Bosniýanyň gerçek ogly: ALIÝA IZZETBEGOWIÇ

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Bosniýanyň gerçek ogly: ALIÝA IZZETBEGOWIÇ – Bosniýaly döwlet işgäri, syýasatçy, Garaşsyz Bosniýa-Gersegowonanyň ilkinji Prezidenti. 08.08.1925-nji ýylda Bosniýanyň Bosanskiý Şamak obasynda dünýä inýär. Maşgalasy yslama berk baglylygyna garamazdan, A.Izzetbegowiç musulmanlary Ýewropa daşardan gelen ýaly garaýan köpçülikde kemala geldi. Saraýewoda bir nemes liseýinde okady. Liseýde okaýarka dostlary bilen dini meselelerde çekişmeleri gurnamak maksady bilen Musulman Ýaşlar Klubyny (Mladi Muslimani) gurýar. Bu kluby döredende ol 16 ýaşyndady, emma ýokary dünýägaraýşy we üýtgeşik zehini bilen hemmelerden saýlanýardy. Şol sanda gyzlar üçinem aýry topar döretdi. Ikinji Jahan urşy ýyllarynda mätäç maşgalalara elinden gelen kömegini gaýgyrmady. A.Izzetbegowiçiñ guran Musulman Ýaşlar Kluby (MÝK) ähmiýetli işleri amala aşyrdy. Uruş döwründe bu klub üns merkezine öwrüldi. Emma uruş döwründe Ýugoslawiýa nemes faşistleriniñ golastyna düşüpdi. Uruşda Serbiýaly çetnikler nemesleriñ goldawyndan peýdalanyp, Bosniýada 100.000 musulmanyñ ganyna galdylar. 13.01.1946-njy ýylda Ýugoslawiýa gaýtadan garaşsyzlygyna eýe boldy. Emma garaşsyzlyk hereketinde ähmiýetli işleri edendikleri üçin Kommunistik Partiýanyñ tarapdarlary ýurtda agalyk ediji wezipeleriñ barsyny özleri eýeledi. Ýurduň resmi statusyny hem federal respublikalar birleşigi diýip kesgitlediler. Şeýlelikde, Ýugoslawiýa alty federal respublikadan we iki awtonom oblastdan ybarat bolup, respublikalardan biri hem Bosniýa-Gersegowina respublikasy bolmalydy. Kommunistik rejimiň ýurduň dolandyryşyny ele geçirmegi bilen dinleriñ jemgyýetçilik durmuşyndaky barlygy gitdigiçe azalyp barýardy. A.Izzetbegowiç syýasy yslamyñ tarapdarydygyndan we ateizme garşy bolandygyndan kommunist çinownikleriň esasy garşydaşlarynyň biri bolup durýardy. Şol sebäpli hem, 1949-njy ýylda yslamçy aýby ýöňkelip, tussag edilýär we bäş ýyl türmede ýatýar. A.Izzetbegowiçiň başyna injek horluklar 1953-nji ýylda häkimiýete gelen Tito döwründe hasam artmak bilen boldy. Şol arada ol musulmanlaryň meselelerini çözmek üçin ýörite bellenen Hasan Duzy bilen gatnaşyk açyp, onuñ bilen sazlaşykly işlemäge çalyşdy. Titonyň 1974-nji ýylda Täze Konstitusiýa kabul edip, häkimiýetiñ diniñ üstündäki berk gözegçiligini kem-käsleýin gowşatmagy netijesinde, yslamy gatlaklaryñ öňi açyldy. Kiçijigem bolsa, az-kem ýumşaýyş musulmanlaryñ özaralarynda jebisleşmegine getirdi. 1980-nji ýylda Titonyň aradan çykmagy bilen federasion prezident wezipesiniň üstünde düşünişmezlikler orta çykdy. Hut şonuň üçin alty federal welaýatyñ her biriniň prezidentiniň gezekli-gezegine bir ýylyñ dowamynda federasiýanyñ prezidentligini ýerine ýetirmek barada ylalaşyga gelindi. Bu özgeriş bilen birlikde, ýurtda demokratiýalaşmagyñ ýoly açyldy. Çünki federal sebitlerde häkimiýete gelmek isleýänler syýasy partiýalaryň üsti bilen öz işlerini alyp baryp bilýärdiler. Munuň bilen baglanyşykly azatlyklarda-da özgerişler, öňe gidişlikler bolup geçdi. A.Izzetbegowiç ýagdaýdan peýdalanyp, 1983-nji ýylda kakasynyñ makalalaryny bir ýere jemläp, "Yslam Manifesti" ady bilen kitap edip çykardy. A.Izzetbegowiçiňl 1970-nji ýylda-da bu at bilen öz kitaby neşir edilipdi. 1983-nji ýyldaky kitap gyzgyn seslenme döretdi. Häkimiýetdäki çinownikler bu üygeşmä göz ýumup bilmediler we A.Izzetbegowiçi Ýewropanyñ ortasynda radikal yslam döwletini gurmaga synanyşýar diýip aýypladylar hem-de tussag etdiler. Izzetbegowiç kazynyň öñüne çykarylyp, "häkimiýeti üýtgetmäge çalyşmak we Bosniýa-Gersegowinany yslam döwletine öwürmäge synanyşmak" bilen aýyplap, 14 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Gaýtam bu azatlykdan mahrum etmek A.Izzetbegowiçiň kitabynyň bütin Bosniýada ýaýramagyna getirdi. Soñra jezasy ýörite karar arkaly 11 ýyla düşürildi. 1988-nji ýylda bolsa, möhletinden öñ tussaglykdan boşadyldy. Bäş ýyl türme döwri (1983-1988) Izzetbegowiçiñ durmuşyny möhüm üýteşmelere alyp bardy. Türmede has köp oýlanmaga, täze pikirleri döretmäge, öñki pikirlerden has öýlanşykly peýdalanmaga bolan giñ mümkinçiliklerden peýdalanmagy başardy. Hususanam onuñ öz garaýyşlaryny beýan edýän kitaby bahana edilip, türmä salynmagy, onuñ garaýyşlarynyñ jemgyýetde hasam ýaýramagyna alyp bardy. Aýratynam onuñ türmede wagty "Gündogar we Günbataryñ arasyndaky Yslam" atly meşhur kitaby neşir edildi. Bu kitaby onuñ bir egindeşi neşir etdi we kitap gysga wagtyñ dowamynda bar ýere ýaýrady. A.Izzetbegowiç bu kitaby arkaly yslamy sada we mañyzly görnüşde özleşdiren ýaş nesilleriñ kemala gelmegini maksat edinýärdi. A.Izzetbegowiç türmeden çykanynda dünýädäki kommunist rejimler çökmäge başlapdy. Ýugoslawiýada hem öñki federal ulgamy saklap galmak üçin jan etmeguñ zerurlygy galmandy. Munuñ deregine garaşsyzlygyñ tarapdarlary öz täsirlerini görkezmäge başladylar. Aýratynam sebitlerde häkimiýete gelmeklik üçin syýasy basdaşlyklar başlapdy. A.Izzetbegowiç hem Bosniýa-Gersegowina Awtonom Respublikasynda Demokratik Hereket Partiýasyny (SDA) döretdi. Bu partiýa Bosniýada 05.12.1990-njy ýylda geçirilen saýlawlarda ýeñiş gazanyp, A.Izzetbegowiç prezidentlige saýlandy. Näsaglygy zerarly, 14.03.1996-njy ýylda wezipesini öz islegi bilen taşlady. 2003-nji ýylda A.Izzetbegowiç aradan çykdy. 1990-njy ýyllara gelenimizde Ýugoslawiýa Sosialistik Federal Respublikasynda garaşsyzlyk hereketleri döräp başlady. Awtonom respublikalar yzly-yzyna özbaşdaklyklaryny yglan edýärdiler. Bosniýa-Gersegowina hem 01.03.1992-nji ýylda referendum geçirip öz garaşsyzlygyny yglan etdi. Çünki geçirilen referendumda halkyñ 62,8%-i garaşsyzlygy saýlap alypdy. Emma serbler Bosniýa-Gersegowina hökümetinde agdyklyk edýän musulman häkimiýetine garşy gidip söweş hereketlerine başladylar. Horwatiýanyñ we Sloweniýanyñ garaşsyzlyk ugrundaky göreşine goldaw beren ikiýüzli Ýewropa ýurtlary we ABŞ bolsa Bosniýa-Gersegowinany serb garakçylarynyñ garşysynda goldawsyz taşlady. Bosniýaly musulmanlary iñ endişä goýan zat hem Ýewrolanyñ iñ uly üçünji goşuny bolan Ýugoslaw Federal Goşunynyñ Serb çetnikleri bilen bilelikde hereket etmegi we olara goldaw bermegidi. Musulmanlar bolsa harby serişdelerden we ýarag taýdan örän ejiz ýagdaýdadylar. Netijede serbler Bosniýanyñ möhüm şäherlerini basyp okkupirlediler. Bu basybalyjylykly hereket bir milliona golaý musulmany göç etmäge mejbur etdi. Serbler basyp alan ýerlerinde adamlary köpçülikleýin gyrýardylar we şäherleri weýran edýärdiler. Bosniýa-Gersegowina problemasynyñ çözgüdi üçin geçirilen gepleşikler hem netije bermedi. 1994-nji ýylyñ soñlaryna çenli Bosniýa-Gersegowinada wepat bolan adamlaryñ sany 250.000-den, göç edenleriñ sany bolsa 1 milliondan geçipdi. Bosniýa-Gersegowinanyñ prezidenti A.Izzetbegowiç uly harby kuwwaty bolan serbler bilen hiç hili harby-goranyş mümkinçiligi bolmadyk Bosniýalylary uruş hereketlerine sokmazlyk üçin mümkin boldugyça sowukganly syýasat alyp bardy.

Daýton şertnamasy[düzet | çeşmäni düzet]

Bosniýa-Gersegowinaly musulmanlara diñe musulman halklar arka çykdy. Yslam dünýäsiniň dürli künjeklerinden ýaş ýetginjekler bu ynsapsyzlyga garşy göreşmek üçin Bosniýa meýletin gitdiler. Uruş döwründäki bu agzybirlik we jebislik agzybirligiñ gymmatyna ýene bir gezek göz ýetirtdi. Emma Ýugoslaw ýurtlarynyň hökümetleri Bosniýaly musulmanlardan ýüz öwürdiler. Zalymlygyñ iň soňky derejesine barylan pursatynda-da serbleriñ talaplaryny ýerine ýetirmekleri üçin olara basgy etdiler. Ynha, şunyñ ýaly deñ bolmadyk agyr uruş şertleriniñ we syýasy basgylaryň astynda A.Izzetbegowiç öñüne goýulan şertnama gol çekmegi makul bildi. Çünki ol uruşyň dowam eden ýagdaýynda Bosniýaly musulman halkyň bütinleý ýok edilmek ähtimallygynyň dörediljekdigine oñat düşünýärdi. Netijede 1995-nji ýylda ABŞ tarapyndan zor bilen kabul etdirilen Daýton şertnamasyna gol çekildi. Şertnama Bosniýa-Gersegowinanyň 51%-ni musulmanlara we hristian horwatlara, 49%-ni bolsa Bosniýa-Gersegowinaly serblere (has dogrusy bu ýurtda soñ ýerleşdirilen serblere) berýärdi. Döwlet dolandyryşynyň hem bu üç halk arasynda paýlaşylmagy öñe sürülýärdi. Şertnama bilen birlikde ABŞ şol bir wagtyň özünde musulmanlaryň elindäki ýaraglary bütinleý ýok etmeklerini we ABŞ-da öndürilen ýaraglary satyn almagy şert edip goýdy.

Käbir eserleri[düzet | çeşmäni düzet]

1. "Yslam manifesti"; 2. "Yslam deklarasiýasy we yslamyň gaýtadan galkynmagynyň meseleleri"; 3. "Gündogar we Günbatar arasyndaky Yslam"; 4. "Taryha şaýatlygym".

Taýýarlan: Has Türkmen. id: mojeklermekany