega (guyrukly suw gurbagasy) arasynda geçiş formasy hökmünde alynypdy. Emma, Coelecanth bilen ihtiostega yaly janlylaryň arasynda örän uly tapawutlara duş gelmek mümkin. Selakantda süňkler janlynyň oňurgasyna bagly däldir. Yöne ihtiostegada süňkler gönimen oňurga baglydyr. Has dogrusy selakandyň yüzgüçlerindäki süňkleriň gurluşy bilen ihtiosteganyň ayaklaryndaky süňkleriň gurluşy örän tapawutlydyr.

Aslynda ýaşy 410 milyon ýyl diylip hasaplanan Ceolacanth, ýagny Kistepyor balyk galyndysy birgiden ewolyusionist tarapyndan 1938-nji ýyla çenli "kesgitli bir geçiş formasy" hökmünde tanadylýardy. Ewolyusionistler selakandyň başlangyç bir öykene, ösen bir beyne, gury yerden çykmaga taýyn bir siňdiriş we gan alyş sistemasyna, hatda yönekeyräk bir yöreme sistemasyna eýe bir geçiş formasydygyny öňe süryärdiler. Bu pikirler 1930-njy yyllaryň soňuna çenli bütin bilim gurşawlarynda jedelsiz kabul edildi.

Yöne 22-nji Dekabr 1938-de hindi okeanynda 70 milyon yyl ozal nesli tükenen bir geçiş formasy diylip tanadylan selakant maşgalasynyň janly bir agzasy ele geçirilmegi bilen birlikde, elbetde bu ewolyusionistleri hayran galdyran bir hadysady. Geljekki ýyllarda beyleki sebitlerde-de 200-den köp selakant tapyldy. Bu balyklaryň tapylmagy bilen ewolyusionistleriň hyýaly senariyalar öndürmekde nähili işjeňdikleri hem bilinendir. Selakant ewolyusionistleriň 1938-nji ýyla çenli öňe süren pikirleriniň tersine ne yönekey bir öykene, nede uly bir beýne eýedi. Olaryň yönekeyräk bir öyken diyip öňe süren gurluşy balygyň bedeninde bar bolan bir ýag haltasyndan başga zat däldi.

Poleontolog Peter Forey Nature dergisinde çap edilen bir makalada Selakant barada şu setirlere ýer berdi:

"Selakantlar dörtayaklylaryň atasyna ýakyndygy barada uzyn wagtlap paýlaşylan bir pikir bolandygy üçin, Latimariyanyň janlysynyň tapylmagy bilen birlikde, balyklardan amfibiyalara geçiş barada maglumatlaryň ele geçiriljegi umyt edilendir. Yöne latimariyanyň anatomiyasy we fiziologiyasy üstünde geçirilen barlaglar bu pikiriň diňe bir hyýaldan ybaratdygyny we Selakandyň bir baglanyşyk hökmünde görkezilmeginiň bir dayanjynyň bolmadygyny yüze çykardy." [14]

Selakant janly bolup tutulanyndan soňra üstünde geçirilen anatomiki barlaglar hem ewolyusionist teswirlere ters gelyän köp tapyndylar orta goydy. Bulardan birisi janlynyň gurşawdaky elektromagnit meydanlara duygurly bolmagydy. Bu bolsa selakandyň kompleks bir duygy organyna eyedigini görkezdi. Alymlar balygyň rostal organynyň beýne baglanan nerwleriniň ýerleşişine seredip bu organyň elektromagnit meydanlaryny duymak wezipesini yöredyändigini kabul etdiler. Geçiş formasy hökmünde görkezilen Coelacanth aslynda ajayyp bir balyk görnüşidi.

Umuman aydylanda ewolyusionistler amfibiyalaryň atasy hökmünde haýsy balygy kabul etseler etsinler, bir balygyň amfibiya öwrulip bilmegi üçin örän köp sanawda üytgeyjilikler geçirmegi gerekdir. Şeylelikde iki görnüşiň arasynda birgiden geçiş formasynyň, ýagny ýary yüzgüçli, ýary ayakly, ýary žabraly, ýarym öykenli, ýarym böwrekli we şm. janlylaryň yaşan bolmagy we bu janlylaryň sanawlarynyň hem millionlarça bolmagyna garaşylar. Yöne millionlarça galyndylar arasynda doly balyklar, doly amfibiyalar bar bolsa, munyaly geçiş formalaryna eýe janlylaryň ýekejesi hem yokdur. "Oňurgaly Poleontologiyasy we Ewolyusiyasy" kitabynyň awtory ewolyusionist Robert Kerroll bu hakykady "irki amfibiyalar bilen balyklar arasynda geçiş formasy galyndysyna eye däldiris" diyip tassyklaýar. Paleontolog Edwin Colobert bilen Morales hem Poliozoý döwür irki amfibiyalaryň bir ata baba eýediklerini görkezip biljek bir subutnamanyň ýokdugyny, bilinen iň gadymy gurbagalar, salamandralar we sesiliyalaryň şuwagt ýaşayanlara örän meňzeşdigini belleyärler.[15]

Ewolyusionistler suwdan gury ýere geçişiň düşündirişini beryän mahaly "nädip" diylen soraga girmezler. Olaryň iň möhüm aýratynlygy hyýaly ewolyusion döwre degişli bütin hekayalary iň "yönekey" şekli bilen beýan etmekdir. Ara goşulan düşünüşiksiz formulalar bilen ylmy adalgalar hem bu hilegärlikleri ylmy şeklinde görkezmek üçin bilinen ewolyusion taktikalarydyr. Hakykatda bolsa suwdan gury geçişiň mümkin däldigini görkezyän köp sanawda anatomiki we fiziologiki faktorlar bar. Meselem:

1. Agyrlygyň daşalmagy. Deňizlerde yaşayan janlylar öz agyrlyklaryny daşamak yaly bir mesele bilen garşylaşmazlar. Yöne gury yerde yaşayanlaryň uly bir bölegi energiyalarynyň 40%-ni bedenlerini daşamak üçin ullanarlar. Gury yer yaşaýyşyna geçjek bir suw janlysynyň bu energiya zerurlygyny garşylap bilmegi üçin myşsa we skelet gurluşlaryna eýe bolmagy gerekdir. Bu kompleks gurluşlaryň Tötänleyin(!) mutasiyalar bilen emele gelmeginiň bolsa, elbetde ähtimaly yokdur.

2. Gyzgynlygyň goranmagy. Gury yerde gyzgynlyk örän çalt we uly tapawutlar bilen üytgär. Bir gury yer janlysynyň bu uly ölçegdäki üytgäp duryan gyzgynlyklara uygunlaşyp biljek bir madda çalşygy bardyr. Yöne deňizlerde gyzgynlyk örän agyr bir şekilde üytgär we bu gury yerdäki yaly uly tapawutlar arasynda bolmaz. Deňizlerdäki durgun klimata uygun bir beden sistemasyna eye bolan janly gury yerde yaşap bilmek üçin gury yerdäki gyzgynlyk üytgeyjiligine uygunlaşyp biljek goranma sistemasyny gazanmagy gerekdir. Balyklaryň gury yere çykar çykmaz tötänleyin mutasiyalar bilen munyaly bir sistema gowuşandyklaryny öňe sürmek, elbetde mümkin däldir.

3. Janlylar üçin iň möhüm zerurlyk bolan suw, gury yerde azdyr. Şol sebäpdenem suwuň ölçegli ullanylmagy gerek bolup, meselem deri suw yitirmegi we bugarmanyň öňüni aljak derejä, şol sanda janly suwsama duygusyna hem eye bolmalydyr. Yöne suwda yaşayan janlylaryň suwsama duygusy yokdur we derilerem suwsuz gurşawa uygun däldir.

4. Suw janlylary başda ammiak bolmak bilen bedenlerinde birigen artyk maddalary yaşayan gurşawynda suw bol bolany üçin tiz wagtyň içinde süzüp atmaga ukyplydyr. Gury yerde bolsa suwuň minimum derejede ullanylmagy gerek bolup, bu janlylaryň böwrekleri saýasynda ammiak karbamida öwrülip saklanar we bedenden atylanda minimum derejede suw ullanylar. Hemem böwregiň işlemegini mümkin kylýan täze sistemalara mätäçlik bardyr. Gysgaça aydylanda suwdan gury ýere geçişiň bolmagy üçin böwregi bolmayan janlylaryň birden böwrek sistemasy edinmegi gerekdir welin...

Bütin bu fiziologiki üytgeyjilikleriň şol bir janlyda we şol bir wagtda meydana gelendigini bolsa, hyýal etmek hem kyndyr.

GURBAGALARDAN SÜYRENJILERE GEÇIŞ.[düzet | çeşmäni düzet]

Gurbagalardan süýrenjilere geçiş hökmünde Seýmuriýa öňe sürülýärdi. Seýmuriýanyň geçiş formasy däldigi ondan 30 million ýyl ozal yaşan süyrenjileriň tapylmagy bilen yüze çykdy. Iň gadymy Seýmuriýa galyndylary aşaky Perm gatlagyna, ýagny mundan 280 million ýyl mundan ozala degişlidir. Yöne welin bilinen iň gadymy süyrenji görnüşleri bolan Gilonomus bilen Paleotiris aşaky Pensilwaniýan gatlaklarynda, ýagny mundan 330-315 milyon ýyl öň yaşapdyr. Süyrenji atalarynyň süyrenjilerden soň yaşan bolmaklary bolsa, elbetde mümkin däldir.

Hemem suw içinde ösen amfibiya yumurtgasynyň hem gury gurşawda ösen süyrenji yumurtgasyna öwrülmeginiň mümkin däldigini görkezyän köp sanawda subutnama bar. Süyrenjiler bilen amfibayalar aralarynda hiçbir baglanyşyk bolman yeryüzüne çykan janlylar bolup, munuň dogrudygyna galyndy ýazgylary hem güwä geçyär.

Meselem bir süyrenji bolan pyşbagalar galyndy ýazgylarynda özlerine mahsus gabyklary bilen birden ýüze çykarlar. Ewolyusionist ýaýlymlaryň hem kabul etmegine görä "Pyşbagalar beýleki oňurgalylardan örän köp we oňat goranan galyndylar goýmagyna garamazdan, bu janlylar bilen özlerinden emele gelendigi öňe sürülen beýleki süyrenjileriň arasynda hiçbir geçiş formasy ýokdur".

GUŞLARYŇ WE SÜÝDEMDIRIJILERIŇ GELIP ÇYKYŞY, ARHEOPTERIKS.[düzet | çeşmäni düzet]

Ewolyusionistler guşlaryňam bir şekilde başga bir janlydan emele gelendigine ýnanýandyklary üçin bu janlylaryň süyrenjilerden gelendigini öňe sürerler. Yöne gury ýer janlylaryndan dolulygyna tapawutly gurluşa eýe bolan guşlaryň hiçbir beden mehanizmini kem-kemden öwrülişik modeli bilen düşündirip bolmaz. Ähli zatdan öňürti guşy guş edyän iň möhüm alamat, ýagny ganatlar Darwinizm üçin uly bir meseledir. Çünki gözleriň we ganatlaryň bir aýratynlygy diňe dolulygyna emele gelen wagty wezipelerini ýerine ýetirip bilmegidir. Bir başga söz bilen aýdylanda kemçilikli göz bilen görüp bolmayşy yaly, ýarym ganat bilenem uçup bolmaz. Bu gurluşlaryň nädip birbirini yzarlayan tötänleyin(!) mutasiyalaryň netijesinde emele gelendigi soragy bolsa elbetde jogapsyzdyr. Hemem bir gury ýer janlysynyň guşlara öwrülip bilmegi üçin diňe bir ganatlarynyň bolmagy hem ýeterlik däldir. Guşlaryň süňkleri gury ýer janlysyna garanyňda örän yeňildir. Öýkenleri örän dürli gurluş wezipä eýedir. Dürli bir myşsa we skelet gurluşy, şol sanda yürek gan aýlanyş sistemalary bardyr. Bu mehanizmleriň yuwaş-ýuwaş birigip emele gelmekleriniň bolsa, elbetde ähtimaly yokdur.

Bütin bulardan soňra şu sorag akla geler: Bütin bu mümkin dälliklere garamazdan guşlaryň  süyrenjilerden emele gelendigini kabul etsek hem, bu hadysanyň dogrudygyny görkezyän köp sanawda ýeke ganatly, ýarym ganatly galyndylar näme üçin tapylanoklar? Bu soragyň jogaby düşnüklidir: Çünki janlylar öwrülişikler bilen meydana gelen däldir. Bir görnüşiň başga bir görnüşe "öwrülişigi" diylen zadyň yoklugy sebäpli, ýarym-süyrenji, ýarym-guş diylen janlylar hem hiç wagt ýaşan däldir.

Arheopteriks. Ewolýusionistler ýarym guş-ýarym süyrenji janlylar näme üçin tapylanok soragynyň garşysynda esasan hem bir janlydan söz ederler. Bu,  Arheopteriks atly bir galyndy guşudyr. Arheopteriks takmynan günümizden 140 million ýyl öň ýaşapdyr. Esasan guş formasyna eýe bolan Arheopteriksiň süýrenjä meňzeş taraplary şulardyr:  

1. Ganatlarynyň kenarynda penjeleriniň bolmagy.     

2. Agzynda dişleriniň barlylygy.

3. Guýrugynda oňurganyň bolmagy.                       

Riçard Owen tarapyndan tapylyp, süyrenjiler bilen guşlar arasynda geçiş formasy diylip öňe sürülen Arheopteriks barada soňky ýyllarda jedeller köpeldi. Munuň bir geçiş formasy däldigi aşakdakylar esasynda yüze çykdy:

1.Günümüzde günorta Amerikada ýaşaýan Goasin guşy (Opisthocomus hoatzin) bilen Afrikanyň Tourako guşunyň hem ýaşlyk wagtynda ganatlarynyň kenarlarynda penje bardyr we Goasin guşynyň oňurga gurluşam Arheopterikse meňzeşdir. Hemem Günorta Amerikada ýaşaýan düýe guşunyň (Ostrich) ganatlarynda hem üç sany penje bar.

2. Günümüzdäki guşlarda bolşy ýaly süňkleriniň içi boşdur.

3. Günümüze ýakyn taryhlarda hem köp sanawdaky uçujy guşlarda dişler tapyldy. Dişler ewolyusiýanyň subutnamasy däldir.

4. Arheopteriks, günümizdäki guşlar ýaly asimmetrik ýelek gurluşyna eýedir. Buda onuň uçýandygynyň subutnamasydyr. Meşhur poleontolog Karl O. Danbaryň belleýşi yaly, ýelekleri sebäpli bu mahluk dolulygyna bir guş alamaty daşaýar.

5. Ýakyn wagtlarda bu janlynyň uçmak üçin gerekli bolan sternum süňküniň bolmadygy ýygy-ýygydan dile getirilyärdi. Yöne 1992-nji ýylda tapylan ýedinji Arheopteriks galyndysynda ewolyusionistleriň uzyn wagtlap "ýok hasaplan" sternum süňkine duş gelindi. Nature dergisinde bu galyndy şeyle beýan edildi:

"Soňky tapylan ýedinji Arheopteriks galyndysy uzyn wagtlap barlygyndan şüphe edilen, yöne hiçbir wagt subut edilmedik bir göniburçly döş süňküniň barlygyny habar beryär. Bu janlynyň uzyn meydanlarda uçuş ukyby entegem spekulýaktiw, yöne sternum süňküniň barlygy güyçli uçuş myşsalarynyň barlygyny görkezyär."[16]

Arheopteriksiň agzyndaky dişleriniň süyrenjilerden galandygyny pikiri bir aldawdyr. Ilki bilenä dişler süyrenjileriň adaty bir alamaty däldir. Günümüzde käbir süyrenjileriň dişleri bar bolsa, käbirleriniňki yokdur. Has hem möhüm zat dişli guşlaryň Arheopteriks bilen çäkli bolmazlygydyr. Günümüzde dişli guşlaryň indi ýaşamaýandygy bir hakykatdyr, yöne galyndy ýazgylaryna seredilende Arheopteriks bilen bir döwürde, hatda günümüze ýakyn taryhlarda hem dişli guşlar diylip atlandyryp boljak aýry bir guş toparynyň ýaşandygyny göreris.

Işiň möhüm tarapy bolsa Arheopteriksiň we beyleki dişli guşlaryň diş gurluşlarynyň dinozawrlaryň diş gurluşundan örän tapawutly bolmagydyr. Ornitologlaryň geçiren ölçeglerine görä Arheopteriks we beyleki dişli guşlaryň dişleriniň üsti düz bolup, giň kökleri bardyr. Yöne bu guşlaryň atasydygy öňe sürülen teropod dinozawrlarynyň dişleriniň üsti çykgytly bolup, köklerem dardyr. Hünärmenler Arheopteriks bilen dinozawrlaryň bilek süňklerini hem deňeşdirip, arada hiçbir meňzeşlik bolmadygynada göz ýetirdiler.

Mundan başga-da, soňky tapylan tapyndylar esasynda Arheopteriksiň has-da güýji gaçdy. 1995-nji ýylda Hytaýda paleontolog Lianhai Hou bilen Çžou Çžunhe  “Konfusiusornis” atly bir guş galyndysy tapdylar.  Konfusiusornisiň dişleri ýokdy, ýelekleri, çüňki we skelet gurluşy bolsa günümizdäki guşlar bilen birmeňzeşdi. Bu guşuň ganatlarynda Arheopteriksde bolşy ýaly penjeleriň bardygyna-da duş gelindi. Günümüzdäki guşlara örän meňzeş bolan bu janly, Şipmanyň bellemegine görä Arheopteriksiň bütin guşlaryň ilkinji atasydygy baradaky tezisleri hem çüyretdi.

1996-njy ýylda bolsa Hytaýda 130 million ýaşyndaky "Liaoningornis" atly bir guş galyndysy tapyldy. Liaoningornisiň günümüzdäki guşlardan ýekeje tapawudy agzynda dişleriň bolmagydy. Bu bolsa dişli guşlaryň ilkinji guşlarda bar bolan bir alamat däldigini hem orta goydy.

Guşlar bilen bagly bir başga galyndy bolsa günbatar Tehas çölünde tapyldy. Şankar Çatterjee tarapyndan 1984-de tapylan iki bölekli bu galyndy ilkinji guş (Protoawis) diýlip atlandyrylyp, günümüzden 225 million ýyl öň ýaşandygy bildirilýär. Arheopteriksiň 140 million ýyl öň ýaşadygy dykgata alynsa Şankar Çatterjee tarapyndan tapylan galyndynyň Arheopteriksden 85 million ýyl gadymydygy ýüze çykar.  

Dünyäniň iň öňde gelen ornitologlaryndan biri bolan Professor Alan Feduçça guşlar bilen bagly şu sözleri dile getiryär:

25 ýyl boýunça guşlaryň kellelerini barladym. Dinozawrlar bilen hiçbir meňzeşlik görmeyärin. Guşlaryň dört aýaklylardan emele gelendigi pikiri paleontologiýada 20-nji ýüz ýylyň iň uly utanjy bolar!"[17]

Netije hökmünde Konfusiusornis ýada Arheopteriks ýaly guşlar nesli tükenen guşlar bolup, Şotlandiýaly paleontolog William Elgin Swinton hem "Guşlaryň biologiyasy we deňeşdirmeli fiziologiyasy" atly eseriniň girişinde guşlaryň gelip çykyşy barada örän kemeldiji bir garaýyş sergilenendigini bellemek bilen birlikde, dürli döwürler içinde süyrenjilerden guşa geçişi görkezen hiçbir galyndy ýazgysyna duş gelinmediginem bildiryär. Gysgaça aydylanda ýeke täk esasyny Arheopterikse daýandyran guşlaryň ewolyusion senariyasy diňe ewolyusionistleriň öň garaýyşlarynyň we hyýal güyçleriniň bir önümidir we täze ylmy tapyndylar esasynda çöküşe ugrandyr.

SÜYDEMDIRIJILERIŇ GELIP ÇYKYŞY.

Süydemdirijileri hasyl edendigi öňe sürülen Synopsidae aşaky otrýady bolsa Pensilwaniýan döwründe (Karbon erasynyň bir bölümi) görüler. Süydemdirijiler süyrenjilerden has ösen kabul edilendigi üçin Ýeryüzüne süyrenjilerden soň çykmagyna garaşylardy. Yöne welin süydemdirijileriň başlangyjy hasaplanan Synopsidae’ler süyrenjileriň atasy kabul edilen Seýmuriyadan öň yaşapdyr.

Sowukganly we yumurtgalap köpelyän süyrenjiler bilen ýyly ganly we dogluş bilen bilen köpelyän süydemdirijiler arasynda hem ägirt uly tapawutlar bardyr. Bularyň birisem süyrenji bilen süydemdirijileriň eňek gurluşydyr. Süyrenjileriň aşaky eňeginde diňe bir süňk ýer alar we dişlerem bu süňküň üstüne oturar. Süydemdirijilerde bolsa aşaky eňegiň her iki tarapynda üç sany kiçi süňke duş geliner. Bir başga esasy tapawut ähli süydemdirijileriň orta gulaklarynda üç süňküň bolmagydyr, muňa garşylyk ähli süyrenjilerde orta gulakda diňe bir süňk ýer alar. Ewolyusionistler süyrenji eňegi bilen gulagynyň kem-kemden süydemdiriji eňegine we gulagyna öwrülendigini öňe sürerler. Bu akyl almaz öwrülişigiň nädip amala aşandygy soragy bolsa elbetde jogapsyzdyr. Esasan hem ýeke süňkden durýan bir gulagyň üç süňkli hala nädip öwrülendigi we eşitme duygusynyňam şol wagt nädip dowam edendigi hiçbir şekilde jogaplanmayan bir soragdyr.

Ewolyusionistleriň pikirlerine görä süydemdirijileriň gelip çykyşyny görkezyän shema şu şekilde bolmalydyr: Anapsidler, Pelikozawrlar, Terapsidler, Sinodontlar, irki süydemdirijiler. Bu hyýaly yzygiderligiň dogrudygyny görkezyän ýekejede geçiş janlysy bolmadygy yaly, janlylaryň yaşan döwürleri göz öňüne alynanda-da bu shema durşuna yalňyşdyr. Robert Kerroll bu hakykady "Pelikozawrlar bilen terapsidler arasyndaky geçiş formasyna duş gelinmedi... "Ýyrtyjy terapsidleriň iki topary bolan terosefallar we sinodontlar ýokarky Permde Russiyada we G.d Afrikada orta çykar. Bularyň gelip çykyşyny ýada aralaryndaky baglanyşygam belgiläp bilmedik"[18] diyip tassyklandyr.

Ewolyusionist poleontolog Roger Lewin hem "ilkinji süydemdirijä nädip geçilendigi henizem syrdyr" diyip belleyän mahaly, Sintetik Darwinizmiň gurujularyndan ewolyusionist Jorj Geýlord Simpson "Adamdan öňki durmuş" atly eserinde süydemdirijililere degişli geçiş formasynyň ýokdugy barada şeyle diyyär:

"Dünyä üstündäki yaşaýyşyň iň geň galdyryjy hadysasy Mezozoý erasynyň, ýagny süyrenjiler döwrüniň süydemdirijiler döwründe garaşylmadyk pursatda üytgemegidir. Bolup geçen hadysa köp we dürli görnüşdäki süýrenijileriň başgahrymanynda oýnan oýnunyň perdesiniň birden aşak düşen halyna meňzeýär. Perde täzeden açylan mahaly başgahrymanynda süydemdirijileriň yer alan, süyrenjileriň (bolsa) kenara itilen täze bir döwrüne duş geliner. Orta çykan süydemdirijileriň bolsa özünden öňki döwre degişli yzlary ýok ýaly"[19]

Has dogrusy bu hiçbir geçiş formasy bolman orta çykan süydemdirijiler birbirlerinden örän tapawutlydyr. Ýarganat, at, belka we kit yaly iň soňky derejede dürli janlylaryň ählisi süydemdirijidir we şol bir geologik döwürde orta çykandyr. Bu janlylaryň arasynda ewolyusion bir bag gurmak iň güyçli hyýal güyji bilenem mümkin däldir.

ATYŇ EWOLYUSİON SENARIYASY.[düzet | çeşmäni düzet]

Çylşyrymly gurluşly janlylaryñ ewolyusiyasyna atyň filogeniyasy döwründe geçirendigi öňe sürülen üytgeyjilikler mysal beriler. Welleriň öňe sürüşine görä Eosen döwründe yaşan Eogippusuň öňki aýaklary dört, yzky aýaklary bolsa üç toýnaklydy. Yöreyän wagty bütin ayaklary ýere yapyşyardy. Atyň üçünji toynagy ösyän mahaly beylekileriniň gitdigiçe kemelendigi, muňa sebäp hökmünde-de ir döwürlerdäki atlaryň tokaý agaçlarynyň yaş şaha we yapraklary bilen iymitlenendigi, yöne Miosenden başlap otluklaryň agdyklyk etmegi bilen ot bilen iymitlenmãge başlandygy belleniler. Iymit çeşmesini çemenleriň emele getiren açyk düzlüklerde duşmandan goranmagyň diňe tiz ylgamak bilen mümkin boljagy, munuň hem üçünji toynagyň giňelip ösmegine, beylekileriniň bolsa yitendigine sebäp bolandygy belleniler. Üçünji toynakdan galanlar rudiment we indi işe ýaramayan organ halyna gelendigi öňe sürler. Geologik döwürler boyunça umuman sekiz dürli atlaryň görülendigi öňe sürüler we bular kiçiden ula tarap yzygiderlili şeklinde görkeziler. Toýnagynyň azalmagy, iýmitlenme şekli we ylgamak bilen duşmanlaryndan gaçmagyna baglanýar.

Kritikalary. Peydalanylyan organlaryň ösendigi, peydalanylmayanlaryň gowşandygy pikiri Lamark ýörelgesi diylip biliner. Soňky 20 ýylda bu pikiriň modifikasiona daýanýandygy bilindi. Şol bir logika eýerilse hem, duşmanlaryndan gaçan towşan başda bolmak bilen, ýenede birgiden haýwanyň näme üçin meňzeş üytgeyjilige gabat gelmeyändigini düşündirmek gerekdir. Atyň ayagyndaky çykgytlaryň rudiment organdygy pikiriniň güyji gaçandyr.

Yakyn bir wagta çenli Darwiniň  teoriyasyna subutnama hökmünde görkezilen galyndy yzygiderliginiň başynda atyň ewolyusiyasyna degişlidigi öňe sürülen yzygiderlik ýer alýardy. Yöne soňky ýyllardaky maglumatlar yşygynda köp sanawdaky ewolyusionistleriň özleri hem, bu senariyanyň hakykata gabat gelmeyän bir aldawdygyny aç-açan kabul edyär. Genetik ewolyusionist Gordon R. Teýlor Darwinizmiň düşündirip bilmedigi meseleleri ele alan “The Great Evolution Mystery atly eserinde at sergileri hekayasynyň aslyny şeyle düşündirýär:

"Darwinizmiň belkide iň uly gowşaklygy poleontologlaryň uly ewolyusion üytgeyjilikleri görkezjek garyndaşlyk gatnaşyklaryny we janly yzygiderliligini orta goyup bilmänlikleridir... At sergisi bu barada “çözgüde gowuşdurulan ýeke täk mysal” hökmünde görkeziler, yöne hakykatda Eogippus-dan günümüzdäki Equus-a çenli uzalan yzygiderlik örän tutarsyzdyr. Bu yzygiderligiň gitdigiçe artan bir beden ululygyny görkezendigi öňe sürüler, yöne aslynda yzygiderligiň geljekki basgançaklaryna goyulan janlylaryň käbirleri (yzygiderligiň başynda duryan) Eogippusdan has uly däl, has kiçidirler. Dürli janlylara degişli galyndylaryň bir ýere getirilip yzly-yzyna goýulmagy mümkindir, yöne janlylar taryhynda bu yzygiderligi görkezjek hiçbir subutnama ýokdur." [20]

J. Uolles atyň ewolýusiýasy barada şu sözleri dile getiryär:

Atyň ewolýusiýasy bilen bagly Darwiniň ölüminden 3 ýyl ozal, Yelskiý uniwersitedynyň paleontology Otniel Marş, häzirki ýeke toýnakly atlaryň kiçi dört toýnakly atadan nädip gelendigini görkezmek üçin atyň galyndylaryny görkezýän bir çyzgy çap etdi. Diňe aýak süňklerini we dişleri özünde saklaýan Marşyň çyzgysy, köp wagt geçmänkä kelle süňki bilenem goldanyldy we at galyndylarynyň suratlary biologiýa ders kitaplarynda, muzeýlerde Darwinizmiň subutnamasy hökmünde tizlik bilen ýerini aldy.”

Biolog Boyce Rensberger hem atyň ewolýusiýasynyň galyndy ýazgylarynda hiçbir dayanjynyň bolmadygyny belläp şeyle diyyär:

"50 million ýyla ýakyn mundan ozal yaşan dört toynakly, tilki ululygyndaky janlylardan häzirki has uly, ýeke toynakly atyna tarap  yzygiderli halda üytgeyjilikler amala aşandygyny öňe sürýän meşhur "Atyň ewolyusiyasy" mysalynyň (aslynda) güyjüniň yokdugy uzyn wagtlap bilinyändir. Gradualizm üytgeyjiligi ýerine her görnüşiň galyndylary örän dürli şekilde orta çykýar, hiç üytgemän galýar, yzyndanam nesli tükenyär."[21]

Atyň ewolyusion senariyasynyň  Hindistan, Günorta we Demirgazyk Amerika bilen Yewropada dürli zamanlarda yaşan, dürli görnüşlere degişli galyndylaryň kiçiden ula tarap düzülmegi arkaly döredilendigi bellenilýär. Bu barada ewolyusionistler arasynda pikir birligi ýokdur. Birbirinden tapawutly 20 sany atyň ewolyusion shemasyna duş gelmek mümkin. Bärdäki pikir birligi 55 million ýyl ozal Eosen döwründe yaşan Eogippus (Hyracotherium) atly ite meňzeş bir janlynyň atyň ilkinji atasydygyna ynanylmagydyr. Yöne atyň millionlarça ýyl ozal yok bolan atasy hökmünde görkezilen Eogippus Frensis Hitçingiň bellemegine görä günümüzde Afrikada yaşayan we at bilen hiçbir baglanyşygy bolmayan Hyrax atly haywan bilenyň edil özüdir.

Görlüşine görä köp toynakly at görnüşleriniň her birisi ayry bir formadyr we belli bir döwür yaşap gurşawdan aýrylandyr.... Bir toynakly atyň neslem bir toynakldyr.

HAYWANLARYŇ GEÇMIŞI BARADA NETIJE, BIBLIOGRAFIÝA.[düzet | çeşmäni düzet]

Darwin öz yaşan döwründe geçiş formalarynyň tapylmadygynyň habaryndady. Munuň teoriyasy üçin uly bir meselediginem görüp, kitabynyň "Teoriyanyň kynçylyklary" (Difficulties on Theory) atly bölüminde şu setirleri dile getirdi:

"Eger hakykatdan hem görnüşler beyleki görnüşlerden yuwaş ösüşler bilen dörän bolsa, näme üçin sanawsyz geçiş formasyna duş gelemzok? Näme üçin ähli tebigat bir garyşyk halynda dälde, takyk kesgitlenen we yerli yerinde... Geologiya gowy derejelendirilen bir (ewolyusion) döwür orta çykaranokdyr we belkide bu, meniň teoriyama garşy öňe sürüljek iň uly garşylyk boljakdyr."

Darwiniň bu uly problema garşysynda öňe süren yeke täk düşündirişi bolsa öz döwründäki galyndy ýazgylarynyň ýetersizligidi. Darwin galyndy ýazgylary giňişleyin öwrenilende tapylmayan geçiş formalarynyň tapyljagyny öňe sürdi. Ewolyusionistler Darwiniň bu sözlerine ynanyp 19-njy asyryň ortasyndan bu yana dünyäniň dört tarapynda gazuw agtaryş işleri geçirip bu galyndylary gözlediler. Yöne uly bir höwes bilen gözlenen geçiş formalaryna hiçbir yerde duş gelinmedi.

Aralykly deňagramlyk teoriyasyny öňe süren ewolyusionist, poleontolog Stiwen Jeý Gulda görä galyndy ýazgylarynyň köpüsi kem-kemden bolup geçen ewolyusion ösüş pikiri bilen çatyşyan iki delil sergileyär:

1. Durgunluk. Galyndylardaky köp görnüş yeryüzünde görünen mahallary hiçbir üytgeyjilik sergilemeyär, yok bolan wagty nähili bolsalar galyndy yazgylarynda-da şol bir şekilde görünyär.

2. Birden yüze çykyş. Haysyda bolsa bir sebitde bir görnüş atalarynyň yzygiderli üytgeyjiligi netijesinde kem-kemden yüze çykman, bir saparda we dolulygyna emele gelen yagdayda meydana çykyar.

Meşhur iňlis polentology Derek Ager hem bu barada şeyle diyyär:

"Meseläm şudur: Galyndy yazgylaryny güyçli şekilde barlaga tutanymyzda görnüşler yada klaslar derejesinde bolsun, hemişe şol bir hakykat bilen garşylaşyarys. Kem-kemden ösüş däl, birden yeryüzünde meydana gelen toparlar göryäris."[22-23]

Geologiya Professory Dewid M. Raup:

"Köp adam galyndylaryň Darwiniň durmuşyň taryhy baradaky pikirlerine delildigini pikir eder. Darwinden günümüze çenli 120 yyl geçdi we galyndylar bilen bagly maglumatlarymyz örän artdy. Yöne bugün ewolyusiya bilen bagly bir üytgeyjiligi goldayan mysallar Darwiniň zamanyndan hasda azdyr."

Ewolyusionist biolog Ernst Meyer: "Poleontologlar uzyn wagtlap Darwiniň kiçi böküşler bilen üytgeyjilik şertiniň poleontologiyasynyň tapyndylary bilen çatyşýandygynyň habarynda. Filumlara degişli çyzgylar barlanylanda örän kiçi böküşlere degişli üytgeyjilikler görülyär, yöne bu üytgeyjilikler bir görnüşi başga bir uruga (genus) öwürjek görnüşde däl we täze bir görnüşiň köküne degişli düşündiriş berip bilenoklar. Hakykatda galyndy yazgylarynda täze her görnüş ähli wagt birden yüze çykyar."[24]

Jorj Gaylord Simpson:

"Ewolyusion taryhyň uly bölümini aňladyan geçiş formalary nirededir? Heniz hiçbir yerde tapylmadylar. Bu ewolyusionistler üçin galyndy ýazgylaryndaky geň galdyryjy boşluklar taydan örän möhümdir".[25]

Frensis Hitchingiň "The Neck of the Giraffe: Where Darwin Went Wrong" atly kitabyndan:

"Eger galyndylar tapyan bolsak we eger Darwiniň teoriyasy dogry bolsa, onda gayalaryň belli bir topar mahlugyň, has kompleks bir başga mahluklara tarap kiçi basgançaklar bilen öwrülendigini görkezyän galyndylar orta çykarmagy gerekdir. Bu nesilden-nesile ösyän kiçi ösüşler iň soňky derejede gowy goranylan bolmaly. Yöne ýagdaý munyaly däl, aslynda munuň tersi dogrudyr. "Darwiniň sanawsyz geçiş formasy bolmaly, yöne bulary näme üçin yeriň sanawsyz gatlagynda tapamzok" diyişi yaly. Darwin galyndy ýazgylaryndaky bu uly kemçiligiň diňe has köp gazuw agtaryş işleri geçirmek bilen baglydygyny pikir edendir. Yöne her näçe täze gazuw agtaryş işleri geçirilse geçirilsin, tapylan görnüşleriň ählisiniň diyen yaly bugün yaşayan haywanlara örän meňzeşdigi orta çykandyr".[26]

Ewolyusionist Poleontolog Mark Çarneki:

"Teoriyany (ewolyusiyany) subut etmegiň öňündäki uly bir päsgelçilik ähli wagt üçin galyndy ýazgylary bolandyr... Bu yazgylar hiçbir wagt Darwiniň çaklama eden geçiş formalarynyň yzlaryny orta goyup bilmedi. Görnüşler (galyndy ýazgylarynda) birden emele gelerler we birdenem yok bolarlar. Bu garaşylmadyk ýagdaý görnüşleriň Alla tarapyndan ýaradylandygyny goldaýan yaradylyşçy argumende kömek berip geldi." [27]

Gysgaça aydylanda janlylar birbirinden meydana gelen bolsa buda kem-kemden bolup geçendir. Meselem balykdan gurbaga emele gelen bolsa ilkinji etapda gurbaga meňzeşligiň 100-de 10, soňra 100-de 20, soňra bolsa 100-de 30 şeklinde dowam etmegi gerekdir. Her organizm üçin iň azyndan birnäçe geçiş formasynyň bolmalydygy dykgata alynsa, ýeryüzündäki ösümlik we haywan görnüşiniň birnäçe essesi, ýagny millionlarça geçiş formasynyň tapylmagyna garaşylar. Gynansagam millionlarça, hatda milliardlarça galyndy tapylmagyna garamazdan bu barada öňe sürülen materiallar yok diyjek yaly azdyr, şonuň bilen birlikde bularyň hem geçiş formasy däldigi orta goyulandyr.

Ýerýüzünde geologik döwürler boyunça birbirinden tapawutlanýan dürli organizmler ýüze çykyp, bularyň bir bölegi hiç üýtgemän günümüze çenli gelip ýeten bolsa, käbirleri belli bir döwür ýaşap durmuş sahypasyndan çekilipdir. Bärde dykgaty çekýän zat çylşyrymly organizmleriň ýuwaş ýuwaşdan ýerýüzünde görülmegidir. Munuň yeke täk düşündirişi bolup biler, oda:

1. Yuwaş ýuwaş gowlaşan ýerýüzünde şol gurşawa uygun janlylaryň ýaradylmagy.

2. Janlylardaky iýmit zynjyry. Eger başda köp öyjükliler yaradylan bolsa gurşaw olara uygun bolmandygy yaşaýyşdan mahrum galarlar. Meselem başda bir öýjükliler ýaradylmasa, ýagny mikro organizm ýok bolsa ot-ösümlikler ýetişip bilmez. Ot-ösümlik bolmasa janlylar näme bilen iymitlensin?

Tebigat we janlylarda ähli wagt üytgeyjilik bardyr. Yöne çäksiz bir üytgeyjilikden söz edip bolmaz, görnüş içi üytgeyjilik bardyr we janly görnüşleriniň durmuşda galmagy, dürli gurşawlara uygunlaşyp bilmegi üçin gereklidirem. Ewolyusionistler janly görnüşleriniň Yeryüzünde belli bir yzygiderlik bilen orta çykan bolmaklaryny birbirinden emele gelendikleriniň subutnamasy hökmünde görkezsede, janlylaryň Yeryüzündäki orta çykyş yzygiderlikleri, ortada hiçbir geçiş formasy bolmadygyna görä, bu janlylaryň ýaradylan döwrüni aňladar. Galyndylar yeryüzünüň üstün we kemçiliksiz bir yaradylyş bilen, ilki deňizlerde soňra bolsa gury ýerde yaşayan janlylar bilen doldurylandygynyň we bütin bularyň yzyndan hem adamoglunuň bar edilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Poleontologiyanyň gurujusy hasaplanan fransuz Jorj Kyuwye şol bir wagtda bir geolog we deňeşdirmeli anatomdy. Oňurgaly we oňurgasyzlaryň zoologiyasy we poleontologiyasy üstünde örän giň gözlegler geçirdi. Kyuwye geçmişdäki janlylaryň nesliniň tükenendigi hakykadyny hem kesgitli şekilde orta goyup, munuň bilen bagly teoriyany ewolyusion teoriya ters düşjek şekilde düşündirendir.

Bibliografiya

[1-2] Charles Darwin, The Origin of Species, s. 172, 280

[3] Jun-Yuan Chen, Di-Ying Huang & Chia-Wei Li, "An early Cambrian craniate-like chordate", Nature,http://www.nature.com/nature/journal/v402/n6761/abs/402518a0.html

[4] Science Progress. 1960, Vo. Monestarsky, R. Mysteries of the Orient. Discover, April, 1993, s. 40.

[5-6] Gerald Schroeder, "Evolution: Rationality vs. Randomness", http://www.geraldschroeder.com/evolution.html.

[7]. David Raup, "Conflicts Between Darwin and Paleontology", Bulletin, Field Museum of Natural History, volume 50, January 1979, s. 24

[8.] Richard Dawkins, The Blind Watchmaker, W. W. Norton, London, 1986, s. 229.

[9.] Douglas J. Futuyma, Science on Trial, New York: Pantheon Books, 1983. s. 197

[10] Charles Darwin, The Origin of Species: A Facsimile of the First Edition, Harvard University Press, 1964, s. 302

[11]. Stefan Bengston, Nature, Vol. 345, 1990, s. 765

[12]. Romer,AS. Vertebrata Paleontology. Chicago Press. 1966, s.15-33.

[13.] Gerald T. Todd, "Evolution of the Lung and the Origin of Bony Fishes: A Casual Relationship", American Zoologist, Cilt 26, No. 4, 1980, s. 757

[14] P. L. Forey, Nature, vol 336, 1988. s.729.

[15]. Edwin H. Colbert, M. Morales, Evolution of the Ver- tebrates, New York: John Wiley and Sons, 1991, s. 99]

16. Nature, volume 382, 1 Awgust 1996, s. 401

17. Pat Shipman, "Birds Do It... Did Dinosaurs?", New Scientist, 1 february 1997, s. 28

18. Carroll, Robert L. 1988. Vertebrate Paleontology and Evolution. W. H. Freeman. New York. Carroll, Robert L. 1988. Vertebrate Paleontology and Evolution. W. H. Freeman. New York.

19. George Gaylord Simpson, Life Before Man, New York: Time-Life Books, 1972, s. 42

20. Gordon Rattray Taylor, The Great Evolution Mystery, London: Sphere Books, 1984, s. 230

21. Rensberger, B. Houston Chronicle, 5 November, 1980, chapter 4, s.15.

22-23. Derek, A. The Nature of the Fosil Record. Proceedings of British Geological Association.

24. Ernst Mayr, One Long Argument:Charles Darwin and Genesis of Modern Evolutionary Thought, Harvard University Press, Cambridge, Massachusetts, 1991, s. 138

25. G. G. Simpson, "The History of Life", Evolution of Life, University of Chicago Press, Chicago, 1960, s. 135.

26. Francis Hitching, The Neck of the Giraffe: Where Darwin Went Wrong, Tichnor and Fields, New Haven, 1982, s. 40.

27. Mark Czarnecki, "The Revival of the Creationist Crusade", MacLean's, 19 January 1981, s. 56

28. Antony Flew, There Is a God, s. 111.

EWOLÝUSION HILEGÄRLIKLER.[düzet | çeşmäni düzet]

EWOLYUSION HILEGÄRLIKLER.

1. Bilim taryhynyň iň uly skandaly Piltduanly adam (Eanthropus dawson) Adamyň kellesine orangutan eňegi.

2. Nebraskaly adam: Bir doňuz dişi.

3. 375 milyon ýyllyk krokodil: Tiktaalik roseae.

Adamyň geçmişine deginmezden ozal taryhda ýary-maymyn ýary-adam janlylaryň yaşandygy pikirini jemgyýetiň möhüm bir bölegine kabul etdiren propoganda usulyna deginmek gerek. Bu propoganda usuly ewolyusionistleriň galyndylary ullanyp eden rekonkstruksiyalarydyr. Rekonstruksiya täzeden gurmak diymekdir we diňe bir süňk bölegi tapylan janlynyň suratynyň ýada maketiniň adamyň hyýal güýjüne göre guralmagydyr. Gazetlerde, dergilerde, filmlerde görülen maymyn adamlaryň her biri aýry bir rekonstruksiyadyr. Garward uniwersitedinden Earnest A. Hooten rekonstruksiyalar barada şeyle diyyär:

"Yumşak bölekleriň täzeden guralmagy örän riskli bir iş bolup, dodaklar, gözler, gulaklar we burun yaly organlaryň aşagyndaky süňk bilen hiçbir baglanyşyklary yokdur. Meselem bir Neandertal kellesini şol bir teswir bilen bir maymyna yada öňki bir filozofa meňzedip bilersiňiz. Öňki adamlaryň galyndylaryna daýanyp yöredilen senariyalar hiçbir ylmy gymmata eýe däldirler, toplumy ugrukdyrmak maksady bilen ullanylar. Şol sebäpden rekonstruksiyalara aşa bil baglamaly däl".[1]

Ewolyusionistler bu barada örän gaty gidip, bir kellä degişli birbirinden tapawutlanyan yüzler orta goýdular. Parantrop boýsa atly material üçin çyzylan birbirinden dolulygyna tapawutly üç aýry rekonstruksiya munuň aýdyň mysalydyr. Yöne ewolýusiya teoriyasynyň taryhynda bulardan hem has erbet hilegärlikler ýer alar. Bilim taryhynyň iň uly skandaly bolan Piltduanly adam munuň aydyň mysalydyr.

1912-nji ýylda London tebigat muzeýiniň müdiri Arthur Smith Woodward bilen Çarlz Dawson tarapyndan Angliýanyň Piltdaun ýakynyndaky çukurdan eňek bilen kelle süňki çykaryldy. Äň süňki maýmynyňka, dişleri bilen kellesi bolsa adamyňka örän meňzeýärdi. Bu materiallar “Eanthropus dawson” (Piltduanly adam) diylip atlandyrylyp, ýaşynyň hem 500 müň ýyldygy bildirildi. 40 yyldan köp wagtlap üstüne örän köp ylmy makala ýazyldy.

1950-nji ýylda Piltduanyň ýaşyny kesgitlemek üçin ftorid mukdary testine saldylar we eger galyndy aýdylyşy ýaly toprakda 500 müň ýyl galan bolsa örän köp ftoridiň bolmagyna garaşyldy. Yöne, bu galyndy-da hiçbir ftorida duş gelinmedi! Şeylelikde Piltduana degişli materiallaryň galyndy bolmadygy we tapylan wagty toprakda bir ýyldan köp galmadygy, has güýçli barlaglara salnan bu süňkleriň taryhy ýaly görkezmek üçin kaliý dihromaty bilen reňklenendigi, äň süňküniň üstündäki dişleriň könelen, gadymy ýaly görnüş berjek şekilde geýdirilendigi yüze çykdy.

Clark Howell Piltduan hilegärliginiň getiren zyýanlary barada şeyle diyyär:

Piltduan galyndysy adamyň kellesi we maýmynyň äňinden emele gelen materialdan başga zat bolman, bu bilgeşleýin edilen bir aldawdan ybaratdy. Muny “adamyň 500 müň ýyl öň ýaşan maýmyn bilen bir atasy” diýip hödürlediler. Bu barada 500-e ýakyn kitap ýazyldy, paleontologlar bu tapyş bilen 50 ýyl boýunça boş ýere wagt geçirdiler”.[2]

Bu galyndy bilen 10 ýaşyndaky orangutanyň eňek süňküni adamyň kellesi bilen birleşdirip, adamyň dişlerini hem äň süňkine oturdyp maýmyn-adam arasy bir barlyga meňzedilmek islenilipdir. Bu işi edenler gözlenen wagty hiçkim jogapkärçiligi üstüne almady, Woodward bilen Dawson bolsa ölüpdi. 50 ýyla ýakyn dünýäniň iň uly barlaglaryna garamazdan Piltduan hilegärliginiň bilinmänligi beyleki galyndylar hakynda şüphäni hasda artdyrdy.

Piltduanly adam:

1. Galyndylar Charles Dawson tarapyndan tapyldy we Sir Arthur Smith Woodward'a berildi.

2. Bölekler meşhur kelleçanagyny emele getirmek üçin birleşdirildi.

3. Bu kelleçanak hakynda birgiden çyzgy we rekonstruksiyalar edildi, 500-e ýakyn makala yazyldy. Hakyky kellesi British muzeýinde 40 ýyl sergilendi.

4. 40 yyl soňra Piltduan galyndysynyň bir hilegärlik önümidigi, adam kellesine ýaňy ölen bir orangutan eňeginiň goşulmagy bilen döredilendigi orta çykdy.

Nebraskaly adam. 1922-nji ýylda Henry Fairfield Osborn Nebraskada bir azy dişi galyndysyny tapandygyny bildirip,  bu dişiň adam bilen maymynlaryň birmeňzeş alamatlaryny daşayandygyny öňe sürdi. Köp wagt geçmän tema bilen bagly jedeller başlady. Bu ýekeje dişe dayanyp Nebraskaly adamyň kellesi bilen bedeniniň rekonstruksiya çyzgylary çyzyldy. Hatda hasda aşa gidilip, Nebraskanyň ayaly we çagalarynyň tebigy gurşawdaky maşgala suratlaram çap edildi. Muňa tiz wagtdy bir at hem dakyldy: Hesperopitheсus haroldcookii.

Yöne 1927-de skeletiň beyleki bölekleri hem tapylmagy bilen birlikde täze böleklere görä bu diş ne maýmyna nede adama degişlidi. Dişiň prosthennops atly ýabany Amerikan doňuzynyň nesli tükenen bir jynsyna degişlidigi bilindi. Yüz ýyla ýakyn mundan öň bu dişiň doňuza degişlidigi bilinsede, adamyň atasy diýlip kabul edilen Nebraskanyň jemgyýetdäki durmuşyny görkezýän suratlarydyr filmleri döredilip, arzuw hyýallar bilen çekilen Nebraska adamynyň ýary maýmyn-ýary adam suratlary käbir ensiklopediýalarda we iň populýarnyý kitaplarda adamyň ilkinji atasy diýlip hödürlenmäge dowam edildi.

Tiktaalik roseae. Neil Shubin ve Edward Daeschler tarapyndan Kanadada tapylan bir galyndy Tiktaalik roseae diylip atlandyryldy. Galyndynyň yaşy takmynan 375 milyon yyla yakyn diylip takmyn edildi. Suwdan gury ýere geçiş ertekisine talyp gözleyän ewolyusionistler galyndynyň deňi tayy bolmadyk bir geçiş formasydygyny öňe sürüp yere göge sygdyran däldirler.

Tiktaligiň kellesindäki bütin alamatlar krokodila degişli alamatlardyr: Gözleri birbirine yakyn we ýokardadyr, kellesi tekizdir, hemem kellesi göwreden aýry hereket sergiläp bilyändir. Yiti dişleri we umumy daş görnüşi dolulygyna krokodillara mahsus alamatlar bolup, janlynyň görnüşi günümüzde Hytaýda yaşayan alligator sinensis görnüşi bolan krokodil bilen birmeňzeşdir.

Chicago uniwersitedyndan Tyler Keillor galyndynyň rekonstruksiyalaryny taýynlan mahaly janlynyň daş görnüşiniň deňizden gury yere geçiş ertekisine uygun gelmegi üçin hem amfibiyalara hemde balyklara meňzejek şekilde düzendigini rahatlyk bilen boyun aldy.[3]  Şonuň bilen birlikde Tiktaalik roseae bir mozaika jandarydyr. Mozaika janlylar ewolyusion gipotezanyň esasyny düzyän geçiş formalaryndan dolulygyna uzakdyr. Günümüzde Awstraliyada yaşayan Utkonos süydemdiriji, guş we süyrenji alamatlaryny özünde göteryän bir mozaika jandary bolmagyna garamazdan teoriya üçin hiçbir tarapdan delil görkezilip bilinmez. Kämahal utkonos hem ewolyusionistleriň spekulyasiyalaryna sezewar bolsada, Stiwen J. Guld yaly meşhur ewolyusionistler mozaika janlylaryň bir geçiş formasy hökmünde kabul edilip bilinmejekdigini ać-açan aýtdy.

Ewolyusionistleriň öz pikirlerini goldamagy üçin tapmaly zatlary geçiş formalarydyr. Geçiş formalary kemçilikli, ýarym, wezipesini doly görüp bilmeyän organlara eye janlylar bolup, mozaika janlylarynyň bolsa eýe bolan organlarynyň her biri kemçiliksizdir. Ýary ösen organlary yokdur, janlynyň mozaika alamatlary pesden çylşyrymla gidenini görkezjek ýekejede geçiş formasy alamaty görkezyän däldir.

[1] Earnest A. Hooton, Up From The Ape, New York: McMillan, 1931, s. 332

[2] Howell, C. Early Man.New York: Time Life Books, 1973,s.24-25.

[3] Building Tiktaalik", https://www. youtube.com /watch?v=MkOy1XU0cbY

ADAMYŇ GEÇMIŞI.[düzet | çeşmäni düzet]

ADAMYŇ GEÇMIŞI

1. Parapitek, Driopitek we Ramapitek barada umumy maglumat.

2. Awstralopitek.

3. Homo Habilis.

4. Homo Rudolfensis.

5. Homo Eructus we Yzy: Hakyky adamlar.

6. Neandertallar.

7. Homo Sapiens Archaic, Homo Heilderbergensis we Kromanyonlylar.

8. Hronologiya.

9. Homo sapiensiň gizli taryhy.

10. Adam bilen maymynlar arasyndaky meňzeşlikler Darwinizme subutnama bolup bilermi?

11. Darwinizmiň iki aýaklylyk krizisi we jynsy köpeliş.

12. Adamyň geçmişi bilen bagly netije.

Adamyň geçmişi nähilidir? Yagny ilkinji adam nädip orta çykandyr?  Ewolyusionistleriň öňe sürüşi yaly pes gurluşly organizmlardan birgiden basgançaklary geçirip hasyl bolan bir tebigat eserimidir? Yada belli bir plan we programma görä öz gurluş ayratynlygy bilen Ýaradylan bir jandarmydyr?

Şübhesiz ewolýusiýa bilen bagly iň kritikaly mesele adamyň geçmişi bilen baglydyr. Taryh boyunça 6000-den köp maymyn görnüşi yaşap, bularyň örän uly bir bölüminiň nesli tükenip yitip gitdi. Bugün diňe bir 120 maymyn görnüşi Yeryüzünde ýaşaýar. Ine bu müňlerçe nesli tükenen maymyn görnüşiniň galyndylary ewolyusionistler üçin üstünde spekulyasiyalar edip biljekleri örän baý bir material çeşmesini emele getirer. Onda eldäki galyndylaryň haýsylary adam, haysylary maymyndyr? Bularyň haýsyda bolsa birisiniň hakykatdan hem bir geçiş formasy hasaplanmagy mümkinmidir? Bu soraglaryň jogabyny görmek üçin bu kategoriyalary yzygiderli ele alalyň: Adamyň gelip çykyşy.

GOMOLOGIK WE ANALOGIK ORGANLAR.

1840-njy ýyllarda Britaniyaly anatom Riçard Owen organizmler arasynda birmeňzeş wezipäni ýerine ýetiryän organlary analogik, gurluş taydan birbirine meňzeş organlary bolsa gomologik organlar diyip atlandyrdy. Riçard organizmleriň birmeňzeş bir plan üstünde bina edilendigini aýdýan mahaly, Darwin olaryň bir ata-babadan gelendigini pikir etdi. Darwin gomologik organlary "umumy ata-babadan nesle geçijilik yoly bilen miras alynan alamatlar" hökmünde düşündirdi.

Ýarganatyň uçmak üçin ganatlary, delfin balygynyň ýüzgüçleri, atyň ylgamak üçin aýagy, adamyň eli gomologik organlara, guşlaryň we kebelekleriň ganatlary bolsa analogik organlara mysal bolup biler.

Sintetik Darwinizmiň ewolyusionistleri 1930-40-njy ýyllarda gomologik alamatlary bir ata-babadan nesle geçijilik yoly bilen geçen meňzeş genleriň täsirine bagladylar. Ýöne käbir meňzeş gurluşlaryň bir atadan gelmedigini, ýagny gelip çykyşy boyunça birmeňzeş däldigini bildirdiler. Muňa mysal hökmünde osminoguň gözi görkezildi. Osminoguň gözi adamyň göz gurluşyna meňzeşdir. Ýöne muňa garamazdan biologlaryň adam bilen osminogy bir ata baba baglamadyklary bellidir.

Kritikalary.

Mälim bolşy ýaly ewolyusiya teoriyasynyň esasy mutasion üytgeyjiliklere daýanýar. Şeylelikde birbiriniň garyndaşlygy hasaplanýan janlylaryň genetiki düzümleri hem birbirine meňzemelidir. Esasan hem gomologik organlary birbirine meňzeşiräk genler tarapyndan dolandyrylmalydyr. Yöne welin geçirilen barlaglarda meňzeş, yagny gomologik organlaryň köplenç örän dürli genetiki kodlar tarapyndan kesgitlenyändigi yüze çykdy. Awstriyaly molekulyar biolog Michael Denton "Evolution: A Theory in Crisis" (Krizis ýagdaýdaky teoriya Ewolyusiya) atly kitabynda bu barada şeyle diyyär:

"Embriologik we genetiki barlaglarda gomologik gurluşlaryň gomologik genler tarapyndan kesgitlenyändigini we embriologik gelip çykyşyň gomologik nusgalaryny yzarlayandygyny görkezip bilsedik, gomologiýanyň ewolyusiyada ygtybarlygy uly ölçegde güyçlenip bilerdi. Şunýaly gomologiýa umumy atadan miras galan hakyky bir baglanyşygy güyçli bir şekilde orta goyardy. Ýöne gomologiýanyň munýaly giňeldilmejegi ýüze çykandyr. Gomologik gurluşlar, köplenç gomologik bolmaýan genetiki sistemalar tarapyndan düzülyändir" [1]

Bu genetiki problemany meşhur ewolyusionist biolog Geýwin de Biir hem dile getiryär. Biir 1971-nji yylda çap edilen "Homology: An Unsolved Problem" (Gomologiya: çözülmedik bir mesele) atly kitabynda şeyle diyyär:

"Meňzeş genler tarapyndan dolandyrylmadyklary halda gomologik organlaryň orta çykmagy haýsy mehanizmiň (ewolyusiyanyň ugrukduryjy sebäpleriniň) netijesi bolup biler? Bu soragy 1938-de soradym, yöne henizem jogap gelmedi." [2]

Dürli janlylaryň DNK-laryndaky meňzeş genetiki kodlar hem, örän dürli organlara garşylyk gelip bilyändir. Bu barada De Biir şeyle dowam edyär:

"Gomologiya bir atadan gelen toplumy görkezyändigi üçin, genetikanyň gomologiya problemasynyň çözgüdinde esasy roly oynayandygyny pikir edip bolar. Yöne bu, adamlaryň geň galan ýeridir. Çünki meňzeş genler tarapyndan dolandyrylýan alamatlar gomologik bolmak zorunda däldir we gomologik gurluşlaryňam meňzeş genler tarapyndan dolandyrylmagy hökmany däldir. Gomologik gurluşlaryň umumy atadan gelendigi pikiri genleriň meňzeşligine degişli edilip bilinmez."[3]

Gomologik organlar bilen embriologik gelip çykyş arasynda baglanyşyk gurulmagam birnäçe tarapdan kyndyr. Meselem köp oňurgaly aýagynda barmaklaryň gelip çykyşy yzdan öňe, bir başga söz bilen aydylanda guyrukdan başa tarapdyr. Guyruksyz gurbagalarda şeyle wagty, olar bilen garyndaşdygy öňe sürülen salamandralarda guýrukdan başa dälde, başdan guyruga tarap gider. Tapawut örän bellidir welin, käbir biologlar salamandralaryň ewolyusion geçmişiniň gurbagalar hem degişli bolmak bilen, bütin oňurgalylardan tapawutlydygyny öňe sürmek zorunda galandyr.

De Biir hem meňzeş pikirde:

"Gomologik gurluşlaryň birbirine garşylyk gelmegi düwünçekdäki öyjükleriň pozisiyalaryna, ýumurtganyň böleklerine ýada bu gurluşlaryň meydana gelyän mahaly geçiren gelip çykyş yollaryndaky meňzeşliklerine dayandyrylyp bilinmez"[4]

Analogik organlaryň kritikasy. Ewolyusionistleriň gomologiya adalgasy meňzeş morfologiyalara eýe bolan janlylar arasynda ewolyusion baglanyşyk gurmak logikasyna daýanýar. Yöne aralarynda hiçbir ewolyusion baglanyşyk gurup bolmayan, yagny ewolyusionistleriň gelip çykyşy boyunça dürli hasaplan görnüşleriniňem gomologik organlary bardyr. Ganat munuň bir mysalydyr. Bir süydemdiriji bolan ýarganatda ganat bardyr, guşlarda ganat bardyr, siňeklerde-de ganat bardyr. Yöne bu üç aýratyn janlynyň umumy atadan gelendigini, ýagny gelip çykyşynyň birmeňzeşdigini hiçbir ewolyusionist öňe sürmeýär.

Bu barada bir başga mysalam janlylaryň gözlerindäki täsin galdyryjy meňzeşlik we ýakynlykdyr. Meselem osminoglar ewolyusionistleriň düzen ýaşaýyş agajyna, ýagny ewolyusion shema görä adama iň uzak janlylardan biri bolmagyna garamazdan osminoguň gözi bilen adamyň gözi gurluş we funksiya taydan birbirine örän meňzeşdir. Şu we şuňa meňzeş mysallar "gomologik organlar janlylaryň umumy atadan gelendigini, ýagny gelip çykyşynyň birmeňzeşdigini görkezer" şeklindäki pikiriň hiçbir ylmy dayanjynyň bolmadygynyň aydyň subutnamasydyr.

Bular yaly organlary ewolyusionistler analogik, ýagny gelip çykyşy boyunça dürli, yöne birmeňzeş wezipäni ýerine ýetiryän organlar diyip atlandyrarlar we bu hadysany konwergensiya baglarlar. Yöne bir organyň gomologik kategoriýasynamy yada analogik kategoriýasynamy degişli edilmelidigi soragy dolulygyna ewolyusiya teoriyasynyň öň garaýyşlaryna görä jogaplanar. Olaryň edyän zady garşylaryna çykýan tapyndylary öz teoriyalaryna görä teswirlemekdir.

Gynansagam orta goýan bu düşündirişlerem örän ýetersizdir. Çünki analogik hasaplan organlarynyň käbirleri örän kompleks gurluşlaryna garamazdan birbirlerine örän meňzeşdir welin, bu meňzeşligiň tötänleýin mutasiýalar esasynda üpjün edilendigini öňe sürmek uly bir mesele ýüze çykarar. Meselem osminoguň gözi, ewolyusionistleriň öňe sürüşi yaly dolulygyna tötänlikler eseri bolup yüze çykan bolsa, nädip oňurgaly gözem şol bir tötänlikleri gaytalap orta çykyp biler? Bu soraga meşhur ewolyusionist Frank Salisbury hem dykgat çekyär:

"Göz yaly çylşyrymly bir organ hem dürli janly toparlarynda aýry-aýry orta çykypdyr. Meselem osminogda, oňurgalylarda we bognaýaklylarda. Bularyň bir saparlygyna nädip orta çykandygyny düşündirmek mesele bolup duran wagty, (Sintetik Darwinizm) teoriyasyna görä, her saparynda aýry-aýry emele gelendikleri düşünjesi kellämi agyrdýar."[5-6]

Ewolyusionist teoriya görä ganatlar hem mör-möjeklerde, uçan süyrenjilerde, guşlarda we ýarganatlarda birbiri bilen baglanyşygy bolman aýry-aýry orta çykypdyr. Tebigy seçgi we mutasiyalar arkaly nädip dörändigi bilen bagly rasional bir düşündirişi bolmayan ganatlaryň dört gezek aýry-aýry emele gelmegi we bu emele gelen ganatlaryň birbirine meňzeş gurluşlar sergilemegi, ewolyusionistler üçin bir başga kelle agyrydyr.

BÄŞ BARMAKLYK.

Gury yerde yaşayan janlylaryň öňki hem-de yzky aýaklarynda bäş barmak bardyr. Bular her niçigem doly bir barmak görnüşüne eýe bolmasada, süňk gurluşy taydan "bäş barmakly" (pentadactyl) görnüşe eýedir. Gurbaganyň, asyň, belkanyň, maymynyň we başgada birgiden janlynyň el-ayaklary şunyaly gurluşdadyr. Ewolyusionistler bäş barmaklyk gomologiýany Darwinizmiň uly bir subutnamasy hökmünde görkezýärdiler.

Yöne, 1980-nji ýyllarda bu barmak gurluşuna eye janlylarda, barmak gurluşlarynyň örän dürli genler tarapyndan dolandyrylýandygyň ýüze çykmagy bu baradaky garaýyşlary dolulygyna üytgetdi. Biolog William Fix muny şu setirler bilen beyan edyär:

"Ewolyusiya barada gomologiya pikirine köplenç ýer beryän öňki ders kitaplarynda, esasan hem dürli haywanlaryň skeletlerindäki ayaklaryň gurluşy üstünde durulyardy. Şeylelikde bir adamyň golunda, bir guşuň ganatlarynda we bir ýarganadyň ýüzgüçlerinde bar bolan bäş barmakly gurluş bu janlylaryň bir atadan gelendiklerine subutnama hasaplandy. Eger bu dürli gurluşlar mutasiyalar we tebigy seçgi tarapyndan wagtal-wagtal üytgedilen şol bir genler tarapyndan dolandyrylýan bolsalardy, bu teoriýanyň hem bir manysy bolardy. Yöne gynansakda ýagdaý beyle däl. Gomologik organlaryň dürli görnüşlerde örän dürli genler tarapyndan dolandyrylýandygy indi bilinendir. Umumy ata-babadan gelen meňzeş genler üstüne gurulan gomologiya düşünjesi çöken ýagdaýdadyr."[8]

Onda janlylardaky meňzeş gurluşlary nädip düşündirmeli? Bu soragyň jogaby Darwiniň teoriyasy bilim dünyäsine häkim bolmanka berilipdi. Janlylardaky meňzeş organlary ilkinji bolup ýola salan Carl Linneaus yada Richard Owen ýaly alymlar bu organlary umumy atadan miras galan däl, birmeňzeş ýaradylyş mysaly hökmünde görüpdiler.

MOLEKULYAR GOMOLOGIYA.

Ewolyusionistler dürli janly görnüşleriniň DNK-larynyň ýada belok gurluşlarynyň meňzeşdiginden söz ederler we muny hem janlylaryň birbirinden gelendikleriniň subutnamasy hökmünde görkezjek bolarlar. Hakykatda bolsa birbirine ýakyn ýaly görünýän janlylar arasynda örän uly molekulýar tapawutlar bardyr. Meselem dem alyş üçin gerekli beloklardan biri bolan Sitohrom S'nyň gurluşy şol bir klassifikasiyalara degişli janlylarda örän tapawutlydyr. Bu kriteriyanyň üstünden geçirilen analizlere görä iki aýry süyrenji görnüşi arasyndaky tapawut bir balyk bilen bir guşuň yada bir balyk bilen süydemdirijiniň arasyndaky tapawutdan has ulydyr. Ýada bolmasa geçirilen bir başga analiz guşlar arasyndaky molekulyar tapawutlaryň, şol bir guşlar bilen süydemdirijiler arasyndaky tapawutdan ulydygyny ýüze çykardy. Birbirine örän ýakyn görünýän bakteriyalar arasyndaky molekulyar tapawudyň, süydemdirijiler bilen amfibiyalar yada mör-möjekler arasyndaky tapawutdan has ulydygyna hem gözegçilik edildi. [1] Meňzeş analizler gemoglobin, mioglobin, gormonlar we genler üstünde-de geçirilip, meňzeş netijeler alyndy.[2] Molekulyar biolog, Professor Micheal Denton şu we şuňa meňzeş analizlere daýanyp şeyle diyyär:

"Molekulýar derejede her bir janly klasy özbaşdak, tapawutly we beylekiler bilen baglanyşyksyzdyr. Molekulalar (hem) edil galyndy ýazgylary yaly ewolyusion biologiya tarapyndan uzyn wagtlap gözlenen teorik geçiş formalarynyň yokdugyny görkezdi... Molekulýar derejede hiçbir organizm bir beýlekisiniň atasy däldir, beýlekisinden has pes ýada ösenem däldir. Eger bu molekulýar subutnamalar mundan bir asyr ozal bar bolsady... organiki ewolyusiya düşünjesi hiçbir zaman kabul görmänem bilerdi"[3]

Günorta Karolina uniwersitedinden biohimiya hünärmeni Dr. Christian Schwabe molekulyar gurluşda ewolyusiya subutnama tapmak üçin uzyn ýyllap işlän bir alymdyr. Esasan hem relaksin ýaly beloklar üstünde barlaglar geçirip janlylar arasynda ewolyusion garyndaşlyk gurmaga çalyşdy. Yöne barlaglarynyň hiçbir nokadynda teoriya degişli haýsyda bolsa bir subutnama ele geçirip bilmedigini bildirmegi bilen birlikde, Science dergisindäki bir makalasynda şeyle diydi:

"Molekulyar ewolyusiya ewolyusion garyndaşlygyň yüze çykarylmagy üçin poleontologiyadan hem has üstün bir yol hökmünde kabul edilmäge başlanandygy sebäpli, bir molekulyar ewolyusionist hökmünde muňa buýsanmagym gerekdi. Yöne tersine, görnüşleriň yzygiderli bir ösüş sergiländigini görkezjekdigi pikir edilen molekulýar meňzeşlikleriň birgiden meselesine gözegçilik edilyär. Bu meseleler örän köp welin, hakykatda meseleleriň we geň galdyryjy hadysalaryň bize bir zady habar beryändigini pikir edyärin"

Schwabe janlylardaky lizosimleriň, sitohromlaryň we başgada birgiden gormonyň aminokislota yzygiderliginiň deňeşdirilmeginiň Darwinizm üçin garaşylmadyk netije we näsazlyklar orta goyandygyny hem belläp, bütin bu delillere dayanyp beloklaryň hemmesiniň hiçbir ewolyusion hadysa geçirmän başlangyçdaky gurluşlaryna eýediklerini we molekulalar arasynda hiçbir geçiş formasynyň yokdugyny hem bildiryär.

Netije:

Molekulýar biolog Jonathan Uolles gomologiýanyň "Ewolyusiyanyň subutnamasy gomologiya, gomologiyanyň subutnamasam ewolyusiya" şeklinde bir aýylganç aylaw içinde galandygyny şeyle beýan edyär:

"Oňurgalylaryň öňki bogunlarynyň gomologik bolup bolmadygyny kesgitlemek isleyän bir Neodarwinist, ilki bilen olaryň umumy ata-babadan gelip gelmedigini anyklamalydyr. Bir başga söz bilen aydylanda bogunlaryň gomologik diylip atlandyrylmagyndan öň, umumy ata-babanyň delilini görkezmelidir. Emma aýlaw edip gomologik bogunlaryň umumy atany görkezyändigini öňe sürmek, aýylganç bir aýlawdyr. Umumy ata gomologiyany görkezer, gomologiyada umumy atany. Köp biolog we filosof bu aýylganç aýlawy görüp, tankyt edendir"

Uolles, gomologiya meselesine düşünmek üçin munuň bilen bagly birgiden soragyň soralyp çözgüdini gözlemek gerekdigini, emma ewolyusionistleriň muňa ýanaşman okuwçylara gomologiyany diňe bir tarapdan öwretyändiklerinem belläp şeyle diyyär:

"Oňurgalylaryň bogunlary haýsy tarapdan Darwinist ewolyusiya üçin subutnama bolyar? Eger maglumatyň dowamlylygy genlerden ýada gelip çykyş yollaryndan gözbaş almayan bolsa, onuň üytgeyjilik bilen emele gelendigini nirden bilyäris? Hatda gomologiyadan ýola çykyp umumy ata baba ýetmek mümkünmi?... Bular bar bolan ylmy soraglardyr. Yöne ähtimal, biologiya okuwçylary ders kitaplarynda bu soraglary görüp bilmezler. Her bir biologiya kitaby oňurgaly bogunlaryny gomologiyany düşündirmekde ullanyar we gomologiyanyňam ewolyusiyanyň delilidigini öňe süryär. Şol bir wagtda bu kitaplaryň köpüsi gomologiyany "umumy ata-baba" manysynda-da ullanýandyr..."[10]

Bibliografiya

[1] Denton, M. Evolution. A Theory in Crisis. Burnett  Books, London, 1985.

[2-3] Beer, de G. Homology: An Unsolved Problem. London: Oxford University Press, s. 15-16, 1971. Gavin De Beer, Homology: An Unsolved Problem, London: Oxford University Press, 1971, p. 16.

[4] De Beer, G. (1958): Embryos and Ancestors, 3rd ed. Oxford: Clarendon Press, p. 152.

[5-6] Frank Salisbury, "Doubts About the Modern Synthetic Theory of Evolution", American Biology Teacher.

[7-8] Fix, William, The Bone Peddlers: Selling Evolution (New York: Macmillan Publishing Co., 1984), s. 189.

[9]. Richard, M. Shattering the Myths of Darwinism.

[10]. W. R. Bird, The Origin of Species Revisited, Thomas Nelson Co., Nashville: 1991, s. 98-99; Percival Davis, Dean Kenyon, Of Pandas and People, Haugh- ton Publishing Co., 1990, s. 35-38

[11] W. R. Bird, The Origin of Species Revisited, s. 98-99, 199-202

[12] Michael Denton, Evolution: A Theory in Crisis, London: Burnett Books, 1985, s. 290-91

[13] Wells, J. Icons of Evolution, Science or Myth?

EMBRIOLOGIK MEŇZEŞLIK.[düzet | çeşmäni düzet]

Ilkinji gezek Fon Beriň orta atan, has soňra Ernst Gekkel tarapyndan 1886-njy yylda Biogenetik kanun diylip atlandyrylan teoriya görä ontogenez filogeneziň gaytalanmagydyr. Gekkel tarapyndan öňe sürlen bu teoriya janly düwünçekleriniň ösüş döwründe atalarynyň geçiren ewolyusion döwürleri gaytalayandygyny öňe süryärdi.

Oňurgalylaryň embrional ösüşleri wagtyndaky meňzeşlikler muňa mysal hökmünde görkeziler. Balyk, salamandra, gurbakga, towuk, towşan we adam düwünçekleriniň ilki başda birbirlerine örän meňzeşdigi öňe sürüler.

Ewolyusionistler ählisinde birbirine meňzeş žabra ýarçyklarynyň bardygyny aýdarlar. Süydemdirijileriň böwrekleri emele gelyän mahaly geçiren döwürlerinde ilki pronefros görnüşde, soňra mezonefros, has soňky döwürlerinde bolsa metanefros görnüşdäki böwregiň görülendigi, bütin süydemdiriji görnüşleriniň böwrek ösüşinde birmeňzeş embrologik döwürleri geçirendigi öňe sürüler.

Kritikalary.

Darwinizmiň üstünde köp ýyllar sarp eden, şol sanda köp sanda kitap ýazan Biohimiya Professory Dueyn Giş düwünçekde oyuk we hasa meňzeş gurluşlaryň balyklarda žabra öwrülyändigini, yöne adam, süydemdiriji, guş we süyrenjide bu gurluşlar bogaza açylmayandygyny we dem alyş bilen bagly dokumalara hem öwrülmeyändigini, şeylelikde bularyň žabra ýarçyklary hökmünde dykgata alynmajagyny belleyär.[1] Britanyaly embriolog Lewis Wolpert bolsa žabra ýarçyklary barada şu setirleri dile getiryär:

"Oňurgaly düwünçeklerindäki farinks torbalaryny žabra meňzeş diyip atlandyrmak üçin embriologik bir sebäp yokdur. Bu adalganyň yeke täk sebäbi süydemdirijileriň balyga meňzeş atalardan gelendikleri şeklindäki teoretiki garaýyşdyr"[2]

Gekkeliň eden hilegärligi.(Giňişleyin maglumat almak üçin "Эмбриолог Майкл Ричардсон" diyip gözleg geçirip bilersiňiz.)

Temanyň has-da täsin galdyryjy bir başga tarapy bolsa Ernst Gekkeliň öz "Rekapitulyasiya teoriyasyny" öňe sürmek üçin çyzgylarynda eden hilegärligidir. Embriolog Michael Riçardsonyň ýolbaşçylygynda Gekkeliň çyzgylary hakyky suratlar bilen deňeşdirilip, onuň hakykaty nä derejede üytgedendigi orta goyuldy., Gekkeliň düwünçekleri meňzeş görkezip bilmek üçin çyzgylarynda hilegärlik edendigini bildirýän meşhur "Science" dergisi makalanyň dowamynda şu setirleri dile getiryär:

"Riçardson bilen toparynyň bildirmegine görä Gekkel diňe bir organlar goşmak ýada çykarmak bilen galman, şol sanda dürli görnüşleri birbirine meňzeş görkezip bilmek üçin ululyklary bilenem oynapdyr. Has dogrusy Gekkel tapawutlary gizläp bilmek üçin görnüşleri atlandyrmakdan gaça durup, ýeke bir görnüşi edil bütin bir haywan toparyny aňlatjak şekilde görkezipdir. Riçardsonyň bellemegine görä birbirlerine örän ýakyn bolan balyk görnüşleriniň düwünçeklerinde hem, şekil we gelip çykyş döwürleri taydan örän uly tapawutlara duş gelinyär. Riçardson "Gekkeliň çyzgylary biologiyadaky iň uly hilegärliklerden biri halyna gelyär" diyip belleyär."

Oňurgaly düwünçekleriniň ululyk taydan 1mm-den 10mm-e çenli dürli ululyklara eýe bolandyklary halda, Gekkeliň olary birmeňzeş ululykda çyzandygyny bildiren Embriolog Riçardson, hem gury ýerde hem-de suwda yaşayan haywanlar arasynda embriologik morfologiya taydan uly tapawutlaryň bardygyny, yöne Gekkeliň bu barada teoriyasyna uysun diyip salamandrany seçendiginem dile getiryär:

"Gekkeliň hilegärlik, ýagny bilgeşleyin aldatma bilen, günäkär bolsun yada bolmasyn, çyzgylarynyň oňurgaly düwünçeklerini yalňyş görkezendigine şüphe yokdur. Ilki bilenä ol, diňe bir teoremasyna gabat gelyän düwünçekleri seçipdi. Her niçigem 7 klas oňurgaly, ýagny äňsiz balyklar,  kitirdewükli balyklar, amfibiyalar, süýrenjiler, guşlar we süydemdirijiler bolsa-da, Gekkel diňe altysyny görkezip, äňsiz balyklar bilen kitirdewükli balyklary dolulygyna görmezden geldi. Has dogrusy amfibiyalary aňlatjak şekilde örän dürli şekle eýe bolan gurbagany dälde salamandrany seçdi..." [9]


Garward uniwersitedinden ewolyusionist poleontolog Stiwen Jey Gould 1977-nji yylda "Ontogeny and Filogeny" atly yazan kitabynda Gekkeliň eden hilegärligini tankyt etmek ýerine muny öwüp, munyaly hilegärligiň hyýal güyjüni herekete geçiryändigi üçin peydaly bolandygyny aýdandyr. Gould ýyllar soňra galama alan bir başga makalasynda bolsa şu setirleri dile getirdi:

"Pikirimçe häzirki zaman ders kitaplarynyň köpüsinde bolmasada, uly bir bölüminde bu çyzgylaryň entegem ýer almagyna rugsat beren akylsyz bir hereket sebäpli hemmämiziň geň galmagy hem-de utanmagy gerek diyip pikir edyärin. Gekkeliň hilegärligi örän açykdy welin, ol bäş aýry professor tarapyndan hilegärlik etmegi bilen aýyplanyp, Ýenadaky uniwersitet kazyýeti tarapyndan günäkärlenipdi".

Goulduň hem belleyşi ýaly, aslynda Gekkeliň eden hilegärligi ol heniz durmuşda mahaly yüze çykypdy. Gekkeliň özi hem eden hilegärligini kabul edipdi. "The Neck of the Giraffe: Where Darwin Went Wrong" kitabynyň awtory Frensis Hitçing hem, Ernst Gekkeliň hut özüniň eden hilegärligini boyun alandygyny bildirip, onuň şu sözlerine ýer beryär:

"Bu eden hilegärligimi boyun alanymdan soňra özümi aýyplanan we ýazgarylan hökmünde görmegim gerekdir. Yöne meniň tesellim birgiden meşhur biolog bardyr welin, olaryň çykaran iň gowy biologiya kitaplarynda, tezislerinde hemde dergilerinde meniň derejämde edilen hilegärlikler, anyk bolmayan maglumatlar, az-köp ýoýulan şekiller ýer alýandyr".[3-4]

Meşhur bir bilim žurnaly "Science" dergisindäki makalada şeyle diyyär:

"Gekkeliň boyun alan sözleri çyzgylarynyň 1901-nji ýylda "Darwin and After Darwin" atly bir kitapda ullanylandan soňra yitirim boldy. We çyzgylar, iňlisçe biologiya ders kitaplarynda giňden köpeldildi"[5].

Gysgaça aydylanda Gekkeliň çyzgylarynyň bir hilegärlikdigi heniz 1901-nji ýylda orta çyksada, bütin bilim dünyäsi bu çyzgylar bilen bir asyr boyunça aldanylmaga dowam etdi.

Köp sanawdaky embriolog tarapyndan ewolyusionistleriň öňe sürüşiniň tersine, adam düwünçeginde hiçbir wagt žabra ýarçyklarynyň görülmedigi, adamyň süyrenjiler ýada maymyna meňzeş hallardan geçmeýändigi orta goýuldy. Žabra ýarçyklarynyň galyndysy hökmünde görkeziljek bolunan gurluşlar aşaky we üstki eňek, hyoid (dil süňki), galkan şekilli mäz we timus mäzlerini emele getiryän embrionik gurluşlardygy yüze çykdy. Düwünçegiň "yumurtga sarysy haltasyna" meňzedilen bölegi bolsa hakykatda çaga üçin gan öndüryän bir haltadygy, Gekkel bilen yzyny ýöredyänleriň "guyruk" diyip atlandyran bölekleriniň bolsa adamyň oňurga süňki bolup, diňe bir aýaklardan ozal emele gelyändigi sebäpli guyruga meňzeş şekildedigi bilindi. Bular häzirki wagtda bilim dünyäsinde bilinen hakykatlar bolup, hatda Sintetik Darwinizmiň gurujylaryndan Jorj Gaylord Simpson we W. Beck hem "Gekkel ewolyusion ösüşi yalňyş şekilde orta goydy. Bugün janlylaryň embriologik gelip çykyşlarynyň geçmişleri barada habar bermeyändigi indi anyk bilinyär" diyip ýazandyr.[6]

Mundan başga-da Gekkel, esasan hem düwünçekleriň iň irki döwürleriniň birbirine has menzeşdigini öňe sürüpdi. Yöne Gekkeliň çyzgylary iň irki döwürlerden dälde, gelip çykyşyň ortasyndan başlaýar. Has irki döwürler arasynda bolsa örän uly tapawutlar bardyr. Eger oňurgaly gelip çykyşynyň iň irki döwürlerinde birbirine örän meňzeyändigi dogry bolsady, dürli klaslaryň gastrulyasiya döwürlerinde birbirine iň köp meňzeşlik görkezmegine garaşmak bolardy. Yöne, gastrulyasiya döwründe balyk gurbagadan, sürenjiden, guş we süydemdirijiden örän tapawutlydyr. Bu barada haysy modeli ele alsak alayly, iň irki döwürleriň iň meňzeş döwürlerdigi pikirine gabat gelyän netije yokdur. Oňurgaly böwreginiň gelip çykyşynyň balyk we gurbagalar bilen hiçbir baglanyşygynyň ýokdugyny hem bellemek gerek.  Molekulýar biolog Micheal Denton bu barada şeyle diyyär:

"Balyk bilen gurbagalarda böwrek gönimen mezonefros diylip bilinen embrionik organdan emele gelyän bolsa, süyrenji we süydemdirijilerde mezonefros ösüşiň soňuna tarap alamatyny yitirip, ulularyň böwreginiň emele gelmeginde hiçbir rol oynamaz. Munuň yerine böwrek mezonefrosdan baglanyşyksyz bir şekilde ösen mezodarmal dokumadan hasyl ediler".[7]

Oňurgaly düwünçekleriniň ösüşi Darwin bilen Gekkeliň pikirlerini goldamayandygyna garamazdan embriologik gelip çykyş basgançaklaryna ewolyusion bir düşünje bilen baha berilip, biologiya kitaplarynda hem şu şekilde ýer alar. Jonathan Uolles muny şeyle suratlandyrýar:

"Darwin teoremasy delile seredilmän goldanylýandygy we Ontogenez filogenezi gaytalar pikiri bu teoremanyň manyly bir netijesi bolandygyy zerarly, biologiya ders kitaplarynda esasan Fon Beriň ady hem goşulyp öwredilmäge dowam edilýär. B.I. Balinskiniň hem ders kitaby bolan "Introduction to Embryology" kitabynyň 1975-nji ýyldaky neşri şu hayran galdyryjy maglumaty beryär: "Fon Beriň kanuny ewolyusiyanyň yşygynda täzeden teswirlenilip bilner. Täze haly bilen bu kanun Gekkeliň biogenetik kanuny diylip atlandyrylar. Fon Beriň kanunyna görä gadymy geçmişiň alamatlary ontogenezde ir öser, has täze geçmişiň alamatlary giç öser. Şeylelikde ontogenetik ösüş janly organizminiň şol bir tertipdäki dürli alamatlaryny görkezer. Olar filogenetik gelip çykyş wagtynda ösüşe dowam edyän wagty, ontogenez filogenezi gaytalar."

Bir biogenetik kanuny taryhynyň mundan beter näderejede ýoýulyp bilinjekdigini hyýal etmek hem kyndyr. Muňa garamazdan (şunyaly yalanlar) birgiden biologiya ders kitabynda entegem ýer alyar. Bu ýeterlikçe erbetlik däl yaly, Fon Beriň kanunyny düşündirmek üçin Gekkeliň çyzgylary ullanylyar. Meselem Duglas Futuýmanyň ösen derejedeäki ders kitaby bolan Evolutionary Biology kitabynyň 1998-nji ýyldaky neşrinde Gekkeliň çyzgylary kopýa edilip, çyzgylaryň başynda Gekkeliň ady görkezilmändir. Munuň yerine çyzgylara Fon Beriň kanunynyň düşündirişi diylipdir."[8]

2000-nji ýylda biolog Duglas Futuymanyň bu eden işi ýalan sözläp hakykatlary üytgedendigi şeklinde tankyt edildi. Futuýma özüni aklanda Gekkeliň çyzgylary bilen hakyky oňurgaly düwünçekleri arasyndaky tapawutlardan habarsyzdygyny bildirdi.

Soňky sözi J. Uollesa bereliň:

"Her niçigem biologlar Gekkeliň çyzgylarynyň hilegärlikdigini we oňurgalylaryň ösüşinde iň irki döwürleriň iň köp meňzeyän döwürler bolmadygyny bilseler hem ders kitaplary sada okuwçylary Darwin Teoremasynyň embriologik delile daýanyandygyna ynandyrmak üçin bu çyzgylar we şol bir ölçegde diyen yaly aldawjy suratlary ullanýandyrlar."[10]

[1] Gish, D.T. Evolution: The Fossils Say No!

[2] Wolpert, L.The Triumph  of The Embryo. Oxford: Oxford University Press, s. 185, 1991

[3-4] Francis Hitching, The Neck of the Giraffe: Where Darwin Went Wrong, New York: Ticknor and Fields 1982, s. 204.

[5] Elizabeth Pennisi, "Haeckel's Embryos: Fraud Rediscovered", Science, 5 September 1997.

[6] G. G. Simpson, W. Beck, An Introduction to Biology, New York, Harcourt Brace and World, 1965, s. 241.

[7] Denton, M. Evolution. A Theory in Crisis. Burnett  Books, London, 1985.

[8] Wells, J. Icons of Evolution, Science or Myth?

[9] Rickardson, M.K. Heteronchrony and  The Phylotypic Period. Developmental Biology 172, s.412-421, 1995.

[10] Wells, J. Icons of Evolution, Science or Myth?

Rudiment we atawizm meselesi.[düzet | çeşmäni düzet]

Wezipesi bilinmeyän yada wezipesi bar bolup, ozalky ähmiyetini yitiren hökmünde birnäçe organlar ewolyusionistler tarapyndan rudiment yada artyk galan organ hökmümde ewolyusiya delil görkeziler. Bir organizm toparyndaky rudiment organlaryň başga bir organizm toparynda hasda ösen bolmagy şol ikisiniň arasynda ýakyn bir garyndaşlygyň bardygyna subutnama hasaplanar. Robert Widershaým 1895-nji ýylda çap eden "The Structure of Man” atly kitabynda adamyň bedeninde iş görmeyän we wagtyň geçmegi bilen adamyňam bedenini terk etjek 86 sany gereksiz organyň bardygyny öňe sürendir.

Adamda kör içege beyleki janlylara görä kän ösmedikdir. Bu ýagday ewolyusionistler tarapyndan rudiment organ hökmünde kabul ediler we adamyň ot bilen iymitlenyän bir haywandan gelendigine subutnama hökmünde görkeziler.

Olara görä adamda bir başga rudiment diylip kabul edilen organ türre süňküdir. Munuňam adamyň guyrukly atadan gelendigine delildigi aýdylar, öňler timus mäzi, galkan şekilli mäz, gipofiz mäzi yaly birnäçe organyň hem gereksizdigi öňe sürülendir.

Rudiment organlaryň kritikasy. Bilim ösdügiçe Widershaýmyň listindäki organlar gitdigiçe kiçeldi. Meselem Timus mäziniň çagalyk döwründe bedeniň immunitet sistemasynyň ösüşine uly goşant goşyandygy, galkan şekilli mäziň madda çalşygy we ösmek üçin örän möhüm iki gormon bölüp çykaryan bir endokrin mäzidigi, anginalaryň bolsa bogazy, esasanam yetginjeklige çenli infeksiyalara garşy goramakda möhümdigi, Darwin tarapyndan rudiment diylip bellenilen gözdäki ýarym aý şeklindäki gabygyň bolsa gözüň tämizlenmeginde işe ýaraýandygy bilinendir. Häzirki wagtda timus mäzi, epifiz mäzi we anginalaryň gereksiz organ däldigi dünyä bellidir.

Appendiks, bir başga söz bilen aýdylanda kör içegäniň hem soňky ýyllarda geçirilen barlaglar netijesinde bedene giren mikroplara garşy göreşen limfa ulgamynyň bir bölegidigi, yogyn içegä iberyän suwuklygy bilen yokanç kesellere garşy gorag wezipesini yerine yetiryändigi kesgitlenendir.

Iň meşhur bir başga rudiment organlardan birisem türre süňküdir. Bu süňk adamyň atasynyň guyrukly bir görnüşdigi barada sarsmaz bir subutnama hökmünde görkeziler. Yöne soňky ýyllardaky ylmy barlaglar türre süňküniň hem peydasyz däldigini we örän möhüm bir wezipesiniň bardygyny orta goydy. Adam bu süňküň saýasynda rahat oturyp biler. Halk arasynda käbir betbagtçylyklar sebäpli türre süňki döwülen adamlaryň uzyn wagtlap şol bir pozisiyada oturyp bilmediklerine we rahatlyk tapmadyklaryna gözegçilik edilendir.

Wezipesiz organlar diylip öňe sürlenler aslynda wezipesi tapylmadyk organlardy. Biolog S. R. Scadding "Evolutionary Theory" dergisinde yazan "Rudiment organlar ewolyusiya subutnama bolup bilermi?" atly makalasynda bu hakykady şu sözler bilen beyan edyär:

"(Biologiya baradaky) maglumatlarymyz köpeldigiçe rudiment organlar sanawy gitdigiçe azalandyr... Bir organyň wezipesizdigini kesgitlemek mümkin däldigine we gowşan organlar ylmy bir alamat daşamadygyna görä rudiment organlaryň ewolyusiya teoriyasy üçin haysyda bolsa bir subutnama daşamayandygy netijesine baryaryn"[11]

Bütin bu peydalar orta çykyp başlanyndan soňra ewolyusionistler täze bir strategiýa döredip, rudiment organlaryň diňe bir işläp bilmän galan organlar diymek däldigini, käbir rudiment organlaryň wagtyň geçmegi bilen asyl wezipesinden üytgäp organizmler tarapyndan başga wezipeleri ýerine ýetirjek organlara öwrülendigini öňe sürüp başladylar. Ýöne görşümiz ýaly, bärde-de gomologiyada bolşy yaly aýylganç aylaw garşymyza çykýar.

Bir ata-baba subut edilmezden ozal öňe sürülen ata babadaky asyl wezipe organyndan söz edilmez. 'Organlaryň asyl wezipesiniň üytgäp başga wezipä öwrülendigi' şeklindäki gipotezanyň subutnamasy näme? Biz rudiment organlar gipotezasyndan yola çykyp-my bir ata-babany subut edyäris, yada bir ata babany kabul edendigimiz üçin-mi birnäçe organlara özümizçe rudiment organlar diyyäris?

Rudiment organlaryň yene bir kritikasy bolsa bilnişi yaly ewolyusionistler tarapyndan janlylardaky rudiment organlaryň geçmişdäki atalaryndan miras galandygy belleniler. Yöne welin rudiment organ diylip öňe sürlen organlaryň käbirleri janlylaryň atasy diylip öňe sürülen käbir janlylarda yokdur. Meselem ewolyusionistler tarapyndan adamyň atasy diylip öňe sürlen käbir maymynlarda appendiksa duş gelinmez. Biolog H. Enoch bu hadysany şu sözler bilen dile getirýär:

"Adamlaryň appendiksi bardyr. Yöne has öňki atalary bolan aşaky maymynlarda appendiksa duş gelinmez. Garaşylmadyk bir sowgat şekilde appendiks, has pes gurluşly süydemdirijilerde, meselem opossumlarda duş geliner. Beyle bolsa ewolyusiya teoriyasy muny nädip düşündirip biler?" [12]

JANLY ORGANIZMLERDÄKI ÖŇE SÜRÜLEN KEMÇILIKLER.

Ewolyusionistler janly organizmlerde kemçilikleriň  bardygyny öňe sürüp, muny hen teoriyalaryna subutnama görkezerler. Meselem:

1. Pandalaryň baş barmagy (altynjy barmak) ewolyusionistleri birnäçe wagtlap meşgul edendir. Bu barmak Stiwen Jey Gulduň 'Pandanyň baş barmagy' atly kitaby bilen meşhurlyk gazandy. Oňa görä haçanda panda bambuk bilen iymitlenmãge başlanyndan soňra tebigy seçgi bilen altynjy barmak emele gelip, birneme yetmezçilikli, kemçilikli we wezipesiz galypdyr.

2. Ewolyusionistleriň kemçilikli diyip öňe süren organlary diňe bir pandanyň barmagy bilenem çäkli bolman, meselem olara görä köp adamyň arka agrysynyň sebäbi adamyň geçiren ewolyusiyasy netijesinde skeletiniň doly ýagdaýda kämil hala gowuşmanlygydyr. Yada bolmasa guyrukly adam diylip hödürlenen suratlar hem atawizm diylip atlandyrylyp, ewolyusionistler tarapyndan Darwinizme subutnama hökmünde görkezilendir.

KRITIKALARY.

1. Hakykatda barmak bolmayan bu çykgydyň "dolulygyna bir barmak bolmalydygy" yada "wezipesini yeterli yerine yetirmedigi" şeklindäki jedeller alymlar tarapyndan kabul edilmän, bu çykgydyň panda üçin nähili möhümdigi görkezildi. Professor Micheal Bihä görä:

"(Stiwen Jeý) Guld pikirleri üçin bilimden goldaw alan däldir, panda üçin peydaly boljak minimum bilek süňkiniň uzynlygynyň nãhili bolmalydygyny görkezen we hasaplan däldir, süňk gurluşyndan peydalanmak üçin gerekli bolan hereket üytgeyjiliklerini göz öňünde tutmady we bir baş barmaga eye bolmazdan ozal pandalaryň nãhili iymitlenendikleri barada hiçhili söz aydan däldir. Etyän zady diňe bir erteki aytmakdan ybaratdyr"

2. Arka agrylarynyň günümüzdäki adamlaryň aşa passiw ýaşamagyndan, 20-lik yaş dişleriň doly çykyp bilmezligi bolsa yalňyş iymitlenmä bagly eňek süňküniň kiçelmeginden gözbaş alýandygy işiň hünärmenleri tarapyndan bildirilmegi bilen birlikde, guyrukly adam hökmünde hödürlenen suratlaryň käbirleri ulaldylyp, hileli şekilde oynalyp döredilendir. Käbirlerinde bolsa gysga bir uzynlyk şeklinde daşarda galan türre süňki (os coccyx) bir anomaliya hökmünde bardyr. Embriologik gelip çykyş wagtynda oňurga emele gelyän mahaly käbir somitleriň sklerotom we miotomlarynyň aýrylmagynda kiçi mutasiyalara bagly näsazlyklar görüler. Oňurganyň soňky bölegi bolan türre süňki adaty yagdayda embriologik gelip çykyşyň ikinji aýynyň ahyrynda beden içine alynar. Yöne daşky yada içki gurşaw şertlerine bagly bolup düwünçegiň sezewar bolan kiçi mutasiyalary käbir kemçiliklere sebäp bolar. Meselem spinia bifida keselinde oňurga kanalynyň yapylyp bilinmezligi, beyniniň yada yüregiň daşarda dogmagy yaly birgiden kesel sanalyp bilner. Türre süňkem her haysy bir mutasiya sebäpli näsazlyga ugrasa içine alynmaz we daşynda galandygy üçinem adaty hadysa ýaly guyrukly adam bar eken diymek dogry bir netije däldir. Bilinde şu çykgyt yada şuňa meňzeş näsazlyklar bilen dogan çagalaryň bu ýagdaýy embriologik bir hassalyk bolup, munuň teoriya bilen hiçbir baglanyşygy yokdur.  Ewolyusionistleriň anomaliyalardan kömek gözleyändigi aydylyp biliner.

[11] S. R. Scadding, "Do 'Vestigial Organs' Provide Evidence for Evolution?", Evolutionary Theory, volume 5, May 1981, s. 173

[12] H. Enoch, Creation and Evolution, New York: 1966, s. 18-19

Tebigy seçgi.[düzet | çeşmäni düzet]

Darwiniň hyýal güyji.

Tebigy seçgi.

Industrial melanizm.

Tebigy seçgi kompleksligi düşündirip bilermi?

Darwiniň hyýal güyji. Bugünki goldanylýan şekli bilen ewolyusiya teoriyasyny orta atan kişi, höwesjeň bir iňlis tebigat öwrenijisi Çarlz Robert Darwindir. Darwin hiçbir wagt hakyky bir biologiya bilimini almandy. Tebigat we janlylar barada höwesjeň bir gyzyklanma eýedi. Bu gyzyklanmasynyň bir netijesi hökmünde 1832-nji yylda Angliyadan yola çykan we bäş yyl boyunça dünyäniň dürli yerlerini gezen H.M.S Bigl atly resmi syýahat gämisinde öz islegi bilen ýer aldy. Yaş Darwin bu syýahat döwründe gören dürli janly görnüşlerinden, esasan hem Galopogos adalarynda gören guşlaryndan täsirlendi. Bu guşlaryň çüňklerindäki tapawudyň gurşawa uygunlaşmakdan gözbaş alýandygyny pikir etdi. Bu düşünjeden ýola çykybam janlylardaky bütin köpdürliligiň gözbaşynda "gurşawa uygunlaşmak" logikasynyň bardygyny çaklama etdi. Darwin bu çaklamalaryny wagtyň geçmegi bilen bir teoriya halyna getirdi. Bu teoriya görä janlylar umumy bir atadan gözbaş alyp gelmek bilen birlikde, örän uly wagt içinde kiçi üytgeyjiliklere ugrap, netijede birbirinden tapawutlanypdy. Darwin gurşawa iň gowy uygunlaşýanlaryň alamatlaryny geljekki nesillere geçiryändigini, netijede bu peydaly üytgeyjilikleriň wagtyň geçmegi bilen osoby atalaryndan dolulygyna tapawutly bir janla öwürendigini öňe sürdi. (Bu peydaly üytgeyjilikleriň gözbaşynyň nämedigi we nädip bolup geçendigi bolsa näbellidi.)

Darwin hyýal güyjünde janlandyran bu mehanizmine tebigy seçgi adyny berdi we netijede görnüşleriň gözbaşyny tapandygyny pikir etdi: Oňa görä bir görnüşiň gözbaşy bir başga görnüşdi. Bu pikirlerine 1859-njy yylda "Görnüşleriň gelip çykyşy" atly kitabynda ýer berdi.

Darwiniň pikirleri üstünde asyl möhüm täsiri döreden zat bolsa, Tomas Robert Maltusyň ilat baradaky düşünjeleridir. Maltus geljekde adamlaryň iymit barada kynçylyga düşüp, ýaşaýyş ugrundaky göreşiň başlajagyny bellemek bilen birlikde, aşa ilat köpelmeginiň bolsa açlyk we keseller ýaly faktorlar bilen gözastynda tutulyandygyny bildirdi. Darwin bolsa adamlar arasyndaky göreşiň tebigatda-da bardygyny belläp, tebigy seçginiň hem bu bäsleşigiň bir netijesidigini öňe sürdi. Bu göreşde güyçliler ýaşamak sowgadyny gazanyp nesillerini dowam etdiryän bolsa, gurşawa uygunlaşyp bilmeyän we iymitlenme hem-de önelge taydan güyçsiz janlylar bolsa tebigat tarapyndan elenýärdi.

Şol bir wagtda Darwin teoriyasynyň birgiden päsgelçilik bilen garşylaşýandygynyň hem habaryndady. Bulary kitabynyň "Difficulties on Theory" (Teoriyanyň kynçylyklary) atly bölüminde boýun aldy. Bu kynçylyklaryň başynda geçiş formalary, janlylardaky tötänleyin bilen düşündirilmegi mümkin bolmayan kompleks organlar (meselem göz), janlylaryň instinkt mehanizmleri ýaly meseleler gelyärdi. Darwin bu meseleleriň geljekdäki täze ylmy açyşlar bilen çözüljegini umut edip, käbirlerinede örän yetersiz bir düşündirişler getirdi. Yöne Darwiniň teoriyasynyň kynçylyklaryna çözgüt getirmegini umyt eden geljekdäki täze ylmy açyşlar, tersine, bu kynçylyklary hasda uly kynçylyklara tarap äkitjekdi.

Darwin teoriyasyny düzen mahaly özünden öňki köp sanawdaky möhüm ewolyusionist biologdan, esasanda Fransuz biology Lamarkdan hem täsirlendi. Lamarka görä janlylar ýaşaýan wagty gazanýan alamatlaryny soňky nesillere geçiryärdi. Meselem Lamark žyraflaryň jerene meňzeş bir haywandan meydana gelendigini, uzyn agaçlaryň ýapraklaryny iymek üçin gayrat görkezyän wagty nesilden nesle boyunlarynyň uzalandygyny öňe sürüpdi. Darwin hem Lamarkyň gazanylan alamatlaryň nesle geçijiligi pikirini goldady.

Darwiniň kitabynyň ýol açan düşünjeleri dowam edip duran wagty, Awstriýaly botanik Gregor Mendel 1865-nji ýylda nesle geçijiligiň kanunalaýyklaryny öwrendi. Mendeliň açyşlary 1900-nji ýyllarda genetika biliminiň orta çykmagy bilen hasda möhümlik gazandy. Ýene şol bir ýyllarda genler we hromosomlaryň gurluşy hem öwrenilmäge başlandy. 1950-nji ýyllarda genetiki maglumaty saklayan DNK molekulasynyň açylyşy bolsa teoriyany uly bir krizisa saldy. Çünki hem janlylygyň Darwiniň pikir edişinden örän kompleksdigi, hemde Darwiniň öňe süren mehanizmleriniň yalňyşdygy orta çykyp başlady.

Şeylelikde Darwiniň teoriyasy 20-nji asyryň başlarynda açylan genetiki kanunlar garşysynda dolulygyna bir päsgelçilige düşdi. Munuň üstüne Darwine wepadarlyk görkezmäge kararly bir bilim topary 1941-nji yylda Amerikan Geologiya derňewiniň düzlän ýygnagynda bir ara geldiler. G. Ledyard Stebbins we Theodosius Dobzanski ýaly genetikleriň Ernst Mayr we Julian Haksli ýaly zoologlaryň, Jorj Gaylord Simpson we Glen L. Jepsen ýaly poleontologlaryň uzyn çekişmeler soňunda baran netijelerinde "Janlylary ösdüren we üytgeden peydaly üytgeyjilikleriň gözbaşy nämedir" soragyna "Tötänleyin mutasiyalar" ady berildi. Darwiniň tebigy seçgi düşünjesine mutasiyalaryň goşulmagy bilen orta çykan bu täze teoriya "Sintetik Darwinizm" ady goyuldy. Gysga wagtyň içinde teoriyany orta atanlar Neodarwinistler hökmünde ýatlanmaga başlandy.

Tebigy seçgi (Natural selection)

Ýaşaýyş ugrundaky göreş. Tebigatda ýyrtyjy haywanlaryň howpy astyndaky haywan sürüsi içinde tiz gaçyp bilyän haywanlaryň durmuşda galjagy mälimdir. Belli bir wagtdan soňrada bu haywan sürüsi tiz ylgap bilyän janlylardan ybarat hala geljekdir. Yöne dykgat edilmeli zat bu ýagdaý näçe uzyn dowam etse etsin, bir görnüşi bir başga janly görnüşine öwürip bilermi soragydyr? Jogaby hem, meselem guzular howp astynda näçe tiz ylgasa şonçada halas bolar, netijede hor guzular elener, güyçliler durmuşda galar, yöne guzularyň genetiki maglumatynda bir artyş bolmandygy üçin bir "görnüş üytgeyjiligi" hem amala aşmaz. Guzular yada bir başga janly görnüşi näçe seleksiya ugrasa ugrasyn, şol bir janly hökmünde ýaşamaga dowam ederler. Tebigy seçgi bilen populyasiyalar içindäki näsag, hor ýada gurşaw şertlerine uymayan osoblaryň elenmegi amala aşar, täze organlar, täze janly görnüşleri yüze çykmaz. Darwiniň özi hem bu hakykaty "Peydaly üytgeyjilikler bolmasa tebigy seçgi hiç zat edip bilmez"[2] diyip kabul edendir. Şol sebäpden hem Sintetik Darwinizm "Peydaly üytgeyjilik sebäbi" hökmünde mutasiyalary goymak zorunda galandyr. Tebigy seçgi Darwinden öňki biologlar tarapyndan hem bilinen, yöne "Görnüşleriň bozulman durgun galmagyny üpjün edyän bir mehanizm" hökmünde atlandyrylan bir tebigy döwürdir. Ilkinji bolup Darwin, bu döwrüň janlyny bir başga janla öwürjek güyçdedigini orta atyp bütin gipotezasynam muňa daýandyrandyr.

Bir başga mysal hökmünde bir sebitde birisi has tüyli, beylekisi bolsa gysga tüylere eýe iki meňzeş it tohumunyň yaşandygyny pikir etsek, eger sebitde howa gyzgynlygy ekologik bir tapawut sebäpli möhüm ölçegde peselse, uzyn tüyli itler gysga tüyli itlere garanyňda sowuga hasda dayanykly bolandygy üçin amatly hala gelerler, ýagny has uzyn yaşar, aňsat iymitlener we has köp köpeler. Belli bir wagtdan soňra gysga tüyli itleriň bolsa sanawy azalar. Yagny uzyn tüyli itler tebigy seçgi bilen seçilip, amatlylyk gazanar.

Yöne dykgat edilse bu döwür orta täze bir it tohumy çykaran däldir, tebigy seçgi bilen diňe bir ozaldan bar bolan iki aýry tohumdan birisi amatlylyk gazanandyr.

Industrual melanizm. Mälim bolşy ýaly senagat melanizmi ders kitaplarynda, dergi makalalarynda tebigy seçginiň iň güyçli we ynandyryjy delilleriniň biri hökmünde ýer alar. Bolup geçen hadysa gysgaça göz aýlasak Angliýada senagat rewolýusiýasynyň başlan wagtlary agaçlaryň gabyklary açyk reňklidi. Şol sebäpdenem agaçlaryň üstüne gonan goýy reňkli kebelekler, bular bilen iymitlenyän guşlar tarapyndan aňsatlyk bilen awlanyp, netijede goýy kebelekleriň sanawynda kemelmä ýol açdy. Yöne elli ýyl soňra industrial hapalanmalaryň netijesinde agaçlaryň gabyklary goyulaşyp, açyk reňkli kebelekler guşlar tarapyndan has köp awlanmaga başlady. Şeylelikde açyk reňkli kebelekleriň sanawy azalan wagty, goýy reňkliler tapawut edilmändikleri üçin köpeldi.

Yöne dykgat edilse senagat melanizminde tebigy seçgi tebigatda bar bolmayan bir görnüşi orta çykaran däldir. Senagat melanizminden ozal hem kebelek populyasiyasy içinde gara reňkli kebelekler bardy. Diňe bar bolan kebelekleriň sanawy üytgändir. Bir kebelegiň bir başga janly görnüşine, meselem guşa öwrülip bilmegi üçin kebelegiň genlerinde sanawsyz üytgeyjilik, bir başga söz bilen aydylanda guşuň fiziki ayratynlyklaryna degişli genetiki maglumatlar gerekdir.

Şonuň bilen birlikde işiň ylmy subutnamasy diylip görkezilen Bernard Kettlewell’iň işleriniň aslynda ylmy bir skandaldygy bellenilýär. Meselem:

Eger tebigy seçgi goýy reňkli kebelekleri industrial sebitlerde häkim kylýan bolsa, Mançester şäheri ýaly industrial hapalygyň bar bolan bir sebitinde-de munuň görülmegi gerekdi. Yöne netije mundan tapawutlydy. Kettlewelliň düşündirişlerine ters bir şekilde industrial hapalygyň bolmadygy G.d Angliya we Galler sebitinde-de goýy reňkli kebelekleriň sany yokarydy.

Kettlewelliň barlaglaryndan soňra geçirilen birgiden barlag bilen kebelekleriň diňe bir tipiniň agaç sütününe gonýandygyny, beyleki tipleriniň bolsa gorizantal şahalaryň aşaky böleklerine gonýandygyny yüze çykardy. Şeylelikde 1980-nji ýyllardan başlap kebelekleriň agaç sütününe örän seýrek gonýandygy pikiri giňden kabul gördi. Bu barada uzyn ýyllap barlaglar geçiren Michael Majerus, Tony Liebert ýaly birgiden hünärmenler Kettlewelliň barlagynda kebelekleriň üytgeşik hereketler sergilemäge mejbur edilendigi, barlagyň netijesiniň hem şol sebäpden ylmy hökmünde kabul edilip bilinmejekdigini bildirdi.

Çikago uniwersitedinden Jerry Coyne derslerinde öwreden kebelekler bilen bagly subutnamanyň kemçiliklidigini 1998-nji ýylda bilensoň pikirlerini şeyle beyan etdi:

"Hakykady (kebelekler hilegärligini) öwrenemde garşylygym alty yaşymda mahalym maňa sowgat getireniň Ayaz baba dälde kakamdygyny öwrenenimde yaşan umytsyzlyk duygyma meňzeyär"

Iňlis tebigat taryhy muzeýi baş poleontology Colin Patterson tebigy seçgi barada şeyle diyyär:

"Hiç kim tebigy seçgi mehanizmi bilen täze bir görnüş emele getirip bilmedi, munýaly zadyň ýanyna hem ýakynlaşylmady. Bugün Sintetik Darwinizmiň iň köp jedelli meselesi hem şundan ybarat". [3]

Fransiyanyň iň belli zoolaglaryndan 35 tomluk "Traité de Zoologie" ensiklopediyasynyň awtory,  Fransuz bilimler akademiyaynyň öňki müdiri Pierre Pol Grasse hem "Evolution of Living Organisms" atly kitabynyň ewolyusiya we tebigy seçgi bölümünde şu möhüm setirleri dile getiryär:

"Haksli we beyleki biologlaryň ewolyusiyanyň tebigy seçgi mehanizmi bilen işleyändigi teoriyasy demografiki faktlaryň, genotipleriň sebitleýin tolkunlary we geografik paylanyşygyň gözegçiliginden başga zat däldir. Köplenç ele alnan görnüşler on müňlerçe yyllap hiç üytgemän galyar. Şertlere bagly bolup meydana gelen tolkunlar, genleriň öňünden üytgemegi bilen ele alynanda ewolyusiya subutnama hökmünde ullanylyp bilinmez, munuň iň gowy delilem millionlarça yyllap hiçbir üytgeyjilige ugraman yaşan galyndy materiallarydyr."

Ewolyusionistler ewolyusiya teoriyasyna garşy çykyan biologlary janlylardaky üytgeyjilige düşünmeyän adamlar hökmünde görkezerler. Yöne Darwinizme getirilen düşündirişleri tankyt edyän biologlar esasan iki meselä dykgat çeker. Birinjisi bir organizmiň tötänlikler bilen meydana gelip bilmejek derejede kämil we çylşyrymly gurluşlary bolup, ikinjisi bolsa organizmiň çäksiz bir üytgeýjilige eýe bolmanlygydyr.

Her bir janly görnüşi genetik potensialynyň rugsat beryän derejesinde gurşawa uygunlaşar. Çünki adaptasiya görnüşiň genofondundaky maglumatda haýsyda bolsa bir artyşa yada kemelmä yol açmaz, diňe janly organizmiň genetiki materialynda bar bolan maglumaty ullanar, gen ýygylygyny üytgeder, genler arasynda täze kombinasiýalary meydana getirer, janlynyň fenotipinde täsiri görülmeyän resessifleri dominant hala getirer yada epigenetika faktorlaryny işe girizer. Onda, gurşawyň üytgemegi bilen janlynyň geninde mutasiyalar emele gelip, görnüş başga bir görnüşe öwrülip bilermi? Bu soraga mutasiyalar bölüminde ýer beriler.

Her bir janly ýaşayan gurşawynda gurşawa uygunlaşmak hadysasy boyunça üç topara bölüner: maksimal, minimal ve optimal. Gyzgynlyk, guraklyk ýaly faktorlar iň başda gelyän gurşaw faktorlarydyr. Janlylar minimum we maksimum derejede ýetişdirilse optimal derejede yetişenlere garanyňda birnäçe tapawutlyk gazanarlar. Meselem biz apelsin agajyny maksimum derejede, ýagny +70°C-a ýakyn ýerde ýetişdirsek gyzgynlyga daýanyp bilmek üçin ýapraklar kiçelip, tüylener. Elbetde bu tüylenme we yaprak kiçelmegi egerde janlynyň genetik gurluşundaky maglumatda bar bolsa meydana geler.

Bu maksimal gurşawda ýetişen apelsin täze bir görnüşmi? Eger biz yaprak kiçiligini we tüylenmegini görnüş alamaty hökmünde ele alsak muňa täze bir görnüş diyip bileris. Ýöne bu ýenede şol bir apelsindir. Yagny adaptasiýa bilen apelsinden armyt yada şetdaly emele gelmez. Çünki gen düzümi muňa yol bermez, bir janlynyň genotipi daşky gurşawa laýyk gelse janly şol ýerde öser, ulalar, neslini dowam etdirer. Egerde gurşaw şertleri üytgese we janlynyňam genotipi üytgän gurşaw şertlerine uygun däl bolsa janly gurşawdan elener.

TEBIGY SEÇGI KOMPLEKSLIGI DÜŞÜNDİRİP BİLERMİ?

Gysgaça aydylanda tebigy seçgi hiçbir wagt bir görnüşiň genetiki maglumatyny ösdürmez, hiçbir wagt bir görnüşi bir başga görnüşe öwürip bilmez. S. J. Guldyň özüniň ewolyusionist bolmagyna garamazdan tebigy seçgi barada dile getiren şu möhüm setirlerini nygtamakda örän peyda bar:

"Darwinizmiň özi ýeke bir sözlemde düşündirilip bilner: "Tebigy seçgi ewolyusion üytgeyjiligiñ ýaradyjy güyjidir." Hiç kim uygun bolmayan janlynyň elenmeginde seleksiyanyñ negatif roluna garşy çykyp bilmez. Yöne Darwinjy teoriya, tebigy seçginiň uygun janlyny ýaratmagynam isleyändir."[4]

Tebigy seçgi barada ullanylan yalňyş düşünjelerden birem bu mehanizmiň aňly bir taslamaçy hökmünde görülmegidir. Gynansagam tebigy seçginiň aňy yokdur. Janlylar üçin nämäniň gowy, nämäniň erbetdigini tapawut edip biljek bir akla eýe däldir. Ine şol sebäpden hem tebigy seçgi, kompleks gurluşdaky sistema bilen organlar barada hiç wagt düşündiriş berip bilmez. Bular ýaly sistema bilen organlar iç-içe geçen birgiden bölegiň bir arada işlemegi bilen emele geler we bu bölekleriň birisi hem bolmasa ýada kemçilikli bolsa işe ýaramazlar. Munyaly sistemalar kemeldilmejek komplekslik yada kompleks biohimiki sistemalar diylip atlandyrylar. Meselem adamyň gözi ýönekeý gurluşa kemeldilip bilinmez, çünki ähli bölekleri bilen kemçiliksiz bolup bir arada bolmasa wezipe görmez.

Bular yaly sistemalary meydana getiren aňyň, geljegi öňünden hasaplap diñe iň soňky tapgyrda alynjak peydany maksat edinmegi gerekdir. Tebigy seçgi bolsa aň we akla eýe bir mehanizm bolmandygy üçin munyaly bir zady ýerine ýetirip biljek güyji yokdur. Bu hakykat "Egerde köp sanawda yzly yzyna gelen kiçi üytgeşmeler bilen döräp bilmejek kompleks bir organyň bardygy subut edilsedi meniň teoriyam hökmany suratda ýykylardy"[5] diyen Darwiniň hem alada edişi yaly, ewolyusiya teoriyasyny düybünden ýykan derejä eýedir.

Tebigat hemişe güyçlileriň ejizleri ezyän, diňe güyçlilere ýaşamak ukubyny tanayan wagşy bir söweş meydanam däldir. Bir başga söz bilen aýdylanda, göreş tebigatyň ne ýeke täk ne-de iň esasy aýratynlygydyr. Iňlis zoology Wynee Edwards haywan toplumlary üstünde 1960-70-nji yyllarda geçiren uzyn barlaglary netijesinde janly toplumlarynyñ örän täsin bir şekilde demografikany deňleýändiklerine gözegçilik etdi. Janly toplumlary populýasiýany esasan ellerindäki iymit çeşmelerine görä düzleyärlerdi. Populýasiýa açlyk we epidemiýa keselleri ýaly horlary eleyän faktorlar bilen däl, esasan haywanlarda yer alan instinkt dolandyryş mehanizmleri bilen gözastynda tutulýardy. Beyleki tarapdan garynja, bal arylary ýaly janlylarda görülen wepadarlyk mysallary ýaşaýyşyň bir göreşden ybarat bolmadygynyň aydyň subutnamasydyr. Ahyrynda şuny hem bellemek gerekli:

Tebigy seçgi iň uygunlaryň durmuşda galmagyny düşündirsede, iň uygunuň nädip orta çykandygyny düşündirip bilmez.

Bir görnüşiň eýe bolan gen düzümine genofondy diyler. Bu genofonduň içinde birgiden üytgeyjilikler görnüş içi derejesinde hasyl bolar. Her görnüşiň genofondy özi üçin aýratyndyr we genetiki kanunlaryň çäginde uly ölçegde üytgäp bir başga janly görnüşini meydana getirmegi mümkin däldir.

Bibliografiya

[1] H. S. Lipson, "A Physicist's View of Darwin's Theory", Evolution Trends in Plants, Volume 2, No. 1, 1988, s. 6

[2] Charles Darwin, The Origin of Species, s. 177

[3] Colin Patterson, "Cladistics", Interview with Brian Leek, Peter Franz, 4 March 1982, BBC

[4] Stephan Jay Gould, "The Return of Hopeful Monsters", Natural History, volume 86, July-Awgust 1977, s. 28

[5] Charles Darwin, The Origin of Species: A Facsimile of the First Edition, Harvard University Press, 1964, s. 189

ADAPTASIYA (UÝGUNLAŞMA)[düzet | çeşmäni düzet]

Yeryüzünde ýaşayan bütin janlylaryň şol gurşawa laýyk gelyän organlara, sistema we gurluşlara eyedikleri görüler. Görnüşleriň dürli gurşawlara uygunlaşyp biljek potensialda ýaradylandyklaryny kabul etmeyän naturalistler bu gurluşlaryň uzyn wagt içinde kem-kemden emele gelendigini öňe sürerler. Yöne haýsyda bolsa bir görnüşe degişli osoblaryň gurşawa uýgunlaşýança nädip ayakda galandyklary barada düşündirişe girmezler.

Käbirleri tebigy seçgi we adaptasiya bilen meydana gelen üytgeyjiligiň yuwaş-yuwaşdan görnüşden yokarky üytgeyjiliklere sebäp boljagynam bellärler. Yöne anyk subutnamalara daýanmayan munýaly pikirleriň hyýaly senariýadan öte geçyän hiçbir ylmy subutnamasy ýokdur. Çünki tebigy seçgi bölüminde hem belläp geçişimiz ýaly, adaptasiya görnüşiň genofondundaky maglumatda haýsyda bolsa bir artyşa ýada kemelmä yol açmaz, diňe janly organizmiň genetiki materialynda bar bolan maglumaty ullanar, gen ýygylygyny üytgeder, genler arasynda täze kombinasiýalary meydana getirer, janlynyň fenotipinde täsiri görülmeyän resessifleri dominant hala getirer yada epigenetika faktorlaryny işe girizer.

Netije hökmünde her bir janly görnüşi genetik potensialynyň rugsat beryän derejesinde gurşawa uygunlaşar. Adaptasiýanyň hem özüne mahsus çäkleri bar. Bu çäkleri janlynyň genetiki maglumaty kesgitlär.

MUTASIYALAR.[düzet | çeşmäni düzet]

Gen mutasiyalary,

Hromosoma mutasiyalary

Mutasiyalaryň kritikasy.

Bakteriýalaryň antibiotige garşy durnuklylygy.

Hromosoma we genlerde meydana gelyän üytgeyjilige mutasiya ady berler. Mutasiyalar tebigy şertlerde meydana gelşi ýaly, emeli şertlerde-de emele getirmek mümkindir. Munda gyzgynlyk, himiki maddalar, rentgen we ultramelewşe şöhleleri rol oynar.

DNK-daky nukleotidleriň yzygiderliliginde bolup geçjek bir üytgeyjilige gen mutasiyasy ady berler.

Gen mutasiyalary hem somatiki öyjüklerde hemde gametalarda emele gelip biler. Ýöne somatiki öyjüklerde emele gelyän üytgeyjilik jynsy köpelyän janlylarda nesle geçmez. Umuman aydylanda mutasiyalar bilen dominant genler resessif hala geçerler we netijede resessif alleller yüze çykar. Dominant hökmünde emele gelen bir mutasiya organizmde köplenç uly bir üytgeyjilige sebäp bolar. Bu üytgeyjilik wagtynda organizm gurşawa uyup bilmez we ýaňy bir düwünçek döwründekä öler. Bir gen aýry-aýry hallarda dürli şekillerde mutasiya ugrap dürli alleller emele getirip biler. Käwagdam mutasiya bilen meydana gelen bir gen dominant hala geçip biler, yöne bu örän seyrek duş gelyän hadysadyr. Resessif mutasiyalar geterozigot halda fenotipde özüni belli etmezler. Haçanda gomozigot hala gelende osobda täsiri yüze çykar.

Ak gözli erkek Drozofila melanogaster (miwe siňegi) gyrmyzy gözli urkaçy bolan Drozofila bilen çaknyşdyrlanda F1'da gyrmyzy gözli osoblar emele geldi. Şutaydan yola çykyp başda "Ak göz reňkiniň gyrmyzy göz reňkli genleriniň resessif bir allelidygy" netijesine baryldy. Yöne soňra munuň bir gen mutasiyasydygy bilindi.

Drozofilada birnäçe resessif gen mutasiyasyna gözegçilik edildi. Bular sary beden, ak göz we gysga ganat reňkleriniň adaty görnüşdäki allelleri, çal beden, gyrmyzy göz we adaty ganat genleridir. Dürli Drozofila görnüşlerinde, hatda yekeje osobda hem genleriň mutasiya duçar bolmagy dürli-dürlidir. Käbir genler hiç üytgemeyän bolsa, käbirleriniňki az yada köp üytgeyjilige ugrarlar.

Gen mutasiyalary barada şulary beyan etmek mümkindir:

1. Umuman genlerde mutasiya örän seyrek duş gelyän hadysa bolup, buda genetiki köpdürliligi üpjün etmäge ýeterlik gelmez. Meselem Drozofilanyň her 20 gametasynda ýekeje gen mutasiyasyna duş geliner. Her gametada 20 müň gen bar bolsa, yokardaky bolup geçyän üytgeyjlik örän kiçidir.

2. Gen mutasiyalarynda genetiki madda yitmez. Mutasiya ugrayan gen alleller meydana getirer.

3. Janly organizmlerdäki käbir aýratynlyklar birgiden geniň gözegçiligi astyndadyr.

4. Mutasiya bilen resessif hala gelen gelen genleriň käbirleri letal, käbirleri bolsa ýarym öldüriji, yagny subletaldyr. Yöne munýaly genler gomozigot halda bolan wagty belli bir zaman boyunça osobyň yaşamagyna yol bererler. Emma soňunda janly mutasiyanyň hasyl eden kemçilikleri sebäpli öler.

5. Mutasiyanyň soňky nesillere geçirilip bilinmegi üçin hökmany suratda jyns öyjüklerinde meydana gelmegi gerekdir. Bedeniň her haysy bir öyjüginde yada organynda meydana gelen üytgeyjilik nesle geçmez. Meselem bir adamyň gözi radiasiya ýada bir başga täsirler bilen mutasiya ugrap asyl formasyndan üytgäp biler, yöne bu özünden soňky nesillere geçmez.

HROMOSOMA MUTASİYALARY.

1. Hromosomanyň gurluşyny üytgetyän mutasiyalar. Hromosoma gurluşunda emele gelyän üytgeyjilikler şu toparlara bölüner: Delesiýa, Inwersiýa, Duplikasiýa, Translokasiýa. Bu mutasiyalar esasan anomaliya we gysyrlyklar hasyl etyändigi üçin ewolyusiya taydan känbir möhüm görülmezler.

2. Hromosoma san mutasiyalary. Ösümlik we haywan äliminde hromosoma sanawy görnüşden görnüşe üytgär. Yöne her görnüş üçin belli bir hromosoma sany bardyr. Jynsy köpelyän janlylaryň gametalaryndaky hromosoma adaty öyjüklerdäkiniň ýarysy ýaly bolup, bu hromosomolara genom ady berler. Hromosoma san mutasiyalary hem öz içinde birnäçe görnüşe bölüner.

HROMOSOMA SAN MUTASIYASYNYŇ PEYDALY GÖRNÜŞI.

Hromosoma sanawynyň üytgemegi artma yada kemelme şeklinde bolup biler. Meselem 40 hromosomaly bir ösümlikde köpeliş wagtynda hromosomolaryň uygun bölünmezligi sebäpli käbir osoblarda bu san üytgäp biler. Meselem 41, 42, 30 yada 38 bolup biler. Munýaly sanaw üytgeyjiligine duçar bolan osoblar saglykly bir yaşaýyşa eýe bolmazlar. Köplenç bularyň nesillerem dowam etmez we esasan munýaly üytgeyjilikler janlyda anomaliya yada ölümine sebäp bolar.

Bir başga üytgeyjilik bolsa hromosoma sanynyň dolulygyna ýada ýarym şeklinde iki esse artmagy şeklindedir. 40 hromosomoly bir ösümligiň köpeliş wagtynda hromosoma sanawynyň ýarta düşmegi gerekdir. Şol wagt emeli taydan munuň öňüni alyp bolar. Bu ýagdayda, hromosoma sany 40 ýerine 60 yada 80 bolan ösümlikler meydana geler. Şu şekildäki hromosoma artyşy osoblary öldürmez. Bularyň nesilleri hem dowam eder. Ine şu hromosoma üytgeyjiligine peydaly mutasiya ady berler. Esasan hem häzirki wagtda bu usuldan peydalanylýar. Meselem hromosoma sanawy iki yada dört gatyna çykan mekgeler adaty osoblara garanyňda has amatly we iri dänelidir.

Hromosoma san mutasiyalarynyň gat-gat şekilde artyş görkezenleri peydaly mutasiyadyr. Yöne bulardan täze we başga bir görnüş emele gelmez. Mekgejöweniň hromosoma sanawy iki gat artdyrylanda has amatly mekgejöwen ele geçirilsede mekgejöwen ýenede mekgejöwen hökmünde galar. Hemem janlylar arasynda hromosoma sanawyna dayanyp garyndaşlyk bagy gurlup bilinmez. Çünki çylşyrymly diylip kabul edilen bir janlynyñ hromosoma sany, pes kabul edilenden has az sanawa eýe bolup bilyändir. Meselem bir öyjüklilerden Radiolyariyada hromosoma 800 mahaly, deňiz yyldyzynda 94, adamda bolsa 46-dyr.

Ewolyusionistleriň adam bilen maymynlar arasyndaky genetiki meňzeşlik barada ullanýan meşhur bir mysaly adamda 46, şempanze we gorillalarda bolsa 48 hromosomanyň bolmagydyr. Emma, eger olaryň ullanyan bu logikasy dogry bolsady, maymynlaryň adamdan has ýakyn garyndaşynyñ kartoşka bolmagy gerekdi. Çünki kartoşkanyñ hromosoma sany hem 48-dir. Yagny kartoşkanyň hromosoma sany bilen şempanze we gorillalaryñ hromosoma sany birdir. Bütin bular janlylar arasyndaky meňzeşligiň Darwinizme subutnama bolup bilmejeginiñ aýdyň mysalydyr.

MUTASIYALARYŇ KRITIKASY.

Peydaly mutasiya mysallary ösümliklerde bardyr. Haywanlarda bolsa peydaly mutasiya bilen orginal genetiki maglumat goşulup täze bir organ yada dokumanyñ orta çykandygy görülmedi. Hakykatdan hem rentgen şöhleleri bilen mutasiya tizligi 15 müň gat artdyryp uzyn yyllap Drozofila melanogaster ady berlen miwe siňegi üstünde geçirilen barlaglar üstünsizlik bilen netijelenip, başga bir görnüş ele geçirilmedigi ýaly bar bolanlarda hem näsazlyklar emele gelendir. (Biologiya kitaplarynda Drozofilanyň mutasiýa netijesinde iki ganadynyň dört ganada çykan käbir osoblaryndan  söz ediler. Ýöne bu ganatlar işjeň däldir we goşa ganatlaryň uçmany üpjün etjek myşsalary hem ýokdur.)

Genetik Gordon Teylor "The Great Evolution Mystery" atly eserinde Drozofila barada şeýle diýýär:

"Bu örän geň galdyryjy we gözden gaçyrylan bir hakykat. Altmyş yyllap dünyäniň dört tarapyndan genetikler ewolyusiyany subut etmek üçin miwe siňeklerini ýetişdiryärler. Yöne entegem yekeje bir görnüşiň, hatda yekeje fermendiňem orta çykyşyna gözegçilik edip bilmediler."[1]

Bir başga gözlegçi bolan Micheal Pitman miwe siňekleri üstünde geçirilen barlaglaryň üstünsüzligini şeyle beyan edyär:

"Sanawsyz genetik miwe siňeklerini nesiller boyunça sanawsyz mutasiyalara sezewar etdi. Netijede adamyň eden bir ewolyusiyasymy orta çykdy? Gynansakda yok. Genetikleriň öndüren jandarlaryndan diňe az sanawdakysy iymitlenen çüyşesiniň daşynda ýaşaýyşyny dowam edip bildiler. Umuman mutasiya ugradylan ähli siňekler ýa öldüler, ya näsag ýada gysyr hala geldiler".[2]

Amerikaly genetik B. G. Ranganathan mutasiyalar barada şu sözleri dile getiryär:

"Mutasiyalar kiçi, tötänleyin we zyýanlydyrlar. Örän seyrek meydana gelerler we iň gowy ähtimal bilen täsirsizdirler. Bu dört alamat mutasiyalaryň ewolyusion bir ösüş meydana getirip bilmejegini görkezer. Hemem uly derejede ösen bir organizmde meydana gelip biljek tötänleyin bolup geçen bir üytgeyjilik ya täsirsiz galar yada zyýanly. Bir gol sagadynda meydana geljek tötänleyin bir üytgeşme bu sagady hasda gowy hala getirmez. Oňa uly ähtimallyk bilen zyýan berer yada iň gowy ähtimallyk bilen täsirsiz galar."[3-4]

Gysgaça aýdylanda mutasiyalar diňe DNK-da bar bolan maglumaty üytgeder oňa hiç wagt täze bir maglumat goşmaz. Genetiki maglumaty artdyrýan bir gen mutasiyasy yada ewolyusion hadysa mysaly ýokdur.

Antıbiotige garşy durnuklylyk. Antibiotige sezewar bolýan bakteriyalaryň uly bir bölegi öler, yöne käbirleri bu antibiotikden täsirlenmän tizlik bilen köpelip populyasiyany ele geçirmegi bilen birlikde, netijede bütin populyasiya antibiotige durnukly hala geler. Ewolyusionistler bu hadysany bakteriyalaryň şertlere uygunlaşyp ewolyusiya geçirendigi şeklinde görkezsede, aslynda hadysa bu logikadan tapawutly ýagdaýda bolup geçer. Bu barada jikme jik gözlegleri geçirenleriň birisi hem 1997-nji yylda çap edilen "Not By Chance" atly kitaby bilen tanalan Ysraýylly biofizik Li Spetnerdir. Spetner bakteriya durnuklulygynyň iki aýry mehanizm bilen üpjün edilyändigini, ýöne bularyň ikisiniň hem Darwinizme subutnama bolup bilmejegini bildirer. Bu iki mehanizm:

1) Bakteriýalarda ozaldan bar bolan durnuklulyk genleriniň (birbirine) geçirilmegi we

2) mutasiya netijesinde genetiki maglumat ýitiren bakteriyalaryň antibiotige durnukly hala gelmegi. Spetner bir makalasynda birinji mehanizmi şeyle düşündiryär:

"Käbir mikroorganizmler antibiotiklere garşy durnuklylygy üpjün edyän genlere eýedirler. Bu immunitet, antibiotik molekulasynyň formasyny bozmak yada ony öyjükden daşyna atmak arkaly amala aşar. Bu genlere eýe organizmler muny beyleki bakteriyalara transfer edip (geçirip) olara hem immunitet gazandyryp bilerler. Immunitet mehanizmi belli bir antibiotige gönükdirilen bolsada, birgiden patogen bakteriya... dürli gen toplumlary edinmegi we dürli antibiotiklere garşy immunitet gazanmagy başarandyr".[5]

Spetner munuň teoriya subutnama bolup bilmejegi barada şeyle dowam edyär:

"Antibiotik immunitediniň munýaly şekilde ele geçirilmegi... ewolyusiya subutnama bolmagyna garaşylan mutasiyalar üçin bir mysal bolup bilmez. Teoriyany sergileyän mutasiyalar bakteriyanyň genomuna maglumat goşyan genetiki üytgeyjilikler däldir, bu üytgeyjilikler şol bir wagtda bütin biologik dünyä maglumat goşmalydyr. Genleriň transferi (geçirilmegi), diňe bir käbir görnüşlerde bar bolan genetiki maglumatyň paylanylmagydyr."[6]

Yagny ewolyusiyanyň amala aşmagy üçin biologik dünyäde ozal bar bolmayan bir genetiki maglumatyň mutasiya bilen emele gelmegi gerekdir, yöne Spetneriň hem belleyşi käbir mikroorganizmler antibiotiklere garşy durnuklylygy üpjün etyän genlere eýedirler we bir bakteriyanyň özünde bar bolan durnuklylyk genini beyleki bakteriyalara transfer etmegi (geçirmegi) biologik dünyäde bar bolmayan bir maglumatyň emele gelmegi dälde, bar bolan bir maglumatyň paylanylmagydyr. Ortada bir ewolyusiya yokdur, çünki täze bir maglumat orta çykman, diňe ozaldan bar bolan genetiki maglumat bakteriyalar arasynda transfer ediler. Scientific American dergisi hem Mart 1998 sanawynda bu barada şu setirleri dile getirendir:

"Köp sanawdaky bakteriya heniz täjirçilik antibiotikleri ullanylmaga başlanylmanka hem durnuklulyk genlerine eýedi. Alymlar bu genleriň näme üçin öwrülişige girendigini we barlyklaryny dowam etdirendigini düybünden bilenoklar."[7]

Durnukly bakteriyalaryň  antibiotikleriñ tapylmagyndan ýyllar ozal hem bardygy, güyçli bir ylmy ýaylym bolan Medical Tribune dergisiniñ 29-njy dekabr 1988 taryhly sanawynda hem, şu sözler arkaly düşündirilendir:

"1986-da geçirilen bir gözlegde, 1845-nji yylda (täze) bir gury ýer açylyşy wagtynda keselläp wepat eden deňizçileriñ jesetleri buzda goranan şekilde tapyldy. Bu jesetleriñ üstünde 19-njy asyrda giňden ýaýran käbir bakteriya görnüşlerine duş gelinip, bular test edilende 20-nji asyrda öndürilen köp sanawdaky antibiotige garşy durnuklylyk alamatyny göteryändiklerine hayran galdyryjy şekilde gözegçilik edildi".

Mehanizmiň ikinji görnüşi, ýagny mutasiya netijesinde orta çykan immunitet barada bolsa Spetner şeyle dowam edyär:

"Käwagt bolsa bir mikroorganizm, ýeke bir nukleotidiň tötänleyin bolup ýerini üytgetmegi netijesinde bir antibiotige garşy immunitet gazanar. Ilkinji gezek Waksman we Albert Şatz tarapyndan 1944-nji yylda açylan Streptomisin bakteriyalaryň bu yol bilen immunitet gazanyp bilyän bir antibiotik (görnüşidir). Yöne her niçigem geçiren mutasiyasy Streptomisin bar wagty mikroorganizma peydaly bolsada, bu, Sintetik Darwinizm teoriyasy tarapyndan mätäçlik duyulan mutasion görnüşi üçin mysal bolup bilmez. Streptomisine garşy immunitet üpjün edyän mutasiyanyň täsiri ribosomoda yüze çykar we bu mutasiya antibiotik molekulasy bilen ribosoma arasyndaky molekulyar birikmäni bozar."[8]

Ýagny hadysa mutasiýa bilen deformasiýa ugran bakteriýa molekulalarynyň gurluşy üytgändigi sebäpli antibiotigiň bu molekulalara ýapyşyp bilmeýänliginden ybaratdyr. Professor Spetner bu hadysany "Not By Chance" atly kitabynda gulp bilen açar baglanyşygynyň bozulmagyna meňzedyär. Streptomisin bir gulpa laýyk gelyän açar ýaly, bakteriyalaryň ribosomalaryna yapyşyp, bu ribosomany täsirsiz hala getirer. Mutasiya bolsa ribosomanyň şeklini bozar, şeylelikde Streptomisinem ribosoma yapyşyp bilmez. Bu ewolyusionistler tarapyndan bakteriya Streptomisine garşy immunitet gazandy hökmünde teswirlensede, hadysa aslynda bakteriya üçin bir yitirim hadysasydyr. Spetner ýokardaky setirlerine şeyle dowam edyär:

"(Ribosomanyň gurluşundaky) bu bozulma bir spesifiklik azalmagy, ýagny bir informasiya (maglumat) yitirimidir. Asyl mesele şudur: bu mutasiyar näçe köp bolsa bolsun, ewolyusiya munyaly mutasiyalar bilen üpjün edilip bilinmez. Ewolyusiyanyň spesifikligi azaltyan mutasiyalar bilen bina edilmegi mümkin däldir."[9]

Gysgaça aýdylanda bakteriyanyň ribosomasyna duçar bolan bir mutasiya bu bakteriyany Streptomisine garşy durnukly hala getirer. Yöne munuň sebäbi mutasiyanyň ribosomany bozmagydyr. Bu mutasiyany geçiren bakteriyalaryň ribosomasynyň adaty bakteriyalara garanyňda has amatsyzdygy hem bellenilendir.

Dermanlara garşy mör-möjeklerde emele gelen immunitet mysallarynyň hem köpüsinde ozaldan bar bolan immunitet genleri ullanylar. Ewolyusionist biolog Francisco Ayala "Mör-möjek zäherlerine (dermanlaryna) garşy görkezilen immunitet, bu adam tarapyndan döredilen dermanlar mör-möjeklere berilende, şol mör-möjek görnüşiniň genetik düzüminde aç-açan bardy" diyip bu hakykady kabul edýär[10]. Yagny mör-möjekleriň käbirlerinde dermanlara garşy immunitet üpjün etjek genler ozaldan bar bolup, immunitedi yoklar öler, beylekileri köpelmäge dowam eder. Şeylelikde soňky nesilleriň köpüsi dermanlara garşy durnukly hala gelerler. Mutasiya bilen düşündirilen beyleki käbir mysallar hem edil ýokarda bellenilen ribosoma mutasiyasynda bolşy ýaly, mör-möjeklerde genetiki maglumat yitirimine sebäp bolýan hadysalardyr. Darwinizmiň esasy bolsa janlylaryň mutasiyalar yoly bilen ösendikleri pikirine dayanar. Li Spetner ne antibiotik immunitediniň nede bir başga biologik hadysanyň munyaly bir mutasiya mysaly görkezmedigi barada şeyle dowam edyär:

"Sintetik Darwinizm tarapyndan mätäçlik duyulan tötänleyin mutasiyalary aňladyp biljek, molekulyar gurluşda barlanylan mutasiyalaryň genetiki maglumat goşýandygyna hiçbir wagt syn edilmedi. Gözleyän soragym: "Gözegçilik edilen mutasiyalar teoriyanyň mätäçlik duyyan mutasiyalarymy? soragydyr. Jogap "Yok" çykýar."[11]

Yokarda hem belläp geçişimiz ýaly, mutasiyalar diňe DNK-daky bar bolan maglumaty üytgeder oňa hiç wagt täze bir maglumat goşmaz. Darwinizmiň dykgata alynyp bilinmegi üçin "genetiki maglumaty artdyryjy mehanizmlaryň" orta goýulmagy gerekdir. Gözi, gulagy, yüregi, öykeni, ganatlary, aýaklary yada beyleki organ we sistemalary bolmayan janlylaryň bulary nädip gazanandyklaryny, bu organ we sistemalary beyan edyän genetiki maglumatyň nireden gelendiginiň düşündirilip bilinmegi zerurdyr.

Peydaly mutasiya subutnama hökmünde görkezilen mysallaryň ýenede biri orak öyjük ganazlygy keseli bolup, bu keseliň sebäbi adaty bir gemoglabin molekulasyndaky 574 aminokislotadan biriniň yerini başga bir aminokislotanyň almagydyr. Mälim bolşy yaly bugün bilinyän 25-e yakyn dürli aminokislota bar. Beta globin zynjyrynda 574 aminokislota bar bolup, bu sanyň anyk 574 bolmagy gerekdir. Eger molukulada şondan az yada köp aminokislota ýer alsa bu belokdan islenilen wezipe üpjün edilip bilinmez. Hemem 574 aminokislotanyň her biriniň belli bir yzygiderlikde bolmagy zerur bolup, her bir aminokislotanyň yeri bellidir. Meselem beta globin zynjyrynyň altynjy yzygiderliginde glutamat diylip atlandyrylan aminokislotanyň ýerine bir başga aminokislota bolan walin geçse, yagny 574 aminikislotanyň diňe biriniň yeri üytgese orak öyjük ganazlygy keseli orta çykar. Bu kesel gan bilen bagly birgiden problemany hem yzy bilen getirer. Orak şeklini alan gemoglabin belogy malyariya parazitine (mugthoruna) tutulmansoň bedene malýariýa ýaýramaz, ýöne asyl wezipesini edip bilmeýän gemoglabin belogy anemiya sebäp bolar. Yagny asyl wezipäniň gitmegi netijesinde bir peyda yüze çykar, maglumat goşyan haýsyda bolsa bir hadysa duş gelinmez. Hemem anemiyany bejermek mümkin bolmadygy yaly, malyariya parazitinden bilinen göreş usullary bilen goranmak mümkindir. Ewolyusionistleriň munyaly hassalyga sebäp bolan bir mutasiya ýapyşmaklary we muny öz ideýalaryna delil görkezmekleri olaryň öňe süren tötänleyin we tebigat delilleriniň indi işe ýaramadygynyň hemde bu temada tükenendikleriniň aýdyñ mysalydyr.

Bristol uniwersitedyndan bakteriolog Alan H. Linton 2001-nji ýylda görnüş döremeginiň gönimen delili bolup bolmadygyna baha beryän mahaly şuňa dykgat çekyär:

"Bakteriyalar bagymsyz yaşayyşyň iň yönekey formasydyr we köpeliş wagtlarynyň 20 yada 30 minut bolmagy we bir populyasiyanyň ele geçirilmeginiň diňe sekiz sagat sürmegi taydan, tizlendirilen bir döwür içinde ewolyusiyany görkezmek üçin iň amatly janlylardyr. Yöne 150 yyllyk baktriologiya bilimi boyunça bir bakteriya görnüşiniň bir başga görnüşe öwrülendigi bilen bagly hiçbir subutnama yokdur. Iň yönekey bir öyjükli ýaşayyş formalarynda hem görnüşleriň üytgändigine degişli bir subutnama yoklugy sebäpli, yokary derejedäki köp öyjükli organizmleriň şahalary aňyrda dursun, bakteriyalar yaly prokariotik öyjüklerden ösümlikler we haywanlar yaly eukariotik öyjüklere tarap ewolyusiya degişli hiçbir subutnamanyň yoklugy täsinem däl".

Lintona görä iň kiçi janly formalary bolan bakteriyalarda hem görnüş görnüşden yokarky üytgeyjiliklere duş gelinmeyän bolsa, örän kompleks gurluşlara eýe köp öyjükli organizmlerde munuň bardygyny öňe sürmegiň ylmy bir daýanjy yokdur.

Bibliografiya

[1] Gordon R. Taylor, The Great Evolution Mystery, New York, Harper & Row, 1983, s. 48

[2] Michael Pitman, Adam and Evolution, London: River Publishing, 1984, s. 70

[3-4] B. G. Ranganathan, Origins?, Pennsylvania: The Banner Of Truth Trust, 1988

[5] Dr. Lee Spetner, "Lee Spetner/Edward Max Di- alogue: Continuing an exchange with Dr. Edward E. Max",2001, http://www.trueorigin.org/ spet- ner2.asp

[6] Dr. Lee Spetner, http://www.trueorigin.org/spetner2.asp

[7] Stuart B. Levy, "The Challange of Antibiotic Resistance", Scientific American, March 1998, s.35

[8-9] Dr. Lee Spetner, a.g.m.

[10] Francisco J. Ayala, "The Mechanisms of Evolution", Scientific American, volume 239, September 1978, s. 64

[11] Dr. Lee Spetner, http://www.trueorigin.org/spetner2.asp

GEOGRAFIK IZOLYASIYA (ÜZŇELIK) WE GEN DREÝFI.[düzet | çeşmäni düzet]

Izolyasiyanyň dürli görnüşlerinden söz edilsede, bularyň iň bellisi geografik izolyasiyadyr. Jynsy köpelyän janlylar bir gury yer böleginiň çökmegi yada materikleriň birbirinden aýrylmagy ýaly sebäplerden gözbaş alýan bir geografik izolyasiya ugrap bilerler. Bu ýagdaýda, iki ayry sebitdäki janlylar öz içlerinde bir genetiki aýratynlyk emele getirerler. Bir başga söz bilen aýdylanda geografik sebäpler populyasiyalary birbirinden aýyrar. Meselem gury ýer haywanlary çöller, suwlar ýada beyik daglar esasynda birbirinden aýrylyp biler. Eger bir populyasiya geografik taydan iki yada has köp sebite aýrylsa aralaryndaky tapawut hem gitdigiçe köpelip, belli bir wagtdan soňra bu aýry sebitdäki janlylar tapawutly geografik tohumlary meydana getirjekdir. Bu tapawut populyasiyalar arasynda gen akymynyň öňüni aljak derejä ýetende, bir wagtlar birbirine meňzeş alamatlar göteryän bir görnüşiň osoblary arasyndaky meňzeşligiňem arasy açylar.

Ewolyusionistler aýry sebitlerde ýaşamaga başlan janlylaryň tapawutly bir görnüşe öwrülendigini öňe sürsede, dürli sebitlerde orta çykan dürli alamatlara eýe janlylar populyasiya tapawutlyklaryndan başga zat däldir. Şol sebitde köpelmäge başlan janlylaryň genlerindäki belli bir alamatlaram öňe çykyp başlar. Kämahal geografik sebäpler zerarly birbirinden aýry galan janlylar täzeden bir ara getirilende jübütleşmezler. Jübütleşmedikleri üçinem häzirki biologiyanyň "görnüş" kriteriyasyna görä, aşaky görnüş bolmakdan çykyp, aýry bir görnüş halyna gelerler. Muňa görnüş döremegi (speciation) ady berler.

Ewolyusionistler bu düşünjeden "Tebigatda görnüş döremegi bardyr, ýagny täze janly görnüşleri tebigy mehanizmler bilen emele gelyändir" diylen netijäni çykararlar. Yöne bu netijede örän uly bir aldaw gizlidir. Aldawyň iki möhüm tarapy:

1. Birbirlerinden izolirlenen A we B janlylary bir ara gelenlerinde jübütleşmeyär bolup biler. Yöne bu ýagday köplenç "jübütleşmek häsiyetinden" gözbaş alar. Ýagny A we B populyasiyalara degişli osoblar beyleki populyasiya özlerine nätanyş görünendigi üçin, ony "özlerine ýakyn görmedigi" üçin jübütleşmezler. Yöne jübütleşmeklerine päsgel beryän bir genetiki utgaşmazlyk yokdur. Yagny aslynda bu janlylar genotip taýdan henizem şol bir görnüşe degişlidirler. (Şol sebäpdenem "Görnüş" kriteriyasy biologiyada çekişmeli mesele bolmaga dowam edyändir.)

2. Asyl esasy mesele bolsa sözi edilyän görnüş döremegi hadysasynyň bir genetiki maglumat artyşy däl, tersine, maglumat azalmagy manysyna gelmegidir. Çünki iki aýry sebite aýrylan janlylaryň birbirinden tapawut etmeginiň sebäbi populyasiyalardan biriniň ýada her ikisiniň täze bir genetiki maglumat edinen bolmaklary däldir. Meselem ikä bölünen populyasiyadan haýsyda bolsa biri täze bir beloga, täze bir fermende yada täze bir organa gowuşan däldir. Ortada bir "ösüş" yokdur. Tersine, ozaldan köpdürli genetiki maglumaty bir wagtda özünde saklayan populyasiya (meselem hem uzyn hemde gysga tüy alamatyny, hem goýy hemde açyk reňk alamatyny göteryän populyasiya) ýerine, indi genetiki maglumat taydan has garyplaşan iki populyasiya bardyr.

Şeylelikde sözi edilyän görnüş döremeginiň ewolyusiya teoriyasyny goldajak hiçbir tarapy yokdur. Çünki ewolyusiya janly görnüşleriniň ählisiniň pesden komplekse tarap dörändigi pikirine dayanar. Mutasiyalar bölüminde hem belläp geçişimiz yaly, teoriyanyň dykgata alynyp bilinmegi üçinem "genetiki maglumaty artdyryjy mehanizmleriň" orta goyulmagy gerekdir. Gözi, gulagy, yüregi, öykeni, ganatlary, aýaklary yada beyleki organ we sistemalary bolmayan janlylaryň bulary nädip gazanandyklaryny, bu organ we sistemalary beýan edyän genetiki maglumatyň nireden gelendiginiň düşündirilip bilinmegi zerurdyr. Bar bolan bir janly görnüşiniň maglumat yitirimine ugrap ikä bölünmegi, şüphesiz teoriya bilen hiçbir baglanyşy bolmayan bir hadysadyr.

Mundan başga-da dünyäniň dürli materiklerinde millionlarça ýyllap birbirinden aýry ýaşamagyna garamazdan, şol bir görnüş alamatlaryny görkezyän we bir ara getirilende jübütleşip bilyän köp sanawda janly görnüşi bardyr. Günorta Amerika bilen Awstraliya arasyndaky süyji we duzly suwda yaşayan krokodiller muňa mysal bolup biler. Wagtynda ýeke bir gury ýer bölegi bolan materikleriň birbirinden aýrylmagy 175 milyon ýyla ýakyn mundan ozal bolup geçendir. 175 milyon ýyl yaly örän uzyn bir wagt boyunça görnüşiniň eýe bolan bütin alamatlaryny dowam etdiren krokodiller geografik päsgelçilikleriň görnüş döremegine getiryän bir faktordygy pikiriniň ýalňyşdygyny ýeke başyna orta goyyar.

Ewolyusionistleriň reproduktiw izolyasiyasynyň görnüş döremegine sebäpdigi düşünjesi ýakyn wagtda Berkeley we Chicago uniwerstitetlaryndan biologlaryň ara alyp işlemekleri bilenem täzeden gözden geçirilip, şu şekilde görnüş döremeginiň mümkin däldigi bellenildi. [1]

Science Daily'de Miçigan uniwersitedyndan biologlaryň ylalaşan netijeleri hökmünde çap edilen bir başga makalada bolsa "Köpeliş izolyasiyasy hökmünde-de bilinen genetik köpeliş päsgelçilikleriniň görnüş döremeginiň yzyndaky itiji güyçdigi barada dowam etdirilen çaklamalaryň, aslynda güyjüniň yokdugy" bildirildi.[2]

Görnüşler arasy tohumlanma. Dürli janlylaryň genleri birbirlerinden örän tapawutlydyr. Genlerindäki bu tapawutlar sebäplem dürli görnüşe degişli janlylaryň birbirleri bilen jübütleşip täze bir görnüş meydana getirmegi mümkin däldir. Hemem tebigatda täze bir genetik informasiya döretjek, genlere täze bir maglumat goşjak haýsyda bolsa bir mehanizmiň ýoklugy sebäpli täze bir görnüşiň orta çykyşyndanam söz edip bolmaz.

Günümüzde emeli taydan gen işleriniň geçirilmegi netijesinde, esasan genleri bilen oynalan (gibrit) miwelerdir-ösümlikler ýygy-ýygydan garşymyza çykar. Yöne emeli taydan tohumlanma netijesinde bir bölek üzňelik mehanizmleri bilen garşylaşylar. Bular:

Sperma transfer ediler yöne yumurtgany tohumlamaz.

Yumurtga tohumlanar yöne zigota ösüş görkezmez.

Gibrit yaşamaz.

Gibrit gysyrlygy. Gibrit dünyä geler yöne gysyrdyr (meselem gatyr).

Ilkinji nesil diri galar yöne ikinji nesil yaşap bilmez yada gysyrdyr.

Meselem at we eşek jübütleşip bilerler. Bu iki janlynyň çagalary bolan gatyr bir gibrit janlydyr, gibrit janlynyň iň möhüm alamaty bolsa gysyr bolmagydyr. Gibrit tohumlar we ösümliklerem şuňa degişlidir.

Görlüşi ýaly tebigatda dürli görnüşleriň jübütleşmegi we täze görnüşler meydana getirmegi mümkin däldir. Munuň mümkin däldigini diňe bir genetika bilimi däl, şol bir wagtda poleontologiya hem görkezendir. Galyndy ýazgylarynda görnüşden görnüşe geçiş görkezyän geçiş formalary hiçbir şekilde yokdur.

[1] Genetic reproductive barriers: Long-held assumption about emergence of new species questioned", Science Daily, 2 September 2013, https://www.sciencedaily.com/releases/2013/0 9/130902162536.htm

[2] Daniel L. Rabosky, "Reproductive isolation and the causes of speciation rate variation in natüre", Biological Journal of the Linnean Society, Volume 118, Number 1, May 2016, s. 13–25

GEN DREYFI.

Darwinizmi öňe sürmek üçin wagtal-wagtal täze terminler orta atylar. Logiki bolup bolmadygyna, hatda ylmy taydan ygtybarynyň bolup bolmadygyna seredilmän bular ýygy-ýygydan gaytalanyp tanalan bilim dergilerinde yer alar. Ine şu maksat bilen ullanylan hyýaly ewolyusion mehanizmlerinden birem Gen dreyfidir. Gen dreyfinden söz edilyän mahaly umuman mutasion we tebigy seçgi adalgalaram ýoýulan şekilde ullanylar. Bu adalgalara ylmy hakykatlaryň tersine manylar hem goşulyp tebigatda görnüşden yokarky üytgeyjilikleriň goldawyna işleyän we täze genetiki maglumat gazandyryan döwürler bar yaly görkeziler.

Meselem bir süyrenji görnüşi millionlarça ýyllap hiçbir üytgeyjilige ugraman ýaşaýyşyny dowam etdirer. Yöne ewolyusionistlere görä bu süyrenji görnüşiniň içinden bir şekilde az sanawdaky janly topary aýrylandyr. Olar aýrylan bu süyrenjileriň sebäbi bilinmeyän güyçli mutasiya sezewar bolandygyny we bu mutasiyalardan amatlylyk üpjün edyänleriniň bu dar topar içinde tiz bir şekilde seçilendigini öňe sürerler. Şoňa göräde topara degişli belli bir alamatlaryň beylekilerine garanyňda amatlylyk üpjün etjek şekilde öňe çykjakdygy pikir ediler.

Olar bütin bularyň yzyndan şol janly toparynyň tizlik bilen ewolyusion üytgeyjilik geçirendigini we gysga wagtda bir başga süyrenji görnüşine, hatda bir guşa öwrülendiginem öňe sürerler. Dykgat edilse aslynda bu teoriya, "Yzynda galyndy goymajak derejede tiz bir ewolyusiya döwri nädip hyýal edilip bilner" soragyna jogap öndürmek üçin orta atylandyr. Dreyf senariyasynda ewolyusionistleriň aýtmak isleyän esasy temasy peydaly mutasiya bilen görnüşleriň öz populyasiyalary içinde wagtyň geçmegi bilen öňe çykyp täze görnüşler emele getirendigi şeklindedir.

Gen dreyfi barada hakykatda bolyan hadysa bolsa şudur: Genetika bilimi statistika we matematika bilen öwrenilende populyasiyalardaky genleriň hereketi yzarlanylyp biliner. Meselem bir şäherdäki köçe itleri zamana ýaýylyp öwrenilse käbir zamanlarda belli bir alamatlaryň belli bir sebitlerde dominant hala gelendigi görüler. Uzyn tüyli, gysga boyly we gara reňkli itleriň sanawynyň yada yaşayan sebitleriniň üytgändigi görülip bilner. Muňa sebäp bolyan täsirler itleriň göçmekleri yada dreyf mehanizmi bilen düşündiriler.

Gen dreyfi bir görnüşiň aşaky görnüşleriniň sanawynyň indiki nesilde üytgemegi bolup, teoriki taydan bar bolan it tohumlarynyň sanawlary hasaplanyp, indiki nesilde haysy tohumdan näçe sany it boljagy bilinip biliner. Yöne gurşaw faktorlary bir tohumyň sanawynyň artmagyna ýada başga bir tohumyň dolulygyna gurşawdan aýrylmagyna sebäp bolar. Ine şu sebäpdenem şäheriň içinde ýaşaýan itleriň ýaýraýşy üytgär.

Janlylaryň göçmeklerem sözi edilyän janlynyň göçen ýerinde sanawynyň artmagyna sebäp bolar. Bu,  şol sebitdäki genetiki dürliligiň hem yokarlanmagy bilen netijelener. Şuňa meňzeş şekilde jübütleşmegem meňzeş täsirlere yol açar. Emma, ortada täze bir görnüş yada ewolyusion üytgeyjilige ugran janlylar yokdur. Dürli sebitlere göçen it görnüşleri her haysy bir janla öwrülmän, yenede şol bir itligine dowam ederler.

Ewolyusionistler bu yol bilen täze bir görnüş emele gelendigi ýalanyny Galopogos guşlary barada-da öňe sürüp, dreyf yada göçmek yaly täsirler netijesinde täze guş görnüşleriniň orta çykandygynam öňe sürendirler. Yöne ilkinji gezek orta çykandygy öňe sürülen bu guş görnüşleri, aslynda diňe bir şol bir görnüşiň içindäki köpdürlilik bolup, genotip taydan ählisi bir görnüşe degişlidir.

Bir görnüşiň içindäki köpdürlilikler gomozigot yada geterozigot halda bolup biler. Gomozigot bir görnüş öz içinde jübütleşende şol bir alamatlara eýe nesilleriň emele gelmegine sebäp bolar. Meselem nemes gurtlary dowamly birbirleri bilen jübütleşdirilip nemes gurdunuň alamatlary goranylar. Yöne nemes gurdy bilen başga görnüşdäki bir it jübütleşdirilse geterozigot nesiller meydana geler. Bu nesliň bir bölümi ene osoba yene bir bölümem ata osoba meňzär. Bu çaknyşdyrma näçe dowam etse etsin,  hiçwagt täze bir janly görnüşi orta çykmaz, diňe täze it nesilleri meydana geler.

Nesilden nesle käbir osoblaryň agdyklyk edendigi, käbirleriniň yok bolandygy, käbirleriniň bolsa täzeden orta çykandygyna gözegçilik edilsede, bu ýagdaý genlerdäki informasiyanyň üytgändigi manysyna gelmez. Käbir genler dominant hala gelip, käbirleri bolsa resessif galandyr. Janly käbir alamatlaryny görkezmeyär bolup biler, yöne bu alamatyň maglumaty henizem DNK-synda bardyr. Şeylelikde üytgeyjilikler çäklere eýe bolup, ähli üytgeyjilikler diňe bar bolan genofonduň içinden orta çykar. Hiçbir daşky täsir janlynyň genofonduna täze bir maglumat goşmak ukybyna eye däldir. Itler öz yoldaşlaryndan näçe üzňe bolsa bolsun, ýene it hökmünde galarlar. Bu, ähli janly üçinem şeyledir.

Dreyf mehanizmine giňişleyin düşüneliň.

Gen dreyfi düşünjesiniň düybi ewolyusionistleriň "Tebigat we älem içinde giň bir tötänlik" bardygy çaklamasyna dayanar. Muňa görä populyasiyalar içinde "durmuşda galjak we öljek osoblar" yada "populyasiyalar içinde durnuklaşjak we elenjek genler" tötänleyin belleniler.

Bir janly toplumunyň içinde ilki başda üç sany ýaşyl, alty sany gara reňkli osoblaryň bardygyny pikir edeliň. Bu toplumdaky osoblaryň bir böleginiň ölümüne sebäp bolan bir hadysa netijesinde toplumdaky yaşyl osoblaryň sanawy azalyp, 1/7 düşendir. Aýratyn bir seçgi bolman bolup geçen bu osob azalmagy netijesinde toplumuň içindäki bir alamatyň ýygylygy (frekansy) üytgändir. Tebigy seçgi toplumuň içindäki osoblary bir alamaty sebäpli ýekänme ýekän nyşan alýan bolsa, öňe sürlen gen dreyfinde osoblar nyşan alynman, köpçülikleyin yitirime sebäp bolyandygy belleniler. Dreyf adalgasynda naturalistler käbir täsirlerden söz eder we bulary hem özleriçe teoriyalaryna subutnama hökmünde görkezerler.

Bottleneck täsiri. Ewolyusionistler tarapyndan öňe sürlen dreyf mehanizmlerindan birisi Bottleneck täsiridir. Muňa görä bir janly toplumunuň uly böleginiň ölümüne sebäp bolan bir tebigy hadysa yada kesel netijesinde, aman galan osoblardan täze bir janly toplumy emele gelendigi öňe sürüler. Bu toplumuň içinde belli bir alamatlaryň ýygylygy hem üytgeyjilige ugrap biler. Meselem 100 kişiniň yaşayan bir adasynda yer titreme netijesinde 10 kişiniň durmuşda galandygyny pikir edeliň. Bu kişilerden jemgyýet täzeden düzülende diňe bu 10 kişiniň alamatlary täze jemgyýetde görüler. Munyaly bir hadysa bolsa hem munuň ewolyusion üytgeyjilige sezewar bolmajagy äşgärdir.

Dreyf mehanizmine delil hökmünde görkezilmäge synanyşylan bir başga mehanizm bolsa Founder täsiri diylip atlandyrylar. Muňa görä belli bir sebitde yaşayan populyasiyanyň ýygylygynda, bir böleginiň göçmegi yada populyasiyanyň uly böleginden üzňelenmegi netijesinde täze janly toplumunuň üytgändigi görüler.

Bärde gysgaça düşündirilen täsirleriň bir janly toplumunda üytgeyjilik emele getirip biljegi pikiri dogrudyr. Şuňa meňzeş hadysalar bilen görnüşleriň käbir osoblarynyň öňe çykmagy yada ýok bolmagy amala aşyp biler. Taryh hem şuňa meňzeş tebigy betbagtçylyklar bilen doludyr, dünyädäki janlylaryň uly bir bölegi şular yaly betbagtçylyklar esasynda ýogalandyr. Yöne esasan munyaly hadysalaryň täsiri görnüşleriň yok bolmagy bilen netijelener.

Netije hökmünde "Gen dreyfi" täze bir genetiki maglumat gazandyrmaz. Gen dreyfi ewolyusionistleriň öňe sürüşi yaly bir janlyda ewolyusion üytgeyjilige yada täze bir görnüşiň emele gelmegine sebäp bolyan bir mehanizm däldir. Yokardaky düşündirişler dykgatly şekilde öwrenilende Bottleneck we Faunder täsirleriniň görnüşiň köpdürliliginde artma däl, tersine azalma bilen netijelenendigine göz yetiriler. Hemem bir alamat o toplumdan aýrylsa, başlangyçdaky genetik köpdürlilik ewolyusionistleriň öne sürüşüniň tersine, azalan hala geler.

MAKROMUTASIYALAR ERTEKISI.

Makromutasiya pikirini ilkinji orta atan Nemes poleontolog Otto Schindewolf'dyr. "Hopeful Monster" (Umyt edilen janawer) diylip atlandyrylan teoriya has soňra Berkeley uniwersitedyndan genetik Richard Goldşmidt  tarapyndan goldanyldy. Yöne bu geň senariyanyň hakykada gabat gelmeyändigini -birgiden ewolyusionist yaly - Goldşmidt hem gysga wagtda aňyp, şeyle diydi:

"Şuwagda çenli hiçkimiň makromutasiya yoly bilen täze bir görnüş emele getirip bilmedigi bir hakykat bolup, seçilen mikromutasiyalar yoly bilenem ýeke bir görnüş emele getirilmedigem dogrudyr. Iň gowy bilinen Drozofila (miwe siňegi) yaly organizmlerde hem sanawsyz mutasiya bilinyär. Eger haysyda bolsa bir organizm üstünde bu müňlerçe mutasiyanyň bir jemini emele getirip bilsedik, ýenede tebigatda bar bolan bir görnüş bilen meňzeşlik görkezyän (täze) bir görnüş döredip bilmezdik."[1]

Genetik Lane Lester we populyasiya genetigi Raymond Bohlin hem "The Natural Limits to Biological Change" (Biologik üytgeyjilikleriň tebigy çäkleri) atly kitaplarda sözi edilyän mutasiya krizisini şeyle beyan edyärler:

"Gelinen esasy netije haýsyda bolsa bir ewolyusiya modelinde, her dürli genetik üytgeyjiligiň gözbaşynyň mutasiyadygy baradadyr. Käbirleri kiçi mutasiyalaryň birikmegi düşünjesiniň netijelerinden birahat bolup, ewolyusion täzelikleriň gözbaşyny düşündirmek üçin makromutasiyalara yönelyär.... Yöne makromutasiyalar tarapyndan täsirlenen populyasiyalar hakykatda yaşayyş ugrundaky göreşde yeňilen populyasiyalar halyna gelerler. Makromutasiyalaryň komplekslik artyşy üpjün etmeginiň (genetiki maglumaty ösdürmeginiň) bolsa yzy hem yokdur. Eger kiçi mutasiyalar gerekli üytgeyjilikleri emele getirmekde yetersiz galyan bolsalar, tertipleşdiriji genler üstündäki mutasiyalar hasda peydasyz bolarlar... Bir zat iň soňky derejede düşnüklidir: Mutasiyalar isle uly, isle kiçi bolsunlar çäksiz bir biologik üytgeyjilik emele getirip biljekdigi tezisi, hakykatdan öte ynanç hökmünde galmaga dowam etyändir."[2]

Gözegçilikler we tejribeler mutasiyalaryň genetiki maglumaty ösdürmedigini we hatda janlylara uly zyýanlar beryändigini aç-açan görkezyän mahaly aralykly deňagramlyk öňe sürüjileriniň täsiri anyk zyýanly bolan mutasiyalardan uly "üstünliklere" garaşmaklary hasda geň zat.

[1] Richard B. Goldschmidt, "Evolution, as Viewed by One Geneticist," American Scientist, Vol. 40, January 1952, s. 94

[2] Lane Lester, Raymond Bohlin, The Natural Limits to Biological Change, Probe Books, Dallas, 1989, s. 141

ÜYTGEYJILIKLER WE GÖRNÜŞLER ARASYNDAKY AŞYP BOLMAJAK DIWARLAR.[düzet | çeşmäni düzet]

Mälim bolşy ýaly üytgeyjilik bir janly görnüşiniñ içindäki osoblarynyñ birbirlerinden tapawutly alamatlara eye bolmagyna sebäp bolar. Meselem Yeryüzündäki adamlaryñ ählisi aslynda bir genetiki maglumata eyedirler, yöne bu genetik maglumatyñ rugsat beryän üytgeyjilik potensialy saýasynda kimisi gyzyl saçly, kimisiniñ boyny uzyn, kimisiniñki gysgadyr.

Üygeyjilik düşünjesi "janlyda genotip üytgemän fenotip üytgär" şeklinde kesgitlener. Darwin teoriyasyny orta atanda bu hakykadyň habarynda däldi. Üytgeyjiligiň bir çäginiň ýokdugyny pikir etýärdi. Darwiniň bu çäksiz üytgeyjilik pikiriniñ geñliginiñ iñ gowy mysaly bolsa "Görnüşleriň gelip çykyşy" atly kitabynda yazan şu sözlemidir:

"Bir aýy urugunyň tebigy seçgi yoly bilen yuwaş yuwaşdan suwda yaşamaga uygun alamatlar ele geçirmeginde, uly agyzlara eye bolmagynda we soňunda bu janlynyñ äpet bir kita öwrülmeginde hiçbir zorluk görmeyärin".[1]

Darwiniň munyaly mysallary bermeginiñ sebäbi öz yaşan döwründäki ylmyň pesligidi. 20-nji asyryñ bilimi bolsa janlylar üstünde geçirilen meñzeş barlaglar netijesinde genetik üytgewsizlik (genetik homoestasis) diylen bir hakykaty orta çykardy. Bu hakykat janly görnüşleri arasynda aşyp bolmajak bir diwar bardygynam orta goydy. "Darwin Retried" atly kitaby bilen Darwinizmiň yalňyşlaryny beyan eden Norman Makbediň bellemegine görä:

"Sorag janlylaryň hakykatdan hem çäksiz bir şekilde üytgeyjilik görkezip görkezmänligi... Görnüşler ähli wagt üçin durnukludyrlar. Tohumçylaryň ýetişdiren dürli ösümlik we haywan uruglarynyň belli bir çäkden geçmedigi, hatda ähli wagt asyl formalaryna gaydyp gelendigini bilyäris".[2]

Darwiniň Galopogos adalarynda gören guşlaram meňzeş şekilde teoriya delil düzmeyän bir köpdurlilik mysalydyr. Darwinden soňra geçirilen gözegçilikler hem Galopogos guşlarynda Darwin teoriyasynyñ esasyny düzyän çäksiz bir üytgeyjilik bolmadygyny yüze çykarmagy bilen birlikde, guşlar gurşaw faktorlaryna görä edil adamlarda görülen gysga boylylyk - uzyn boyluluk yaly, daşky görnüşlerinde dürli üytgeyjilikler görkezsede (çüňk ululyklary we şm.) başga bir görnüşe öwrülmediler. Darwiniň 14 aýry görnüş hökmünde bellän dürli guş tipleriniñ köpüsi aslynda birbirleri bilen jübütleşip bilyän, ýagny bir görnüşiñ agzalary bolan köpdürlülikdir. Guşlar üstünde geçirilen dürli genetiki barlaglar hem bu guşlaryň arasynda genetiki taydan tapawudyñ yokdugyny orta goydy. Galopogos adalaryna Darwinistik ewolyusion delilleri tapmak üçin giden we adalardaky guş görnüşleri üstünde uzyn ýyllap gözegçilik geçiren Peter we Rosemary Grantyň meşhur işleri hem adada bir ewolyusiya bolup geçmedigini belgilemekden başga bir netije bermedigi bilinen bir hakykatdyr.

[1] Charles Darwin, The Origin of Species: A Facsimile of the First Edition, Harvard University Press, 1964, s. 184

[2] Norman Macbeth,Darwin Retried: An Appeal to Reason, Harvard Common Press, New York: 1971, s.

Mikro üytgeyjilikler makro ewolyusiya yol açarmy?[düzet | çeşmäni düzet]

Ewolyusionistleriň üstünde durup amala aşmagyny isleyän we tebigatda gözegçilik edilip bilinmeyän makro ewolyusiya görnüşden ýokarky üytgeyjilikler diymekdir. Olar meselem bir pişigiň gaplana, onuň hem ýolbarsa ýada ýaguara öwrülmegi şeklindäki bir hadysa garaşarlar. Biologik hakykatlara uygun we tebigatda görülip bilinyän mikro üytgeýjilikler bolsa makroewolyusiya adyny berip boljak dolulygyna özüne mahsus organ we täze beden gurluşlarynyň ýüze çykmagy dälde, populyasiya içindäki kiçi genetiki üytgeyjilikler bilen aşaky görnüşleriň /tohumlaryň emele gelmegidir.

Darwinizm barada mikro-makro şeklinde tapawut edilmegine garşy çykýanlar hem bar. Olar test edilmegi mümkin bolmayan makroewolyusiyany öňe sürmegiň kynçylyklaryny bilyändikleri sebäpli, ikisini bir torbanyñ içine salyp mikro üytgeyjilikleriň üstünden beren mysallary bilen makroewolyusiyany hem kabul etdirjek bolarlar. Şonuň üçin hem ähli wagt gözegçilik edilip bilinyän kiçi üytgeyjilikleri mikro ewolyusiya diyip atlandyrmak ýerine biologik üytgeyjilik sözlerini ullanmak hasda uygundyr.

Ewolyusionist biologlaryň hem uzyn wagtlap mikro üýtgeýjilikler bilen makroewolyusiyany birbirinden aýyrýandygyna gözegçilik etmek mümkin. 1940-njy ýylda genetik Riçard Goldşmidt esasy pikiri "Mikro ewolyusiya hakykatlary makroewolyusiya düşünmekde ýeterli däldir" atly bir kitap ýazmak bilen birlikde, Goldşmidt gysgaça aýdylanda ''mikroewolyusiya görnüş çäginden ýokaryk geçmez we mikroewolyusiyanyň umumy önümleri bolan geologik tohumlar, görnüş döremegine başlan görnüşler däldir" diyip belleyär. Goldşmidt "Ewolyusiyanyň maddy düybi" atly eserinde bolsa mikroewolyusiyanyň görnüş çäkleriniň ýokarsyna geçmejegini, bu ýerden ýola çykyp makroewolyusiyanyň subut edilip bilinmejekdigini boýun alýar.

Mehanizm hökmünde görkezilen mutasiya, tebigy seçgi, adaptasiya, gen dreyfi ýaly hadysalara garşy çykmak mümkin bolmasada, bularyň emele getirip biljek üytgeyjilikleri örän çäklidir.  Hemem bu mehanizmleriň makroewolyusiyany netije berendigi şuwagda çenli tebigatda hiç görülmedigi ýaly, miwe siňekleri we bakteriýalar üstünde geçirilen yüzlerçe barlaga garamazdan labaratoriya gurşawynda hem munyaly hadysa gözegçilik etmek başartmady.

Tebigy seçginiň işleyändigi bilen bagly ders kitaplarynda berilen mysal goýy reňkli kelebekleriň senagat rewolyusiyasy döwründäki artan sanlarydyr, yöne goýy reňkli kebeleklerem, ak reňkli kelebekler ýaly bir görnüşiň içindäki osoblardyr. Seleksionerler bilen has etli sygyrlar, has lezzetli towuklar we iri däneli mekgeler ele geçirilsede, sygyrlar ýene sygyr, towuklar towuk, mekgeler hem yene mekge hökmünde galandyr.  

Biolog Mark W. Kirşner we John Gerharta göräde,  Darwiniň teoriyasy täze fiziologiyalar, anatomiya we hereketler ýaly biologik täzelikleriň gözbaşy hakyndaky görmezden gelmekden esaslanyan uly boşluk diylip atlandyrylan mesele sebäpli kynçylyk çekýär. Reproduktiw izolyasiya haýsyda bolsa bir biologik täzelik orta çykarmadygy sebäpli, has öňleri birbirleri arasynda jübütleşip bilyän iki populyasiyanyň zaman ýada geologik taydan birbirinden aýrylmagam meseläni çözmez. Bu mesele ewolyusionistleriň köpeliş taydan izolirlenen populyasiyanyň genetiki taydan üytgemegini düşündirmek üçin öňe süren mehanizmi bilenem çözülmez. Gen dreyfi sebäpli gen ýygylyndaky üytgeyjilikler, diňe bar bolan genetiki köpdürliligiň dürli şekilde täzeden tertipleşmegidir, bular hiç wagt täze genler orta çykarmaz.

Hiçbir zat bolmasa hem naturalistleriň görnüş döremegi bilen bagly yüz tutan mehanizmi genetiki maglumatda azalma sebäp bolar. Amatsyz üytgeyjilikleriň tebigy seçgi bilen elenmegi yada belli bir genleriň gen dreyfi bilen ýitirim bolmagy, ata populyasiyalarda bar bolan genetiki köpdürlülügi hakykatda azaldar.  Maglumat ýitirimi bilen ösmäge synanyşan ewolyusiya, ahyry soňy bir ýerde durar. Organizmler görnüş döremegi wagtynda ýeterlik mukdarda genetiki maglumat yitirseler durmuşda galmagy howp astyna girer we netije ösüşden zyýada, nesliň tükenmegi bolar.

Gysgaça aydylanda biodürlülige we görnüş içi üytgeyjiliklere sebäp bolýan mehanizmler diňe ýaradylan sistemalar içindäki yörelgeleriň çäginde işläp, tohum we köpdürliligiň baýlaşmagyna sebäp bolmakdan öte geçmez.

ZAMANYŇ JADYLY GÜYJI.

Haçanda ewolyusionistlere öz ideýalarynyň ylmy taydan mümkin däldigi aýdylsa, derrew zamanyň jadyly güyjüne sygynyp öňe süren üytgeyjilikleriniň 3-5 nesil içinde bolmajagyny, munuň diňe millionlarça ýyl içinde amala aşjagyny bildirerler. Aslynda zaman düşünjesiniň hem ewolyusion pikirleri goldamak ýerine, teoriya garşy päsgelçilik döredyändigi ýüze çykdy. Meselem ilkinji emele gelen janly hemosintez ýaly bir energiyany ele geçirmek usuly bilen ýaşaýşyny dowam etdirip bilyän bolsa, örän çylşyrymly bir sistema bolan bu usuly jansyz wagty öwrenip bilmezdi. Janly hala gelen wagtyndan başlap öwrenmegi mümkinmi? Energiýasyz ýaşap bilmejegi üçin mümkin däl.

Ýada bolmasa eukariotik bir öyjügiň ýaşap bilmegi üçin mitohondriýasy iň kämil şekilde bolmalydyr. Ewolýusion logika tarapyndan seretsek mitohondriýanyň kämil hala gelmegi üçin milliardlarça ýyllyk bir adaptasiýa gerekli. Gynansagam öýjük adaptasiýa geçiryänçä mitohondriýasy kämil şekilde bolmandygy üçin ýaşaýyşdan mahrum galar. Ýaşaýyşdan mahrum galan bir öyjügiň adaptasiya yada ewolyusiya geçirmegi mümkinmidir?

Gözüň ýarsy işläp bilermi?[düzet | çeşmäni düzet]

Kemeldilmejek komplekslik (irreducible complexity) taglymaty mikrobiolog Professor Micheal Bihiniň "Darwiniň gara gutusy: Ewolyusiya teoriyasyna garşy biohimiki ýeňiş" atly kitaby bilen möhümlik gazandy.

Professor Bihi kemeldilmejek çylşyrymlylygy düşündirende syçan tutýan gapany mysal edip görkezýär. Mälim bolşy ýaly syçan gapany birnäçe aýry böleklerden emele geler: Tagtadan bir platforma, metal, syçany tutmak üçin metal bölegini platformanyň üstüne yapjak uçlary uzadylan ýaý we şm. Gapanyň işläp bilmegi üçin bütin bu bölekleriň kemçiliksiz bolup bir arada durmagy we uygun bir şekilde birbirine geydirilen bolmagy gerek bolup, ýekeje bölek hem kemelse gapan işläp bilmez.

Professor Bihä görä öyjük we öyjügiň içindäki biologik sistemalar adam eli bilen yasalan sistemalara garanyňda örän kompleks gurluşa eýedir. Bularyň wezipe we funksiyalaryny ýerine ýerine getirip bilmegi üçin sistemany düzyän bütin bölekleriň kemçiliksiz şekilde bir wagtda bar bolmagy, dogry bir şekilde bir ara gelmegi gereklidir.

Bir gapan diňe doly gurluşda bolanda syçany gapyp bilşi ýaly bir uçar hem diňe doly gurluşly bolsa uçmany başarar. Şu soraglary birem göz üçin sorap görsek käbir adamlar bilen, esasanda ewolýusionistler bilen düşünişmän bilersiňiz. Gözüň ýarsy görüp bilermi? Meselem görmäni üpjün edyän nerwler we gan damarynyň bolmadygy wagtda göz wezipe görüp bilermi?

Ç. Darwiniň "Görnüşleriň gelip çykyşy" atly kitabyndan:

"Eger köp sanawda yzly-yzyna gelen kiçi üytgeyjilikler bilen döräp bilmejek kompleks bir organyň bardygy subut edilsedi meniň teoriyam hökmany suratda ýykylardy. Ýöne men munýaly organ tapyp bilmedim"[8]

Biohimik Micheal Bihi mysal edip görkezen käbir biohimiki mysallarynda biologik hadysalar üçin bir plan we programmanyň gerekdigini, bularyň yzly-yzyna gelen kiçi üytgeyjilikler bilen döräp bilmejekdigini görkezdi. Çünki käbir biologik sistemalaryň işläp bilmegi üçin ony düzyän ähli bölekleriň bir arada bolmagy gerekdir. Egerde ýekeje bölek hem kemelse sistema işe ýaramaýan hala geler. (Işe yaramayan bir aralyk dereje bolsa Darwinizmiň öz logikasyna görä tebigy seçgi tarapyndan elenip ýok ediler.)

Şonuň bilen birlikde ewolyusionistler käbir biologik sistemalaryň kemeldilendigini, meselem bakteriya flagellumynyň kemeldilip bilinjekdigini öňe sürerler. Onda näme, kemeldilmejek çylşyrymlylyga mysal görkezeliň:

a) Adamda görme hadysasy.

Gözdäki dizaýn kemeldilmejek bir komplekslige dayanar. Adamyň gözi 40-a yakyn bölegiň uygun bir şekilde işlemegi bilen wezipe görer. Bularyň biri hem bolmasa göz hiçbir işe ýaramaz. Bu 40 aýry bölegiň her biri hem öz içlerinde çylşyrymly taslama eýedir. Adamyň gözünden öyjügiň gurluşuna, ganyň lagtalanma sistemasyndan beloklara çenli sanawsyz gurluş we sistema ýeke bir bölegi hem bolmasa hiçbir işe ýaramajak gurluşdadyr.

Professor Bihi görme hadysasynda ilki bilen şöhläniň setçatka çarpýandygyny belleyär. Şonda "foton 11 cisretinal" ady berlen bir molekula bilen täsirleşer. Bu molekula birnäçe pikosekunt içinde "transretina" diylen bölegi düzläp biler. Retina molekulasynyň şeklindäki üytgeşme retinanyň baglandygy "rodopsin" diylen belogyň şeklinde üytgeyjilige sebäp bolar. Belogyň üytgemegi belogyň hereketlerinem üytgetmegini we mundan soňra "metradopsin II" adyny alyp transdusin diylen başga bir beloga yapyşmagyny aňladar. Metarodopsin II’ä çarpmanka transdusin, ‘GDP’ diyilyän kiçi bir molekula berkje baglanar.

GTP-transdusin-Metarodopsin II, ‘fosfodiesteraz' ady berlen başga bir beloga baglanar. Fosfodiesteraz belogy Metarodopsin II we beylekilerine baglananda bir molekulany kesip biljek himiki bir ukyp gazanar we cGMP diylen molekulany keser.

Bihä görä ion kanaly öyjükdäki natriy ionlary düzlemek üçin bir giriş gapysy işini yerine yetirer. Natriy ionlaryny aýry bir belok aktiw halda täzeden daşaryk beryän wagty, ion kanaly olaryň öyjükde aylanmagyna mümkinçilik berer. Ion kanalynyň bu iki taraply hereketindäki nasosly täsiri bilen öyjükdäki natriy ionlary belli bir derejede galar. Fosfodiesteraz belogynyň işleri bilen cGMP mukdary azalanda ion kanaly yapylar we bu ýagdaý amatly natriy ionlarynyň öyjükli dykyzlygynyň peselmegine sebäp bolar. Netijede öyjük gabygyndaky elektrik ýükleri deňagramsyz hala gelip başlar we iň soňky etapda bir elektrik akymynyň optiki nerwlerden beynä tarap barmagyna sebäp bolar. Ine, bu soňky etapda beyin özüne baran elektrik akymyny teswirländen soň görme hadysasy amala aşar.

Yokarda berlen görme hadysasynyň biohimiki basgançaklary Bihiniň düşündürüşiniň ortaça ýarysydyr. Bihi görme hadysasynyň tamamlanmagy üçin herekede geçen beloklary durdurjak we öyjügi öňki halyna döndürjek 18 sany dürli reaksiyanyň bolyandygyny hem belläp şeyle dowam edyär:

"Bu etapda görmegiň gara gutusy açylandygyna görä Darwiniň 19-njy asyrda ewolyusiyanyň düşündirip bilmedigini aydan görme hadysasy we gözüň anatomiki gurluşyny hakykatdanda ewolyusionist logika bilen düşündirip bolmaz. Darwiniň pikir eden we öňe süren her bir anatomiki gurluş şeyle bir ýönekeyje welin, kagyza hem geçirip bolmayan çylşyrymly biohimiki amallary düşündirip bilmeyär. Darwiniň kiçi böküşler bilen düşündiren zatlary gynansagam diňe dikuçar bilen aşyp boljak derejede ulalandyr."

Kemeldilmejek kompleksligiň nämedigine giňişleyin düşüneliň. Darwinizmiň bütin pikirleri kem-kemden ösüş senariyasyna dayanar. Eger bir ewolyusioniste "Janlylaryň eýe bolan örän täsin organlary nädip orta çykdy" diyip sorasaňyz size şu senariyany aydyp berer: "Howwa, janlylaryň iň soňky derejede kompleks sistemalary birden tötänleyin emele gelip bilmez. Yöne bu sistemalar yuwaş-yuwaşdan emele gelendir. Başda sistemanyň yeke bir bölegi tötänleyin orta çykyp, bu bölek janla amatlylyk üpjün edendigi üçin o janly tebigy seçgi bilen seçilendir. Soňra beyleki böleklerem kem-kemden döräp, iň soňunda örän çylşyrymly sistema emele gelendir."

Bu senariyanyň iň başyndan güyjüni gaçyryan zat janlylardaky köp sistemanyň kemeldilmejek kompleks aýratynlygyna eye bolmagydyr. Munuň manysy bolsa şudur: Eger bir sistema diňe bütin bölekleri bar mahaly işe ýarap, ýeke bir bölegi hem kemelende işe ýaramayan bolsa bu sistema has yönekey gurluşa kemeldilip bilinmez. Ýa kemçiliksiz bolup bardyr we işlär, ýada işlemez.

Dykgat edilse kemeldilmejek komplekslige eýe bir sistemanyň kem-kemden emele gelmegi mümkin däldir. Çünki sistema doly we kemçiliksiz bolmansoň hiçbir aralyk dereje hem işe yaramaz. Işe ýaramayan bir aralyk dereje bolsa ewolyusiyanyň öz logikasyna görä tebigy seçgi tarapyndan elenip yok ediljekdir.

Darwin janlylaryň kemeldilip bilinjek organlara eýedigini pikir etyärdi. Şol sebäpdenem Görnüşleriň gelip çykyşy kitabynda "Egerde köp sanawda yzly yzyna gelen kiçi üytgeşmeler bilen döräp bilmejek kompleks bir organyň bardygy subut edilsedi meniň teoriyam hökmany suratda ýykylardy. Yöne men munyaly organ tapyp bilmedim" diyip yazdy. Kemeldilmejek komplekslik ewolyusiya teoriyasyny Darwiniň hem alada edişi ýaly kesgitli ýagdayda ýykan mahaly, beyleki tarapdan ýaradylyş hakykadyny hem göz öňüne serdi. Çünki her kemeldilmejek komplekslik özüni bina eden bir barlygy görkezer. Janlylardaky komplekslik bolsa bütin janlylary ýaradan Allanyň barlygyny we kemçiliksiz ýaradyşynyň aydyň subutnamasydyr.

Biohimiya Professory Micheal Bihiniň işleri bilim dünyäsi tarapyndan tankyt edildi. Bihä görä bilimiň akylly taslama, ýagny "Intelligent Design” teoriyasyny kabul etmek islemeyändiginiň iň kuwwatly sebäbi filosofiki düşünjelere daýanar. Köp sanawdaky möhüm ylymdary içine alýan gurama tebigatyň daşyndaky bir barlygy kabul etmek islemezler. Şonuň bilen birlikde, Dr. Bihi özüni tankyt edenleri jogapsyz goýmady. Hatda 2020-nji ýylda çykan "A Mousetrap for Darwin: Michael J. Behe Answers His Critics" atly kitabynyň terjimesi "Darwin üçin syçan gapany: Micheal J. Bihi tankytçylaryna jogap beryär" şeklindedir.

Micheal Bihi dünyä kitaphanalarynyň kataloglary we kompyuter arhiwleri üstünde geçiren gözlegleri netijesinde kompleks biohimiki sistemalaryň nähili bolup meydana gelendigini düşündiryän haysyda bolsa bir eser ýada barlaga duş gelmediginem belleyär. Micheal Bihiniň "Darwiniň gara gutusy (1996)", "The Edge of Evolution (2007)", "Darwin Devolves The New Science About DNA That Challenges Evolution (2019)", "A Mousetrap for Darwin: Michael J. Behe Answers His Critics (2020)", "The Edge of Evolution LIB/e: The Search for the Limits of Darwinism (2021) atly kitaplary bar.

DNK-DAKY INFORMASIYANYŇ GÖZBAŞY.

Ewolyusionistleriň iň möhüm meselelerinden birisi hem DNK-da duryan informasiyanyň gözbaşydyr. Öyjükdäki informasiýanyň nireden gelendigi soragy Darwinistler üçin gizlinligini goramaga dowam etyär. Hakykatdan hem DNK-daky bu informasiýa ajaýypdyr. Yeke bir DNK molekulasynda bir milyon ensiklopediya sahypasyny doldurjak derejede maglumat bardyr. Dünyäniň iň uly ensiklopediyalaryndan biri bolmagyna garamazdan 23 tomluk "Encyclopedia Britannica-nyň" bolsa diňe bir 25 müň sahypasy bardyr.

Işiň geň tarapy edil bir maglumat dagyny ýatladyan DNK molekulasy bedenimizde diňe bir alty mikrometrlyk bir ýer gaplar. DNK-daky bütin maglumaty kodlayan diňe dört harpdyr (adenin, guanin, sitozin we timin). Bu harplaryň dürli yzygiderliligi bilen dürli aminokislota we beloklar emele geler. Yeke bir belogy sintezlemek üçin hem 1200-2000 arasyndaky harpa zerurlyk bardyr.

Micrasoftuň gurujusy bolan Bill Gates "The Road Ahead" atly kitabynda DNK-nyň bir kopmyuter programmasyna meňzeyändigini, yöne onuň şuwagda çenli yazylan informasiyalardan hasda ösen derejededigini dile getiryär. Jansyz we aňsyz elementleriň bir ara gelip DNK-da kodlanan bu täsin informasiya hazynasyny orta çykarjakdygyny kabul etmegiň ähtimaly ýokdur. Ilkinji janlylygyň orta çykyşy, ösüşi we köpelmesi hem düybünde informasiya bilen baglydyr. Informasiyanyň gözbaşy soragy jogaplanmasa, janly organizmlaryň emele geliş we ösüşleri hem çözülip bilinmez.

Kitaplarda we kompyuter programmalaryndaky maglumatlar onuň yzynda ýatan ylymly bilimli bir barlygy görkezyän bolsa, kitap ýada kompyuter programmasyndan hasda kompleks we kämil ýagdaýdaky DNK molekulasynyň Yaradyjy bolman emele gelendigini hyýal etmek hem zordur. Bir kitap aňyrda dursun, kenarda guma yazylan manyly bir sözlem görenimizde hem munuň tolkunlaryň tötänleyin urmagy bilen meydana gelmedigini, akylly bir barlyk tarapyndan ýazylandygyna aň ýetireris. Muňa garamazdan eger ähli öyjük döwürlerini dolandyrýan, bedeniň zerurlyk duýýan bütin beloklaryny öndürjek kodlary meydana getiryän ajaýyp bir informasiýanyň gözbaşyny tötänleyin döwürler bilen düşündirmäge synanyşsak,  elbetde örän yalňyş bir hereket sergiläris.

Netije hökmünde DNK molekulasynyň tapylmagy janlylygyň başlangyjy bilen bagly her dürli naturalistik düşündirişlere garşy urulan iň güyçli urgylardan biri boldy.

DARWINIZN BILEN BAGLY MÖHÜM YLYMDARLARYŇ SÖZLERI.[düzet | çeşmäni düzet]

Dr. Lewis Thomas:

"Biologiyanyň, ewolyusiyada ugrukdyryjy güyç üçin "yalňyşlyk" sözjügünden başga bir sözjüge mätäçligi bardyr. Tötänlik doktrini bilen ylalaşmagym mümkin däl. Tebigatdaky maksatsyzlyk we kör tätänlikler düşünjesine sabyr edip bilemok..."[1]

H. S. Lipson:

"Eger janlylyk atomlaryň, tebigat güyçleriniň we radiasiyanyň  garşylykly täsirleşmeleri netijesinde emele gelmedik bolsa, nädip emele gelendir?.. Pikirimçe, yeke täk kabul edilip bilinjek jogabyň ýaradylyşdygyny kabul etmeli...."[2]

Dr. Сolin Patterson (Angliýa tebigat taryhy muzeýiniň müdırlerinden, paleontolog, Tebigat taryhy muzeýy gazetiniň redaktory, Evolution kitabynyň awtory):                  

Bu anti-ewolýusionist pikirini almagyma başlamagymyň sebäplerinden birisem, bu zadyñ üstünde 20 ýyl işläp bu barada hiçbir zat bilmezligimiň döreden täsiridi. Bir adamyň munýaly uzyn wagtlap yalňyş tarapa ugrukdyrylandygyny öwrenmegi örän uly bir garaşylmadyk pursat. Şonuň üçin geçen birnäçe hepdede dürli-dürli adamlara we adam toparlaryna ýönekeýje bir sorag bermäge başladym. Sorag şu: “Maňa Darwinizm barada bilýän bir zadyňyzy, dogry bolan bir zady aýdyp bilermisiňiz? Bu soragy Tebigat taryhy muzeýindäki geologoýa toparyna soradym we alan jogabym sessizlikdi. Çikago uniwersitedyndaky Ewolýusion Morfologiýa Seminaryndaky abraya eýe ewolýusionist wekillere soradym we alan jogabym yene uzyn wagtlap dowam eden sessizlikdi, ahyrynda birisi şeýle diýdi: “Ýeke bir zat bilýärin, ewolýusiýa teoriyasy gutardyş synplarda okadylmaly däl”.[3]

Dr. Albert Fleischman:

"Çöküşde bolan Darwiniň teoriyasy tebigat äleminde subut edilmegi gerek bolan yeke täk zat däldir. Ylmy gözlegleriñ bir netijesem däldir, yöne anyk hyýal güyjüñ bir önümidir." [4]

W. R. Thompson (Commonwealth Institute of Biological Control - Ottowa'nyñ müdiri):

"Bilimli bolmayan kişileriň  dykgatyny Darwinizm bilen bagly düşünişmezlikleriñ üstüne çekmek uygun we dogry boljakdyr. Yöne käbir ewolyusionistleriň soñky pikirleri muny makullamadyklaryny görkezyär. Ylmy hökmünde beyan edilip bilinmejek bir doktrini öňe sürmek üçin bir ara gelen bilimlileriň kynçylyklary aradan aýyryp we tankytlary gizläp,  ynançlaryny halkyň gözünde dowam etdirjek bolmaklary ylmy taydan adaty däl we islenmeyän bir ýagdaydyr".[5]

E. O. Wileyiň Norman Makbet tarapyndan yazylan Darwin Retried atly kitap hakyndaky pikirleri:

"Makbet, ewolyusiya täze bir göz bilen seretmegi, halka we gerek bolsa özümize Darwinizmiň yalñyş maglumatlara eýe emeli bir teoriyadygyny boyun almagymyzy maslahat beryär. Pikirimçe bular ajaýyp maslahatlar."[6]

P. Lemoine:

"Ewolyusiya teoriyasy bilen gözleg geçirmegi halayan ýaşlarymyz aldanyldy. Bütin dünyäniň  öwrenmäge dowam eden bir dogmasy emele getirildi. Zoologlar yada botanikler edilen hiçbir düşündirişiň yeterli däldigini kesgitlediler. Mundan çykyan netije: Ewolyusiyanyň amala aşan bolmagy mümkin däl."[7]

Professor Derek Ager:

"Okuwçy wagtym öwrenen bütin ewolyusiya hekayalarynyñ bugün yalňyşdygynyñ bilinmegi örän möhüm zat".[8]

Roger Lewin:

"Aklymyzy görkezyän aň düşünjämiz, soñky derejede bay bolan tehnologik mümkinçiliklerimiz, örän kompleks bolan dilimiz, ahlak taydan abraýymyz, bütin bular tebigat bilen adamlary birbirinden tapawutlandyrmaga yeterli boljakdyr. Ewolyusionistler üçin bu ýagday düşündirilmegi gerek bolan bir utançdyr".[9]  

C. D. Darlington:

"Bize adamoglunuň sungaty kem-kemden döredendigi we soñunda taryhyñ yşygynda orta çykandygy bildirildi. Bu "yuwaş-yuwaş" we "ädim-ädim" yaly adamyñ beynisini sarsdyrmak üçin ullanylan sözler dowamly bolup gaytalanyp durdy. Maksat, uly bir bilimsizligi örtmekdi." [10]

Professor Christopher Wills (San Diego California uniwersitedinde biolog, ewolyusiya dersleri beryär.) Darwin we Alfred Rassel Uollesdan söz edende şeyle diyyär:

"Ewolyusiya taglymatynyň iki uly gurujusyndan biriniñ (Uollesyň) soňunda bu taglymatyñ uly bölegini kabul etmänligi geň galdyryjy zat."

Bibliografiya

[1] Lewis Thomas, "On the Uncertainty of Science", Key Reporter, vol.46. [2] H. S. Lipson, "A Physicist Look at Evolution", Physics Bulletin, 31 (1980), s. 138.[3] Dr. Colin Patterson, "Evolution and Creationism", From his speech at the American Museum of Natural History, New York City, 5 November 1981.[4] SBS Vital Topics, David B. Loughran, Nisan 1996, Stewarton Bible School, Stewarton, Scotland,34. Charles Darwin, Origin Of The Species Foreword to the "Everyman's Library" edition of (The Origin of Species), 1965.[5] Charles Darwin, Foreword to the "Everyman's Library" edition of Origin of the Species, 1965.[6] E.O.Wiley, "Review of Darwin Retried by MacBeth" Systematic Zoology, volume 24 (June.1975), s. 270.[7] Introduction: De (Evolution), Encyclopedie Française, Vol.5 (1937) s.6.[8] Derek Ager, "The Nature of the Fossil Record." Proceedings of the Geological Association, Vol. 87, No:2, 1976, s. 132.[9] Roger Lewin, In the Age of Mankind, Washington D.C.: Smithsonian Books, 1988. s.22.[10] C.D. Darlington, "Origin of Darwinism", Scientific American, May 1959, s.68.