Dünýä Türk dili maşgala güni (15 dekabr)

Dünýä Türk Dili Maşgala Güni (iňl. WORLD TURKIC LANGUAGE FAMILY DAY) ÝUNESKO-nyň Samarkantda (Özbegistan) geçirilen 43-nji baş Konferensiýasynda kabul edilen kararydyr.[1] [2]
ÝUNESKO-nyň karary
[düzet | çeşmäni düzet]Birleşen milletler guramasynyň bilim, ylym we medeniýet guramasynyň (ÝUNESKO) 43-nji Baş Konferensiýasy Özbegistanyň taryhy Samarkant şäherinde geçirildi.[3]
ÝUNESKO-nyň 43-nji Baş Konferensiýasynda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan tarapyndan 15 dekabry "Bütindünýä Türk Dili Günü" diýip yglan etmek teklibi öňe sürüldi we bu teklip 21 agza döwlet tarapyndan goldanyldy. Bu teklibe laýyklykda 15-nji dekabr "Halkara Türk Dili Günü" hökmünde kabul edildi.
15 dekabryň saýlanmagy aýratyn ähmiýete eýedir. 1893-nji ýylyň 15 dekabrynda daniýaly alym Wilhelm Tomsen türk diliniň iň gadymy ýazuw resminamalarynyň biri bolan Orhon ýazgylarynyň elipbiýini düşündirmekde gazanan üstünligini yglan etdi. Bu sene türk dil maşgalasynyň çuňňur taryhyna we olaryň umumy medeni mirasyna ünsi çekip, öwrülişik nokady hasaplandy.[4]
menbeler
[düzet | çeşmäni düzet]- ↑ "World Turkic Language Family Day". unesdoc.unesco.org. Retrieved 4 November 2025
- ↑ Dünya Türk Dili Ailəsi Günü - ortaq ruhun bayramı
- ↑ UNESCO, 15 Aralık’ı “Dünya Türk Dili Ailesi Günü” Olarak İlan Etti
- ↑ UNESCO 15 dekabrı Ümumdünya Türk Dili Ailəsi Günü elan edib