Buhara užownigi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

BUHARA UŽOWNIGI Užownikler maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi I (CR). Düýbünden ýitip barýan görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Gadymy, dar çäkli endemik. Bezeg ähmiýetli. Gysgaça beýany. Boýy 10–15 sm bolan köpýyllyk ösümlik. Gysgalan porrugynda gysgajyk, süýşýän kökjagazlary ýerleşýär. Ýapragynyň tohumlyksyz bölegi süýnmek. Ondan uzyn aýajykly hasyllaýan sümmül aýrylýar. Ýapragynda mesemälim bildirýän orta damarjygy bar. Ýaýraýşy. Amyderýa çaýlymy (Termez bilen Atamyrat şäherleriniň aralygy). Türkmenistandan daşarda — Penj derýasynyň çaýlymy. Bitýän ýerleri. Şortaň topraklar, çygly ýerler, jeňňellik ösümlik toparlarynyň arasy. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Çäkli ýaýrawynda örän seýrek duşýar. Soňky 10 ýylda populýasiýalarda 5–10 sanysy bellendi. Esasy çäklendirji sebäpler. Derýa kenarlarynyň ýuwulmagy we opurylmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Sporalary arkaly köpelýär. Ösüşi aprel — iýun aýlarynda dowam edýär. Maý — iýul aýlarynda sporalary ýetişýär. Ýetişdirilişi. Ýetişdirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Gorag üçin zerur çäreler. Ösýän ýerlerinde gözegçiligi güýçlendirmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Täze duşýan ýerlerini gözlemeli. Biologiýasyny we ekologiýasyny öwrenmeli. Düzüji O. Ý. Rahmanowa