Biologik dürlüligiň häzirki zaman ekologiýa ýagdaýy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Biologik dürlülikbu biziň planetamyzda ýaşaýan ähli ýaşaýyş formalaryň jemidir. Ol Ýer şaryny beýleki planetalardan tapawutlandyrýan esasy alamatdyr. Häzirki döwre çenli Ýeriň biodürlüligi doly we takyk derejede kesgitlen däldir. UNEP-iň kesgitlemegine görä (1995 ý.), planetamyzda 13-14 milliona golaý görnüş ýaşaýar. Olaryň 1,75 mln töweregi ýa-da 13 %-i öwrenilen.

Antropogen ekoulgamlar (oba hojalyk we şäher ekoulgamlary) we senagat tehnoulgamlar bilen bir hatarda, adamyň ýaşaýşynda tebigy ekoulgamlar hem möhüm ähmiýete eýedir. Olar adamy agyz suwy, agaç we azyk önümleri, derman serişdeleri we beýleki zerur çig mallar bilen üpjün edýärler. Biologik dürlülik tükenýän tebigy baýlyklara degişlidirler. Adamyň häzirki güni we geljegi olara baglydyr.

Çygly ekwatorial tokaýlaryň, korall rifleriň, gurak tropik tokaýlaryň, aram guşaklygyň çygly tokaýlarynyň, tokaýsyz (sawanna, sährä) landşaftlary görnüş dürlüligi bilen tapawutlandyrylýarlar. Çygly ekwatorial tokaýlaryň biodürlüligi görnüşlere has-da baýdyr. Meselem, Indoneziýanyň tokaýlarynda her 200 ga-da tutuş tropik däl Demirgazyk Amerikanyň görnüşleri duşýarlar. Korall rifleri hem baý biodürliligi bilen tapawutlanýarlar.

Bütindünýä biodürlüligiň aşakda görkezilen alty sany merkezi kesgitlenen:

1. Çako (Kosta-Rika).

2. Tropik Gündogar And daglary.

3. Atlantik ýaka Braziliýa

4. Gündogar Gimalaýlar (Ýunnan prowinsiýasy)

5. Demirgazyk Barneo

6. Täze Gwineýa

Merkezleriň her biriniň 10 000 km2 meýdanynda 5000-den gowrak görnüş duşýar. Biodürlüligiň esasy ekologik meseleleriniň biri-de, olaryň görnüşleriniň azalmagy, käbirleriniň bolsa düýbünden ýitip ýok bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Her bir biologik görnüşiň bolsa tebigatda öz mynasyp orny bardyr.

Soňky 500 mln ýylyň dowamynda Ýeriň ýüzünde tebigy şertlere görä, biologik dürlüligiň ýok bolmagynyň 5 sany döwri bolupdyr diýlip çaklanylýar. Olaryň soňkysy takmynan 65 mln ýyl mundan öň bolupdyr. Tebigatda biologik dürlüligiň dikelmegi üçin 10 mln ýyl töweregi wagt gerek bolýar. Häzirki döwürde biologik dürlüligiň ýagdaýynyň bahalandyrylyşyna görä, 30 müňe golaý görnüşe ýitmek howpy abanýar. Soňky 400 ýylyň dowamynda haýwanlaryň 484 we ösümlikleriň 654 görnüşi ýitip ýok bolan hasaplanýar. Biologik dürlüligiň azalmagynyň sebäplerine esasan, aşakdakylar degişlidir:

  • ilatyň sanynyň we ykdysady ösüşiň çalt depginlerde ösmeginiň Ýeriň ekoulgamlarynyň we ähli janly organizmleriniň ýaşaýyş şertlerine uly üýtgeşmeleri girizmegi;
  • janly organizmleriň ýaşaýyş şertlerine edilýän antropogen täsirleriň uzak möhletleýin netijeleriniň göz öňünde tutulmazlygy;
  • ilatyň migrasiýasynyň, halkara söwdänyň we syýahatçylygyň ösmeginiň biodürlülige oňaýsyz täsirleri;
  • suwlaryň, howanyň we topraklaryň hapalanmasynyň barha artmagy.

Edebiýatlar[düzet | çeşmäni düzet]

Durdyýew S., Aşyrmyradowa Ş., Nurberdiýew N. Ekologiýa 11. Aşgabat TDNG 2014.

  • IUHD. Hojaberdiýew Rahmanberdi